14:06 Başa düşen towky / satiriki hekaýa | |
BAŞA DÜŞEN TOWKY
Satiriki hekaýalar
— Ýok, ýok, içmen. Içmen diýdim içmen. Ýekeje katrasynam datman — diýip, Ussa aga aýagyny diräp durdy. — Ussa aga, içäýseňiz-le, towakga edýän. Meni tanaňzokmy?! — diýip, Mommy boýnuny burup özelendi. — Tanaýan, oglum, tanaýan. Ataňa-babaňa-da beletdirin, Mommy jan. Olar tapylgysyz gowy adamlardy. Ýek ýigrendigi içgidi. Men içmäýin. Bu ýaşdan soň entirekläp öýe barsam gaty gelşiksiz. Gulak sal, meniň bir gowy goňşym bar. Ol professor. Maňa ol düşündirdi: «arak ilki kelläni eýeleýär» diýdi. «Skleroz nagtdyr, huşsuzlyk tap-taýyndyr» diýýär. Men-ä ynanýan. «Ýatkeşligiň bolanok» diýip mydama aýdýar. «Onsoň aýnyman saňsaryň bar-da. Aýalyňa «gelneje» diýeniňi duýman galarsyň» diýip, professor gürrüň berýär. «Hernä kelläňe sübsäniň gaty tarapy toňkullap degensoň ýaňky dykylan wenalardan gan zogdurylyp akyp başlaýar» diýip, professor meni hemişe okadýar — diýip, Ussa aga içgä garşy köp deliller tapdy. — Kellä sübse degende gan beýnä tarap akýamy? — diýip, Mommy ýaňsylap güldi. — Onuň nirä tarap akjagy sübsäniň degişine baglymyş, oglum. Daşyna akmagy-da gaty ähtimal — diýip, Ussa aga ýylgyrdy. — Arak akyl-paýhasdan aýyrýar. Beýni damarlaryny çişirýär. Olar kontakt berip, zamykaniýe emele gelýärmiş. Ony izolenta bilen sarabam bolanokmyş. Wah, oglum, seniň professor bilen goňşy däldigiň belli-dä. Ýogsam maňa iç diýmek hakda gürrüňem ýok, özüňem datmazdyň — diýip, Ussa aga gynandy. — Ýaşuly, hany, gepi köpeltmäli-le. Içeli. Me, jyňkytsana bir sapar. Ýaşlygyňy ýatlarsyň. — Men içmäýin, ýagşy ýigit. Maňa iň gowusy ýaşlygymy ýatlatdyrma. Aýalym maňa gaty mährem. Ogullarym, gyzlarym, gelinlerim sarpamy saklaýarlar. Bir diýenimi iki diýdirdenoklar. Ýöne daşymda pyrlanyşyp ýören hozanagyň bar-da. Agtyklarym «atam-da-babam» bolşup, daşymda pompaza üýşen garynja ýaly öýe barsam. Käsi «sakgalyň Aýazbabaňky ýaly ýelmenen bolaýmasyn?!» diýşip çekip-çekip görýär. Gorşokly neberelerimi gujagyma alyp, ajy çaý içsem million aragyňa degýär. — Bilip durmazlar. Elli gram kakaýsana, ýaşuly. Men bir derejä eýe boldum. Narkologiýa ugurdan ylmy iş ýazyp, doktorlyga kandidat boldum. — Gowy zat. Oglum, ösmeli. Işiň şowly bolsun. Men içmäýin. Alajagözen ýaly aňkap dursam gelşiksiz bolar. — Professor goňşym Esen Kerimowiç mensiz çaý içýän däldir. Özem ýeke ýaşaýar. Perişde ýaly adam. Beýle gapdalymda bir goňşym bar. Oňa Ogultäç ene diýilýär. Ol-a bir garry aýal, olam ýeke ýaşaýar. Adamsy ýok. Iki sanyjak çowlujagyny güýmenje üçin ýanynda saklaýar. Hersiniň öz owadanja gorşojyklary bar. Balaksyzja. Olar maňa «Aýazbaba» diýýärler, çagalar biedepliligi ululardan öwrenýärler. Mydama bize öýkünýärler — diýip, Ussa aga ýagdaýyny aýtdy. Emma Mommy yza çekilmedi. — Ýaşuly, ilkinji ýeten sepgidim, ilkinji ýeňşim üçin iç, haýyş. A-how, ylmy dereje almak oýun zat däl-ä?! Eşekden palan alan ýalydyr öýdýäňmi?! Ylymlara doktorlyk dissertasiýamam ýazyp taýyn edip gutaryp barýan. Diňe goraýmak galdy. Dissertasiýany ömrüňde bir sapar gora. Ol seni ömürboýy goraýar — diýip, Mommy arakly stakany ýaşula uzatdy. — Ýeri, bolýa-da, köşek. Seniň sözüň synandan şeýtanyň boýny synsyn. Soňundan gury çaý ýa çig kartoşka çeýnäýmeli bor-da. Şolar ysyny aýyrýamyş. Ýöne men ýeke saparjyk içýändirin. Bary-ýogy elli gramjyk içýän. Soň men başga bir adama öwrülýän. Onuň näçe içýänini bilemok — diýip, Ussa aga gürledi. Mommy ony degişme hökmünde kabul etdi. Görer-dä. Olar içki jaýa girip çykdylar. Ýaş ýigit ýaşula garbanar ýaly zat uzatdy. Ýaşuly baryp ýatan alkogolik bolsa nätjek. Ol zakuskany eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Ussa aga eýýäm üýtgedi. Tanalmaz ýaly boldy. Ýaşula ýaraşmaýan hereketler edip ugrady. — Guý, eşek, wiý, bagyşla, men köşek diýjek bolup eşek diýipdirin — diýip, Ussa aga çaşyryp ugrady. Mommy gülüp hezil edindi. — Zyýany ýok, ussa aga. — Maňa Ussa aga diýme. Men Ussa pälwan! Men Isgender şa! Men soňundan zakuska edinmäm bolmaz. Zakuska edinýänler namart gurrumsaklardyr. Heleýçe ýoklardyr, soňundan zat iýýänler. Bugdaý sözüň bolmasa, bugdaý aragyň ýokmudy! Ussa aga bolmajysy bolup gürledi. — «Aşa mätäç däldir ýüze myhmandyr!» diýip, Omar Haýam aýdýar. Ýadyňda sakla, eşek, wiý, köşek! Ýok, sen köşegem däl, sen eşşek! — diýip, Ussa aga nas atdy. — Ýaşuly, indi men saňa azar bermäýin diýjekdim weli, ajy zat jübüt bolsa ýagşy. Ýene-de ýüzje gram guýjakdyryn! — diýip, Mommy ýaşula içirendigine monça boldy. — Janyň sag bolsun! Guý! Eňter! «Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda, elli nedir, altmyş nedir, ýüz nedir». Mollanepes şahyr aýdypdyr. Olar ýene-de çakyşdyrdylar. — Öwf! Munuň awyjandygyny! Seni ýasan ussaňa döneýin! — Bal diýsene, ýaşuly. — Oglum, senden aýlanaýyn, eşek, wiý, köşek. Aslyňa men belet. Kakaň bir gur-gur-gur... — diýip, Ussa aga sakyndy. — Gurgunmy diýjek bolýaňyzmy?! — diýip, Mommy ýadyna saldy. — Ýok, gur-gur, gurrumsakdy diýjek bolýan, guý! Ussa aga entirekläp başlady. — Janyň sag bolsun, ýaşuly! Ýaş ýigit içeriden çüýşedir stakan alyp çykdy. Ikisem çakyşdyryp içdiler. — Öwf! Munuň zakgunjandygyny. — Ýaşuly, ýigidiň soňunda ajy zat galmasyn. Şujagazam paýlaşyp uraly. — Urýas. Sapy çykýança gideris, eşek! Ajy zat alnyňa ýagşy. Ýüzi göteren adam ellini goltugyna alar! Gitdik, eşek! Ussa aga guýlany jyňkytdy-da agzyny açyp howany zakuska edinäýdi. — Öwf. Munuň zährimarjandygyny! Men seniň, eşek, ejeňe belet. Onuň ady Bibidi. Gybatyň öýüdi. Gyňajyny otlyň tüssesi ýaly edip gybat gözläp eňip barýandyr, haçan görseň... — Heý, ýaşuly, hetdiňden aşma — diýip, Mommy ýuwdundy. — Men ejeňe belet seň, ejeňe!.. Wah, bir gezek ardurja elden sypdy-da — diýip, ýaşuly serhetden geçip başlady. — Ýaşuly, bes et diýýän indi. — Ejeň durmuşa çykanda men gelnalyjysyny kesekläpdim. — Ýaşuly siz ol döwürde, näme, çagamydyňyz, gelnaljy keseklär ýaly?! — diýip, Mommy ýaşulyny ugruna kowdy. — Gelnaljy keseklemek üçin, näme, çaga bolmalymy?! Ýigrimi ýaşyňda-da, kyrkda-da, ellide-de, segsende-de gelnaljy kesekläp bolýar-a. Häzir getir näçe gelnaljyň bolsa, külüni çykaraýyn. Böwri hoňkaryp duran «Çaýkaň» bardyr. Aýnasy kül-pagyş «Žiguli» görersiň. Şonda men ýigrimi iki ýaşymdadym. Häzirkim ýaly akylym goýalan jahyldym. Wah, ejeň owadan gyzdy. Ýene bir guý yzyny aýdaýyn. Hezil ýeri soňunda — diýip, Ussa aga elini uzatdy. — Ýaşuly, serhetden geçme. — Kes sesiňi, eşek. Seň kakaň serhetden geçip, Eýrandan tirýek getirerdi. Guý, onam gürrüň bereýin! — Ýaşuly... — Ýaşuly diýme, eşek. — Ussa aga... — Isgender Zülkarneýin diý. — Isgender şa, men saňa bir zat gürrüň bereýin. Düýn ýarmarkada... — Kes sesiňi, eşek. Ýarmarka gerek däl. «Köpetdagyň» oýnundan gürrüň ber. Ejeňi alyp barýan kejebäni tutdum kesege. Maňa stakany ber, nähili daşlanymy görkezeýin. Jübülerim kesekden dos-doludy. Çermegime-de göjek baryny gysdyrypdym. Egnimde-de keman. Zyňan kesegim kejebäni alyp barýan düýäniň gözüne degäýdi. Düýe ürküp kejebäni ýere pylçap urdy. Toý bir hepde yza çekildi. Ynanmasaň ejeňden sora-da göräý. Şindem bilim agyrýa diýer. — Düýede näme kastyň bardy — diýip, Mommy ajy ýylgyrdy. — Kejebe meniňki bolmalydy. — Ýaşuly, ýör men sizi öýüňize alyp gideýin. — Eşek, gürleme. «Köpetdagyň» turnir tablisasyndan habar ber. Ýaşuly aglap başlady. — Men ýeke. Men tuwmaýak. Aýalym emedekläp daşarda gum oýnaýar. Owadanja gorşogy bar. Professor Eşek Kerimowiç bar. Ýaňy ýörjen-ýörjen. Balajygynam geýenok. Ogultäç ejäniň jüwlükleri professor Eşek Kerimowiçiň gorşogynda çaý içýär. Soň meniň kelläme geýdirýär. Ogultäç eje sakgalymdan çekip görýär. Ol meniň daşymda hozanak bolup pyrlanýar. — Ýaşuly, ýör gideli. Siz serhoş bolduňyz. Öýüňize alyp gideýin. — Eşek, öýüňize barsam, kakaňy öldürerin. Ol meniň aljak söýgülimi... Ýaşuly hiňlenmäge durdy. — Gören aşyk didaryndan doýmaly, Görmedikler görsem diýip köýmeli. Alkymynyň astyna banka goýmaly, Damar dodagyndan baly Bibiniň, Bi-i-biniň, Bibiniň! — Ussa aga, ýör öýüňize. Ýaşuly aglamaga başlady. — Men ýeke. Meniň öýüm ýok. Oglum bikemal. Gelinlerim duşmady. Goňşym Eşek Kulyýewiç haramzada. Ogultäç eje jel, jellap. Söwdagär. Aýalym beýnimdäki gyldan elli esse inçe kapilýarlaryň içinde ýeketaý gülebent ýaly bolup ýatyr. Gan ýöredenok, kislorod baranok. Ýaşuly ýumrugy bilen öz kellesine urmaga başlady. — Aýryl beýnimden, bagsyz bogdak! Gulpy döwlen gorküýze ýaly bolup ýatma ýolda. Ganyň eritrositlerini bökdeme. Wah, şu wagt bir skameýka bolsady. Dyzymy epsedim. Sud edilýäniň skameýkasy bolsa-da oturmaga men kaýyl. Ýaşuly ýykyldy. Mommy ony egnine alyp ugrady. Ol öz eden telek işine puşman edýärdi. Ýaşulyny göterip ugrady. Türkmenimizde «iti öldüren süýrär» diýilýär. Emma bu ýagdaýda iti süýrän öldürer diýsegem gelişmän durjak däl. — Adamlar, men ýatan ýylanyň guýrugyny basan ekenim. Daňylgy agzy gara köpegiň üstünden özüm barypdyryn. Ak toba, gara toba, üstesine-de bir ýaşyl toba, indi galan ömrümde ile arak iç diýmäni goýdum. Sizem özüňiz biliň! Ýaşuly aýdyma hiňlendi: — Günde kyrk çüýşäni çekiň birýana, Çüýşesin tabşyryň tä men gelinçäm, gelinçäm... Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |