20:56 Badamjan / satiriki hekaýa | |
BADAMJAN
Satiriki hekaýalar
Muňa gara donly witamin diýsek ýalňyşmarys. Şonuň üçinem onuň il içindäki ýörgünli ady gara badamdyr. Biziň eramyzdan has öň, baryp-ha üçünji asyrlarda badamjan bar ekeni. Bir gezek Isgender Zülkarneýn ganym bilen uzak gylyçlaşmaly bolupdyr. Beýik serkerdä sowuk der gelip, onuň essi aýylmaga başlapdyr. Wezir-wekilleri ýagdaýy seljerip görseler, Isgender şa şol hepdede badamjan bilen baglanyşykly tagam datmadyk bolsa nätjek! Şondan soň uly hökümdar, ýowuz, hökmürowan şa özüniň iň oňat aşpezleriniň boýnunda öz gylyjynyň gylawlylygyny barlap görmeli bolupdyr. Hawa, badamjanyň her ýüz gramynda 230 milligram kaliý duzy bar. Päh, päh, päh! Bu sadagasy boldugym badamjanyň bogunlarynda duz ýygnaýan adamlar üçinem nepi degýän eken-ow. Bogun-bogun sökülip, weý-weýläp ýatanlar üçin gara badam gara dogan bolup maňlaýyndan direýän bolsa nätjek! Ýylmanak, gara badam içegäniň bire-bir emi diýip, reklama jan ýandyryp düşündirýär. Ol aşgazanyňy, on iki barmak içegäni, göni içegäni edil çäkmeniň ýyrtygy bilen süpürilen ýaly edýär diýip, wagyz-nesihat yzyny kesmän gürleýär. Içiň gatadymy, ony hiç kimden görme, ile nagaraňy döwme, badamjan iý, zowutdyr. Geliň indi badamjany nädip iýmelidigini beýan edeliň. Gyzgyn suw bilen daşyny pugta ýuwmaly. Gabygyny aýyrmaly. Ýogsam, gara bolsa işdäli iýilmezligi mümkin. Tegelek-tegelek edip owadanlap dogramaly. Ýeterlik duz sepmeli. Çigidini aýyrmalam däl. çigit ýagynda gowurmaly. Künji ýagyna, ýa mesgä buglansa, has gowy bolardy. Zeýtun ýagyna gowrulsa-da bolar. Mazaly ýumşansoň üstüne kelem, sogan, pomidor, käşir, bolgar burç, ukrop, petruşka, narpyz, ajybalgaz... ýaly zatlary dogramaly. Artygam däl, kemem däl, göni kyrk minutlap pessaýja ýanýan gazda buglamaly. Saçaga äberiläýmeli bolaram weli, entek iýme, çydam et. Uly kersene gapgar-da, mazaly sowaýança garaş. Ýaňky ressept boýunça gün içinde badamjandan dört gezek lukma taýýarla. Emma iýme. Iýmän göni 72 günläp garaş. Ýetmiş üçünji gün ýaňky badamjanly nahary berýän baggoýnuňy kes-de, şoň tazeje bagyr-öýkeninden gowur, şor suwuna çörek batyryp iý. Çekdirmeden mazaly birküç hepde doý. Ine saňa «mä» witamini! Reklama tamama. Wessalam... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |