07:17 Bahar | |
BAHAR
Goşgular
Ine, bahar, duýgyň joşýan pillesi, Kalbym gezim edýär galkyp howada. Bulutlaryň aýlanan dek kellesi, Birden gelip, sumat bolýar şo bada. Ýagyş damjalary oýkar zemini, Ýeller bolsa haýyr-heläk ýelpeşip. Güneş nury onuň adyl emini, Mähir berýär toprak bilen elleşip. Geline tutduryp ýaşyl ýaglygy, Gaýyny diýýän dek aýyp bor ýaşyn. Ýylam bahar pasla berýär şalygy, Şo bada büreýär tebigat başyn. ■ ÝENE BAHAR Guşlar dynman göterişip çöpleri, Ýasaýarlar agaçlarda höwürtge. Oglanjyklar agaç atda, gepleri: -Yza galdyň, başarýaňmy, öňürt-dä! Bir köýnekli bolman-durmaz oňşubam, Sowuk däldir, belet Bahar ýeline. Ýolum düşse diýýär hökman goňşulam, -Gel, pylanjan, dadyp gid-ä semene. Bahar galamyny alypdyr ele, Boýan şekillerniň al-ýaşyl reňki. Bu gün düze çykdym dostlarym bile, Uludan dem aldym, gygyrdym: -Meňki... Ýene bahar, arzuwlarym dyrjaşyp, Köňülde agaç deý pyntykla:r çensiz. Ýöne gussam bagtyma bo:r çyrmaşyk, Sebäp, şu zatlaryň barysy sensiz. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||
| |||