16:45 Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI IKINJI BAŞ
Romanlar
1. Aýsoltanyň öýe baryp geljek diýip gidenine iki gün bolanok welin Gözel eýýäm onuň ýoluna garap başlady. Hut şu gün ol bilinde çaga galandygy baradaky gorkusynyň çyna öwrülendigine, özünde bolup geçýän özgermeler arkaly göz ýetirdi... Hawa, ol hut şondan gorkýardy, boljak iş bolansoň nädip baş alyp çykmagyň ýollaryny gözlemelidi, çagasyny nikasyz dogurmaly bolaýsa gaty erbet boljakdy. Hi, beýle-de bir masgaraçylyk bolarmy? Çagalaryňa çöpdüýbi ýa-da ýoldan tapylan diýseler çekip-çydap bolarmy? Çydamasaňam seniň näme alajyň bar? Bäş wagt namazyny okap, musulmançylygyň ähli däplerini berjaý edip, beýlekilere görelde bolup ýören wagtyň nikasyz çagany dogursa il näme diýer? Bu bir baryp ýatan masgaraçylyk dälmi näme? Aýsoltanyň ýoluna garamagy hem hut şol sebäplidi, ol Myradyň ene-atasy bilen gepleşmelidi, Gözeliň depesinden basýan daşy aýyrmalydy. Şeýle ýagdaýda hiç zat bilen seriň bolmaz ekeni, Rahman onuň işinde goýberýän käbir säwliklerini, reňklenjek ýeriň taýýarlyk işindäki näsazlyklaryny, gapylaryň söýelerindäki reňk çalynman galýan ýerlerini, reňkiň gerekli görnüşini saýlamakdaky kemçiliklerini görse-de igenmän düzet diýýärdi. Gözel hiç mahal işinde harsallyk goýberen däldi, häzirki ýagdaýyny bolsa Rahman Aýsoltanyň üsti bilen bilýärdi, onsoň, başarsa göwnüni göteriji sözleri diline getirip «Howlukma, özüňi ele al!» diýip sypaýyçylyk edýärdi. Iş welin diýseň köpdi. Öňler gaz ýygnaýjy desganyň gurluşyk işleri birnäçe ýyla çekerdi, indi bolsa gaz geçirijiniň gysga wagtda gurulyp gutarylmagy gaty köp meseleleri ýüze çykarypdy, geçiriji taýýar bolany bilen ýygnaýjy nokat taýýar bolmasa gaz akdyryp boljak däldi, şol sebäplem işler gije-gündiz, üç nokatda alnyp barylýardy, baýramçylyk günleri dem-dynç alynman işlenilýärdi. Rahman gije-gündiziň ýigrimi dört sagadyny aýak üstünde geçirmeli bolýardy. Gözel işi tamamlap, zordan ýatýan ýerine özüni atdy, tapan-tupanyndan garbanyp ýerine gyşardy, ýatyp bilmän bir egninden beýleki egnine ymyzganaýsa-da çalaja şykyrdy eşitdigi gözüni açdy, Aýsoltan gelendir diýip diň saldy. Ahyryn daňa ýakyn irkildi, düýş gördi, düýşünde ejesi başyny sypalap hasratlaryny ýeňlediji maslahatlaryny berýärmikä diýýär. «Guzym, men seň heläk bolup ýörşüňi görüp, ýüregim gyýylýar, saňa öň bu zatlar barada duýdurmadyk bolanymda onda gynanjagam däl welin, arman sen beren wesetlerimi kabul etmediň, öz islegiň boýunça hereket etdiň, indem onuň netijeleriniň nähili gutarýanyny görüp dursuň! Adam ýalňyşsa, ýalňyşanynam bilse, barýan ýolundan sowulmalydyr, sen weli geldi geçeriň wadasyna ynanyp telek iş etdiň, gözüň gapyldy, söýgiň az wagtlykdygyny gaýgysynyň uzakdygyny saýgarmadyň paýhasyň ýeterlik bolmady, guşkellelik etdiň, netijede kör söýgiňden almytyňy aldyň, awundyň, iliň gözünden düşdüň! Beýle zat yzygiderli dowam etse seni gorpa alyp barýandyr, onsoňam ol saňa öýlenäýse-de, bagtly bolaryn öýtme. Ol bolçulygyň kerebine çolaşan azgyn ahyryn. Kişi maşgalasyna göz gyzdyryp günä iş edýän adam müň ýyllap dowzah oduna ýanarmyşyn. Gazan «Meniň düýbüm gyzyldandyr» diýermişin, onda çemçe «Pohuň iýme, günde ýüz gyryp-çykýan welin düýbünde gyzyl göremokn» diýenmişin, olam şu kysmy, dereksizliräk ýigitleriň biridir, daşyndan gyzy ýaly, emma içi çüýrükdir. Özüňi ele alda, ony ýüregiňden sowrup taşla, durmuşyňa täzeçe başla, belki, bagtyň çüwüp gidäýedi-dä!... Giderem enşalla! Alla bardyr! Ykbalyňa kaýyl bolup, sowukganlylyk bilen bagtyňy gözleseň ýeňersiň. Sen bir zady bir demde aljak bolup öleniňi-öçeniňi bileňok, howatyrly adamlar bolsa hatarly ýola düşende, yzyna gaýdyp, täze ýoluny paýhas eleginden geçirýärler, şondan mysal alda ýeňil kelleligiň üçin düşen ýagdaýyňdan çykalga gözle! Öňki ýoluňdan gitme, Myrady ýadyňdan çykar, diňe şonda hasratlaryňdan dynyp, bagtly bolmagyň mümkin!... Ýene bir gezek saňa ýüzlenýärin, köne masgaraçylygyň üstüne täze masgaraçylyk alaýjak bolsaň emdiren ene süýdümden razy däldirin... Gözel ejesiniň garşysyna gitmejekdigini, ýeňil kellelik etmejekdigini, her bir herekedini ölçäp-dökjekdigini aýdyp ony razy etmek isledi, emma ejesi gürüm-jürüm gözden gaýyp boldy. Gülle hapa bolup oýandy. Düýşünde ejesine beren sözüniň tersine hereket edýändigi ýene ýeňilkellelige ýüz urandygy üçin özüni öldüräýesi geldi. Gözel şu zatlary pikir edende ýüregi kükregini ýaraýjak boldy, nätsin, ilki ýaşlyk edipdir, kör söýgüsi gözüni gapypdyr, indikisi näme diýsene! Oňa günälerinden saplanma ýokdur, bu pany dünýädäki masgaraçylygyny hasap etmäniňde-de, bakyýetde dowzah oduna ýanmaly boljakdy. Bu beýle dälmikä? Gözel muny seljermäge çalyşdy. Aýdaly, tejribesi bolmadyk ýaş maşgala aldawa düşüpdir, günä iş edýänligini aňyna getirmändir, nikasyz çaga dogurýanlygy barada pikirlenmändir. Allany çagyryp, bäş wagt namaz okap, çaga eklenjini edipdir, Myrat gulluga alnanda gaýyn ene-atasyny tapyp öz ýagdaýyny gürrüň bermändir, ýagdaýyndan çykalga tapmak üçin hereket etmändir, aýdaly, bu sebäpler ilkinji çaga üçin tutaryk bolup biljek diýeli, ýöne indiki çaga üçin ol nähili tutaryk tapyp özüni aklasyn? Eýsem, soňky günäsi öňküsiniň üstüne urna bolup ony göni dowzaha alyp barmazmy? Ejesi pahyr «Söýgi – baý garyp adamlaryň çagalaryna deň täsir edýändir, garybyň gyzy eklenç başyna düşýänligi sebäpli keýpi-sapadan daşdadyr, söýgüsem güýçlidir, barly öýüň maşgalasy köp ýalňyşlyklara duçar bolýandyr. Sen garamaýagyň çagasy bular ýaly zada duşmajak bol, duşsaňam bil, söýgi-iki taraplaýyn jogapkärçiligi talap edýär, onuň ýok ýerinde söýgi ýokdur, her bir adam özüne berlen azatlykdan peýdalanýar. Hut şol sebäplem sadalygyň, tejribesizligiň üçin häzir bol diýesim gelýär» diýipdi. Hawa, ol ejesiniň bu sözlerini ýadyndan çykarmaly däldi. Beren sözünde tapylmanlygy üçin Myrady ýazgarjak adam ýokdur, diňe «Ol gowy iş etmändir, maňlaýyna ýazylany şodu» diýip göwünlik berer goýarlar. Hakykatda welin Ata sap ene gap diýlişi ýaly, nirede ygyp ýörenliginden bihabar Myrady ýepbeklenmeginiň geregi ýokdy, özi göwnemedik bolanlygynda Myrat näme etsin!... Ine, şu pikirleri kellesinde aýlaýan Gözel Aýsoltanyň gelerine howlukýardy. Indi ol howlukmalydy, belli bir netije çykarmalydy. Iki gün geçdi, üç gün geçdi, dördünji gün agşam ýatjak bolup durka Aýsoltan gapyda peýda boldy. Ol syratly sypatyny has-da gelşige getirýän, ýakasy bejergili daraýy küleçesini tekjäniň üstüne atdy, ylgap gelen ýaly demi-demine sygman sakyndy, gülüp duran garaja gözi nähilidir bir hoş habar getiren ýalydy. - Waý, enaýyda gyz, Rahman yzyndan kowalaýdymy? - Gyssama, häzir aýtjak! Demimi dürsäýin! - Görýän welin gaty ýadapsyň, üstesine-de, hoş habary ýetireýin diýip meň ýanyma gyssanypsyň! Demiň-demiňe ýetenok, habaryň hoşlukmydyr-a! Ýa-da?... Ýüzüňe seretsem-ä gowulygy habar berýär. Köp wagtlap şowsuzlyklaryň girdabyndan çykyp bilmän kösenemsoň agzyňdan çykjak sözler gynançly bolaýmasyn diýip gorkýaryn. Bol çaltrak aýt, aýtjak bolsaň! Kim seni beýle gyssady, şatlygyň Hudaýymy ýa-da dowzahyň şeýtany? - Jora, begen, şatlan, gorkar ýaly habar getiren däldirin, köňlüňdäki hasratlaryňy zyň, gara donuňy çalşyr, işiň oňuna bolýar. Bu habar Gözeliň gulagynyň üsti bilen kalbyna ýetip durkuny lerzana getirdi, emma gat-gat bolup çöken hasratlar şatlykdan rüstem geldi, bu habara bolan ynamyny gaçyrdy. Gözel ýaşdan doly gözüni Aýsoltana dikip: - Jora, jan, garamaňlaý uýaň halyna haýpyň gelsin, horlamada çaltrak habaryňy ber! Sen Myrady gördüňmi, o lbu ýerlere aýlanjakmy? - A gyz, ýalan sözümiň ýokdugyny bilýäň, onsoňam seniň bu ýagdaýyňda üstüňden gülsem nähili bolar? - Bol onda aýt, çaltrak, aýtjak zadyň çyn bolsa begener ýaly. - Meni Bäşgyzyldan agyr ýük maşynda gidenimi bilýänsiň! Şäheriň içine girip bilmänsoň ol maşyndan düşüp ýolagçy ulagyna mündüm-de, bir ýaşulynyň gapdalynda oturdym. Bolsa-da, soranjaň adam ekeni. «Gyzym, nireden gelýäň, näme iş edýäň, nirede ýaşaýaň?» diýip soraşdyrdy. Menem jogap berdim. Şondan soň öň bir gören ýüzüme meňzeýän ýaşulynyň ýüzi üýtgäp gaýgylandy «Wah, gyzym, meň oglum bar, Şatlykda işleýär, seň ýaly birine öýlenäýse, menem agtykly bolaýsam diýip arzuw edýän, ýöne ol arzuwym başa baranokda!» diýdi. Men «Ogluň öýlenmese öýlendiräýseňiz bolmadymy?» diýip, soramda ol «Wah, onam edenok, taparyn, şony alyp berseňiz bolýa diýip gezip ýör. Ýaşam altmyşa golaýlady, ol birini alypmyş, gyzjagazy barmyş – diýip gulagyma degdi, onam bize görkezenok» diýip jogap berdi. Şondan soň men geýnüwli, ak köýnekli, ýakasy galstukly bu adamyň ýüzüne öwran-öwran seredip: «Ogluňyzyň ady Myratmy» diýdim. Ol «Hawa, atamyň adyny dakypdym. Bu at ýedi arka bäri däp-dessurymyz boýunça nesilden-nesle geçip gelýär» diýdi. Men «Ogluňyz, size söýýänim bar diýip, ýa-da başga hiç zat aýtmadymy?» diýdim. «Ýok, men ondan asla gep alyp bilemok, günde nirädir ýitirim bolýar, käýedigiňçe tapyp bolanok! Tirkeşýänlerini halamok! Ýogsa näçe iýse-içse bar, sowsa bar, emma hezil berenok! Näme guzym, sen ol barada bir zat bilýäňmi? Bilýän bolsaň menden gizleme! Aýt!» diýdi. Ine, onsoň menem oňa seniň hasratlaryňy birin-birin gürrüň berdim. Görgüliň ýüreginde kemi bar ekeni, gürrüňime bozulyp özündeg gidäýdi. Maşyny saklap düşürdim, ýüzüne suw sepdim, oňat, bagtymyza ýoldan «Tiz kömek» geçip barýar ekeni, şoňa ýükläp keselhana eltdim. Ol iki sagatdan özüne geldi. Meni ýanyna çagyryp: «Guzym, sen gowy maşgala ekeniň, gelin diýýäniňem sen ýaly bolsa, onda maňa başga zat gerek däl! Şu gün öýe barjak, ertir däl birigün gelnimizi, agtyjagymy alyp bar. Men onýança oglumy taparyn, ejesine, maňa gulak asanok, barýançaň öňünde meseläni keserdip goýaryn! Gyz asylly ýeriň maşgalasymy? Obaly diýdiňmi? Maňa geregem şol! Näme üçin ol bu wagta çenli menden habar tutmandyr? Wiý, ýogsa-da ony aýtdyň ahyryn! Oglum aldap öýüniň ýerleşýän ýerinem nädogry beripdir. Soňam gulluga gaçyp giden bolmaly. Gör, bu bolýan zatlary» diýip, ýaşuly hyrçyny dişläp başyny ýaýkady. – Atam pahyr, kakasynyň ykbaly oglunda gaýtalanýandyr diýerdi. Men oňa düşünmän ýördüm, indi düşündim. Atam pahyrda bir gyz iki ogul bolupdyr, kakamda hem bir gyz, iki ogul boldy, mende hem... Gyzym durmuşa çykyp çaga üstünde ýogaldy, iki oglum galdy. Aýtjak bolýanym bulamakçym bilen şeýle gatnaşykda bolanymda menem gulluga aldylar, bulamakçym göwresinde çaga galanyny bilen badyna ejemiň ýanyna ejesini iberip ýagdaýyny duýdurypdyr, ine, onsoň meni gullukdan çagyryp toý tutdular. Men şeýdip öýlendim. Aýtjak bolýanym, gelnimiz meni taşlap gitdi diýip iki elini gowşuryp oturmaly däl ekeni, gözläp bizi tapmaly ekeni, gözlän käbäni tapar diýipdirler ahyryn. Ýeri bolýar, indi ony aýdyp oturmagyň geregi ýok welin, ykbalyň gaýtalanmasyny geň görüp aýdaýdym – diýdi... Ine men şeýdip ýaşuly bilen hoşlaşdym... Aýsoltan demini dürseýän ýaly sözüne dyngy berdi. - Jora bol yzyny çaltrak aýdyp ber, eşitmesem ýüregim agzymdan çykjak bolup barýar. - Aý gyz, bir owurt suw owurtlaýynla! – Aýsoltan bulgurdaky suwy başyna çekdi. – Menem seni begendirsem gowy görýän, şoň üçinem aşhanadaky işlerimi Täzegüliň üstüne atyp ylgap gelişim... Onsoň yzyny diňle! Men ertesi daýymy tapdym-da maslahat etdim, ol ýaşulyny gowy tanaýar ekeni, öň raýkomyň birinjisi, soň häkimiň orunbasary bolup işläpdir. Daýym bilen onuň ýanyna barmaly etdik. Gyzyň Gülşady hem ýanymyza alaly diýdik. Gitmeli günümiz garaşýan welin daýym gelenok, ýola çykdym, bir maşyny mündim, gyzyňy dil hat berip aldym-da Ýene şol maşyn bilen ýaşulynyň öýüne bardym. Ol meni gapyda garşylap: «Oglum bilen duşuşyp bilemok, şonda-da gel, öýe gir, çaý-paý içersiň, gürleşeris, bulamakçym bilen tanyşarsyň, ol seni görjek diýýä! Tüweleme, bujagaz gyzyňmy?» - diýip, ol Gülşadyň başyny sypady. Menem «Hawa» diýdim. Şeýdip öýe girdim. A, gyz, öýüň içiniň zadyny diýsene, durşuna türkmen haly, gat-gat çemçelerem gyzyldan gyz olaň! Eý, Hudaý, aňk bolaýdym-da... Aýalynyň eşiklerini görüp haç-da aňk boldum, men şoňa durumsyzrak häsiýetim bar-da. Sen ony bilýänsiň! Töweregime seredip agzymy açyp otursam nätjek? Orta boýly, etli, ganly ýaşlykda görmegeý bolandygy bildirip duran ýaşy elliden geçen aýala gözüm düşen badyna Myradyň kakasyna däl-de, ejesine meňzeýändigine düşündim. «Älhepus, beýle meňzeşlik bolar ekeni! » Soraman bilip oturmaly. Daýzaň meniň bilen baş atyp salamlaşdy-da Gülşada seredip doňup gally. Men oňa «gyzym» diýip jogap berdim. Daýzaň Gülşady göterip bagryna basdy, ýüzünden öwran-öwran öpdi. Soňam «Sen gelin, kimi aldasaňam enäni aldadyp bilmersiň, bujagaz meň agtyjagym bolmaly, ony süňňüm syzýar, ýüzi gözem aýdyp dur! Ýa-ha bu seniň gyzyň däl, ýa-da sen gelnim bolýaň! Şularyň birinden biri... Hudaýlygyňy etde dogryňdan gel» diýip, dur gyz, boýnuma alyp almankam, ýarym ýaş bolup Gülşadyň gabat gelen ýerinden ogşady. «Balam, balajygym» diýip mähirli gujaklady. A, gyz, Gülşadam ýakynyny syzan ýaly onuň boýnundan gujaklap elinden düşesi gelenok, ýalbaryp-ýakaryp zordan düşürdim! Daýy, daýza ikisi Gülşada begendiler, gelnimizi ýanyň bilen alyp gelmeli ekeniň diýdiler. Men ony getirmäge söz berip gaýtdym. Aňrujy ýagdaý tapsak iki hepdäniň içinde aýlanarys» diýdim. Ine, jorajan ýagdaýlar-a şeýle! Şulary bitirip gelendirin! - Waý, enaýyda gyz! Ýeri onsoň olaryň pikirleri nähili? diýip, Gözel sorady. - A gyz, näbileýin, göräýmäge ikisem gül ýaly adamlar, agtyjagym diýip ölüp ýatyrlar, galanynam Myrady tapyp çözerler-dä! A gyz o ýezit öýüne hem gelenok eken-dä! - Aý, Myratdyr-da, gören bilen tirkeşip tazy ýaly ygyp ýörendir. - Hut şoň üçinem oňa öýlenmek gerek! Öýlenmese sandan çykar! - Sen onuň özüni gören dälsiň? - Kimi? Myradymy? Ýok, göremok! - Ygyp ýören bolsa horlanýandyr – diýip Gözel aglaýjak boldy. - Horlansa garagy çyksyn, bolmanda-da, seni şeýle güne düşüreni üçin ýaýnamaz, Hudaý ähli zady ölçerip döküp durandyr, dogry ýola düşäýmese bela-beteriň üstünden barar. - Jorajan, beý diýmesene, men onuň bitiniň burnunyň ganamagyny islämok! - A gyz, belaň körügi özüňde! Seni öldürmeli! Bu bolşuňy Hudaýam halamaz, ilem, berkräk durarlar ahyryn! - Men Hudaý halamaz ýaly iş edemok, gaýtam namaz okaýan, sadaka berýän, oraza tutýan, Gurhan okaýan! - Aý, gyz, sen bir muny diýmesene! Sen dälmi keramatly kanunlardan çykyp nikasyz çaga doguran? - Hawa, men! Ony boýnuma alýan, Hudaýyň öňünde şondan başga günäm ýokdur, olam näme ýaşlykda bolýan zat! Yslamdan beýleki dinlerde Hudaýyň özi söýgiň öňünde dyza çöküpdir ahyryn! Munda men ilkinji däl, soňkam, Hudaý köplügiň günäsini geçirermiş, men günämi hiç kime ýaýmadym. Iň ýakynlarymdan başga ony bilýänem ýok, şolam Hudaýyň gazabyny ýumşadar, günämi geçer, geçmese peselder, onsoňam Hudaýyň gargyşy diňe maňa däl, bu günäni etmäge zor bilen mejbur eden Myrada hem siňmeli! Keramatly kanunyň basgylanmagyna söýgi Hudaýy sebäp boldumy ýa-da Myrat, biljek däl, belki ikisi bile maňa şeýle et diýip höküm edendir, bilmedim, ýöne şol işde öz günämiň Myradyňkydan azlygyny bilýän, gaýtam, näçe wagt bäri şol günäň üýtgeşik bir ýiti hasratyny köňlümde göterip ýörün! Bu hasratlar şol günälerim üçin berildi diýsek onda men Hudaýyň öňünde has-da aklanan görnüşde peýda bolýanymy aňlatmazmy? Hudaý her bir adamyň eden işine, günäsine görä degişli jeza berýän bolsa, onda näme üçin ol maňa şeýle agyr jezany görkezýä? - Allatagala gowy görýän adamsyny üýtgeşik bir synaglara sezewar edermişin, şol synagdan sarsman geçse, bagt paýlarmyşyn. Seňkem şolar ýaly synagdyr. Ibragim pygamber ýaly göwnüňi giň tut! Ol-a tenine düşen köp sanly ýaralarda müňküldäp ýören barmak ýaly gurçuklaryň biri ýere gaçanda: «Wah-eý, janawer, sen doýuba gaçmaly däl» diýip ony alýar-da, ýene ýarasyna goýberýär. Şolam durmuşyndan nalamandyr ahyryn, onsoňam berk belle, tebigy gözellik gowulygy döredýär, gowulyk yşgy, ýagny aşyklygy döredýär, sen aşyk bolmazlyga hereket et, aýratyn hem garyplykda. Aýdaly sen Myrady görýärsiň, göwnüňe makul bolandan soň tebigatyň oňa maýyl bolup göwün ony isleýär, göwnüňi öz ygtyýaryňa goýberseň, Myrat ýene bir gezek görmek üçin hereket edersiň, iki gezek göreniňden soň üç gezek göresiň geller, üçünji gezek görüşip, söň aýdyşanyňdan soň eliňden ygtyýarýň gider, indi özüňi saklamakçy bolsaňam hötdesinden gelip bilmersiň, yşkyň ugruna berlip göwnüňi alaçsyz basan bolarsyň, ýöne birinji görnüşden soň özüňi saklasaň, köňlüňi başga zatlar bilen güýmeseň sende-hä o güýmenjeler näçe diýseň bar – onuň didaryndan göz ýumup başga ýerde dursaň, bir hepde ejir çekseň şunuň bilen şol dertden özüňi gutarardyň, emma munuň ýaly iş hemmeleriň elinden gelip durmaz ekeni. Menem şolaryň biri! Söýgüde süwümsiz bolmazlar, kän bir erkegi idäp, yzyna düşüp, eýle-beýle diýip ahy-perýat çekip ýörmezler. Erkek adamdyr-da, haýsy bir hereketlerini barlajak... Sabyrly bolup mukaddes ojagyňy saklap otyrsaň ol ahyryn ýanyňa gaýdyp geller. Dogrumy? Näme beýle gözýaş dökýärsiň, sen şatlanmaly ahyryn! - Wah, jorajan, mende bagtsyz adamlara mahsus bolan bir häsiýet bar, bagtly boljagyma ynamym bolmansoň bir azajyk hoş söze-de bozulyp gözýaş döküp otyryn, munuň özi agyr synaglaryň buşlukçysy bolaýmasa ýagşydyr diýip gorkýaryn! - A gyz, öňüňi görjek bolup ýörmezler-de, şu günüň bagty bilen ýaşarlar! Gel, gowusy Myradyň öýüne haçan gideris, maslahatyny edeli!... Joralar şeýdip gijesi bilen birek-birege içlerini dökdüler. Şol günden soň keýpi göterilip, Gözel üsti-başyna serenjam berip ugrady, gany gaçan ýüzi gyzardy, birneme etine geldi, içine çöken gözüniň etegindäki gök halkalar aýryldy, göreji ýagtyldy, geýilmän ýatan köýnekler çalşyryldy. Indi ony görenler: «Alla işini ugruna edipdir! Bagty çogup dur!» diýip begendiler. Rahman hemmeden beter begendi. Gözeliň iş öndürijiligi keýpine baglygy diýmek, Rahmanyň işi gowy gitjekdi... Gözel Aýsoltan bilen Myratlara gitmeli gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Hasrat çeken wagtlary Myradyň ene-atasy barada gaýybana pikir edipdir, samsyk bolupdyr, muny ýaşulynyň aýdanlary subut etmeýärmi näme? Kyn güne düşen wagtam çekinmän, ýanyna barmaly ekeni, muny etmän näçe wagtlap göz ýaş döküp, hasrat çekdi, ahmyr etdi. Aslynda-da, söýüşýänler hiç mahal akylly-başly hereket etmändirler. Olaryň ham-hyýallary çogup duran çeşme kysmy bir zat bolar ekeni, çeşmä näme gaçsa, akdyryp alyp gaýdýar, kim güýçli söýse kör bolup ähli zat isleginiň garşysyna gidýär diýip düşüner ekeni. Gözel muny diýmese-de, garaz, bagtynyň çogup barmaýanlygyny bilýärdi. Ine, indem Alla şol dilegleri eşidip Aýsoltanyň üsti bilen oňa hoş habar iberdi, diýmek, hasratlarynyň çyn ýürekden çykýanlygyna düşünen bolmaly. Ol bulary Myrada gürrüň bermäge howlukdy... Emma ol ykbalyň ýene bir agyr synaga sezewar etjegini bilmeýärdi... Olary öňünden bilinmeýänligem gowudy, ýogsam, adamlaryň ömri has-da gysgalardy. 2 Bgegmyrat iki aý bäri işde bolup bu günem öýüne dynç almaga gelipdi, bu ýerde hem Gurbannepesdir Kerim bilen çyzgylara seredýärdi. - Meniň hödürleýän taslamam şulardan ybarat! – diýip, Gurbannepes düşündirmäge başlady. – Mysal üçin gaz ýygnaýjy nokady alyp göreli! Onda ýigrimiden gowrak kiçi desga bar. Her desga üçin gerek bolan enjamlardyr çig maly geçmesi kyn çäge depeleriniň üsti bilen oturdyljak ýerine çekilýär, munuň özi köp ulag serişdelerini, çykdajyny talap edýär. Bu işiň her ädimi uly gahrymançylygy talap edýär, şonuň bilen birlikde gymmat düşýär. Şu ýerde näme üçin şeýle kyn tebigy şertlerde, üstesine-de, gurluşyk üçin uly tehniki aragatnaşygyň ýok ýerinde edil taslamadaky ýaly enjamlary nurbatma-nurbat Şatlykda ýygnap bolanok diýen sorag ýüze çykýar. Eger olar güýçli gurallar bilen üpjün edilen ussahanalarda ýygnalsa, soň ýerinde oturtsaň, wagtda utuş gazanýas, bahasyny aşakladýas, onsoňam merkezde ähli gurallar, tok, tokar kebşirleýji gurallar eliň astynda ýeterlik, diňe taýýar äkidip ýerinde oturdaýmak galýar. - Diýmek, siz gurluşyk edaralary bir wagtda gurluşyk gurnama edarasyna öwürmegi teklip edýärsiňiz-dä? - Hawa, men hut şu teklibi öňe sürýärin. Dogry, bu täze işde şowsuzlyklaryň ýüze çykmagy mümkin, ýöne, bu usul gurluşyk gurnama işinde täze bir öwrülişigiň başlangyjy bolmagyna ynanýaryn. Häzir ülkämiziň nebitdir-gaza baý ýataklaryny güýçli depginde ösdürmek wajyp meseleleriň biri bolup durýan halatynda bu teklip ýerliklidir – diýip hasap edýärin. - Düşündim! – diýip, Begmyrat çyzga seredip jogap berdi. – Bu usul çig mal hem-de zähmet çykdajylaryny üç esse, gurluşygyň möhletini iki esse azaldar diýip belläpsiňiz! Muny nämä esaslanyp çykardyňyz? - Zähmet öndürijiliginiň ösmegi we önümiň özüne düşýän gymmatynyň peselmegi esasynda hasapladym. Meselem, häzirki wagtda bir işgäriň zähmet öndürijiligi ýigrimi bäş million manat bolýan bolsa, täze usulda o liki essedenem gowrak artap diýip tama edýärin. galyberse-de, taslama boýunça Bäşgyzyl gaz känini özleşdirmäge müňe ýakyn işçi gerek, täze usulda bolsa 500 töwerek işçi güýji ýeterlik. Meseläň başga bir tarapyny hem ýatlamak gerekmikä diýýärin. Täze usul desgada işlejek işgärleriň 30-40 göterimini Şatlykda toplamaga ýardam edýär. Öýleri üstünde bolansoň adamlaryň iş öndürijiligi artjak, kadaly iş orunlaryny döretmek ýaly uly göwrümli meseleler aradan aýryljak, muňa sazlaşykly işleýän mehanizmdir-maşynlary goşsak – onda öndürijiligimiziň has-da artjagyna umyt edýärin, munda, iş buýuryjylaryň, potratçylaryň, gurluşykçylaryň, taslama düzüjileriň, dürli hünärli hünärmenleriň el-ele berip işlemekleri gerek! - Düşnükli! – diýip, Begmyrat çyzgylara seretmegini dowam etdi. - Adam mydama öz bilýänindenem artyk bilýär – diýip, Kerim ara goşuldy. – Nebsim agyrsa-da, käte şeýle köp bilýäs welin gowusy olary bilmezlikdir. - Näme diýjek bolýarsyň? – diýip, Gurbannepes oňa çiňerildi. - Siziň teklibiňizi kabul etsek işgärleriň ýaryny kemeltmeli bolýas, munuň özi bolsa örän wawwaly meseledir. - Hawa, ol dogry. Oňa derek işiň depgini iki esse artýar ahyryn. Az adam bilen köp iş bitirilse ylymda, tehnikada öňe gidişlik gazanýas diýip düşünmeli dälmidir? - Ol şeýle-le, iş dolandyryjy Kaka Rejep iki gün bäri siziň usulyňyzy ulanmagyň taraplaryny dürli hünärmenler bilen maslahatlaşýar. Diýmek, o lbu usulyň ähli taraplaryny ölçerip dökýän bolmaly, maňa-da onuň bilen gyzyklanmagy tabşyransoň şu ýere geldim. - Hany, kagyzlaryňyzy goýuňda nahar başyna geçiň, zowala bişirdim. Iş diýip halys ölüp ýatyrsyňyz – diýip, Begmyradyň aýaly orta saçak ýazdy. - Gelneje, sag boluň, biz häzir Gurbannepes bilen dolandyryjynyň ýanyna barmaly! Siz arkaýyn iýiň!... diýip, Kerim ýerinden turdy. - Nan iýip gitseňizem ýetişersiňiz! – diýip, Begmyrat mürähet etdi. - Bäş minut galdy, ýetişmeris, dolandyryjy gijä galyp barany halanok! Gurbannepes aga gideliň – diýip, kerim gapa ýöneldi. Gurbannepes çyzgylaryny goltugyna gysyp, Kerim bilen çykdy. Begmyrat öňüne goýlan aşdan göwünli-göwünsiz datdy, aýaly onuň öýde ýok wagty hojalykda ýüze çykan meseleleri gürrüň berdi. - Sen bulary maňa gürrüň berme! – diýip, Begmyrat aýalynyň sözüni böldi. Barybir menden saňa kömek ýok! Özüň mallara sereet, gerek bolsa sat, soý, işim ýok, çagalaryň, mallaryň aladasynam maňa ýetirme! - Sen hojalykbaşy, öýüň eýesi! Bir zat etjek bolsam maslahat etmeli bor ahyryn! - aý, maslahatlaşyp durma, men barybir mallaryň otuna, iýmine, suwuna, keseline sereden adam däl! Diş dyrnak bolup ýetişdirýäň, hözirinem özüň gör. Onsuzam işim başymdan agdyk. – Begmyrat belkeden iki çemçe içdi-de, ýüzüni çytyp gyşardy. - Gyww, saňa näme boldy? - Aý, hiç! Aşgazanym azajyk işlemejek bolýar! Düýn dugtor bilen maslahatlaşdyk, aşgazanyň deşilipdir diýip açyş etdi, şol-a, sagam keselletjek. - Dogry aýdypdyr, iş diýip saglygyňa seretmediň, möjek ýaly ygyp wagtynda ýatyp turmadyň, gyzgyn nahar iýmediň, emeldar adam boljak bolup gije-gündizde bir gezek naharlanýaň, ir bilen iýýän zadyň ýok, agşam işden giç gelip naharlanýaň-da ýatýaň, saňa başga merk gerekmi? Sypaýy adamlar ýaly işdäň alsa-almasa üç wagtyna iýmäni öwrenerler, bolmasa-da işiňi taşla, saglygyňa sereet, özüm seni ekläýin! - Geçen ýyl gowy bejergi alypdym welin, kesel gaýtalap durjak ekeni. - Öň-ä iýeňok, iýseňem alňasap lak-luk atýarsyň-da, iýdim diýýärsiň, ol bolanok... Gowusy men seni ertir kesel takyklaýan merkeze alyp gideýin, barladyp, ýatmaly diýseler ýatyrjak, özümem ýanyňda ýatjak, mallara çagalar sereder. - Ýok, gerek däl, men azajyk ýadadym, onsoňam ýazda güýzde aşgazan kem tapagan bolýa, aýrylar gider. - Tur, ýeriňde ýatyraýyn – diýip aýaly onuň golundan tutdy. Lukmanyň aýdyşy ýaly kesel ötüşip ugrana meňzeýärdi, uzynly gije agyra çydap bilmän oturyp geçirdi, aýaly nobatçy lukmany çagyryp sanjym etdirdi, haçan-da ony ugradan-da «ol agyrsyna çydap bilenok, ýagdaýy biynjalyk edýär, kömek edip bolmazmy?» diýdi. «Bulary siz menden gowy bilmeli, kesellemek aňsat, saplanmak kyn, gowusy ony keselhana ýerleşdirmeli» diýip jogap berdi. Begmyrat şol günüň ertesi Aşgabada gidip keselini anyklatdy, gerek däri-dermanlaryna ýüklenip Şatlyk şäherindäki keselhana girdi. Onuň kesellemegi işiň iň gyzgalaňly wagtyna gabat gelipdi. 3 Kerim bilen Gurbannepes ýygnak geçirilýän otaga gelenlerinde bu ýerde eýýäm iş buýuryjynyň, baş potratçynyň, kömekçi işleri alyp baryjy edaralaryň wekilleri, trestiň baş hünärmenleri ýygnanypdylar. Trestiň hasapçysy Juma Anna iki gün bäri dolandyryjy bilen duşuşyp bilmän, meselesini çözmek üçin gelipdi. Ol ilki söz aldy. - Meniň aýtjak zadym täzelik bolansoň, önümçilige örän kyn ornaşýar, oňa bilermenler, hünärmenler, ýeterlik enjamlar, çig mal serişde gerek. Biz hasap işini ir-u-giç kompýuterleriň üsti bilen alyp barmaly boljakdygymyza düşünip birki ýyldan bäri şol ugurda hereket edýäris, ony has-da güýçlendirmek gerekmikä diýýärin. - Şu wagt hasabat bölümde näçe adam işleýär? – diýip Kaka Rejep sorady. - Elli iki adam. - Kompýutere geçsek näçe adam bilen işi doly aýlasa bolar? On-on bäş adam diýdiňmi? Diýmek, az adam bilen köp iş edýäris, şeýlemi? - Hawa, ýöne 35-40 hasapçynyň iş orunlaryny kemeltmeli boljak... - Olam öz gezeginde goh-galmagalyň döremegine getirer – diýip Kerim gürrüňe goşuldy. Dolandyryjy Kerime tarap soragly nazaryny aýlap – Hemmeler ýygnandymy? – diýdi. - Begmyrat ýaraman ýatyr, üpjünçilik bölüminiň başlygy Annamämmet ýene keselhana düşüpdir, oňa derek orunbasary bar, galanlary ýerbe-ýerdir. - Annamämmede näme bolupdyr? - Doly bilmedim welin iýen nahary ýakmandyr diýýärler... Gurluşykçylarda bir kesel bar, başlyk, olam, aşgazan, et keseli, wagtly-wagtynda iýip bolanok, howul-halat iýibem ýatýar, beýlekisem «Aýaga kömelek çykmak» diýip, Kerim soňky jümlesini gorkuly aýtdy. - Men kompýuterli meseläni oňlaýan – diýip Kaka Rejep Juma ýüzlendi. – Oglanlary okadyp hünärmen taýýarlamaly, kompýuterleriň sanyny artdyrmaly, hilini gowulandyrmaly, hasap işinde şeýle özgerişlik derwaýys zatdyr, indi türkmen oglan-gyzlary iň çylşyrymly enjamlara erk edip bilýändiklerini görkezdiler, öndürýän önümlerimiz daşary ýurt bazarlaryna çykdy, uly sahnalarda halky haýran edýän çykyşlar boldy. SSSR döwründe bizi kör, ker etdiler, alýan gazymyzy turba salyp ugratdyk, emma obalary gazlaşdyrmagy diňe Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň amala aşyrdyk, häzir türkmeniň iň daşky obasynyň ojagynda gazymyz mugt ýanýar. Hut şol sebäplem önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegiň aladasy bilen ýaşaýas, täzeçe işlemäni, täzeçe pikir ýöretmäni, täzeçe desga gurmany başarmaly, biziň özümizden hoşal bolmaga hakymyz bardyr, sebäbi är kimin durup, üstünlik üstüne üstünlik gazanýas. Men size öwüt berjek bolamok, öwüt bermek aňsatda iş başarmak kyn, işini, borjuny bilýän her adam meseläni özbaşdak çözmäni başarmaly. Biz 70 ýyllap söz berip, telpegimize bat berip gezdik. Şol endik henizem käbirimizden aýrylyp gidenok! Bize gara öýden çykdyňyz diýdiler. «Hawa» diýdik, «bilimsiz» diýdiler, «hawa» diýdik, şeýdibem dilimizi, dinimizi, taryhymyzy ýitirip ugradyk! Şu zatlara gowy üns beriň! Indi biz Watany, milleti söýmeli, geçmişimizi bilmeli, halaly-haramy seljermeli, borjuňa düşünmeli, dünýä jemgyýetçiliginde türkmeniň ornuny bilmeli. Garaz, köp zat bilmeli, şol bir wagtda arzan gaz çykarmaly, ony etjek bolsaňam gazyň gurluşyk işleriniň arzan düşmegini gazanmaly. Ine, meniň elimde önümçilik bölümiň ruhy hünärmeni Gurbannepesiň taslamasy bar. Ol meniň şu gozgan meselelerime jogap tapjak bolupdyr. Men siz bilen ol barada öň maslahat etdim. Indem, kimde nähili teklip bar bolsa aýdyp otursyn! - Men taslama bilen tanyşdym. Umuman onda gelejege bolan ynamly nazar aýlamalar bar. Biz ony kabul etsek köp hojalyklary birleşdirmeli bolýas, käsini ýapmaly bolýas. Ine, meni şu ýeri birahat edýär! – diýip, Sapa Sapar ilkinji bolup pikirini aýtdy. - Näme üçin beýle bolýar? – diýip Muhammet Begenç sorady. - Sebäbi dürli hünärli hojalyklary birleşdirip, enjamlary bir gysymda ýygnap bilýän topar döretmeli... şeýle etseň gaz ýygnaýjy nokady wagtyndan alty aý öň tabşyryp bolýar! - Ýaşuly, siz ulaglaryň ol işleri möhletde daşap biljegini, bilmejegini hasaplap gördüňizmi? Bir zady aýdyp goýbermeli däl-de, ähli ýerde hasap gerek, ony iki sözde düşündirip bolmaz ahyr – diýip, Muhammet Begenç janykdy. Hasap meselesine gezek gelende Gurbannepes pes oturjak däldi, öz taslamasyny bir däl, ençeme gezek hasaplap görüpdi, hasabyň derejelerini, serhedini, şekilini, belentligini, pesligini barlapdy, çykaran netijesi dogry bolsa-da, bellik berilse ony kabul edipdi, bir sagadyny hem hasaby gaýtalamazdan ötürmedi, hasap kyn we göni ylym bolansoň ýygnaljak enjamyň gapyrgalaryny hil-hil bolan şekillerini ýedi ölçäp bir kesdi. Hiç mahal «Muny ölçäýin başgalaryny çak bilen bilerin» diýmändi, iň bir hasaplamasy kyn bolan şekili üçburçlyga bölüp, hersini aýratyn hasaplap, soň jemläpdi, kelläňi iýip barýan kyn hasaplaryň üstünde iki aýa golaý wagt oturypdy. Ine, indem Muhammediň öz etmeli işini «hasaplap gördüňmi» diýip sorap oturmagyna gaharlandy. Hakykatda welin ol öz taslamasynda ulaglar meselesini hem çözüp goýupdy, näçe aralykdan nirä ýük çekmeli, haçan çekmeli, näçä ulag berkitmeli, ulaglar nirede bolmaly, ýangyjy nireden guýmaly, döwülse nirede bejermeli we Ýene şuňa meňzeşleri çözüpdi. - Näme üçin bolmaz! – diýip, Gurbannepes jogap berdi. Bu usulda gaýtam, çekilmeli ýüküň möçberi iki esse azalýar ahyryn. - Gurbannepes men size soň söz berjek, häzir bu usulyň kabul ederlikli taraplaryny maslahat etmekçi bolýarys, şeýle dälmi Muhammet? – diýip, Kaka oňa nazaryny gönükdirdi. - Bar aýdaly, şeýlde bolsun! – Muhammet göwünli-göwünsiz jogap berdi. - Umuman, şeýle oglanlar! – Biz özümize berlen möhletde ähli işleri ýokary hilli ýerine ýetirmeli. Ony etjek bolsagam şu hödürlenilýän usul bilen işlemeli, ýöne onuň wawwaly ýeri ýarpy adamymy işden boşatmaly bolýan, onam islämok! Näme üçin? Ökde kebşirleýjileri gidirsek soň tapmak kyn. Sapa Sapar Gurbannepese tarap gözüniň gytagyny aýlady – Käbir adamlaryň «artyk bilimi» öňde bir akyldaryň belläp geçişi ýaly gynanjyňy artdyrýar. - O nähili gynanç, düşünmedim? – diýip, Gurbannepes sorady. - Eýsem adamlaryň iş ornuny kemeltmek şatlykly habarmy? Onsoňam, bilmeýän zadyma jogap berip bilemok, men baş potratçy däl, goşmaça işleri ýerine ýetirýän kömekçi hojalygyň wekili, goý, bu meselede potratçyň kellesi agyrsyn! Düşündiňmi? - Doly düşünmedim! - Zyýany ýok, wagty geller, düşüner bararsyň? – diýip, Sapa Sapar jogap berdi. Oglanlar agyr işläp az hak alýarlar, ýeňil işleýänleň haky köp, daşyndanam sylag alýarlar, - ýöne göwnüme bolmasa hiç zat etmeýänlerden köp alýan ýok ýaly. Dogrudanam, bu usuly üçin Gurbannepes gepe galyp barýardy... Ol dolandyryjy bilen ikiçäk galyp meseläni birin-birin çözmegi ýüregine düwdi. - Aýdyberiň, iki gulagym sizde! – diýip, Kaka Rejep çykjaklar çykansoň öňde duran kagyzlaryna seredip gol çekmelisine gol çekip bir ýana aýyrdy. - Birinji soragym... Näme üçin meň usulymy ulanmak meselesini ähli bölümler bilen maslahatly etmeli, siz iş dolandyryjy ahyryn! - Hawa, iki gün bäri maslahat edýän! - Eýsem biz düşündiriş işlerini geçirip gymmatly wagtymyzy ýitirip ýörmelimi? Gyssagly buýruk berilse bolanokmy? - Ýok, bolanok! Görýän welin siz öz usulyňyzyň näderejede giňdigine doly düşünmänsiňiz öýdýän?! Bu ýerde dürli ugurlarda iş alyp barjak edaralaryň sazlaşykly işlemegini gazanmaly, onda-da ýüzlerçe maşyndyr agregatlaryň, birnäçe ýüz adamyň birwagtda herekede gelip sazlaşykly işlemegini gazanmaly, şonsuz etjek bolýan işimiz ugruna bolmaz. Onsoňam her kimiň bui şiň möhümligine düşünmegi, doly göz ýetirmegi gerek! - Olara düşündirip bolar ahyryn! - Hawa, siz Sapa Sapara düşündirdiňiz! – diýip, Kaka Rejep ýylgyrdy. – Elli million manat – bu köpmi ýa-da az? - Azam däl, gowy keselhana ýa-da ýaşaýyş jaýyny salsa bolar. - Ine, munyňyz eýýäm maňa düşnükli! Işe başlamaly diýip buýruk çykarmak kyn däl. Ýüregimize düwen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin diňe buýruk ýeterlik däl... Bu örän uly göwrümli mesele. - Bu işi haçan başlamakçy bolýarsyňyz, aslynda oňa başlamakçymy bir? - Şu gün hepdäniň ýaş güni, anna güni bir üýtgeşiklik çykmasa işe başlarys. - Näme üçin hut anna güni? - Sebäbi anna güni biziň başlajak bolýan işimiziň habary Aşgabada ýetmez, Ruh, dynç günleri ministrlik işlänok, baş güne çenli bolsa biz iň bolmanda iki enjamy dolulygyna taýýarlajak bolarys! Eden işimiz eden işimiz bolar. Ony hiç kim yzyna gaýtaryp bilmez, eşidensoňlaram, näme bolsa görübereris! Esasy zat ýygnak enjamyňyzy sag-aman Şatlykdan bu ýere getirip bilsek... - Görýän welin siz örän howply zada baş goşýarsyňyz, ýokaryk duýdurman hereket etseňiz «telpegiňizde dowam bar» diýip durmasalar ýagşydyr. - Eger biz gaz ýygnaýjy nokady wagtynda tabşyryp bilmesek ony diýerler, taýýarlasak bolsa belki, geçirerler. Ýene soragyňyz barmy? - Ýok! - Onda öz işiňiz bilen boluberiň! Şu günüň özünde Şatlyga gidip ussahanalaryň ediljek işlere taýýarlyklaryny barlaň-da maňa habar beriň. Gurbannepes gapydan çykyp barýarka yzyna gaňrylyp – Siz bir üýtgeşiklik çykmasa başlarys diýdiňiz, näme çykar öýdýärsiňiz? – diýdi. Kaka Rejep: - Men nä bileýin – diýdi-de egnini gysdy... | |
|
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -8: romanyň dowamy - 14.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |