20:46 Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy | |
ON SEKIZINJI BAŞ
Romanlar
Iki adam maşynlar toplumyndan düşüp gaz ýygnaýgy nokadyň uly meýdançasyna seretdiler. Olaryň biri uzyn boýly, egni ýeňsiz köýnekli, gara galstukly adam, beýlekisi horja, orta boýly, gözi äýnekli görmegeý aýaldy. Onuň egninde keşdeli keteni köýnegi, elinde ýüzüne türkmen halysynyň göli çekilen bukjasy bardy. Özem wagtal-wagtal «Ine görüñ» diýýän ýaly bukjanyň ýüzüni uzyn barmajyklary bilen sypaýardy. Kaka Rejep olary gazy howa bilen sowadyjy enjamlar toplumynyň meýdançasyna alyp geldi, gurluşygyň gidişi barada düşündiriş berdi. Rahman bu wagt şol enjamlaryň binýady guýuljak çukurda Çary bilen ölçeg işlerini geçirýärdi. Ol öz üstüne abanyp duran adamlary aşakdan synlady-da, «Gorkmaňda geliberiň.» diýdi. Myhmanlar bir-biriniň ýüzüne seredişdiler, aýal adam dodajyklary müňküldedip ýylgyrdy. Şäher häkimliginden biri «Nämä goşulýaň?» diýýän ýaly Rahmana gözüni alartdy. - Gorkman hem duramzok – diýip, aýal bukjasyna goltugyna gysdyrdy. – Siz iş eşikde örän haýbatly görünýärsiňiz. - Ol göwnüňizedir. – diýip, Rahman güldi. - Siziň sözüňize ýürekden ynanasym gelýär, edýän işiňiz, tutan tutumyňyz guwanarlykly. – diýip, aýal adam mylaýym ýylgyrdy. Onuň owadan gözleri, açyk ýüzi çagaňky ýaly sesi sadalykdan habar berýärdi. - Türkmeniň tutumy mydama-da ýokary bolupdyr. Bolaram enşalla. – diýip, Rahman jogap berdi. - Wagtymyz gyssagly. Hany işiňi goý, öňe düşde, aşgabatly myhmanlary işleriň bilen tanyşdyr. – diýip, Kaka Rejep Rahmana ýüzlendi. Rahman çukurdan çykyp meýdançanyň içindäki enjamlaryň, desgalaryň ähmiýetini jikme-jik düşündirdi. Myhmanlar kellelerini yrap yhlas bilen diňlediler. Haçanda olar gaýtmakçy bolanlarynda Rahman ýanynda duran Çara gözüni ümledi. - Türkmende myhmany sowgatly ugratmak däbi bar. – diýip, Rahman Çaryň uzadan bukjasyndan kitap çykardy-da, myhmana gowşurdy, kitap Magtymgulynyňkydy. - Magtymguly, özem iňlis dilinde, seret muňa Ýusup! – diýip, aýal joşgunly seslendi. – Näme üçin iňlis dilinde? Kim muny okaýar? - Men okaýan. – diýip, Rahman jogap berdi. – Başga-da okaýanlar bar. Ine, Muhammet, Artyk iňlis dilini öwrenýärler. - Eý, Hudaý bu nähili geň – diýip, aýal äýnegini aýryp gözüni süpürdi, soňam adamlaryň arasynda duran Muhammet Bege garap – Siz bulardan başga haýsy kitaplary okaýarsyňyz? – diýip sorady. - Men ýaňy-ýakynda general Skobelewiň gündeligini okadym. - Skobelew diýdiňizmi? Ol köp ýalňyşlyklar goýberip, türkmen topragynda uly gyrgynçylyga ýol beripdir. Şeýle adamyň ýazgylaryny okamak gerekmi-kä bir? - Duşmanyňy tanamak üçin ilki bilen olaryň ýazgylaryny öwrenip, güýçli, gowşak taraplaryna göz ýetirmeli, soň baha bermeli. Her halda şeýle adamlar öz ýurdunda-ha hormatlanylypdyr. - Ol Türkmenistana baýlyk toplamak üçin gelipdir. - Ýok, ylalaşyp biljek däl. Ol diňe basybalyjylykly niýet bilen gelen. - Men siziň ägirt gurluşygyňyz bilen tanyşmak üçin geldim. Gözellik diňe bir Aşgabatda ýa-da şäherlerde däl, ymgyr çölüň içinde hem saklanylýar ekeni. Meniň oňa gözüm ýetdi, eliňize güller bitsin, oglanlar. Gaýrat ediň, halal zähmetleriňiz bilen baýadyň, gözelleşdiriň. – Ol oglanlar bilen hoşlaşdy. – Bu sowgatlaryňyz üçin köp sag boluň. Siz maň auly hormat etdiňiz. Myhmanlar hoşlaşyp gidenlerinden soň Kaka Rejep bir pursat saklanyp: - Paýtagtdan gelenleri getirdim welin, ýüňsakgal etmediňiz! Sag boluň! – diýdi. – Bir haýyşym, gaz ýygnaýjy nokar örän jogapkärli desgalaryň hataryna girýändir, munda işiň hiline örän pugta üns beriň. Size ony ýatlatmak gerek däldirem welin, aýdaýdym. Gaýrat ediň! – diýdi. - Skobelewi okaýan diýdiň-ow! – diýip, Rahman Kaka Rejep gidenden soň Muhammede ýüzlendi. – Halky gyrgynçylyga salan adamyň adyny tutmagam günä hasap edilýändir. - Ýok, bu nädogry pikir. Duşmanyň türkmen barada ýazanlaryny bilmeli ahyr. - Okamasamam bilýän, Skobelew özüne batyr, dogruçyl diýip Baha berýär. Biz ony nähili tanaýarys? Umuman geçmişimiziň we gelejegimiziň hatyrasyna onuň ady... - Bagyşla. – diýip, Muhammet onuň sözüni böldi. – Seniň tutanýerliligiňe gözüm gidýär, geçmişi bilenem, geljek bilenem gyzyklanýaň. Meni bolsa diňe şu gün, şu pursat biynjalyk edýär. Maňa ony oka, muny oka diýýärsiň, islänimi okajak, islänimem etjek, aladasyz, erkana ýaşajak, tagamly naharlary iýjek, gymmat bahaly geýimleri geýjek, içgileri iňjek, gözel salkyn ýerlerde boljak, başarsam oýnaş edinjek. Rahman Muhammediň böwrüne dürtdi: - - Men näme ýalaňaç gezýänmi, tirýek, meň çekýänmi, elim naganly geçip barýanyň ýeňse çukuryndan çeneýänmi? Ýok. Men diňe durmuşyň maňa peşgeş beren mümkinçilikleriniň amala aşmagyny isleýän, eýsem yradaly ýaşamak günämi? - Onuň üçin halal zähmet çekip göreşmeli, «Halallygyň, adyllygyň ýok ýerinde gyrgynçylyk peýda bolar» diýilýär. - Dogry, dogry! – diýip, Muhammet ýüzüni ýaglygy bilen süpürdi. – Gyrgynçylyk golaýlaşanda bize diňe şady-horramlyk edäýmek galýar. - Bulary çynyň bilen aýdýanlygyňa ynanasym gelenok, Muhammet – diýip, Rahman garşy çykdy. – Göwniçökgünlige baş urmaly däl. Ruhyňy belent tutmaly. Kynçylygyň garşysyna göreşmeli. - Muny maňa hemme ýerde aýdýarlar. Gazetlerem, radio-telewideniýe hem gaýtalap dur. – diýip, Muhammet bir zatda günäkärleýän ýaly Rahmana gaharly seretdi. – Alýan hakyň iň bolmanda iýmek-içmäge bir ýeterlik bolsady, bir pagta ýagy, çörek bilen oňup bolanok ahyryn. Ine, şu duran oglanlardan sora – haçan olar omaçaly çorba iýip görüpdirler? Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň granit binýatlarynyň öňünde durup näçe sežde, dileg edeýin, pelsepe okaýyn, onuň bilen garnyň doýup baranok ahyryn. Edýän işiňe görä gowy ýaşamaga şert döredilsin. Öňler meň gurýan binýadyma sežde edýädiler, indi näme? Hä?... Rahman onuň «guran binýadym» diýmesine düşündi, görmek üçin ýörüte gezelenje gidişlerini ýatlady. Şol ýazyň salkyn şemaly ýüzüni ýelpäp köňlüne ruhlandyryjy täsirini ýetirýärdi. Gazçylar merkezi bolan Şatlykdan 45-100 kilometr çölüň içini tutýan aralykda, gije-gündiz tehnikalaryň sesi, gaz guýysyny gazýan diňleriň tokaýy, ýük göteriji awtoulaglaryň, ýüregine gazoturbina motorlary oturdylar gaz iteriji nasoslaryň, Garagumyň gara güýjüne birjikde emgenmeýän «Uraganlaryň», çehleriň «Tatra» , polýaklaryň «Florontina» ulaglarynyň, ýaponlaryň «Kato» , «Komoson» , amerikanlaryň «Keýs» traktorlaryny, garaz dünýäň ähli ýurtlarynyň tehnikada çaý sowalyp döreden mehanizmleriniň sesleri çölüň misli bir özboluşly sazyny ýadyňa düşürýärdi. Rahman ýol gyrasyndaky her dürli ýaz güllerine seredip otyrdy. Ýoluň aýna ýaly tekizligi, maşynyň rahatlygy, ýylylygy ukyňy getirýärdi. Otuz kilometrlikde ýerleşýän owgan gädik atly belent depeden geçen ýerinden iki kilometrlikde, ýoluň ortasyndaky demir-beton desga bärden barana, meni gör diýip durdy. Ýol binýadyň çüýküne direnip ikä-biri gündogara, beýlekisi günbatara aýlanyp gidýärdi. Gündogara gidýän ýolda Şatlyk gaz käniniň 1-nji gaz ýygnaýjy baş desgasy, otuz kilometr günbatara gidýän ýoluň ugrunda bolsa 2-nji baş desgasy ýerleşýärdi. Desga gözüm düşenden Rahman ukysyndan açyldy. Bu desga gazçylaryň haýyşy boýunça Muhammediň gije ýatman kagyza geçiren taslamasynyň netijesidi. Has dogrusy iki baş desganyň ortasyndaky daýanç nokat hasap etse boljakdy. Rahman üçin-ä bu ýerler has eziz, ýürege ýakyn görünýärdi, näme üçin diýeniňde onuň kakasynyň gaz ýatagyny gözläp ýörkä şehit bolan ýeri birinji baş desganyň golaýynda ýerleşýärdi. Leningradyň gurluşyk institutyny tapawutlanan bahalar bilen gutaran Muhammet Bek Şatlyga işe gelende 2-nji baş desganyň gurluşygy giň gerimde dowam edýärdi, hut şu çatryk iki tarapa-da ortalyk bolansoň ýük çekijiler bu nokatda düşleýärdiler. Küpürsäp ýatan gummy bolan belent depeden, owgan gädikden geçýänçäň burnuňdan bulak getirýärdi, traktorlaryň kömegi bilen çatryga özüňi atmaly bolýardy. Ýol tabşyrylyp gara daş ýazylandan soňam ýük çekýän oglanlar hut şu ýerde durup geçmäni çykardylar. Muhammet bir gün şeýle çaý içişlikde: - Görýäňizmi, şu wagt ýigrimi halkyň wekili bir ýere ýygnandy, Şatlyk gaz käniniň gurluşygyny tiz we ýokary hilli ýerine ýetirmek maksady olary şu ýere üýşürdi, ýörite çakylyk bilenem beýle ýygnap bolmaz. Hemmämiz el-ele berişip dostlarça işleşip gelýäs. Şu dostlugymyzyň hatypasyna edil oturan ýerimizde bir desga dikeltmek gerekmikä diýýän! – diýdi. Oglanlar onuň teklibini alyp göterdiler hem-de ony gurmagy Muhammediň hut özüne tabşyrdylar. Oglanlaryň desganyň nähili bolmalydygy barada öz pikirini mälim etdiler. Muhammediň teklibi kabul edildi. Ol betondan aýry-aýrylykda harplary ýasady, soň birleşdirdi, netijede boýy iki metr, uzynlygy 10 metr bitewi demir-beton binýat taýýar boldy. Onda «Şatlyk halklaryň miwesidir» diýen ýazgy bardy. Bulary ýatlaýan Rahman şu günlerem käte şol desganyň gabadyndan geçende saklanýardy... - Näme diýseňem köne-u, täze ýadygärlik desgalarynyň öňünde geçirilýän dabaralar, aýdylýan sözler hiç mahal ýadyňdan çykmaz ekeni. Onuň terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary bolýar, ýöne, ýadygärlikleri köpçülikleýin goramak meselesine ýaşlaryň ünsüni çekmeli. Biz geçmişimiz - gelejegimiz bilen, ýagşymyz-ýaramazymyz bilen, agymyz, begenjimiz bilen ýer şarynda agalyk edýän adam ahyryn. Ýer togalagynyň ähli gözelliklerini biz goramasak Kim gorasyn? Beýle göwniçökgünlik perwaýsyzlyga alyp barýar. Men mysal üçin seniň şol zähmet çekip dikelden binýadyňa diýseň guwanýaryn, ol biziň taryhymyzyň bir bölegi dälmi näme? – diýip, Rahman Muhammede seretdi. - Rahman beýle ownukçyl bolmazlar. Ýeri ol binýady kim dikeldende näme? Ondaky ýazgy häzir özüniň manysyny ýitirdi. Bir ýazyjy «Adam öz ölümi bilen şöhradyny artdyrýar» diýip ýazypdyr. Ol dogry, ýöne adam ölümi bilen bakylygy dikeldip bilmez. Ölensoň bakylyk kime gerek? Ýer ýüzünde, şu durmuşy tekizlejek adamlara geçmiş bolsun, geljek bolsun parhy ýok. Daşary döwletleriň birinde baý adam özi üçin atom bombasyny ýasadypdyr. Ýagdaý şeýle derejä ýeten bolsa, onda günümiz sanalgy dälmi? - Her halda umytdan düşmeli däl. – diýip, Rahman Muhammede maslahat berdi. Ak ýürekli adamlarynyň erk islegi bilen dünýä saklanyp dur, saklanaram enşalla... - Daşary ýurtlarda ertirden tä agşama çenli radio, telewideniýe gazet-žurnallar diňe uruş barada ýazýarlar. Adamlara erksizlik ündelýär, bilime derek pyssy-pyjurlyk, medeniýete derek käbir adamlaryň galypyndan çykýan ruhy taýdan ýoýulan pelsepeler öwredilýär, munuň özi eýsem bilgeşleýin bilip edilýän hereket dälmi näme? - Muhammet, hut şony edýänlerem demokratik döwletde ýaşaýas, bizde ähli zat açyk, gadaganlyk ýok, isläniňi edibermeli diýen ýörelgeden ugur alýarlar, emma zorluk, atyşyk, gynamalar, adamzat kanunlaryna ters gelýän zatlar teswirlenýär. - Aý, gel, şu gürrüňleri goýaly-la, kelläm agyrýar, onsuzam eşek ýaly ýadadym – diýip, Muhammet elini salgady. Atdan iýnip eşege münmäli! Ine şu döwrüň eşeklerine göleli-sygyr berýäler – diýip, Rahman güldi. - Heňňama görä gymmatlyklar üýtgeýär, keýpi-sapada ýaşajak bolýanlaň sany köpelýär! - Muhammet bolşuň nätüýsli, biz, öte geçirilmäge alnyp barylýan bir süri goýun däl, adam ahyryn, olaryň garşysyna göreşmeli, çykalga gözlemeli, tapmaly. Onuň üçin bolsa ruhybelent bolmaly – diýip, Rahman janykdy... 2 Bopba ýuwaşlyk bilen gapyny açdy-da: - Mümkinmi? – diýdi. Rahman giriber diýýän ýaly yşarat etdi, hem-de oturmaga ýer görkezdi, soňam tekjäniň üstündäki gülli gabyň suwuny täzeledi, dökülen suwy süpürdi, telewizoryň sesini peseldip çäýnegi toga sokdy, «Sesini çykaranok welin, sögmäge çagyrdymyka? Içýäň diýip sögjek bolsa şeýdýär, her zatda bolsa ýeke özümiz, söger goýarda» diýip pikirlenen Bopba endigi boýunça kisesinden çilim bilen kükürt çykardy. - Jaýda çilim çekmek gadagan! – Bopba elindäki çilimi heniz otlamok diýen manyda Rahmana görkezdi, soňam: - Meni çagyrypsyň welin terbiýeçilik sapagyny geçjekmi? Ýa batnyksyz bir zat... - Bopba sen Oguzhanyň ogly Gök han barada bir zat eşidipmidiň? Bopba öz lakamy bilen öwrenişip gidipdi, oňa Baba däl, Bopba diýip ýüzlenýärdiler, şu at bilen tanalýardy, keýpli içgileriň toplumy peýda bolýardy. Çüýşesiz Bopbany göz öňüne getirmek mümkin däldi, ýüregi edil çagaňky ýalydy, zadyny gysganmazdy, puly boldugy kisesini süýjüden dolduryp çagalara paýlap çykardy. - Gök han diýdiňmi? Ýok, eşidemok. - Mekdepde zybrym bäşlik okapsyň, okuwçylar senden göçürip öý işlerini işläpdirler, görelde alarlykly çaga ekeniň, indi bolsa Gök han ýaly eliň aýagyň daňylgy. - Aýdaýmasaň düşünýän däldirin. - Arak, çakyr. Seň aýagyňy sarapdyr. - Aý, ýoga? Şeý diýýä. Menem näme diýjekkäň – diýip... Onda aýt, adam näme üçin ýaşaýar? - Namart bolman bagtly durmuşda ýaşamak üçin. - Men-ä iýip içmäge, keýp çekmäge bagtly durmuş diýip düşünýän. - Kelläňde iýmek-içmekden başga... - Başga pikiri nädeýin. Ol durmuşyň pelsepesi. Bir adam betbagt bolsa menem betbagt, üstesine-de gutaran arakhor, günortansyz, guşluksyz, duly urba-aşlyksyz, köýnegi ýagyrnişliksiz men... - Sen nä asmandan gaçdyňmy? – Rahman ýerinden turdy-da, çaý demläp tekjäniň üstünde goýdy, gapyrjakdan süýjüli gutyny çykardy, käselere çaý guýup ýerinde oturdy. – Gel, açyk gepleşeli, «Doganym doly çuwalym» edip. - Ikimiz gepleşip otyrys. Bu ýerde sen, öýde ejem, aýalym içýäň diýip goýanok, bizar petimi çykarýaňyz şu üçüňiz, bilmedim men haýsy uly-kiçiňiz. - Şu bolşuň boljak bolsa aýalyň hem seň bilen ylalaşmaz. - Gowusyny tapsa gitsin. Wah, meň ýaly azaşana ýol görkezjek bomy diýsene? Gamly ýüzüme gamsyz arkamam ýok-da... - Sen öz ýoluňy ýitirdim hasap edýärsiň-dä? Şeýlemi? - Her kimiň öz ýoly bar. Meniň ýolum kişi üstünligine guwanmak, golsuz arzalary ýazmazlyk, içigara bolmazlyk. Durmuşdan diňe almaly diýen düşünje bilen ýaşaýan adamlar bar, başga biri bolsa durmuşa bergili bolup geçýär, ikisiniňem aňy bir gazanda gaýnaýar, netijesi dürli-dürli. - Biz ikinji sypatly adamlaryň köpelmegi ugrunda göreşmeli. - Menem şolardan-da! – diýip, Bopba mylaýym ýylgyrdy. – Halal zähmet çekip gazananlaryny şobada yzyna gaýdyp berýän, gap doldy, ganar doldy, torbam saňa ne boldy; diýip duramok. - Gazananymy araga berýän diýsene, Bopba. Meni başga bir zat gyzyklandyrýar. Seni arak içmäge itekleýän sebäp näme? – Soragyma düşündiň dälmi? Ýa ýok? Aýdaly bir adam köp şowsuzlyklara gabat gelýär-de, özüni ýitirýär, başga biri maşgalasy bilen alagöz, ýene biri çagasy bolmanlygy üçin gahar edýär. Sebäp kän. Eýsem şowsuzlyga uçradym diýip içmelimi? – Rahman elýaglygy bilen derini süpürýän, ýukaýürek sada bu ýigidiň işeňňirligini halaýardy, gepleşeýin, ýürek döküşeýin, gerek bolsa kömek edeýin diýip çagyrypdy. – Maşgalaň barlygyny bilýän, çagalaryň barada welin soramandyryn. - Wah, - diýende Bopbaň sesi sandyrap çykdy. – Çagaň dyrnajygyna zar, gysyr goýun köp mäläri bolýa, meňki. - Çaga bolar. çagasy bolmadyk içmeli bolsa menem içmeli, çagam ýok, umydym bar. Umyt, arzuw bolsa ähli zat bolar. esasy özüňi ýitirmezlik, ekiz-ekizden bolar welin, depäň çulba ýeter, begenjiňe ejeň çepbetewini ýyrtarsyň. - Çynyňy aýdýaňmy? – diýip, Bopba tolgunyp ýerinden turdy. – Maňa kömek et, göwnümi göter, Rahman! - Oň gürrüňi bolmaz. Elimden gelenini ederin. Sen aragy goýmaly. Lukmanlar çaga isleýän adam arakdan daşda durmaly diýýärler. - Men aragy goýjak bolaryn – diýip, Bopba jogap berdi. Azajyk pursat gerek, azajyk. - Pursat özüňe bagly. Rahman bir käse çaýy Bopba uzatdy, tykyrady. Sen bir zada düşün. Garaşsyzlygy alanymyzdan soň köneden galan ýaramaz endiklerden saplanmak baradaky göreş güýçlendi, köpçülik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan edildi, şeýle ýaramaz endiklerden saplanmak gerek! – diýip, Rahman janykdy. Olar gürrüňleşip köp oturdylar. 3 Rahman tehniki howpsuzlyk kitabynda geçirilmeli çäreleriň wagtyny barlady, şu ussalarynyň adamlaryň, mehanizmleriň, awtogöterijileriň sany baradaky maglumatlaryny diňledi, olara gündelik etmeli işleri ýene bir gezek ýatlatdy. Her gün ertirki we şu günki edilmeli işleriň tertibi düzülip bölümler bilen maslahatlaşylýardy, gerek ýerinde oňa üýtgetmeler girizilýärdi. Hut şonuň üçinem iş herekedi öz ugruna dowam edýärdi. Desganyň gutarylmaly wagty iki ýarym ýyl bolsa-da ýokary geçiriji gaz tokurtgalarynyň gysga möhletde taýýar edilmegi desganyň hem möhlediniň gysgaldylmagyny talap edýärdi. Täze düzülen kada boýunça desganyň wagty on dört aý diýlip kesgitlenildi, indi şol gysgaldylan düzgün boýunça gurluşyga gatnaşýan ähli edaralaryň özara işini täzeçe kada getirmek gerekdi. Desgada 10-12 edaranyň işleýänligi hem bu wezipäniň çylşyrymlylygyny aňladýardy. Olaryň hemmesi heniz görlüp eşidilmedik gysga döwre öz işlerini gabat getirmelidiler. Bu döwrüň talabydy. Ähli edaralaryň işlerini sazlaşykly alyp barmakda, biriniň işi beýlekä zyýan bermän, gaýtam utgaşyp gider ýaly, galyberse-de, gurluşyk işleriniň bir pursatlyk togtadylmagynyň öňüni almakda, işi dogry gurnamakda baş potratçynyň, has dogrusy Rahmanyň ýolbaşçylyk edýän gurluşyk gurnama bölüminiň orny ulydy. Rahman işe başlanda köp kynçylyklara garaşypdy, ýöne heniz aňyna salyp bolmajak jogapkärçiligi göz öňüne getirip görmändi. Kaka Rejep ony bu bölüme işe bellände şeýle jogapkärçiligi bilýär ekeni. Emma Rahman ony doly düşünip bilmändir. Häzirki ýagdaýda ol diňe bir öz ýolbaşçylyk edýän bölüminiň işine jogap bermän eýsem uly bir edaranyň, hatda birleşigiň işine jogap berýärdi. Muhammet Beg oňa duşanda gözi gidýän ýaly «Gün-günden ösýärsiň, diregiň bar öýdýän, bizem gözden salma, çykdajysyndan gaçjak däl» diýmesine Rahman düşünmän galypdy. Muhammediň käbir hereketleri onda birhili ýaramaz pikirleri oýarýardy. Şonda-da bu barada hut onuň özüne aýdaýmasa başga ýerde dil ýarmazdy. Bu gün weli ir ertirden oňuna bolup baranokdy, ýük göteriji döwüldi, üstesine-de çylşyrymly tok simleriniň bir ýerinde näsazlyk döredi, onuňam sebäbi transformator jalaň astynda galdyrylypdy, ony işletjek bolsaň gyzgyn howa üfledip ýarym salkyn guratmalydy. Beýle ýagdaýda sement guýlanda yrgyldynyň kömegi bilen jebisligini berjaý edýän guraly işledip bolanokdy. Maşyn yzyna maşyn sement bolsa gelip durdy. - Kada gabat gelenok? – diýip, önümçiligiň kadasyna we hiline gözegçilik edýän hünärmen işi togtatmagy buýruk berdi. - Bilýän. Ýöne men nädeýin? Gural guraýança otuz adamy işsiz saklaýynmy? - Ol maňa degişli däl. Maňa hil degişli. - Şol guralsyz guýsamam semendiň hilini pes etmerin. Maňa ynanaý sen bilýärmiň, DneproGES-i semendi berkidýän guralsyz gurupdyrlar. Onuň ini boýny biziň gurýan binamyzyň binýady bilen deňeşdirer ýaly däl. Uruş döwri nemesler şol desgany ýarjak bolup ýaryp bilmändirler. Dogry, işde guralam gerekse gerekdir welin ynsabam gerekdir. Men öz işimiň kada ýakynlygyna kelläm bilen jogap berýän. - Kadaň bozulanlygy sebäpli işi togtatmak barada görkezmäni ýazaýyn, onsoň hala işle, hala dur. – diýip, hünärmen çilimini kükedip kitaba bir zatlary ýazyşdyrdy. - Aý, hawa-da, siz o düýe ýykylsa habarym ýok edýärsiňiz. Görkezme bermek aňsat, duruzman hereket etmek kyn. Siziň ýüregiňiz emeli ýasalan ýaly – diýip, Rahman onuň kükregine dürtdi. - Dogry bildiň, ýüregim oturtma – diýip, hünärmen güldi. - Aý – diýip, Rahman elini salgady. – Düşnüksiz adam bilen ýaňkalaşyp oturandan daşa ýalbaran bolsam pagyş-para erärdi... Rahman işi togtadyp, telefonda Kaka Rejebe çykdy. - Bu nähili beýle bolýar? Maşyn bolsa sement ýok, sement bolsa maşyn ýok. Tükeniksiz jadyly aýlaw, haçan soňy gutarar? – diýip, Rahman janagyryly gürledi. - Hünärmentiň talaby dogry. – diýip, Kaka jogap berdi. – Biz ähli sebäpleri öňünden bilip goýmaly, ol bolmasa beýlekisine ýapyşar ýaly işleri taýýarlamaly. - Wah, oňa düşünýän-le – diýip, Rahman janykdy. – Bar zat bir-birine bagly. Binýadyň demir bölegini taýynlaýyn diýsem kebşirleýji enjam kem tapdy, ony bejereýin diýsem Bopba içgili. - Içgili? Ol goýjak diýip söz beripdi ahyryn. - Aý, şertim şahyma edendir-dä, zaňňar! - Onda, gaz sowadyjy enjamlaryň binýadyny gara nebit bilen reňkle, gazylmadyk çukurlary gaz. Adamlaryň üçüsini reňke, altysyny çukura, onusyny binýadyň düýbüne sim torlaryny örmeklige, galanlaryny sement guýýan agregatyň töweregini arassalamaklyga goý. Binýatlaryň düýp belligi taslama gabat gelýärmi? - Hawa, birinden öňňesi Mälik aýtmyşlaýyn daşdyr. - Sen ýanyňa Bopbany çagyr-da gepleş, indi men oňa gaharym gelýär, gaharym gelse erbetdirin ergeneksiz eklenen, terbiýesiz saklanan bolsa-da sylaman. - Ýogsa-da, segsen tonluk ýük göteriji «Lipkeriň» sürüjisi işe çykmady. - Ýeri muňa näme diýersiň. – diýip, Kaka aňyrdan janykdy. - «Demarkyň» sürüjisi bir barmy? - Hawa, 140 tonluk «Demark» altynjy gaz sowadyjy enjamy «Uragandan» düşürýär. - Uzynly gün düşürmez ahyryn. Boşan badyna alarsyň. - Sürüji göwnänok, işi gutardygym treste gitmeli, ýygnagymyz bar diýýär. - Bolýar, goý, galsyn-da ýüki düşürsin, meň adymdan aýdaý. Ýene näme? - Bopbadan halys irdim. Şuňa geldi – diýip, Rahman elini bokurdagyna ýetirdi. – Ýoldaşlary «şu gezeklikçe günäsini geç» diýip ýalbarýarlar. Haýsy birini geçeýin. Içgisiz güni ýok ahyr o zaňňaryň, öňem iki käýinji bar, gönezligine byjlyk gatylan ýaly, eýgertjek däl ol. - Hünäre ökdedir öz-ä. - Ökde, ökde, zaňňar. Ýöne şo zährimary gowy görýär-dä. - Özüň näme etsem diýýäň? Işden çykarmakçymy teýsizi? - Aý bilmedim-dä, size maslahat salaýyn diýdim. - Gel bir zat edeli. Sen ony wagtlaýyn pes aýlykly işe geçir, barlap gör. Edil häzir işiň gyzgalaňly döwri çykaryp durmaly. - Bolýar. Menem o zaňňary kowasym gelenok-la welin, bolýar. Sag boluň – diýip, Rahman telefony ýerinde goýdy. Birnäçe wagtdan soň Bopba göründi. - Gir, gir. – diýip, Rahman oňa gygyrdy. – Geç otur, kelläň gaty berk bolaýmasa seň bilen işleşer ýaly däl. Biz näme gepleşdik? Hany beren sözüň? Lebziňi ýuwutdyňmy? - Içdim, ol dogry. – diýip, Bopba boýnuna aldy. – Annuşyň ogly bolupdyr, begenjime... - Muňa bahana-da tapylaýýar, biriniň ogly bolýa, biriniň sygry guzlaýar, ýok boljak däl, me, al, al, ýaz. Ol ak kagyzy Bopba uzatdy. Öz islegim boýunça başga işe geçirmegiňizi soraýan diýip, ýaz. - Näme diýip ýazaýyn? Aý, şony özüň ýazyp özüňem gol çekäýsene. - Ýok, ýaz. Bopba öňündäki kagyza nämedir bir zatlary ýazdy. Şol wagt Çary bilen Demarkyň sürüjisi geldi. Rahman olaryň bu günki eden işlerini sorady, goşmaça görkezmeleri berdi. Bopba ýazan arzasyny öňüne süýşürende okaman gol goýdy-da, yzyna uzatdy-da «Gidiber» diýdi. Bopba sesini çykarman çykyp gitdi. - Oglanlar, işsiz dur, sen bolsa ýygnak diýýäň? – diýip, Rahman awtogöterijiň sürüjisine ýüzlendi. Sürüji egni gara penjekli, akja köýnekli, gözi gara äýnekli, orta boýly ýaş ýigitdi. Ol äýnegini barmagynda pyrlady-da: - Nädeýin, hojaýynlar çözýärler. Til ediň! Gal diýseler, galaýyn – diýdi. - Men ýaňy gepleşdim, galaýsyn diýdiler. Sürüji onuň bilen kanagatlanmansoň, Rahman telefondan Şatlygy sorady. – Maňa Muhammet Begenç gerekdi... Muhammet salowmaleýkim. Men Rahman, ýagdaýlar-a öwerlikli däl. Libkeriň sürüjisi işe çykmady, Demarkyň sürüjisi bolsa gitmeli diýýär. Bilýän. Ýygnak geçirmeli, bilýän, ýöne sizeem maňa düşüniň ahyr, bir sagady ýüz müň manada durýar. Menem ony artyk saklasym gelenok, ýaňy Kaka Rejebe hem aýtdym. Bolýar, onda berýän – diýip, Rahman sürüjä telefony berdi. Ol gepleşip boldy-da: - Ine, bu boldy. Indi işläp biljek. – diýip çykyp gitdi. - Çary, üçünji enjamyň düýbi taslama belgisinden pes diýýärler, şeýlemi? – diýip, Rahman sorady. - Hawa, şol-a şeýleräk bolupdyr, ýalňyşypdyryn. - Häzir bolmaly Çary. Seniň kiçijik ýalňyşyň maňa gymmat düşýär. Oňa indi goşmaça çagyl döküp basgylamaly, suwlamaly. Olar bolsa pula durýar. Hany, ýör meseläni ýerinde çözeli. – diýip ol ýerinden turdy. Olar iki bolup enjamyň gurnalýan meýdançasyna geldiler, meseläni ýerinde çözdüler. Rahman günorta naharyndan soň desgalaryň arasynda bolup gijara iş otagyna dolanyp geldi. Tekjedäki telefon jyrlap bökäýjek bolýardy. - Hawa. – diýip, Rahman telefony aldy. – Başlyk, diýleýän! Erbet däl. Mehanizmlere gerekli enjamdyr, gurluşyk çig mallaryna talapnama iberipdim. Barmadyk bolsa barar. Hawa..., okap gol çekýän. Ýok, okaman gol çekenim ýadyma düşenok. Ony edip bolmaz ahyryn, ýaňky gol çekenim eýýäm barypmy? Bolýa. Ýazýan. «Bölümiň tok hünärmeni Bopba Begli oglunyň tarapyndan arza» ýazdym. «Şunuň bilen ýazyp mälim edýärin, ýagny şu gün işiniň oňuna bolmaýanlygy, aşygy alçy gopmaýanlygy üçin bölüm başlygy Rahmany hasapdan öçürmeli» Ýazdym. Hut şeýle diýilipmi? Menem kadrlar bölümine geçirmeli diýip gol çekipdim. Hawa, bagyşlaň, başlyk, bagyşlaň. Indikime häzir bolaryn. Bolýa. Bolýa... Rahman telefony ýerinde goýdy-da kellesini tutdy, birdenem ýerinden turup Bopbaň gözlegine çykdy. Öň Muhammet Bek bilenem şeýleräk bir ýagdaý ýüze çykansoň Rahman onuň üstünden gülüp ýördi, Muhammet öz ussalarynyň birini gyssap haýsydyr bir çig maly bikanun hasapdan öçürmek barada kepilnama ýazdyrypdyr, okamanam ýokarsyna «Hasapçy, hasapdan öçümeli» diýip gol goýupdyr. Şol kepilnama hiç kimiň gözüne ilmän umumy kagyzlaryň içine çatylypdyr. Barlaga gelen barlagçylar «Işe ýaramaýanlygy üçin Muhammedi hasapdan öçürmeli» diýlip ýazylan kepilnamany tapyp, onuň özüne görkezipdirler. Onuň üstünden soňam gülüşip ýördüler. Indi oňkam, «gülme goňşyňa, alnyňa geleri» boldy duruberdi. Rahman Bopbany ýatakhanadan tapdy. - Ýagşam bir iş edipsiň! Arzany kimden iberdiň? Ol beýle çalt iş dolandyryjynyň öňüne barmaly däl ahyryn. – diýip, Rahman onuň üstüne gygyrdy. Bopba hezil Edip güldü-de: - Muhammet Bek «Men Şatlyga gidýän arzany özüm žlinjek eltip bereýin» diýip elimden alyp gitdi, bermejek bolsamam aldy – diýdi. Rahman ak kagyzy onuň öňüne süýşürdi. - Ine kagyz. «Işden boşatmagyňyzy soraýan» diýip ýaz. Indem bir göreli. - Işden çykanym owarram, ýatdan çykmajak wakanyň şaýady bolanyma begenýän – diýip, Bopba ha-ha-haýlap güldi. Hakyna seredeniňde bu «ýatdan çykmajak wakada» Rahmanyň günäsi bardy. Arza ýaz diýen özi, okaman gol çeken özi. Muhammet Begem näme üstünden güler goýar-da. Häzir welin Bopba ha-ha-haýlap bokurdagyny zykladyp gülýärdi. Onuň bolup oturşy gülesiň gelmesede güldürjekdi. Rahman ýylgyrdy, soňam Bopba bilen bile gülüşip esli salym oturdylar. - Ýeri bolýar, gülüşdik, hezil etdik. Ertir işe bar, ýöne, içäýseň weli hezil bermen – diýdi-de Rahman Bopbanyň ýazan arzasyny ýyrtyp goýberdi. Bol, bol Bopba bol! Oňky «oýanam alyň bu ýanam alyň, ortasynda Bopba peleň» diýleni boldy duruberdi. 4 Gaz geçirijileriň gurluşygynda işlemek üçin hemme taraply bilimli, çeýe, parasatly-paýhasly adamlar gerekdi, bölüme ýolbaşçylyk etmek hasam ýokary jogapkärçiligi talap edýärdi, Rahman işe gelende «Men işçilere ýolbaşçylyk etmäni başararmykam» diýip gorkupdy, buý eri oba, şäher däl, bu günki işiňi ertä goýar ýaly däl, örän jogapkärçilikli iş. Bilimleri hemme taraply işçilere ýolbaşçylyk etmeli. Rahman kellesini sorkullap agyryşyna diň saldy. Oňa bu günem uky ýokdy, umumanam soňky günlerde ol özüni birhili birahat duýýardy, kükreginden goçak bir zat asylan ýalydy, ýadawlygam bolsa bardyr welin käte ejesiniň ýalňyzlygy ýadyna düşende gan damarlary kertilip barýan ýalydy. Aýsoltan obada ýaşamak islänokdy, ejesi ýekedi, Rahmanyň özi käte bir habar tutardy, nämede bolsa goňşulary gowy adamdylar, seredýärdiler. Rahman diýseň azaphon adamdy, işine jany-teni bilen işine berlendi, iýmek-içmek meselesinde hem talapkär däldi, tapanyny iýip oňaýýardy... Ýöne käte bolaýýan göwniçökgünliligine welin düşünip bilenokdy. Ol öz-özünden bolaýýardy. Bu näme üçin beýle bolýarka? Ýogsam bir çykgynsyz güne düşüp duranok, arassaçylygy gowy görýän Aýsoltan eşiklerini günde ýuwýar, bir gezek düýnki eşikleri bilen işe gidende Aýsoltan yzyna dolap «Bu gün geýeniňi ertir geýmersiň» diýip çykartdy. Öýe gelseň hökman üst-başyňy ýuwaýmalydyr, özem şeýle bir hyzmatly welin Rahmanyň daşynda edil hozanak ýaly aýlanyp ýör. Rahmanam onuň bir diýenini iki gaýtalatman ýerine ýetirýärdi, ýüzüň üstünde burnuň bar diýeni ýadyna düşenokdy, olar birek-biregi çyn ýürekden söýýärdiler, belki şonuň üçindir günde-günaşa tersleşik ara düşýärdi. Belki sussypesligi şondandyr? Ýa çagasynyň bolmaýanlygyndanmyka? Indi olaňam çagalarynyň bolmaly wagty geldi ahyryn... Şeýle pikirler bilen Rahman uklap galdy. Ertesi turup daş çykdy, işe ugrajak boluşyp duran adamlaryň ýanyna bardy, gürrüňlerine gulak asdy. - Maňa haçan tokurtga eltiler, ozal-a ýük göteriji awtoulag döwük diýdiňiz, indem... – diýip, Mälik Rahmanyň üstüne dyzady. - O-how, jan inim, men hemmesine düşünýän, nädeýin, göterijiler ýetenok, ýaňy bejerilip çykdy diýsegem gyssagly ýük gelipdir, ony düşürmeli. - Men işlemesem hak berjek ýok. - Jan, inim düşün ahyr... - Men düşünip aňyrsyna geçýän, siz düşünmejek bolýarsyňyz. - Inim ýuwaşrak, men ker däl. - Dogry, ker däl, ýöne eşideňizogam. Men indi iki gün bäri işsiz ýatyryn, awtomat kebşirleýji enjam dur. Ýa iş beriň ýa-da bizi başga bölüme goýberiň. Rahman öz-özüne «Giň bol, önümçilige ýolbaşçylyk etmek her kime başardýan däldir» diýdi, ýöne Mäligiň talaby dogrudy. Mälik işjanly, galjaň ýigitdi, aýagyndaky kebşirlemeden eleme deşik bolan brizent ädigi, egnindäki sary giden iş eşigi işjanlygynyň nyşanydy, şeýle işgärlere hormat goýasyň gelýärdi. Şol wagt traktoryň biri yzyna demir çelek süýräp ýaňy sementlenen pyýada ýoly kül-uşak edip gitdi. - Bu zaýaçylyga sereet, samsygyň gözi ýokmy? – Eý, Möjegiň çagasy Gurt dollar, başga ýol ýokmy? Näme üçin düýnki guýulan semendi döwýäň? Wah, kisäňden harçlanan çig malyň puluny tutaýsaň beýle etmezem welin – diýip, Mälik Gurda käýindi. - Zaýaçylyk diýde goýaý, Mälik – diýip, Rahman ony goldady. – Bu töweregimizdäki ululy-kiçili tokurtgalara, enjamlara her-hili iterijilere, rezindir demir gurallara, nurbatlardyr, ätiýaçlyk şaýlaryna sereet, pytraşyp ýatyrlar. Bular tertipsizligi, guramaçylyksyzlygy aňladýar, dogry, işiň göwrümi biziň çak edişimizden çäksiz boldy, şonda-da, işi gurnamany öwrenmelidigimiz köre hasa, adamlaryň işe bolan gatnaşyklaryny düýbünden üýtgetmeli. - Üýtgetmeli bolsa üýtgedeliň, ýöne adamlar işsiz durmaz ýaly ýagdaý döredeliň – diýip Mälik jogap berdi. - Men bu günlükçe ýaňky, töweregi tertibe salmaly işleri seniň toparyňa tabşyrýaryn, onýança ýük göteriji boşar... - Bolýar, diýip Mälik oglanlary bilen işe ýapyşdy. Rahman bular ýaly gürrüňleri ýaňy diňlemeli däldi, günde pylança gezek eşidýärdi, aňyrsy-bärsi görünmeýän ägirt uly gurluşyk meýdançasynda her pursatda bolup geçýän üýtgeşiklikler sanardan kändi, olaryň baryna jogap tapmalydy, çözmelidi. Üstesine-de gyşyň gazaply gelmegi hysyrdylary has-da artdyrypdy. Öňem-ä alada aza däldi welin, her zat etmeli işi ýöretmelidi, demiňi daraldyp barýan aýazly howada işi gurnamalydy. Üstesine-de bir ýerde tokurtgalaryň doňmagy, netijede suwuň köçä akyp ýatmagy, hapa suwlaryň tokurtgasynyň dykylmagy, jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynyň yzly-yzyna hatardan çykmagy, goşmaça zähmedi talap edýärdi, hemmesinem gyssagly düzetmelidi, bulardan başga-da gaz ýygnaýjy nokatda oturdylmaly desgalaryň binýadyna sement guýmak işini dowam etmelidi, ol bolsa aýazda mümkin däldi, doňaklykda sement gurap bilmän hilini ýitirýärdi. Bu ýerde hem Bopbaň sagat ýaly işleýän kellesi bir täzeligi oýlap tapdy, guýulýan semendiň her ýerine demir gazyklary dikip olary toga birikdirdi, şeýdibem tok bilen gyzdyryp semendiň guramagy üçin oňaýly «süňňüm üşeýär» diýip ýylynmaga gelen Mämmet kel bilen degişip ol «Goýun ýüňünden, geçi sakgalyndan, eşek ýalyndan, at girşenden, it burnundan, sygyr şahyndan, düýe ardyndan, çaga elinden, tuwan bileginden, ýigit dyzyndan, zenan yzyndan, goja süýeňinden üşär» diýdi. Şeýle aýazly howada Rahmanyň aýagyndaky köne ýarasynyň yzy sorkuldap agyrdy... Bir gezek ol Murgap derýasyna suwa düşmäge barypdy, Aýsoltan oňa kenarda garaşyp durdy. Rahman suwa çümüp, derýaň içine zyňylan döwük çüýşeleri daşyna çykarýardy. Aýsoltan «Bir ýeriňi ýaralarsyň, basym çyk» diýip howsala düşse-de, oňa gulak asmaýardy. Inee, birdenem onuň dabany gyzyp gitdi, barlasa çüýşe döwügi aýagyna gowy çümen ekeni, aýagyndaky ýaradan gan akýardy. Rahman elýaglygyny alyp aýagyny sarady. – Azajyk kesdirdim, Gany dursun diýip saradym diýdi. - Heý, waeý, ganyň akaýşyny – diýip, Aýsoltan gorkusyna özüni aşak goýberdi. - Gorkma, hiç zat bolanok. Rahman giňlige salan bolsa-da, aýagyny keselhanada tikdirmeli boldy, bir hepdeläp öýünde ýatdy. Ondan bäri alty ýyl geçdi, Emma şol ýara henizem sorkuldap bildirýärdi. Adamyň tenine ýara düşse mydama bildirip durar ekeni. Rahman gaz ýygnaýjy nokadyň ýer işlerini ýerine ýetirýän Gurduň ýanynna geldi. Gurt ony görüp, Komosasyny saklady-da, böküp düşdi. - Tüýs siziň diýeniňiz boldy. – Gurt ýylgyryp tekizlän ýerini görkezdi. – Seret, bir metrden gowrak çägeden soň toýun gatlak başlanýar. - Bize geregem şol-da. Rahman onuň arkasyna kakdy. – Biz uly utuş gazanýas, topury maşyny bilen uzakdan çekmeden dynýas. - Döwlediň onlarça müň manadyny tygşytlap bileris, şeýlemi? - Hawa, çakymyz dogry çyksa-ha şeýle, tekizlenen ýerde köki bilen goparylan sazakdyr çerkezleriň uçlary çägeligiň içinden çykyşyp durdy. «Nätjek-dä» diýip Rahman pikire batdy. «Gurluşyk etmeli bolansoň sizem sogurmaly bolýa-da. Adam näçe etmäýin diýse-de her ädimde tebigata zyýan ýetirýär. Tebigat adamy sylaýar, onda-da ne bir sylamak. Emma biz ony başaramzok. Nämede bolsa bu arabaglanyşygy ýitirmeli däl, tebigaty syladygyň özüňi syladygyň. Tebigat adamzada hyzmat edýär, adamzadam tebigata hyzmat edäýmeli»... Rahman Gurduň özüne tarap gelýänini gördi. - Näme ýagyň gutardymy? Diýdi. - Ýag bar, tamdyra duş geldim. - Hany, ýör göreli. Olar tirkeşip bardylar, «Komosonyň» pyçagynyň bäş metrlik öňünde tamdyr, ýanynda ojagyň sudury bardy, töwerek goýun gumalakdan doludy, holl aňyrrakda daşy sazagyň pürleri bilen aýlanan oraça bardy. - Haçan hem bolsa çopan goşy bolupdyr, tamdyrda nan bişirilipdir. - Çörek bişirilen bolsa men-ä ony ýykyp biljek däl – diýip Gurt seslendi. Tamdyryň üstünden traktory goýbermäge wyždannym çatanok. Näme-de bolsa duz-çörek bişen ýer. - Hawa, duz-çöregiň mukaddesligi hak, tekizlemeli ýerim sähelçe-de bolsa üýtgetmäge hakymyz ýok, onda taslamadan çykdygymyz bolar. - O enesi ýalamadyklar çyzgy çekenlerinde tamdyry görmedimikäler? Ýok, men-ä başarjak däl. - Ýeri bolýa-da – diýip, Rahman onuň bilen razylaşdy. – Duz-çöregiň mukaddesligi taslamaň çyzygyndan ýokary gelýär. Gurt gujurly gollary bilen Rahmany gujaklap: - Sag bol, Rahman – diýdi-de, traktory tamdyrdan aýlanyp geçdi. Rahmanyň ýaşlykda iň gowy görýän zady, ejesi tamdyrdan çykaranda, eliňi ýakyp barýan myssyjak çöregi suwa batyryp iýmekdi. Onuň tagamy ýaly lezzetli tagam ýokdy. Eger şeýle tamdyryň başynda onuň Aýsoltany dursa gör nähili ýakymly bordy. Rahman ejesinden aýra ýaşap ugraly bäri tamdyr çöregine zardy. Aýsoltanyň «Çöregiň dannamy bormy, haýsy bolsa iýiberler» diýmegi bilen onuň arzuwam gutarýardy, dogry çöregiň dannamy ýok, ýöne tamdyr çöreginiň üýtgeşik tagamyny welin Rahman gowy saýgarýardy. | |
|
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl / roman - 11.09.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |