13:46 Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy | |
ON BÄŞINJI BAŞ
Romanlar
1. Gurt çölde, Garagulaga duşan gününden bir hepde soň daýysyndan ikinji haty aldy. Onda öňküleri ýaly pelsepe otarylýardy... «Ýegen jogap hatyňy aldym» - diýip daýysy söze başlaýardy. Päh, päh, päh ýazypsyň-ow! Kagyz gysgandyňmy ýa-da syýa? Ömrüňde birinji sapar daýyňa hat ýazanyňda bolmanda bir kagyzy doldurmaly ekeniň-dä! Ýok, ýegen, seniň bu boluşyň hamana bir ýedi ýada hat ýazýana meňzeýär. Hatyňy okap «Ýegen-ä dymmalardan, çekinjeňlerden bolaýmasa» diýdim, biziň tohumymyzda, erkek göbeklide beýle häsiýetli ýokdy. Sen bir ýerden-ä düşüpsiň. Suratyňa dogry, gaty begendim, edil göz öňüme getirişim ýaly ekeni. Çakym çykdy. Inime täzeden duşan ýaly bodum-da durup bilmän agladym. Sagja bol, ýegen, sagja bol. Edil suratyňa seretseň-ä sen alçakdan göwniaçyk bolmaly, bu häsiýetli adamlar dyma däl. Diýmek sen soň üýtgäpsiň. Daşky sebäplere görä üýtgäpsiň. Belki ýaşajyk döwrüň bir zatdan gaty gorkansyň? Eger bilmeýän bolsaň ejeňden sora. Sen gorkupsyň. Seniň gorky damaryňy tutdurmaly, ýegen. Bu ilkinji belligim. Hatyň daşyna köne markalary ýelmäpsiň, ol häzir aragatnaşykda ulanyşdan galanlygy üçin ýol kireýini tölemeli boldum. Gep bu ýerde tölän pulumda däl. Sen görýän welin «puly erbet görmeýän ýaly» , gysyklyk bar sende, maslahatymy alsaň, ýegen eliň açyk bolsun, eli açygyň ýoly açykdyr. Men durmuşda gysganç adamlara köp duşdum. Olar durmuşyň hözirini görmän diňe zadynyň garawuly bolup dünýeden ötýärler, gysymyňdan çykarman saklan baýlygy başga nesip edýär. Şeýle adamlary ilem halanok. Men bir zady anyk bilýän. Adamyň aňynda, nebsiňe haý diýmek, ejize kömek etmek, ýakynyňa mähir ýaly duýgular kemterlik etse bolýan däldir. Özüňi söýdürjek bolsaň öňürti özüň ili söýmeli. Ähli zat bir-birine baglanyşyklydyr. Hasapsyz zat ýokdur. Eger biri kime-de bolsa birine ýamanlyk etse, başga biri bolsa ýagşylyk etse, her kim ekenini çöpleýändir. Deňagramlylyk bozulýan ýerinde tebigat görküni ýaramaz ugra üýtgedip başlar. Ol bolsa ahyr-zamanyň ilkinji alamatlarydyr. Göwnüme bolmasa ylmy, düşünjesi kepelýän adamyň wyždany päklenmän, gaýtam tersine, okadygyça «kapyr» çykar bolup barýar. Men bu zatlary özümden tapamok. Köneler aýdypdyrlar. Ýöne menem oňa ýaşymyň soňunda düşündim. Ýaşkam arzuwyma ýetmek, özümi ile tanatmak üçin ýaramaz adamyň ornuny eýeledim, duýgularymyň täsinligini subut etjek bolup ahyrzamany golaýlaşdyrdym. Asyl soň görüp otursam meniň bu häsiýetlerim bir ýol bilen ýokarky kürsüde oturanlara ýetipdir. Muňa ýekeje mysal. Stalin özüni tanatjak bolup, ýurduň iň tanymal adamlaryny ýok etdirdi, ýöne ýaramaz adam boldy, duýgularynyň täsinligini subut etjek bolup, akyly sygmajak buýruklar bilen millionlarça adamlaryň başyna ahyrzaman inderdi. Durmuşyň kä pursatlarynda güýçden gaçyp özümi tapyp bilmän kösendim, ähli ýerde işim ugruna bolmady, ýöne, bu ornuň, Hudaýyň adyndan hereket eden, iň güýçli adamlaryňky bolanlygyny welin aňymda aýlamandyryn. Bular barada pikir etmändirin. Nädip men beýle ýalňyşy goýberdimkäm? Hudaýjan şaýatdyr. Men hiç mahal hiç zatda ikilik etmedim, ýamanlyk gözlemändim, diňe ýagşylyk gözläpdim. Ýok, men bir zatda ikilik edipdirin – olam diri galjak bolamda. Günämi boýnuma alýan, ölesim gelenokdy. Şeýle çydamsyz pursatlarda ýaşasym gelenokdy, ýöne ondanam beter ölesim gelenokdy. Diýmek mende batyrlyk kemterlik edipdir. Özüňi görkezmek üçin edilýän batyrlygy aýdamok. Durmuş, batyrlygy. Onsuz ýaşamak mümkin däl. Emma o batyrlyk ýa giç oýanýar, ýa-da hiç wagt. Mende ol indi oýandy diýsemem boljak. Häzirki döwürde hiç kimiň ony etmeli, muny etmeli diýip özüne höküm edesi gelenok. Sebäbi, geçmişde ony halys öwrenipdiris. Hatda ukyny hem höküm bilen almaga başlapdyrys. Hiç kimiň jogapkärçiligi boýnuna alasy gelenok. Şol sebäplem ediljek bolunýan gowy işler haýal ýöreýär. Biziň ýaşdakylar dogruçyllyga ýykgyn etdiler, häzirki atalar dogruçyl bolmalydyrlar. Ýegen, senem çagalaryňa dogruçyllygy öwretmelisiň. Şu döwürde sähel-mähel betbagtsyzlygam wagtlaýynça bizi toba getirýär. Ýakynda bir merhumyň ýerine görünmäge baranymda köp ýyllardan bäri görmedik dostuma duşdum. Ol maňa «Eýsem bizi duşurmak üçin bu neressäniň ölümi sebäp boldumyka? Biz ýöne dostlarça duşuşyp bilmezmidik?» diýip ýüzlendi. Men oňa jogap berip bilmedim. Adamlar birek-birekden doýan ýaly, myhmançylyk diýen zat galyp barýar. Göwnüme bolmasa adamkärçilik ýörelgelerden daşlaşylyp baýlyk toplamak diýen ýörelgä ýakynlaşylana meňzeýäris. Hawa, hut şeýle. Dogry men baýlyk toplamagy erbet görüp duramok. Ýöne ol halal bolsun. Şonda adam mertebesi hiç mahal peselmez. Käte «Baýlyk» sözüniň daşyna gönükdirilen ham-hyýallary häzirki döwürde ýetmezçilik edýän paýhas, adyllyk, mertebe, kämillik ýaly duýgulara gönükdirilse nähili gowy bolardy diýip pikirlenýärin. Türkmeniň täze baýlarynda ýokarky zatlar ýetmezçilik edýär. Olam düşnüklidir. Ýetmiş ýyllap «Baýlyk toplamak günä işdir» diýen şygary baýdak edinip biz durmuşda käbir ikiýüzli açgözleri terbiýeledik. Olar üçin, mertebe diýlen zadyň orny ýok. Wagt geler, kimiň-kimligi äşgär bor, halal gazanjyň höziriniň diýseň süýji bolýanlygyna adamlar düşünerler, şondan soň olaryň köňüllerinde rehim-şepagat peýda bolar. her bir gizlin zat, ir-u-giç aýan bolýandyr. Oňa dawa-da gerek däldir. Bir zat belli, Ýene 5-10 ýyldan, 100-ýyldan nesliň öňünde watandaşlaň öňünde eden işiňden ýüzüň utanmasyn. Eger biz şuny baýdak edinip ýaşasak onda jemgyýet tiz güllär. Ýeri bolýar, men bir sözümde syýasata goşulmam ýok diýipdim. Ýöne syýasadyň özi biziň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna aralaşansoň bir gürrüňe baş goşsaň oňa degmeli bolaýýar. Bir tanşym «O-how, şol-a är-heleýiň ýatýan ýorgan-düşegine-de aralaşdy, pikirmiz deň gelenok» diýip ýaňky aýaly bilen aýrylyşmak issledi, oňa «Ýorganyň aşagynda bile ýatyp üç çaga dogurdaňda pikiriň deň gelen bolsa indikiň näme» diýip part ýygnakdan kowupdyrlar. Men geçen gezekki hatymda nämeden başlapdym-a? Hawa, indi ýadyma düşjek bolýar, tebigatyň adam bilen adamyň tebigat bilen gatnaşyklary barada bolmaly. Men tebigatyň aň-düşünje bilen garyşmagy baradaky ylmy ösdürmekçi boldum. Soň bu ikisiniň üstüne ýene-de köp sanly meseleleri goşup başladym welin, meniň guran telärim, ýykyldy duruberdi. Meniň aň-düşünjäm, pikirlerim üçin nusga boldy, alar ýaly zat galmady. Maňa «geçmiş nusga däl, geljek nusga däl, ene-ata nusga däl, çaga-nusga däl» boldy. Çaga mende bolmady, enem-atam ir öldi. Ine, şeýle ýaramaz häsiýetlerim onuň ýetmezlikleri gowşak taraplary bilen ýaşap ýörün, olarsyz bir ädimem ädemok. Biz häzir aýgytly bir synagyň öňünde durus. Biz bolmalymy ýa-da ýok. Men muny dünýä derejesine göz gezdirip aýdýaryn. Asmanda azon deşigi giňelip gidip barýar, Demirgazyk buzly ummanyň buzlary soňky ýyllarda eräp gidip otyr. Eger şu gidişine dowam etse, onda ýakyn on ýyllaryň dowamynda dünýä ummanynyň suwy azyndan 3-4 metr ýokary galar, netijede kenar ýaka ýurtlaryň köpüsi suw astynda galar. Eýsem munuň özi ol döwletler üçin ahyrzaman dälmi? Käbirimiziň ol zatlaryň türkmen döwletine edip biljek täsiri ýok diýmegimiz mümkin, ýöne dünýä halklary ejir çekenlerinde biziň oňa dyhylymyz ýok diýip bolmaz ahyryn. Mende şeýle bir galagoply duýgy bar, mekdep ýyllarym sapagymy tabşyrjak bolanymda gabat gelipdi, bilmedim oňa gorky diýjekmi, çekinmeklik diýjekmi, garaz, şol duýgy häzirem ýok bolup aýrylyp gidenok. Men ony saňa nädip düşündirjegimi bilemok, ýegen. Barylýan ugur öňem aýtdym, dogry ýegen sen, «Daýym ähli zada burnuny sokup bolgusyz zatlar üçin kellesini agyrdýar, şeýdibem öz ömrüni kertýär» diýmegiň mümkin. Ömrüm kertileni bilen men ölüp gidenimde-de hiç kime azar bererin öýdemok. Ähli zadyň puluny taýynlap goýdum, kyrkyma çenli özüm üçin okaljak aýatlarda bişiriljek tagamlaryň bahasyny, hyzmaty üçin, molla beriljek aklygy, gölegçileriň hyzmatyna tölenjek haklary hat-da özüm üçin ediljek sadakaň çykdajylaryna çenli jemläp bir adama berip goýdum. Häzir bolsa hojalyk üçin gerek bolýan kiçijik hyzmatlarymy hem diňe özüm ýerine ýetirýän. Ýöne hojalykda olar ýaly iş galdymy diýsene. Men çyra üçin, suw üçin jaýym üçin, gaz üçin, telefon üçin tölenmeli töleglerden azat ahyryn. Hudaýa şükür, olary maňa, halkyma peşgeş berdiler. Diýmek menä ol aladalardan azat adam. Onsoň meniň ölümim hiç kimi alada, azara goýmajak salykatly ölüm bolaýýar. Ýegen, men ähli zatda-da şu salyhatlylygy gowy görýärin. Men ömrümde azat gezip gördüm, bendelikde oturyp gördüm, biriniň elinde gulluk edip gördüm, oturyp gelen adyna eýe boldum, bolşewigiň iň soňky garry agzasy adyny aldym, urşujy hem boldum, gahryman hem boldum, asyl bolmadyk zadym ýok. Şonda-da men atdaşymdan 35 ýyl köp ýaşadym. Sebäbi ýaşamalymy ýa-da ýaşamaly dälmi diýen soragyň tapawudyny menden gowy saýgaryp bilen adam bolmady. Maňa her-hili delil subutnama getirselerem bu tapawut beýleki adamlar üçin bolmalysyndan tersine çüwdi. Meniň bu delillerimi, oýlanmalarym, ölüler aňry ýany bilen düşündirip bilerdiler, özem has düşnükli dilde aýdardylar, ýöne, arman direlip bilenokdylar. Ýogsam olaryň köp bölegi biz ýaly ýek-tük galan adamlara garanyňda diýseň akylly, parasatly, hoşniýetli, hoşgylawly boldular ahyryn. Gowular gitdiler, ýaramazlar galdylar, Hudaýa ahyrzaman bolmazlygy üçin şolar gerek ekeni. Gowular seslerini çykaryp bilenoklar, men bolsa henize çenli dek ýatamok, dek ýatamok – sebäbi demim gelip gidýär.. Ýegen, men saňa şu hatymyň üsti bilen bir zady haýyş etjek. Men ony başgada birine tabşyrdym, saňa-da aýdyp goýaýyn, bilip bolmaz adamçylykdyr, birden jaýlanmankam ýetişseň, iň soňky haýyşymy ýerine ýetir. Aýalymyň gapdalynda ýer bardyr, şonda meni jaýla. Diri wagtym görgülä peýan bermedik bolsamam, ölenimden soň bir gabrymyzyň diwary birleşsin. Özüm başarmasamam, ruhum diwary sypalap aýalymyň ruhuny razy etsin. Ömrümdäki ýeke-täk söýgülimiň men sebäpli çaga ýüzi düşmedik mähribanymyň gapdalynda ýatyp bilsem, maňa şondan uly peşgeş ýok diýip hasap edýän. Ýegen, eger ýetişseň meniň bu haýyşymyň berjaý edilmegine göz-gulak bol. Häzirlikçe hatymy tamamlaýaryn. Soňky hatlaryň döremegi üçin, Alla maňa güýç-kuwwat bersin. Ejeňe salam aýt, ony ynjytma. Daýyň. Aşgabat, 12.09.1999 ýyl. 2. Çary Täzegül bilen bolan şol gijeki duşuşygyň ertesi göz başyny Garagum derýasyndan alyp gaýtjak suw geçirijiniň geçmeli ugruny Daşoguzly gurluşykçylara tabşyrmalydy, uzynlygy 38 kilometr bolan geçiriji aňňat çäge depeleriniň içi bilen aýlaw berip Bäşgyzyl gaz ýygnaýjy desgasyna gelmelidi. Çary ýanyna daşoguzly iş alyp baryjy, ýüzi gülüp duran sypaýy ýigit Amangeldini alyp ir bilen Garagum derýasynyň boýuna geldi. Şol ýerdenem suw geçirijiniň yzyny yzarlap gaýtdy, Çary belgi görkezýärdi, Amangeldi bolsa gury ojardyr, sazak dikip çelgi goýýardy. Soň şol çelgiler boýunça ýer tekizleýji tehnikalar işlemelidi, ýol ugruna taşlanan suw tokurtgalaryny kebşirlemäge başlamalydy. Olaryň günorta nahary Mämmet agaň gaýnadyp berýän çaýy, bir döwüm çöregi boldy, agşam düşende 15 kilometrlikdäki tirsekde ýerleşýän göçme obajyga geldiler. Bu ýerde nähili hem bolsa çüýşeli çyra, tigirli öý, gara öý, azyk, beýleki zatlar ýeterlikdi. Mommat aga baran ýerinde ýykylan ojak, tamdyr bolsa dikeldýärdi, oglanlaryň pyçaklaryny ýygnap çalýardy, iň bärkisi Çaryň mata ädiginiň aşagyny ussatlarça çüýlemäni başarýardy. Ol bu zatlaryň baryny, maşynyna gözegçilik edeninden soň ýerine ýetirýärdi, soňam oglanlara «Kim peläket, ýel sazaklary ýygyp getirdi?» diýip sögünýärdi. Mämmet keliň synçy nazary Çaryň köňlünde gopýan tüweleýi saýgarmagy başardy. Soňky iki gün Çary asla geplemedi diýen ýaly, içini hümledip ýör, ozal öýe gidip gelmeli diýip agzyndan düşürenokdy, indi öýüni ýatlanok, kimedir birine gahar edýärdi. Aý, hawa-da sygry haram ölse, baggoýunlary pyçaga gelse, bularyň üstesine-de şu gün daň bilen gahary bokurdagyna gelen Kaka Rejebiň demine düşse, onsoň hunaba çekmezmi?. Ýok, Mämmet kel bilýär, Çary uşak zatlar üçin keýpini gaçyrjak ýigit däl, Kaka Rejep sögüp durandyr, olam «bolýa» diýip yzyna öwrülerde ýylgyrar. Ýok, bu ýerde başga bir sebäp bar. Eýsem näme?... Ýogsa-da Mämmediň özi dälmidi gyzyň ýanyna baranyňda söýgiňi bildir diýen! Dogry, dogry! Ine, sebäp nirede? Çaryny birahat edýän sebäp indii düşnükli. Hudaýa şükür, Mämmet keliň gözi henizem ýiti, ýigidiň hasratyny daş ýany bilen bilip otyr. Täzegül ýaly görmegeý, asylly, päkize, mylaýym gyz hemmä gerek, elli ýylyny aýyrsa olam Çarydan enaýy bolmazdy. Täzegül men-men diýen ýigitleriň haýratyna mynasyp maşgala. Agşamlyk iýilip-içilenden soň Çary kakasynyň ýanyna gitmekçi boldy. Mämmet aga onuň raýyny ýykyp durmady, olam gaýtam sygyr ýataga baryp Baýram aga bilen gümür-ýamyr eder, bir käse gyzgyn süýt içer, göwnüni açar. Maşyn ugran badyna Çary şol gijeki wakany göz öňüne getirdi. Eýsem-de gyzyň şarpygyna duçar bolman gaýtmagy onuň üçin bagt dälmi? Gyzyň urdugy Hudaýyň berdi diýýärler. Ol şarpykdan gorkanok, kükregiňden demiň gelip-gitmegi gyzyň adyny gaýtalap dursa nämeden gorksun. Demi «Tä-ze-gül» diýip kükregine girýär, «Tä-ze-gül» diýibem çykýar. Ol häzir gyza duşuşyny göz öňüne getirýär, edil düýş ýaly, al ýaňakdan öpdi. Bularyň bary göz açyp ýumasy salymda bolup geçdi, ýöne, şolam onuň üçin eletmez bagtdy, indem tä ömri ötýänçä şol pursady ýatlap kalbyny begendirip biljekdi. Ol köp garaşman Täzegüle ýetjegine ynanýar. «Masgara etme» diýende göwünjeň gulak asdy, sebäbi öz maşgalasyny özi goramalydy, işlände huşunda, gije düýşünde keşbi göz öňünde dur. Olam Çaryny görenden nar ýaly gyzaryp, özüni nirä urjagyny bilenok, köýneginiň göwsüň üstündäki keşdesi misli bir bägül bilen bäsleşýär, desse güli ýatladýar. Neneň onsoň bu gözellige guwanmajak. Mämmet aga oňa «Keýpiň ýok, gepläňok» diýýär, geplese ol eziz duýgularyndan daşlaşmaly bolýar. Nähili kynçylyga döz gelmeli bolsa ol taýýar. Kim näme diýse şony diýsin, «Täzegül Gurduň yzy bilen işe gelenmişin» diýip ýürek bulaýanlar goý, bilsinler, onuň öz gepi, öz gulagy, öz isleg-arzuwy bar, aga gara diýmäge hiç kimiň wyždany çatmaz... «Onsoňam ol Täzegüli söýýär, ýürekden, çyn ýürekden söýýär... Şu pikirlere gaplanan Çary irkildi. Düýşünde ol Täzegül Kaka Rejep dagy Aýa uçýarmyka diýýär. Niredendir bir ýerden olara Gurt hem goşuldy... Uçaryň aýnasyndan seredeniňde Ýer ynha, eliňi uzadaňda degjek, özem Aýdan sähelçejik ulurak. Ýöne garaňkyrak, ortasa agymtyl mermerden gök reňke geçýär, gyralary meleje, goňur gök bilen gatyşýar, bu owadanlygy dil bilen düşündirerden agyr. Aý bilen-ä deňär ýaly däl, welin ol gözelligi näme bilen deňeşdirjegiňi biler ýaly däl, hawa, ol Toty guşyň ganatlaryny ýazandaky görnüşine çalym edýär. Ýöne ondanam gözel. Ýer bu gün uçaryň barýan ugruna göni bolup, ýarym tegelek görnüşde (Ýarym aý diýip boljak däldi) görünýär, uçaryň aşagyndan has ýagty, kümüş reňke beslenip geçip barýar. Näme üçin geçip barýar? Aý bir gije-gündiz ýeriň daşyna aýlanyp çykýar, uçar bolsa ony sagat ýarymda ýerine ýetirýär, ine, onsoň uçar Aýyň gabadyndan uly tizlik bilen barýan maşyn ýaly wazlap geçýär, häzir aý günüň kölege tarapynda ýerleşýänligi üçin gaýalardan töwerege ýaýraýan yzlar çala ýagtylyk kül reňki ýadyňa salýar, mämişi reňkiň goýalýan ýerleri ýanardaglaryň /wulkan/ agzy, giden çöllügi, uly daş böleklerini, çukurlary, gurap giden derýalaryň hanalaryny ýadyňa salýan bu görnüş urşuň netijesinde ýykylan, ýumrulan ýurda çalymdaşdy. - Toba, nähili aýylganç har-hamyrlyk. Aýdaky ýowuz çöllük. Garagum onuň ýanynda bir peri – diýip, uçaryň başynda oturan Täzegül seslendi. - Ol ýürekde gorky döredýär – aýnadan gözüni aýyrman duran Gurt jogap berdi. Çary sesini çykarmady, ýüzi aladaly, maňlaýy çygjaran. «Häzir «Bürgüt» «Toty guşa» buýruk berer, onsoň köp gezek synagdan geçen pursat geler» diýip ol pikirlendi. Bürgüt olaryň oturan, uçardan bölünip aýrylan Aýa gonmaly otagyň ady, uçaryň ady Toty guş. Adamyň aňyndan, kompýuterleriň ussatlygyndan dörän gudratly guş, berilen buýrugy ýerine ýetirýär. Ýogsam buýruk berýän nokatlar Bürgüdiň Toty guşuň içinde Bürgüt bilen ýere gonmalydy, ýok, ýok, ýere däl Aýa gonmalydy. Bürgüt Aýa golaýlap barýar, görkeziji oňa ýetmäge ýarym sagat galdy diýip görkezýär. Otuz minut geçende Toty bilen aragatnaşyk kesildi. Garaşylmadyk ýagdaý, tüýs gerek wagty kompýuterler işlemegini bes etdi... Çary aýylganç bir hadysanyň bolup geçenini aňdy. Aýa ýetmäge on kilometr galypdy... Ýedi... Bäş... Üç... Aýyň ýüzündäki garalyp görünýän guýylaryň sany artdy, gara deşikler ulalyp Bürgüdi ýuwdup barýana çalym edýär... «Sekiz ýüz metr... Dört ýüz metr... Iki ýüz... ýüz...» Gurt kompýuter ýaly sanlary gaýtalady hem-de «Bir zat ediň ahyryn, biz häzir heläk bolýas» diýip gygyrdy... Kompýuter Bürgüdi tekiz ýere däl-de ululygy at gaýtarym, içi daşlardan doly çuň guýyň içine gondurýar... eger Bürgüt agdarylyp gitse nähili bolar? Pikir etmäge birnäçe sekunt wagt bar. Synag uçarlarda şeýle ýagdaýa köp gabat gelen Çary el bilen dolandyryjyny işledip, Bürgüdi guýyň gyrasyndaky tekizlige gondurdy... Bürgüdiň badyna galan tozan aýnaň ýüzüni ýapdy, hiç zat görünmedi... Her halda bolsa Bürgüt aýak üstünde tekiz ýok, tekiz toprakda-dy. Birden ýagtylyk görünip gitdi, ýene göründi, ýene... Bürgüt aýaklaryny ýaýradyp Aýyň üstüne gondy. Olar Aýyň üstündediler... Çary bokurdagy dolup, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy, Gurdam şeýle ýagdaýa düşdi, Täzegül welin hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyryp «Toty... Men Bürgüt... Aýa gonduk... Biz Aýa gonduk» diýip Uçarda galan Kaka Rejebe maglumat berdi. Ol bolsa «Näme üçin bular wagtynda berilmedi» diýip haýbat atýar, edil ýerdäki ýaly haýbat atýardy. Olar birek-biregiň ýüzlerine seredişip dälirän ýaly, kimedir birine garaşýan ýalydylar... Tot-tozan ýatýança oturmasalar boljagam däldi... Birneme açylyşyp ugrandan Çary merdiwany aşak goýberip iň soňky basgançaga çenli, ýere çenli, ýok, wah, şeýtan uran Aýa çenli bir ädim galypdy... Aýa çenli bir ädim. Şol welin gorkunçdy. Birden küpürseýän topraga siňip gitseň nätjek?... Çary endamyna iňňe sanjylan ýaly duýgy bilen Aýa aýagyny basdy... Aý ony saklady, üsti tot-tozana gömülen ýer ýalydy... Gün diýseň ýagtydy, on dördi gijäniň aýyndanam ýagtydy, ýogsam Aýyň aňyrsynda gizlenipdi... Onuň ýiti şöhlesinden gök asman bildirmeýärdi, öz kölegäň diýseň garaňkydy, üýtgäp durdy... Çary Gurt bilen Bürgüdiň töwereginde kesik-kesik yz galdyryp gezmeledi. Pikirler kellä syganok. Aýda gezim edýä. Aýda gezýä. Ýa ýerdemi? Ýok, Aýda!. Bu bir ertekilerdäki ýaly jadyly mekan bolup aňyň üýtgän görnüşidi... aýda gezýärler, üsti edil ýer ýaly toprak ýa-da olar ýere, bir çöllük mekana gonaýdymykalar? Onda kelläň üstünde ýylpyldaýan diýseň owadan şar näme? Ýok, ol Aý däl, Ýerdi. Olar Aýyň üstündediler... Aýaklar kirşenli tozana çümýär, dabanyň astynda gaty, buz ýaly taýpançak toprak... Daşlar ýeňiljek, eliňdäki tutawaç bilen isläniňi halta salyp durmaly... Şeýdip iki sagat geçdi... Iki sagat Aýyň üstünde... Çary daşyndan uçara meňzemeýän bir tokga şara – Bürgüde seretdi. Ol gozganyp bir bilermikä? Ýa-da, Çary, Täzegül, Gurt üçüsiniň guburyna öwreläýermikä? Aýda müdimilik galar ýaly... Olaryň dem alýan howasy ýene iki gije-gündüze ýetjek. Onsoň näme?... Bulaşyk pikirler ýok bolsun! Şeýtan uran pikirleriň Bürgüde, galan Täzegüle ýetmeýänligem. Bürgüdiň pikirlenip bilmeýänligem gowy... Rahatlanmak gerek!... Hemme zato zal barlandy, müň gezek gaýtalandy. Onsoňam depelerinde aýlanyp ýören Toty guş bar, onda Kaka Rejep. Dogry, ol Bürgütsiz Ýere gaýdyp baryp bilýär, ýöne Bürgüt ýere ýetmek üçin toty guşa birleşmelidi. Ýüz müňlerçe kilometrlik aralyga kosmosyň gara deşigine uçup Aýa gonmak nämä gerek boldy? Ony Täzegül issledi. Täzegüliň islegi Çary üçin kanun. Aýa uçaly diýse aýa uçýar, ýere uçaly diýse ýere uçýar, ýöne Garaçomak ýaly bolup olaryň arasyna Gurt nireden düşüp ýör diýsene... Gurduň uçara münenini asmana galanlaryndan soň görüp galdy. Ýogsam onuň dabanyny bir basdyrjakmydy. Ah, wagt nähili haýal geçýär... Şar ýaly Bürgüt gara asmanyň içinde gök güberçekläp görünýän Ýer, ýok Ene Ýer... Owadan Enee ýer... Ýaşaýyşsyz, howasyz, tükeniksiz garaňkylygyň dünýäsi bolan Aý. Ol üstünde durkaň hiç kime gerek däl. Ol diňe Enee ýerimiziň täsin owadanlygyny bilmek üçin adamzada gerek bolýan ýaly. Ene Ýer gözellik toplumynyň täsinligi beýik akylyň döreden ajaýyp bir zady bolup görünýär. Ýaşaýşyň öz-özünden döremek ylmyna ynanasyň gelenokdy, şeýle mähriban, şeýle sypaýy, şeýle eziz, şeýle ýakyn görünýän Ene ýer, adamlar üçin Allatagalanyň döreden uçmasy. Bu sözüň manysyna Aýyň üstünden ýere seredeniňde düşüner ekeniň... Uçma... Dagy, düzi, tokaýlygy, buzlugy, ummany, çöli, ösümlik, haýwanat dünýäni durşuna uçma. Täsinlik we bagt. Arassa howadan geregiňçe dem almak, arassa suwdan içmek, ýüzmek, arassa tokaýda gezmek uçma. Umuman Ýerde ýaşamak uçma. Ýaşaýyş üçin, adamzat nesli üçin Ýerden ýaramly ýer ýokdur. Şoň üçinem oňa Ene ýer diýýärler... Ýeriň ýokarsynda dem almak mümkin däl, ýer togalagynyň daşky gatlagy bary-ýogy 5-7 kilometr... Çary «Uçup bilermikäň» diýýän ýaly Bürgüdi Gurda görkezdi. Gurt gözüni mölerdip «Aýagym ýere düşse bolýar, dollaram, pulam owarram etjek ähli ýygnanlarymam ýeriň gözelligi, howasy üçin saadak etjek» diýdi, elindäki sagadyň dili böküp dur... Bürgüde dolanyp geldiler, wagt boldy, ýangyç azaldy, has dogrusy goşmaça edilen hereket zerarly ýangyç azalypdy, nokady basandan soň iki-üç minuda ýetjek... Gurt gorkanlygyndanmy, nämemi gelşine Täzegüli gujaklady, Täzegül bolsa turup Çaryny gujaklady... Çary «Gurduň bu herekedi üçin Bürgüdiň aýaklaryny boşadýan kilti sypdyr» diýip ony düşürdi-de, gapyny içinden ýapdy. Şol bada hem «uçmaly» diýlen nokady basdy. - Uçýasmy? - Hawa, uçýas... uçýas... Biz uçýas... Biz uçýas – diýip, Täzegül Çaryny gujaklap gülýärdi hem aglaýardy. Gurt tozana garylyp gözden ýitdi... has dogru-sy aýda galdy. Bürgüt, uçaryň böwrüne baryp ýelmeşdi, geçelge, tokurtga açyldy. Täzegül Uçara geçdi, soň Çaryň elinden çekip aldy. Çary begenjinden tas däliräpdi... Şu ýerde Kaka Rejep olara nika gyýdy... Toýuňyzy ýere baryp ederis diýdi... Ikisi hem gujaklaşyp aglaşýardylar... Toty ýere tarap uçup barýardy, onuň nähili bagtdygyny diňe aýa uçýanlar bilýärdiler. Birdenem, Gurdy taşlap gaýdany üçin Çary hopugyp oýandy... - Jalaý... Jalaý..., irkildiňmi? Hany, tur, geldik – diýip, Mämmet aga maşyndan düşdi. Sygyrlar kölüň gyrasyndaky oýtumda gäwmiş berip ýatyrdylar, kiçeňräjik depäň üstünde gurnalan kepbäň günorta ganatynda Baýram aga bilen Kertik aga çaý içip otyrdylar, gyzlar kepbäň beýleki otagynda iş tikýärdiler. Maşynyň sesine Baýram aga gelip gadyrly salamlaşdy-da – Bu sizmidiňiz? Kertik aga «gelenleň içinde bir eli çonak bar bolsa ýanyma getirme» diýip ýalbarýar... Hany ýörüň, bir käse çaý içeliň, garbanalyň – diýip olaryň öňüne düşüp kepbä alyp gaýtdy. Düýpde çugutdyryp ýatan Kertik aga gelenleriň salamyny göwünli-göwünsiz aldy. Çary Şiriniň kakasy Kertik agany gowy tanaýardy. Ol segsene ser uranam bolsa işden galmajak bolup goşa garawulçylyk edýärdi. Eli çonak adamdan gorkmagynyň düýpli sebäbi bardy. Bir gezek sygyrlary hepdelik örä alyp gidenlerinde onuň goşuna ogry aralaşypdy. Ol eňkamy giden garrynyň ýeke özüdigini gowy bilip gelen bolmaga çemeli. Günüň günorta çagy ýatyp dynç alýanam bolsa, Kertik aga şol gün ýatmandy, şakyrdyny eşidip eli ýaragly çykypdyr, görse, bir adam sagymçy gyzlaryň gowy köýneklerini, ýüň ýaglyklaryny göterip barýa diýýä. Garra gözi düşen ogry gaçmaga başlaýar. Kertik aga näçe dur diýsede bolmansoň, ogryň gaçan ugruna garaniliniň mäşesini gysyp goýberýär. Şol wagt aňyrdan ýetip gelýän gaz gurluşykçylar elinden ýaralanan ogryny tutup ýerli polisiýa bölümine tabşyrýarlar. Asyl ol gizlenip ýörlen ady belli kellekeser bolsa nätjek. Atylan ok onuň sag eliniň çykan ýerine kül-uşak edipdir... - Onuň alan zatlarynyň bahasy müň manada ýetmändir. Adamyň eli müň manatdan gymmatdyr. Men bolsa... Günä mende. Atmadyk bolsam belki, halal zähmedi bilen çagalaryny eklärdi – diýip, Kertik aga öz ugruna samrady. Şu günküsini tapsa, ertirkisini gaýgy etmeýän Baýram aga egsilmez baýlygyny ýeke gyzyna dözmeýän Kertik aga nebsi agyrýardy. Baýram aga ýatakda rahat ýatyp iýende arkaýyn iýýärdi, gulluk borjy zerarly kalbyna bitmejek ýara salan Kertik aga bolsa «Menem seň janyňy alaryn» diýen çonak zerarly ýaşynyň soňunda rahadyny ýitirip ejir çekýärdi. Bir kepbede iki adam – iki dünýe bardy. Baýram aga çaý gaýnadyp bir okara gyzgyn süýdi saçagy orta taşlady. Çary dok diýip hiç zat iýmedi. Mämmet aga süýt bilen çörek iýdi. Töwirden soň özara gürrüňe başlandy. - Ogul, geleniň gowy boldy. Ejeň bilen gudaçylyga çykjak bolup ýördük – diýip, Baýram aga söze başlady. – saňa indi çak boldy. Şu ýerdi Kertik agaň gyzy Şirin bilen işleýän bir sagymçy gyz bar. El-aýakly maşgala. Şoňa seň üçin söz aýtmaga baraýsak diýýäs. Kertik agaň gyzy gowy weli ol-a göwnänok. Galanynam näme özüň geldiň. Maslahat edeli. Çary bu gürrüňiň öňde-soňda boljagyny bilýärdi. Hawa, ol Şiriniň jorasy Enejany gowy tanaýardy. Enejan Şiriniň üsti bilen ençeme gezek Çara hat ýazypdy. Ýekejesinden jogap almandy. Asyl ol Çary diýip ölüp barýardy, gije-gündiz dilinden düşürenokdy. Öz ýanyndan arzuw-hyýala beslenip, Çary onuň söýgüsine söýgi bilen jogap berer diýen ukyda atlanyp gezip ýördi. Hawa, ol men sensiz oňup bilemok diýip, haçanam bolsa bir wagt aýdyljak söze garaşýardy, ýöne ol günlerem näme üçindir geliberenokdy. Onsoň Enejan jorasy Şiriniň üsti bilen Baýram aga «Şo gyzyň siziň ogluňyzda hyýaly bar» diýen sözi ýetirmegi başarypdy. Baýram aga häzir, oglunyň ünsüni şoňa çekipdi, ýöne ogly sesini çykarmaýardy. - Ol gyz gelin bolup gelse öý gelşige geläýjek – diýip, Baýram aga sözüni dowam etdi. Şeýle bir işeňňir, şeýle bir işeňňir. Bu ýerde käte iki-üç adamyň sagmaly sygryny ýeke özi sagyp ýör. Sowugy, yssynam bilenok. Adamçylygam gyzyl ýaly... Çary Enejana geregem bolsa Enejan Çara gerek däldi. Enejan gowy at, onuň üçin boş sözdi. Goý, ol başyndan aýaga mahmala bürensin kümüşdir-gyzyl şaýa bezensin – onuň üçin barybir. Iki ýyl bäri tanaýan hem bolsa şular ýaly wagtda ýadyna düşäýmese asla ýadyna düşmese nätsin. Gör-ä, bu bolýan zatlary. Enejan Çary diýip ölüp ýatyr, Çary başga gyzyň yşgynda. Enejan göze-başa düşse-de, ejizläp göz ýaşyny dökse-de, hat-da başyndan aýagyna çenli ýaşyna ezilse-de Çary ondan daşda, aglasyn, gülsün parhy ýok. - Ogul, haýyr işi erte goýmaly däl – diýip, Baýram aga Çaryň dymyp oturşyna özüňe düşünip söze başlady. – Ejeňem, özüň bilýäň, ýarawsyz, «Çaltrak ogluňy gözli-başly et, maňa kömekçi gerek» diýip goýanok. - Baýram haýyr işe başlapsyňyz, oň bolsun – diýip, Mämmet kel süýtli okarany boşadyp öňe süýşürdi. – Ýöne... Häzirki döwrüň ýaşlary birhili özbaşdaklygy gowy görýärler. Biziň döwrümizde bu zatlara maslahat salynman edilibererdi. Şonda-da edenlerine ýok diýmezdik. Tüweleme, ogluň akylly başly, käte bir azajyk içýä diýäýmeseň. Ol muňa düşünýändir. Goý, olam pikirini aýtsyn. Çary bol aýt. - Pikirimi aýtsam, kaka, şeýle – diýip, Çary ýere düşelen maşyn keçäň ýüzüni sypalady. – Men biraz göwnüme geňeşip göreýin. Onsoň kime barmalydygyny aýdaryn. - Onyň näçe wagta çeker? Bir gün, on gün, bir aýmy? Meň garaşmaga wagtym ýok, oglum! - Kaka, bir hepde garaş. - Bolýa, ogul – diýip, Baýram aga Kertik aga bir käse çaý uzatdy. - Al, çaý iç, Kertik. - Näme diýýäň? Hä-ä, çaýmy? Baýram, maňa çaý diýme. Çekize halta döndüm, indi. Aýak ýoluna gidip gelmek hillalla. - Kertik aga, niräň agyrýar? - Wah, jan inim Mämmet sen indi menden niräň agyrmaýar diýip sorasana... - Garagum çöli şeýle bir bereketli ýer, halal guşlary diýjekmi çürçüri, togdary, bedene diýjekmi, tagamly eti, derma noty diýjekmi. Özümizde hemme agyryň dermanlyk oty bar welin, biz bir goýun sypat adamlarda, geleňsizlik edýäs. - Wah, şol geleňsizlik gursynla. - Kertik aga, hemişe görünmän, görünmän bir adam görünäýse, «Bu Kim aýt?» diýip sorardyk, «Aý, ol Amyderýaň suwuny içen bilgiç» diýip jogap bererdiler. Emma indi ählimiz şol derýaň suwunyň gyrasynda otyrys welin, aňymyz artyberenok – diýip, Mämmet aga ýassygy tirsekledi. - Rysk diýen zat bar. Eger perişdeler rysk berke, şol adamyň bütin ömrüne ýetermiş. Indi, enşalla ryskymyz oýanyp başlasa gerek. – Baýram aga sözüne dyngy berdi-de, daşaryk diň saldy. Gyzlar suw alyp süýt guýulýan gaplary ýuwýan bolmaga çemeli. - Ýöne ryskyň oýanmagy üçin köp zähmet çekmeli. Häzir, umuman iliň ýagdaýy ýaman däl, ýöne işle diýip işledilen il öz islegi boýunça işläp, bolluk döretmelidigine düşünenok, onsoň, müň goýnuň içinde on sanysyny suwa ýakyp, beýlekilerem suw içmese, ýagdaýymyz häzir şu kysmy boldy. Muňa-da şükür etmeli. Gazymyz, çyramyz, duzumyz, suwumyz mugt. Derläp öz islegim boýunça zähmet çekmäni öwrensek hasam gowy ýaşarys. Goňşym ýer depende arkasyna daňan gury kesegi derden ýaňa laý boýunça işleýär. Owganda bolanymda bir owurt, suw tapman çöp çalamy çeýnedim, sazagyň suwy talhy ekeni, syzaň suwy içime ýarady, agzyňa ýylmanak gelýär, halys onam tapmasaň agzyňa bir bölek daş atyp suwsuz oňup bolýar ekeni. Owgan diýýä, Amryka diýýä, dünýäde gowga bary bar-da, garaz. - Kakam pahyr aýdardy. – Mämmet kel kellesini gaşady. – Ýurtda agzalalyk höküm sürse ilki üç bela, ýowuzlyk, açlyk, tebigat belalary gelermişin, şonda hem adamlar düşünmese, onda Allatagala müň bela iberermişin, şonda dünýäde heläkçiliginiň ilkinji tolgunlary başlarmyş, soň erbet ýer titremeler, ýangynlar, suw joşmalary dörärmiş, bu weýrançylyklar belli bir derejä ýetenden soň gaýtadan dikeldiş başlanyp ýuwaş-ýuwaşdan adamkärçiligiň ilkinji kadalary döräp ugrarmyş – diýerdi. Bilmedim, beýle zatlar öň bolupmy, ýene-de boljakmy ýöne, men-ä indi özüme abraýly ölüm diläp ugradym. - Mämmet, muny diýme, sen uzak ýaşarsyň – diýip, Baýram aga jogap berdi. – Adama ýagşylyk edýäniň ýaşy uzak bor, sebäbi köpüň dilegi köl bolýar. - Bilmedim-dä, obamyzda «Häýt, düýnem gezip ýördi, gijä galaýypdyryn» diýip gözüni süpürip ýören adamlar köpeldi. - Mämmet, sen okamadyk bolsaň «Rownogy» okap gör. Adamyň ahyrýetden azajyk gorkusy bar bolsa, şondaky namazy okabermelidir. Ahyrýetiň boljagyny bilip, ony gaýgy etmeýän adam Allaň öňünde günäsizdir... Alla bardyr. Berenine kanagat Edip gezibermelidir. Onsoňam men ynanýan 1932-1938-nji ýyllarda gaýmagyny iýdiren. Watançylyk urşunda süýdüni içiren, 1948-nji ýylyň ýer titremesinde gazanyny döwdüren türkmen, indi bagtly durmuşda ýaşar. Biz oňa hakly, bolduk. Türkmen gawun kimin güllär, türşek kimin döllär – diýipdirler. Biribarym bize on ogul bersin, döwleti daşdyryp kän ogul bersin. Çarym saňada aýtjak zadym içgi-piçgiňi goýda, toba gel. Könelerimiziň aýtmadyk zady ýok, ýigitlikden toba kylsaň garraýançaň gönügersiň, garrylykda toba kylsaň gönügýänçäň gömülersiň. Şuny berk belle. - Baýram, Kertik akga, duz-çörek nesibämiz çekdi, geldik, sag boluň – diýip, Mämmet aga turmakçy boldy. – Biz indi gaýdaly. Gijede bir çene barandyr. Ertir gün dogmanka iş ýerimizde bolmasak Kaka Rejep bizi galk-gulk ýuwdar. - Gitseňiz dilegde, sag-salamat boluň. Şol çonaga duşsaňyz meniň bärdeligimi bir aýdaýmaweriň. Ölüm howpy asyl kelleden çykmaz ekeni. – Kertik aga gyşaryp ýatan ýerinden dillendi. - Ýak, akgam senem-ä. O zatlary kelläňden çykar, gorkma. Sen ýeke däl ahyr – diýip, Mämmet kel oňa göwünlik berdi. - Ýok, ol «Goý birneme wagt geçsin ýadyndan çykarsyn, arkaýynlaşsyn, şonda üstüni basmak aňsat düşer» diýip gelýän däldir. Men ony bilýän – diýip, Kertik aga üstüne ýorgan çekdi. - Pahyryň akly çaşypdyr öýdýän – diýip, Mämmet kel Çary bilen kepbeden çykansoň seslendi. Çary gelenine görä Şirini görjekdi, halyndan habar aljakdy, emma Enejanly gürrüňden soň onam edip bilmän bialaç maşyna mündi. 3. Myrat işden gele-gelmäne eşiklerini çalşyrynyp ugrajak boldy. Emma ejesine Pete-pet gabat geldi: - Jan guzym nirä. Oturmaň ýok-da, ýadaňokmy? - Häzir geljek, eje. Dostumyň doglan gününi belleýäs. - Näbileýin, bir gün doglan gün diýýäň, bir gün toý, öýde bolýan wagtyň ýok. - Eje, şu gün irdenjik gelerin, arkaýyn bolaý. Maňa 30-40 müň manat puljagaz ber. - Jan guzym, pullary nirä sowýaň? Dek düýnem alyp gitdiň? Aýawlyja saklarlar ahyryn. - Kakamyň pullaryny men sowmasam kim sowsun? - Gerek bolsa sow, oglum. Kakaň tükeniksiz puly ýok. - Eje, aglamasana – diýip, Myrat puly alyp çykyp gitdi. Maral eje oglunyň yzyndan garap: - Kakaň senden ýaňa ýürek agyryly boldy. Senden ýaňa... diýdi-de gyňajynyň ujy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi. Myrat şäheriň esasy köçesine düşdi. Iki ýana geçýän maşynlaryň akymy edil suw ýalydy. Tanyş oglanlar maşynyň jaňyny basyp geçýärdi, käbiri saklap öz hyzmatyny hödürleýärdi. Myrat bolsa kakasyna gahar etdi. Onuňam maşyn münmäge gurby çatýar ahyryn, atly-abraýly adamyň ogly... Kakasy göwnänok, «Päk zähmetiň bilen gazanda alyber» diýýär. Özi ýalylar togsan dokuz münýärler, oňa altynjam ýetenok. Myrat uludan demini aldy-da, çilim otlandy, töwereginde hapa taşlanýan gaba gözi ilmänsoň elindäki çöpi zyňyp goýberdi... Arassaçylyk maňa galypmy? – diýdi, kildini açyp suwdan ganansoň «Başga biri ýapar» diýdi. - Ýeri, how, dost, näme ýeke özüň hüňürdäp barýaň? Bizem diňläli diýip, Muhammet Bek onuň ýanyna geldi. Nirä gyssanýaň? - Hojaýyn salam, seni gözläp çykdym. Onsoňam seýilem bir seýil, sergezdançylygam bir seýil, keýpimem ýok. - Keýpiňe näme boldy? - Artyk «Saňa ýoldaş boljak däl. Oglanlar işleýärler, sen bolsa ygyp ýörsüň» diýip igenýär. - «Ýaramok» - diýseň bolmadymy? Hojaýyn ýaranok, menem ýoňladym diýerler. Tapman durmuş, onsoňam kim aýt ol Artyk, saňa igener ýaly? Iň bärkisi nobatçy mehanigem däl, ýönekeý bir sürüji. Nirde oňa duşup ýörsüň? - Öz aýagym bilen öýlerine baraýmanmy... - Obada nä körüň bar diýsene. Ýeri bolýa-la, gam iýmede piwo iç diýipdirler. Nädýä? - Ertir işe gelmelidir öz-ä. - Senem-ä. Ýanyňda eli gallam tutup bilýän adam bor-da, oň gaýgysyny ederlermi? - Ýör, onda naharhana baraly, ol ýerde maňa garaşjaklar – diýip, Myrat razylaşdy. Muhammet uzyn aýaklaryny her ýerden dürtüp bükür kebzesini görkezip, eýýäm hol öňden barýardy. Myrat onuň yzyna zordan eýerýärdi. Olar derýaň kenaryna ýetip çepe aýlandylar-da, seýil bagyň içine girdiler. Adam köpdi. Olaryň öňünden orta boýlarynda, egni mahmal köýnekli, topugyna ýetip duran gara saçly, ak ýüzli bir owadan gyz assa ýöräp barýardy. Olaram gyzyň yzy bilen garama-garama gitdiler. - Bä... Hudaý tarapyn berlen zat bar-ow... Bäh – diýip, Muhammet agzyny şapbyldatdy. - Dünýäde gowy zatlar kändir – diýip, Myrat jogap berdi. Olar garbanyşhana girdiler. - Şu ýerden görünermi? – diýip, Muhammet sorady. - Näme? Näme görüner? - Şol geljekler... Şu oturan ýermizden görünermi? - Hawa, görünmeli öz-ä... Aldaýmasalar. - Aý hawa-da... Bi, aýallara düşünip bolmaz. Olar durşuna bir matal... Wiý, ýogsa-da, düýnkijäni nätdiň? Eltmeli ýerine eltensiň? - Hak öýüne tabşyrandyryn, arkaýyn bolaý, başlyk! - Berekella, Myrat jan, Menem how, adam tanaman durýan däldirin. Ilki göremden «Öz adamym» diýdim, ýalňyşman ekenim. Olar ýaly işleri hemmeler başaryp duranok. - Maňa buýryber. Şänik döwen ýaly ederin. - Yzyňa düşäýenlerinde hem saňa dişleri ýetjek gümanlary ýokla... Kakaň bar-a, ýöne kakaňdan bärde-de adam gyt däldir. Holl günki çebiş soýuşlykdaky ýigidi tanadyňmy? Prokuroryň kömekçisi, beýlekisi howupsyzlyk bölüminden, abraýly adamlar. Tak çto dost, müşderiň bolsa ertiriň özünde kerpiçden ýüklen. Meni hor etmeseň bor. - Seni hor etmäýin-dä. Biri-birimizi gözden salmaly. - Al bäşi... Gepleşdikmi? Şeýle işlere ýarasaň bolany... Maňa başga zat gerek däl. Menem hor bolman, hojaýynlaram. Ýogsa-da, hany olar? Gelmediler-le? - Gelmediler... Aý, bolýa-da... Ýör, derýa suwa düşeli. Muhammet dört çüýşe piwo alansoň, olar seýil bagyň gündogar gyrasyna, derýaň kenaryna bardylar, eşiklerini suwuň gyrasynda ýazdylar-da gyşardylar. – Janyň ýerine geläýýär-ow. Suw ýaly gowy zat ýok. Ýogsa-da, çil mal seňki, satýan men, ýöne, gorkman gezişiňe haýran – diýip, Myrat piwo ogurtlady. - Çekinemok, ýöne ýüregim mydama bükgüldi-de bolýa. Garaz, ynjalykly ýatyp bolanok, ýagyň kän-dä. Myrat hyýalynda Şatlyga, Gözeliň ýanyna howlukdy, ony maşina mündürip alyp gaýtdy, keýp çekdi, gelmeli gyzlar gelmese ol şony hem eder... Onuň ätiýaç nokatlary gutaranok ahyryn. Myrat süýji arzuwlaryny daşyna çykarman durup bilmedi, uludan demini alyp iňledi. - Ýüregiňde näme harasat gopdy? Ýa-da meň ýaňky aýdanlam täsir etdimi – diýip, Muhammet sorady. - Aý hiç... ýöne... – diýip, Myrat gümürtik jogap berdi. - Dur-la... Hümürdi bar... Diňle... Ses gelýär... Myrat töweregine diň saldy, dogrudanam derýaň o kenaryndan ses eşidilýärdi. Olaryň ýanynda derýa birneme daralýardy, iki kenaryň arasy kyrk-elli metre barabardy. Olar pessejik agaçlaryň düýbüne duwlanyp beýleki kenara syn etdiler. Şol wagt on dördi gijäniň aýy buludyň aşagyndan çykyp töweregi gündizlik ýaly etdi. - Bä, bä, eý Myrat sereet, sereet olary – Muhammet pyşyrdap onuň böwrüne hürsekledi. Myrat ilki nämäň nämedigine düşünmedi. Birden saçy öňüne goýberilen, uzynak maşgala suwuň gyrasyna çykdy, töweregine garanjaklap, hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirensoň jorasyny çagyrdy. Oňa görä kelteräk dolmuş bir gelin kenara çykdy. Olar eşiklerini çykardylarda garanjaklaşyp, suwuň gyrasyna geldiler, uzyn maşgala aýagyny suwa sokdy-da, bir zat diýip güldi. Şol duruşlaryna biri-birine bir zatlary gürrüň berip başladylar. Uzyn boýly, syratly aýal ýaşdy, endamy edil pagta ýaly akdy, güne ýanana meňzeş däldi, aklygyndanmy nämemi, uýat ýerlerini ýapyp duran bölek mataň egninde barlygy ýoklugy saýgardanokdy. Ol uzyn bar barmaklary bilen bir goşawuç suw alyp jorasynyň üstüne sepdi. - Waý... - Myradyň demi tutulan ýaly boldy. - Seret, sereet yzyndaky keltäň egninde hiç zat ýok – diýip, Muhammet pyşyrdady. – Beýlede bir gözellik bolar oguşýa. Tretýakowskiý galareýasam munça ýokdur. Myrat gyzlar bilen duşuşypdy, gezipdi aldapdy, aldanypdy, ýöne beýle ýagdaýda duşuşyp görmändi. Dogry surat görüpdi, kino hem. On-on iki ýaşlaryndaka ol «Bir söýgiň taryhy» diýen daşary ýurt kionsyna tomaşa edipdi, şondaky çüw ýalaňaç aýal... Şondan bäri bu görnüşi ýadyndan çykarmandy, ýöne, häzirkisi onuň bilen deňeşdirer ýaly däldi. Gyzlaryň bu gözelligini, päkligini, pynhanlygyny hiç bir surat bilen, hiç bir sungat bilen deňeşdirmek mümkin däldi. Gyzlar suwa girdiler. Ýene-de: - Waý! – diýen ses çykdy. Bu ses Muhammedi edil ýylan çakan ýaly tisgindirdi. Sebäbi tanyş ýaly eşidildi, gözüniň öwrenişmegi bilen kelte aýal oňa has-da tanyş göründi. Suwa düşýänler derýa girip, has ýakynlaşdylar, ýakyn geldigiçe Muhammediň howsalasy artdy, bir syryň üsti açylmagyndan gorkýan ýaly töweregine garanjaklady. Bu ses onuň köp eşitýän sesidi. Bä, janlarym, suwa düşmäge çykaýdymyka? Käte ol şeýle edýärdi ahyr. Hawa edil özi... kelte öz aýalydy. Ol köplenç agşamlaryna joralary bilen suwa düşerdi. Muhammet mundan artyk durup bilmedi-de: - Sakla ýolun, Maralleý, suwa geledir – diýip, gygyrdy. Iki jora çölüň boz marallary ýaly uly gopgun bilen suwdan çykdylarda bagyň aňyrsynda gizlendiler. - Nätdiň-aýt muny. Birden zowladyberýäň! Olary suwa düşmäge goýmadyň – Myrat nägilelik bildirdi. - Men ýalaňaç aýallara seretmäni halamok – diýip, Muhammet jogap berdi. Ýaňky ýaly ýagdaýda öz aýalyň düşüp, başga birem oňa seretse, janyňa ýakarmy? - O näme seň aýalyňmy-dy? – diýip, Myrat oňa çiňerildi. - Ýok-la, men ýöne aýdaýdym, dile geldi bile geldi... Gel gowusy, piwo içeli. Muhammet çüýşäni açyp Myradyň öňüne süýşürdi. - Goýsaň, gel bäri – diýdi-de, Myrat özüni suwa oklady... | |
|
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |