17:52 Ynan maña | |
YNAN MAÑA
Goşgular
Ynan maña, Goýman soña, Aç dergähin ýüregiñ. Oñ töründen tüm gijede, Men özümi tapaýyn! Seniñ şamar zülpleriñe, Çolaşyp hem çyrmaşyp, Ýüpek gara saçlaryñy, Serden geçip öpeýin. Ot çyksa posamyñ galan yzyndan, Öýtmegin çakandur diýip ýyldyrym. Ol derdidir, dermanyny ýitirip, Boýnun burup ýetim galan ýyllaryñ. Aýlaryñ agyllap ýaşýan ýerinden, Agtaryp men ýazylanyn mañlaýa. Ylgaýa, ylgaýa - aýlawdan galyp, Aýt, kime iç dökeýin aglaýa. Agmaýan dünýede atdan agdym men, Hem añdym men galmajagym bakyýa. Men seni ir-u-giç taparyn, serwim, Bu gylumyt ynamymy yzlaýa. Zemin ulam däldir meniñ yşkymdan, Çarçuwa salara ýokdur geregim. Şol sebäpden, Gaçman gepden, gybatdan, Hemem üstün çykup ahy-perýatdan. Ynan maña, Goýman soña, Aç gapysyn ýüregiñ. Oñ töründen tüm gijede, Men özümi tapaýyn! Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||