16:25 Başdan geçirmeler gijesi / satiriki hekaýa | |
BAŞDAN GEÇIRMELER GIJESI
Satiriki hekaýalar
Her gezek Täze ýyl baýramçylygyna ýumoreska ýazmaly bolamda fantaziýanyň kömegi bilen başga bir planeta uçmaly bolýardym. Bu ýyl gitmesiz, ap-aňsat bolaýdy. Hut öz durmuşymda detektiwe çalymdaş wakalar döredi-dä. Özüm haýyş edip, gijeki smena düşdüm. Gezekleşip garawulçylyk edýän ýoldaşyma «Sen Täze ýyly öz çagalaryň bilen öýüňde arkaýyn geçir, saňa derek obýektde men durjak» diýdim. Begenip, ýyrş-ýyrş edip, aýagy ýere degmän gitdi. Gije bizi öýli-öýümize eltip düşürýän sürüjä-de: «Han ogul, senem Täze ýyly öz öýüňde geçir» diýdim. Olam sag bol aýdyp gitdi. Obýektde ýeke özüm galyberdim. Iňlär siňek ýok. Her kim öz öýünde bereketli saçak başynda Täze 1998-nji ýyly garşy alýan bolmaly. Tanyşlarymyň birnäçesini telefon arkaly Täze ýyl bilen gutladym. Meniň ýaly şu gije işleýänem kän bolmaly. Meselem, hüşgär milisionerler, işine ezber göbegeneler, eli süýji çörek bişirýänler, ökde lukmanlar, tejribeli transport işgärleri, aý, garaz, sanasaň sogany bar, başga-da kän-dä. Täze ýyl! Nähili gowy baýramçylyk! Onuň jadylaýjy arzuwlar agşamyny diýsene! Sebäbi munda «täze» sözi bar-da. Herki zadyň täzesi gowy. Meselem, köne, lagşan «Moskwiçden» ýa warak «Zaporožesden» täp-täzeje «Jiip» göwne ýakym,y dälmi ýa-da owadan ýapon «Mazdasy». Ýöne weli maşynyň, donuň täzesi, dostuň könesi gowy diýlen sözem unutmaň! Sagat 12.00! Her kim saçak başyna geçendir. Bu gije arzuwlar, fantaziýalar agşamy. Uly gyz göwün ganatyny giň açyp, 1998-nji ýylda uly umyt, çäksiz arzuwlar bilen öz ösüp, ulanan höwürtgesinden başga bir daragtyň şahasyna, onda-da belent şahasyna gonmagyň pikiri bilen al şeraply bulguryň näzik owazyna diň salýar. Onuň hyýaly turuwbaşdan beýik çynaryň belent şahasyna gonmakda diýdik. Goý, arzuwy hasyl bolsun! Bize galsa o gyzy arzuwyna ýetirip, nikahana 1998-nji ýylda iki sapar eltmekçi. Soňkusyny ― çagajygyna «Dogluş hakyndaky» şahadatnamany almak üçin diýip, dogry düşüneweriň! Hawa, şol arzuw-hyýallara gark bolup oturyşyma asyl öz garawulçylyk edýän obýektimi ýatdan çykaraýsam nätjek! Arasynda pagtabent atan bolup, garawulçylykdan iýýän çöregimi bir halallaýyn-la. ― Pöwh! Pöwh! Indi bolaýdy. Täze ýylyň salýuty bolar-da. Ýogsam bu ýerden goltuklap ýa gerşiňe göterip alyp gitjek zadyň-a ýok. Iň ýeňil zat on tonna. Smendeşim wagty-sagady bilen gelip öz ornuny eýeledi. Menem gijäniň ümüş-tamşynda ýukajyk ümrüň içi bilen ýap-ýap öýe gaýdyberdim. Gelýän köçäm tüm-garaňky. Uzagraklarda çyra ýanýany bildirýär. Meni birhili gorky gaplap aldy. Görýän detektiw filmlerim gözümiň öňünde janlandy. Çalaja ses, ysgynsyzja şakyrdy maňa uly bir ýaň bolup eşidildi. Hopugyp, derläp başladym. Ine-de, birden... Hol öňden biri maňa tarap gelýär. Bir ýerde nepwim bolsa bary lerzana geldi. Men o trotuara geçdim. O-da geçdi. Indi nätjek? Men ýene öňki ýoluma düşdüm. Ol öz ugruny üýtgetmedi. Herimiz bir trotuarda hernä. Şol ýöräp barşymyza olam gabat gapdalyma ýetdi. Ine-de, birden şakyrt boldy.bir daş atylyp asfaltyň ýüzüni syryp gitdi. Erbet sesim bilen gygyranymy bilýän. Soňam assa gaçan namart diýip ýazzyny beräýendirin, tazydan gaçan towşan ýaly. Dirä eline düşmesem gerek diýip, ýeňsäni titredäýendirin. Näme, erkek kişi bolup wägirip gaçýanymy görýän şaýad-a ýok belli. Gaýtam, ertir çaý başynda birini erbet gorkuzdym diýip paňkarylamda-da ýalňyşymy çykarjak barmy diýsene?! Ýöne bir keçje ýeri: ýolda ýüzi gyrawly bardýura büdräp erbet çykyldym. Seňseläp ýatdym. Dyzlarym, tirseklerim görer ýaly däl, sypjyrym-sypjyrym bolupdyr. Indi öýde keýwany: «Atyň näsag, özüň ýaraly geldiň» diýse näme jogap bererin diýen alada ýetişdi. Ahyrsoňunda ýagtylyga çykdym-ow. Dünýäm giňäýdi. «Goç ýigidiň sytarasy, açylan meýdan içinde, gylyçdan gyrmyzy ganlar saçylar meýdan içinde» diýip, özümi Görogly beg däldirin öýtmän gelýän. Ine-de birden «Ýaşuly, çilim ber!» diýşip, bäş-alty sany jahyl daşyma egele bolaýdy. Bulardan gaçyp gutulyb-a boljak däl. Bularyň ýakyn aralyga ylgamak boýunça sport razrýadlarynyň bar bolmagam ahmal. «Tilim taparys, goçaklar, janyňyz sag bolsun. Täze ýylyňyzy gutlaýan!» diýip, ýalym-ýulum etdim. Men çilim çekmesem-de ýanymda saklaýan. Azarlan bir bendä ýekeje çilim berseň, saňa alkyş baryny okaýar. Ýaňky jahyllara çilimi paçkasy bilen berdim. Näme, başa gelenini sowsun diýen ýaly-da. Umuman, ýenjilmän aman-esen ertire çyksam, ýene alyp bilýän. Jahyllaryň biri sagat sorady. Goşarymdan çözäge-de: «me» diýdim-de eline beräýdim. Ýaşlar bilen öwrenişdim. Demimi dürsedim. Olara şeýle ýüzlendim. «Ýigitler, araňyzda ynsaplyraklaryňyz bardyr-da hernä?!» diýdim. «Barymyzam ynsaply, ýaşuly» diýip, biri jogap berdi. «Onda meni bu sowukda köçede ýeke taşlap gitmäň. «Tiz kömege» bir jaň edeweriň, ýygnasynlar» diýdim. jahyllar bu söze düşünmedilermi ýa bu sözi geň gördülermi, «Ýaşuly, siz keselhana barýaňyzmy?!» diýdiler. ― Ýok, men işden gelýän, öýüme barýan. Asyl siz meni urjak dälmisiňiz?! ― diýdim. Gülüşdiler. «Ýaşuly, şutnik ekeniňiz» diýdiler. Soň-a olar meň çilimimi, sagadymy özüme berdiler. Täze ýyl bilen birek-biregi gutladyk. Oňat arzuwlar etdik. Ertesi poliklinika bardym. Görsem biri nobat tutup otyr. Eli, aýagy saralgy. ― Sakgaldaş, näme boldy? Içdiňizmi ― diýdim. ― Aý, öten agşam garaňky köçede bir bandit ökjäme mündi ― diýdi. Soraşdyryp, anyklap görsem, bu bende meniň şol gorkup gaçan adamym bolsa nätjek, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladyk. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna, mähriban Serdarymyza saglyk, rowaçlyk arzuw etdik. Täze ýylyňyz gutly bolsun, «Adalatyň» gadyrdan okyjylary! 1.01.1998 ý. «Adalat» gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |