23:56 Balta Iderkeýew | |
Men-men diýen aslym bardyr!
Taryhy şahslar
▶ BALTA IDERKEÝEW (ÖWEZOW) 1773-1775-nji ýyllaryñ daýhan urşy hakynda biziñ hemmämiz bilýäris, oña Ýemelýan Pugaçýow baştutanlyk edipdi. Ýöne welin Ý.Pugaçýowyñ ştab naçalnigi Balta Iderkeýewiñ kimdigi täze mekdep okuwçylary we WUZ-lar üçin okuw esbaplarynyñ ýekejesinde-de görkezilmeýär. Awtorlaryñ biri oña tatar diýseler, beýlekileri oña başgyrt diýýärler. Emma Orenburg Gizlin komissiýasynyñ sorag protokollary düýbünden başga zat hakynda aýdýar. Sorag edilende, Balta özüniñ Ýaikde (Uralda) doglandygyny, öz kakasynyñ Awýazdygyny..., aslynyñ türkmendigini, ýaik kazaklaryndandygyny, ýöne bir sebäp bilen Türkmenistana gidendigini we kiçijik ogluny garyndaşy tataryñ hossarlygyna, otstawkadaky kazan Iderkeý Baýmekowa galdyrandygyny, ol özüni öz ogly ýaly terbiýeländigini, şonuñ üçin-de "Meniñ adym Iderkeýew bolupdyr" diýip jogap beripdir. Öz kakam soñra Pugaçýowyñ gozgalañynyñ öñ ýanynda Ýaige gelipdir ~ diýýär. Taryhçy R.W.Owçinnikow hem Balta türkmen bolupdyr: "Baltaý Iderkeýew (1750-nji ýylda doglupdyr) türkmenlerden ýaik kazagy 1772-nji ýylda Ýaikde bolan gozgalaña gatnaşypdyr, 1773-nji ýylyñ sentýabryndan 1774-nji ýylyñ martyna çenli Pugaçýowyñ stawkasynda mürzw bolupdyr, gündogar dillerindäki ähli ýazgylary ýöredipdir. Pugaçýowyñ başgyrtlara, gazaklara, tatarlara permanlarynyñ awtory bolupdyr" diýip ýazýar. Tatar alymy S.H.Alyşew hem Balta Iderkeýew türkmen diýýär, ýöne onuñ kakasynyñ ady Apbas Todoşew diýip hasaplaýar, ol tatar Idyr Bihmutowyñ (Baýmekowyñ) uýýasy Minnebikä öýlenipdir diýip hasaplaýar. ...Türkmen taýpalary gadym wagtlarda ýaik kazaklarynyñ üstüne goşulyp, Uralyñ territoriýasynda ornaşypdyrlar. 1769-njy ýylda Ýaik şäherinde saparda bolan akademik P.S.Pialas ol ýerde türkmenler köp, olar gawun ekýärler diýip ýazypdyr. Ýaik kazaklary balyk tutmak, ekerançylyk, aw awlamak, senetçilik bilen meşgullanyp, birneme erkin ýaşapdyrlar. Ýöne Ýekaterina II kazaklaryñ hukugyny kesmegi karar edipdir: kazak toparlaryny (olarda atamanlar saýlanýan eken) ~ ýüzbaşylary, ýesaullary dargatmagy, kazaklary harby gulluga almagy, ýaik esgerleriniñ sanyny 30 müñe çenli kemeltmegi karar edipdir. Beýleki kazaklar daýhana öwrülipdirler. Bu çäreler ýaik kazaklarynyñ 1772-nji ýylyñ ýanwarynda uly gozgalañ turuzmagyna getiripdir. Hut şol gozgalaña kazaklar we türkmenler gatnaşypdyr. Olaryñ arasynda Balta Iderkeýew hem bar eken (dokumentlerde Iderkeýew diýlip ýazylanlygy üçin ony üýtgetmegiñ manysy ýok). Geljekki pugaçýowçylar Şigaýew Çika-Zarubin, Tolkaçew we beýlekiler gozgalaña aktiw gatnaşypdyrlar. 1772-nji ýylyñ ýazynda general Freýman kazaklaryñ gozgalañyny zabun basyp ýatyrypdyr. Birnäçeleri wepat bolupdyr, kimler çöle gaçypdyr, käbirleri nähili bolarka diýip gizlenipdirler. Ýaik bulaşypdyr. Ýaik kazaklarynyñ ýagdaýyny nazara alyp, olaryñ arasynda don kazagy Ýemelýan Pugaçýow peýda bolupdyr, ol özüni Pýotr III ~ hamala patyşanyñ yzarlamasyndan halas bolan Ýekaterina II-niñ äridirin diýip yglan edipdir. 1773-nki ýylyñ sentýabrynyñ başynda täze peýda bolan "imperatoryñ" töweregine ýaik kazaklarynyñ has gujurly topary ýygnanypdyr, şol topar gozgalaña işjeñ taýýarlanyp başlapdyr. Topar bary-ýogy 9 adam eken (Ý.Pugaçýowyñ özi bilen). Iñ esasy zat bolsa olaryñ arasynda iki türkmen ~ Balta bilen "Amanyg" bar eken. "Ýaik kazagy Orazgeldi Amanow, asly türkmen, şeýle hem tatar Iderkeý Baýmekow we galmyk Süzük Malaýew. Pugaçýowyñ ýerleşýän ýeri häkimiýetlere mälim bolýar we 15-nji sentýabrda Usihe 30 adamly otrýad ugradylýar. Pugaçýow aljyraýar. Iderkeý "dädä" Budarin gyşlagyna gitmegi maslahat berýär we goşun toplamak üçin tatarlaryñ arasyna gidýär. 17-nji sentýabrda Iderkeý Baýmekow bilen Balta 20 kazak-tatar otrýady bilen Ý.Pugaçýowy garşylapdyrlar. Beýleki kazaklar hem gelip başlapdyr. Opolçeniýäniñ sany 80 adama çenli köpelipdir. Şol gün Pugaçýowyñ birinji permany okalypdyr, ony I.Piçitilin ýazypdyr. Iderkeý Baýmekow Ýaik derýasyndan üç wýorstlykda gonan gazak hany Nurala hat ýazmagy maslahat beripdir. Haty tatar dilinde Balta ýazypdyr. Ol "imperatoryñ" adyndan ilkinji perman bolupdyr. Nuraly han kazanly tatar Zabiri "Pýotr III-iñ" şahsyýetini tassyklamak üçin iberipdir. Ýolda Zabir Orazgeldi Amanowa duşupdyr, ol ony stawka eltipdir. 1773-nji ýylyñ 18-nji sentýabrynda Balta Nuraly hana ýene bir hat ýazypdyr. Bu hatyñ täsinligi onda biziñ watandaşymyz Orazgeldiniñ ady görkezilýänligidir. "Kiçi gazak juzy Nuraly hanyñ özüne perman. Men siziñ hemmeler tarapyndan hormatlanylýan patyşañyz, meniñ hemme raýatlarym beýlekilwe we beýlekiler tarapyndan, Pýotr Fýodorowiç. Gyrgyz-gazak hany Nuraly hana şunuñ bilen buýruk berýärin. Meniñ şübhämi aýyrmak üçin şu haty alanyñyzdan 100 adam bilen öz ogullaryñyzyñ birini meniñ ýanyma iberiñ, siz şeýdip öz wepalydygyñyzy subut edersiñiz. Men siziñ ýanyñyza ýollan adamym Oraz Amanowyñ ýoldaşlary bilen bile gelsin. Imperator Pýotr Fýodorowiç". Nuraly hanyñ ýanyna iberilen Orazgeldi Amanow gezende starşina I.K.Akutinin kazak otrýadynyñ eline düşýär we Ýaik şäherine getirilýär, şol ýerde dökülip perman ondan alynýar. Sorag edilende Amanow Pugaçýowy "Ýalan şa" diýmegiñ ýerine "Hakyky şa" diýip berk aýdýar. Mundan başga-da, Pugaçýowyñ esgerleriniñ sanyny esse ýarym artdyryp görkezýär, şondan soñ hökümetiñ 2 müñ adamly otrýady we dragunlar çozmaga het edip bilmeýär. Gaýduwsyz türkmen galp zat aýtmadyk bolsa Ý.Pugaçýowyñ soñraky ykbalynyñ nähili boljakdygyny kim bilýär. Beýleki türkmen ~ Balta Ý.Pugaçýowyñ işjeñ kömekçileriniñ biri, "imperatoryñ" ideýasyny türki halklaryñ arasynda ýaýradyjy bolupdyr. 1773-nji ýylyñ 30-njy sentýabrynda Balta Orenburgyñ 18 werst demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän "Tatar Seýit erkinligine Ý.I.Pugaçýowyñ permanyny" ýazypdyr we özi şol ýere gidipdir. Şol fakt hakynda seýit tatar Musa Uleýewiñ ýeke-täk ýatlamasy saklanypdyr, ol 30-njy sentýabrda Balta erkinligiñ ýaşulysyna... bukjaly kagyzy berdi, özi-de şonda bu perman ýalan şa Pugaçýowdan diýip yglan etdi, ol bukja ýaşulyñ elinde galdy, onda tatar dilinde ýaşula, seýit tatarlaryna, ýagny siz tatarlar oña ýalan patyşa gulak asmaly we degişli derejede garşylamaly diýip okady" diýilýär. 1-nji sentýabrda seýit tatarlary Ý.Pugaçýowy dabaraly garşylapdyrlar. Şol ýeriñ özünde Balta üç ekzemplýarda başgyrt hanlary Kinze Arslanowa, Alybaý Mürzegulowa we Kutkigilde Aburahmanowa perman ýazypdyr. Taryhçy A.N.Usmanowyñ ýazgylarynda daýhan urşy hakynda aýdylýar. "...Kinze Pugaçýowyñ ýanyna gelende lagerde Balta Idirkeýewden sowatly adamlardan başga hiç kim ýokdy. Ý.Pugaçýowyñ goşunynyñ deñ ýary diýen ýaly "rus däl" halklardandy: tatar, başgyrt, galmyk, çuwaşlar, türkmenler we beýlekilerdi. Köp zatlar bolsa Baltanyñ milli aýratynlygy nazara alyp, permany dogry ýazmagy başaryşyna baglydy. Barlagçy Owçinnikowyñ ýazmagyna görä "...Orta taryhçy Aziýanyñ arhaizmine we osmanizmine kybapdaş gündogar äheñinde Balta Iderkeýewiñ tatar dilinde düwen permanlaryna şol bir wagtda çuñ radikalizm häsiýetlidi". Pugaçýowyñ tatar dilinde ýazylan permanlaryna Baltanyñ özi "Pýotr III" diýip gol çekendiginu hem belläliñ. Munuñ özi Balta Iderkeýewiñ Ý.Pugaçýowyñ aýdanlaryny ýazan mürze bolandygyny añlatmaýar. Ol dogabitdi talantly we döredijilikli şahsyýet bolupdyr, hakyky diplomat we strateg eken. Onuñ 1773-nji ýylyñ 1-nji dekabrynda ýazan "Bütin halka yglan edilen habaryñ manifesti" munuñ şeýle bolandygyny görkezýär. Balta manifest üçin Ý.Pugaçýowyñ irki hatlaryny, şeýle-de Orsyýetde krepostnoýçylyk düzgüniñ ýaýbañlandyrylan tankydyny peýdalanypdyr, pomeşiklere garşy urşa çagyrypdyr. "Manifest" şeýle meşhur bolupdyr, ony birnäçe gezek el bilen göçüripdir, ýüzbaşy Ýuskeý Kudaşow hatda ony tatar dilinden ors diline terjime edipdir we orslaryñ arasynda propoganda üçin peýdalanypdyr. Bu dokument "Daýhan urşunyñ ilki döwründe Pugaçýowyñ stawkasynda zabun antifeodal dokument hökmünde görünýär". 1774-nji ýylyñ 1-nji aprelinde Sakmaryñ eteginde şäherçede bolan söweşde Balta Iderkeýew ýaralanypdyr we ýesir alnypdyr. Şol wagt Pugaçýow Başgyrdystana tarap yza çekilýän eken. Daýhan urşunyñ ikinji etaby başlanypdyr. Başgyrt serkerdesi Salawat Ýulaýew öz halkyny azat edijilik göreşe galkyndyrypdyr. Onuñ goşunyna "Truhmen wolostynyñ" türkmenleri hem giripdir. Salawatyñ köp sanly goşuny Ý.Pugaçýow bilen birleşipdir. "Imperatoryñ" permany bilen ataman Derbetow Stawropolyñ galmyklaryny feodallara we pomeşiklere garşy göreşe galkyndyrypdyr. Derbetewiñ 15 müñ gozgalañçy goşunynda türkmenler bolan däldir diýip göz öñüne getirmek kyn. Ýöne soldatlar gozgalañ turzanlardan ýowuz ar alypdyr. Ý.Pugaçýow 1774-nji ýylyñ sentýabrynda bir bölek kazaklar bilen galyp, çölleriñ adamlaryny hökümet goşunlaryna garşy göreşe galkyndyrmaga synanyşypdyr. "Ýaike gelen biz Truhmen ülkesine gideris, ol ýerde ýa baý, ýa ýaşuly türkmen tanyşlarym bar. Kyn bolsa-da, ol ýerden Persiýa gideris" diýip ol aýdypdyr. Emma ýanyndaky kazaklar ony Türkmenistana goýbermändirler we Ýaik şäherlerine gitmäge mejbur edipdirler, ýolda oña has wepaly adamlardan halaa bolupdyrlar. 1774-nji ýylyñ sentýabrynda daýhan urşunyñ görnükli serkerdesi Iderket Baýmekow duýdansyz ýitirim bolupdyr. 1774-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda goly-aýagy dañlan Ý.Pugaçýow Ýaik şäherine getirilipdir. 1775-nji ýylyñ 10-njy maýynda jezalandyrylypdyr. Balta Iderkeýew Senatyñ hökümi boýunça Arhangelsk guberniýasyna ömürlik soldat gullugyna iberilipdir, şol ýerde hem onuñ yzy ýitýär. Öwez GÜNDOGDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||