00:38 "...Bagşysyz ildenem il bormy” diýip, böküp turar Jepbar agaň zürýady" | |
"...BAGŞYSYZ ILDENEM IL BORMY" DIÝIP, BÖKÜP TURAR JEPBAR AGAÑ ZÜRÝADY"
Aýdym-saz sungaty
Ussat halypa Sahy Jepbarow 1920-nji ýyllaryň aýaklaryna Türkmen aýdym-saz ansamlyny (Ol zaman başgarak atlandyrylýan bolmagy mümkin. Halypaň düzen aýdym-saz ansamlynda dutar, gyjak, gargy tüýdük çalýan ussatlaram bar eken) düzüpdir. Halypa Sahy Jepbarowyň hyzmaty bilen agzalan ýyllardan başlap aýdym aýdýan, saz çalýan ussatlaryň aýdym-sazlary ýazgy edilipdir. Hatda klassyk şahyrymyz Annagylyç Mätäji bilen gatnaşan Hally bagşynyň iki sany aýdymynyň ýazgysynyň bardygy hakynda maglumat bar. German, Oraz Salyr, Muhy bagşy ýaly ussatlaryň aýdym ýazgysynyň gelip ýetmegem Sahy Jepbaryň hyzmatydyr diýmäge doly esas bar. Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, German bagşy, Oraz Salyr, Muhy bagşy, Nobat bagşy ýaly ussatlar Sahy Jepbaryň düzen aýdym-saz toparynyň ilkinji agza işgärleridir. Sahy Jepbar Nobat bagşyny bir ýyldan gowurak öýde saklapdyr. Türkmen halk bagşyçylyk-dutar sungatynyň baý medeni mirasynyň geçen asyryň 20-30-nji galagoply ýyllaryndan biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly derejede ussat halypa Sahy Jepbara minnetdar bolmalydyrys. Ussat halypa Nobat bagşy: Sahy Jepbar türkmen aýdym-saz sungatyny ölümden halas eden ynsandyr” diýer ekeni. Sahy Jepbar gaty kiçikä aýdym aýdany üçin, bu ussadyň bir lakamy Oglan bagşydyr. Öňem bir makalamda habar berşim ýaly, 1961-nji ýylda Gylyç Mülliýewiň kiril hatynda tabşyran Magtymgulynyň şygyrlarynyň meselesine garamak üçin ýurduň men diýen alymlarynyň 20 golaýynyň gatnaşmagynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda uly ýygnak geçirilip, bu maslahata ussat halypa bagşymyz Sahy Jepbarow gatnaşyp, çykyşynda şeýle diýipdir: “Adamlar, men ol şygyrlar barada ylmy çykyş edip biljek däl. Ýöne, biz bagşylar “Ýaranlar”, “Dogrusy”, Bu gün”, Ýaryň ýagşysyn”, “Mert bolmaz” ... ýaly onlarça aýdymlary Gülyç Mülliniň golýazmasyndan öwrenip aýdamzok. Ol aýdymlary halypalaram, olardan öwrenip bizem Gylyç Mülliniň golýazma tabşyrmagyndan has ir aýdýardyk”. Professor Nazar Gullaýewiň aýtmagyna görä, maslahat başlan badyna, her bir adamyň çykyşynyň protokoly doly ýazylyp, çykyşlaryň sesli ýazgysyny etmeli diýlen karara gelnipdir, bu maslahat örän çekeleşikli geçipdir. Maslahatyň soňunda köpçüligiň goldamagy esasynda (3 adamyň garşy 20 adamyň goldamagynda) şol şygyrlary Magtymgulynyňky diýip ykrar etmeli diýlen karara gelnipdir. Ýöne bu maslahatyň ses ýazgysy ýitirim edilipdir, protokoly bolsa Magtymgulynyň şygyrlaryna şühbe bildirýänleriň haýryna ýumşadylypdyr, üýtgedilipdir. Sahy Jepbar halypanyň şol maslahata gatnaşandygy asla görkezilmändir. Edil häzirki döwürde (2008-nji ýyl) şol maslahatyň protokolynyň bardygy hem belli däl. Meniň bilşime görä, ussat halypa Sahy Jepbarow töhmet belasy bilen iş keslip, iki gezek sürgün edilipdir. Urşuň yz ýanlarynda Sahy Jepbarow Tejen raýonynyň bir kolhozyna sürgün edilip, bu ussat halypa şol ýerde gök-bakja ekinlerini ekdiripdirler. Il içinde Sygan bagşy adyny alan ussat halypa bagşy Orazgeldi Ylýasowyň aýdymlarynyň teleradionyň üsti bilen halka ýetmegi üçin Sahy Jepbarow uly alada edipdir. Orazgeldi Ylýasowyň 32 aýdymy ýazgy edilipdir. Orazgeldi Ylýasowy türkman aýdym-saz toparyna işe alypdyr. Halk içinde Orazgeldi Ylýasowyň 100 golaý aýdymynyň bardygy hakynda maglumat bar. Halypa Sahy Jepbar Orazgeldi Ylýasa “Doglanda bagşy bolup doglan” diýýär ekeni. Sahy Jepbarow Orazgeldi Ylýasow 1966-njy ýylda 33 ýaşynyň içinde aradan çykanda, “Türkmen aýdym-saz sungatynyň uly sütüni ýykyldy. Bu ýykylan sütüniň öwezini hiç zat bilen dolup bolmaz” diýipdir. Ussat halypa Sahy Jepbarow döwründe ýaş dutar bagşysy Mäne Garaýewe halypaň gaty göwni ýetipdir. Halypa “Bu oglanyň saz çalyşy aýdym aýdyşyndanam ussat” diýer ekeni. Ussat halypa Sahy Jepbar türkmen aýdym-saz sungatynda bar bolan hemme ýoldan ussatlarça (Damana, salyr-saryk, Daşoguzyň dessançylyk ýoly, Nurberdi Gul halypaň döreden çopan ýoly we şm...) kämil derejede aýdym aýdyp bilýär eken. Çuwal bagşy: "Ussat Sahy Jepbar aýdym-saz sungatynyň Hossarydyr" diýer ekeni". Hakykatdanam bu halypa iki gezek töhmediň pidasy bolsa-da, arassa elli ýyl türkmen aýdym-saz sungatyna hossarlyk edipdir. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |