19:32 Saña ýazylan hatlardan | |
SAÑA ÝAZYLAN HATLARDAN
Goşgular
Heniz iñrik garalanok, Sen aýnadan garanañok, - Garganañok, Neşe berip zülpleriñe, Zybalanyp daranañok. Hala ýalka, hala ýazgar, Señ erkiñde porhan ýazlar. Ýöne saña ýarananok, Sebäp iñrik garalanok. Köñül guşuñ - Alyp huşuñ Penjireden ötüp gidýär. Hyýalyñda hurma kybap, Dodaklarñy yşkbaz şemal, Ýalap, ýalap, Hemem ýañrap, Ýadandan soñ meniñ kimin, Aýbygadym öpüp gidýär. Uçýar. Uçup, hemem göçüp, Köñül oda salýar seni, Sen barybir Biribar däl, Ýalkap-ýazgar ýaly meni. Öz aýbym özüne ýetik, Ýetik bir dowzaha çenli. Başky söýgim - köýen söýgim, Ýuwdarha dek ýuwdar meni. Bilmedim, başym ýaşmydy, Imrindim, yñranyp galdym. Başdaşym, baky syrdaşym, Ismiñ bagra ýazyp galdym. Tä ölünçäm - bu barlykda, Ähti-imanym meniñ. Çäç bilenim, harmanyma, Nur, myrat gümanym meniñ. Seniñ bagtyñdan garaljak, Iñrik neçün garalanok?! Ilki söýgim uçup barýar, Saña-maña garananok... Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||