00:37 Başsyz aýalyñ jesedi | |
BAŞSYZ AÝALYÑ JESEDI
Zenan şahsyýetler
2009-njy ýylyñ 29-njy maýy. Edilen bir çykyş bütin dünýäniñ sosialistlerine ýiti täsir etdi! Berliniñ Charite hassahanasynyñ medikal-ýurisprudensiýa we ýurisprudensiýa institutynyñ direktory Dr. Michael Tsokos metbugata şu beýannamany berdi: Hassahananyñ podwalynda XX asyryñ başlarynda ýaşan şahsyýeti näbelli, başsyz, döwük oñurgaly, bir aýagy beýlekisinden kelte aýalyñ jesedi tapyldy. Aýtmagyna görä, bu jeset togsan ýyllyk ýalñyşlygy orta çykarmalydy. Nijeme ýyllap zyýarat edilen we "Friedrichsfelde" gonamçylygynda ýatan kişiniñ mazary sosialistik hereketiñ ýolbaşçysyna degişli däldi! Togsan ýyl öñ... 1919-njy ýylyñ ýanwar aýy... Roza Lýuksemburgyñ we Karl Libknehtiñ ýolbaşçylygunda spartakçylar hereketi (ady Rimdäki gullaryñ gozgalañyna serdarlyk eden Spartagyñ hormatyna) aýaga galdy. (Özem olaryñ arasynda Fazyl Saýyñ garry atasy Fazylyñam bolan türk talyplary-da bardy.) Berlinde gan sil bolup akan günlerinde Lýuksemburgdyr Libkneht tiz-tizden saklanýan ýerlerini üýtgedip gizlenip gezdiler... Olar 15-nji ýanwar gijesi dostlary Marcussohn maşgalasynyñ öýüne sygyndylar. Jaýdan kimdir biriniñ şugullamagy netijesinde (özem olaryñ başlaryna 100 müñ mark baýrak goýlupdy) atly poliseýler sagat 22:00-da gapyllykda öýi basdy. Öýdäkileriñ hemmesini tussag astyna aldy. Poliseýler Lýuksemburgy we Libknehti sorag etmek üçin Berliniñ haýwanat bagynyñ golaýynda karargäh hökmünde gurlan Eden Otel-e äkitdi. Ol ýerde ikisini-de wagşylarça ýenjildi. Kapitan Waldemer Pabst olaryñ ikisiniñem Moabit türmesine ýerleşdirmegi towakga etdi. Bu aslynda ýalandy: • BIR GÜLLE Polisiýanyñ binasynda agyr gynamalara uçran Lýuksemburg we Libkneht "Eden Otel"-iñ yzky gapysynda aýry-aýrylykda çykaryldy... Urulmadan ýaña öñem aýak üstünde zordan durýan Libknehti garañky ýere çekip, atyp öldürdiler... Lýuksemburg daşary çykarylanda, ýöremäge ýagdaýy ýokdy. Südenekledip awtoulaga mündürdiler. Ulagyñ yzky oturgyjyna ýatyrylanda, huşuny ýitirdi. Awtoulag ýöräp ugrady, az salymdanam leýtenant Kurt Wogel sapançasyny çykaryp, Lýuksemburgy atdy. Awtoulag Lihtenşteýn köprüsine ýetende Lýuksemburgyñ jesedi Landwehr kanalyna zyñyldy... Birnäçe sagat geçensoñ hökümet beýannama bilen çykyş etdi: - Libkneht gaçmaga synanşanda atyldy... - Lýuksemburg gahar-gazaba atlanan topar tarapyndan urlup öldürüldi we jesedi näbelli ýere äkidildi. Bäş aý geçenden soñ... buzlaryñ ereşip başlamagy bilen 1919-njy ýylyñ 31-nji martynda Landwehr kanalyndan bir jeset tapyldy. Hökümet Lýuksemburgyñ jesedi diýip çaklanýan meýdiñ gömülmegini isledi. Emma waka habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi. Kommunistik partiýanyñ lideri Paul Lewi Lýuksemburgyñ Friedrichsfelde gonamçylygynda ýatan Libkneht we Lýuksemburgyñ halaşýan ýigidi Leo Logiches ýaly ýigrimi dokuz egindeşiniñ ýanyna depin edilmegini gazandy. Şol gün... Lýuksemburgyñkydyr öýdülýän jeset 13-nji iýunda on müñlerçe kişiniñ gatnaşmagynda soñky ýoluna ugradyldy. Ýedi ýyldan soñ mazaryñ başyna memorial ýazgy dikildi... • ŞU GÜN ONUÑ DOGLAN GÜNI Guburdaky kişi dogrudanam Roza Lýuksemburgyñkymydy? Muny bilmegiñ-subut etmegiñ iñ gowy ýoly - DNK testidi. Emma... nasistler häkimiýete gelip-gelmänkä 1935-nji ýylda mazary açtp, gabyrdaky jeset galyndylaryny ýok edipdiler. Olar, hem kommunist, hem jöhit bolan biriniñ mazarynyñ bolmagynam islemeýärdiler. Medikal-ýurisprudensiýa we ýurisprudensiýa institutynyñ direktory Dr. Michael Tsokos we onuñ topary mazardan hiç zapyp bilmänsoñlar, Lýuksemburgyñ agzynyñ degen poçta ýarlyklarynyñ ýüzüni DNK barlagyndan gecirermen boldy. Emma, Lýuksemburgyñ ýarlyklary öl esgi bilen çygjardýandygy belli boldy. Şeýlelikde topar barlaglarynyñ ugruny onuñ bir garyndaşyny tapmaga gönükdirdi. Lýuksemburgyñ ýegenidigi aýdylýan 79 ýaşly inžener professor Irene Borde tapyldy. Oniñ Lýuksemburgyñ erkek dogany Josefiñ agtygydygy aýdylsa-da, bu entek anyk maglumat bolup bilenokdy... Şeýle-de bolsa... 1973-nji ýylda SSSR-den Ysraýyla göçen Borde tapylan täze jesediñ DNK-sy bilen deñeşdirmek üçin barlagdan geçirilmeli saçynyñ tarlaryny berdi. Mundan soñ barlaglardanam ses-seda çykmady... 2009-njy ýylda tapylan jeset polisiýa tabşyryldy we hossarsyz bendeleriñ gonamçylygyna jaýlanyldy. Ýagny, bütindünýä sosialistik hereketiniñ ýatdan çykmahak liderlerinden Lýuksemburgyñ dirisi-de, ölüsi-de öz gününe goýulmady! Doglandaky ady Rosaliýa Lýuksemburg... Şugun onuñ doglan güni... Ol 1871-nji ýylyñ 5-nji martynda Russiýanyñ Polşasy Lýublinde asly jöhit Hasidikleriñ maşgalasynda dünýä indi. Ol diñe Germaniýanyñ we Polşanyñ däl, bütindünýä rewolýusionerleriniñ hiç haçan undulmajak güýçli liderleriniñ biri bolup galdy. Doglan günüñ gutly bolsun, eý, ölümsiz Roza!.. Soner ÝALÇYN. 05.03.2021 ý. "SÖZCÜ" gazeti. | |
|