20:58 Goja / goşgular | |
■ GOJA
Goşgular
Agtygy bar, çowlugy bar, jany sag, Ýuwlugam şun-erte bolmagy ahmal. Barybir çalaran saçlaryn görüp, Goja oýa batýar, gamlanýar her hal. Köçede güler ýüz, öýde güler ýüz, Märekede ýol berilýär sowulyp Ýöne ak säherler goja gamlanýar, Düşen ýaly ýat illere kowulyp. Ýeňiş güni köçä çykýar, döşünde, Lowurdaýar edermenlik ýyldyzy. Dünýe — abadanlyk, il-gün — rahat, Başy göge ýetip, öpýär ýyldyzy. Her gün bir täzelik, her gün bir ýeňiş, Günler bagtyň gujagynda aýlanýar. Sylyp maňlaýyna her täze güni, Ak säherler agras goja gamlanýar. Parahat gijeler rahatlyk ýok, Gidip barýar tanyş ýollary bilen. Düýşünde duşmany bogup taşlaýar, Uruşda galdyran elleri bilen. ■ URUŞ WETERANYNA Kerwen gurap geçip gidipdir ýyllar, Sen galypsyň öňki sadalygyňda. Ne alarlyp bilýäň, ne käýäp bilýäň, Aýrylaýjak ýaly adamlygyňdan. Saça gyraw bolup düşüpdir güýzler, Galypdyr gözlerde baharyň keşbi. Bütin Günbatary geçip pyýada, Çogly ülkä getiripsiň Ýeňişi. Bagdat sary uçup giden çal durna Dolanar, ýollarda çaňjaryp galmaz. Heniz öňde ýaýnalmadyk ýazlar bar, Saňa heniz-heniz garramak bolmaz. Söýülmedik bolsa, ýazlary söýle, Aýalmadyk bolsa, aýa güýzleriň. Irde-giçde ýaşarmaly bolaýsa, Bagtdan ýaşarsyn dana gözleriň. Böwsüp goýber duýgularyň böwedin, Aýby ýok maňlaýda dursa-da gasyn. Gaý tursun, halasa gopsun harasat, Goý, heňňam garrasyn, är garramasyn! ■ URUŞ ÝYLLARYNYŇ GELINLERINE Çörek däl, çöregiň ysy arzuwdy, Degirmen daşynyň sesi arzuwdy, Pälleriň içinde pesi arzuwdy, Uruş ýyllarynyň gelinlerine. Niýeti tämizdi, ýüregi päkdi, Göreşi, maksady, höwesi täkdi, «Ýeňişden» zyýada gürrüňem ýokdy, Uruş ýyllarynyň gelinlerine. Söýenji pilidi, buýsanjy — ýary, Buýsanjy synmady çekse-de zary, «Ýeňeris!» diýipdi ýigitleň zory, Uruş ýyllarynyň gelinlerine. Ýeňişi iberip, gelmedi esger, Diýipdik: «Biçäre derdini egser», Dymdy, aglamaklyk ýat boldy meger, Uruş ýyllarynyň gelinlerine. Geýjek ketenisi baýdaga dönen, Juwanlygna soldy gül ýüzli senem, Ak posalak oglan diýmedi “Ejem”, Uruş ýyllarynyň gelinlerine. Beýikleň içinde taýsyz beýikler, Synan köňlün umyt içre seýiklär, Nusga boldy müňläp Ogulkeýikler, Uruş ýyllarynyň gelinlerine. ■ URUŞ HAÇAN GUTARÝAR?! Ýar ýassygna saçyn gana ýaýmadyk, Perzent söýüp, didaryndan doýmadyk, Mejalsyz gollaryn çala galgadyp, Ene — gözi açyk, haýallap barýar, Hem soraýar: «Uruş haçan gutarýar?!». Mukaddes ojakda ot bolup ýanan, Bir gelin, yhlasy gursakda garran, Köýen arzuwlaryn kalbynda gizläp, Her gije düýşünde bäbek göterýär, Hem soraýar: «Uruş haçan gutarýar?!». Dünýä inip çagalygy bolmadyk, Söýünjiläp, süýji paýyn almadyk, Alty ýaşda pil göteren bir oglan, Segsen ýaşda oýa batyp oturýar, Hem soraýar: «Uruş haçan gutarýar?!». Şol jeňden sag-aman dolanyp gelen, Bir goja ýadygär güllesi bilen, Watana müň keren alkyşlar okap, Bir döwüm çöregi ýerden göterýär, Pyşyrdaýar: «Uruş haçan gutarýar?!». «Uruş haçan gutarýar?!», «Uruş haçan gutarýar?!». Her kim öz-özüne sorag berip ýör, Şükür edip ýagşy günleň känligne. Ýalňyz zürýadyna garaşýar ene, Ynanman şol urşuň gutaranlygna. Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |