AZYK TERRORÇYLYGYNA GARŞY GÖREŞDE ÜÝTGÄN ZAT ÝOK!..
Golaýda ezber žurnalist, ýakyn dostum Ysmaýyl Küçükkaýanyñ çagyrmagynda beýleki bir doganymyz Gökmen Uly bilen bile meniñ "Adatdan daşary durmuş" ("Olağanüstü Bir Hayat") kitabym hakynda gurnalan söhbetdeşlige gatnaşmak üçin Stambulyñ Gazlyçeşme raýonyndaky "FOX TV" teleýaýlymyna gitdik.
Öñ depo hökmünde ulanylan bu taryhy bina birkemsiz abatlanyp, telewizion binanyñ şertlerine laýyk görnüşe getirilipdir.
Habarlar bölüminiñ baş redaktory Dogan Şentürk dostumyzyñ, ýaş kärdeşlerimiziñ we söýlüp tomaşa edilýän “Çalar Saat Programı” gepleşiginiñ awtory Ysmaýyl Küçükkaýanyñ Gökmeni we meni mähirli myhmansöýüjilik bilen garşylaýyşlary bu binanyñ içine ilkinji gezek aýak basandygyma garamazdan hakydama ömürlik siñip galan käbir pursatlary ýadyma saldy.
★★★
Gürrüñ bereýin:
1986-njy ýyl…
Döwrüniñ meşhur peýnir öndüriji firmasynyñ Trakýadaky sehinde juda ýaramaz şertlerde önüm öndürilýändigini ýüze çykarypdyk. Muny metbugat şehidi Çetin Emeç "Hürriyet" gazetinde habar beripdi. Sehdäki ýagdaý şeýle bir erbetdi welin, ähli jikme-jikliklerini ýazsam, ýüregiñiz bulanar, işdäñiz kesiler, onsoñ makalanyñ dowamyny okasynyz gelmez. Şonuñ üçin iñ gowsy ol ýerde gigienanyñ “g” harpynyñam ýokdugyny, önümçilik enjamlarynyñ gat-gat kire baslygyp gidendigini we işgärleriñ peýnir owradýan ädikleri bilen hajathana girip-çykanlaryndan soñ, ýene-de işlerine dowam edýändiklerini aýtmak bilen çäkleneýin!..
★★★
Habara gelýän seslenmeler dowam edip durka, ýene bir habar gelip düşdi.
Jañ eden kişiniñ aýtmagyna görä, şol firmanyñ daşary ýurtdan getirýän peýnirleriniñ ulanmaga ýaramly diýlip görkezilen iñ soñky möhleti geçip gutaransoñ, bazarlardan toplanyp, kärendeçisi bolan şol depo getirilýär, ýarlyklaryndaky (etiketka) görkezilen sene üýtgedilibem, hamala täze getirilen peýnir ýaly gaýtadan bazarlara ugradylýardy!
Geçiren barlaglarymyz gelen habaryñ dogrulygyny görkezdi. Men dessine Stambul häkimliginiñ baş sekretary Atanur Oguza ýagdaýy mälim etdim. Çünki şol wagtlar häkimlikleriñ azyk önümlerine gözegçilik etme ygtyýarlygy ellerinden alynmandy. Galyberse-de, soñ awtoheläkçilige uçrap bimahal aramyzdan giden merhum Atanur Oguz meniñ gullukdaşymdy. Ätiýaçdaky leýtenant bolup 24 aýlap harby gulluk borjumy berjaý edenimde, ol hem soñky alty aýymda kiçi leýtenant çininde wzwodyñ serkerdeleriniñ arasynda ýerini alypdy.
★★★
Atanur “Boldy dostum, häzir seretdirip señ bilen habarlaşaryn” diýensoñ, fotohabarçy kärdeşimi deponyñ golaýynda bukurak bir ýerde goýdum. Atanurdan öñ ol jañ etdi we depodan peýnir ýükli bir kamazyñ çaltlyk bilen çykyp gidendigini aýtdy!..
Atanur Oguzdan garaşýan jañym bolsa birküç sagatdan soñ geldi. Ol “Biziñ oglanlarymyz depodan hiç hili peýnir tapmadylar!.. Diýmek, habar dogry däl eken” diýdi!
Görşümiz ýaly, häkimlikden kimem bolsa biri firma çawuş çakdy we ulanyş senesini üýtgetmek üçin toplanan peýnirler kamaza ýüklenip ol ýerden gaçyryldy!..
★★★
Muny näme üçin gel-gel şugünki gün agzaýandygymy aýdar bolsam…
Hepdäniñ aýagynda Stambuldadym. Köçäniñ ugrundaky satyjydan simit we eredilen peýnir alyp, bir dostumyñ ofisine gitdim. Agşamara ofisiñ işgärleri bilen çaý-simit söhbeti edip durkam, burnuma peýnirden heñlän erbet ys geldi. Ýanymda oturanlaram şol ysy alansoñ, peýniri iýmän zibil ýaşige okladyk.
Diýmek ulanyş möhleti gutaran peýnirler toplanyp, ýarlyklary çalşyrylan ýa-da eredilip gaplanandan soñ, gaýtadan satuwa çykarylan!..
Aýtjak bolýanym; aradan otuz dört ýyl geçendigine garamazdan, azyk terrorçylygyna garşy göreşde hiç hili öñe gidişlik ýok, söýgüli okyjylarym!
Ugur DÜNDAR.
28.02.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Jemgyýetçilik tankydy