00:05 Baş sekretaryñ gyzy | |
BAŞ SEKRETARYÑ GYZY
Taryhy makalalar
Ýurduñ iñ hökmürowan adamy "diñe gyzyma aýdanymy etdirip bilemok" diýýärdi, "iki gözüm bar - biri bilen ýurda seretsem, beýlekisi bilen oña seredýärin Galina hemme zada güýji ýetýän sowet howpsuzlyk gullugynyñ iñ köp başyny-gözüni aýlaýardy. KGB onuñ äden her bir ädimini yzarlaýanam bolsa, garşysyna hiç zat edip bilenokdy. Eger kakasy bolmadyk bolsa, onda... Galinanyñ kakasy on sekiz ýyllap Sowet Soýuzynyñ başynda oturan Leonid Brežnewdi. Brežnew "diñe gyzyma aýdanymy etdirip bilemok" diýýärdi, "iki gözüm bar - biri bilen ýurda seretsem, beýlekisi bilen oña seredýärin. Galina kakasyny halanokdy. Aýalbazlygy bilen tanalan Brežnewiñ Ikinji jahan urşy ýyllarynda ejesine ikilik edýänini añşyrypdy. Ol özdiýenli, hötjet gyzdy. Kakasy bilen düşünişmezlikleri artdygyça, elden-aýakdan çykýardy. Kommunistik partiýanyñ jogapkärli wezipelerinde işlän, bir döwür Moldawiýanyñ we Gazagystanyñ partiýa guramalaryna ýolbaşçylyk eden, Moskwa gelenden soñ birküç ýylyny geçirip, döwletiñ başyna geçen Brežnew gyzyny komsomol guramasyna-da agza edip bilmändi. Galina kommunistleriñ üstünden gülüp, kakasyny ýygy-ýygydan kyn ýagdaýa salýardy. Hasam beteri onuñ şahsy durmuşy boýunça galmagallar turuzýardy. Resmi taýdan durmuşa çykan erkekleriniñ sany-sajagy ýokdy, çünki kakasy onuñ käbir nika dabaralaryny goýbolsun etdiripdi. Galina özünden ep-esli uly ýa-da kiçi, sirkde, daşary ýurtlarda, syganlaryñ arasynda, hemme ýerde kimdir biri bilen tanşyp, oña aklyny aldyryp bilýärdi. Hamana ilişmäge şaha gözleýän ýaly bir ýerde duranokdy. Emma kim bilen ýakyn gatnaşyk saklasa, onuñ familiýasyndan peýdalanýardylar. Gaýynatasynyñ arkasyndan SSSR-iñ Içeri işler ministriniñ orunbasary bolan, birnäçe ýyl geçenden soñ Mihail Gorbaçýowyñ döwründe tussag edilen Ýuriý Çurbanow hem şolaryñ biridi. 1982-nji ýylda kakasy aradan çykanda Galina 54 ýaşyndady. KGB-den çykan täze lider Wladimir Andropowyñ Galina Leonidowna Brežnewanyñ garşysyna derñew işi gozgatmakdan aýratyn keýp alandygy aýdylýardy. Şondan soñ sud zallary we ruhy keselhanalar Galinanyñ wagtyny köp geçirýän ýerleriniñ birine öwrüldi. Arak-şeraba aşa özüni aldyransoñ günde bir blok şampan şerabyny içýändigi we bile içmek üçin köçelerden üýşüren serhoşlary bilen ýaşandygy aýdylýardy. Galinanyñ tragiki durmuşy mundan 25 ýyl öñ zor bilen dykylan hassahanasynda soñlananda, birgiden syry-da özi bilen bile mazara äkidipdi. Döwlet sowet lideriniñ ýeke-täk gyzy hakdaky habarlaryñ barsynyñ "ýatdan çykarylmagyny" buýurdy. Emma diýenetmezek durmuşyñ oýny kän. Durmuşyñ syýasy emirlere gulak asmazlyk, hatda olaryñ üstünden gülmek ýaly aýratynlyklary-da bar. Edil Galinanyñ bolşy ýaly. Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 14.09.2023 ý. • Awtor hakda Hakan Aksaý ýañy ýigrimi ýaşanda - 1981-nji ýylda Türkiýäniñ Kommunistik partiýasynyñ (TKP) agzasy bolup, Sowet Soýuzyna gitdi. Ol Leningrad Döwlet uniwersitetiniñ žurnalistika fakultetini tamamlady. Brežnewiñ, Andropowyñ, Gorbaçýowyñ döwürlerinde alty ýyllyk sowet tejribesini edindi. Gündogar Germaniýada birýarym ýyllap žurnalistlik edenden soñ TKP-nyñ hataryndan çykyp, ýurduna gaýdyp geldi. Bir ýyld töweregi garaşsyz žurnalist hökmünde Moskwa gitdi we ýigrimi ýyllap (Ýelsiniñ we Putiniñ döwürlerinde) dürli rus gazetlerinde we teleýaýlymlarynda işledi. Şol döwürde türk-rus gatnaşyklary boýunça birgiden oñyn işleri amala aşyrdy. Moskwada her ýylyñ 3-nji iýunynda "Nazym Hikmeti ýatlama güni" medeni çärelerini geçirip başlady we on ýyllap şol çärelere guramaçylyk etdi. Žurnallary çap etdi, internet neşirlerini çykatdy. Rus-türk ylmy-barlaglar merkeziniñ düýbüni tutujy başlygy boldy. 2009-njy ýylda ýurduna dolanyp geldi, "T24" internet gazeti ýaly dürli mediýa organlarynda işledi. "Tele1", "Artı TV" ýaly teleýaýlymlarda gepleşikler taýýarlady, "Gazete Duvar"-yñ baş redaktorlygyny etdi. Žurnalistlik işi bilen birlikde Stambul şäher munisipalitetiniñ Russiýa-Ukraina boýunça geñeşçisi bolup işleýär. Türkiýäniñ görnükli rusşynas we sowetşynas hünärmenlerinden bolan, "Puşkin" medalynyñ eýesi Hakan Aksaýyñ türk we rus dillerinde dört kitaby çap edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |