17:39 Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy | |
3. Mälik giç agşam öýüne geldi. Jigileri ýatypdylar, kakasy ýassyga ýaplanyp kitap okap otyrdy, ejesi çaý içýärdi. - Geldiňmi, oglum! Näme beýle köp eglendiň? Gözümiz ýolda galdy. Habar-hatyr ýok! Hany ýuwunda, saçagyň başyna geç, nahar gyzdyraýyn – diýip, ejesi ýerinden turdy. - Eje men ýolda ýetmiş ýapdan, bir derýadan geçip geldim, el-aýagym ýuwulgy, naharyň bolsa getiriber. Burçlyja unaş et, biraz ýoňlapdyryn. – Ejesi saçagy orta ýazyp nahar getirmäge çykdy. – Kaka, näme okaýaň? Türkmeniň nesil daragty bilen tanyşýan! Meni gyzyklandyrýan zat asyl aslymyz Nuh pygamberden gaýdýar ekeni! - Al, oglum, burçlyja aşy, iç, derle, derrew ýoňdan açylarsyň. Ejesi içi aşly okarany Mäligiň öňünde goýdy. - Kaka, gel aş içeli! - Ýok, oglum sen arkaýyn içiber, men dok – diýip kakasy kitaba güýmendi. - Oglum senlik bir hoş habarym bar. Kakaň bilen gudaçylyga gitdik. Daýzaň gyzyna. Göwnediler... Ýegençämiz «oglany göräýsem» diýipdir. - Bä, eje ahyrym gudaçylyga bardyk diýseňizläň! – Mälik hopurdadyp aş içip oturşyna ejesine jogap berdi. Eje, ýegençä öýlenmek gelşikli zada däldir, il arasynda: Gelniň ýegençi bolmasyn – diýen aýtgy bardyr! - Garyndaşlyk gatnaşygy galmasyn diýdik, oglum! Sen ol aýtgylara ynanma. «Alsaň aýaldyr, gonsaň ýurtdyr» diýipdir, könelerimiz. Kakasy kitaby mata dolap, ýassygynyň aşagyna saldy. – Onsoňam ol el-aýakly, meniklije maşgala. - Aý, kaka men-ä bilmedim welin, daş edip şäherli gyzlaryň birini alaýjakdym – diýip, Mälik oýunlyga salan boldy. - Näme göwün bereniň barmydy? - Wah, samahyllar otyr-da! Bize seň şäherli gyzyň gerek däl! Düşnüklimi? Bize hojalygyň keşigini çekjek gelin gerek, ýegençäniň nämesi şäherliňden kem? - Eje, ony bir gezek görüpdim, görmeksizräk diýäýmeseň... - Sen onuň görmegine öýlenýämiň? Asylly maşgala bolsa bolýar-da – diýip, kakasy söze goşuldy. - Samsyk gep tapma oglum – diýip, ejesi janykdy. – Görk-görmegi hiç kimden pes däl, aý ýaly gyz. Seňki nä oňkudan gowumy? Burnuňy maňňal ýaly edip... Ýagşam bir gep tapdyň... Ertiriň özünde, görme görüşe git! - Haçan diýdiň, eje! - Men daýzaňa şu gün barar diýipdim. Indi ertir git, ol uly bir baýlygyň eýesi ahyr, otuz-kyrk sany sygry bar. - Bolýa-da eje ertir baryp gaýtmaly bolsa baraýaryn, ýaramasa habarymy aýdaryn. - Onyň bolmaz – kakasy gobsundy. – Biz eýýäm «bolýa-bolýa» diýişdik... - Maňa ýaramasa bolmaz-a, kaka?! - Bolar! Näme bolman! Men «ejeň ýüzüni görmän aldym» diýip gürrüň beripdim-ä! - Gözi şully, ýa ker duşar diýip gorkmadyňmy, kaka? - Enem-atama ynandym. Olara ýarasa maňa ýarar diýdim. Seňki ýaly görme-görşede eltmediler. Men çölde kolhozyň malyny bakýardym, iki-üç aýdan öýe gelerdim. Bir gün gelsem öýümiziň daşy gaýda-gaýmalaşyk, gelinler gazanyň daşynda biş-düş bilen, maşynlaryň arasynda at goşulan bir paýtun bar, gyzlar şoňa haly ýapyp bezeýärdiler. Men ejemi «Bu üýşmeleň näme» diýdim, olam «Oglum, meň oýun etmäge elim degenok» diýdi-de, işi bilen boluberdi, dostum meni garssa gujaklap «Toýuň gutly bolsun!» diýdi. Men oňa «O nähili toý! Kimiň toýy?» diýsem ol «Gör, muny bilmediksirän bolýar» diýip arkama kakýar. Asyl görüp otursam, bu meniň öýleniş toýum ekeni! Muny ähli adamlar bilse-de, diňe men bilemokdym, bu aladalaram meniň üçin bolsa nätjek! Ýaňky dostumdan «Gelinalyja nirä gidýäňiz?» diýip soradym, ol bolsa «Sen meni oýnajak bolýaňmy ýa degişýäňmi?» diýýär. Menem onsoň çekinsemde bu soraglary kakama berdim. Ol bolsa «Bulary bilmek saňa hökman däl! Gowusy, ýuwunda eşikleriňi geý, ejeň taýýarlap goýandyr» diýdi. Şol döwürlerde «Gyzy berjek däl, özümize gerek» diýen manyny aňladýan gelnalyjyny keseklemek däbi bolardy, aý bir keseklenip barylýan zadam ýokdu-da, indiki ýakyn garyndaşyňa näz eden bolmagyň, oýun etmegiň bir görnüşidi. Ir döwürlerde şeýle myhmanlaryň ýüzlerine reňk, gazanyň garasyny çalypdyrlar, has soňlar kesekleme çykypdyr, indi-hä, o zatlar galdy gitdi. Umuman, türkmeniň köp däpleri düşündirip boljak, bolmajak sebäplere görä ýatdan çykaryldy. Indi oňa giň ýol açyldy. Ine, onsoň günorta ýakyn gelinalyjy geldi. «Haý, Täşli baý, how Gurt tutupsyň how, gutly bolsun how! Aýagy düşsün, how!» diýip jarçy gygyrdy, bürenjege bürenip idilip gelýän gelniň üstüne pişme geçdiler. (Häzir pul seçýärler). Gyz-gelinleriň kimsi pişmä topulsa, kimsi gelen gelniň mahmal bürenjegini iki ýana serpip: «Tüweleme, aý ýaljakda, göz degmesin!» diýýärler. Menem şol sözlerden teselli tapyp begenýärdim. Gelin meniň üçin getirilenim bolsa rugsat bolýança men onuň ýüzüni açyp görüp bilemokdym. /Häzirkiler nädýäler?) Şol döwrüň nika gyýylyşam üýtgeşikdi, oglan bilen gyzyň hersini bir jaýda saklap pyýada kazylar, nika wekilçiligini alyp gaýdýardylar. Soň gaýybana nika gyýylýardy, arwah-jynlaryň ara düşmezligi üçinem oglana ýakyn aýallaryň biri gaýçysyny şarkyldatýardy... Kakaňam ine, şeýdip öýlendi, oglum diýdi-de, kakasy daş çykdy. - Oglum, kakaň raýyny ýykjak bolup durma, aýdylana bor diýäý, ertirjik baryp gaýt, ylalaşsaňyz basym toýuň sähedini bellejek. – diýip, ejesi ýlbardy. - Eje, bor diýäýmesem eýerläp münjek sen-ä! - Ine, munyň bolýa oglum! – Ejesi diň saldy: - Maşynyň sesi çykan ýaly boldumy oglum? Geleňsoň maşyn gürlese birahat bolýan, halys oturdanoklar. - Göwher gelen bolaýmasyn? - Wah, şo Göwher gursun, şo dämi... Şol wagt gapyda Göwher göründi. – Näme gyz, ýene-de şum habarly geldiňmi? – diýip, ejesi oň ýüzüni aldy. - Eje, Göwhere zat diýmesene! Onuň işi şeýle-dä! - Eje bildiň! Habarly geldim, ogluňy işe çagyrýarlar. - Aýtdym-a... Wah, mysalaň gursun, sen tulaň! Muň gelenini nä bildiň? Duşmanyň öýüňden dörese bolmaz ekeni, «Daşarda müň duşmanyň bolsun, öýüňde bir duşmanyň bolmasyn» diýipdirler. - Eje, Mäligiň gaýdan wagtyna çenli men bilip otyryn ahyr. Göwher küleçesini çykaryp saçagyň başyna geçdi. – Eje, iýer ýaly zadyň bolsa getir, men ajygyp geldim. Ejesi hüňürdäp dalana çykan badyna: - Mälik ýokary basyşly gaz geçirijini synagdan geçirýärler. Ony barlamak üçin döredilen topara gatnaşmaly, Saňa basym gelsin diýdiler. – diýdi. - Barmaly bolsa baraýaryn! Ertir bir dynç alaýyn! Hydyr akgama nädip habar ederkäm? - Öýde telefon goýdurdym... Jaň edäý! - Aý ýog-a? Berekella jigim! Şun-a oňarypsyň! – diýip, Mälik beýleki otaga çykdy. Ejesi nahar getirip Göwheriň öňünde goýdy. - Gelýäň-de bir zat tapýaň-la, gyz? Soky daşy ýaly arsyz bolup. - Eje, nädeýin, maňa-da aýt diýýäler, özümden oýlap tapamok ahyr. Idelýän bolsa ogluň aňlydyr «aňly aňlar – akmak zeňlär» diýmänmidirler. - Näbileýin özün-ä! Mälik gelen güni senem bir gep tapýaň... - Eje men-ä ýanyňda, azajyk oturaýyn, begendireýin diýip işden rugsat alyp gaýtdym. Senem maňa käýejek bolup dursuň, nähili ogluň bolýa diýdimi? - Aý ýaly gyza at dakan bolýa – diýp, ejesi hüňürdedi. - Näme diýdi? - Burunlagrak diýýär. Eheý-ý, özi näme diýsene. - Toba, şeý diýdimi? - Hawwa-la, gyz. - Eje, sen oňa gaty gaýrym zat diýme! Ol bu günler gaty ýadaýandyr. Gazyň iň jogapkärli bölüminde işleýär. Gerdenine agyr ýük ýüklediler. Bütin gurluşygyň ykbaly Mälik ýaly on-ýigrimi oglanyň elinde. - Ýok-la gyz, men oňa näme diýeýin. Ol biziň ekleýjimiz ahyr... Ýogsa-da gyz, seň üçinem sawçylar gelip başlady. Mäligiň iki gözüni dört etsek gezek seňki. Taýýarlanyber. - Eje ogluňy bir öýer, onsoň görübereris. - Gel jigim, gel hany! – Mälik agasynyň bäş ýaşlaryndaky gyzjagazynyň golundan tutup gapydan girdi. - Wah, ony turuzmasaň bolýamy? - Eje, özi turup ýanyma geldi. – Mälik heniz ukusyndan doly açylmadyk Jahanjygyň öňünde oturdy. – Hany, jigim, daş edip «Gotur geçini» aýdyp Ber-de agaňy güldür... - Ilki «Gargajygy» aýdaýaýyn? - Aýdaý. Gak, gak, gargajyk, Hany maňa çörejik Çörejigiň içi ýok, Kel gyrnagyň saçy ýok... - Berekella jigim! Berekella! Saçsyz diňe bir kel gyrnak däl, ho, Begiş daýyň bar-a, anna şol keýpi kök öýüne gelende, çaý gaýnadyp bermäni üçin Dursun daýzaň saçyny syryp oturyberipdir. - Goýsana, oglan, hi beýle-de bir zat bormy? – diýip, ejesi ýakasyna ýapyşdy. – Nakys diýsänim. - Eje, hut şeýle, bu günler daýzamy görýän dälsiň, gabat gelse kellesini barlap göräý! Ýaglygyny sypyrda. - Toba, toba, beýle-de bir masgaraçylyk bomy gyz? – diýip, ejesi ýakysyna tüýkürdi. - Hany jijim, ýene-de bir goşgy aýdyp Ber. – Mälik Jahanjygyň elinden tutdy. - Sanawajy aýdaý, Jahanjan. – Göwher Jahanyň bilýänlerini ýatlatdy. Bir diýenim – bit, Iki diýenim – it, Üç diýenim üçek, Dört diýenim – düşek... - Berekella jijim! Indiki gezek gelemde men saňa gulak halka getirip berjek – diýip, Göwher onuň arkasyna kakdy. - Gotur geçini aýdaýynmy? – Jahanjyk jogaba-da garaşmady: Bulguryma süýt guýdum, Süýdüm çogup gidipdir, Gözüm uka gidende, Günem dogup gidipdir, Kesewini dik sürtdim, Ýer almany oturtdym, Ýer almamyz gülledi, Sagymçy gyz elledi, Gaçjak bolma gözel gyz, Agam seni belledi! Agamyň işlän ýeri «Sandykgaçy» diýdiler, Ýamanja häsiýeti bar, Gotur geçi diýdiler. - Ha-ha-ha! Berekella jigim! Al, men saňa süýji bereýin – Mälik ejesiniň käte özüne gotur geçi diýmegini goşga geçiren Jahanjyga süýji berdi, gujaklap bagryna basdy. – Hany ýene-de bilýäniň bolsa oka. - Boldy indi... Ýör ýataly! Ertirine turuzyp bolanok... Ýör... Akyllyja gyzymda şu... Mälik kakasyna goşgy okaýar, Göwher ejesine-de goşgy goşýar. – Enesi Jahanjygy ýatyrmaga alyp gitdi... Mälik ertesi saçyny «Pantin-prawi» bilen ýuwdy, dişini «Blendemede» arassalady, atyr sepindi, eşiklerini geýip, Saparmyradyň ýanyna bardy. Ol ýatyrdy. - El-aýt, Galla agaň ogluna meňzeş dällaýt sen, kakaň-a daň atandan obaň bagynda işläp ýör... senem maslyk ýaly ýatyrsyň, atyň bolsa kişňäp dur. – Mälik Saparmyradyň üstüniň ýorganyny sypyrdy. – Adamy alty zat garradýar, garaşylmadyk şatlyk, gaýgy-gam, gahar-gazap, uky, meslik, garrylyk. - Gije-gündizi işläp, ukyň öwezini ýaňy dolaýyn diýsem, içagyry ýaly sen çykýaň! Edähediň nätüýsli. – Saparmyrat göwünli göwünsiz ýerinden turdy. – Beýdip birden ýorgany sypyrmazlar,, her zada gabat gelmegiň mümkin. - Gijeki ukyny gündize geçirmek paýhaslylygyň nyşany däl. - Goýsana how! Ten jan bilen diridir, janymyň sagatlygy üçinem gowy uky almagam gerek! Çypbakaý çynym! - Ömrüň köp bölegini oýalykda ötürmegimiz gerek! Onsuz öýlenip bilmersiň ahyr. - Hoş habar eşitdiňmi? Ýüzüň aýdyp dur. - Bolmanda näme, yşk tebigy gözellikden peýda bolýar... - Sen aşyk bolmazlygyň hereketini et, çünki aşyklyk agyr işdir. Söýgiňi göwnüň ygtyýaryna berseň, onda göwnüňi söýgä taýyn edersiň. - Bol, tur, çaltrak, sammy-sammy etme-de, bu gün görme-görüşe barmaly. Men eýýäm oňa taýyn boldum öýdýän! - Olar ýalak bolsa aýdaýmal-a! Saparmyrat ýerinden turdy. – Men häzir ýuwunyp «atyma» serenjam bereýin, gyr atymy iýmläýin! Saparmyratdan başga öýde hiç kim ýokdy, kakasy, ejesi işleýärdiler, jigileri okuwa, işe gidipdiler. Ortadaky saçakda basyrylyp goýlan çaý, nahar, bu ejesiniň ogly barada edýän aladasynyň netijesidi. Saparmyrat ýuwunmanka atynyň ýagyny, suwuny barlady, süpürişdirdi, ýatakdaky gyr atyny iýmledi, suw berdi, ýatagyny arassalady soň ýuwunyp, birki-agyz garbandy-da, eşiklerini geýdi. - Könelerimiziň «Owal atyň ýüzüne seretgin, ýüzüne garan ýalňyşmaz, çünki köplenç ýagşy atyň ýüzem ýagşy bolýar, ýagşy görk atyň sypatydyr» diýişleri ýaly seňem şu hurma reňk «bedewiň» diýseň görkli – Mälik Saparmyradyň maşynyny sypalady. – Munuň aýaklarynyň dişi heniz mizemändir, burny belendiräk, maňlaýy, göwsi giň – tüýs dört Adama daş diýilýäni... Muňa münen kişi derrew herekedini duýýan bolmaly... Ýöne men näme üçindir ony duýamok! - Dursana how, açarymy tapamok! – Saparmyrat kiselerini dörüşdirip, ahyrym tapdy-da, maşyny ýöretdi. Şeýdip, olar niredesiň Mary şäheri diýip rowana boldular. - At müneniňe görä, şular ýaly hurma reňk belen tata münäýseň, çünki «eýesi» näçe görnükli bolsa-da «Zaporožes» seni kiçi görkezäýýär. - Öwüber, bu günki işiňi dynýançaň... – Soň-a çüýrän ýerleri derrew gözüňe ilýär, «waragyňy ýok et» diýýäň. Olar Mary şäherinden odujak-budujak aldylar. Heniz irräjik hem bolsa bärräkde durarys diýip barmaly ýerlerine ugradylar. Şäherden çykyp türkmen derýasynyň üstünden geçýän wagtlaýyn köprä ýetenlerinde, bir gyz azyga ýüklenip barýar. - Saparmyrat han, bolubilse şu biziň Şekerimiz bolmaly! – Mälik gyzy görkezdi. - Beý,... Adamy yzyndan seredip tanaýanlardan bolaýdyň-ow? - Eýsem näme, men ony ýöreýşinden tanaýan. – Mälik şeý diýse diýdem welin bu gyzyň Şirin däldigini bilýärdi, ol bu gün myhmany garşylamak üçin taýýarlyk görüp öýünden çykyp bilýän däl bolmalydy. Ýoly bilen başagaý Saparmyrat köprä dyrmaşyp başlanda Mälik onuň eline ýapyşdy. - Dur, how, nirä barýaň? Al-a ony! - Kimi almaly, Kim ol? – Saparmyrat aňk-taňk boldy, maşyny saklady. Mälik düşüp, gyzyň elindäki ýükleri aldy-da, maşina getirdi. Asyl ol hakykatdanam Şirin bolsa nätjek! - Salowmaleýkim! – Saparmyrat maşyna ýerleşen Şirine salam berdi. - Aleýksalam! - Biz görme-görüşe barýadyk! Senem alyp gidäýeli diýdik. – Mälik Şiriniň ýanyna yza geçdi. – Siziň obaňyzda Şirin diýen bir gyz bolmaly, sagymçy... - Telekeçi-sagymçy diýsene! – Saparmyrat düzediş berdi. - Aý, hawa, şo gyz-a bar! – Şirin mylaýym ýylgyrdy. – Işden çykyşyma gök-sök alaýyn diýip şähere gaýtdym... Beýle ir gelersiňiz öýtmändim, daň bilen. - Şo gyz şu gün tolgunjyna gije ýatyp bilmedik ýigidini synagdan geçirjekmişin! Ýigidem Soltan Alp Arslanyň ogly mälik şamyşyn... - Ejeme-de aýtman gaýtdym, gözi ýoldadyr, kakama jaň edendir. - Kakaň saňa bir zat diýen däldir? – Mälik Kertik aga bilen ýatakdaky duşuşygy gürrüň berdi. - Maňa, zat aýdanok, ýöne ejeme «Gyzyň ýatakda duşuşyp ýörmesin, göresi gelýän bolsa öýe çagyrsyn, tanaman durýan däldir» diýip käýýäpdir. Ejemem maňa igendi. Senem beýdip ýörmeli däl-ä! Akyllyja bolaýmaly, bolgusyz, gödek «oýunlaryňy» taşlamaly. Maşyn Şirinleriň öýlerine ýakynlaşanda – Men, şu ýerde düşeýin, siz soňrajyk baryň! – diýip Şirin düşdi. Olar az salym maşynda oturyp, soň myhman ýere bardylar. Şiriniň ejesi, daýawdan, ak ýüzli, görmegeý aýal olary garşylap, saglyk amanlykdan soň jaýa saldy. Mälik, Saparmyrat bilen görkezilen kiçijik otaga girdi. Şirin, Täzegül ortada ýazylan saçagyň başynda çaý içişip otyrdylar. Saparmyrat girişine uly wagyrdy bilen salamlaşdy, öýlenjek oglan (ol geplemeli däldi, gaýyn öýünde utançly bolmalydy) gyzlara çala başyny atdy, Saparmyrat bolsa howadan, tebigatdan, çölden, dagdan ahyrym öz maşynyndan gürrüň etdi, asyl gutar ýerde gutarmady. - Lalmy-ka gyz, bi oglan, geplänogam! – Täzegül ýylgyryp Mälige seretdi. - Öz-ä gepleýärdi, jaýa girip dili tutulan bolaýmasa... çekinýär öýdýän nähili hem bolsa görme-görüşe geldi, düşüniň ahyr – diýip, Saparmyrat düşündiriş berdi. - Köreken boljak nirede işleýärkä, dilmaç bolsaň şu soraga jogap Ber, ýa ygyp ýören bir diwanamydyr? – diýip, Täzegül ýylgyrdy. - Şatlykda demirleri sepleýär, ýüreklere welin ejiz gelýär, işinde edil ketdäň bar-da. Kelläňi gaşap oturma how, nä bitiň dagy barmy? - Aýlyk-günlügi nähilidir? Öýlense maşgala eklärlik gazanýamy ýa içip-çekip ýörmi? – diýip, Täzegül soragyny dowam etdi. - Bol, how, senem geple! Diliňi, bokurdagyňa ýuwutdyňmy? – Saparmyrat Mäligiň böwrüne dürtdi. – Gowusy ýigit geplemesin! Oňkam birden öňde bir gelniň jogaby ýaly bolaýmasyn! Gaýyn enesi «Gelnim senem indii ýaşmagyňy açaý, çak boldy» diýen-de, gelniň ilkinji soragy «Adamym ýogalsa meni kime dakjak?» bolupdyr. - Dostum, o gelin ýala samsyk däldir, diýjek sözüni bilýändir welin. Bol, how, geple, gaşanyp oturma-da, näme gotur açdyňmy. - Şirin, men saňa bolýanmy? – Mälik bu soragy şeýle bir äheňde berdi welin oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. - Jora, muny gepletme diýdim-ä! – Şirin gülmekden ýaňa ýaşaran gözüni süpürdi. - Ýok, men dogry sorag berýän! Gyzyň razylygyny bilip, ejeme habar bermeli! Razymy? Ýa-da men özümiň bagtymy başga ýerden gözlemelimi? - Aý, bor-la! – Şirin utanjyna başyny sallady. - Ýok, bor-la diýme! Bor diý! Pert geple! Sen ömürlik ýanýoldaş edinýärsiň? Eýlämi-beýlämi barlaşdyr, kemim bolsa aýt, soň gürrüň çykmasyn. - Aý, bor-la! – Şirin utanjyma maňlaýyny ýere degiräýjek boldy. - Onsoňam ýene bir zat! Galyňy kän saldyrmagyn! Öz eliň bilen işläpjik üzmelisiň. Ýene bir zat, häzirä bitim ýok, eger bolaýanda-da, bitim besnäp, sirkäm sarkyp dursa-da, meni ýuwup-artyp arassa saklamalysyň... - Waeý, toba, bu oglany geplederligi ýok ekeni! Has mojugyny tapmanka men-ä çykjak... Saparmyrat, ýör senem. Täzegül bilen Saparmyrat gülüşip çykyp gitdiler. - Nätdim? – Mälik gözüni gypyp Şirine seretdi. - Beýle degişmeli däldiň! Ýerliksiz degişme ýamanlygyň alamatydyr. - Olar meni tanaman duranoklar-la! - Şonda-da sypaýyçylygy elden bermeseň ýagşy. - Degişdim diýdim-ä! - Degişmäňem özüň ýaly-da seň! - Biz indi nätmeli borus? - Nämäni? - Toýy! - Sen näme diýseň şo bor, ýaz bir çyksyn! - Menem oglanlaryň işden eli sypynan wagty bolaýsa kem göremok, işimiz Magtymguly aýyna çekse gerek! Galanam enem-atama bagly. - Ýogsa-da, sygyrlary näderis? Men olary kärendesine alypdym, indem adyma geçdi. Kakam, ejem olara seredip bilmez. - Joralaryň birine tabşyr, goý seretsin. Käte gelip barlar durarsyň-da. - Wagtlaýyn ony etseň bor. Men umuman aýdýan. Mallary elimden düşüresim gelenok! - Seň hyýalyň meni şu ýere getirmek, ýagny öz öýüňde ýaşatmak! Şeýlemi? - Mälik, öň nä aýby bar? Maşgalaňyz uly, alty gyz, bäş ogul, sen ulusy, oglanlar öýlenmeli... Sen barybir ýurt eýesi däl, özüňe jaý salynjak bolup azara galyp ýörenden, ynha taýýar jaý, ejem-kakama seredip, arkaýyn ýaşarys. Sen işlärsiň, men mallara serederin. Köpeldip-köpeldip etini, süýdüni, derisini gaýtadan işleýän kiçiräk enjamlary edineris. Hudaýa şükür, häzir baýamaga giň ýol açyldy... Näsip etse, sanlyja ýyldan türkmen baýy bolarys. - Sen meň göwnejegimi bilýärmiň? Türkmende gaýyn öýünde ýaşaýan gördüňmi? Deň-duşlam maňa näme diýer? Ýok, Şirin men munyň bilen-ä ylalaşyp biljek däl! - Mälik dostlaryň diýerler goýarlar, olaryň gürrüňinden çekinme! Sen barybir jaý gurmaly, jaý gurmaga mellek gerek, onam indi täze özleşdirilýän ýerlerden, Oguz han etrabyndan, ýa Jojuklydan berýärler. Ynha, saňa jaý, mellek, göwnüňe ýaramasa ýyk, täzele! Onsoňam gaýyn öýünde ýaşaýan diýip namys etme, gaýtam begen! - Ýok, men taýyn aşyň eýesi bolasym gelenok! Men muňa razy däl. - Mälik, beý diýmesene! Razy bolaý! - Ýok, diýdim, gutardy. - Aý, bolýa-da, bolmasa, şu seň ahyrky sözüňmidir? - Mende başga pikir bolmaz. – Senem öz diýeniňde durýaňmy? - Hawa, haýyşym şeýleräk... - Şeýle bolsa men gitdim. – Mälik hasyrdyklap ýerinden turdy. Onda sen özüňe başga ýigit gözlemeli borsuň! - Mälik, Mälik, gel gowuja düşünşeli?! - Ýok, men gowy düşündim! Gaty gowy düşündim. Mälik bat bilen gapydan çykdy-da, maşynyň içinde garaşyp oturan Saparmyradyň gapdalyna mündi... Maşyn öwrülip gaýtdy. Birnäçe wagtdan soň Saparmyrat: - Ýeri how, ýüzüňi ajan hamyr ýaly edip oturmaň näme, begenmeli halyňa?! – diýdi. - Begenersiň! Begener ýaly boldumy? - Be... Be! Ýeri, nä döw çaldy? Ýa bitli gördüňde gatyrak gidäýdiňmi? - Şirin biziň öýümizde ýaşamaly borsuň diýen şerti goýýar! - Bäh, bäh... Çypbakaý çynyňmy? Sen näme diýdiň? - Göwnemedim! O-how, men ony edip bilmen-ä? Ýakyn dostumsyň welin senem şoň-a «bolýa» diýmersiň! - Men maşgalada iň kiçisi, ýurt eýesi, sen ýaly ulusy bolsam oňa iki elläp razy bolardym... Näme beýle seredýäň? Razy bolmaly ekeniň, olar siziň garyndaşyňyz ahyr. Ýeke gyzyndan başga hiç kimleri ýok, göz-gulak boljak dälmi? - Sen meniň üstümden gülmezmiň? - Baý, muň samsykdygyny, sen nä biriniň zadyny ogurlaýarmyň, biriniň göwnüne degýärmiň ýa-da ters iş edýärmiň? - Ters iş edýän! Ol türkmeniň däbine gabat gelenok! - Aý, goýsan-aýt! Bolduň meň başyma däbi saklaýan türkmen! Oň ýalak bolsa hany silkme telpegiň, gyrmyzy donuň, guşagyň, çokaýdyr, ädigiň? Ýagşam bir gep tapdyň. Mälik jogap berip bilmedi. Olar tä obalaryna ýetýänçäler seslerini çykarmadylar... Mälikde aýdara söz ýokdy. 4 Artyk Üçajydan gaýdyşyna Mary şäherine geldi-de Murgaba aýlanýan çatrykda maşynyny goýdy, şol ýerde ýoluň gaýraky gyrasynda ýerleşýän dört gat jaýlaryň birine bardy. Şu jaýda Myrat ýaşaýardy. Ol öň bir gezek onuň öýüne gelip görüpdi, indikisi ikinjisi bolýardy. Myradyň maşyndan düşürilip az aýlykly işe geçirilendigini, gurluşyk çig malyny kanunsyz satany üçin bahasynyň töledilendigini eşidipdi, hut şol sebäplem ol beýle zatlaryň gaýtalanmazlygy üçin Myrada maslahat bermegi ýüregine düwüpdi. Gapyny orta boýly, dolmuş, görmegeý, ýüzi nurana aýal açdy, Artyk ony öň görmedigem bolsa tanady, Myrat ejesine meňzeýän ekeni. Hakykatda welin ol bu aýaly göz öňüne getirende şerden gaçmaýan, süýklek garry kempiri ýadyna düşüripdi, emma onuň öňünde medeniýetli, gözleri mähirden doly aýal durdy. - Saglykmydyr guzym, gel, geç, otyr. Myratjan öýde ýokdy-da, ýöne, basym geller. Geçäý, töre geç, ine, şu ýerdejik otur. Oglumyň jaýy... - Daýza men Myradyň işdeş ýoldaşy, ony köpden bäri göremok. Ýagdaýyny soraýyn diýip geldim, adym Artyk. - Gelen bolsaň gowy edipsiň, Artykjan. Wah, huşum gursun, naharym çowup barýandyr, görüp geleýin – diýip, öý eýesi beýleki otaga çykdy. Äpişgäniň öňündäki tekjede dürli gazetdir-žurnallardan başga-da, yhlas bilen seredilýän ter gülleriň bukjasy, tekjäniň iki gyrasynda ýumşajyk oturgyçlar bardy, diwaryň ýüzünde türkmen halysy, onuň ortasynda egri gylyç, dutar asylgydy, magnitofon radio, burçda telewizor goýulandy. Şol wagt öý eýesi saçagy getirip, üstüne gökdür miweleri goýdy. «Al, guzym, maza edip iýip otyr» diýip, mürähet etdi. Artyk «Daýza, siz arkaýyn oturyň, men hiç zat iýjek däl» diýse-de, «Ýok, guzym, duzuny datmasaň gaty görerin» diýip ol ilki palow, soň çorba çekdi. «Artykjan, utanmada naharlan... Hä, näme üçin iýmediň? Men saňa içi etli somsa bişirip berjekdim, arman oňa köpräjik wagt gerek. Nesip bolsa indiki geleniňde munuň öwezini dolaryn» diýip hödür-kerem etdi, emma Artyk «Myhman ýeriňe aç bolup, gaty ýöräp barmagyn, nahary köp iýseň iliň gözüne gürenersiň, biriniň öýüne myhman bolup barsaň, öý eýesi ýa-da ogly dostuň bolsa-da, özüňe mynasyp jaýda oturgyn we tagam iýgin, öý eýesiniň hyzmatçylaryna «Eý, pylany, b umeniň öýümdir, tabaklary o ýerde goý, bu ýerde goý» diýip oturmagyn» diýip, ejesiniň nesýetlerini ýadyndan çykarmandy... Myhman bolan ýeriň duzuny datmaklygyň sogap işdigini öý eýesi hem ýatlatdy. Şonda-da günäli ýaly ýüzüni sallap otyr. Gadym zamanlarda Alp Arslan diýen seljuk soltany bir günäkäri alnyna getirip öldürmekçi bolupdyr – diýip aýal gürrüňe başlady. – Onda günäkär «Eý, soltanym, Hudaý, Resulyň haky üçin maňa bir käse suw bermegi buýur, men örän teşne, ondan soň näme isleseň ediber» diýipdir. Soltan şol şertiň hormatyna oňa «suw beriň» diýip buýrupdyr. Ol kişi suwy içensoň «Alla saňa mähir-şepagat bersin, ýa Soltanym, indi bir käse suw bilen seniň myhmanyň boldum, eger myhmany öldürmek derkar bolýan bolsa goý, meni öldürsinler, eger bagyşlasaň men seniň alnyňda barça günim üçin toba edýärin» diýipdir. Onda Soltan «Dogry aýdýarsyň, myhmanyň haky uludyr, indii günäňi bagyşladym, sen toba etdiň, mundan beýläk, nädogry ýola hiç wagt aýak basmagyn» diýip günäkäri boşadyp goýberipdir. Şoňky ýaly duz dadanyň günälem bolsa günäsi geçilýändir. Men saňa günäň bar diýjek bolamok, duz-tagamyň mukaddesligini ýatlatjak boldum. Ine, guzym şu otaglar, gymmat bahaly zatlar, halylar hemmesi Myratjanyňky... Atasy ikimiziň göz dikip oturanymyz, aýlygyna zaram däl welin... Aý, bolýa-da, sag-aman gezip, jany sag bolsa, Hudaýa müň şükür, ölmänkäm gelinli bolup agtyjagyma guwansam başga armanym ýok... Wah, huşum, men häzirzik... – diýip, ol aşhana çykdy. Artyk jaýyň içini ýene-de bir gezek syn etdi hem-de «Bä meniň gelen ýerim, hakykatdanam Myradyň öýümikä? Belki men başga bir Myrat atly oglanyň öýüne ýalňyşyp düşendirin. Aý, ýok-la, şol ýaly-la, ine, diwarda Myradyň suratlary, bir görseň atyň üstünde, bir görseň Wolgaň içinde, bir görseň Gara deňziň boýunda, bir görseň Kawkazda, aý, garaz, bolmadyk ýeri ýok. Dogrusy gezmäge mümkinçilik bolsa gezmeli. Artyk Marydan başga şäheri gördüm diýsem ýalançy. Myrat gör nirelerde bolupdyr. Köp ýerlerde bolup, köp zatlary öwrenäýjek ýaly welin Myradyň-a keýp bilen puldan başga bilýän zady ýok. Gör ahyryn, ikiden geçirip aýlyk alypda, hi, ene-atasyna bir manat getirmeýän bolsa. Aý, hawada ondan az däl. Men Myrady düzetmek barada Jeren ejä maslahat salaýjakdym welin, gaýtam, olaň özleri menden kömege mätäç ýalyla» diýip, pikirlendi. - Myratjanyň gijesi-gündizi ýok, şol gezip ýör, ýadanogam. Kä gijeler aglaplar çykýan – diýip, Jeren eje çäýnegi goýup söze başlady. – Soňky günlerde bir hili agzyndan aragyň ysy gelip duran ýaly. Aý ýaşlykdyr içmegem bor, gezmegem, ýöne ýagdaýyny bilip gezseň... Owarramla jany sag bolsun. gezen ýerinde! Jeren eje öz ýanyndan güldi. – Eger gezip ýören ýerlerinde asylly gyzlar bilen duşuşýan bolsa hudaýa şükür, bet niýetli bisyratlaryň yzyna düşýän bolsa welin... Çaý, iç, arkaýynja otursana guzym. Ine, häzir ýene bir nahar bişjek. Wi, ýogsa-da guzym, men şol gepläp otyryn-la saňa gezegem beremok. - Ýok-la Jeren eje. Men sizi diňleýän. - Haý, näbileýin kä wagtlar gorkuberýän. Aslynda biz Myratjany diýseň lälik sakladyk-da, soňkuja çagamyz. Ilkinji çagalarym durmady. Myratjan ikinjimiz. Onsoň ony iki garry bolup gowy görýäris. Myratjanyň dostlaryny hem biz öz oglumyz ýaly hasap edýäs, hemmesem gowy, oglanlar, Hudaýa şükür! Jeren eje ýene-de nämelerdir bir zadyň gürrüňini berip başlady. Artyk onuň gürrüňine hä berýände bolsa pikiri başga ýerdedi. Ýeri indi «Siziň ogluňyz pylan hili, siziň ogluňyz tertipsiz, siz oňa käýýäp zat edip bir gowuja tertibe geler ýaly ediň diýmäge gelipdi, şu ýagdaýda ol nädip aýtsyn? Gaýtam, görýär welin Jeren ejäniň özi onuň kömegine mätäç ýaly. Myradyň ýaramazçylyklary, bet häsiýetleri bu tertipli arassa öýe-de, sada we mähriban Jeren ejäniň öňünde-de ters gelip durdy. Häzir Myrady tertibe çagyrmagy haýyş edip onuň edýän pyssy-pyjurlyklarynyň iň bolmanynda birini Jeren äjä aýtsa onda onuň ýüregi gyýyljak, birahatlanjak. Şonuň üçin-de, Artyk dilini ýarmaga milt edip bilmedi. Jeren ejäniň guýup beren çorbasyny işdämenlik bilen iýdi, süňklerini gemirdi, gowy ajygaýan ekeni. Bolsa-da, Jeren eje gowy we düşbi adam ekeni, nahar getirensoň ýanynda oturmady. - Jeren eje hyzmatyňyz üçin köp sag boluň! Heziller edinip iýdim. Tüweleme, edil ejemiň nahar bişirişi ýaly sizeem nahary süýji edýän ekeniňiz. - Guzym, men seni görüp bir hili arka tapynan ýaly bolaýdym, sen akyllyja oglan, gelip dur, gapym mydam açyk. Şähere dagy ýoluň düşse-de, işiň düşse-de, geläýgin. Naharhana diýip aýlanyp ýörmegin. Myratjanyň seniň ýaly dostlarynyň köp bolmagyny isleýän. Gowy dostlarynyň köpelmegini isleýän, gowy dostlary köp bolsa gowy ýola, dogry ýola düşer. Onsoň menem arkaýynlanjak, atasam... Artyk ýol bilen gidip barşyna öz ejesini ýatlady. «Şu wagt ejemiň ýanynda oturyp çaýlasam, onuň ýagdaýyny sorap ondan-mundan gürrüň edip, yzyndanam ajy unaş içsem. Goý olam saňa seredip begensin otursyn. Iş bilen ejemiň ýanyna barmalydygyma esli gün bolup gidäýen ekeni. Şu gün hökman onuň ýanyna barmaly» diýip, Artyk niýet edipdi. Ol öz pikiri bilen Myradyň aladalaryny ýadyndan çykardy... | |
|
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -7: romanyň dowamy - 13.07.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |