20:06 Bu heññamdyr... | |
BU HEÑÑAMDYR...
Goşgular
Bu heññamdyr - nurbatlyja döwrandyr, Şalar gider, şahyr galar, şir galar. Ömür diýlen bakylyga rowandyr, Her kim munda galsyn diýip zar aglar. Kime derkar - porhan bolan bu bahar, Damarlary bogun-bogun sökmese! Däli siller - bir ýigidiñ ahmyry, Bady gaýtmaz, joşgunyny dökmese. Gülüñ gabagynda hal bolup duran, Damja - ýüzükdäki göwher gaşydyr. Ahmal bir bendäniñ dile gelmedik, Bagyrdan üzülen gözde ýaşydyr. Açyş däl-ä, örñäp barýan bu iller, Şükür, set müñden däl, milliondan geçýär. Arman tanyşlarym, ýyldyz süýnen deý, Bizi ýalñyz goýup, Panydan göçýär. Öñi-ardy şatlyk bilen gussa ýar, Ömürde ilden öñ örüp ýörmäp nä?! Telbe kimin, il ýatyp, it uklanda, Ölülere aýat ýazyp ýörmäm nä?! Bir özüñ däl biljek bolan bir zady, Galgap ýören - gurbatlyja göwräñdir. Şalar gider, Şahyr galar, onsoñam, Bu heññamdyr, nurbatlyja döwrandyr... Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |