09:57 Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI BIRINJI BAŞ
Romanlar
Işiň oň boljak bolanda bar zat ugruna bolar ekeni. Täzegüliň razylygyny beren güni Çary kakasyna kimlere söz aýdyja barmalydygyny duýdurmaga baranda Baýram aga obadan gelen maşyn bilen öýüne gaýtjak bolup durdy. Şol gün agşamsy Baýram aga öýüne gelip dogan-garyndaşlaryny ýygnady we özüniň kimiň gyzyna gudaçylyga barmakçy bolýanlygyny habar berdi. Dogan-garyndaşlaryndan birinden öňkesi bu işi oňladylar, ellerinden geljek kömegi berjekdiklerini ýaňzytdylar. Baýram aganyň Täzegüliň ýaşaýan obasyna durmuşa çykan aýal dogany «Gyzyň bir kemi keselbent! Gül ýaly oglana mynasyp däl» diýip garşy çykdy. Emma Baýram aga doganyna däl-de, öz ogluna ynanýandygyny aýdyp aýal doganyny öýkeletdi. Sähetli gün Baýram aga aýaly bilen Pälwan agalara gudaçylyga bardy. Pälwan ussaň üç otagly jaýy şaý-sep muzeýini ýadyňa salýardy, diwarda syrma gylyç, egrigylyň, düýrme gylyç, ner kesen symanly gylyç, her dürli pyçaklar, dutardyr-gyjaklar asylyp goýlupdy. - Myhmanlara hezzet-hormatdan soň Pälwan aga olaryň habaryny diňledi. - Aý onsoňam «Aýrana gelen tabagyny gizelemez diýleni-dä» diýip, Baýram aga sözüni jemledi. - Baýram, her kim öz çagasyny gowy görýär! Asylly, akylly, içenok, çekenok diýip ogluňy öwdüň! Ol belki gowy ýigitdir, oňa biziň gözümiz ýeter ýaly sorag-ideg edip göreli! Jogabymyzy soň bereris – diýdi. Baýram aga üç-dört güni geçirip Pälwan agalara ýene bardy, oňa «Jogabyňyzy soň bereris!» diýdiler, bir hepde geçirip bardy, ýene şol jogaby eşitdi. - Näçe gelmeli bolsa geller duraryn, asla ýadaman, «Gyzly gapy dynuw bilmez» diýleni, sizden razylygyňyzy alman gitmen – diýip, Baýram aga dördünji gezek geldi. - Baýram, türkmende «Gelene gel diýme» bor-da «git» diýme ýokdur, ol kimiň bolsa «Bir gören tanyş, iki gören biliş, üç gören garyndaş» diýipdirler. Onsoňam: - Görýän welin, seniň yhlasyň zor ekeni! Biz sorag-ideg etdik, maslahatlaşdyk hem-de siz bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açmagy makul bildik! Gyz özge bir ojagyň yşygylygy hak – diýip, Pälwan aga ony begendirdi. – Türkmende ata-babalardan, Oguz handan gelýän bir däp-dessur bar! Ogluňyzyň gowy ýigitligine şübhäm ýok! Men gyzymy oňa ur-tut berip bilermikäm? Köne däp-dessurymyz boýunça hünärbaz ýigitleriň at çapmak, ok atmak, göreşdir, ýaglyga towusmak ýaly bäsleşiginde ogluň üstün çyksa gyzymyzy berip bilýäs! Goý, ol güýç synanyşsyn! - Guda ilkinji habaryň meni begendirdi! Biz birek-birek bilen tanyş, indi garyndaş bolýas, şu synag diýýänleň welin, sakgaldaş, böwrümi birhili iňkise goýýar, ýogsam «gyzy baryň näzi baram» diýipdirler welin... - Hä, näme, ogluňa ynamyň ýokmy, sakgaldaş? – diýip, Pälwan aga ýylgyrdy. - Wah, ogulda ynam bardyr welin... Ol inžener, çölde gaz känini gurýan, öýüne myhman! Iş diýip ölüp ýatyr. Seniň o ýaryşlaryňa gatnaşyp bilmäýmese diýip gorkýan! Gatnaşaýsa bizem kem görjek däl welin... - Sakgaldaş, men muny ýöne degişip aýdaýdym! Her döwrüň öz däbi bar. Häzir ogluň hünäri bolup, ak ýüregi bilen zähmet çekýän bolsa şol ähli zatdan ýokary hasap edäýmeli! - Gaty dogry, guda! Bu aýdanlaryňa goşulýan! Ýene bir zady agzaman geçip biljek däl! Bulamakçyňyz bilen kä tölenmeli galyňyň sanawyny beripdir. Güýjümiziň ýetdiginden olary getirjek bolarys! Ýöne kümüşçi ussa bolansoň saňa bir zady ýatlatmakçy bolýan! Mundan dört müň ýyl ozalky däp-dessurymyz boýunça gyzyň galyňy 13 gram kümüşe deň bolupdyr, häzirki Baha boýunça manada geçirip oturmasagam, garaz... Türkmen aslyýetinde süýt haky diýlen zat 27 gram altyna barabardyr diýýär. Gyzyň gözi gyzylda diýselerem, garaz... - Sakgaldaş aýtjak bolýanyňa düşündim, Gurhanyň 28-nji süresiniň 22-30-njy aýatlarynda bir garry gyzlarynyň birini Mussa pygambere bermäge razylyk berendee giýew boljak ýigide sekiz ýyl işläp bermegi buýrupdyr... Aý, hawa-da indi galyň süýt hakynyň möçberinde durdumy näme? Men sakgaldaş bir zady aýdyp biljek! Galyňyň möçberini artdyranym bilen gyzymyzyň mertebesini galdyraryn öýdemok! Aýallar razylaşsynlar, yrym, yrym, ýom-ýom etsinler! Maňa-da, saňa-da şol bolar. Şondan soň toý maslahatyny ederis! - Bolar guda, bolar! – diýip, Baýram aga onuň bilen razylaşdy. Pälwan aga myhmanyny hezzet-hormat bilen ugratdy. Haçanda Baýram aga özüni getiren Zaporež maşynyna münende, - Guda, obamyzda Gurban girrik diýen bir adam bar, oň gyzyna şular ýaly maşina münüp gudaçylyga gelenmişler, şonda gyzy ejesine «Olar daşary ýurt maşynynda gelmändirler, diýmek, özüni oňarýan hojalyk däldir. Men razy däl!» diýenmişin! Meň gyzyma ony diýjeklerden däl welin!... – diýip, Pälwan aga hezil edip güldi... Şondan köp wagt geçmänkä toýuň sähedi bellendi. Baýram aga toýdan öňürti jaýyny täze keşbe getirdi, reňklemeli ýerlerini reňkledip, agartmaly ýerlerini agartdy, daş-töweregini syryp-süpürip tämizledi, jaýyň öňündäki ullakan bagyň içini arassalady, ortasynda ogluna ak öý dikdi. Özem Çaryň eli bilen ýasalyp ýygnanan ak öýi dikdi. Obada pagta ýygym möwsüminiň gyzgalaňy sowaşypdy, güýzüň soňky aýlarynda toý etjekler üçin amatly pursat gelipdi, ir-iýmişler bişip bolçulykdy, adamlaryň eli işden boşapdy. Baýram aga oglunyň toýy üçin zadyny gaýgyrmady. Etrabyň iň ökde sazandalary, aýdymçylary çagyryldy. Olar toýuň birinji güni öýleden soň aýdyma başlap tä ýary gijä çenli, ertesi ir säherden tä giç agşama çenli aýdym aýdyp, saz çalyp, bezelen gelin-gyzlar, ýigitler tans edip, şagalaňy diýseň artdyrdylar. Aşpezler tagamly naharlary taýýarladylar, saçaklaryň üsti her dürli näzi-nygmatlardan hyryn-dykyndy, owadan çüýşelerdäki dürli reňkli suwlar, içgiler hatar goýlupdy. Çary öz ýoldaşlary bilen ýüzügi Täzegüliň eline geýdirmek üçin gyz öýüne gitdi. Bah, bah, Täzegüliň bu günki bagtyny bir synlasadyňyz? Joralary ony şeýle bir bezäpdirler, şeýle bir bezäpdirler, aýtmaga dil, görmäge göz, eşitmäge gulak ejiz gelýärdi. Sagyna dakylan jugura seretsene! Ol özüne mahsus agras jylwa bilen joralaryna daşyna gurşap, Çaryň öňünden çykdy, hezzet-hormatlap garşylady. Mejimedäki ýüzügi eline dakdy, Çaram öz gezeginde ýüzügini Täzegüliň barmagyna geýdirdi. - Täzäm, bu ýüzügiň taryhy daşdan gaýdýar! – Çary Täzegüliň elini saklap sözüni dowam etdi. – Bu meň garry atam Mämmet Hojamguly tarapyndan ýörüte ýasadylyp, garry enemiň eline dakylan, soň enem ony atam Gultak Mommadyň gelnine sowgat beripdir, ondanam meniň ejeme, ejemem saňa sowgat berýär, özem «Öz eliň bilen gelnimiň barmagyna dak, goý nesilden-nesle geçip gelen bu ýüzük size bagt getirsin!» diýdi. Menem, ine, ony seň eliňe dakdym. Goý, bu ikimize-de bagt getirsin, aýratyn hem seniň şu gözelligiň hemişelik saklanmagyna ýardam etsin! Täzegül mylaýym ýylgyryp barmagyndaky ýüzüge başgaça seretdi, ol hakykatdanam nähilidir bir jadyly öwüşginde lowurdaýardy. - Örän minnetdar, gadyrdanym! – diýip, Täzegül mylaýym ýylgyrdy. Ýaş ýigitler, gyzlar juwanlary gezekli-gezegine gutladylar. Gutlag gezegi Mämmet kele ýetende: - Guzularym! Toýuňyz gutly bola, gutly mübärek bola! Bagtyňyz çeşme ýaly çogsun dursun! Gyzym saňa aýtjak! Öýe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp-hormatlap adamsyny ýoksyratmaýan gelin bolgun! Oglum, saňa aýtjak! Öýüňe, gelniňe, ene-ataňa yhlasyňy siňdirgin! Ata-enäniň diýenini etgin, hormat goýgul! Gyzym saňa aýtjak! Ertir bilen eliň-ýüzüň ýuwman, dokuz ýalmaç bilen bir kenek gowurdagy dykyp, eliňi bykynyňa diräp «Äre çykalym bäri doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi» diýip, gapy-gapy aýlanyp, gybat edip, gürrüň diňläp öýläne çenli öýüňe gelmän ýörenlerden bolmagyn! Birek-biregi söýüň, sylaň, mertebäňizi saklaň! Gaýyn eneňe «Kiçi göwünli gelnim bolsun, nirä çeksem şoňa gelsin» diýdirgin. Men size işgärleriň adyndan sowgat gowşurýaryn diýip, Mämmet aga ajaýyp türkmen halysyny öýüň töründen asdy... Täzegüliň bagty bu gün daş ýarýardy, birnäçe aý ozalam depesinden gara bulutlar aýrylanokdy, dünýäň aladasy başyna düşüpdi, durmuşyň garaňky künjeginden saýlanyp bilmän, sypyp bilmän, azara galýardy. Eýsem onuň günäsi nämedi? Bir ýigidi söýenligidi. Emma ol ýigit onuň bilen däldi. Ine, ony örtän, ýakan, köýdüren zatlar! Ol asyl başga bir ýigidi ýürekden söýerin diýip pikirine getirmezdi... Çary özi üçin ölüp ýatmadyk bolanda ol şol ýekeligine geçjekdi. Bir adamy ýüregiň bilen söýüp, onuň bilenem ýoluň ters gelende bu heniz durmuşyň gutardygy däl, ekeni. Durmuş seni başga birine, öňkiňdenem güýçli söýgi bilen bakdyryp bilýär ekeni! Ol indi diýseň rahat! Ýüreginiň howsalasy nirädir zym uçan ýaly, Çary bar ýerinde gorky ýok, näme diýse edýär, oň üçin özüni oda atmagada taýyn, garşysyna gidenok, mylaýym, Täzämden başga sözi eşidenok. Täzegül söýgi barada gat-gat kitaplary okapdy, kino seredipdi, özüniňki ýaly söýgä duşmandy, ol 6-7 ýyllap söýgüsini hiç kime aýtman pynhan göterdi, bir söýenini söýmegi arzuwlap göterdi. Emma söýgi diýlen zat söýülýänini bilse öjüger, bilmese köräp söner ekeni. Şol okan kitaplaryndaky eşiden zatlaryndaky ilkinji söýgüler oňa degişli däldi. Dogry, ýürekde ilki Gurt orun alypdy, ýöne ol bir bölek daş hökmünde şol ýatyşyna ýatyp galmalydy, şo daşyň öňünde indi Çary peýda bolupdy, büdremez ýaly daşy bir gyra sowdy. Çarysyz durmuş-durmuş däl! Ertir gelin bolup onuň bosagasyndan ätlemeli, maşgala döretmeli, bagtyna bagt goşmaly, birek-birege düşünişmeli. Çary «Biziň aramyzda ýüze çykjak soraglaryň çözgüdi diňe özüňe goýýaryn, rugsatsyz saňa barmagymy hem batyrmaryn» diýdi... Ýok, ol entejik köp garaşmaly bolaýmasa!... Täzegül häzir durmuşa çykan joralarynyň ilkinji nika gijesi özüni nähili alyp barmalydygy baradaky gürrüňlerini diňleýärdi, öz ýanyndan bolsa Çary bilen gatnaşygym mähirden doly bolar, ikiçäk galarlar welin garaňky öýde ýanaşypjyk oturarlar, pyşyrdan ondan-mundan gürrüň ederler, Çary onuň elini öz eline alar! Belki şeýle bolar! Pyşyrdap gürleşmeseler kyn boljak! Çary özi üçin dikilen ak öýde nika gijesini geçirmegi ýüregine düwüpdir. Goý, şeýle bolsun! Gürleşerler, parahatja oturarlar, azajyk garagolluk etjek bolsa ol duýduryş berer. Çary bolsa oňa gulak asar, sebäp diýeniňde mertebesiniň kemsidilmegini halamaz. Çary bilen daňa deňiç bileje oturar, derdinişer, köňlüne rahatlyk getirer, daň ataram welin Çary ile bildirmänjik ony taşlap gider. Bu Täzegüliň islegi däl, ata-babalardan gelýäp däp-dessur, ýigit nika gijesinden soň daň atmanka öýden çykyp gitmelidi. Juwanlara bagyň ortasynda Çaryň ýasan ak öýüni dikdiler, öýüň arkasynda almadyr erik agaçlary, iki gapdalynda şetdalydyr, garaly, öňünde çynar ösüp otyr, bu eýýäm Täzegüliň ýüreginden turjak ýer! Ondördi gijäniň Aýy olar üçin yşyk berer! Agşamky aýdym-sazly, şagalaňly üýşmeleňden soň, joralary gap-çanaklary ýuwup bir jaýa ýygnandylar-da, Täzegüliň egin-eşiklerini tertibe salmaga kömekleşdiler, bir gapyrjagy hozdur, kişmişden, beýlekini näzli-nygmatdan doldurdylar, ýene birine gyz üçin nika agşamsy gerek boljak zatlary saldylar. Hepdäniň anna gününiň gijesi onuň üçin has uzaga çeken ýaly boldy. Gyzlaryň gürrüňi gutarar ýerde gutarmady, emma wagt hem bir ýere ýelmeşen dek ýöremedi. Gyz-gelinler iş üstüne iş tapyp, gürleşip gülüşip otyrlar, ýukajyk mata düşegi indi üçünji gezek ütükleýärler! Bu şol gije ketenisiniň gapdalynda asyp goýan düşegi! Bu düşekde ketenisindäki ýaly Çaryň eliniň yzy Täzegül ol yzy gözüni daňsalaram görkezip biljek! Gyz-gelinleriň işi tükener ýaly däl, hat-da ertire çenli ýetişip bilermikäk diýip wagtyň azlygyndan zeýrenýärler. Täzegül üçin welin wagt durupdy. Wah, oňa hut şu gije wagtyň çalt geçeni gerekdi ahyr! Emma bolýan däldir-dä! Örän gadym zamanlarda Allatagala güni dürli ölçeglerde ýasanmyşyn, daň atan ýaly bolup geçýän gün bolanmyşyn, ýyla barabar gün bolanmyşyn. /Çaryny gepletseň günler meňzeş diýer!/ Häzir welin Allatagala ýyla barabar gijäni peşgeş beren ýalydy. Diňe bir şu gije däl, ertirki günem kelte boljak däldi. Oňa derek erte agşam onuň sabyrsyz garaşmasynyň peşgeşi hökmünde Allatagala gijäni ýyla barabar edip, süýjülikden dolduryp goýmalydy. Ertesi günorta ýakyn maşynlaryň kerweni dabara bilen Täzegüli alyp gaýtdy, gaýdyşyn Mollanepesiň, Magtymgulynyň ýadygärliklerine gül desselerini goýdular, ýaş çatynjalar bilen ýadygärlik surata düşdüler. Täzegüliň öýünde başlanan toý Çarylarda dowam etdi... Täzegül bilen Çaryny dabaraly ýagdaýda ak öýüň içine saldylar. Toý dowam etdi... Uzynly gün dowam etdi Kürtäň aşagynda öz oý-pikirleri bilen gümra bolup oturan Täzegüliň ýüzüni açyp görüp gidýän gelin-gyzlaryň san-sajagy ýokdy. Olaryň biri «Aý ýaly gelin!» diýse, beýlekisi «Gözi şullurak» diýdi, ýene biri «Çara mynasyp» diýse, beýlekisi «Mynasyba mynasyp» diýdi, görüp bilmedikler «Aý, tamdyra çykman oňan ýokla, şonda synlaryn» diýdiler. Täzegül welin bu gürrüňlere üns bermän uzak günüň gutararyna agşamyň düşerine garaşdy. Hakyna seretseň güýz pasly gün keltelip agşam çalt düşäýjek ýalydy, emma näme üçindir düşenok. Dünýe döräp günüň yzyndan gije gelýär ahyryn! Her zatda bolsa häzir Täzegüliň keýpini bozjak hiç zat ýokdy. Ol ilkinji gezek belent duýguny syzypdy, şular ýaly günde geçmişini ýatlamak ýerlikli däldi... Bu gün ol köňlüniň üýtgeşik joşgunyny, ruhunyň belentligine garaşýardy. Täzegülde beýle duýgy öňden bäri bardy. Bir däl, iki, däl, gaýtalanýan duýgudy, köp wagtlap köňül baýramyna garaşypdy, şu günkisi ýaly garaşypdy. Agşama ýakyn gyzlar Täzegüli ak öýden çykaryp nika gijesi üçin ýörite bellenen otaga alyp bardylar. Basym mollalar nika gyýdylar «Arpa çörek iýdirme, agyzla depdirme, toýnakla depdirme, pamyk kimin gülmegin, türşek kimin döllesin, muny saňa, senem Hudaýa tabşyrýas» diýdiler, ädik çykardyldy, guşak çözüldi, düwülen ýumruk açyldy, açylan göz ýumuldy... Ahyrym ikiçäk galdylar. Çary Täzegüliň inçe bilinden tutup göterdi-de, birnäçe gezek pyrlady, onuň üçin Täzegüliň başy aýlanar ýaly däl, soň ony şol ak düşegiň üstünde ýatyrdy, özem ýanynda çökdi. Täzegül düşegi eli bilen sypalap «Ine şu eliň degen ýeri, seň «ogrydan» goran düşegiň! Men şonda saňa ilkinji ýola başgaça seredip başladym, bagtymdygyňa düşündim, ak düşegi öz elim bilenjik aşagymyza ýazdym! Indem ikijigimiz onuň üstünde ýatyrys!»» diýip pyşyrdady, soňam köpden bäri kükregine sygman ýören gülküsiniň gapysyny açyp goýberdi. Çary başyny Täzegüliň döşünde ýaplady. Täzegül - Waý, toba, tur! Bu ne halat! – diýip, yza çekildi. - Täzäm saňa arzym bar! - Arz eýle, adalatdyr! - Men saňa aşyk boldum. - Goýaweri, ne hajatdyr? - Perileriň hany sen, alarsyň janym! - Bu sözüň bir ýalan hekaýatdyr. - Täzäm, gözüň öldürdi, gamzaň içimden geçdi! - Men nädeýin alaçsyz! - Husnuň maňa paç eýle! - Goýaweri gabahatdyr! – diýdi-de, Täzegül elini dişläp güldi. - Ne tütündir bu gara? - Zülki – käkilim! - Ne elipdir bu göwre? - Inçe bilim! - Ne şekerdir, bu zynat? - Şerbetli dilim! - Şondan bir posa berseň! - Utançdyr munyň oglan! - Posa bermeseň ölýän men! - Goýaweri gabahatdyr – diýip, Täzegül ýüzüni tutdy. - Yşkyňda köýdürme Täzäm! – diýip, Çary Täzegüli gujaklady. - Ýanyp-köýmek aşyklara adatdyr! – diýip, Täzegül ony iteledi. Olar hezil edip gülüşdiler! Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň «Istäp Ki gözel ýary» goşgusyny olar baryp mekdep ýyllaryndan ýatlarynda saklapdylar. Häzir şony aýdyşypdylar. Diňe şunuň özem olaryň pikirleriniň, ynançlarynyň, duýgularynyň birek-birekden aýra däldiginiň subutnamasydy. - Hany, sen maňa näme jogap berjek? – diýip, Täzegül goşgyny dowam etmek isledi. Ol dünýäde başga hiç zadyň pikirini etmän öz duýgularyny erkine goýberipdi, aňyrsyna ýetip bolmajak rahatlyk gurşap alypdy, ketegine düşen guş ýaly ganatlaryny ýaýypdy... Çary welin häzir gaýtam rahatlygyny ýitiripdi, bolup geçen wakalar haýrana goýdy. Ähli zat şeýle bir çalt geçdi welin ony duýup ýetişmedi. Täzegüli gujagyna gysyp bir düşekde ýatyşyny düşüdir öýtdi. Belki, bu hakykatdanam şeýledir? Birden düýşi bolup çykaýsa? Adamda käte bolýara, hakykatda bir gowy zat bolan ýaly bolýar, emma soň ol düýşi bolup çykaýýar, şol bolmasyn diýip Täzegüli gujagyndan sypdyrasy gelenok, sypdyrsa düýşi ýaly onuň ýassyga öwrülmeginden gorkýar. Ýok, bu görýän zatlarynyňdüýşi däldigine gözüni ýetirýänçä ol gujagyny boşatmaz. Bu pursata ol kän garaşdy, ahyrym göwher gaşly ýüzügi, eletmez hazynany duluna geçirdi, gujagyna saldy, ukusyndan açylyp ýeke galaryn öýdüp gorkdy... 2 Ýylyň başlarynda Muhammet Begiň ýolbaşçylyk edýän gurluşyk bölümi Şatlyk şäheriniň töwereklerindäki desgalary gurýardy. Ony bir ýan ýüzli edensoň Üçajy demir ýol duralgasynda gurlan göçme obajygyň suw, gaz, çyra üpjünçiligini ýola goýupdy, ondanam Türkmen derýasynyň boýunda gurulýan suw arassalaýjy, iteriji desga geçirilipdi. Myrat iki ýyl bäri Muhammediň hyzmatyny edýärdi, bölüme gerek çig maly getirýärdi, Muhammedi gezdirýärdi, gabat gelende onuň iberen gurluşyk çig mallaryny obalarda ýerläp puluny getirýärdi. Güni ýaman geçenokdy, iýip içýärdi, sowalgasy bardy, üstesine-de bölümde hanam, soltanam özüdi. Rahmanyň aladasy bilen Muhammetden aýrylyp Bäşgyzylyň gurluşygyna işe geçirilmegi oňa ýokuş degdi. Bäşgyzyl gaz ýygnaýjy nokatda gurulmaly onlarça desgany gurluşyk çig maly bilen üpjün etmek onuň boýnuna düşüpdi, ýük çekmeli aralyk bary-ýogy bir kilometr töweregidi, ýöne uzynly gün aýagyny epip dynç almaga-da wagty ýokdy, çagyl getirse sement gerekdi, sement getirse çäge gerekdi, çäge getirse sement garyjy enjamdan taýyn semendi getirmelidi. Onuň işine hut Rahmanyň özi gözegçilik edýärdi. Maşynym döwüldi diýip sypaýyn diýse täzeje maşyn, başga bahana tapyp biljek däl, Muhammediň ýanyna baraýyn diýse oňa eýýäm Artygy belläpdirler. Aý, garaz, indi oňa sypma ýokdy, ýadap zordan agşama ýetýärdi. Iň bir ýaman ýerem bäş-alty sany özi ýaly sürüjileriň arasynda ýatmaly bolýardy, öň Muhammet bilen arassaja, goh-galmagalsyz ýerde arkaýyn dem-dynç almaga öwrenişen ýigitdi. Ine, bu günem Myrat işini tamamlap göçme obajygyň öňündäki meýdançada maşynyny hatara goýdy, ýapyşdyryp durka Gözeliň öýünde çyraň ýanýandygyny gördi. - «Gel, men oň ýanyna baraýyn!» diýip, ol Gözeliň gapysyny kakdy. Gözel bu ýerde üç-dört gyz bilen bile bolýardy. Häzir Gözel ýeke bolmalydy. Soňky günlerde Baýram diýen at Myradyň kellesinden çykanokdy, ýadyna düşmedik wagty gezip ýörendir, düşdügi welin aladasy artýardy. Iň ýamanam Gözel ol barada hiç zat aýtmak islänokdy. Hut şol sebäplem gapyda peýda bolan Gözeli görüp begendi. - Men gelnimi görýänligime örän şat! – diýip, Myrat degişen boldy. Öz ýanyndan welin bu sözüň hakykatdygyny boýnuna aldy. Jaýyň içiniň arassalygy, ýylylygy, gaz ojakda bişýän datly naharyň janyňy alyp baryjy ysy, duldaky kiçijik telewizor – bularyň bary rahatlandyryjy, meýmirediji täsirini ýetirýärdi. - Waý, enaýyda gyz! Gelnim diýen bolup, nädip diliň öwrüldi, oglan? Ýalňyşan-a dälsiň-dä? Halymsyrap, ant içip, awy ýalasaňda sargym-sypatsyz, men saňa ynanman. - Eýsem ýalanmy? - Meni oýnajak bolma oglan! Bular seniň kiçi diliňden bärde çykýan sözler, içiň hünni gara, göwnüňem gemremi... - Eger ynamdan gaçan bolsam onda men-ä gaýdyberjek? - Ýok, näme üçin gaýtjak? Geldiňmi, gelen şekilli otyr! Hiç kimden gizlin herekedim bolmaz! Şol açyklygymdyr. Çaý içseň demläýin? - Bir käse içäýmeli... - Bir käse däl, iki käse iç! Gözel orta saçak ýazdy, çaý demledi, bir okara çorba guýdy, Myrat süýji nahardan hezil edip iýdi, çaý içdi. Gözel nahardan boşan tabagyny ýygnamak üçin egildi welin Myrat onuň aýagyndan ýapyşdy. Gözel az wagtlap sesini çykarmady, soňam: - Aýryl, meň oýun edesim gelenok! Besdir, öňki oýunlaryň! – diýdi. - Gözel... Gözel... Men çydap bilemok. - Çydap bilmeseň, öňki barýan ýerleriňe gidiber, az gitdiňmi, eýsem? Gijeleriňi köçe gyzlary bilen keýpi-sapada geçirýän wagtlaryňy bilýän däldir öýdýärmiň? Bilýädim, ýöne kör söýgim dilimi baglapdy. «Gözel dogry aýdýar!» diýip pikirlenen Myrat elini goýberdi. «Meniň bu etjek bolýan zadym ýoldan çykma bolýar» Könelerimiz «Kimiň endamy ak, burny küýki, gözüniň okarasy suwly bolsa söýgä durumsyz bolýar, ol mydama aýallary küýseýär, özem ondan dogjak çaga diňe gyz bolar» diýip ýönelige aýtmandyrlar. Hut şu sebäplem meniň gyzym boldy... Ýok, ol durumsyz bolmaly däldi. Özüni ele almalydy, şeýle pikir bilen gijesini geçirdi, ertesi didaryny küýsedi, keşbi gözüniň öňünden gitmedi, şol islegi pursatsaýyn artdy, düşdüşiň kerebini ussatlyk bilen dokaşy, şeýdibem awuny aýlaýşy ýaly, olam Gözeli eýelemek üçin dürli ýollary agtardy, öň habar tutmaýan halyna ýygy-ýygydan gelip başlady, güler ýüz bilen garşylamasa-da garaz, Gözel ony kowup goýbermedi, bu gün bolsa ony jaýyna salmajak boldy. - Gelene gel diýmeli, haçan gidýäň diýip soramak gadagan! – şeýle ýazgy Mäne obasyndaky aramgähiň ýüzünde bar. Saňa şony ýatlatmak ýerlikli bolsa grek – diýip, Myrat ýylgyrdy. - Öýüm myhmanhana däl! – diýse-de, Gözel göwnedi. - Hydyr haýran diýip bir kebşirleýji bar. Sen ony tanaýaň ol «Aýalym galmagal dükanyň müdiri» diýýär, senem şol dükana işe geçipsiň öýdýän! – diýip Myrat degişdi. Olar nahar iýdiler, çaý içdiler. Gözel gündiz işläp gijesine boşdy, onuň ýanynda ýaşaýan gyzlar bolsa gije işläp, gündiz dynç alýardylar. Ine, onsoň gijesine Myrat üçin gepleşmäge, pikir alyşmaga amatly pursat döreýärdi. Myrat bu gün telewizor görüp has köpräk oturdy. Gözel kir ýuwjak diýip daşarda gümendi. Bu günki ýadawlyk halys basmarlansoň Myrat oturan ýerinde uklap galdy. Bir oýansa üstüne ýorgan atylypdyr, Gözel iki ädim beýle ýanynda ýukajyk matany üstüne çekip uklapdyr, Myrat bilen aradaky saçagy ýygnamandyr, ol ak bilekleriniň kellesiniň üstüne atypdyr, dem alanda galbaň göwüsleri göterilýär, boýnundaky garaja haly gyzyl monjugyň biri bolup görünýär, saçlary ýarym aýlanyp sagrasynyň üstüne düşüpdir, açyk gök reňkdäki ýukajyk köýnegi garaňky otagda Myradyň göwnüne bolmasa çyra kimin ýanýar. Bir mahallar Myrat şu gözeliň gujagyna dolupdy, alma-ýaňagyndan tiripdi, inçe bilinden guçupdy. Häzirem ol tokmak ýaly gara saçlary sypalasy, inçe bilden gujaklasy, possajyk dodakdan posa alasy geldi. Onsuzam Gözeliň ýakynlygy gijesiniň her bir pursatyny ejire öwürdi, turdy aýtjak boldy, bolmady, ahyram ýüregini bire baglap, ortada ýazylan saçagy, üstündäki gap-çanaklary ýygnaşdyrdy-da, Gözeliň gapdalynda gyşardy, saçyny sypalady, garşylyk görmejegini aňyp has-da gödek hereketlere ýüz urdy, dyňzap gelen gyzgyn gany endamyna ýaýrap ýakyp-ýandyryp ugrady. Ukuda ýatyrka üstüni basdyran Gözel ilki nämäň nämedigine düşünmedi, belki düşünmek islemedi, gowy özüne gelende: - Myrat aýryl! Çek eliňi! – diýip, haýbatly gygyrýandyryn öýtdi, emma sesi zordan Myradyň gulagyna ilýärdi. Toý edeli onsoň näme etseň ediber! Menem adam ahyryn, maňa-da at-abraý gerek! - Sen meň aýalym, çaga meňki! Indiden beýläk ýanyňda boljak, söz berýän. Sen meni horlama, halys çydap bilemok. - Maňa aňsatdyr öýtýärmiň, bäş ýyl bäri mähriňe zar, sen bolsa ýanyma aýalyň hökmünde däl, nobatdaky oýnaşyň hökmünde gelýäň! Men ony islämok! Toý, et, nikadan geçli – onsoň men seňki. - Gözelim, öňem aýtdym, ýene gaýtalaýan, nika kagyzy bilen iki adamyny ýakynlaşdyrmak mümkin däl! Biz birek-biregi onsuzam söýýäs, şol ähli kagyzdan ýokarda. - Ilkinji gözümiň göreni, ilkinji söýgim sen, bu meni seň söýýänligiňi aňlatmaýar. Bar aýdaly iki ýyl Goşun gullugynda bolupsyň, soňky üç ýylda ýeke gezek habar tutmadyň, şu ýerde tötänlikde duşanymyzdan soňam-a idemediň. Söýýän bolsaň, idärdiň ahyryn, iň bolmanda ruhy kömek ederdiň, çagaňy görerdiň! - Gözelim, sen bilýäň-ä, men ol sözi kän gaýtalamany halamok! Söýmeýän bolsam beýdip ugruňda köýüp ýörmezdim, golaýyňa-da gelmezdim... hoşroý ysly alkymyňdan şeýdip posalar almazdym – Myrat dynman gepleýärdi, şol bir wagtyň özünde eli Gözeliň gowşak damarlaryny sypalaýardy, ak alkymdan tä gulagyň eteklerine çenli ogşaýardy, dilini oýnadyp ýalaýardy, köpi gören aýalbaza tejribesiz aýalyň iň gowşak damarlaryny ýumşatmak bir bulgur suw içenden enaýy däldi, gowusy beýle adamy golaýyňa getirmezlikdi, getirdiňmi onsoň onuň garşysyna göreşmek pagtabent atandan enaýy däldi. - Myrat, akylly bol ýalbarýan! Ýadyňa düşýärmi, Aşgabatda duşaňda: «Gözelim, Bägülim, Ýazgülim» diýipdiň, şondan bäri seni söýüp gelýän! Sen meniň hasratym, begenjim, bagtym ilkinji günden guluňa öwürdiň, söýgi hanjaryňy dikip, erkimi eliňe aldyň. Şol gün maňa näçe hasrat getirdi. Soň aýraçylyk ejirini çekdim, mertebämiň basgylanmagyna gözümi ýumdum! Men bulary näme üçin diýýän! Geçeni geçdi biläýmeseň düzetjek zadyň ýok! Bir zady aýdyp biljek, meniň arassa söýgimi dowzahyň odam, ykbal duşmançylygam söndürip bilmedi, ýöne, munuň özi bir taraply kör söýgi bolmaly däldi ahyryn. Türkmende «Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez» diýen aýtgy bar, men ony «Söýgi näme etdirmez, duýgy-guşdur tutdurmaz» diýip düzedesim gelýär. Kör söýgim meni köp zada mejbur etdi, köp zady öwretdi, durmuş meselelerinden başy çykmaýan, agzy sary oba gyzynyň eline galam berip goşgy ýazdyrdy, darak berip haly dokatdy, reňk berip surat çekdirdi, eşiden rowaýatyny çeperleşdirip kagyza geçirtdi, sada oba gyzynyň gysga döwürde bu zatlary öwrenmegine diňe söýgi sebäp boldy, söýgi maňa surat ýaljak görmegeýje enaýyja altyn aşygy – çagany berdi... Men söýgimden razy, ýöne, indi onuň hasratyny çekerden ejiz gelýän... Gözel bu pikirleri Myrada gürrüň berýändirin öýtdi, emma ol ony diňe hyýalyna getirýärdi, hakykatda bolsa Myradyň hereketleri erkini elinden alyp, doňan ýüregi pagyş-para eredipdi... Oňky öňde bir geçiniň şertim şahyma diýişi ýaly bir zat bolýardy... Gözel bulara gözüni ýetirse-de, Myrady iteläp aýyrmaga mejaly ýokdy, gaýtam, sil suwuny saklap duran böwediň düýbüni kem-kemden ýukaldýardy... Sil suwy ahyrym böwedi ýaryp dagdan aşak şaglap gaýtdy-da başga bir sil suwuna gabat gelip badyny gowşatdy... Oňa çenli Gözelem, Myradam asmana uçma zerarly dörän süýji keýpden aýňalmadylar... - Eý, Hudaý, bu nä masgaraçylyk, toba, toba, hany mertebäm? Hany utanç haýam, meni öldürseňem azdyr! – Gözel eli bilen ýüzüni tutup aglady, horkuldap aglady, Myrat bolsa ýatan ýerinde gerinip: - Uçma düşdümmikäm üýtdim. Uçma sözüniň düýp manysy ganatlanyp uçmadan dörän bolmaly... Beýlede bir hezillik bor ekeni – diýdi... Gözel esli aglanyndan soň birneme rahatlanyp – Eý, Hudaý çaga bolsa ýene-de iliň gözüne ryswa bolaryn. Bolşuň gursun Gözel, mysalaň gursun Gözel, ejem «Ýukaýürekligiň köp betbagtlyga elter» diýip ýönelige aýtmaýady ahyryn! - Çaga galsa dogurarsyň, aýal adam gara iş üçin däl-de, adamzada nesil öndürmek üçin döredilipdir. Myradyň sözleri Gözeliň gulagyna ilenokdy, ejesiniň janygyp-janygyp tekrarlamasy welin ýaňlanyp durdy... Bu gürrüň göwreli bolup, Aşgabatdan öýüne gezmäge gelende bolupdy, ejesi gyzynyň ýüzüne seredip «Mähriban gyzym, sen ejeňden syryňy gizleýärsiň? Görnetin aldaýarsyň! Seni dünýä inderip ak süýdüni bereniň ýüregine ýara salýarsyň! Ýüzüňden aňyp duran zadymy gizlejek bolmagyň zerurlygy ýok!» diýdi, onda Gözel «Bilýän bolsaň sorap durmaň näme?» diýdi. Ejesi «Gyzym, maňa ynanaý, kim-kim ejeň ýere girer welin, gyzynyň syryny ile äşgär etmez. Hudaýa şükür, agyr durmuşymda dilimi dişläp gezmäge ökdeledim. Menden arkaýyn bol! Men bu ajy hakykaty özüňden däl-de, seniň ýüzüňe seredip kesgitlejek adamlardan eşiderin öýdüp gorkýan! Aşa ýukaýüreklilik, etek gowşaklygyna getirýär, onam eneňden gizlejek bolup, aýagyň depip durma, duraňda-da etjek alajym ýok! Isläniňi et! Ýöne ýukaýürekligiň seni köp betbagtlylyga elter! Ýeňilkellelik edip özüň ýaly ýeňil kellä aldatsaň, gyz maşgala mahsus bolan asyllylyk, utanç-haýa, akyllylyk, azatlyk, mertebäňi saklamak ýaly häsiýetlerden mahrum bolarsyň, şoň üçinem çynym bilen, dyza çöküp ýalbarýan, köňlüňdäki ýaramaz duýgulary çykar, haýasyzlyk oduňy öçür, haram islegiň guluna öwrülme! Kim ilkinji söýgüsini çäksiz synaglaryň eleginden geçirip, sowukganlylyk görkezse – bagtly bolýandyr, ýeňiş gazanýandyr, mertebesini saklaýandyr, kim süwümsiz sabyrsyzlyga, ýaranjaňlyga ýol berse utulýandyr, namysyna meýletin atanak çekilýndir...» Gözel durup bilmän, «Waý, enaýyda, gyz, gürrüň bermek aňsat, ýerine ýetirmek kyn» diýdi-de güldi. Onda ejesi «Dogry kyndyr, hiçden giç ýagşy diýipdirler, az pursatlyk keýp üçin garyndaşlaryň eneň-ataň ýüzüni ýere çaljak bolmazlar, utanç-haýany taşlap ýoldan çykan diýdirjek bolmazlar, Hudaýy çagyryp, hapa umytlara, haram keýpe alyp barýan ýalan begençden daşda durarlar! Durmasaň-dowzaha düşersiň! Wesýetimi almasaň gözümi açyp giderin! Kabul etseň öz-özüňi, mertebäňi, namysyňy gorarsyň! diýdi. Onda Gözel «Eje meň päk söýgimiň öňünde durjak hiç hili güýç ýokdur!» diýdi, «gyzym, häzirki heňňamyň ýaşlary öz islegleriniň guluna öwrülip keýpi-sapa söýgi diýip at berýärler, ol ýedi gat asmanyň üçünji gatynda ýerleşen Zöhre ýyldyzyndan gözbaşyny alyp gaýdýar! Beýle söýgini gözleýänleriň ruhy pesdir, ol peslik artykmaç baýlykdan, haram gazançdan emele gelýän keýpi-sapadan döreýändir. Şol keýpi-sapa, siziň diliňizde aýtsam söýgi – diňe baýlyga ýokuşýandyr, köňli ejizleriň eýesi bolup, gowy geýinmek, maşyn münmek, owadan köşklerde ýaşamak, pul sowrup keýp çekmek arzuwynda bolýandyr, garamaýak adamlara olar ýaly zatlar ýatdyr. Garyplyk gapydan girende söýgi äpişgeden çykýandyr. Halal ýaşaýan adamlaryň çagalarynda beýle hyýallar, beýle söýgi ýokdur. Menem seni halal zähmedim bilen ulaltdym ahyryn... Puly saman kimin sowurýan bir näkese duşmadyk bolsaň, beýle üýtgemeli däldiň ahyryn» diýip ejesi gözüne ýaş aýlady... Gözel ejesiniň müň kerem mamladygyna indi düşünip başlapdy. Şol wagt bolsa kör söýgisiniň ýesiri bolup nikasyz çaga dogrupdy, şeýdibem haýany ähli zatdan ýokary görýän ejesiniň ölümine sebäp bolupdy. «Eje, ejemjan, sen meni bagyşla, günämi geç! Saňa gulak asman telek iş edipdirin. Söýgime ynanyp ýalňyşypdyryn... Myrat Ýene-de söz baryny berip, onuň köňlüni awlady. Indi nätmeli bor? Kimden maslahat soraýyn? Kime maslahat salaýyn!» Gözel pikir ýumagyny çöşleýärdi, ýaş düwmeleri dynman gözünden akýardy... Myrat iki hepdeläp Gözeliň ýanynda boldy. Üçünji hepde Şatlyga ýüke gitdi, soň yzyna dolanmady, «maşynyny bejerýär» diýdiler. Gözel bir gün, iki gün, bir aý garaşdy, Myrat gara bermedi, onuň joşgunly söýgisi ýagy gutaran çyraň körügip sönüşi ýaly sönüp barýardy. Aslynda Myratda söýgi bir barmydy? Gün yzyna gün geçýärdi. Gözel bäş ýylky aýraçylykdan soňky geçiren bagtly günlerini ýatlap lezzet alýardy. Ýürekleri söýgiden dyňzap duran aýallarda bir häsiýet bolar ekeni, olar söýgüsiniň islegini kanagatlandyrmakdan meýilleriniň öz islegi bilen dälde başga bir sebäpleriň, aýdaly aldaw, güýç ulanmak ýaly sebäpleriň üsti bilen amala aşmagyny, isleýärler. Muny boýnuna alasy gelmese-de, Myrat bilen geçiren iki hepdesinde-de öz-özüni aldadypdy, ilki ony ýanyna golaýlaşdyrasy gelenok, öýünden çykaryp kowup hem bilenok, onsoň Myrat onuň erk-islegine garaman etjegini edýär. Şeýdip baldan süýji günler yzly-yzyna geçip dur, Gözel her gün irden ony kowaryn diýýär, emma agşam gelýär welin, «Kim özüne gerek agramlyk daşy zyňsyn?» diýip, özüni rahatlandyrýardy. Dogrudanam, Myrat oňa gerekdi, diňe bir söýýänligi üçinem däl, hut saglygy üçinem gerekdi. Şu iki hepdäniň içinde güwläp duran kellesi açyldy, işdäsi artdy, keýpi göterildi, ýaşaýşa, durmuşa bolan islegi artdy, ruhy belende galdy. Ýogsam ol Myradyň gyzgyn posalaryndan, mylaýym sözlerinden lezzetli söýgüsinden ýaňa daňa çenli ýatanokdam ahyryn! Älhepus aýalyň gowşak ýerini tapyp, lezzet bermäge ökdeligini diýsene! Şeýle ýagdaýda utanç haýa ýadyňa oýuňa düşmez ekeni! Söýgi lezzeti gizlenip ýatan huma büdrändenem enaýy ekeni, şeýle bolmadyk bolanda keýpi daş ýarýan Gözel işdeş joralarynyň ýanynda «hiç kim meň söýüşim ýaly söýüp bilýän däldir, oglanlaryň içinde Myrat iň görmegeýi, gelşiklisi, gyzhalary, onam men söýýän, şol sebäplem men bagtly depäm göge ýetýär» diýýärdi. Hawa hut şu günlerde onda şeýle goşgy döräpdi. Garaňky ýyllarda elim çyraly, Ýitigmi yzarlap gözlänim sensiň, Ýürek joşa gelip nama düzemde, Söýgi setirlemde sözlänim sensiň. Kalbymda üýtgeşik döreden söýgi, Durmuşa ýol açdy, ýok boldy gaýgy, Arkamda misli dag, bilmerin beýgi, Özge ýigitlerden gözlänim sensiň. Ýaz açylan söýgi gülüm solmasyn, Göwünler bir bolup yşk peselmesin, Baky bagryňa bas, duşman gülmesin, Mizemez yşgymda uzlanym sensiň. Duýguda örteme besdir köýenim, Gözlerim aldamaz ýürek duýanym, Sapaly günlere aýap goýanym, Çägeli düzlerde yzlanym sensiň. Gözeliň arzyny ýetir Hudaýa, Üçegi saralan köneje jaýa. Bu gün bagty geldi, islemez maýa, Maýa dek çöllerde bozlanym sensiň. Ol ýene bir goşgusyny gutarman goýdy. Ilkinji söýgimi ýat eden günler, Häzirki duşuran bagtyma şaýat, Ömrüm gaýtalanyp gelen dek boldy, Şatlygma ýol açdy, gussama haýat!. Ýok, bu sözleri ol soňky günlerde nurlanan, has gözel görke giren keşbine guwanýan joralaryna açyk aýdyp biljek däldi. Ony aýtmak üçin utanç-haýadan, däp-dessurdan ätläp geçmelidi, toý zat etmän, nikadan geçmän Myrat meniň ýanýoldaşym diýip yglan etmelidi. Diňe şondan soň onuň aýtjak bolup ýüreginde kesmekläp giden gasynlaryň azatlyga goýberilmegine giň ýol açylýardy... Ýöne oňa haçan ýetjek, ýetip biljekmi bir – bu soraglara heniz jogap ýokdy. Soňky gije Myradyň geň-taň hereketleri, özüni alyp barşy ony ýene pikir derýasyna gark bolmaga ýetiripdi. Gözel öňküsi ýaly söýgüden gerk-gäbe doýup uklap galypdy. Gijäň bir wagty oýansa Myrat aňyrsyna öwrülip aglaýarmy, ýa düýşünde bir zatlary samraýarmy bilip bilmedi. Gözel gerinen bolup elini Myradyň üstüne atdy. Myrat şol bada bärisine öwrülip, «Näme, Gülüm, bir zatdan gorkduňmy?» diýdi. «Düýşümde seni ýitirýärmikäm diýýän!» diýip Gözel şo bada jogap berdi, Myrat «Öläýmesem, men seni taşlaman, ýöne» diýip uludan demini aldy. – Iki oduň arasynda galdym men! Nätjegimi bilemok! Bir tarapdan süýji söýgiňi hiç bir minnetsiz, şert goýman, bagş edýän owadan gelin, ikinji tarapdan hojalykda hökman edäýmeli borçlarym, ejem-kakam, dost-ýarlarym, munda bolsam olar meni ýanlaryna çagyrýarlar. «Ýanymyzda bol, ýakynda işle, günde öýe gel, seniň ygyp ýörmäňden ýadadyk» diýýärler. – Myrat bu ýerde «seni öýlendirmek hyýalymyz bar» diýlen sözi agzaman geçdi. Kakam edaramyzyň başlygy Muhammet Begenjiň, uly başlygymyz Kaka Rejebiň ýanyna gelip, «oglumy işden boşadyň» diýipdir. Görýäňmi edip ýören hereketlerini! Kaka-da! Bu taýlarda işlesem suwa gaçaýjak ýaly görýär. Bäri-bärde derýa barmy diýsene?... Men seni näçe söýýänem bolsam, eneň-ataň haýyşlaryna ýok diýip bolanok! Oňa gulak asmaly bolýar. - Myrat bu seniň borjuň! Ýagdaýyny tapsaň, eneň-ataňdan habar tutmaly, hallaryndan habar almaly. Ony dogry edýäň! Gitseň gelersiň ahyryn? - Hawa, gelerin! – diýip, Myrat ynamsyz jogap berdi. - Kakaň ýanyna barsaň maslahat sal. Ikimiz şeýdip ýörmelimi? Gyzyň bäş ýaşady, goý, toýumyzy edip bizi ile goşsun! Ol bu zatlara düşüner!... - Bolýa! – diýip, Myrat ony gujagyna gysdy. Dekabr aýynyň iň uzak gijesi olar üçin kelte göründi. Myrat ertesi ir bilen ugrady... Ine şu gün Myradyň gelerin diýip gidenine aý ýarym boldy. Gözel «Eger söýýän bolsa gelerdi. Bolmanda özi barada habar ýetirerdi» diýip pikire batdy. «Myradyň özem gara ýakyn welin şu döwrüň aýallary adamyň başyny aýlamaga ökde! Olarda göz bar. Seniň bilýäniňi bilýärler». Gözel gabanjaňlyk keselinden azatdy, geçen bäş ýylyň içinde başga aýal bilen gezýändir diýip hakydasynada getirmän, öýüne bir wagt aýlansa bor diýipdi. Garaşa-garaşa ahyrym didaryny gördi, şonda kanuny talaplaryny – ilki bilen nikadan geç, toý et, özümiň, gyzymyň aladasyny et!, diýmegiň deregine ýene ýukaýüreklilik etdi, ejesi aýtmyşlaýyn etegine gowşaklygyny görkezdi, indi aý ýarymdan bäri ondan habar-hatyr ýok! Hiç bir zadyň müdimi däldigini wagtyň geçip duranlygyny göz öňünde tutsaň şol döwrem az däl! Adamyň tebigaty täze-täze zatlary göresi, edinesi, geýesi gelýär, belli bir wagtdan soň olaryň içinde ýürege has ýakymlysy bolýar, aýallar bilenem hut şeýle, gabanamok diýsede Gözel bulary aňyna getirýär. Gözel söýüşi ýaly söýgüsi bolan bolsa Myrat şeýle oýunlary tapmaly däldi. Ant içip, awy ýalaýar, aglap eňreýär, söz berýär, soňam gaçyp gidýär. Şeýdip aýallary alladyp ýören erkekler köp ahyryn! Olaryň erksiz söýgüsi aýda birnäçe aýaly azdyrýar, söýgüleri bütin ömrüne ýetmeli halyna, käbir «Men şeýle, şeýle, bir aýda şunça aýala ýanaşdym» diýip, şol aýallaryň ady, ýaşy ýazylan kitapçany görkezip, öwünip ýören erkeklerem barmyşyn diýýärler, goý olar barmyş diýeli, eýsem aýallara näme gerek? Näme üçin olar erkeklere özlerini oýnadyp, mertebesini basgyladyp ýörler? Şeýle ýagdaýda söýgiňi gerekletmeli, aldaýan bolsa, senem ony aldamaga ukybyň çatýanlygyny duýdurmaly... Wah, ol dogrula welin, Gözel, ony edip bilýärmi diýsene? Şol gün Gözel agşamlyk naharyndan soň gijeki iş nobada gitdi, göçme obajyk bilen gaz ýygnaýjy desganyň arasy bir kilometre golaý bolansoň adamlar kän bir maşynyň alyp giderine garaşman öz maýdalyna gidiberýärdiler. Gözel ýaňy gara ýola düşende, gapdalynda ak reňkli daşary ýurt ýeňil maşyny saklandy. Maşynyň öňünde oturan akýagyz, inçe ýüz adam gapyny açyp: - Münüň, bizem şol ýere barýas! – diýdi. Gözel beýle maşina münüp görmänsoň boýun towlady, soň münmeli boldy. Maşyn ugran badyna öňde oturan adam yzyndaky bilen öňki gürrüňlerini dowam etdiler. - Juma onsoň Myrat satan semendiniň bahasyny geçirdimi? - Hawa, kakasy şol gün gelip hemmesini hasaplaşdy – diýip, yzda oturan Juma diýilýän, orta boýly garagöz, görmegeý, medeniýetli geýnen ýigit jogap berdi. - Puluny geçiren bolsa Myrady heläk edip durmazlar-la! Ol nähili hem bolsa meniň işgärim, maşyndan üç aý düşürip ussahana geçirdim. Erbet oglanam däl ýaly welin şu gözsüz batyrlygy, nebsine haý diýmezligi bar-da... Bu sözleri eşiden Gözel depesinden gaýnag suw guýulan ýaly boldy. Ol gözüni elek-çelek edip gapdalyndaky Juma, öňde oturana seretdi. Gürrüňe goşulsa gelşiksiz, goşulmasa ýüregi agzyndan çykyp barýardy. - Bagyşlaň! – diýip, Gözel eýýäm okarasy ýaşdan dolan gözüni Muhammede dikdi. – Siz Myrat Berdiň gürrüňini edýäňizmi? - Hawa, şol jalaýyň gürrüňi. Ýogsa-da siz onuň bilen gatnaşykly bolmaly, siz bulardan habarsyzmy? Gözel horkuldap aglady. - Siz birahat bolmaň! Onuň eden jenaýaty ýeňil däl! Döwletiň emlägine el urdy. Muhammet Begiň aldawyna gitdi. Muhammedi işinden aýryp jenaýata çekjekler, ýöne Myrady welin alyp galjak bolarys! Onsoňam ýetiren zyýanyny töleýänleri jenaýat jogapkärçiligine çekip ýörenoklar! – diýip, Juma Gözele göwünlik berdi. – Siz maňa ynanaýyň, men trestiň baş hasapçysy! Size elimden gelen kömegi etjek bolaryn! - Menem kömegimi gaýgyrman! – diýip, Muhammet yzyna gaňrylyp jogap berdi. Häzir Kaka Rejebiň ýanyna ýygnaga barýas! Maslahat ederis, umuman, hemmesi oňuna çözüler diýip umyt edýärin! Onýança maşyn gaz ýygnaýjy desganyň gözel haýatyndan aýlanyp derwezäniň agzynda saklandy. Gözel maşyndan düşmänkä Muhammede: - Men her zada kaýyl, gözenegiň aňyrsyna bir düşmesin, kömek ediň! – diýip aglady. Gözel iş ýerine nädip baranyny, näme edip, näme goýýanyny bilmedi «Eý, bagty çöken gyz, sen indi Myradyň näme üçin yzyna dolanmaýanlygynyň sebäbini eşitdiň! Aslynda garamaňlaý bolsaň düýäň üstünde it ýarar ekeni! Ilkinji gezek göwreli bolanyny bilmänkä ony Goşun gullugyna aldylar, soň ýitirim boldy, indi ýaňy täzeden duşup bagty açylyp ugradam welin bu betbagtçylyk tapyldy. Indi, gözläniňi tapan bolsaň gerek, ony öz ýanyňda görerin diýen umydyňy zyňyp taşla gyzgyn söýgiňi sowat, ýüregiňe emir etde, täzeçe ýaşa! Sen indi soňky nokadyňa ýükaýürek, ynanjaň adamlaryň barmaly ýerine baransyň! Eý, Hudaý! Bu näme boldugy! Sen nirä seredýärsiň? Näme üçin seniň gazabyň seni ýüreginde göterýäniň üstüne düşýär? Näme üçin? Näme üçin barýan ýoluň telek diýip Myrady ýolundan sowmadyň? Ýa-da onuň meni ýene aldawa salýanlygyny bilip şeýle kysmata saldyňmy? Eger şoň üçin edýän bolsaň jan Alla, goý, aldananam, gözden düşenem, mertebesi depelenenem men bolaýyn, ony beýle ýowuz güne düşürme! Dogry, şeýle güne düşmedik bolup, oňam meni aldaýanlygyna gözümi ýetiremde, betbagtlyga bir duşmasyn diýip eden ähli dileglerimi onuň garşysyna ulanjak ahyryn! Häzir jan Alla, seniň gudratyň bilen ol büdredi, şoň üçinem oňa nebsiň agyrsyn! Eger ol, maňa eden etmişleri üçin seniň öňüňde günäkär bolsa, onda meni hem sylap goýma! Sebäp onuň ähli etmişlerine diňe men günäkär! Belki maňa şolam gerekdir, özem şeýle günde göwrämde onuň ikinji çagasyny göterýänligime gözüm ýetende bilýän! Men ony bu habar bilen begendirjekdim ahyryn! Begenjek bolsaň Myrat sen şoňa begenmelidiň! Myrat ýa-da ömründe ilkinji perzendiň – gyzyň Gülşadyň ýaňagyndan ýekeje gezek ogşaýşyň ýaly bu habarada ýylgyryp oňaýjakmy? Dünýä baky gelen ýok! Adam ýaşar, garrar! Garranda guwanar ýaly çaga gerek! Sende şol çaga bar, seniň üçin ölüp ýatan aýalyň bar, emma özüň kül üstünde göwnüň Kap dagynda! Hut şu häsiýetiň seni büdreden bolmaly. Sen asyl, meň ýanymda bozulan bolup, kakam çagyrýar, görüp geljek, derrew yzyma gaýtjak diýip söz bereňde aldadan ekeniň! Sen kakaňy görmäge däl, bet işe baş goşmak üçin giden ekeniň! Dogry, men şonda beren sözüň ýürekden çykýandyr diýip ynandym. Belki, sen söz berdim, ýöne berşim ýay ýerine ýetirip bilmedim diýip özüňi aklajak bolarsyň? Onda munuň özi seniň ejizligiň alamatydyr. Ýok, ejizligem däl, ol seniň baryp ýatan ýalançylygyň alamatydyr. Sen diýip ölüp ýatan adamyň päk söýgüsiniň üstünden gülmegiň alamatydyr. Meň gözüme çöp atan bolup gidipsiň welin aýaly aldaýan adamyň mertebesiniň agramy aşykça, kölegesi köşekçedigine düşünmelisiň. Aşa sadalygym, ýukaýürekliligim diýäýmeseň, mende başga günä ýokdur, biwepalyk etmedim, garşyňa gitmedim, hor bolýan kömek et diýmedim, bäş ýyllap gara köpük görmän halal zähmedim bilen çagamy ekläp geldim. Eger ýanymda bolan bolsaň iş etmän ýatsaňam eklejek ahyryn! Meniň bir aýbym, seni söýdüm, söýýän, söýerin, şoň üçinem saňa ynyndym, indi olam meni aldatmagyň üçin sebäp bolýan bolsa, onda näme diýjegimi bilmedim, meniň ýene bir aýbym, ynanyp gyzlyk buýsanjymy saňa bagyş etdim. Belki bu ýerde sen günäkärem dälsiň! Ýöne ilkinji gezek urulyp ýaralanyp geleňde, nebsim agyryp uzyn gije ýanyňda dik oturanymda, daňa golaý ýadap ymyzgananymda, rahat ukymy bozup, güýç bilen meni eýeläniňe Alla şaýatdyr, ukudakam haýany elden beripdirin! Men şonda gygyrmalydym, jogapkärlige çekdirmelidim, etmedim, sebäbi öz-özümi söýenimdenem seni artyk söýenligimdir. Şonda başardygymça garşylyk görkezenligime, Alla şaýatdyr. Bar, olaram owarram diýeli! Ýeri indikiň näme? Ýa-da bu bolgusyz hereketleriň üçinem men günäkärmi? Belki şonam diliňe aýlaýansyň? Men bir zady bilýän, sen duşmadyk bolsaňam men ýeke galmazdym, belki maňa göwün berjekler, aýagyma ýykyljaklar tapylardy, seň gyz üstünde urşup ýörüşiň ýaly – men häzir hut şeýle netije çykarýan – belki meň üstümde hem urşup janyny berjek ýigitler tapylardy, belki şonda, maňlaýym beýle şor bolmazdy. Sen, başga bir gyzyň ýanyndan gelipde, saňa nätanyş bilen meni gujagyňa gysyp, ol gyza biwepalyk etdiň, sen meň ýanymda başga gidip biwepalyk etdiň! Durmuşda diňe bir söýýäniňe göwnüňi berip ýaşamaly diýip düşünenden bolsaň bolaýmajakmy, asyl ol düzgünler saňa degişli däl ekeni...» Gözel aragatnaşyk ulgamlarynyň jaýynyň içini reňkläp ýörkä şeýle pikirleri kellesinde aýlady, ertesi öýünde dynç almaly bolanda gözüne uky gelmedi, ähli zadyň günäkäri ýaly ýassygyny mynçgalady, arzyny kime aýtjagyny bilmedi. Ejesini ýatlap aglady, ýöne Myradyň aladalary häzir ähli zatdan ýokardady. Oturdy, turdy, ýatdy birdenem «Eý, betbagt Gözel, sen Ýene-de Myradyň ýanyňa gelerini isleýärsiň, ol daşda wagty rahat goýmaýan pikirler gelen uçra dagap gider öýdýänsiň, ýüregiňde öz söýgiňe betgümanlyk etdiň, ýanyňa gelenden soň şol gümanyň aýrylyp gider öýdýänsiň? Gaýta ýanyňda bolup ejir çekeniň gowy dälmi? Indi men ýeke özüm däl, gyzym, Gülşat, göwrämdäki çagaň, sen – dört bolup ejir çekmeli bolýan ahyryn» diýdi. «Ýazýaryn men ahmyr bilen, şum ykbalyň kyssasyn, çekerin ajy söýgiň, gelen ýowuz gussasyn! Ykbalym oda atdy, çykdym suwa taşlady, ejirleriň ezýetini köňül duýup başlady! Göz ýumýan ahmyr bile, göz ýummasam hassa men, mazar eňrär labyrňa, bir guralsyz ussa men!...» Gözel eline gallam alyp bu pikirlerini ýazga geçirdi. Şeýdip şygyr döreýärdi... 3 Çara bir hepde rugsat berdiler, bary-ýogy bir hepde. Trestiň baş geodezisti bolansoň onuň işi başyndan agdykdy, gurulýan desgalaň oturmaly nokadyny, ýeriň tekizligini, dört burçuny gaz geçirijileriň ugruny, öwrümlerini we şuňa meňzeş işleri gurluşykçylara nama bilen tabşyrmalydy, toýdan öň ol Bäşgyzyl gaz käninde gurluşykçylaryň işi bökdençsiz dowam eder ýaly çäreleri görüpdi. Iki ýaş juwanyň şatlykly pursatlaryny kertip barýan wagt çalt geçýärdi. Çary sallahlyk döwründen ýüreginde gasyn-gasyn bolup giden duýgularyny aýdyp berýärdi, şu gün bir ýylky başyndan geçirenlerini aýtsa ertesi soňky ýyla başlaýardy, öýlenmänkä aýdyp bilmedik zatlary indi böwedi ýaran suw ýalydy, begenjine begenýän, gynanjyna gynanýan Täzegül «Ýene gürrüň beräý» diýip ony dek oturdanokdy, ýöne tapýan gürrüňleriniň nireden peýda bolýanlygyny özi hem haýran galýardy. Diýmek bularyň esasy sebäbini Täzegülden gözlemelidi. - Indi biz ömürlik bile ýaşarys! – Çaryň aýdan ilkinji sözleri şulardy. – Men ýalan sözlemäni halamok, başgalardanam şeýle jogaba garaşýan! Ikimiz biri-birimize baglandyk, diýmek, herekedimiz açyk, düşnükli, dogruçyl bolmalydyr, aldawa, beýlekä ýol goýmaly däldir! Täzegül bu sözlere aňry ýany bilen düşündi. Temeni haltada saklap bolmaýşy ýaly onuň Gurda bolan söýgüsi nähili ýol bilenem bolsa Çaryň gulagyna ýeten bolmalydy, ýöne ol häzir bu zatlary pikirine getirmedi, edil dumanda gezip ýören ýaly, ýakyn gatnaşykdan soň has-da güýjän söýgüsi gulagyny ker edipdi. Söýgiň mährinden ganmagyň, parahat durmuşda kalp rahatlygynyň aladasy bilen ýaşaýardy, dünýäde oňa başga zat gerek däldi. Şeýle günleriň birinde Çary – Men seni ýanym bilen alyp gitmekçi bolýan! Sen-ä öňki aşpezligiňi edersiň, menem öz işimi, bileje hem ýaşarys – diýdi. - Çary, nirä alyp gitmekçi bolýaň? Maňa bir aýlyk rugsat berdiler ahyryn. - Çöle äkitjek, çöle! Saçyň bilen suw çekdirjek... Geň görme, geň görme, enemiň topugyna ýetip duran saçy bolupdyr, öýde atama kömekleşer ekeni, iki bedräniň hersini saçynyň bir ujuna daňyp guýudan suw getirer ekeni. Şoňky ýaly senem saçlaryň bilen maňa suw çekip berersiň. «Beýle zatlaryň Çaryň kellesine gelşini diýsene! Ol gaýyn öýüni taşlap häzir çöle gitmez ahyryn. Bu türkmeniň däp-dessuryna gelişjek zat däl, gelin gaýdyp gider, gaýdyp geller, şondan soň gaýyn ataň, gaýyn eneň razylygy bilen beýle zatlar edilýändir. Ol bolsa eýýämden ony çöle äkitjek» diýip, Täzegül pikirlendi. - Çölde näme hezillik bar? - Men erkin ýaşamany halaýan, gideli! - Ýok, gaýyn enemiň razylygy bolmasa men razy däl! Il näme diýer! Hepde geçmänkä ýaş gelnini äkiidipdir diýerler, gelin kyrk günläp gaýyn öýünden çykmaly däldir. - Men oýun etdim! Şeýle bagtyýar günler çalt geçer ekeni. Ýedinji gün diýlende: - Gaýdyp gidýänçäň gelip bilmesem giýewlemäge barjakdyryn! Käte saman kepbäňizden habar algyn! – diýip Çary degişdi. - Baraýma oglan! Kakamyň eline düşseň edil büre mynçgan ýaly eder! - Men zatdan gorkamok! Kakaňdanam. - Onda itimizi boşadaryn. - Söýgimi öňünde itig dagy nämejik – diýip, Çary güldi. Indi ol Çary bilen geçiren pursatlaryny ýatlap gününi geçirdi. Asyl söýgi diýlen zadyň başga bir tarapy öň düşnüksiz, indi aýnadan açyk tarapy bar ekeni, olam onuň lezzetliginde, süýjüliginde ekeni. Käbiriniň aldanyp şeýle işe baş goşmagy, oňa «Şu günäň bilen o dünýäde dowzah oduna ýanarsyň» diýýänlerini gulagy bilen eşidipdi, indi ol şol günäkärleň ýagdaýyna düşündi. Belki, olam ilki birini ýüreginde göterip, soň başga erkini berenligi üçin Hudaýyň öňünde günälidir? Ýöne ol ony öz isleginiň garşysyna gidip etmedi ahyr, däp-dessur boýunça nikadan geçip erkini berdi. Eger şu gatnaşyga günä diýilýän bolsa, onda näme üçin Hudaý ony şeýle süýji ýaradypdyr, şeýle melul ediji, özüne çekiji edipdir, gödeksi ýaradan bolsa sulhuň almazdy, hiç kim günä işi edip bilmezdi ahyr. Aslynda bu gysgajyk sözi kim tapypdyr? Näme üçin onuň başyndan geçiren lezzetli pursatlary kimde bolsa biri üçin şeýle atlandyrylypdyr? Eger ol günä hasap edilýän bolsa, Onda Hudaý onuň günäsini çekip, söýgüsi üçin eden göreşlerini hasaba almazmyka? Hudaý onuň gonamçylyga barşyny, molladan haraý isleýşini gördi ahyryn, şulardan soň ol günälem bolsa- günäsini geçmezmi? Günäsi geçilsin geçilmesin, ol uçmany görüpdi, jolam bütin ömrüne ýeterlikdi. Hawa, bular ýöne bir kellesine gelýän bulaşyk pikirlerde, aslynda ol hiç hili günä etmändi, gaýtam gussaly kalbynyň uçup, dagyň çür depesine galmagyna, kalbynda gemre baglan gam-gussanyň, dermansyz derdiň ýuwaş-ýuwaşdan ýok bolmagyna ýol açypdy, ýüreginde deň baglap, dykyn alan gussany Çara ynanypdy, Gurduň biwepadygyny kem-kemden yza galyp daýysyny ýitirenligiň yzasy güýjäpdi, ýöne «Öleniň yzynda ölüp bolmaýar, bu dünýäden bir gideni aglap-äňräp getirip bolmaýar» diýen söze köňül beripdi. «Ölüm Allaň buýrugy, ýaman bende zorlugy» diýipdirler, her zada döz gelip garaşyp bilseň, wagt hemme zady bejerýär ekeni. Indi onuň kalbyna düşen bitmez başyň ýüzi kesmekläp başlapdy. Ýürekde dörän zat ýürege ýeter diýenleri çyn ekeni, Täzegül mahal-mahal biwepa söýgüsi, köýen arzuwy hakda oýa batanyny duýanokdy. Bu nämedenkä? Belki ýetilmedik sepgit arzyly bolýandyr? Belki Gurda duşanda bagty mundanam ýokary çykardy, belki-de oňuşmazdy, Oglanlar oňa «Dollardan başga zada gözi ilenok» diýýärler ýa-da oňky wysala ýeten badyna gutarýan, boş hyýala dönýän söýgi bolaýarmydy? Belki, ykbalyň oýny onuň haýranydyr! Ol Gurdy näçe gowy görenem bolsa, indi Çaryny ondanam beter söýýär, oňa ýüregini bagş etdi, diýmek bagtly, ýöne kir-kimirsiz ilkinji soýgi goý, ol biwepa bolsun, ynsan kalbynyň iň gizlin hem mukaddes ýerinde gizlenip galjak ekeni. Saňa ömürbaky kuwwat berýän pynhan duýga öwrülip, mukaddeslik derejesine ýetjek ekeni! Ýok, Täzegül muny Çara bolan yhlasynyň ýoklugy üçin hakydasyna getirenok, maşgala, ýanýoldaş bir başga, ilkinji söýgiden dörän, ýürekde yz galdyran ýagşy ýatlamalar bir başga. Täzegül üçin, mukaddes ojagyň oduny alawladyp bilse, mähri bilen ýoldaşyny ezizläp bilse, maşgalany ýyly hem mähribanlyk bilen gurşap bilse, şondan ýokary belentlik ýokdur! Ýadyna gussaly günleri düşende özüniň ýalňyşlygyň pidasy bolandygyna, durmuş, ýaşaýyş baradaky düşünjesiniň kemterlik edendigine, bir biwepa üçin özüni gurban etjek, bu süýji durmuşdan dynjak bolandygyna gözüni ýetirdi. Ölümden başga zatda çykalga bar ekeni! Diýmek, adam neneňsi kyn ýagdaýa uçrasa-da, ýowuzlyk derdi gerdeninden daş bolup asylsa-da, sabyrly, suhanly bolmaly, kalbynda ýerlän giňlik seni durmuşyň datly günlerine alyp barjak ekeni. «Öňüm bolandan soňum gelsin!» diýipdirler ahyryn. Täzegül Gözeliň keç ykbalyny göz öňüne getirende, biwepalygyň ejirini çekişine ýüregi gyýyldy, durmuşa çykmanka ýeňilkelleligi sebäpli aldawa düşüşine, kösenip ýörişine haýpy geldi. Başga bir tarapdan onuň ruhubelentligine, geljegine ynamly garaýşyna haýranlar galdy ýa-da ol ähli zady ýüregine salyp ýörmikä? Beýle bolsa Täzegül indi oňa duýgudaşlyk eder, kalbyna teselli berjek gepleri tapyp agyr ýüküni ýeňleder, ähli kynçylygy diňe sabyrlylyk bilen ýeňip bolýandygyny ýaňzydar. Durmuşa çykmanka Täzegül kör bolan ekeni, aýagynyň burnundan aňry hiç zady görmändir, ýogsam bile işleýän Aýsoltana iç berip iç döküşerdi ahyryn! Onuň bu bölüp ýörüşi nädogry ekeni! Ýeke bolup bitirjek goşuň bolmajagyna düşünmeli ekeni, «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýleni bilmän duranokdy ahyryn! Ege rol, Bäşgyzyl gaz käninde işleýän Aýsoltan, Göwher ýaly gyzlar bilen pikirini birikdirip kynçylyklaryň garşysyna bile göreşen bolsa gör, nähili gowy bolardy, emma ojagyňa bolan söýgiň öz borjuňa düşünmegiňden başlanýar ekeni, diňe bir işe däl, maşgalaň öňündäki borjuňy öz içine alýan manysyna düşünmekligiňden başlanýar ekeni, täze jemgyýetçilik gatnaşyklaryna geçilýän döwürde, ozal oýuna-küýüne gelmedik hünärler bile niş salyşýan Täzegül ýaly gyzy üçin ol many hasam giňdi, indi ol diňe bir işde däl, düýbünden täze mazmuna eýe bolan ruhy gatnaşyklarda hem ýörelmedik ýol-ýodalary açmalydy, maşgala ojagynyň hojalyk sütünlerini, ruhy sütünlerini sarsdyrman saklamalydy. Ol bolsa aýal maşgalanyň gerdenine düşýärdi, diýmek maşgalanyň abadançylygy, agzybirligi, ýurt abadançylygy, agzybirligi bilen aýrylmaz baglanyşygynyň barlygyna düşünmelidi. Maşgalanyň ruhy howasynyň tämizligi, sagdynlygy jemgyýetiň sagdynlygyna ýardam edýärkä, Gözel ýaly maşgala näsazlygyna düşüp, ýaş nesli terbiýelemekdäki ýaramaz täsirleriň döremegine parhsyz garap boljak däldi... Hawa, ynanjaňlygy, sadalygy üçin örtenip ýanýan Gözel ol hökman kömek etmelidi, söýgini, bagty arzuwlamadyk ynsan ýokduram welin, kimiň bu ötegçi dünýäde agy-pyganlar bilen geçesi gelýär? Ynsan bagtynda deňlik diýlen zat bolmaz ekeni. Gözel takdyrynyň tersligi barada pikir edeňde, bu jahanda berlenden artykmaç rysgal, bagta dalaş edip, ömür atly ýoly çarkandakly ýodalar urdurýan zenanlar ýadyna düşer ekeni, ýoluňy urduranyňdan soň, däli dünýäň alyndan serhoş bolan seri aňsat-aňsat durlap bolmajagyna ençeme zenan ömürleri şaýatdyr. Gözel, ine şu ýerde özüniň sarsmazlygyny saklap bilýänligi üçin hormata mynasyp gelinleriň biridigini subut etdi... Başga biri bolan bolsa durmuşda mähir, söýgi küýsegleriniň şeýle gamly gutaranyny görüp terkidünýälige ýüz urardy, ömür manysyny elekden geçirerden ejiz gelerdi. Täzegül ýene-de kän-kän soraglara jogap gözledi, köp bildigiçe-de, özüniň az bilýänligine düşündi... | |
|
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |