08:25 Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy | |
ON ALTYNJY BAŞ
Romanlar
1. Aşhana kömekçi bellenen Aýsoltan soňky günlerde Täzegüliň özüni alyp baryşyna düşünip bilmän azara galdy, öň edýän işini howlukman ýerine ýetirýän bolsa, indi eläk-beýläk ylgap ýörse-de, belli bir zadyň başyny başlaberenokdy. Bir görseň sogan arassalap oturandyr, ony taşlap kartoşka getirer, ony taşlap gap-çanaklara güýmener. Aýsoltana gap-çanaklary, aşhanany ýuwmak, azyk önümlerini arassalamak işleri tabşyrylypdy, indi oňa bir gün nahar bişirtse, bir gün gaplary ýuwdurýar, bir günem sen otur diýip ähli işleri ýeke özi edip ýör. Onuň bilenem oňuşyk etse boljakdy, haçanda Aýsoltanyň ýuwan gaplaryny täzeden ýuwup başlanda, adamyň ýüregine howsala düşjek ekeni. Bu düşnüksiz tabşyryklardan soň Aýsoltan özüniň näme etmeli, näme etmeli däldigini ýadyndan çykardy. Soňa baka sen şuny et diýýänçä garaşyp durdy. Ine, Aýsoltany azara goýýan zatlar. Belki, Täzegüliň bir işe ünsüni jemläp bilmezligi köňlünde turýan harasatdandyr? Eger şeýle bolsa sebäpleri nirede? Muny biljek bolup Aýsoltanyň gara jany galmady. Belki, Täzegül Aýsoltanyň işleýşini halaýan däldir? Onda ony ýüzüne aýdaýjak ýaly. Ýok, aýdanok. Ertesi görersiň welin, o onuň iş edişini öwüp oturandyr. Aýsoltan dogrudanam eden işiniň kemini goýanokdy. Aýsoltanyň bu ýere gelmegine sebäp bolanam Täzegül bilen Gülledi ahyryn. Gaz geçirijini gurujylar mydama göçüp işleýärdiler. Deňiz esgerleriniň äpet gomlary böwsüp gämilerini barmaly nokatlaryna göni alyp baryşlary ýaly gurluşykçylar hem geçip bolmajak çäge depelerinden, batgalyklardan, dag-derýalardan geçip barmaly nokatlaryna ymtylýardylar. Gije-gündiz diýmän, jöwzaly yssy, aňzakly sowuk diýmän, jala ýagyş, sargyn gar diýmän päsgelçilikleri böwsüp ädimme-ädim öňe hereket edýärdiler. Olaryň iýmegi, içmegi, dynç almagy işiň üstündedi. Şol sebäplem gurluşykçylaryň göçme obajygynda ýaşaýyş üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi işiň ilerlemegine amatly täsir edýärdi. Bu ýerde deňizdäki gämiçileriňkiden bir tapawutly zady göçme obada ýaşaýan işgäriň ýanyna islän wagty maşgalasynyň gelip bilýänligindedi. Bir nokatdan beýleki nokada barýan gaz geçirijiniň ugry diňe bir jugrafiýa düşünjesine girmän, eýsem, belli bir derejede uruş serhetleriniň ugruny aňladýardy. Bu ýerde uruş kynçylyklaryň garşysyna alnyp barylýardy, ondan üstün çykyp öňe süýşülýärdi, olaryň yzy bilen göçme oba gitmeli bolýardy. Şol sebäplem gurluşykçylaryň agyr işden soň dynç alyp bilýän ýeri bolan obada ähli mümkinçilikler döredilmelidi. Emma ýygy-ýygydan göçülensoň ýaşaýyş üçin edilýän talaplary kanagatlandyryp bilenokdy. Käte naharhanada azyk gutarsa, käte suw getirilenokdy, käte iki-üç gün nansyz, ýorgan-düşeksiz oturmalydy. Şeýle ýagdaýda maşgalaňdan başga kim saňa öýüňdäki ýaly amatly hyzmaty gurnap berer, kim seniň iýjek naharyň tagamly, düşjek suwuň ýyladylgy, ýatjak ýeriň arassa bolmagyny gazanar, kim seniň kyn günüňde, işden süýnüp geleňde ruhuňy galkyndyrar, göwünlik berip, öz-özüňe bolan ynamyňy artdyrar? Hiç kim. Şu sebäplere görä gaz geçirijiniň ugrunda işleýän Rahman aýaly Aýsoltany çagyrypdy, ýalbarypdy, emma Aýsoltan göwnemändi, gaýtam hat ýazyp Rahmanyň özüni çagyrýardy. Aýsoltanyň soňky haty Kaka Rejebiň adyna iberilipdi. Onda ol äriniň ýüzüni görmäge zar bolýanlygyny, ýeke ýaşamagyň özüne agyr düşýänligini, eger mümkin bolsa adamsynyň işden boşadylmagyny soraýardy, hatyň soňunda bolsa onuň islegi kanagatlandyrylmasa, onda nikany bozmakdanam gaýtmajagy duýdurylýardy. Kaka Rejep Rahmanyň işleýän ýerine baryp haty görkezdi, bu ýagdaýda çykalga tapmagyň ýollaryny maslahatlaşdy. - Aýsoltan düşünjeli aýal. Biz birek-biregi söýýäs. Men «baryp bilemok» diýip jogap ýazsam onda gowy däl. Haçan-da siz oňa edil size ýüz tutuşy ýaly öz haýyşyňyzy iberseňiz, özem ol haýyş bütin trestiň 2,5 müň adamlarynyň adyndan iberilse, onda onuň hötjetligini ýeňmegimiz mümkin. Men aýalymy tanaýan. Ol öz diýenli, buýsançly. Köpçülik haýyş etse boýun bolmakdan başga çäresi galmaz. Ýöne, men bu zatlardan habarsyz bolan bolaýyn – diýip, Rahman pikirini mälim etdi. - Sag bol, Rahman, bu «meniň şahsy işime goşulma» - diýip durmadyň. - Kaka onuň arkasyna kakdy. – Bilýärmiň näme? Maňa sen ýaly işjanly oglanlar gerek. Men seni goýberip biljek däl. Aýalyň gelse welin nähili iş diýse tapyp berjek. Men saňa trestiň adyndan oňa ýazjak jogabymyň mazmunyny gysgajyk beýan edeýin. «Hormatly pylany! Eger-de siz adamyňyzyň işden boşadylmagy barada aýgytly karara gelen bolsaňyz, onda biz ony saklap bilmeris. Ol trestiň Iň jogapkärli bölümine ýolbaşçylyk edensoň, iň gyzgalaňly pursatda işini başga birine tabşyrmaga azyndan bir aý wagt gerek. Bir aýdan soň ony boşadarys. Ýöne, oňa çenli belki özüňiz gelip ýaşaýan, işleýän ýeri bilen tanyşarsyňyz. Biziň göçme obamyzyň dükanynda dürli ýurtlaryň egin-eşikleri bar. Gerek harydyňyzy alarsyňyz, soňam Rahman bilen bile yzyňyza gaýdarsyňyz. Eger gelmekçi bolsaňyz Şatlyk şäheri, 27-85 sanly telefona jaň ediň, şo ýerdi sizi bärik ýük alyp gaýdýan maşynlaryň birine ýa-da ýörüte maşina mündürip goýbärler. Sizi hormatlamak bilen «Marynebitgazgurlyşyk» trestiniň 2500 adamlyk agzalarynyň adyndan dolandyryjy Kaka Rejep»». - Nähili? Kaka Rahmana seretdi. Rahmanyň baş atyp makullamagy netijesinde bu hat taýýar edildi. Indi ony bir ynamly adamdan ugratmak gerekdi. Umumy ýaşaýyş jaýynyň agzyndaky çyra şemalyň ugruna hallan atýardy. Ýagtylyga ýygnanan mör-möjekler bu gün düýnküsinden azdy, şemal olaryň herekedini birneme çäklendiripdi. Rahman Kaka Rejep gidensoň ulaglara gözegçilik edýän hünärmeniň ýanynda saklandy, ambar müdirine görkezmeler berdi, goýberiljek gurluşyk çig malynyň möçberini belledi, ondanam gijeki nobatda işleýän işçileriň işini barlamak üçin gurulýan ýaşaýyş jaýynyň ýeke-täk gapysyndan girdi. - Maňa girmek bolýarmy? Jaýyň dalanyndan reňkiň ysy burnuňa urýardy, diwardyr gapylar reňkleýji gyzlaryň yhlasly zähmedinden soň gelşige gelýärdi, dalanyň günbatar ganatyndaky giň jaýyň içinde iki sany gyz diwara surat çekýärdi, onda gawun garpyzlara, gök ir-iýmişlere bezelen saçak orta ýazylypdy, aşhanaçy gyz nahar guýýardy, işçiler eli naharly haly saçagyň başyna geçýärdiler, muňa seredip otagyň naharhana üçin niýetlenendigini bilmek bolýardy. Rahmanyň garasy görünenden – Dur, girme ähli ýeri reňklenendir – diýip, gyzlaryň biri gygyrdy. - Rahman sizmi? – diýip, Gözel seslendi. – Siz girip bilersiňiz, ýöne, köwşüňizi gowy süpüriň. Barlaýyn diýdiňizmi? Görseň işläp ýörendiris. Bir pursadam duramzok. Gijede işiň üstünde ýatýas. - Görýän. Sag boluň. Bitaraplyk baýramyna tabşyryp bolarmyka? - Dört günde reňkler gurap ýetişse biz ýetişeris. Işimiz nähili? - Erbet däl, özüňiz ýaşamaly, özüňiz nahar iýmeli, diýmek özüňiz üçin gowy gurmaly. – Rahman otagyň içine aýlanyp edilýän işlere seretdi. Gözeliň ýanyndaky reňk çalýan garagözelek orta boýlyja gyz gürrüňe goşuldy. - Rahman aga, ýüz adamlyk ýatak jaýyny gurýas welin, ýaşamaga adam tapylarmyka? - Men ony sizden soramaly – diýip, Rahman ýylgyrdy. – Gyzlaryň bar ýerinde ýigitler bolar diýjek bolýan, maşgala dörär. Onsoň jaýlar darlyk edäýmese. Gözel joraňa bulary düşündirseň bolmadymy? - Rahman aga, degişgen bolupsyňyz. Men ýöne soraýdym... - Jaýy gutaryň, ýaşamaga adam tapylar. Gözel, tüweleme, sen-ä surata ökde ekeniň. Edil janly ýaly... Şol päýendeki gawuny alyp iýiberesiň gelýär. Ýogsa-da gyzjagazyňdan habar tutýarmyň? Ýagdaýy nähili? - Ýaman däl, çagalar bagynda bolýar. Tüweleme elli-aýakly. - Bilýärmiň, men düýn kimi gördüm? - Ýok, bilemok. - Myrady gördüm, täze maşyn alypdyr, Üçajyda işleýär ekeni. - Enaýyda gyz. - Ol bu ýerlere aýlanmaýarmy? - Belki aýlanýandyr. Gurluşygyň göwrümi örän giň. Aýlanyp çykjak bolsaň iki gün gerek. - Senden habar tutmaýarmy? - Näme üçin? Tutýar. Düýn-öňňün bir hatjagaz goýup gidipdir, baýramçylygy gutlapdyr, aşagyna goluny goýupdyr. - Golunam çekipdir diýsene... - Onsuzam hatyny tanaýan. Gözümi daňsalaram hatyny biljeg-ä men. - Gözel, men reňk alyp geljek. – diýip, beýleki gyz gürrüňe päsgel bermäýin diýip çykdy gitdi. - Men onuň hatyna begendim. Nähili hem bolsa ýatlapdyr, şoňa şükür. Aý, umuman, begenere zat baram, ýogam... - Sen onuň hatyny göz öňünde tutýarmyň? - Ýok, olam däl, biz iki aý bäri şu umumy ýatakhanada gije-gündiz işleýäs. Tabşyrsak biz üçin uly şatlyk, şatlygyň nämä durýandygyny ölçeýän barmy? Kirimizi ýuwmaga, ýuwunmaga wagtymyz ýok, şular ýaly bol-bol Edip işlenmäniňde-de, işi gurnap bolýandyr ahyryn. - A sen biziň näme üçin beýle işleýänligimiz barada pikirlenip görmediňmi? - Wagtyndan öň desgany tabşyryp uly utuş gazanmak, serişde tygşytlamak, ýurdumyza gaz bermek... Şular dälmi? - Olam şeýle, ýöne men ony diýjek bolamok. - Onda näme? - Belki şol şatlykly döwürleriň bütin ömrüňe ýetmegi üçin şeýle işlemek gerekdir? Onsoňam adam öz zähmediniň hözirini görse ýagşy... Görýän welin sen gowy ýadapsyň öýdýän? - Birneme ýadadym – diýip, Gözel boýnuna aldy. Iki aýdan bäri gyzymy görüp bilemok. Şeýle bir göresim gelýär... - Şu suratyňy haçan gutarýaň? - Şu gije tamamlajak bolaryn. Ony näme üçin soradyň? - Senlik bir ýumuş bar. – diýip, Rahman kisesinden bir bukja çykardy. – Ertir iki günlik işden boşadýaryn, öýüňden habar tutarsyň hemem şu haty gowşurmaly adamsyna gowşurarsyň. - Gowusy ol haty özüň gowşur. – diýip, Gözel jogap berdi. Maşgalaňdan habar tutmak seniň borjuň ahyr. - Hatyň oňadygyny nädip bilýäň? - Bilýän, aýal adamyň bilmeýän zady ýokdur. Beýdip ýörmede aýalyň bilen düşüniş. Iş diýip maşgalaňy unutmak bolmaz ahyryn. - Meni häzir goýberenoklar, onsoňam, bu ýumuşy sen bitirseň gowy. Haýyş edýärin. – Rahman äpişgäň öňüne baryp daşaryk seretdi. Bäş aý ozal öýden çykyp gaýdanymda hem şular ýaly şemal bardy, şonda özümi bagtly saýypdym... - Sen häzirem bagtly. Araňyzda azajyk düşünişmezlik bar. Aýgytly hereket et! - Gözel, sen öz edip bilmeýän zadyňy maňa etdirjek bolýaňmy? - Men başymy çararyn. Aýal çydamlydyr, erkekler aýalyň duran ýerinde durup bilmezler... - Gorkma, menem başymy çararyn. Gürrüňi özüň gozgadyň. Seňem beýdip ýörmäň bolanok. Her zadam bolsa ol gyzyň kakasy düşünişäýmeli ahyryn. - Rahman ikimiziň ykbalymyz meňzeşräk – diýip, Gözel onuň sözüni böldi. – Dogrudanam biziň birek-birege goldawymyz gerek. Maşgala – her kimiň öz şahsy işi diýýändirler, ýöne goldaw, kömek zyýan etmez. Meňem durmuşym düzelip gitse kem göremok. Ýöne, indi mertebämiň basgylanmagyna ýol bermen. Besdir, bir ýalňyşlyk etdim. Şol maňa sapak boldy. Bir enaýyja bagtly durmuşy menem küýseýän... - Şol bagtly durmuş üçin göreşmek gerek. Hut şu nukdaý nazardan seredip men şu haty senden ugratmakçy bolýaryn. Şu gezek maňa kömek et, Aýsoltan bilen aramyzda araçy bolup ber... - Bolýa. Men şu gezeklikçe bu ýumuşyňy bitirip bereýin, ýöne senem maşgalaňy şunça wagtlap idegsiz taşlap bolmajagyna düşünmeli. - Sen-ä gezip ýörsüň. - Wah, nä gezmek diýsene. - Aýsoltanyň elini-aýagyny sarap alyp gaýdaýmasaň bolmaz. - Gerek bolsa sararys. - Agzyna ýaglyk dykmaly bor. - Dykarys. Ýoguna beýlekisine garamarys... Bilýämiň aýalyňky näz bilendir. Näz eden bor, sen ony öwde etjegiňi ediber. - Şunyň-a öwrenip goýaýmaly ekeni – diýip, Rahman ýylgyrdy. – Ertir irden ýüke bir maşyn gidýär, şoňa münersiň! Ertesi ir bilen ugran maşyn günortadan soň Mary şäherindäki dört-bäş gat jaýlaryň öňünde saklandy, elindäki bukjada ýazylan ýazgy boýunça Gözel gerekli jaýy tapdy-da, üçünji gatdaky ýüzüne gaýyş tutulan 42-nji ýazgyly gapynyň nokadyny basdy. Emma hiç kim jogap bermedi. Gözel gaýtadan basdy. Bu gezek gapy açyldy-da uzyn boýly, saçlary maňlaýyna düşüp duran görmegeý adamyň keşbi göründi. - Aýsoltan öýde ýokdumy? – diýip Gözel sorady. - Ýok – diýip, ol adam goşaryndaky sagadyna seretdi. – Ýene-de ýarym sagatdan nahara gelmeli. Aýtmaly zat barmy? - Göräýjekdim. - Daşdan geldiňizmi? - Men Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygyndan geldim. - Siz gurluşykçy diýseňizläň. – ol adam elini saçyna ýetirdi. – Onda Aýsoltanyň Adamsy işleýän bolmaly. Rahman. Siz ony tanaýaňyzmy? - Çalarak tanaýan. - Biz näme beýdip durus? Hany giriň, geliň. Azajyk otursaňyz Aýsoltanam geller. Men onuň daýysy. Adym Ata... Gaz guýylaryny gazýan edarada işleýän. Giriň, çekinmäň. – Ata Gözeli telewizorly jaýdaky diwanyň üstünde oturtdy. – Rahmanyň ýagdaýy nähili? - Saglygy gowy. - Keýpi nähili? - Keýp ýagdaýa baglydyr-da. - Rahman gowy oglan, ýüregi açyk. Duşsa içiňe-daşyňa geçýär. Aýsoltany ýürekden söýýär, aýagyny agyrdanda Aýsoltany göterip ýokary çykaryşyny gördüm. Dogry ýegenim biraz hötjeträk. Şeýle ýigidi aýaňda saklamaly welin... Bir düşünişmezlikleri bar-da. Ýogsa-da, siz telewizor görüp oturyň. Men çaý goýaýyn. Gözel heniz çaýy öňüne almanka Aýsoltan işikden girdi. Olar salamlaşdylar. - Soltan, myhman geldi. Siz gürleşiň, men häzir aşhanada nahar gyzdyraýyn – diýip, Ata seslendi. - Daýy, süýji nahar bişirdiňmi? Tayýn bolsa guýuşdyr. Myhmana hezzet-hormat edeli. Görmegeý gyz ekeni. Durmuşa çykdyňyzmy? - Hawa, diýip, Gözel jogap berdi. - Haýp. Çykmadyk bolsaňyz daýym bilen tanyşdyrjakdym. Otuzdan geçdi, öýlenip bilmän ýör, mydam çölde. Özem içenok, çekenok, gowy adam... Ynanaýmaň, men degişýän... - Maşyny hem gowy sürýär diýsene – diýip Ata aşhanadan seslendi. - Ýok, daýyjan, ony diýip biljekgäl. - Diýmeseň, geliň aşhana. Nahar taýýar. Olar üç otagly jaýyň darajyk aşhanasynda ýazylan saçagyň başyna çökdüler. Ortada gök önümlerden başga-da towuk çorbasy, palaw bardy. Olar nahar iýdiler. Nahardan soň Aýsoltan käselere çaý guýdy. - Gözel, habaryňyz bolsa aýdyp oturyň – diýip, Aýsoltan seslendi. - Hawa, Rahman sizi söýýänligini, basym işdenem boşap gaýtjaklygyny duýdur diýdi. Aýsoltan mylaýym ýylgyryp daýysynyň ýüzüne seretdi. - Daýy, men aýtdym dälmi? Ol hökman geller diýip... Haçan geljek diýdi? - Basym geller... Gurýan desgasyny gutardygy... - Haçan ony gutarjak? Bir aýdan? Iki aýdan? Bir ýyldan? - Ol desga alty aýdan bäri gutarmaz. – diýip, Ata çaýyny owurtlady. - Siz ony nireden bilýäňiz? – diýip, Gözel oňa gaharly seretdi. - Menem şol töwereklerde işleýän. Ähli zatdan habarym bar... Ýöne, sen aýt, Rahman dogrudanam gaýtjak diýdimi? - Edil öz-ä aýtmady, ýöne gaýdarmyka diýýän. - Ýok gaýtmaz. – Aýsoltanyň keýpi gaçdy. – Gurýan desgasyny doly gutarman gaýtmaz. Ol işi menden gowy görýär... Söýýän bolanlygynda gitmezdi, ne bir işi bardy, sylaýardylar. Iller ol işe ýetip bilenok, ol bolsa taşlap nirededir ygyp ýör. - Seň munyň nädogry, ýegen. – diýip, Ata garşy çykdy. – Men onuň käbir hereketlerini oňlap baramok, gowy iş hödürlänlerinde göwnemedi, ýöne ony goldaýan. Ol işiň jümmüşinde gaýnaýar, bekeýär, zähmetde taplanýar, şeýdip tejribe toplaýar... Şeýle oglanlar ähli ýerde ýokarda tutulýar. - Daýy, goýsana, maňa seniň bu hasaplaryň ýaranok. - Ýakmasa aýt, Rahman näme üçin gitdi? Sebäbi näme? - Men nä bileýin?. – diýip, Aýsoltan çyny bilen jogap berdi. – Biz ine şu jaýy edindik. Işläp ýördük. Men bir gün oňa «Gaýyş penjek alyp bermeseň geýmäge zadym ýok» diýdim. Daýy, sen bilýäň-ä, ähli gyzlar şony geýýärler, menem geýmesem nähili bor? - Seňkem dogry. – diýip, Gözel onuň bilen razylaşdy. - Olam maňa şeýle, diýdi, ýöne alyp bermedi. Ine, bir günem meni uzak ýere işe iberýärler diýdi. Şo bada onuň gaýdyp gelmejegine düşündim. - Çerim penjek edinipsiň-ä, ýegen? - Hawa, daýy edindim. Her aýda puluny iberip dur... Edindim... Indi welin... Şu gaýyş penjek gözüme ilenok. Ähli zadyň başy şu ýaly bolup dur. - Eger bir zat etsek nähili görýäň? Gözel çaýyny owurtlady. - Şu gün erte bileje onuň ýanyna gitsek. Seni görüp şeýle bir begenerdi, şeýle bir begenerdi... - Ol ýerde çadrda, gara öýlerde ýaşaýamyşlar. Ýylan, möý doly diýýäler. - Jaý gurup gutarýas. Şonda ýaşarsyňyz, işem tapylar. - Maňa iş tapmazlar... Çölde edara barmy, näme? - Rahman seniň üçin näme diýseňem tapar. - Bu dogrudanam erbet däl welin... Ýöne biz eýýäm aýrylyşjak bolup ýörüs. - O näme diýdigiň bolýa, ýegen? – diýip, Ata oňa çiňerilip seretdi. - Men bir gezek ýeke ýaşap bilemok, ikimiz aýrylyşmasak boljak däl diýip hat ýazdym. Söýýän bolsa, derrew işini taşlap geller diýdim, ol bolsa aýrylyşmaga garşy däl diýip jogap berdi. Menem onsoň arza bilen kaza ýüz tutdum. - Ony etmeli däl ekeniň, ýegen – diýip, Ata seslendi. – Ýöne arzaňy yzyna alyp bolýar ahyryn. - Men, näme diýip otyryn. – diýip, Aýsoltan kellesini iki eli bilen tutdy. – Indi hiç zat gözüme görünenok, egin-eşigem, jaýam, işem... Biz biri-birimizi ýitirip barýas. Oňa kim günäkär? Men bilemok? Senem oňa düşünmersiň – diýip ol Gözele janagyryly seretdi. - Sen Rahmanyň aladasyny edýärsiň welin boýnuňa al, ony söýýärmiň? - Ol doganym ýaly, görüşip durus, eger söýýän ýigidim bolmadyk bolanda belki ony söýerdimem. – diýip, Gözel boýnuna aldy. - Kim ol söýýäniň? Ýanyňda işleýärmi? - Onuň kimligem, nirede işleýänligem geregi ýok. Ol diňe maňa gerek, ýöne, aýal hökmünde bir zady saňa aýdyp biljek. Rahmany taşlasaň örän uly ýalňyşlyk goýberýärsiň! Onuň üçin ölüp ýatan gyzlar köp, ýöne onuň gözüne hiç kim görünenok. Oňa diňe sen gerek. Diňe bir oňa däl... Gaz känini gurýan işçiler saňa hat ýolladylar. Men ony görkezmek islemedim, bolmady. – Gözel el bukjasyndan haty çykaryp Aýsoltana uzatdy. – Ine, şuny okap gör, göwnüňe geňeş. Men ertir däl birigün yzyma dolanýaryn. Şonda habar tutaryn. Eger göwnüňi bire baglasaň bile gideris, baglamasaň Rahmany ömürlik ýitirersiň. Gözel haty oňa uzatdy. – Indem turmakçy. Gyzjagazymyň ýanyna gyssanýan. Görmedigime iki aý boldy. - Gyzyňyzam barmydy? Siz ýaş görünýärsiňiz. Eger rursat etseňiz men sizi ugradaýyn. – diýip, Ata hyzmatyny hödürledi. - Ýok, azara galmaň, özüm giderin. Gözel ýerinden turup hoşlaşdy. - Birigün şu wagtlar gelerin, taýyn bolup otyrgyn... Ol gapydan çykanda ata yzyndan ýetdi-de. – Men sizi öýüňize eltip gaýtjak. – diýip, girelgäniň agzynda duran üýtgeşik bir maşyny görkezdi. - Men size azara galmaň diýdim-ä? - Munuň azary ýok. Barybir şol tarapa gitjek bolup otyrdym. – Ata maşynyň ýanyna barman: - Hany, how Reno, çapyşyga taýynmy? – diýdi-de, Gözele bildirmän elindäki garaja zadyň nokatlaryny basdy. Maşyn adamyň diline düşünýän ýaly geň enaýy ses çykaryp çyrasyny ýakyp söndürdi. - Waý, enaýydygyny gyz. – Gözel geň galmakdan ýaňa doňup galdy. Maşyn ýokary tizlik bilen ýerinden gozgananda Gözel oturgyjynyň yzky söýegine gysylyp gitdi, çalarak açyk aýnadan tigirleriň sykylyklary çykýardy. - Tüweleme, at ýaly gözel maşynyňyz bar, ekeni. Gymmatdyr. – diýip, Gözel sorady. - Men gaz guýylaryny gazmakda işleýärin. Özüňiz bilýäňiz, ymgyr çöl, adamyň aýagy düşmedik ýerler. Köne Tüni derýanyň boýunda içi altynly bir huma büdredim... - Waý, enaýyda gyz. Bolup biler. - Oýun edýänle. Aýlygym beýle maşynlary edinmäge ýetýär. Bir kemim bar. – Ata köp sanly maşynlaryň deňinden geçdi-de, esasy ýoldan Şatlygyň aýlawyna sowuldy, ýokary tizlikde barýan maşyn ses etdi. Gözel maşynyň gapysyna ýelmeşen ýaly gysyldy. Çatrykda duran ýol polisiýasy jürlewügini çalyp elindäki görkezme esbabyny galdyrdy. - Göremzogam, eşidemzogam. – Ata maşynyň tizligini has-da artdyrdy. - Ýuwaşrak sürüň ahyr. Men gorkýan. - Gorkmaň, maşyny ýuwaş sürseň bolmaz. Berk tutmaly. - Yzyňyzdan polisiýa kowýar, sizi saklarlar. - Ata magnitofonyny öçürdi-de. – Muňa siz günäkär. – diýdi. - Waý, enaýyda gyz. Özüm giderin diýdim-ä. hudaýa şükür, köçä çykdygyň maşyn. - Ýok, men Aýsoltany ýeke goýmak issledim. Goý, pikirlensin, belli netijä gelsin diýdim. Beýdip ýaşamak bolmaz ahyr. Gözel yzyna seretdi, polisiýa maşyny ses edip olaryň yzyndan ýetip gelýärdi. - Ele düşdüňiz öýdýän. – diýip, Gözel başyny ýaýkady. - Ele düşmeris. Onuň maşyny tozana garylar. Ata has-da ýokary tizlige geçdi. Polisiýa kem-kemden yza galdy, şähere ýetilende garasy ýitdi. Ata Şatlygyň duralgasyndan öwrüm berip maşyny saklady. Gözel gapyny açyp – hyzmatyňyz üçin minnetdar. Eger ýegeniňizi meň bilen gitmäge razy etseňiz onda ölinçäm bergidardyryn – diýdi. - Düşdüm, düşdüm. – diýip, Ata başyny atdy. – Belki, biz ýenede duşuşarys? - Duşmarys diýip bilmen. At aýagyny basman diýen ýere müň basar diýipdirler. Hoş sag boluň. – Gözel maşyndan düşdi-de hatar gurup duran jaýlaryň arasyndaky dükana girdi. Şol wagt polisiýa maşyny gelip saklandy. - Kapitan Gülekow. Sürüjilik şahadatnamaňyzy beriň. - Baş üstüne. Ýöne men munuň sebäbine düşünip bilemok. - Men siziň şahadatnamaňyzy alyp galýaryn. Ýol düzgünlerini gowy öwrenip täzeden hasabat berersiňiz, şondan soň alarsyňyz. Näme üçindigini düşündireýinmi? - Siziň agras ýüzüňize gözüm düşen bada ýagdaýyň öwerlik däldigine düşündim – diýip Ata ylalaşdy. - Düşünýän bolsaňyz näme üçin düzgüni bozýarsyňyz? - Wah, agam gapdalyňda owadan zenan oturar-da düzgün ýada düşermi? Bu jogap polisiýa işgärine üýtgeşik täsir etdi, belki özi-de şeýle ýagdaýlara düşüp görendir, ol gözüni garpyldadyp ol: - Alyň dokumentleriňizi, indikiňize häzir boluň – diýip, papagyna elini ýetirdi. Gözel dükandan çykdy-da. – Polisiýa bilen düşünişdiňizmi? – diýdi. - Düşünişmez ýaly zat ýok. Gowy ýigit ekeni, elimi gysyp «Maşyn sürşüňe telpek goýdum» diýdi. - Waý, enaýyda gyz. Siz mydamada şeýle degişgenmi? - Işde degişmäne el degenok. Hany, siz aýtsaňyzlaň, onuň ýagdaýy nähili? - Kimiň? - Häliden bäri kim barada gürrüň etdik? Men Rahmany göz öňüne tutýan, ony gowy tanaýan ahyryn. - Şeý diýseňizläň. Tanaýan bolsaňyz has gowy, siz oňa kömek ediň, ýagdaýy öwerlikli däl – diýip, Gözel öýüne gitdi... Gözel ikinji güni gaýdyp barýarka Aýsoltanyň ýanyna sowuldy. Ol ähli goşlaryny düwüp garaşyp oturan ekeni. - Häzirlikçe zähmet rugsadyna çykdym. Aýsoltan Gözeli güler ýüz bilen garşylady. – Gidip ýaşaýşyny öz gözüm bilen göreýin diýen netijä geldim. Alyp gidersiňiz-ä? - Jora, gitseň gözüň üstünde burnuň bar, daşarda taýyn maşyn dur. Münüp gidibermeli. - Ýör, onda. – Aýsoltan jaýyň içine aýlanyp çykdy-da; goşlaryny çykaryp gapyny gulplady, açary goňşularyna taşlap maşina mündi. Üsti demir-beton ýüklenen maşyn Mary şäherinden çykyp ugrady. Maşynyň sürüjisi Myratdy... Rahman, ulaglar edarasynyň başlygy Muhammet Begenjiň üsti bilen Myrady Muhammet Begiň elinden alyp Şatlyga ýüke ugradypdy hem-de gaýdanynda Gözeli tapyp alyp gaýtmagy tabşyrypdy. Bu tabşyryk göräýmäge ýönekeý ýalydy, Emma ol Myrat üçin ýönekeý däldi. Bu Rahmanyň ýörite gurnan oýnudy. Myrat üçin bu oýun örän ýakymsyzdy. Näçe jalaý bolsa-da, Gözeli ýadyndan çykarmandy, ýöne sürünibem baranokdy, ony daşdan synlaýardy, gaçyp gezýärdi, has dogrusy gizlin gözegçilik edýärdi, ony oglanlardan gabanýardy, ýöne Gözele welin gabanar ýaly hereket edenokdy. Myratdan başga ýigit gözüne görünenokdy. Onsoň Rahmanyň ony alyp gaýt diýmesi Myradyň gabanjaňlygyny oýarypdy. Hut şol sebäplem Myrat bu gün daň bilen Gözeliň gapysyny kakdy. Onuň elinde içine çaga egin-eşikleri salnan bir bukja bardy, ýüregi gürsüldäp agzyndan çykaýjak bolýardy. Birden bu jaýyň içinden nätanyş adam çykaýsa nähili bor? Başy boş ýaş, görmegeý, gujurly aýal, islän ýigidini kabul edip biler ahyryn. Ýok, ýok, Gözel ony edip bilmez. Ol gapynyň haýal açylýanyna howlugyp ýumruklap başlady. Gapyda bar bolan deşikden jaýyň içindäki zatlary saýgaryp bolanokdy, haçanda içki ildirgiçler aýrylyp gapy açylanda Myrat ýarym ukuly haldaky Gözeli görüp gowşady, aýagy ýer tutmaýan ýaly tas ýykylypdy. Myrada gözi düşen Gözel: - Waý, enaýyda, gyz, bu ýerlere nädip düşäýdiň? - diýip, ýylgyrdy. Onuň ýukajyk köýnegini ýaraýyn diýip duran göwüsleri, kagyzdan ak ýüzi, seçelenip goýberilen gara saçlary şeýle bir özüne çekdi welin elinde bukjasy bolmadyk bolanda Myrat ony gujaklardy. Dogry, ol işde käte Gözele gabat gelip: pikir alyşýardy, birek-biregiň ýagdaýyny soraşardy, Gözel Gülşadyň adyndan oňa salam gowşurardy, Myrat welin heniz ýeke gezegem gyzyny ýatlanokdy. Şol sebäplem Myradyň: - Ine, Gülşada egin-eşik getirdim. – diýip, bukja gowşurmagy Gözeli Geň galdyrdy... Geň galmaz ýaly däldi ahyr... Ine bäş ýylyň içinde ol ilkinji gezek gyzyny ýatlaýardy. Myrat bir otagly jaýyň eýwanynda köwşüni çykaryp, ilki aşhana, soň otaga aýlandy. Ortada ýazylan düşekde Gülşat ýatyrdy, düýpdäki tekjäniň üstünde her-hili reňkde öwüsýän bir desse gül, onuň öňünde bolsa öz suraty bardy. Myrat ol gülleriň adyny bilenokdy, ýöne Aşgabatda Gözel bilen bile bolan döwürleri günde hut şu gülleriň ysyndan doýupdy. Göni maňlaýda diwan, diwanda bir ýassyk bardy. Olaryň üstüne örtülen örtgi – Myrada tanyşdy. Edil şol güller ýaly reňkdäki bu örtgi onuň öz sowgadydy. Gözüň düşenden özüne çekýän bu zatlary görmek Myrat üçin diýseň ýakymlydy, ýakyndy, ezizdi. Ol edil üşäp gelende gyzgyn pejiň täsir edişi ýaly bu otagyň täsirini duýdy. Dogrusy o lbu diwanda, diwandaky ýelek ýassykda Gözel bilen ýaşan döwürlerini ýadyndan çykaryp ugrapdy. - Ine, biz şeýdip ýaşaýas. – Gözel Gülşatjygyň üstüne ýorgan ýapdy, tekjedäki güle suw guýdy, nämedir bir zada garaşýan ýaly yzyna öwrülip Myrada seretdi. Myrat özünde bolup geçýän duýgulary tolgunmakdak diýip hasap edenokdy. Onuň özüni saklap bilmezlik, niýetine düwen zadynda tutanýerlilik, gödeklik häsiýeti agraslykdan rüstem geldi. Gözeli gujaklady, emma güýçli gaýtarga düşüp yza çekilmäge mejbur boldy. - Sen oglan, gaty gidýän bolma. – diýip, Gözel seslendi. – Mundan alty ýyl ozal agzy sary, tejribesiz, hiç zady bilmeýän gyzdym. Sen şondan peýdalanyp etjegiňi etdiň, öýlenjek diýip gaçyp gitdiň. Göwreli halyma meni çykgynsyz güne saldyň. Seniň şol herekediň sebäpli men obamda gözden düşdüm, ýoldan çykan boldum. – Gözel öz diýýän zatlaryna özi geň galdy. – Ejem bu masgaraçylyga çydamady... Agam menden geçdi. Indi men mertebämiň basgylanmagyna ýol bermerin, şuny berk belle. - Ah, şeýlemi? – diýip, Myrat ýasama ýylgyrdy. – Sebäp diňe şolardamyka? - Sebäbini seljer-de ýör. – diýdi-de, Gözel aşhana baryp çaý goýdy, ertirlik taýynlady. Myrat aşhana gelip esli salym sesini çykarmady, soňam: - Sebäbini aňjak bolýan. Diwanyň ýokarsynda asylgy bir surat bar. Belki şoldur? - Ol Baýramyň suraty. - Kim ol Baýram? - Saňa Kim bolanda näme? Bar aýdaly men şony gowy görýärmişim-dä. Şonda üýtgeýän zat barmy? - Men seniň sulhuň alanyň barlygyny bilemokdym... - Dünýäde bir adamdan başga sulhum alanym ýok. Bolmazam... Olam geldi-geçer bolup çykdy. Nädeýin, maňlaýyň şor bolsa... - Ýeri, ýeri bolýa-la. Maňa beýle ýowuz darama. Häzir ol nirede işleýär? - Kim ol? Baýrama diýýärmiň? Sen gowusy şu soragy maňa berme. - Onda men saňa başga bir sorag berjek. Rahman maňa «Gitde, ýük, al, gaýdanyňda Gözeli getir» diýdi. Muňa nähili düşünmeli? - Asyl sen şoň üçin gelipmidiň? – Waý, enaýyda gyz. – Gözel ýaşdan doly gözüni görkezesi gelmedi. – Men häzir seniň bilen gidip biljek däl. Gyzymy çagalar bagyna taşlamaly, goşlarymy düwmeli. Iki sagatdan taýyn bolaryn. - Onda menem ýükümi alaýyn. Soň aýlanaryn. Ýöne sen meň soragyma jogap bermediň? - Ýumuş buýrandan jogaby sora. Menden sorama... Myrat sesini çykarman gapa bardy, yzyna öwrüldi-de ýorganyň çetini galdyryp Gülşada seretdi. - Saryýagyzja gyz. Saçlary meleje, meň saçym bolsa gara, ýüzüm ak. - Waý, enaýy gyz, muň tapýan zadyny, tohumyňda bir sarylyk bardyr-da. - Bardyr öýdemok. - Sen ony eneň-ataňdan sora. Soň netije çykar. Çaga ikimiziňki. Men şony bilýän. Myrat az salym durdy-da, Gülşadyň ýaňagyndan ogşap çykyp gitdi. Ine, indem ol Gözel bilen Aýsoltany maşynyna mündürip alyp gaýtdy... Aýsoltanyň peýda bolmagy Rahmanyň ýumuşy zerarly onda dörän soraglary aradan aýyrdy. Diýmek, Rahman «Gaýdanyňda aýalymy alyp gaýt» diýip Gözele tabşyrypdyr. Ol bolsa tas başga-başga zatlary diline getiripdi. Getirmäni gowy bolupdy. Olar gürleşip uzak ýoly nädip geçenlerini bilmediler. Agşamara Bäşgyzylyň obajygyna geldiler. Rahman desgalaryna aýlanmaga giden ýerinden gelmändi. Şol sebäpli Gözel Aýsoltanyň öňüne düşüp işgärleriň ýaşaýşy, dynç alşy, nahar iýýän otaglary bilen birin-birin tanyşdyrdy. Täze gurlup gutarylan umumy ýaşaýyş jaýy, dürli reňklere bezelen göçme otaglar, olaryň arassalygy ýorgan-düşekleriniň pagta ýaly aklygy, sowuk, ýyly suw ulgamlary, otaglaryň öňüni tutýan her dürli güller – bularyň bary Aýsoltany haýran etdi. Ol gözüne ynanmajak boldy, bu görýänleri düýşi däl, huşudy. Obaň haýsy ýerine seretseň arassalygyň, tertibiň, adamlaryň gowy ýaşamagy üçin edilen işleriň netijelerini görse bolýardy. Dogry, bu ýerde mekdep, çagalar bagy, sazçylyk mekdebi ýokdy, hamam, dellekhana, sagaldyş öýi hereket edýärdi. Agşam işden ýadap gelen işçiler täze gurlan naharhananyň ýagty, arassa, owadan otagynda naharlanýardylar, çaý içýärdiler, pikir alyşýardylar, aýdym-saz diňleýärdiler. Hemmesini edýänem gurluşykçylaryň özleri ýa-da olaryň yzlaryndan gelen aýallary. Naharhananyň arassalygy, onda işleýän gyzyň mylaýymlygy, diwardaky surat – bularyň bary erteki ýalydy. Janly suratlary Gözel çekendigini bilende Aýsoltan «Jora, tüweleme, eliňe güller bitsin. Sen sada gelinligiňden başga-da, ökde suratçy hem ekeniň.» diýip, gujaklady. Berilýän gök, bakja önümleri şäheriň naharhanasynda hem tapylanokdy. - Bular hasam gözel görke girjek welin aýallaryň eli ýetenok. Esasy işiniň daşyndan gök ekinlere, jaýlaryň arassalygyna seretmeli bolýar. Bize Aýsoltan gelneje, siz ýaly şäheriň medenýetini gowy bilýän gelneje gerek. Olaryň gözleri biziň görüp ýetişmeýän kemçiliklerimizi tapmagy başararlar. «Men bulary size göz üçin görkezmedim. Biz hut şeýle hem ýaşaýas. Ine, basym Rahman işden geller, siz onuň ýaşaýşyny görersiňiz. Oňa diňe siz, siziň ýakyn kömegiňiz gerek! Hon-ha, Rahmanyň özem gelýär... Siz gürleşiň, men gyzlar bilen habarlaşaýyn» diýip Gözel gaz ýygnaýjy nokadyň reňkdir suwag işlerini alyp barýan gyzlaryň ýanyna ugrady... Agşam ara Rahman diwara arkasyny ýaplap çyzgylaryny deňeşdirip otyrdy, Aýsoltan bolsa uzak ýoluň argynlygyndan soň düşegiň üstünde gyşaryp ýatyrdy. Ol Rahmana soragly nazaryny dikdi. - Näme gelenime begeneňokmy? - Begenýän. Begenemde köçä çykyp gygyryp ýörmen ahyr. Sen öňräjik gelmelidiň. - Gijä galyp geldimmi? - Düşünmedim. - Birini tapdyňmy diýip soradygym... - Başga aýtjak zadyň ýokmudy? – Rahman güldi. – Bular nireden kelläňe gelýär? - Aý, aýtdylar-da... Gowy adamlar bar. - Senem şoňa ynandyňmy? - Gözel saňa öwgüli sözleri aýtdy, umuman sylagly ekeniň, gelýärkäk gürrüňiňi etdi. Göwnüme bolmasa siziň ähli zadyňyz hat-da durmuşyňyz hem meňzeş ýaly. - Gözel saňa çaltrak barmasaň Rahman eliňden gider diýendir. - Gönüläp diýmese-de ýaňzytdy... Diňleýämiň, rahman? - Aýdyber, iki gulagym sende. - Ozallar men diňe seni günäkär hasap ederdim. Bäşgyzyla işe gaýtmankaň hem işe gidip, dolanyp gelerdiň, nan-çaýyňy iýip kagyzlaryňa güýmenýärdiň, maňa hiç zat gürrüň bermezdiň, gürrüňimi diňlemezdiň. Indem, şol bolşuň, üýtgän zat ýok. Näme, gaýyş don alyp berdim, şol ýeterlik diýýäňmi? Pikirlenip görseň, aramyza tow düşmegine özüň hem günäkär. Meni diňlemediň, pylan zat et diýmediň, şeýdip özüň meni daşlaşdyrdyň. Men bolsa buýsançly öýkä gaplanyp sowaşyp başladym. Sebäbini soramadyň, eýsem ýalanmy? Meň nä göwnüm ýokmy? Birdenem, Gözel barandan soň, bu bolşuma gezip ýörsem seni ýitirerin diýen gorka gaplandym, ýitirmejek bolsam ýanyňa gitmeli diýdim, düşündiňmi? - Düşündim... Ýeri nähili netijä geldiň? - Görşüň ýaly. Meniň bu ýerdeligim soragyňa jogap bermeýärmi? Aýsoltan Bäşgyzyla gaýtmaly meseläni gutarnykly çözmändi, Gözeli görensoň kem-käs eşiklerini ýygnap maşyna mündi. Özüni nähili garşylajagy barada pikir etmändi, tötänlikde peýda bolmagynyň sebäplerini aýdyp biljek däldi, ony aýtmak gerekmidi bir? Dogry, ol uzak ýoly külterläp barýan maşynyň içinde «Men nirä barýan? Näme üçin? Rahman bu gatnaşykdan soň nähili garşylar, yzyna gaýtaryp: Gelen ýeriňe git diýmezmi?» diýen soraglary pikirinde aýlapdy. Onuň Rahman bilen gatnaşygynda daşyndan göräýmäge ýönekeý samsyk sowuklyk emele gelip, näziň samsyjak kerebine çolaşdy, indem birek-birekden sowaşyp barýardylar. Häzir olar durmuşlarynda, iň gorkuly serhede golaý gelipdiler, herekediň gyssagyny wagtyň belleýänligine, özara düwünlerini bir salym gaýra goýman çözmelidiklerine düşünipdiler. Aýsoltan görýän welin öz-özünden öýkeläpdir, buýsanjyna bäs gelip bilmän näz edipdir. Rahmana men seniň öňüňde günäkär, saňa üns berip bilemok, bagyşla diýdirjekdi, ýalbarjakdy, olam näme ýalbarmaga beýle-de dursun agzyndan söz çykaýsa nädersiň? Eýsem-de ol ýeke ýaşan döwründen razymydy? Ýa-da ýekeliginden razymydy? Ýok. Wagtyň geçip, ýaşynyň uzalyp barmagy, bäş ýyl bile ýaşaýanlygyna garamazdan, çagasynyň bolmazlygy, ony uly iňkise goýýardy, ýöne şol bir wagtda adamsynyň ýolbaşçy wezipede işlemegini, netijede edara başlygy diýip, buýsanç bilen aýdyp bilmegini arzuw ederdi. Bu zatlara Rahmanyň bilimi, ukyby, iş başarjaňlygy ýetýärdi, adamlaryň dilini tapyp işleşip bilýärdi, ýöne Rahmanyň ýolbaşçy wezipeden gaçyp, ýönekeý hünärmentligi saýlamagyna düşünip bilenokdy. Aýsoltanyň ýene bir nysagy bardy, eşikleriň gowusyndan-gowusyny geýmelidi. Bu häsiýet ýaşlyk döwründen galypdy, isledigiçe sowalgasy bolansoň, eşikleriň gowusyny alardy, uly bir kärhananyň ýolbaşçysy bolup işleýän kakasy /ejesi ir ýogalypdy/ ýekeje gyzynyň raýyny ýykmazdy, näme diýse alyp bererdi, ýa-da özüň al diýip pul bererdi. Öýüň hojalyk işlerini, kir ýuwmak, nahar şor, otaglary tämiz saklamak işlerini kakasynyň kätibi bolup işleýän otuz ýaşlaryndaky dul aýal alyp barýardy. Olam gowy geýinmegi hem-de tämizligi halaýardy, bu häsiýeti Aýsoltana hem öwredipdi, has dogrusy yhlas, tutanýerlilik görkezip Aýsoltana gelişjek eşikleri howlukman saýlamagy başarýardy, her pasyla görä alynýan eşikler, indiki ýyl ýene täzelenerdi. Durmuşa çykansoňam Aýsoltanyň häsiýeti üýtgemedi. Ilkinji ýyllaryň kynçylyklary, ýaş çatynjalar üçin hojalykdy gerek zatlaryň, serişdeleriň ýetmezligi edil durmuşda duşýan beýleki kynçylyklar ýaly Aýsoltanyň keýpini bozup bilmedi. Rahman ilkinji günden oňa «Kakaňdan pul, mata-marlak almagy gadagan edýän» diýipdi. Aýsoltanam öýüň ekleýjisiniň ýüzüni gyzartmaýyn diýip, /özbaşdak ýaşap kakasyndan pul sorap ýör, diýseler, gowy däldi ahyryn/ oňa razy bolupdy, ýöne käte isleginiň ugruna ýykylyp, kakasyndan gymmat bahaly zatlary alýardy. Rahman alynýan zatlaryň bahasynyň dükandakydan birnäçe esse ýokarydygyny kän bir seljerip hem duranokdy. Soň-soňlar şol mata-marlaklaryň üstünde olaryň arasynda tersleşmeler ýüze çykdy. Ol Rahman üçin şeýledi, Aýsoltan üçin bolsa tersleşmäge bahana bolup hyzmat edýärdi, näme üçin diýeniňde, Rahman ýekeje gezegem onuň geýimlerine gowy Baha bermändi. Aýsoltanyň gowy geýinmegi üçin parhsyz ýalydy. Ýogsam, beýle-de däldi. Ol aýalyna guwanýardy, daşyna çykarmany, suwjuklygy halanokdy. Hut şu sowukganly hoşamaýlyk Aýsoltanyň gaharyny getirýärdi, sögülenden erbet görýärdi. Rahman muny bilse-de bilmedik bolýardy. Aýsoltan gorky diýlen zatdan öň doglupdy, ýekelik, pulsuzlyk keýpini gaçyranokdy, sebäbi mertebesini belentde saklaýardy. Ol on alty ýaşda ýüzünde emele gelýän düwürtiklere seredip aglap durka kakasy «Bu seniň iň soňky, göz ýaşyň bolsun. Aýna keşbiňi ynanma. Ol seni ütülen jüýje edip görkezýändir, emma sen Sülgün ýaly owadan ahyryn» diýip göwünlik beripdi. Bu sözler Aýsoltanyň gulagynda galypdy. Kakasynyň aýdanlary dogry bolup çykdy, kem-kemden ýüzdäki düwürtikler aýryldy, çöküp ugran duluklar doluşyp ýaňaklar gyzardy, akja endamyndaky damarlardan akýan gyzgyn gan pursadyny eşrede öwürdi. Köçeden barýarka lak atmasalar-da ýaş oglanlar boýunlaryny olara gelip yzyndan seredýärdiler. Şeýle pursatlarda ol özüni diýseň bagtly saýýardy. Gyzlyk buýsanjy ýaly belent, keramatly duýgy bolmaz ekeni, ýöne ol durmuş guranyňdan, ilkinji çaga dünýä ineninden soň hojalyk hysyrdysy, çaga terbiýesi bilen çalyşýardy, Aýsoltanyň welin şol bolşudy. Eýsem ikisiniň arasynda näme bolup geçdi? Aýsoltan oňa düşünmek üçin geçenleri ýatlamalydy, özüne düşünip bilse, onda Rahmana hem düşüner. Rahmanyň Bäşgyzylyň gurluşygyna gaýdanyna bir ýaldan gowrak wagt geçipdi, Aýsoltan üçin welin onlarça ýyla çeken ýalydy. Rahmanyň bir ýylyň dowamynda bary-ýogy dört gezek gelip gitmegi, gelende hem aýak üstünden yzyna gaýtmagy nämeden habar berýär? Ýa-da başga birine köňül berip ýörmikä? Duýdansyz peýda bolan şu pikir onuň üçin diýseň ýakymsyzdy, agyrdy, ýöne çykaryp zyňyp taşlap boljak zat däldi. Eger şeýle niýeti bar bolsa, onda Rahman ýüregini açmaly ahyryn. Aýsoltanyň mata-marlaga bolan höwesinden iň täze nysaklar boýunça geýinmegi halaýanlygyndan başga-da günäsi bardy. Olam soňky ýylynda sazçylyk mekdebi taşlamagydy. Taşlap taşlan zadam ýokdy, ýöne elleri öňküsi ýaly hereket edenokdy, şabram kakuwlar gabat gelende perde elden sypýardy, perde gabat gelende kakuw sypýardy, irginsiz türgenleşikden soň barmaklarynyň azat hereketlerini duýýardy, ýöne lezzet alarlykça duýup bilmeýärdi. Rahmanyň gitmegi boldumy, ýa başga bir täsir ýetdimi barmaklara badak salnan ýalydy. Sazçylyk mekdebinde ol iň ökde, zehinli okuwçylaryň biri hasaplanýardy, indi öňki hyjuwlardan zat galmandy. Oňa ynanasy gelmedi. Saz mekdebini tamamlamak üçin berlen sapaga ýarym ýyllap taýýarlyk gördi, mylakatly, süýji dilli mydama ýylgyrýan, saza baha bermeli bolanda, ýüz görmeýän mugallyma onuň çalan «Gyzdurdy» sazyny diňledi, aljak bahasyny eşitmänkä diýiljek sözi ýüzünden aňan Aýsoltan sowukganlylyk bilen otagdan çykdy. Mugallyma esli salymdan soň çykyp saz barada, sungatyň ähli zady terk etdirýän gazaply kanunlary barada, sazyň keramatyna gulluk etmegi ruhuň bilen duýmak barada gürrüň gozgaman, gaýtam «Sen durmuşa çykdyňmy?» diýdi, Aýsoltan başyny yrap «Hawa» diýdi. «Ýoldaşyňy gowy görýäňmi?», Aýsoltan «Hawa» diýdi. «Örän gowy» diýip mugallym mylaýym ýylgyrdy. - «Haçanam bolsa bir wagt seniň çalýan sazyň haýrana goý-sa men örän gynanardym, sebäbi ýoldaşyňa bolan söýgiň durmuşyň üçin iň ýokary bagtdyr. Şeýle bagtly adamyň sungat bilen bagtyny artdyryp bolmaz». Aýsoltan şeýle baha mynasyp bolmadygyna gynandy, söýgüsiniň hatyrasyna sungaty pida etmeli bolandygy üçin azajyk kemsindi. Ol barada ol Rahmana gürrüň bermändi, ony özi bilmeli diýip hasap edipdi. Bilmeli, şonça-da gadyryny bilmeli, diýip hasap etdi, özem diňe bir sözi bilen däl, kalby bilen, düşünmeli diýdi. Eýsem ol oňa mynasyp dälmidir? Diýmek, ol sungatyny satyp söýgüsini satyn alan bolup çykýa-da? Şol satyn alnan söýgi – öçüp barýar ahyryn. Hut şu pursatyň ýakyn gelendigini aňyp Rahmanyň yzyndan gaýtmanmydy näme? Onsoňam onuň durmuşyndaky şowsuzlyklara Rahmandan başga düşünjek ýok, galyberse-de, ýeke bolmak ikisi üçinem ýeňil däldi ahyryn. Ol Rahmana gerek, Rahman oňa gerek. Hut şonuň üçinem öz aýagy bilen onuň ýanynda peýda boldy. Bu hiç bir düşündirişe mätäç däldi ahyryn. - Düşnükli. – Rahman esli salym sesini çykarman oturanyndan soň seslendi. – Kakaň, çöle nädip goýberdi? - Men oňa maslahat salmadym. Yzymdan bardylar, gaýtdym. – Aýsoltan turdy-da, jygyllaýan agaç düşegiň üsti bilen ýöräp beýleki otaga gözüni aýlady. Täze reňklenen otag, täze gaz peji, sowadyjy enjam, tekjäniň üstüne ýaýradylan azyk harytlary Rahmanyň hor-homsy ýaşamaýanlygyndan habar berýärdi. – Şu otaglarda seniň ýeke özüň ýaşaýarmyň? - Görüşiň ýaly... - Saňa täze salnan umumy ýaşaýyş jaýyndan bir otag beripdirler, senem ony başga birine beripsiň? Şeýlemi? - Hawa, berdim. Ýaş çatynjalara jaý gerek boldy... - Seň özüň şol ýaşlardan näme tapawudyň bar? Senem ýaşamaly ahyryn? - Ýeke özüm nirede ýaşanymda näme? - Olam-a şeýledir welin... - Aýsoltan, men bir zady bilesim gelýär. Sen buý ere görme-görüşe geldiňmi? Ýa-da... - Aý geldim-dä! Gözüm açyp görenim, göwün berip söýenim bar-da munda! - Işlejekmi? - Oturyp bolmaz ahyryn. - Kim bolup işlejek? Sazçylyk mekdebi ýok! - Onda bilemok? Kerpiç çekip, jaý örüp, tokurtga gömüp bilemok. - Hudaýa şükür, şon-a boýnuňa aldyň. – Rahman hezil edip güldi. - Näme? Men aýal adam, ol işleri edip bilmen ahyryn, başaranymy ederin, ketgen ýaly ygyp, darsyllap ýöremok. - Ýok, men onuň üçin gülmedim, tokurtgany ýörüte göterijiler bilen gömýärler. Ol seniň işiň däl. - Şeýlemi. – Aýsoltan ýylgyrdy. – Men tokurtgaň nämeliginem, nädip gömülýäninem bilemok, hyşy-wyşy gözlämok. - Bilmeseň, meýdança işçi bolup bararsyň, kerpiç, agaç çekersiň, reňklemeli bolarsyň. Razymy?... Näme sesiňi çykaraňok? - Men saňa näme diýeýin? – Aýsoltan az wagtdan soň jogap berdi. - Eger bolýa diýsem, senem meni gara işe sokjakda, şeýlemi? - Zähmet çekmäň aýby ýok. - Meň sazandalygym, barmaklarym... - Barmaklar gatamasa saz çalyp bilmez. - Ýeňil maşyn berdilermi? - Hawa... Şol-a bar... Onsuz bu çölde nirä gitjek. - Menem gerek bolsa kerpiç çekerin, laý gararyn, jaý aklaryn, işden gaçýandyr öýtme. Sen maňa dözseň men janyma dözerin. Bir birek-birege düşünişmeli, bu barada köp pikirlendim. Onuň üçin ähli zady ýatdan çykaryp täzeçe durmuşa başlamaly, düşünýäňmi? - Düşünýän, täzeçe ýaşap ýörüs ahyryn, ynha boýun bagym bar, akja köýnegim, täzeje maşynym! - Ýok, beýle ýaşamak bolanok. - Nähili ýaşamaly? Men hi saňa şeýle ýa beýle ýaşaly, ýaşamaly diýdimmi? Eger bilmeýän bolsam öwret-dä, men şäher terbiýesini alan däl. - Görýän welin, sen Ýene-de maňa düşüneňok, ýa düşünmejek bolýaň. - Düşünip düşünmez ýaly näme bar? Sözi alyp gaçjak bolup dursuň. - Aý, ýok, meňki boljak däl-le. – Aýsoltan oturan ýerinden turdy-da, ýany bilen getiren bukjasyna ýapyşdy. Şol wagt jygyllap açylan gapyda Gözel göründi. Onuň elinde iki sany ýassyk bilen ýorgança bardy. - Ynha, häzirlikçe şulary tapdym, Kaka Rejep «Eltip ber, oňuşyk etsinler» diýdi. - A gyz, seňem bu jaýa aýagyň düşsün. – Gözel ýylgyryp Aýsoltanyň arkasyna kakdy. - Sag bol... Aýsoltan eline berlen ýorgan-düşekleri näme etjegini bilmän ýaýdandy. - Rahman saňa garaşdy, şeýle bir garaşdy – Gözel Aýsoltana gözüni gypyp, Rahmana tarap ümledi. – Hudaýa şükür, ahyrym arzuwyňyz hasyl boldy... Uzagyndan bolsun-da. Rahman ýerinden turup penjegini egnine atdy. - Gözel kömek eder, arkaýyn ýerleş, düşekleri ýaz. Eger bir zat gerek bolsa-da aýdarsyň. – Rahman daşary çykdy. - Kaka Rejep seni edara çagyrýar. – Gözel Rahmanyň yzyndan gygyrdy. – Waý, enaýyda, onuň bolşy nätüýsli gyz, edil sallançakdan gaçan ýaly. - Meň gelenime begenýändir – diýip, Aýsoltan jogap berdi... | |
|
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |