00:28 Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy | |
ON ÝEDINJI BAŞ
Romanlar
1. Rahmanyň Şatlykdan adamlary getirjek diýip giden dördünji güni agşamara, ýeke oturan Aýsoltan Täzegüliň peýda bolmagyna diýseň begendi. - Waý, şu gowy bolaýdy, geliň ahyryn. Ýogsam bu gije-de öz-özüm bilen gepleşip geçirmeli boljak öýdýän diýip, saýyl bolup otyrdym. - Siz zähmet rugsadyna çykyp geldiňizmi? - Hawa, bir hepdelik. – Aýsoltan çaý goýup öňki ýerinde oturdy. - Siz Rahman bilen gürrüň Edip oturjaksyňyz. Emma ol gije agzy nanly uklap galýandyr. - Nirede gezip, nädip ýörenini bilemok welin üç gün bäri öýünde ýatanok. - Käte iş otagynda ýatýar diýýärler. Onuň aladasy ýetik. - Men oňa edip biljek kömegim ýok. Aýalyň ahyrky hilesi aglamak. - Soňky günlerde Rahman garaşylmadyk hokgalary çykaryp başlady, işde «Aýaly gelenden soň şeýle boldy» diýip gürrüň edýärler. - Toba, şeý diýýälermi? – Aýsoltan ýylgyrdy. – Gynansamam men oňa dahylym ýok. Görüp bilmesem nädip täsir edeýin? Ýogsa-da gapyň agzynda durma, töre geç. Täzegül aýagyny epdi. - Çaý demläýinmi ýa kofe? Brazil kofesi. - Aý, renç çekip durmaň? – diýip, Täzegül Aýsoltanyň gussaly ýüzüme seretdi. Berseňiz, bu ýeriň ýaşaýyşy agyrdyr. Sazandalar üçin hasam, olaň dünýäsi başga... Men sungat işgärlerine hormat goýýan. Olam, kowumlarynda sazandanyň barlygy üçin bolsa gerek. - Daşyndan şeýle ýalydyr... Hasam seni diňleseler, ýöne sazandalaň kalbyndaky gozgalaňlaram ýetikmikä diýýän. - Menem hut şoň üçin, ýüzüňizdäki galagopluga seredip diýýän. Söýgüli käriňi ýöretjek bolsaň şäherde bolmaly, söýgüli ýaryňy görjek bolsaň ymgyr çöle aralaşmaly. Bu ýerde akja barmajyklaryň gudratyny diňlejek ýok, diňlejek bar-da wagtlary ýok. – Bir zat ýadyna düşen ýaly Täzegül turdy. – Waý, hudaý, men gap-çanaklary ýuwmak üçin suw goýupdym, gaýnap gutarandyr – diýdi-de, gyssagly çykyp gitdi. Täzegüliň çykyp gidenine bolan bolsa bäş minut geçendir, gapyda Gözel peýda boldy. Aýsoltan – Geliber jora! – diýdi. Gözel töre geçdi, Aýsoltan bolsa eşiklerini, bukjasyny ýygnady. - Näme, gidäýsem diýýärmiň? Üç gün ýaşadyň, olam az däl. – Aýsoltan sesini çykarman işini dowam etdi. – Sen näme ol gujagyny gerip garşylar diýip pikir etdiňmi? Hä, şony pikir etdiňmi? - Ýok, men garaşmadym, ýöne meni göresi gelmän onda-munda selpäp ýörse nädeýin? Menem adam ahyryn. Söýýän bolsa beýdip sadylla etmezdi. – Aýsoltan aglamaga başlady. Men halys sulukdym. - Goý, aglama. - Men aglamok, ýaşym öz-özünden akýar. - Sen söýýärsiň... Ýüzüň aýdyp dur. - Men ony ýigrenýän, eşidýärmiň, ýigrenýän! Gözel ýerinden turdy-da, Aýsoltanyň zatlaryny ýere döküp bukjany otagyň burçuna oklady. - Bes et! Düşnüklimi?... Diňle! Näme üçin sen oňa öňki Aýsoltandygyňy subut etmeli däl? Söýýän bolsaň edersiň. - Kime, nämäni subut etmeli? - Ilki bilen oňa, soň özüňe soň adamlara... Sen öz diýenli aýal, açyk agyz aç galmaz etmeli. - Bu ýerde meň nä körüm bar? Ýa-ha kerpiç çekmeli, ýa-da laý garmaly, bolmanda hat ýazýan maşynyň başynda oturmaly... - Zähmediň aýby bolmaz. Biz saňa gowy iş tapdyk. Kak Rejep şu gün «Aýsoltany aşhana ýerleşdirmeli. Rahmana tabşyrypdym» diýdi. Mesele çözmek üçin iki-üç günlük Şatlyga gidensoň Rahmanyň ýadyndan çykandyr. - Kim, Rahman gitdimi? – Aýsoltanyň ýüzi açyldy. – Maňa duýdurman gidiberipdir. O näme etdigi boldugy-ka? - Zyýany ýok, etsin, bizem oňa gowja oýun görkezeris. Özi duýman galar. – gözel Aýsoltanyň gulagyna nämedir bir zady çawuş kakdy. Ikisi hem hezil edişip gülüşdiler. Gözel öz ýüregindäki hasratyny döküşmäge gelipdi, emma jorasynyň hasratyny görüp özüniňkini ýadyndan çykardy. Üç-dört günden soň Aýsoltanyň özi Kaka Rejebiň ýanyna baryp iş sorady, oňa naharhanada işlemegi teklip etdiler, kynrak görse-de häzirlikçe oňa bolar ýaly başga işiň ýoklugyny duýdurdylar, «Birneme garaşsaňyz Şatlyk şäherinde açyljak sazçylyk mekdebine işe ýerleşdireris» diýdiler. Şeýdip ol Täzegüliň ýanynda işläp başlapdy... 2. Täzegül düýn öňňin oba baryp gelipdi, ejesiniň haýyşy boýunça gonamçylyga aýlanypdy, öýe çagyrylan mollaň düşnükli-düşnüksiz maslahatlaryny diňläpdi, köňli giňär, rahatlanar, pikiri durlanar diýipdi. Ýangyny suw sepip söndürişleri ýaly olam keramatly sözleriň peýdasy deger diýdi, mollaň maslahatlary welin köňlüne täsir etmedi, aýdylanlar bir gulakdan girip beýlekiden çykdy. Ine, häzirem metjidiň deňinden ýaňlanýan mollaň sesi onuň gulagyna eşidilip duran ýalydy, ýöne kalbyna siňenokdy, gyzgyn ganynyň sowamagyna kömegi degenokdy. Gaýtam, uzynly gün ýüregi gysyp durdy. Çary gyzgyn gollary bilen berk tutýar, olam ondan boşap bilmeýän ýalydy. Diýmek, güýjüne erk edişine ynamy ýok. Çary bilen gaýdyp gepleşmen, ýüzüni görmen, golaýyma getirmen diýip özüni aldapdy. Gaýtam, görmän oňan birnäçe günleri onuň gözüni açypdy. Indi ol näme etmelidigini gowy bilýärdi. Çary welin gara berenokdy. Belki Täzegül öýünde bolanda gelip gidendir, belki Aýsoltandan utanýandyr? Ýeke özi işleýärkä, ýanyndan aýrylmazdy ahyryn. Şonda näme üçin oňa diýjek sözüni diýmändir? Okan ýyllary yzyna az düşdümi? Keselhanada ýagdaýyny sorap az geldimi? Täzegül gözli kör bolupdyr, onuň yhlasyna kör gözi bilen seredipdir. Hawa, onuň gözi, köňli kör, gulagy ker bolupdyr. Indi gysylyp kükrekden çykjak bolýan ýürek Çaryny bir görmese rahatlanjaga meňzänokdy, hawa, Täzegül hut Çaryny küýseýärdi. Goý, Çary daşdan geçip gitsin, gözüniň gytagy bilen seretsin, şonda köňli rahatlanjaga çalymdaşdy. Oňa ondan başga hiç zat gerek däldi, hiç zat! Bir pursat gözüne ilse bolýar. Ýanyna golaýlaşmak ýa-da (Onuň golaýlaşmagy hiç bir jähtden bolmaly zat däldi) gujaklamag-a beýlede dursun barmajygynam degirjek däldi, daşyndan synlap köňlüni şatlandyryp bolýandygyny öz-özüne subut etjekdi, şondan soň ýüregi ýerine geljekdi, kalbyna, şatlyk aralaşjakdy. Çara bu oý-pikirlerini aýtmalydy, ýagşylyk isleýän bolsa Täzegüliň aýdanlaryna gulak asmalydy. Täzegül şol gün kelemden dolama, içi kartoşkaly etli çorba taýýarlapdy. Dolama hysyrdyly nahardy, iki adamyň iki ýüz gowrak işgäri naharlamaga güýji ýetjek däldi. Şonda-da dolama taýýar edildi. Aýsoltan bu ýerde işeňňirligini görkezdi. Täzegüliň garaşyşy ýaly Çary iliň soňragynda, geldi-de naharhananyň eýwanyndaky boş oturgyçlaryň birini çekdi. Adamlaryň nobady gutaran badyna ol aşhananyň äpişgesine geldi. - Gyzlar, salam. Çary peýini tapyp gylawlandy - Salam, Çary. – Täzegül bir elinde jäç okara, bir elinde susak doňan ýaly boldy, endigi boýunça nahar guýmalydy, emma sypdymy ýa-da başga bir sebäp boldumy okara ýere gaçyp çym-pytrak boldy. - Zyýany ýok, jäç döwülse ata-babalar gowulyga ýorýar ekenler, bagtyň açylsyn! – diýip, Aýsoltan döwükleri ýygnamaga durdy. - Gelneje agzyňyzdan Hudaý eşitsin! – Çary şeý diýsede Täzegüliň elindäki susagy özüne, susagyň sap tarapyny aýagyna, susak tarapyny kellesine meňzetdi. Täzegül susagy sypalaýar welin, öz kellesi sypalanýandyr öýdýär. - Täze!... Täze... Täze, maňa dolamadan azajyk guýaý! - Dolama guý diýdiňmi? – Täzegül ukudan oýanan ýaly boldy, dili şeý diýse-de ýüregi «Gözleriň ýoluňda intizar galdy, günüm ýyla döndi, öňki duşuşygyň jana ýakymly täsiri aýrylanok, eliň deý kamatym islegiňdedir» diýýärdi. Nahar iýip otyrka göreçler tapyşdy, bir-birine düşündi. Diýmek, Täzegül onuň hereketleri üçin gaty görmändir, diýmek, Çary hoş söze garaşyp biljek. Näçe ýyldyr yzyna düşüp ýörenem bolsa ahyrym göreçler bir-birine düşünip, yhlaslar birikdi. Täzegül bu gün «Ýadansyň irräk gitde, dynjyňy alaý!» diýjekdi, emma Aýsoltanyň öňürdip rugsat sorady. Täzegül şondan soň näçe wagtyň geçenini bilenok, näme edýänini bilenok, gap-çanaklaryny tertibe salýandyryn öýtse-de, gaýtam ýakynynda Çaryň duranyny bilip aljyraýar. Täzegül häzir oňa göwnündäkini aýdar, öňküsi ýaly birek-birek bilen görüşip bilerler goňşy hökmünde ýakyn syrdaşy hökmünde duşuşyp bilerler, şonuň bilen kanagatlanmaly bolar, eger Täzegüle ýagşylyk isleýän bolsa, mertebesini peseltmejek bolýan bolsa, ýöne adynyň tutulmagy ýaňaklaryny nar ýaly gyzartdy, başy aýlanyp gap-çanak goýulýan tekjeden kömek isleýän ýaly ýaplandy, birnäçe wagtdan soňam – Sen meni nä güne saldyň, Çary! – diýip, naýynjar seslendi. - Täzäm, gorkýarmyň? - Hawa, gorkýan. - Gorkma, men saňa hiç zat edemok ahyr... Onsoňam «göwün barmasa aýak ýörmez» diýipdirler. «Wah, Çary ony ne güne saldy, gördügi aljyrady, özüni ýitirdi, edenini – goýanyny bilmeýänden boldy, diýjegini diýip, aýtjagyny aýtmaga bokurdagy gurady, ysgyny gaçdy, suwa gaçan ýaprak ýaly gaýdy ýördi, akym Ugry boýunça gidip barýar, ýok, Çaryň ýanyna ýüzüp barýar. Ýok, ol indi çydap biljek däldi, iç döküşip oturasy, syr alyşasy gelýärdi. Aşhana mukaddes ýer, munda kelläňe hapa pikirleri getirmeli däl. Goý, Çary elini uzadyp durmasyn-da gitsin, birden eli degse ýene baş aýlanar, ysgyny gaçar. Gowusy bu ýerden basymrak çykmaly...» Olar aşhanadan çykyp diwaryň günorta ganatyndaky oturgyçda çökdüler. - Täzäm, seniň kaddy-kamatyňy görmän oňup bilemok. Iki hepde meň üçin ýyla döndi, uklap bilmedim. Sen menden gorkma. Eger göwnemeseň men saňa barmagymy batyrman. Seň islegiň garşysyna gitmek ölüme ýakyn bir zatdyr. Nirede bolsaňam, menden arkaýyn bol. Täzegül ondan gorkanokdy. Gep bu ýerde gorkuda däldi ahyryn. Çary göwnüne deger ýa-da gödeklik eder diýip ýatsa-tursa oýuna-da getirenok, onuň sadadan, adamkärçilikli ýigitdigini ýaňy bilmeli däl. Ýöne gorkýar, nämeden gorkýanlygyny özem bilenok, ýogsam gorksa diňe özünden gorkmalydy ahyryn. Geçen gezek bedeni oňa gulak asman tas ir zadyň üstünden barypdy ahyr. - Çary şular ýaly zatlar gaýtalanmasyn, käbir hereketleriň çäginden çykýar, sabyr bilen dag ýonular diýipdirler. Bu sözlerde galgopluk, gorka ýugrulan aýgytlylyk duýulsada, balkyllaýan gözlerde, mähire ýugrulan göreçlerde edil mahmal ýaly ýumşaklyk bardy. Çary ony süňňi bilen syzdy, şol sebäplem soňky aýdylan sözler gulagynyň ýele ýanyndan geçdi, gijäp barýan eli Täzegüliň egnine düşdi. - Aklyňa aýlan. – Täzegül şol bir sözüni gaýtalasa-da, ol Çary üçin «Bäriňe aýlan» bolup eşidildi. Täzegül eşitmek isleýän sözüne, ýigidiň köňlündäki dileg-arzuwyna «Men seni söýýän» diýmegine garaşdy, belki, şol sebäplem «Aklyňa aýlan» diýýändir. - Çary, ýagşylyk etjek bolsaň beýtme! – diýse-de, Täzegül Çara tarap ymtylýan ýalydy. - Täzäm meni diňle! Mundan artyk çydap bilemok. Men... Men seni söýýän. Söýýän... Söýýän! Ataşlaryň meni dowzaha dykmanka halas et. Men sensiz oňup biljek däl. Gije-gündiz didaryňa zar gözler, intizar ýürek seni küýseýär. Men bulary saňa şu gün aýtmasam bolanok. Men seni söýýän. Maňa näme diýjek? Jogabyňy şu gün eşitmeli, hökman şu gün. Sabyrly bol diýýäň, sabyryň aýak ujy gabyrdyr. - Toba, toba, - diýip, Täzegül agzyny tutdy. – Näme diýip, dursuň oglan utan! - Täzäm, men saňa ýüregimi aýdýan, ýalan sözlejek, ýamanlyk etjek, göwnüňe degjek bolamok, öz hereketlerimden utanar ýaly derejä ýetemok. Diňe ýüregimden çykýan sözi aýdýaryn. Men seni söýýän. Söýýänligim üçin utanman. Sen maňa git diý, giderin, gel diý gelerin, näme et diýseň ederin, ýöne ýanyňdan aýrylman. Has dogrusy, senden soragym jogap alman gitmen. Heniz hiç kimiň ysgamadyk bägül ýaly ysyňdan doýman gitmen. Täzegül Çaryny diňlede, ýüregi welin eşitmek islän sözüni ilkinji ýola eşidenligi üçin bökdi, kalby joşdy, begenjini gizlejek bolup ýüzüni sowdy. Hawa, ol Çaryny barlap gördi, synap, synlap gördi, kem tapmady. Ol synagdan geçdi, indi näz etmegiň geregi ýokdy. - Täzäm soragyma düşünen bolsaň garaşýan. - Näme beýle gyssanýaň oglan, göçüň geçip baranog-a. - Hawa, göçüm geçip barýar. Bäş-alty günlükde kakamyň ýanyna bardym. Ol ejem bilen gelinlik gözlegine çykjak bolýar, oňa razylygymy soraýar. - Sen näme diýdiň? – Täzegül howsala düşdi. - Bir hepde, on gün puryja soradym. - Puryja soradym diýsene. Täzegül Ogulhajat barmagyny döwäýjek boldy. - Indi kakama näme jogap bereýin? - Ýüregiň näme isleýän bolsa şony diý! - Täze ýüregim seni küýseýär. Maňa diňe sen gerek, sen! - Bolýa, onda maňa-da azajyk pursat ber. Menem göwnüme geňeşeýin. Täzegül bu sözi ýöne bir öz ugruna aýdyp goýberdi, ähli zada gözi ýetip dursada özüni gerekledesi, mertebesini has-da artdyrasy geldi. - Täzäm, indi meň garaşmaga wagtym ýok. - Toba, ertire çenli bir garaş ahyryn. - Ertire garaşaryn. Irden jogabyňy eşidip göni kakamyň ýanyna giderin. Bolýamy? - Bolýa. - Häzirlikçe hoş onda. Sag-aman ýatyp tur. Gijäň rahat bolsun. Täzegül bagtly gözleri bilen Çaryny ugratdy, misli bir uçup barýan ýaly ellerini gerdi-de, soňam ýüzüni tutup sessiz aglady, ýok ýüregi gülýärdi, gözündenem ýaş paýrap dökülýärdi. Şu ýerde ýene-de bir üýtgeşik waka bolup geçdi, güýz aýlarynyň aýagynda garaşylmadyk ýerden ýyldyrym çakdy. Bu alamaty gowulyga ýoran Täzegül aşhanaň gapysyny gulplady. 3. Ýakyp barýan günüň astynda gurap, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny dişleýän Myrat ürgün çägä arkasyny berip ýatyrdy, suwsuzlykdan ýaňa näme etjegini bilmän gözýetime perwaýsyz garady. Gözýetimi aňňat-aňňat tükeniksiz çägelik, tokaýlyk, şol tokaýlyga siňen Gözeliň garasy görüner diýip garaşdy. Emma Gözeliň gidişi gidişdi... Myrat Gözel bilen Aýsoltany Bäşgyzyla alyp gelen güni bir hyýaly münüpdi. Gözel özüne garşylyk görkezmegine namys eden kişi bolup (ol şu güne çenli aýal maşgaladan garşylyk gören ýigit däldi) – oňa gowy «sapak» bermegi ýüregine düwdi. Onuň üçin amatly pursada garaşdy. Iki günden şol pursat geldi, ýanyna Gözeli goşup ony Garagum derýasynyň boýunda gurulýan desgadan reňk alyp gelmäge iberdiler. Güýzüň negä bir bolýan yssy günleriniň säheri Bäşgyzyldan çykan maşyn esli ýöräp ýol çatrygyna bardy-da, gündogara öwrüldi. - Nirä öwrülýäň, biz günbatara gitmeli – diýip, häliden bäri sesini çykarman oturan Gözel sorady. - Şu ýakyndaky çopan goşuna degip geçmeli, çörek sargadylar – diýip Myrat ýalan sözledi. Gözel oňa ynandy. Umumanam ol gaty ynanjaň gyzdy, onsoňam sürüji öz Myrady, ýüreginiň alany, ýanýoldaşydy. Myrat esli ýöränden soň maşyny ýoldan sowdy, bir oýa ýetip saklady, soňam «Geldik, düş maşyndan» diýdi. Gözel maşyndan düşmän «Nirä geldik? Çopan goşy nirede?» diýip sorady. «Çopan goşy şu depeden aşan ýeriňde, ýör, bileje baryp gaýdaly, ýogsam olaň erbet itleri bar, maňa ýoldaş bol!» diýip Myrat ýalbardy. Gözel maşyndan düşüp, «Onda nanyňy al» diýdi. Myrat Gözeli garsa gujaklady-da «Ine, meň nanym, ine meň suwum» diýdi, «Myrat oýun etmäge wagtym ýok, reňk gutardy, işgärler garaşyp dur. Çaltrak çopanyň goşuna baraly-da, gideli» diýip, Gözel bilinden Myradyň elini aýyrjak boldy, emma ol «Maňa çopan goşy gerek däl, sen gerek» diýip Gözeli göterdi. Gözel şondan soň onuň ýüregine düwen bet işine düşünip galdy. Kän bir gaharlanyp ýörmese-de, häzir saklanyp bilmedi «Myrat sylagyňy bil, häzir bu oýunlaryň wagtam däl, ýerem, onsoňam men saňa aýdypdym, haçan toý edersiň, şonda seňki diýip... Eliňi uzadyp oturma... Bu oýnuň başa barmaz...». Wah, Gözeliň janynyň ýanýan ýeri gelni bolup-da, oňa keseki ýaly ýapyşmagydy, haram keýpini kanagatlandyrjak bolup, mekirlige, ýalançylyga ýüz urmagydy. Hi, öz aýalyna şeýle ýol bilen zorlajak bolýan samsyk ymmatda barmydyr? Ýokdur! Öz aýalyň ýanyna bar, düşüniş, gepleş, dilini tap, agzybir ýaşa! Myradyň oňa öýlenmek niýeti ýok bolmaga çemeli, bar bolanlygynda beýle güne salyp ýörmezdi ahyryn! Bulary aňynda aýlan Gözel mekirlige ýüz urmagy ýüregine düwdi. «Myrat, meni halys goýmajak bolsaň onda dur, özüm islegiňi kanagatlandyraýyn!» diýensoň, Myrat ony goýberdi. «Bolýar, bar onda» diýdi. Gözel depeden aşdy-da köwşüni elline alyp aýlaw ýoda bilen uly ýola düşdi, ondanam çatryga çenli ylgady, oňat şol ýerde suw alyp gelýän Arslan atyja duşup Bäşgyzyla gaýtdy. Rahmana «Myradyň maşyny ýolda döwüldi» diýip başga ulag bilen reňk almaga gitdi... Myradyň bulardan habary ýokdy, Gözel geller diýip garaşyp ýatyrdy. Ahyrym aldawa düşenini bildi-de, yzyna öwrülip gaýtmak üçin iki depeden aşdy, şol ýerde maşyn çägä sokuldy, dyzadyp-dyzadyp gowy batyrdy. Ine, indem gün aýak bolup barýar, maşynyň aşagyna çöp-çalam atsa-da, eli bilen gazsa-da edibilýän zady ýok, Gözel oňa «niýetiň düzüw bolmasa heläk bolan ýeriň köpeler» diýýän ýalydy. Ol maşynyň aşagynda ýatan ýerinden dulugynyň üstünden ýöräp barýan haýsydyr bir möjegi eli bilen kakyp goýberdi, damarlarynyň gürsüldemesi güýçlendi, şeýle çykgynsyz güne düşende kömek ýetişmese adamyň heläk boljagyny aňynda aýlady, ýumrugyny düwüp akyp ýatan çägäni ýumruklady, batnyksyzlygyny atdy, öz-özüne sögündi... Henize çenli zadyň gamyny etmän, iýip-içeýin diýse islänini edip bilýän adam azajyk çäklendirilen ýagdaýynda köp zadyň pikirini eder ekeni, durmuş barada, ýagşy-ýaman barada, gowy, erbet etmişleriň barada pikir eder ekeni... Gözel bilen şäheriň gözel meýdançalarynda isledikleriçe gezişlerini ýatlanynda şol günlere gözi gitdi, erkinligiň şeýle ezizdigine düşünmän kyn gününde ýadyna düşýändigine gözüni ýetirdi. Gazaply çölde ýeke galýan adamyň heläkçilige uçramagynyň ahmaldygyny barada pikir edende bolsa gözünden alaçsyz ýaş düwmeleri syrygdy, bu pikir kellesine çümýän ýaly täsir etdi, eýsem ol maşynyny bu ýerden çykarman iki elini burnuna sokup işe barsa, Rahmana näme jogap berer? Kömeksiz, çykjak gümany ýok, kömek geller diýip garaşanyň hem peýdasyz, bu ýerde kim seni idejek, kim saňa suw berjek! Onuň haýsy ýerde batanlygyny Gözelden başga bilýän ýok, olam hiç kime hiç zat aýtmasa dur onsoň itinip... Niredendir bir ýerden güwwüldi eşidilýän ýaly bolanda ol durky bilen gulaga öwrüldi, demini alman diň saldy, emma ses ýokdy, iň bolmanda asmandan uçup barýan uçaryň sesini eşitse-de şu wagt begenjekdi. Ýogsam, ýaşaýan ýeri uçarlaryň ýakynynda ýerleşeni üçin güwwüldi ýigrenýän zady-dy... Birden ejesi gözüniň öňünde peýda boldy, ol öňküleri ýaly käýinmän, iýdirjek-içirjek, arassa geýdirjek ogluny ir gözinden öýüne dolandyrmak, gün doganda öýüne gelýän ogly bolsa «Ejem şu gün ir geldim, bellik et» diýip degişjek! Ýaşlykda başyndan geçmeýän zat ýok ekeni, şäher etegindäki obaň bagyna girip, erikdir almadan içini dolduryp haýatdan bökjek bolanda ol tutuldy, garawul paýhasly ýaşuly sögmedi, urmady, döwen şahalaryny özüne getirdip «Al, şuny ene-ataňa görkez, özüm döwdüm diý, goý, olar saňa çäre görsünler» diýdi, hi, Myradam ony gaýtam, köpriň aşagynda ýatyp bazara barýanlaryň eşeklerini ürküzdi... Bular ýaly wakalar köp bolupdy, her hili ýagdaýda-da ejesi oňa käýemezdi. «Näme üçin ejeme gulak asmandyryn» diýip, ol başyny ýaýkady... Indi bu bolan waka näme diýjek? Gözel elinden sypdy, ony gowulyga ýordy, nähili hem bolsa Bäşgyzyla baryp onuň bu ýerdeligini aýdar... Geçmeli aralygyň pyýada ýol däldigini hakydasyna aýlanda bolsa, umyt uçgunlarynyň daýanjy aýagynyň astyndan sypyp giden ýaly, ysgynsyz başyny ýaýkady, guran dodaklaryny gyzgyn çägä urdy. Ol indii nätmeli? Maşyny nädip çykarmaly? Ejesine, kakasyna bu wakany nähili düşündirmeli... Ol öňürti Gözel bilen duşuşmaly, Jeýhun ýaly joşgunly durmuşynda ilki duşan gyzyň ugruny tapyp köşeşdirmeli, özüniň bu bolgusyz hereketleri bilen göwnüne degeni üçin ötünç soramaly, ýogsam, onsuzam Myratdan göwni galansoň bir ýerlere arz etmegi mümkindi... Ýeri, uly ýoldan çykyp çägeligiň içine maşyny sokmak nämäňe gerek boldy diýsene... Wah, paňkelle... Gözeliň ýeňil kelle däldigini bilýärdi ahyryn... Günüň endamyňy ýakyp barşy bilenem, masgaraçylykly waka bilenem oňuşsa boljakdy welin suwsuzlyk belasy erbet ekeni. Agşam gowy keýpini kökläp, ir bilenem çaý içmän işe çykansoň suw içesi gelip, edil möjek ýaly uwlaberesi gelýärdi... Ýekeje owurt suw bolsa kellesiniň şatylamasam, gulagynyň güwwüldisem ýom-ýok boljakdy. Dur-la..., dur-la... Myrat hasyrdap ýerinden turjak bolanda maşynyň bir ýerine kellesi degip ýykyldy. «wah, waheý» diýip, emedekläp maşynyň aşagyna girdi-de suw kiltini açdy, dökülýän suwa agzyny tutdy... Ýagjymak posly suwuň iki owurdyny açgözlik bilen ýuwtdy. Iki owurt suw! Ýaňy ýekeje owurt bolsa bolýar diýýädi, häzir iki owurt içdi, agzynda galan pos böleklerinem ýuwdup goýberdi. Myrat şu güne çenli suwuň örän gymmat zatdygy barada pikir etmändi, ýuwunsa bol-elin dökdi, suwa düşende dagy hasap etmän üstünden agdardy, öýlerindäki suw kiltini ýapmalydyram öýtmedi, ýaponlarda, Hindistanda suw ýetmezçiligi barmyşyn diýip eşidende meseläniň şeýle wajyplygyny aňynda aýlamandy. Myradyň gulagyna çybşyldy eşidilen ýaly boldy, diň saldy, birden ony gözläp ýören bolmasynlan diýip pikirlendi, ýöne kim ony gözlesin? Gözelden başga onuň nirdeligini bilýän barmy? Gözel Artyga, Arslan atyja duýdursa bilemok... Şu etmişinden soň ony näme üçin gözlemeli... Beýdip adamlaryň ýüregini bulap, haram keýpi üçin masgaraçylykdan, gaýtman ýörse onuň ýiteni gowy. Ýitse ýitipdir diýerler goýarlar, tapylsa ýene-de şol öňki endiklerine başlar... Gulagyna eşidilýän çybşyldy indi güwwüldä öwrüldi, depeme-depe ylgap Myrady gözleýän Artygyň keşbi göz öňünde peýda boldy. «Artyk, sen meni tap.». - Artyk – diýip Myrat gygyrdy-da, maşynyň aşagyndan hasanaklap çykdy. Hakykatdanam güwwüldi gelýärdi, gün ýerine giripdi, ýöne heniz ýagtydy. Myrat ylgap depäň üstüne dyrmaşdy. Birnäçe wagtdan soň depede maşyn göründi, ol azajyk saklagdy-da, Myrada tarap gaýtdy... Bu gelen hakykatdanam Artykdy, ýanynda Gözel bardy. - Reňk alyp gelýädik welin, Gözel «Myradyň maşyny batdy, çykaraly» diýip bärik sowdy, düşünmedim, bu sowa ýerlere nädip düşüp ýörsüň, how! – diýip Artyk sorady. - Daş bolmadyk ýerde çopan goşy bar, şolara nan eltip bermelidim – diýip, Myrat özüni aklajak boldy. - Çopan goşy ýoldan ilerde, gaýrada ýok, maňa ýalan sözlejek bolma? - Onda men azaşandyryn. - Hawa, sen azaşypsyň! Durmuşdan azaşypsyň... Gözel ýalbaryp duransoň gaýdaýdym. Özüň bilen deň bolsaň-a... Adam tanaman geçjek. Ýeri bolýa, ýöret maşynyňy, dak yzyma... Artyk tigirleriniň ýellerini azaldyp Myradyň maşynyny oýdan çykardy... Olar iki tirkeşik bolup Bäşgyzyla gaýtdylar. Bolup geçen waka barada Gözel hiç ýerde dil ýaramazlygy Myrady diýseň tolgundyrdy, ol ony masgaralajak boldy, Gözel ony halas edýä, Myrat ýaman niýet bilen geldi, Gözel ýagşy niýet bilen halas etdi. Ol muny nädip düşündirjegini bilmedi... Gözeliň adamkärçiliginiň ölçegsizligi hakda welin pikir etmedi... 4. Üç ýyl mundan ozal mallary ýazmaga çykarylanda goýun bakyp ýören çopan düşläp geçipdi. Şirin çopana süýtdir, gaýmagyny gysganmady, çopan bolsa onuň sag bolsunyna gözi ýaňy açylan alaja köpegi sowgat berdi. Şirin oňa Alabaý diýip at goýdy hem-de ony kakasyna, Baýram aga görkezdi... baýram aga köpegi synlady-da: - «It eýesine uçursyz wepaly jandar bolar ekeni» diýipdi. Köpek adam boýy, hakyky türkmen iti bolup ýetişdi. Indi ol ýazlaga çykylanda mal garany möjekdir guşdan gorady, käte Baýram agaň ýany bilen awa gitdi... Baýram aga bir gezek Alabaýyň gaýduwsyz itdigine gözüni ýetirdi... Awda oňa möjek gabat geldi... Alabaý buýruga garaşman möjegiň söbügine mündi, şol gidişine Baýram aga ony ertesi günorta ýakyn ölen möjegiň ýanynda tapdy, özem ýaralanypdyr, möjegem alyp ýatypdyr. Baýram aga şonda Alabaýyň hakyky köpekdigine, käbir itler ýaly eýesiniň göwni üçin iki depe aşyp, möjegi birki ýapy aşyryp dolanaýjakdan däldigine gözüni ýetirdi, diýmek, Alabaý düwünji güjük enesiniň güýji daşgynka dogran güjügi bolmalydy, beýle it gujurly, gaharjaň, ýarak gaýduwsyz bolýardy. Diýmek, şol çopan «Itiň düwünji bolmasyn, gelniň ýegençi bolmasyn, äriň ýüwürji bolmasyn, sanaja unuň girmesin» diýen ýörelgä eýerip ganjygyň ilkinji garnynda guzlan güjügini gömmäge dözmän Şirine sowgat beren bolarlydy. Baýram agaň asly käri çopan bolansoň köpege gowy terbiýe berdi, gulagyny-guýrugyny kesdi, käte şondan çekinmänem durmady, hasam soňky günlerde Alabaýyň nirädir ýitirim bolmagyna düşünip bilmedi, ýala gelýän itlere, möjeklere gidendir diýseň o pasyl hem däldi, ýöne käte Garagulagyň sesini eşidýärdi, şu töwereklerde birdir-ikisi bardy. Alabaý Baýram aga nämedir bir zatlary gürrüň berýän ýaly gündogara seredip irginsiz üýrýärdi, aýlanýardy. «Näme, bir zat çakdymy?» diýip ol itiň eýlesine-beýlesine seretdi, görünip duran çişiň ýoklugyny görüp rahatlandy. Bir gezek ýylan çakanda Alabaý şeýle başagaý bolupdy, aýagy çişip öl-suw derläpdi, bir ýerde ýatyp kanagat edenokdy, oňat edil şol gün sygyrlara sanjym etmäge mal doktory gelipdi. Baýram aga ot-elek boldy, ýalbardy, doktor bolsa «Ýa, Baýram akga, senem-ä, beýdip ser-sepil bolup ýörme ahyryn, itdirdä, ölse ýene birini edinerler» diýdi. Baýram aga bolsa «Wah, inim, sen ony diýme, Alabaýy janymdan eziz görýän, ol meni ölümden gutardy, kowalap gelýän tilkim sürene girdi, men ädikli aýagym bilen ony çekip çykarjak bolanymda gürp edip kellämden özge ýeri gum basdy, şonda Alabaý gazyp çykardy, heý, onsoň men ony gowy görmenmi» diýdi. Garaz, şol gezek sanjym bilen Alabaý öýüne geldi... It öýünde bolsa adam arkaýyn ýatar ekeni. Ata-babalar goýun itiniň sarpasyny belent saklapdyrlar, gaty ir döwürden eldekileşdirip, mal-garany goramak, ýaryşlara gatnaşmak üçin peýdalanylypdyrlar. Onsoňam gardan, gordan gypynç etmeýän, sesine eýerip duran, edil ýerden çykan ýaly, sakdan sarly syrtlan toýnak, Alabaý ýaly köpekleri ösdürip ýetişdiräýmek her kişiniň işi däldi, kellesi şeş-şeýle köpegi gören eýmenjekdi, diňe göwsi bilen kakybam möjekleri ulukjyn aldyrjakdy. Dogry, Alabaý Baýram agaň iti däldi, ýöne ony öz iti hasap edýärdi, özi iýmän ilki Alabaýy naharlardy. Bir gezek awa gidende Garagulakdan heder edişini welin halamandy, hiç zatdan gorkanok diýip ýördi welin beýle däl ekeni, kim bilýär jyny pes gelýändir, çekinýän ýeri bardyr-da... | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |