BAKY ÝAŞYL ÝAPRAK
(Mukaddes ýar ojagyna wepadarlygyň synmaz nusgasyna öwrülen türkmen zenanyna tagzym)
I.
Göz üçin däl, kül içine düşseňem,
Göwher bolup ýanjagyňa ynanyp.
Mukaddes Baýdaga edýän dek kasam,
Dyz epýän öňüňde çäksiz buýsanyp.
Göreçde müýnüň ýok, şonuň üçin hem,
Barça göreçlere müýnsüz garaýaň.
Ynandym, süýt reňk arzuw gursakda,
Galsa, gara bagyr däldir garraýan.
Leýlisaç sen — köki galpak saçlaryň,
Dözülen topragna ömürlik ornan.
Sümmül sen — tomusyň howruny emip,
Güýz — orak möwsümi galan orulman.
Kaýyl däl sen täleýine takdyryň,
Seniň baş şygaryň — başdaşa ygrar.
Göreçleriň bilen, gözleriň bilen,
Garaşdyň. Garaşmak bolupdyr ykbal.
Şol ajaýyp güllügiňe galypsyň,
Bir ajaýyp göllügiňe galypsyň.
Galypsyň öwrülip mukaddeslige,
Päk wepaly gelinligňe galypsyň.
Müň öwra garpyşyp islegiň bilen,
Ýene müň bir gezek çykypsyň üstün.
Är ýigidiň namys bilen ojagna,
Del aýak düşmändir,
Basmandyr üstün.
Teselli isläňok,
Isläňok hoş söz,
Diňläňok ýelleri öpen ýapragyň —
pyşyrdap, güýz paýrap aýdýan aýdymyn,
Haýsy güýçden, Käbäm, seniň topragyň?!
Ýigriminji asyr paýawlap gitdi,
Ejizläp çekerden ýürekde zaryň.
Ertirlermi tapyp ak säherlerden,
Seniň ýowuz geçmişiňe gaýdýaryn.
Onda sen otyrsyň gözleriň ýolda,
Çyka bilmän ynamlaryň çäginden.
Seniň üçin wepadarlyk başlanýar,
Ýaryň dolanmadyk araçäginden.
II.
Bu duýguda pynhanlyk bar — gaýadan,
Gaýly gün da:ş gaýyp gaýdan ýaly däl.
Öwrümi köp «Heňňam» atly kitapdan,
Bir parçany ýatdan aýdan ýaly däl.
Ýugrulyp ynamlaň gönezliginden,
Sygman ärleň gursagyna, gözüne.
Akarlarda — akan, Akrapda — düşen,
Ýaprak — syra öwrülipdir, gör, ine!
Ony aýasyna alan sigan gyz,
Pal atmakdan ejiz gelip ýuwdunýar.
Ýaprak pyşyrdaýar: «Gözleri garam,
Dolan, munda seniň söýen ýurduň bar.
Ogluň bar,
Ak säher agtyk söýüp ýör,
Serhoş guşlaň owazyna oýanýar.
Agtyk, çowluklaryň bagtly Diýarda — Bagtyýar. Il-ulus toýlar toýlaýar.
Maňa maýsa gark bolan şo:l baharyň,
Guşuň ganaty dek ýeli bolup gel!
Indi ýetmiş dört ýyl, jogapsyz goýan,
Ýazan hatlarymyň dili bolup gel!
Derdimi paýlaşan dertli dilleriň,
Sadagasy bolsun, seniň dilberiň.
«Wah, baýdak deý gelin» diýen illeriň,
Bir ýeňil dem aljak güni bolup gel!
Asmanynda çal durnalar eglenen,
Gözlerinde umytly ýaş nemlenen,
Ähli Barlyklaryň erki jemlenen,
Zenan ýüregimiň emi bolup gel!».
III.
Ýüzi zire-zire ýaşyl ýaprak,
Şahada köşk üste duran şa ýaly.
Men saňa ynandym,
Şu dogjak günüň,
Ýagşy niýet bilen doguşy ýaly.
Şemal şahalardan suwulyp geçip,
Üstüňde bir pursat dürsände demi.
Sen maňa syryň aç, güýzüň gussasy
Meňziňe çykmanka, iç döküşeli!
Serhoş dek seriňi etege salyp,
Zemin sary gaýjak günüň daşda däl.
Ýazyň ýaraşygy ýaly günleriň,
Geçer, bu hakykat,
Hergiz düýşde däl.
IV.
«Düşläp geç,
Düzleri müň öwra geçen,
Şemal demin dürsän saýalarymda.
Men saňa gür birin, pyşyrdap, paýrap, Ymyzgansaň — ukyň saýalaryn-da.
Gözlerimiň göreninden aýdaryn,
Ýüregimiň sözlerinden aýdaryn.
Bir päkize gelniň — nowjuwan gelniň,
Çekilmedik näzlerinden aýdaryn.
Seri müň hyýally dag gerişlerne,
Tylla Gün tyglaryn dökende säher.
Onuň şuglasyny gözüňde gizläp,
Sen bir dem aýak çek,
Dynç al-da, sähel.
Torgaýlaryň owazyna gulak goý,
Howasy uçmahdyr, nepesiň durla!
Seretseň jigeriň gözleri bilen,
Men — şahada ýaprak,
Asmanda durna.
Men — Ykbal,
Ýagşy Päl,
Hem uly Ynam,
Bir juwan geliniň ýürekde zary —
Bolup, ýetmiş dört ýyl şahada galan,
Ýaprak men, hem gökde durnanyň peri.
Ýaşyl men,
Ýaşlykda söýgi peýkamyn,
Ýüregimden uran ýigdiň dilberi.
Armanym — ýalňyzlyk,
Buýsanjym — ýaryň,
Ýassygyna baş goýmady del biri»...
V.
Daglaryň başyna duman çökdümi,
Ýa daglar çekdimi dumany başa?
Bilmedim,
Magrypdan gaýdan bulutlar,
Apat bolup indi amanat başa.
Her kellä bir gülle ýeterlik wagty,
Bir kellä müň gülle jöwlan urýardy.
Uruş günbatardan gaýdanam bolsa,
«Toýa» giden günbatara barýardy.
Urýardy ýürekler,
Gahar-gazapdan,
Pürepürdi, syganokdy gursaga.
Ele düşse, mertler baz görkezjekdi,
Urşy tutaşdyran şol gurrumsaga.
Şir ýürekli Görogludyr arkasy,
Ar üçin söweşse, ser salamatdyr.
Il başy gowgaka, aman-esenje,
Gaçyp ýören baryp ýatan namartdyr.
VI.
Ýene ýaprak tändi dönüp porhana,
Hünübirýan uçup gaýtdy başaşak.
Ýere ýetmän öwrüm etdi, hamana,
Zemin — Gök arasyn, göýä sallançak —
bilip, hezil etdi, uçdy, pyrlandy,
Şemalyň serinde gopduryp darkaş.
Ne alamat boldy?!
Ne apat boldy?!
Köşeş ýaşyl ýaprak,
Bolaly syrdaş!..
VII.
«Aýtmaga hakym ýok,
Dymmaga hetdim,
Garaşmagyň öz çeni bar, çaky bar.
Diýjeksiň, ýöne bu ukusyz gijäň,
Töründen bir ýowuz kysmat jyklaýar.
Gaý-gopuz ýok ýerden,
Bilmedim näden,
Derekler iki ýan hallan atdylar.
Uzaklarda — Günüň ýaşýan ýerinde,
Ýüregi söýgüden doly ynsany
Juda ýowuz hyýal bilen atdylar.
Şeýdip, bir enäniň bagryn ýakdylar,
Şeýdip, bir atanyň dökdüler dişin.
Şeýdip, bir gelini taýsyz goýdular,
Ýok etdiler bir ýigidiň gardaşyn.
Bir ýerde bir ynsan, bir Zemin barka,
Bolup durka ýaşamaga höwürtge.
Päli azan ýumrup köşki-eýwany,
Oň üstünden togurlady ýumurtga.
Döwran küje — dönmesi ýok dünýäde,
Gülle «orup» ýörkä ýagş-u-ýamany.
Ýaşamaga, ýaýnamaga ýaraşyk,
Atyp bormy ak guş ýaly adamy?!
Onuň bu Zeminde ynsanlygyndan,
Gaýry jinnek ýalam günäsi ýokdy.
Ýöne urşy tutaşdyran zalymlyk,
Başarsa bar zady oda ýakjakdy.
Haýýadyn ýitiren ajal güllesi,
Hyýaldanam öňe geçip bilýärdi.
Şeýdip, ýok ýerinden «duşman» ýasanýan,
Adam öz üstünden özi gülýärdi.
Gyş bolmajak bolsa, çille ne derkar,
Ýürekdenem sere garyş ýokarda,
Dünýäň depesinden garap durşuna,
Ýuwup bolmajagny gan bilen gany,
Düşünmejek bolsa, kelle ne derkar?!
Bir başa bir gezek rowa görülen,
Ömri söýmedigiň köňli göýdükdir.
Ölümden gaçan däl, bilip goý hergiz,
Urşy tutaşdyran terki dönükdir».
VIII.
Merdiň bar ýerinde namardam bardyr,
Ýogsa merdiň mertligini kim biler?!
Sen galmadyk bolsaň ýaşyllygyňa,
Ýaşaýyşyň ýagşylygyn kim biler?!
Günlerde nä günä — aýlara dönüp,
Asyrlara dönüp, dönüp heňňama.
Şo:l aýlanyp ýörşi Ýeriň ýüzünde,
Seň pyrlanyp ýörşüň ýaly, hamana.
Ýöne düýnüň heňňam aşyp, ýol aşyp
Soň bir gün özüne duşmajagy hak.
Şuny bilip durkaň, umyda dönüp,
Şo:l pyrlanyp ýörşüň dälmidir nähak?!
Gonara çen boldy,
Belki, çyn boldy,
Gaýyp ýörmek — inmek däl-ä gaýypdan.
Şol sebäpden kalba çöken gussaňy,
Başyňdan sypyryp zyňmak aýyp däl.
Ýöne, hernä, bu kakabaş hyýaly,
Sere getirenme ýetikdir tobam.
Alasarmyk pikirlerim gurasyn,
Gel, men ýene Seni diňläýin, Käbäm!
IХ.
«Zemin aýlanýarka da:şlary bilen,
Tomuslary bilen, gyşlary bilen.
Gör-ä, pyrlanyp ýör bu gara başlar,
Gündiz huşda, gije düýşleri bilen.
Uruş hakda, urşy görmedik hakda,
Bu bir iç dökere pursat — çag boldy.
Belki, derýa bolup, gan akan däldir,
Ýöne tenden uçan janlar dag boldy.
Şonuň üçin ojar oduň başynda,
Ýa bolmasa, mermer daşyň gaşynda.
Ýanyp duran Baky Oda baş egip,
Doňup galan Heýkellere baş egip,
HAKYŇ gaşyndan —
Hakyda öwrülip, yza gaýdaýyn.
Ýüreklerde tagma goýan geçmişiň,
Gaýdyp gelmezligi üçin bu syry,
Gözi ýolda galan Gelinler üçin,
Şo:l «toýdan» baş aman gelenler üçin.
Doly ses bilen däl, ýarym ses bilen,
Ýa pyşyrdap, ümmüldeşip aýdaýyn!
Sen bilip goý!
Ýanyp duran jigeri,
Agy bilen, ahmyr bilen ýakmak kyn.
Uruşdan dolanan azam däl, ýöne,
Uruş bilen hoşlaşany tapmak kyn.
Ýeňiş güni ýow gaýtaran Gerçekler,
Dymyp otyr, başy müň bir hyýally.
Gör-ä sen, şol jeňden gaýdyp gelenden,
Başyny goýanlar bagtly ýaly.
Tüpeň sesi ýatar, gan ysy gider,
Ahy-nala ýatdan çykar kem-kemden.
Ýöne şo:l tutaşan nägehan uruş,
Baky ýiter öýtme ýüreklermizden».
Х.
Sen meni bagyşla,
ÝAŞYL ÝAPRAK!
Bu kyssany gutarardan ejiz men.
Her dem geçmişime nazar aýlasam,
Baky YGRAR bolup parlap dursuň Sen.
Synmaz ynam bolup, Şöhrat-şan bolup,
Gidenlere baky nur-iman bolup.
Ser salamat bolup, baş aman bolup,
Ýaşap ýörenleriň mekdebisiň Sen!
Türkmen zenanynyň daşa ýazylan
ÝARA WEPADARLYK MESSEBISIŇ, SEN!
Gör, Saňa baş egýär Zemin-u-Asman,
Her dem Seniň huzuryňa gelipler.
Beýikleň öňünde diňe Beýikler,
Seri belent tutup, baş egip biler.
Gel, bile ýanaly, Ýaşyl Ýaprak,
Gel, galmaly, özge bolup, ýat bolup!
Urşuň garşysyna ýürek alawmyz,
Ömür ýanyp dursun BAKY O:T bolup!
Arkadagly ak Diýara ýaraşyk,
Rowaç ýurdumda dyzyň epilsin!
Seniň barlygyňda barça äleme,
Baky parahatlyk nury sepilsin!
Hojaberdi BAÝRAMOW.
# garagum_2019
Poemalar