19:25 "Bal tutan barmak ýalar" | |
“BAL TUTAN BARMAK ÝALAR”
Goşgular
Magtymgulydan iki setir: “Gaznasyn dolduran berkarar şalar Günde bir öýlener, keýpi kök bolar.” Mämi Çaryň repertuaryndan iki setir: “Ussatdyr her işe, Lenin ýaşa, Lenin! Ýaşa, Lenin!” Saňa näçe özelenip ýalbardyk, “Taňrym beterinden özüň sakla!” diýp. “Azat-erkin saýrat halal zybany, Haram agzyn palçyk bilen bekle!” diýp. Saklamadyň, beklemediň, Ýaradan, Ahy-zardan gulagyň hiç ganmady. Bäriňe bir aýlaý gözüň gytagyn, Nadan üçin mukaddes zat galmady. Çatyp bilmän iki sözüň başyny, Gara dere batyp ili güldüren, Erksöýer mekany dowzaha öwrüp, Diňe özi üçin jennet saldyran, Baýrak baryn öz-özüne eçilip, Öz-özüne minnetdarlyk bildiren, Ilsöýer şahyrlaň kyssasy çykyp, Dälihana, türmä dykan, öldüren Bolmajysy bolup, tanaman hetdin, Bu gün edebiýata penje urupdyr. Beterinden beteriniň bardygyn Gören millet agzyn açyp durupdyr. Depesine doňuz çykan aglak il Durubersin, entek näme görüpdir! Ol ne, haý diýmän, suratam çeker. Erte, nesip bolsa, sahna-da çykar. Bir gün bagşyny kesip çörekden, Iň soňky dutaryň taryna kakar. Oňa üýşüp goşgy çyrşap berýänler Il içre gezibem ýörendir belki. Oň özün-ä ýaranjaňlar oýnaýar, Ol bolsa, eý Hudaý, oýnap ýör halky. Gutulma ýokmuka bize bu dertden Ýa bu Ezraýylyň ajal heňimi?! Depämizden sallan bu musallatyň Türkmen başymy ýa, türkmen soňumy?! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |