17:38 Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAŞ
Romanlar
1. Şeýtan mekir diýýärler welin, oňa sapak berenem adam bolsa gerek! Adamyň oýlap tapyp bilmeýän zady ýokdur. Oňa mysal getirip oturmanyňyzda hem Mäligiň başda durmagynda täzeden ýygnalan kebşirleýji awtomat enjam şatlyklylaryň pikiriçe kompýuterleriň iň soňky görnüşinden hili boýunça ýokary bolmasa pes däldir, hawa, şatlyklylaryň pikiriçe şeýle! Ol şeýle bolmalam, sebäp diýeniňde olaryň umytlarynyň başy şol enjamda! Enjam işlemese ýokary basyşly gaz geçirijini ýygnamagyň möhledi gaýra çekiljek, Gurbannepesiň taslamasy boýunça herekede gele niş düzgünleri togtajak, ýokarky ýolbaşçylaryň öňünde adamlaryň dili gysga boljak, söz berdiňiz, sözüňizde tapylmadyňyz diýjekler, şatlyklylar beýle adamlaryň hilinden däl, ilki, taslama düzgünleri boýunça görkezilen wagtda işi tamamlamaga öwrenen, soňam, iki ýylda däl on aýda gurup gutarmaly diýseler oňa-da bor diýseler, ana, şonda sözlerinde tapyljak bolup ölenini, öçenini bilenoklar. Düzgün boýunça ýagyş, gar ýagsa ýa-da çäge syrap dursa kebşirleýiş işini geçirmek gadagan, Üçajydan başlap Bäşgyzyla çenli bolsa negä bir gün bolaýmasa, Taňryň emri bilen günüň şemalsyz wagty ýok. Ine, onsoň ýaňky berlen möhlet on aý bolman, bäş aýdan sähel geçer, özem köplenç şemalsyz gijeler işlemeli bolar, bularyň üstesine-de, käte tehnikalaryň hatardan çykmagy, çig malyň käbir sebäplere görä getirilmezligi, işgärleriň aladalarynyň ýüze çykmagy, garaz, işde emele gelýän päsgelçiliklerem goşsaň, berlen möhlediň has-da azaljakdygy görnüp dur. Onsoňam gijeki aňzaklarda maşyndyr traktorlaryň suwuny dökmeli, dökmeseň doňjak, ýöredip goýsaňam ýag ýakjak, işläýin diýseňem kebşirlemäniň belli bir howa ýagdaýyndaky ýerine ýetirmeli kadalary bar. Garaz, sebäpleriň sanasaň sogaby bar. Şonda-da şatlyklylar ruhubelentliklerini ellerinden sypdyrmadylar. Sowuk bolup dizel ýangyjyna çenli doňýan aňzaklarda hem işini togtatmadylar... Dogry, şatlyklylar bilen egin-egne berişip işleýän Allanazar Tirkişiň ýolbaşçylygyndaky gurluşyk gurnama edarasynyň bitirýän işlerem az däldi. Togsanynjy ýyllaryň başynda Aşgabadyň gurluşyk institutyny gutaryp «Daşoguznebitgazgurluşykda» ussa, iş alyp baryjy, uly iş alyp baryjy, bölümiň başlygy wezipelerde işlän hut Bäşgyzylyň gurluşygyna gaýtmazynyň öňýanam edarasynyň başlyklygyna bellenen Allanazar üçin Bäşgyzyl sözüň doly manysynda bäş tokga gyzyl tapan bilen deňeçerdi. Iki ogul, iki gyzy ösdürip ýetişdirýän gujurly bu ýigidiň ýüzünde haçan görseň edýän işine guwanç, buýsanç alamatlary görülýärdi. Oňa Bäşgyzylyň dört sany gaz çykýan guýysyny özleşdirmek işleri ynanyldy. «Lebapnebitgazgurluşyk» trestiniň bölümleriniň birnäçesi şatlyklylar bilen işleýärdiler. Hut Mäligiň gurnan enjamynyň gapdalynda lebaply Gurbanbaý Mätýakubyň ýolbaşçylygynda ikinji kebşirleýji awtomat enjamy ýygnaldy. Ol ätiýaçlyk üçin, ýagny, eger şatlyklylar öz işlerine ýetişmeseler goltgy bolsun diýlip edilipdi. Gurbanbaýyň ýygnaýan enjamynyň çyzgylary ýerli-ýerindedi, oňa ýigrimi günde ýygnap gutarmaly diýdiler, emma tehniki sebäplere görä, bir aýda işe girizildi. Tigirlenip gelen üç sany tokurtganyň duran ýerinde öz daşyna aýlanmagy, awtomat enjamyň kebşirleýiş işlerini amala aşyrmagy, eden işine möhür, tertibe görä san goýmagy, soň birleşen tokurtganyň garaşyp duran maşynlara ýüklenip geçirijiniň geçmeli ýerine ugradylmagy ine, Mäligiň wezipesi şulardan ybaratdy. Bu işiň jogapkärçiligi diýseň ýokarydy, ýokary basyş bilen barlananda seniň eden işiň synagdan geçýänligi üçin, soňam onlarça ýyllap gaz geçiriji bolup hyzmat etmeli bolanlygy üçin jogapkärçilik ýokarydy, mäligiň aýrylmaz nökerleri bolan Hydyr Haýran bilen Saparmyrat he şu ýerdediler. Şeýle günleriň birinde trestiň üpjünçilik bölüminiň başlygy Annamämmet Aman olaryň ýanyna geldi. Kelte boýly, hajyrow ýaly gujurly, medeniýetli geýinmegi halaýan, kyrkdan geçen bu adam edil Kaka Rejep ýaly günde-günaşa diýen ýaly gurulýan ähli desgalara aýlanyp çykýardy, getirilýän çig mallaryň hilinde belligiň ýa-da başga bir ýetmezçiligiň bar bolsa göni şoňa aýdaýmalydy, günübirin düzedip berýärdi. Gyzmarak häsiýeti bar diýäýmeseň, bu adamyň ýüreginde birine ýamanlyk edeýin diýen niýet ýokdy, başaryp bilse, iýdirjek, içirjekdi, elinde işleýän oglanlary gowy görýärdi. Ol gelse oglanlar üçin baýramçylykdy, öýünden bir gazan palowy bişirdip, gyzgyny bilen ýanynyň suwdur, gök miweleri bilen alyp gelýärdi, edil nahar wagtynda oglanlary naharlaýardy. Nahardan beýlekilere hem paýlardy, şondan soň arzlaryny diňlärdi. Bu adam bilen işleşmek ýeňildi, işiňi gowy ýerine ýetirseň azar bermezdi, ýaltalara welin gazaply darardy, näçe gygyrsyn, dem-alym salymda öňküsi ýalydy. Trestde ykjamlygy, hatam taý dek sahylygy üçin oňa Anna jalaý diýerdiler, ministrlikde hem ony tanamaýan ýokdy, ýönelige «Beren eli kesmezlerde ogşarlar» diýilmändir. Bu gün welin Anna jalaýyň ýüzüniň öňki görk-görmegi ýitipdi, gözüniň şöhlesi kütelipdi, gujury peselipdi, sesi, haýbaty öňki diýäýmeseň başga zatdan nam-nyşan ýokdy. Ol üç aýlap keselhanadan çykmandy, hat-da öldi-öldi hem diýipdirler. Bar bolan zat «wagtynda iýip-içmezligi, aşa ýadawlygy zerarly bedende döreýän garşylyk» lukmanlaryň biri şeýle düşündirse, ýene biri «aşgazan zäherlenipdir» diýdi. Garaz, ölümiň öňünden gaýdan Anna şu gün keselhanadan çykyp gelşidi. - Ýagdaýlar nähili, how? – Anna Mämmet, Mälik bilen görüşdi. - Suwda kädi münen ýaly, ýöne owradylan demir goşuntgy bolaýsy gowy boljak! – diýip, Mälik jogap berdi. - Näçeräk gerek? - Bäş kilometri kebşirlemäge... - Düşnükli! Dalşe? - Başga zatlar ýeterlik... Ýogsa-da, az-owlak polat tapanlar gerek! Zypdyrun düşürmeli. Anna jalaýyň ýady güýçlidi, bellemese-de näçe günden sora ählisini çürt-kesik aýdyp bererdi, hasaba ökdeligem kompýuter ýalydy. - Nahar edindiňizmi? - Ýok, indi çykjak bolýas! - Eý, Myrat! – anna jalaý maşyn sürüjisine gygyrdy. – Yzyndaky zatlaryň baryny düşür! – Soň Mälige: - Gazanymy, gap-çanaklarymy boşadyň! Palow getirdim, jüýjeli palow! Iş başy damak diýipdirler, gowuja iýiň! Meň-ä işdäm ýok! Maşyndan düşen iki sany gara gözelejik çaga üýşürlip goýlan dag ýaly tokurtgalaryň üstüne dyrmaşyp başladylar. - Heý, heý, düjüň, geliň meň ýanyma! Heý, garagollar!... Oglanjyklar ýüzüni sallaşyp geldiler. - Baý kaka, biz «otla» münjek bolduk! – diýip, çagalaryň kiçirägi burnuny çekdi. - Ol otly däl, tokurtga, içinden gaz akmaly! Eneň nahar bişirende ýakýara, ana şol gaz akmaly... - Nirä akmaly ol, Baý kaka? - Aşgabada, orslara akmaly. - Nädip akýar? Anna jalaý çagaň kellesini sypalap. – Sen çagalar bagyna gitmejek bolaňda eneň nädýär? – diýdi. - Arkamdan iteleýär. - Gazyňam arkasyndan iteleseň nirä diýseň gider barar-da, düşdüňmi, köşek?! – diýip, Anna wadyrdady. Çagajyk başyny atdy. Oglanlar nahara ýygnandylar, palowdan iýen iýdi, iýmedik pagta ýagyna gowurlan ýer almasyny gökdür, her-hili çüýşeli suwlaryny öňüne aldy. Çagalar nahar iýip oturan Hydyr haýrandan gözüni aýyranokdylar. - Iýesiňiz gelýämi? Geliň ýanymdajyk oturyň, men sizi naharlaýyn – Hydyr haýran bir gapdala süýşüp yşarat etdi. - Ýok, bular iýmezler, seň iýişiňi geň görýärler – Anna jalaý hezil Edip güldi. – Eneleri halamaýanlygy üçin öýümizde ýer almasyny iýýän ýok! Men bolsa halar aşymdy. - Bäh, haýranlar galaýmaly! - Şular-a şeýle! Ähli işi sünnäläp ýerine ýetirmäni halaýan Anna gazanyny, gap-çanaklaryny rejeläp maşyna atdy, çagalary mündürdi. Mälige «Zerur zat ýüze çyksa maňa çykaýgyn, mydama ýerimdedirin» diýdi. Bir gyrada çaý içip oturan Mämmet kel maşynyň yzyndan garap – El, aýt, şu ýigit biçak işeňňirow! Ymgyr çölde gezip ýörkäňem zompa öňüňden çykaýýar... Özi gaharjaň-da! Düýn men şu ýerden tokurtga alyp gitdim... Alaka sürenlerine duş gelip tas batypdym. Bolsa-da «Gara döwüm» zor çykdy. Ähli ýeri dyzdan gar, düşürmeli ýeriňi tapar ýaly däl. Tekizlenen ýeriň iki gyrasyny Çary bilen gözläp tapdyk, görsem ýük düşürýän işlänok! Gije suwuny döküpdir. Şaplap duran aýaz, demirler ellär ýaly däl. Şo gije maşynymda çigillem köwläp geçirdim, daň atmanka ot ýakyp ýylyndym. Türkmeniň şu ojary gudrat how! Tüňçeleri oda goýup suw gyzdyrdym, maşynymy otladym. Düýn ýöremedik traktora gyzgyn suw guýan eýesi bu gün gowja sögdi welin ol bada-bat otlandy duruberdi. Şeýdip ýükümi düşürip gaýtdym. Şu demirlerem how, adam ýaly, sögünje öwrenişipdirler. – Ine, onsoň düşürip gelýärkäm ýaňky Anna jalaý öňümden çykdy, «Kebşirleýji simiň gutaranyny maňa aýtmandyrlar, öl ýeňil maşynym bilen aýlyp gaýtdym» diýip sögünýär. - Käbir adamlar, how, ýaňky traktora sögünşiň ýaly gowy sögünäýmeseň işem edesleri gelenoklar. Haýranlar galaýmaly. – Mämmet aga gije çigildem köwledim diýýäň, ýaşyň ýetmişden geçdide, sakgal goýberip obada ýaşulylar bilen tirkeşip, toýa-ýasa ýarap ýörseň bolmadymy? Öýerjegiňi öýerdiň, çykarjagyňy çykardyň, mätäç zadyň ýok! Men saňa haýranlar galýan! - Sen, jan inim Hydyr maňa bu soragy berme! Aýdaly men şona etdimem-dä, mellegimde gybyrdanyp ýörkäm ýaşulylar üýşüp geçip barýarlar. Men «Bu gün kim dünýäden ötdi, kimiň üçi, kimiň ýedisi, kimiň kyrky» diýip köçe syryp, baran ýeriňde-de, garnyňy otaryp jöwlan bolmany halamok, güýjüm barka işläýin, gazanç edeýin, kişä garaşly bolmaýyn diýýän. Pata elim degende görünäýýän! Bolmazmy şol? – Mämmet aga Hydyra gözüni jerreltdi. - Ýasa-pata görünmek parzdyr, Mämmet akga! Ol seniň borjuň!... Ýas her kimiň başynda bar, oňa köçe syrmak ýa üýşüp garnyňy otarmak diýip zyýada geplemek düşünjesizligiňi aňladýar. Beýle-de bir gep bomy, haýranlar galaýmaly! - Düşünjesiz bolýan bolsam şu KRAZ maşyny sürerinmi? Şunuň ýedi ýyl bäri işlemän duran wagtyny gördüňmi? Gören dälsiň. Ýagşam bir gep tapdyň... Onsoňam jan inim, men ölmäge gyssanamok, güýjim barka zähmet çekjek, Watanymyzy gülletmäge goşandymy goşjak! Sen nä, oňa garşymy? - Gürrüňi başga ýana çekjek bolmasana Mämmet akga! Men ony diýjek bolamok! Saňa nebsim agyrdy-da maslahat beräýdim. - Inim maslahatyň bolsa sygryňyza dograp ber... Düşünjesiz diýen bolup! Düşünjesiz bolsam ellinji ýyllarda Elman körüň elinden maşyn sürüjilik şahadatnamamy almazdym. Aý, seň bile ýaňkalaşyp oturmaga wagtym ýok, tokurtga ýüklemeli! Mämmet aga goşlaryny salyşdyryp maşynyna tarap gitdi. Hydyr haýran onuň yzyndan garap – Öz agzynyň hapalygy hiç kimiňkiçe ýok welin at dakan bolýar-a, gepbaz diýsänim! Obasynda abraýy ýok, äwüp-säwüp öwlüýä baraýsa, özi gazandan-a geçen «Jaýy beýle gazmaly däl-ä» diýip, ömrüne gabyr gazyp ýörenleriň /ten otag gazýanlaryň/ degnasyna degýär ýa-da toýa gelen ýaly potradynyň gürrüňini edýär. Özi baky gelen ýaly, haýranlar galaýmaly! - Ýaňky traktorly gürrüňden soň bir zat ýadyma düşdi. – Saparmyrat gürrüňi başga ýana sowmak isledi. – Meňem maşynym bir tüýsli hüýlüräk! Baryp otlajak bolapsyň welin asyl almaz, haçan-da ýagyna, suwuna seredip, daşynam çig mata bilen süpürýän welin bir kakaňda wazlap dur. Çypbakaý çynym! - Erkek adam üçin maşynam aýal kysmy bir zatda! – Hydyr haýran henizem Mämmet keliň giden tarapyna seredip jogap berdi. – Ssypaň-sermeň etseň halaman duranoklar, haýranlar galarsyň! Işgärlere hyzmat edýän maşyn olaryň ýanynda saklandy. Ondan Möjek aga düşüp güpbüli penjegini ýasgynjaň atdy-da, oglanlaryň ýanyna geldi. Salam-selikden soň gara taňkasyny suwdan dolduryp ojar odunyň gapdalynda oturtdy. - Möjek aga, salawmaleýkim! Birki gün görünmediňizle? – Hydyr haýran bir käse çaý guýup oňa uzatdy. - Hudaýa şükür, dem-ä gelip gidýär, öýler saglyk. Birki günlik gitmegimiň sebäbem, maşynyň o ýerine bu ýerine seretmesem «ýadadym» diýip, diýen etmejek bolýar. Menem näme oň ýalak bolsa merkezi ussahana gidip seretdiräýerin diýdim. Maşynam adam ýaly ideg-hormat etseň tyrlap dur-da! - Sylag alypsyň diýip eşitdik, dogrumydyr ol? - Aý, hawa... Şeýleräk gürrüňler bolmanam durmady. Arada şu ýerde işläp ýörkem,, başlygymyz Muhammet Begenje «Sylag-pylag ýazylýan bolsa häzir boluň, birden ýalňyşyp meňem adymy goşaýmaň!» diýdim, olam «Möjek aga, saňa käýinç bar, alyp gaýdaý!» diýdi. Şu gezek gidem-de, bir zat ýazylan bolsa alaýyn-la diýip, kadrlar bölümine bardym, barsam gün ýaldyrap çykyp durka jaýyň çyrasy ýanýar, menem çyrany söndürdim. Depesine üýşüren saçyna timar berip oturan Göwher gyz «Näme söndürýäňiz?» diýip gygyrdy. Menem «Seň özüň bu kiçijik jaýy görküň bilen ýagtyldyp otursaň şoň üçinem söndürdim» diýdim. «Möjek aga, sen meni ýaman öwýäň-le?» «Şol öwýänim üçin sen maňa bir zat tölemeli» diýdim. «Möjek aga saňa näme bererkäm?» diýip gyz güldi, menem «Aý bir zat berseň bolýa, başlyk maňa käýinç berýän, bölüm müdiri sylag berýän diýdi, kassirimiz Döt-dä» «Sen han, aýlygymy beräýme» diýsem, ol gaýtam «berjek» diýdi. «Indem, näme haýsysyny berseňiz alaýjak» diýdim menem. - Ýeri onsoň näme berdiler? - Hydyr akga, gürrüňiň arasyny bölmesene! – diýip, Saparmyrat seslendi. – Aýdyber, Möjek akga. - «Zähmetde taplanan» diýip medal berdiler. Tüweleme taplanma kemini goýmadyk ýetmiş ikinji ýyldan bäri biregne işläp gelýäs! - Möjek akga, sylagyň gutly bolsun! Bize-de, Hudaý ýetirsin! - Taňryýalkasyn, Saparmyrat jan! Sen heniz, oglan! Umytly ýaşasaň hemmesem bar! - Näme üçin size Möjek adyny dakypdyrlar-a? Bilesim gelýä. - Men-ä dogrusy şony kakamdan soramandyryn, olam maňa aýtmandyr, türkmenler çagasy durmasa Möjek, Italmaz, Gurtgeldi, Böri, Eşek ýaly atlary dakagyç bolýar. Meň adymam şondan galan bolmaly, kakamyň çagasy durmandyr. - Möjek aga, hany degişmeleňden birki sanysynyaýdyp bersene! – Saparmyrat irkilip, pinekläp ýatan Mäligiň böwrüne dürtdi. – Tur, how! Seň-ä oba baryp gelerligiň bar ekeni! Tur, ine Möjek aga degişmelerinden aýtjak diýýä! Aýdyberiň. - Saparmyratjan, meň gürrüň berýän zatlarym – hut öz durmuşymda bolup geçýän zatlar... Men «alça kaş iýer, hodul ýumruk» diýen ýörelgeden ugur alýan! Alçak bolsaň ruhuň belent, işiň ugruna bolýar, Gurt ýaly ýüzüňi ajan hamyr edip ýörseň, eýsem gowumy? Oglanlar gülüşip-degişip oturandyr, ol welin nämedir bir zatlary hasaplaýar. Men oňa «Sen näme güleňok, how» diýsem «Gülsem dodagym ýarylýar» diýýär, bizem «Ýarylýan bolsa ýarylsyn» diýip, içini gyjyklap güldürdik. Dodag-a ýarylmady, ýaňky aýdyşym ýaly alçaklygyň berýän peýdasy köp. Aýalym bilen dükana geldik, ol bir gapysyndan, menem beýlekisinden girdik. Aýlanyp gördüm welin ideýän köwşüm ýok, barlygyny welin bilýän! Ine onsoň ýetmiş müň manatlyk köwşi elime alyp «Kim alsa men özümi ýetmiş müň manada satjak!» diýip gygyrdym. Şol wagt beýleki gapydan giren aýaly «Men seni satyn aljak!» diýdi, menem «Puluň nagtmy?» diýdim, aýalym «Nagt, aýlyga garaşsaň!» diýdi. Satyjy gyzlar agyzlaryny açyp galdylar, soňam nämäň nämedigine düşünip hezil Edip gülüşdiler, biziň gözleýän köwşümizem özleri çykaryp berdiler. Durmuşyň özi degişmeleri döredýär. Bulamakçym bir gün «Il-ä çekýän zadyndan çagyl, kerpiçdir, sement öýüne getirýär, sen bolsaň iki eliňi burnuňa sokup boş gelýärsiň» diýip igendi. Hasapçy gelinler bir gün meň maşynymda banka pul almaga gitdiler. Menem welin göni öýe sürüp «Keýwany, ynha getirdim!» diýdim. «Nämäni getirdiň?» «Çekýän zadymy! Özüň çekýän zadyňy getir diýdiň, getirdim, barda kabul et, çaý-nahar ber, hyzmat et» diýdim. Aýalym maşynyň içine boýnuny uzatdy-da «Waeý, getirýän zadam ile meňzeş däl, gyz muň» diýip, silkinip gaýtdy. Şodur-da şodur, çekýäniňi getireňok diýäýse nädersiň... - Şu aýdýanlaň dogry, Möjek aga! – diýip, Saparmyrat janykdy. – Men ho öýde bir göläni iki bolup itekleýäs, göle dört aýagyny ýere dikip dur ýöränok! Halys ýadady. Seň ýaly geçip barýanyň biri «Oglanlar, bu göläňiz El tormozynda duran bolaýmasyn, hon-ha, beýleki göleler-ä ýöräp gelýärler» diýdi, «Biz näbileli, halys laň bolduk özün-ä» diýşip hasladyk. Ýaňky adam «Häzir muň tormozyny boşadarys» diýip, göläň burnuna kakdy welin ol tigirlendi gidiberdi, çypbakaý çynym. - Şeýledir, adamlaryň içinde her hilisi bar. – Möjek aga gaýnan taňka çaý atyp öňüne aldy, üç-dört gezek gaýtardy, käsesine çaý guýdy. – Bir gezek menem degişmede utuldym. Aýal çalyşmany köwüş çalyşandan enaýy görmeýän oglanlaryň maşynyna münmeli boldum, degişen bolup «Aýal tapyp berseňiz, şu günki naharyňyz menden» diýäýmenmi. Oglanlaryň biri «Ýaşuly gepiň gepmi diýdi. Menem «hawa» diýdim. Olar aýlanyp-dolanyp göni meň öýüme bardylar-da, daşarda mallara seredip ýören aýalymy görkezip «Ine, şu aýalyň Kemi barmy?» diýdiler. Utulanymy boýnuma alyp, oglanlary naharlap, hezzetläp goýbermeli boldy. - Möjek aga, gelip durşuň bolsa ýadansyň? - Ýadalýar, Saparmyrat jan! – Biziňki ýaly agyr işde işleýänlere kynrajyk düşýä-dä! Salkyn jaýlarda otursaň bolýaram welin... Sag aýagymda agyry bar, çig düşdügi heläk edýär... - Heläk edýän bolsa Hydyr kakama elledäý! Şol-a «elimde tok bar» diýip öwünýä! - Näme ýalanmy? – Hydyr haýran Saparmyrada çiňerildi. – Men bir zat diýsem kesä çekjek boluşyp durlar, haýranlar galaýmaly. - Hydyr han, men saňa ynanýan! Olar ýalak güýjüň bar bolsa eliňi aýlap goýber, agyrym peselse bolýar. - Ony hek ederis! – Hydyr elini bir-birine sürtüp ýokary galdyrdy-da, sag elini Möjek agaň sag aýagynyň üstünde saklady. Saparmyrat pyňkyrdy, Mälik ýylgyryp başyny ýaýkady, Möjek aga bolsa gyşaryp ýatan ýerinden çaý içmegini dowam etdirdi. Hydyr «Gülseňiz gülüberiň» diýdi-de, pyşyrdap nämedir bir zatlary gaýtalady... Hydyr bir howa şeýle bir yhlas etdi, howa aňzagrajyk bolsa-da, dulugy gyzaryp, maňlaýyndan burçak-burçak der geldi, ellerini bilden ýokarlara hem aýlap çykdy. - Möjek aga, aýak diýýäň welin, öt haltaň bilen ýogyn içegäňde hem agyry bar ýaly! – Hydyr elini ýene-de aýagyň üstüne tutdy. – Aýagyňda könelişen gury agyry bar, haýranlar galarsyň. - Könelişendir, özüm bilib-ä ýanymdan asylýar... Iç ugurlamam ýaňky aýdyşyň ýaly kemliräjik, şon-a bildiň! - Türkmeniň ýedi gyrmaýany barmy? Hasam şu çölde, ýylyssa zar bolýanlaň hemmesinde bar... Meňkem agyrýar. – Hä, nätdi Möjek akga? Agyryň birneme gaýdyşyp başladymy? Çypbakaý çynyňy aýt! - Öz-ä Hydyr beg, sen-de bir zatlara bar. Birneme peselşen ýaly agyrymam... - Gördüňizmi? Gördüňizmi? – Hydyr oglanlara gözüni aýlap çykdy. - Ine, meň şaýadym! Dirije şaýadym! Siz ynanmasaňyz, ynanmaň! Çagajyklam ýaramasa şu elim bilen bejerýän! «Kaka eliň ýakyp barýar» diýýärler. «Bendesi peýlär, Taňrysy etjegini eýlär» diýipdirler, meňki peýlemek, haýranlar galarsyňyz. - Haýranlar galmarys! Mälik sagadyna seretdi-de, ýerinden syçrap turdy. – Işe barmaly! Hydyr akga bol senem, ýaşulyň aýagyny sypalap oturma-da... - Wah, bulara gep düşündirip bolasy ýok-la! – Hydyr elini silkdi-de, iki gezek ýere patladyp urdy. - «Daga-daşa ýaýrasyn, em bolsun!» diýdi. - Taňryýalkasyn, Hydyr beg! Agyrymy aýyrsaň özümjik gadyryňy bilerin! - Men başga zad-a bilemok welin elimde tok baryn-a ynanýan. – Hydyr ýerinden turanam boldy-da, ýene çommaldy. – Men ony bäş ýyl mundan öň duýdum. Gyzjagazymyň eline ýara çykdy, uklap bilmänsoň sypaladym welin ýatyp galaýdy, soň ikinji gyzymyň gulagy agyrdy, onam elim bilen açdym... Käte şeýdip elimiň güýjüni gaçyryp durmasam özümi ýodow, ýere girip barýan ýaly duýýan. Ýogsam men saglygy saklaýyş işinden daşdaky adam ahyryn! Elimde tok sagatlary işlänok, şemiň ody täsir edenok, çüýşe döwükleriň üstünden ýöreýän, 125 sany çüý kakylan agajyň üstünde arkaýyn durýan! Haýranlar galarsyň! Dem alyş ýollary boýunça kesel bejeriş usullary bilýän! Tibet saglygy saklaýyşy, ýog hakda kitaplary okadym... Gurhanda, uly gyzgynlyk bar, olam adamyň saglygyna gowy täsir edýär, men köp keselleri bejerip bilýän, özümi welin tanadasym gelenok, kömek sorana ýogam diýemok, bejeriş usulynyň üsti bilen baýamak pikirinden daşda. Meniň usulym adamlaryň ruhy dünýäsiniň sagatlygyny durnuklaşdyrýar, birek-birege ynam döredýär. Ýaňky samsyklar, işde gazanýan üstünliklerimizde meň goşandymyň barlygyny bilenoklar... Haýranlar galarsyň! Bolýar! Çagyrýarlar, men gitdim! Agyrsa Möjek aga agşamlyk aýlanaýgyn! – diýip, Hydyr haýran ylgaşlady. Möjek aga aýagynyň agyrysynyň birneme gowşandygyny duýdy, häzir hiç-hili peýda etmäýenliginde-de, Hydyryň ýüzüne gelip biljek däldi, oň özüne bolan ynamyny gowşadyp biljek däldi. Möjek aga oglanlaryň bir gyra taşlan nan ýanyklaryny ýygnap haltasyna saldy, «isrip haram» diýlen ýörelgäni berjaý etdi, goý tamdyrda garalan bolsun, goý gatap galan bolsun, ýekeje owuntyk görse şobada iş edinip haltasyna salýar. Bujagaz owuntyk çörek üçin özüniň ne günleri görendigini ýatlanda (elli ýyl geçenligine garamazdan) kalbyna gussa aralaşýar. O döwürler başgady, gazaplydy... Watançylyk urşunyň öň ýanlary käte bir akabaçylyk ýüzüni görkezende dokçulyk dälçiremegine düşüberýän adamlar, kyrkynjy ýyllaryň aýaklarynda, namut urşuň yz ýany, «emgek-emgege uçrar» diýişleri ýaly açlygyň emgegine hossa uçrandylar. Şol sebäplem gäbi azgyn aňkasy aşandylar, hasam, çül çagaň bolsa kyndy. Dişiň kirini sorup oňmalydyň, Möjegiň-ä bir jigisi bilen ejesi bardy. Şol döwürler dogrusy, Alla kuwwat berýändir-dä, ol birneme ýamanjady, lellimjedi, çala başy gowşan dagy bolaýsaň-a, açlygyňdan ölüp gidibermelidi. Alty-ýedi ýaşly çaga, ýurdam açlyk, gahatçylyk, elde-uçda-da pylan zeýilli zat ýok. Onsoň gidersiň selpäp, iýer ýaly zadyň gözlegine, başlygyň öýleri kümämizden at gaýtarym ýerde ýerleşýärdi. Şolaryň ýakynyndaky tümmejige ýaplanyp bir iýer ýaly zat bermezmikäler diýip ýatansyň. Ine, bir gün başlygyň ogly bir tegelek nany ak öýlerinden alyp tamlaryna girdi. Şol gün başlygyň ýanyna bir uly myhman gelipdi, goýun soýlupdy. Emma Möjegiň gözüne baggoýnuň eti däl-de, şol çörek görünýärdi. Elhepus çöregiň ysyny dagy, aralyk birnemejik baram welin ediljek janyňy alyp gelýärdi. Reňkini dagy, dogup gelýän günüň bar-da! Gyp-gyzyl. Ine, onsoň tamşanyp, guran bokurdagyna ýuwdunyp bilmän oturandyr. Möjek nä, olar ýaly ak çörek görýärmidi, o döwürler göreniň tektekidir. Jejene, Kömür dek zagara. Olam näme käte bir tapylanda, ötelge ýerinden takma-tukma geçirilmänem duranok. Ýöne, beýle ak çöregi iýeni ýadyna düşenok! Ine, onsoň ýaňky başlygyň heniz otdan geçip göni gatamadyk ogly ýarysy iýlen çöregi tamdan alyp çykandyr-am welin, Möjegem edil gaplaň böküşini edip, onuň alkymynda häzir bolakgetdin elindäki çöregi garbap aldy-da göterdi ökjäni. Başlygyň kämilleşigiň gädiginden garamadyk ogly «Waý, nanymy aldylar-eýý!» diýip, uly-ili bilen gygyranyny bilýär, käte yzyna garap gaçyp barşyna başlygyň öýünden dazlap çykanyny, ylgabam it ketegine baranyny görýär. Edil hakyky ýolbarsy ýadyňa salýan Alabaýyny boşadyp «Ýet, tut!» diýip Möjegi görkezdi, päliazan! Häliden bäri birahat duran it atylan ýaly eňdi yzyndan, Möjegem-ä näçe gaçýandyr welin, it-it-dä alasladyp ýetip gelýär. Iň soňky deminde büdräp ýykyldy-da, Möjek nanly elini garnynyň aşagyna tutdy. Alabaý äpet aýaklary bilen onuň arkasyndan basyp, iki tarapa hyňranyp, nämede bolsa agyz urmady. It özüne ýekeje ýagşylyk edeni bilýärmiş diýýärler, Möjek olardanam däldi, bolsa-da, Alabaý başlykdan akylly çykdy. Hyňranyp esli durdy-da, soňam holl üç-dört ädim beýlede baryp ýatdy. Möjek käte gözüni oňa aýlap, elindäki nany berk tutup, süýşenekläp gaçdy. Alabaý nana agyz urmady, ýogsam açdy, haçan görseň saman kepbäniň düýbüne geçip daşara tiňkesini dikip ýatandyr, özem baý sakdyr-a, guş uçdurmaz, Möjege welin degmedi. Şol gezeg-ä eýesiniň diýenini etmedi welin, almytynam alypdyr. Möjek ony soň eşitdi. Şol gün welin ol jigisine, ejesine akja nany eltip beripdi. Başlygyň bir oturanda iýýän nany olara bäş gün boldy, edil kükürdiň gaby ýaljak çöregi gündelik döwüp, paýlaşyp iýdiler... Şeýdibem ösdüler, ulaldylar, adam boldular. Häzir ol çagalykdan terbiýe berip gorap, öldürmän saklan ejesiniň hatyrasyna bar zatdan ýokary görýär. Dünýäde oňa şondan ýokary, şondan eziz, şondan beýik adam ýok. Käte onda-munda ene-atasyny hormatlamak, ýowuz güne duçar edýänler barada eşidende, Möjek aganyň agysy tutýar. Ýöne ilçilik bir gowy zat! Ähli zady özüne siňdirýär. Şahyrlaryň biri: Oňat piliň gadyryny, Ulanaňda bilersiň. Oňat iliň gadyryny, Ulalaňda bilersiň – diýip, dogry aýdýar. «Indi bir ýokardaky günlere gözüm düşmesin» diýip, Möjek aga tagama töwir edende şu dilegini üstüne goşdy. 2. Mälikde bir häsiýet bardy. Ol işgärleriniň daşyndan syn edip kim nähili işleýär, kim ýürekden etjek bolýar, kim wagt geçirýär, aýyl-saýyl edýärdi, soňam hersini häsiýetlerine görä toparlara bölýärdi. Şeýle edilende iş gowy gidýärdi, agzybirlik saklanýardy, ýaltalara käýäp, oňat işleýänleri öwüp, aýlygyny artdyryp, göwünlerini tapmany başarýardy. Mäligiň kebşirleýjiler topary şeýle şowuna düşen toparyň biridi. Heniz ýaşam bolsa Mäligiň pikir ediş ukyby, gözýetimi giňdi. Hut şu häsiýetler ýokary basyşly tokurtgany kebşirlemek ýaly jogapkärli işde gerekdi. Dogry, oglanlar käte özara käýişmeli bolýardylar, ýöne olam «pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli» diýişleri ýaly çalt sowulýardy. Hydyr olardan ýaşy boýunça ep-esli uly hem bolsa ýaşlar bilen basdaşdy. Ine, häzirem zadyna diýseň berk Hydyr Haýran iş gurallaryny, çölde tapan-tupan daşlaryny saklaýan gapyrjagyny nirede goýjagyny bilmän götergiläp ýördi. Häliden bäri oňa garaşyp duran Mälik ahyram ýaryldy. - Goýsana how, şol haýran gapyrjagyňy! - Näme, ýüzüňi ajan hamyr ýaly edip, halys alaýdyň-la, haýranlar galaýmaly! Sen inim öýlenmeli, ýylgyr, aýdym aýt, şeýtseň gyzlar gowy görerler. Edil çagalar bagynda gezip ýören ýaly bol. - Çölde gyz barmy! Tanyşanymyň ýanyna-da baryp bolanok ahyryn. - Gowusy öýlenme! Näme etjek boýnuňa ýüp asyp... Onsoňam gyzlar bilen tanyşmak uly bir ylym! Başyň çykmaz. - Çykmasa tut. – Mälik onuň elline kebşirleýji simi berdi. – Indem işi bolýançaň sesiňi çykarma! - Şujagaz enjamy ýygnadym diýip gomparma! Gazabyma tutsam ony duruzybam bilerin, haýranlar galarsyň! – Mälik bu jogaba hezil edip güldi. – Sen gowusy öwlüýälere aýlanda köňlüňe giňlik dile, o ýerde molla bardyr, saňa doga okap berer. Hydyr gorag hyrramyny geýip işe başlady hem-de öz ýanyndan hiňlendi. Zähmet zehin berýär, zehin hem häsiýet Häsiýet pähim berýär, pähim hem hormat. Şol bäşisi seniň doly ömrüňdir, Biri oň ýetmese – gädikdir kysmat... Oglanlar 91 kilometrlik gaz geçirijini Baýdak baýramyna çenli gutarjak bolup gijeleri gündiz edip işlediler. Ýüreklerde halallyk hyjuwy joş uranda edilýän işleriň hem şowuna bolar ekeni, iş şowuna bolanda watan güllär ekeni. Edilýän işiň jogapkärligi adamyň gerdenine has-da artyk agram salýanlygyny, döwletiň bähbidini arap halal gazanç, halal çörek iýseň, ata-enäniň, dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň öňünde sylag-hormatyň artýanlygyny Mälik bilýärdi, bulary etjek bolsaňam ynsaply, ynsanperwer, päkize, arassa, iň esasam halal bolmalydy. Mäligiň göwnüne bolmasa gazet-žurnallar şu zatlardan daşda durýan ýalydy. Mysal üçin ol gazçylaryň şu güni, ertiri, üstünlikleri, kemçilikleri olary çözmegiň ýollary barada talaba laýyk makalalary okap görenokdy, jöwzaly yssyda, aýazly sowukda bitirilýän işleriň tarypyny adamlar bilmeli ahyr, näme üçin beýle makalalar çykarylanok, näme üçin? Türkmenlere geçmişde «Beýle uly desgalary gurup bilmezler» diýip kemsidipdirler, biziň gysga wagtda eden işlerimiziň özem şeýle pikirleriň, çypdyrmadygyny subut edýän ahyryn! Bular barada näme üçin gazetlerde ýazylanok? Käte Hydyr haýran oňa «Seň bolup ýörşüňe geň galýan, ýeke özüň dünýäni üýtgederin öýdýäň, ähli zada burnuňy sokýaň, görogly ýaly bir edermen pyýada hem däl, bular seň nämäňe gerek!» diýip igenýärdi. Agasy dünýäden ötenden soň Hydyr birneme üýtgäpdi. «Agamyň birentek etsem-petsemleri, arzuwlary bardy. Hany olar, kim olaryň birje bölegini durmuşa geçirjek? Adam ölensoň onuň arzuwlaram ýere girip gider ekeni!» diýip zeýrenýär. «Ölümiň aýylganç bir zatdygyna indi göz ýetirdim, gorkyma inim tikenekläberýär, bagrymy girýan edip aglaýan aýalynyň, çagajyklarynyň sesi gulagymdan gidenok. Adam ölensoň hemme zadyň ähmiýetiniň ýitýändigine göz ýetireňde durmuşyň özi ümüre öwrülip, ýaşaýşyň gyzygy gaçyberýän ýaly duýýarsyň. Sen dogruçyl, bol, ogry bol, ýaranjaň bol, ynsabyň ýuwut-ýuwutma, öleňsoň barybir «gowy adamdy,» diýip gömüljek bolsaň...». Şeýle ýagdaýda Mälik oňa «Hydyr akga göwni çökgünligiň girdabyna gaçjak bolýarmyň?» diýerdi, Hydyr bolsa özüne gelen gelen ýaly «Umuman alanyňda şeýle, meň üçin welin beýle däl. Adam ýagşylykda ýatlanar ýaly yzynda bir ýadygärlik galdyrmaly, ömrüňde öz ýoluňy tapmak üçin göreşmeli. Türkmende «Ýoluň bilen ýolda bolsa, böri bilen söwda gurma, bersin oglum, saňa bersin»» diýen aýtgy bar! Şoňky ýaly «Biribarym Hudaýym begenjimiň ýitmezligine kömek etsin» diýerdi. Bu pikirleri kellesinde aýlaýan Mälik nädip garaňky düşenini bilmedi. Işden soň oglanlar otaglaryna gelip tapan zadyndan garbak-gurbak edinmäge başladylar. Mälik çekizesini suwa ýazdy-da, içine sogandyr, gök otlary dograşdyrdy, duz atdy. – Geliň, oglanlar, Aşgabadyň çal çorbasyndan iýerin diýseňiz. - Aý, bu Aşgabadyňky däl bolaýmasa. – Hydyr bir çemçe çal içdi. - Ony nädip bilýäň, akga? - Çekizesi azrak düşüpdir. - Bu aňka kümüşçiler obasynyň çalçorbasy. Olar kümüş bilen başagaý bolup mala eli degenoklar. – Mäligiň çekizäni Şirinden alandygyny bilip, Saparmyrat degişdi. - Kümüşçiler bu ýere nireden geldi? Mälik Saparmyradyň böwrüne hymsyklady. - Sesiňi çykarman öňüňde goýlany iýiber! Nirede gören zadyň?... Ine, ahyrym şol arzyly günem gelip ýetdi. Oglanlar uly göwrümli gaz geçirijiniň 91 kilometrini kebşirläp gutardylar. Şol günem mal soýup toý etdiler. Bu ýerde trestiň dolandyryjysy Kaka Rejep, Sapa Sapar, Annamämmet Aman, Sapar Ata, Begmyrat Sähetmyrat, Rahman, Muhammet Begenç, Juma Ata, Garly Orjy, Ýagşy Akmyrat, Allamyrat Akmyrat we beýleki ýolbaşçy işgärler bilen bir hatarda buraw edarasynyň başlygy Ata Ýazyr, gaz çykaryş edarasynyň baş hünärmendi Hudaýberdi Eşret, başlygy Aman Geldi, Halyk Halyl we beýlekiler ýygnanypdylar. Ýüzi garalyp dodaklary ýarylan Kaka Rejep oglanlaryň öňüne çykdy. - Eziz adamlar, biz şu gün gaz geçirijiniň soňky bölegini kebşirläp gutardyk. Gysga döwürde ýerine ýetirilen bu iş biz üçin diýseň uly üstünlikdir, has dogrusy 1990-njy ýylda taslamasy taýýar bolan 1991-1992-nji ýyllarda işe girizmeli Bäşgyzyl gaz käniniň esasy işini ýerine ýetirdik. Men size Bäşgyzyl gaz käni barada kiçijik maglumat bereýin! Bu ýatakda 2800-2900 metr çuňlukda gaz ýatyr, onuň boýy 27, ini 15 kilometre ýetýär, gory 83 milliard m3. Gaz ýatagy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň meýdanynda, Garagum derýasynyň otuz kilometr ýakasynda ýerleşýär, Şatlyk bilen arasy üç ýüz kilometre barabar. Üçajy demir ýol duralgasy Lebapdan 112 kilometr, Şatlykdan 180 kilometrlikde ýerleşip ortalyk daýanç nokady bolup hyzmat edýär. Bäşgyzyl tomsuna ortaça 45-50 gradus jöwzaly yssy, gyşyna 15-20 gradus aňzak bolýar, ygal az ýagýar! Güýçli ýeller, çägeli tupanlar köp bolýar. Çuňlugy 20-30 metre ýetýän şor oýlaryň köp sanlysy gadymy Uzboýyň /Tüni derýanyň/ ugrunda ýerleşýär, içimlik suwy Garagum derýasyndan getirmeli. Bäşgyzyl gaz ýatagy 1980-nji ýylda açyldy, arassa, gyzgyn gazy bar, şu güne çenli ýataga üns berilmedi. Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, daşary ýurtlaryň gaza bolan islegi artyp ýatagy özleşdirmek başlandy. Gaz çykarmagyň taslamada görkezilen dört usulyndan biri saýlanyp alyndy. Bäşgyzylyň, Ýolguýynyň gazy Türkmenistan, Orta Aziýa, Orsýet gaz geçirijä uly göwrümli geçirijiniň üsti bilen eltilmeli. Biz ol işi tamamladyk. Indi bolsa 48 sany gaz guýylaryny özleşdirmeli, olardan 55 kilometr gaz geçirijileri çekmeli, 4000 tonna demir harçlamaly, gazy bir ýere ýygnap sowadýan we arassalaýan nokady gurmaly. Siz bilýäňiz döwletimizde asudalyk, halallyk, agzybirlik höküm sürýär, men muňa guwanýaryn! Işçilerimiziň päk zähmet bilen gazanan üstünliklerine has-da guwanýaryn! Olar jöwzaly yssyda, aýazly sowukda ýadaman ýaltanman zähmet çekdiler, Sapa Saparyň başda durmagynda Mälik hanyň kebşirleýjiler topary uly üstünlige eýe boldular, Myrat Mämmäýewiň aragatnaşykçylar topary, Gaýyp Maýlyň kebşirleýjileri, Çary Kakaň tokurtgany posdan goraýjy çig mal bilen örtüjiler topary, ulaglar kärhanasynyň işgärleri trestiň baş mehanigi Sapar Ata dagy gowy işlediler. Bu üstünlikler öz işinde jogapkärçiligini duýýan, arassa, halal zähmetsöýer adamlaryň aladalary, adamlar bilen işleşmäni başarýandyklary bilen emele geldi. Ýöne gynansak-da, biziň käbirimizde edilýän işe, öz-özümize bolan ynam ýok, boş sözleri berýän köp! Bu endiklerden saplanmaga maý boldy, halal zähmetimiz Watanymyzy gülletmeli, arassa jemgyýeti döretmeli, her kim hünärini ýokarlandyrmaly, ýaşlara hünär öwretmeli, haramlyk bolmaly däl, ogurlyk etmeli däl, ynamly ýaşamaly, köp işläp halal gazanç etmeli! Ýeňillik bilen gazanylýan üstünligiň ýokdugyny hemmämiz bilýäs! Hut şonuň üçinem biz işimizde ýokary kämillige dyrjaşmaly. Kämilligiň bolsa çägi ýok! Bu biziň gaz-gurluşygy işimizde diýseň wajypdyr. Haýsy hünär bolsa tapawudy ýok – iş kämil bolmalydyr... Munuň üçin köp zähmet çekmeli, öwrenmeli, ilki özüňe erk etmeli, soň beýlekilere erkiň ýeter ýaly bolmaly... Işgärleriň käbiri «köp iş etdirip az aýlyk berilýär» diýip, maňa şikaýat edýärler. Kimde şeýle sorag ýüze çyksa göni ýanyma gelsin, barlap hakykady hakyky ýerinde goýarys! Ýöne bizde SSSR döwründen galan bir endik bar, günüm geçse bolýar diýen, o döwür gutardy. Adam diňe arassa zähmedi bilen gazanç etmeli, eden işine görä hak almaly, goý, halal zähmet çekip halal gazanç etmäni öwrensinler, zähmetsiz gazanylan gazanjyň gadyry bolmaz. Taryhda köp gezek ýumrulyp dikeldilen Mary-Şahu-Jahan topragynda beýik adamlar ýaşap geçipdirler, olaryň ýolbaşça bolan talaby, hormaty, sylagy diýseň ýokary bolupdyr. Şol beýik adamlaryň nesilleri bolan biz çylşyrymly uly desgalary gurmagy başarýandygymyzy subut etdik. Öň bize bilimsiz, göçüp-gonup ýören körzehin millet, çylşyrymly ylym başartmaz diýdiler, emma görüň biziň ediberýän işimizi! Ýogsam, geçen on ýylda aňymyz ýaňy üýtgäp başlady ahyryn. Biz heniz döwrüň talaplaryna doly düşünip hem baramzok, şonda-da gör nähili ýeňiş gazandyk? Biz şeýle ýeňişleri höwrüni köpeldip, türkmeniň gadymy şöhradyny gaýdyp getirmekde, öz goşandymyzy goşmalydyrys. Haçan-da adam buýsançly taryhyndan bat alyp halal iş etse onda onuň ganynda şol halallyklaryň dowamaty dowam eder. Geliň, päk zähmetimiz bilen ýurdy gülledeliň, birek-birege goldaw bereliň, ata-babalaryň gany daman topragyny gülzarlyga öwreliň, ruhybelentliligi öwrenip gelejege ynamly garalyň! Biz sanlyja günden geçirijiniň 91 kilometrini synagdan geçirmeli! Men size şu synagyň şowly geçmegini arzuw edýärin! Bu biziň ählimiziň iş başarýanlygymyzyň synagydyr, bu aýratyn hem kebşirleýjilere degişlidir. Ýene bir gezek üstünlik arzuw edýärdi!... Gyşyň ortaky aýy, bulutlar ýere degäýjek bolup gündogara süýşýärdi, käte gar gatyşykly ýagyş damjyklaýardy. Kaka Rejebiň iş otagynyň üstünde asylan ýaşyl baýdak pasyrdaýardy. Adamlaryň keýpleri ýokarydy. Toý saçaklary ýazylypdy. Gazanlarda taýýarlanýan süýji naharlaryň ýakymly ysy burnuňa urýardy. Bular ýaly üstünlikden soň azajyk şerap içäýmegiň aýby ýokdur diýip Gaýyp Maýly seslendi, Bopba bolsa ony golda-dy, toý eýesi hökmünde okara-çemçeleri tükelläp oturan Hydyr haýran «Senem han, indii öýlenerin diýseň wagt boldy! Ýa-da toýuňy şu toýa goşaýjakmy?» diýip Mälige degdi. - Hawa, söz beripdim, sözümde tapyljak bolaryn! Ýöne, biraz maý Ber, daş ederin! - Baý pyrlanarys-a, çypbakaý çynym! Toý saçagy sowulansoň oglanlara üç-dört gün dynç almaga rugsat berdiler, şol gün öýlänler Möjek aganyň maşynyna münüp oglanlar öýlerine gaýtdylar. Olar dynç almaga haklydylar... Dowamy bar >> | |
|
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |