06:45 Bolanok... | |
BOLANOK...
Goşgular
Bapba Gökleñe Ýok, biz dost-a däldik, Hernä türkmeniñ - Bagtyna duşmanam däldik ikimiz, Al-u-şeriñ nikasyndan ýugrulan, Deñ däldi gerdende çekýän ýükümiz. Talantdyñ sen, Şygyrlaryñ içire, Söýünhanda barlygyñy tanatdyñ. Köneje penjege sygan göwräni, Tañrym, haýsy gudrat bilen ýaratdyñ?! Gitdiñ dirilere göz bolup mundan, Zalym tañry öz awuna dokunýar. Saña göz-görtele dodak çöwürip, Bilmedikler, gör, bagtyña çokunýar. Gardan ak ýüregiñ - eliñde baýdak, Mesgeniñ ýerdemi ýa-da asmanda?! Kalbyñy çöwürip ölüp gidensoñ, "Bolmajagam boljak eken, aslynda..." Indi, Gör ýene-de bir ÝYLDYZ SÜÝNDI, Munda körzehinler wagtyn çaglaýar. Saña dost goluny gerip bilmedik, Zehinliler bagry-girýan aglaýar. Seniñ üçin açyşam däl bu zatlar, Dirilere - öz zannyna dolanmak. Ölüp, barlygyñy subut etmeseñ, Bolanok!!! * * * Uçsañ şemal ýaly, Ýa-da bolmasa, Şemala dönýänçä uçsadyñ käte. Ata ýa eşege rowa görülen, Nogtañy başyñdan taşlap bir çete. Duýsañ, hemem köýseñ duýanlygyña, Ömrüñ al-u-şeriñ nikasydygyn. Günamañy taşlap owarram içre, Aýtsañ şu durmuşyn nikapsyzdygyn. Seni diñlemezler, Hem içiñ ýakyp, Geñlemezler bilseler-de geñligiñ. Sebäp munda sansyz pida gyýylman, Döretdiler am-u-akyl deñligin. Onsoñ, sen soñ, ne-hä sagsyñ, sañsarsyñ, Ýamana ýalandan eliñ çarpyber. Sen agyña gyýygyñy ajadyp, Bagryñy ýaralan diller çyrpynar. Agla şahyr ýürek, Uwlaplar agla, Agla agyñ ýalñyzlygña burulyp. Barybir sesiñe ses goşjak ýokdur. Şu barlykda jepa çekip, Surnugyp - Giden köpem bolsa, Aýñaljak azdyr... 1992 ý. Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||