22:49 Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAŞ
Romanlar
1. Hydyr Haýran öýüne gelende gyzjagazlary üýşüp Türkmenistanyň gimnini aýdýardylar. Heniz süýtden aýrylmadyk çagajyk ýatan ýerinden, biri oturgyçda, ýene biri diwanda ýatyp, beýleki ikisiniň hersiniň jaýyň bir burçunda durup aýdyma gygyryşlaryna gara gözjagazyny oýnakladyp, haýran galmak bilen seredýärdi. - Tüweleme, gyzlam Garaşsyzlygyň toýuna taýýarlyk görýändirler, berekella! – Hydyr jaýyň burçuna Goş haltasyny taşlady. Aýdymçylar buýruk berlen ýaly seslerini kesdilerde «Waý, kakam gelipdir» diýşip, hersi onuň bir ýerinden aslyşdylar, dokuz ýaşlyja gyzy bolsa gelşine kakasynyň boýnundan gujaklady. Bu goh-galmagala düşünmedik çagajyk aglady. - Çagaň zähresini ýardyňyzla bir, - Bibi ylgap geldi-de, gyzyny goltugyna aldy. – Galmagalyň, nätüýsli oglan? Hydyr aýalynyň keýpsizligini aňdy, üç-dört gün bäri syrylmadyk sakgalyny oýkap, gyzlaryny güldürdi, goş haltasynyň düýbünde galan gaty nany «Towşanjyk size iberdi» diýip paýlady, süýji-kökä derek gaty nanyň paýlanmagy Bibiň keýpini has-da gaçyrana çalym edýärdi, köýneginiň bagjygyny çözüp aglaýan gyzjagazyň agzyna emmesini tutduryşyndanam ony aňmak bolýardy. Hydyr penjegini çykaryp uluja gyzyna berdi. - Çala «Ä» diýse emdirýäň, onsoň olam, senem ýataňok, haýranlar galaýmaly! – diýdi. - Onsuzam ýatyp bilemok! – Bibi tasarlyp beýlesine bakdy. – Şulaň içinde bir gün ýatyp gör. Bolduň, meň başyma terbiýeçi, sergezdan... Gyzjagazlar towşanjygyň iberen gaty çöregini gytyrdadyp, bal edip iýdiler, kakalaryny biri-birinden gabanyp gujakladylar. Hydyr olaryň kömegi bilen dolagyny çöşledi, öz durmuşynyň, kakalaryny göresi gelen çagalaryň elindäki gaty çörek ýalydygyna düşündi, egin-eşiginde ýagyň, posuň, tüssäň, tozanyň, deriň yslaryny duýdy, öýüne aýagyny atdygy bir zat üçin ahmyr etdi, olam ogly bolan bolsa dyzynda oturdyp oýnaşardy, ýataga baryp köşege mündürerdi, düýe çagramalaryny tamdyryň ýanynda üýşürerdi, wah, eýjejik mähirlije gyzjagazlary kaka diýşip ölüp ýatyrlar welin ogul-ogul bolýarda. Ogul bolanda adamyň ýüregi suwlanan ýaly ynjamaz ekeni. - Hany çaý-paý içeli, birki agyz garbanaly! – Hydyr turup ýuwunmakçy boldy. - Çaga emsin, ýüregiňi eliňe alma! - diýip, Bibi hüňürdedi. Uluja gyzy tekjeden saçagy çykaryp ýazdy, jamdyr, çemçeleri şakyrdadyp getirdi, düýe çal guýdy, ondan kiçisi çörekleri döwüşdirdi, üçünjisi çäýnekdir käseleri, garaburçdyr, ajyaş salnan gapjagazlary ortada goýdy. Ol kakasy gelende nanyň ýüzüne ajyaş çalyp iýýänligini ýydandan çykarmandy. - Iki günlüjek goýberdiler, - Hydyr haýran özüni aklajak boldy. –O-how, o ýerde işiň gidişi edil Watançylyk urşuny ýadyňa salýar, sypar ýaly däl! Men üýtgeşik bir daş tapdym! Gaty gadymy zat bolaýmasa, öýdäkileriň içinde bular ýalysy ýok! - Ol sypyp bilmänmişin! – Bibi çagaň agzyna beýleki emjegini sokdy. – Men nä sypyp bilýänmi? Çagalaň, azaram ýetik, üstesine-de, düýeleň, goýunlaň... Ýandak gutardy, getirjek diýdiň, hany ol? - Geçen gezek gelemde kyrk-elli desse üýşüripdim. Nesip bolsa ertir getirerin. Onsoňam öýümiň söýesi, malymyň eýesi, eşretli tylla çolagy, altyn-kümüş bölegim sen ahyr, Bibim! - Sen getirersiň, asyl hezil berersiň... Ýabak bilen kätmeniňem-ä galdyryp gaýdypsyň, oňat, tanap, getirip beräýdiler. Hydyr Haýran düýe ýatagy arassalaýan gaýyn enesini äpişgeden gördi, şol sebäplem aýalynyň galmagalyny peseltjek boldy: - Näme how, ýediň enesi ýaly hüňürdäp alaýdyň-la? Bir käse çaý içeýin, onsoň gije ýatman ähli işini bitirip berjek! Düşüneňokmy, haýranlar galaýmaly! – diýdi. - Saňa gelip dişim yşramady – diýip Bibi göwsüni ýygnady. – Pylan ederin, pysmadan ederin diýip agzyňa aş gatyklaýaň! Bitirýän goşuň ýok! Çagalar atasyz ösýärler, sen bolsa nirededir ygyp ýörsüň!... - O-how, Bibi, men işleýän ahyr... Işleýän, nätdiň aý, muny? Bizem, halys gutaran-ow, şu kesmekçimiň gepine galmaly däl welin. – Men näbileýin sen, näme iş edýäniňi... Işdemi ýa niýetini bozup ýörmüň... Çaga baryny ýasatdyň-da. – Bibi omadaklabyrak turşuna çagaň arlyklaryna saýhallady. - Ýene-de birini ýasaly, özem ogul bolsun! – Hydyr aýalyna gözüni gypdy. – Öýe eýe gerek, eýe! - Oguly özüň doguraý! Şu çagalaňdan ýaňa nirä gaçyp gitjegimi bilemok! Çarşak çenäp dursaňam indi çaga dogurman... Besdir. Bibi tasyrdap çykanda gürrüň diňläp duran ejesiniň maňlaýyna gapy degdi. Ol maňlaýyny aýasy bilen sypalap, aýagyny arassalaýan ýaly tapyrdatdy-da içeri girdi. – Eý, Hudaý, halys boldum! – ol giren ýerinde çökdi. – Goňşularyň mellekleri gül ýaly, diňe biziňki çaýyr basyp ýatyr... Bir hili gelşiksiz-dä... Hydyr sesini çykarman ýuwundy, elini ýüzüni süpürip saçakdaky çorbaly jamyň başyna geçdi. Gyzjagazlary daşyna üýşüp ondan «doýup» bilmeýärdiler. Hydyr çöregiň ýüzüne ajyaşy çalyp, olara paýlady. - Gaýyn ataň mazaryna aýlandyňmy? – diýip, gaýyn enesi çagany goltugyna aldy. - Ýok! Hiç zada elim degmese nädeýin? - Wah, garaja gözüňden aýlanaýyn seniň, dulujaklaryna sereet, alma ýaly gyzarypjyk durandyr... Gurjajygymdyr bi... Gel, gujagma! Gel! Bibi gapydan girdi-de, hamyra başlady hem-de: - Gör, bu çagalary, edil ýitirip tapan ýaly, kakalaryndan gözlerini aýyranoklar. Gowja serediň, ýogsam, birden işe diýip ýene çykyp gidibermesin! – diýdi. - Gerek bolsa giderinem! – Hydyr gaharly jogap berdi. Döwlet maňa Işim üçin hak töleýär, şujagazlammy hor etmejek bolup hars urýan! Haýranlar galaýmaly! Ol agzyndan burçuň ajysyny aýyrjak bolup çorbadan üç-dört çemçe owurtlady, birdenem Nargüljigiň burnundan sallanyp başlan sümügi gördi. – Men saňa näme diýipdim? – Hydyr gyzynyň sümügini aýryp elini jalbaryna çaldy. - Kaka, indi etmen! – gyzjagaz hikirdäp kakasynyň arkasyna ýapyşdy. - Üzümgüljan burnuň sümükli bolsaň, seni kim gelin edinsin? - Men Üzümgül däl, men Nargül! – diýip, gyzjagazy Hydyryň boýnundan elini aýlady. - Eý, Hudaý, toba-toba! Çagalarynyň adynam ýadyndan çykarypdyr, gyz bi! Tüýs kaka-da! – Bibi hötjetligini dowam etdi. - Nädip ýadymda galsyn! – Hydyr güldi. – Özüňem-ä käte ýalňyşýaň, eşidýäňmi, Bibi, kisämde bir daş bolmaly, şony çykarda sereet, diýseň üýtgeşikdir! «Şasenem-Garyp» dessandaky Tüni derýasynyň hanasyndan tapdym... Ýogsa-da, kakamdan habar barmy? Potradyny ekişe taýynlap bilýärmikä? Häzir-ä ol aljyraýandyr, gyzym, Selbijan ataňyza kömek edýärsiňizmi? - Hawa, kaka! Okuwdan gelşimize gidýäris – diýip, uly gyzy jogap berdi. - Haýranlaň, hemmesi şeýle... edýän işleri ýok, hamyr ýugurýan Bibi, bilinde dokma gara gülli guşak, sowsany köýneginiň ýeňlerem tirseginden geçirilen, dyzyna galyp, haýdaşlap oturyşyna burçak-burçak derläpdir, şeýtmese «Nan ýumrukda bişer» diýiljekmi. Işiň üstüne şeýle abanýan Bibi sözüni dowam etdi. Aljyraşyp ýörler! Aly bilen potradyny alypdyrlar. Indem... Siz adam ýaly ýaşamanam başaraňzok... Tohumyňyzda başagaýlyk bamy, nämemi? Gaýyn ene gyzynyň gatyrak geçýänligini bildirjek boldumy nämemi, çagajygy göterip söýgüledi. – Wah, garaja gözüňden aýlanaýyn! Gumrujygymda şu! Bir almany iki bölen ýaly ejesine meňzäpjik dur-da. Gaýyn ene göz-görtele ýalan sözleýärdi, gyzlaryň hemmesi kakasyna meňzeýärdi, Hydyr muny bilýärdi hem-de garrylaryň aýdyşy ýaly atasyna meňzeýän çagaň bagtly boljagyna ynanýardy. Dogry, muny hötjetlik etmeýän wagty Bibi hem aýdýardy. Hydyr bilen Bibi ýaşytdaşdylar, ýöne Hydyryň göwnüne bolmasa Bibi ondan esli uly ýalydy, onuň sebäbinem, Hydyry ýanýoldaşy hökmünde däl-de, edil beýleki çagalary ýaly görýänliginden gözlemelidi. Hydyr aýalynyň bu häsiýetine öwrenişip bilmän gelýärdi, käte «O-how, men çagaň däl, äriň» diýip ýatladybam görýärdi, onda Bibi «Är bolan är, hojalygyny barmagynyň ujunda aýlar» diýip jogap berýärdi... Käte Bibi edil mahmal ýalydy. Ikisiniň arasynda kiçijik düşünişmezlik peýda boldugy düýbünden üýtgeýärdi, jaýyň içinde iki ýana düňk ýasaýardy, gap-çanaklary şakyrdatýardy, suwly gaby janagyryly taşlaýardy, gapyny tarkyldadyp ýapýardy, ýaňy atanam bolsa mallaryň öňüne ýene ot atýardy, ahyrym bir zada aýagy ilip ýykylanda oturyp aglaýardy, agladygam, gyzjagazlary daşyna ýygnanyp bile aglaşýardylar. - Haý, sesiňize suw sepilen ýerçekenler! Siziňki näme? Tüýs, haýranlar tohumyda, bokurdaklaryna bat berip, sem boluň! Kime diýýän! Sem bolmasaňyz, kakaňyza aýdaryn? Şondan soň aglamakdan geçen, gaýtam çagalarynyň sesini goýduryp bilse razy bolýardy. Hydyram şonda olara goşulyp uwlaberesi, öýden çykyp gidiberesi gelýärdi, gahary gelişi ýaly çalt özüni tutýan Bibiň gözi ýaşly ýylgyryp, gezekli-gezegine çagalaryny gujaklap ugranyny görensoň rahatlanýardy... - Bibi seni ýanym bilen alyp gitmesem boljak däl. – Hydyr çorbadaky ýer almalaryny çykaryp çagalaryna paýlady, jamyň erňeginden göterip çorbany hopurdatdy: - Edilýän işleri gözüň bilen gör, haýranlar galarsyň! - Waý, toba, içim ýandy! Edil yzyňajyk düşüp gidäýsem gerek! – Bibi hamyry boldum edip basyrdy-da, çäýnege çaý demledi. – Seň şo ýerdeligiňem nätjegimi bilemok! Bolmanda, gelýärkäň birki gapyrjak duzly burç, kelem alyp gaýdaýmal-a! Çüýşeleri ýapmaly. Çagalara näme iýdirjek? Ýeke men ylganyp bilmen nirä ýetişeýin? - Indiki gelemde üstüňi kelemden gömerin. – Hydyr ýassyga ýaplanyp pejiň aşagyna aýagyny sokdy, Nargül kakasynyň dyzyna atlanyp «Kaka, eşege mündüý!» diýdi, Hydyr dyzyny loňkuldadyp «Hyh-h, hyh-h, salpy gulak» diýdi. Nargüljik hezil edip güldi, beýlekilerem gülüşdiler. - Halys boldum! – Bibi öz-özüne gürrüň berýän ýaly hüňürdedi. – Näme etjegimem bilemok. - Men seni nädip ulaltdym? – Häliden bäri sesini çykarman oturan ejesi Bibä gaharly jogap berdi. – Ýeke özüm alty başa nan berdim... Aýalyň ýaradylyşy şeýle, çaga dogurmaly, ösdürip ýetişdirmeli. Gör, muny! Halys bolanmyş! Özüni ýitirenmiş! Ýagşam bir gep tapdyň! Siz bolýaňyz! Çyraňyz, gazyňyz, suwuňyz mugt eliň aşagynda, towlaýaň – çaý gaýnat, suw al! Öňler mal gezen ýerlerinden tezek çöplärdik, at gaýtaryp uzaklykdan küýzk bilen suw getirip, çaý gaýnadardyk, ýag çyrany syryp-süpürip agşama taýýarlap goýardyk, günde bir tamdyr nan bişirerdik, oňa jagrama çöplemelidir, Kir ýuwmalydyr, öýi syryp-süpürmelidir, nahar etmelidir, garaz, sanasaň sogaby bardyr şonda-da, halys boldum diýmeg-ä däl, ýadawlygam ýadymyza düşmezdi... Biziň döwür bolanda şu sözüň üçin äriňden taýak iýerdiň! Bir hepdeläp oturypda bilmezdiň! – diýdi-de, ol namaz okamak üçin beýleki jaýa geçdi. Hydyryň gaýyn atasy ir döwürde gaz guýylaryny gazmak üçin ulanylýan diňden ýykylyp wepat bolupdy, Balkanabatdan başga ýerde nebit, gaz çykarylýandyr öýdüp güman etmeýän gaýyn enesi her gezek Hydyr işe gidende «Gaýyn ataňdan habar tutgun» diýip tabşyrardy, Hydyr özüniň ol taraplara barmaýanlygyny birnäçe gezek düşündirse-de, garry düşünmändi. Işden gelse şol bir soragyny bermän goýanokdy. Garryň Parowbibiden başga-da iki gyzy, bir ogly bardy. Ogly şäherde ýaşaýardy. Şatlykda işleýärdi, gelniniň ýakymsyzlygy üçin gazynyň ýanynda bolýardy. Hydyr, gapyň agzyna taşlanan hapa dolagy aýagyna dolap, ädigini geýjek boldy, emma Bibi ony aldy-da, arassasyny oklady. Şol wagt dalandaky telefon jyrlady. - Hydyr, men Sapa! Sapa Sapar! Birahat edenligim üçin bagyşla, öýdemidiň? - Hawa, mellegiň aýakujunda azajyk ýandak bardy, şony çapjak bolýan, düýeleriň iými, tamdyryň oduny gutarypdyr. - Biziňem odunymyz çaşdy öýdýän! – Sapaň sesi howsalaly çykdy. - Hä, näme boldy? - Müňlük gaz geçirijide deşik döredi! Iňňäň gözi ýaly! - Biz ony gowy barlapdyk ahyryn... Geregiňdenem has ýokary basyşda iki günläp sakladyk, ondan bäri hem bir hepde geçdi. - Näçe geçse-de ýagdaýa şeýle! - Ol gaz nireden çykdy? Biziň kebşirlän nokadymyzdanmy? - Men häzir kagyzlary galdyryp barlap otyryn, umuman biziň kebşirlän ýerimiz, ýöne kim ýerine ýetiripdir, häzir bilim bilemok! - Haýsy nokatdygyny bilseň, kimiň kebşirländigini aýdaýyn – Hydyr bir zatlar aňan ýaly gorkuly seretdi. Ol bu gün aýalynyň ýöne ýere hötjetlik etmändigini, oňa bir sebäbiň bardygyny aňypdy, onuňam hut işinden çykjagyny hakydasyna getirmändi. - Men bir zady aýdyp biljek, biziň haýsymyz kebşirlän bolsagam tapawudy ýok, deň jogap berýäris! - Tapdym! Tapdym! – Sapa sesini kesdi, birnäçe wagtdan soňam. – On ýedinji tagma kimiňki? – diýip sorady. - On ýedinji tagma meňki! Ýöne... Ýöne... – Hydyr bir hili ysgyndan gaçan ýaly aljyrady, näme diýjegini bilmedi. – Haýranlar galaýmaly, eden işimiň hiline göwnüm ýetýär. Ojagaz deşigiň kebşirlän ýerimden peýda bolmaga haky ýok! Tokurtgada bir kem bar bolaýmasyn? - Men ony aýdyp biljek däl! Erteden soň belli bor. Sen gaýtmasaň-a bolanok! Barlamak üçin topar döretdiler. Eger günä bizden bolsa kellämizden-ä sypamazlar, şon-a bilýän! - Iş buýryjylar näme diýýärler? - Olar günäni biziň üstümize atjak bolýarlar, gyssanyp netije çykarýarlar, go hula sapjak bolup dur. Gepiň kelte ýeri yzyňdan maşyn barar, eýýäm buýruk berdim! - Men bir gün, ýarym gün hojalyk işlerine kömek etjekdim-dä! Ýeri bolýar, barmaly bolsa baraýaryn. – Hydyr telefony usullyk bilen ýerinde goýdy-da, gözüni tegeläp duran aýalyna: - Kebşirlän ýerimden deşik tapylypdyr... Barlajaklar, üstünde bolmasam bolanok! – diýdi. - Hydyr, sen gowusy şu işiňi taşla! – Bibi aýgytly jogap berdi. – Men indi halys çydamok! Bolmasa-da, ýanyň bilen gidip başlygyň bilen gepleşjek! - Wah şeýtsene, şeýtseň sag boluňam ýetirjek men-ä! – Hydyr ädiginiň beýleki taýyny geýjegini-geýmejegini bilmän saklandy. - Hydyr, şu işiňi taşla! - Men nirde işlejegimi pikir etdiňmi? Bu çagalary eklemeli, iýdirmeli, içirmeli, geýdirmeli, okatmaly... Işlemesem aç galarys. - Hudaý bardyr, rysgalyňy berer... Çölde köl gurýamyşlar, şoňa gidersiň! - Ol meň Işim däl! - Onda ýere ýapyş! Kakaň ýanyndan potrat al-da pagta, bugdaý ek! Hudaýa şükür, nirede işleseň ýoluňy açdylar ahyr... Zähmetden gorkmasaň, bolýa! Sen örän erjel, her işdenem baş alyp çykarsyň. Potrat alsaň, gaýtam tüweleme, kömekçileň – gyzlaň ýetişip gelýär, olar pagta ýygarlar, otarlar, suwarlar... Senem işi gurnap – arkaýyn oturarsyň... - Bolýa! Goý, seň diýeniň bolsun, hünärimi taşlap daýhan bolaýyn, daýhanlygyň ýaňy görmeli däl, ýöne, bir şert bilen! Şerap içsem azar bermersiň! - Toba, bu näme diýdigiň bolýa, gyz? - Serhoş boljak diýdigim bolýa! Serhoş bolup seň edişiň ýaly galmagal turuzaryn, kejime gaýtsaňam uraryn! Şoňa razymy? - Düşünemok, näme üçin serhoş bolmaly? - Bes etsene gyz! – Bibiň ejesi çagany göterdi. – Näme eňekleşip dursuň? Muňam bolşy gudaň özi ýaly... Aýdany-aýdany, diýeni-diýeni! Olam ýekegepligi üçin bütin ömrüni daýhançylyk bilen geçirdi, ýogsam, ýokary bilimi bardy. - Ýekegeplik nireden geldi? – Hydyr gaharlandy. – Men gaz geçirijini kebşirleýän... Demir seň ýekäňem, ikiňem bilenok, hili bilýär, hili. Birem yhlasy. - Bolýa-la, bir! Iller gürrüň edensoň menem... – gaýyn ene elini silkdi. - Baý, sizem walla! – Hydyr ädigini geýip, ýandak çekmek üçin çarşagy gözledi, tapmady, birdenem ýokardaky pürsüň gyrasyna gysdyrylan çarşaga gözi düşüp, «diňe Bibiň kellesine şeýle zat geler» diýip sögündi. Dogry ol «Çagalar oýnap bir ýerini agyrtmasyn» diýip edendir, ýöne ol ýokardan gaçaýsa welin... – Hydyr çarşagy çekip aldy-da mellege ugrady. - Gyww, seni çagyrýarlar! – diýip, Bibi oňa gygyrdy. – Gelenini nä bilýäkäler? Edil ministr ýaly gyz bi! Ikinji gezek jaň edilmegi Hydyryň has-da keýpini gaçyrdy, onsuzam ol kebşirlämde bir ýerinde kemçilik goýberäýdimmikäm diýip howsala düşüpdi, bu jaň şony tassyklaýan ýalydy. - Hydyr akga, bimaza edäýdimmi? – telefondan Mäligiň gyryljap duran warryk sesi eşidildi, ol öýüne gaýtmazyndan öň ýoňlapdy. - Bimaza edeniň bar bola! Jaň gelse gorkup duran boldum men-ä, haýranlar galaýmaly! - Näme, eýýäm eşitdiňmi? Aý, özi gowy bolmandyr, biziň üçin abraý däl. Gurluşygyň hiline gözegçilik edýän wekil maňa jaň edip, «Günäkär bolsaňyz kanun esasynda jogap berersiňiz!» diýdi. - Sen biziň günäkärdigimize ynanýaňmy? – Hydyr gaharlandy. – Ýaňy Sapa jaý etdi, oňa-da aýtdym, ýene gaýtalaýan, deşik kebşirlän nokadymdan däldir. Men şoňa doly güwä geçip biljek! Sene moň jogabyny bermeli ekeniň-dä! - Ol-a hut şol ýerden diýýär! - Diýende näme? Öz gözüm bilen görmesem men oňa ynanjak däl! Eşidýämiň, senem ynanma! Bibi ejesi bilen gapyň agzynda durup gürrüňi üns bilen diňleýärdi, çagajyklar kakasynyň daşyna üýşüpdiler, diňe kiçijik çagajyk «aýdymjygyny» aýlyp mamasynyň çuw ak saçyndan çekýärdi. - Wah, men oňa däl, saňa ynanýan, Hydyr akga. Seniň daş edip kebşirleýşiňe belet! Aýtjak zadym daň bilen üstüňden bararyn, taýyn bolup otur. - Men eýýäm taýyn, eşigim egnimde, ýogum bolmaz... Ýöne... Men Sapa bilen gepleşdim. Birigün gitmeli etdik. Hojalykda-da, maňa degişli işler ýatyr! - Hydyr akga, şu gaz geçirijini, Bäşgyzyl gaz känini gurup gutarýançak, «Bize dynç bermezler» diýip, men öň duýdurypdym. Ýene azajyk gaýrat etsek alýas, iki aý galdy... Gelnejeme daş edip düşündiräýerler. - Gelnejeň düşüner-le! Janymyň ýanýan ýeri bizi günälejek bolmaklarynda... şol hil wekili barlap-barlap alanda, goluny çekende biriniň aşa... Indem, ýüzümize pohuny çaljak bolmaly däl-dä! - Hydyr akga, gaharlanma! Onsoňam telefonda agzyňa gelenini aýdyp durmaly däl! Görüşýänçäk hoş! Hydyr telefony şakyrdadyp taşlady-da, kimedir birine gahar edýän ýaly. – Gördüňizmi? Gördňizmi! Indi telefonda diýjegiňi diýip bolmaýamyş... Tüýs bolaýypdyr... Tüýs bolaýypdyr... Haýran galaýmaly. – Hydyr telefony ýene-de janyýangynlyk bilen göterip taşlady. - Toba, toba, munda näme günä bar? – Bibi telefony ýaglygynyň ujy bilen süpürdi. – Bu bir dilsiz zat, jaň etseler habar berýär diýäýmeseň... Hydyr dalandan çykyp barýarka «Kim jaň etse men ýok!» diýip düýesi üçin ýandak çekmäge gitdi. Belki, ol Bibiň aýdyşy ýaly, işini taşlap daýhançylyga ýüz urar? Minnetsiz ýer berip durlar, öňküler ýaly ek, sök, suwar diýjek ýok, öz eliň, öz ýakaň, maýdalyna gymyldap ýörmeli... Hydyr mellegiň aýak ujunda üýşürlen küdä janyýangynlyk bilen çarşagyny çokdy... 2 Sähralar al ýaşyl dona bürenip, daglardan gaýdýan bulaklar batlananda, tebigat mazaly jana girýärdi hem-de gyz-gelinleriň gözelligini artdyrýardy. Rahman, Aýsoltany günde-günaşa diýen ýaly görüp ýördi, ol institutda, Aýsoltan sazçylyk mekdebinde okasalarda, ikisi gündelik bir naharhanada duşýardylar. Uzyn boýly, ak ýüz, görmegeý, syratly Aýsoltan buýsançly başyny dik tutardy, töweregine ýaltaklap ýörmezdi, adam bilen gepleşmezdi, hat-da jorasynyň barlygynam rahman görmändi, köp oglanlar üçin duranja bir mataldy, hiç kim oňa habar gatyp: ýürekdäki syrlaryny beýan edip bilmezdi, dogrusy assa ýöräp, uz basyp, töweregine perwaýsyz garaýan gyza habar gatjak bolýan gyt däldi, emma almytyny alyp galýardylar. Rahman hem ençeme gezek onuň bilen gürleşmegi ýüregini düwüpdi, başarmandy. Bahar günleriniň birinde ol Aýsoltan bilen ilkinji gezek duşuşdy. Rahman özüniň halaýan ýerine, Bitaraplyk binýadynyň ýerleşýän meýdançasyna baryp, dynç almagy gowy görerdi. Bu ýere gelýän adamlaryň akymy edil sil suwy ýalydy, sanardan köpdi, seýilgähiň ähli ýerini doduryp, adam eli bilen döredilen gözellikden lezzet alýardylar, oňa syn edeňde Rahmanyň demi tutulan ýaly bolýardy, gözüni gyrpman ajaýyp keşbe seredýärdi. Bu gezegem ol öňki endigi boýunça gezim edip, şol bir oturýan ýerine gelende arkasyndan «Salam» diýen ses eşidildi. Seretse, Aýsoltan durdy. - Yzyňa düşüp geldim welin elhepus gaňrylyp hem bakmadyň! – diýip, Aýsoltan ýylgyrdy. - Aýsoltan, salam! – Bizem käbir adamlardan görelde alýandyrys-da. - Kim-kä ol? - Aý bar şeýle adamlar... Senem seýilgähi synlamaga, dynç almaga geldiňmi? - Bildiň, gowy görýän ýerim... - Ajaýyp ýer, söz ýok! – diýip, Rahman seslendi. - Şeý diýseňizläň! – Aýsoltan ýylgyrdy. – Men sazanda, gözellige düşünýän. - Sungat işgäri gözellige has gowy düşünmeli. - Saňa görä ýagşyrak... - Sen tarapdan ulumsylyk şemaly gelip duran ýaly, ýa göwnümemikä? diýip, Rahman ýerde ýatan bölejik çöpi hapa taşlanýan sebede oklady. – Şu binýadyň taryhyny bilýärmiň? - Meni oýnajak bolýaňmy? Beýle soraglary berip... Ony bilmeýän barmy? - Gülýakaň enaýy köneden galan beýik sungat! Belki ol Magtymguly şahyryň, elinden çykandyr. Rahman Aýsoltanyň keýpini galdyrmak üçin hyýaly arzuwlaryna ýüz urdy. – Onuň elinden çykan şaý-sepe beslenip bezenipsiň welin uz basyp, uýat eýläp, ýeňiňi dişläp, gül kamatyň, keramat boýuň bilen öňümden çykaňda Nusaý suw perisiň öýtdüm. - Super? – diýdiňmi? – diýip, Aýsoltan hoşamaý ýylgyrdy, soňam: - Gülýakamyň gadymylygy hak, onuň Magtymgulyňkydygyna güwä geçip biljek däl – diýdi. - Belki şoňkudyr... Gözelligiň naýbaşy bolan gülýakaňa gözüm düşende Magtymguly şahyryň «...gaşlar goýsam kümüş bile» diýen setirleri ýadyma düşýär, bu setir şahyryň kalbyndan gözellige eýlenip çykmak bilen, onuň kümüş ussasy bolandygyna güwä geçýär. Köýle gelenini taraşlap şagladan şahyr özünden soňkulara diňe bir ajaýyp goşgularyny däl, eýsem zergär elleriniň hünärini hem nusga goýup gidipdir, şolaň biri diňe Aýsoltan ýaly gözel gyzyň boýnunda bolmaly! – diýip, Rahman gyzyň gowşak ýerlerini taraşlap başlady. - Rahman sag bol, minnetdar... Şu gülýakaň iki asyr ýaşynyň barlygyny kakam aýdýar, ýöne sen bulary nireden bilýäň? - Bilýän-dä, men seniň, nirde ýaşaýanlygyňam bilýän. - Nirede ýaşaýaň? - Kemine köçesinde, daýzaňlarda... Kakaň edara başlygy. - Dogry, dogry – diýip, Aýsoltan razylaşdy, birdenem: - Sen bu maglumatlary nireden bilip ýörsüň? – diýdi. - Bilýän, gerekdir bilýän! - Olar saňa nämä gerek? - Gerek-dä! - Rahman, sen geň oglan ekeniň. Seň bilen gürleşmek gyzykly – diýip, Aýsoltan boýnuna aldy. – Eger mümkin bolsa şu oturgyçda aýagy epeli. Olar ýaldyrap duran oturgyçda oturan batlaryna edil öňlerinden torbasyny arkasyna alyp bir garry kempir geçip gitdi. - Meň, bir şular ýaly garryja enem bardy, ýogalanyna on ýyl dagy boldy, ol diýseň köp erteki bilýärdi – diýip, Rahman garryň yzyndan seretdi. – Şol ertekileriň içinde biri meniň ýadymda gowy galypdyr, eger isleseň aýdyp bereýin? - Erteki diýdiňmi? Erteki bolsa diňläli... - Bir edermen ýaş ýigit gyr atyna atlanyp gezim etmäni halar ekeni – diýip, enem ertekisine başlardy. Gyr at owadanmyş, eýesem syrdam gyratly, goç ýigit ekeni. Bir gün ýigit gezip ýörkä, ýaňky geçip giden ýaly, garryja mama sanyjyny arkasyna alyp, kä ýerde durup, kä ýerde oturyp barýar diýýä. Muňa ýüregi awan ýigit garra kömek edeýin diýip, atynyň jylawyny goýberipdir. Emma garryň yzyndan ýetip bilmändir, heniz beýle hadysa gabat gelmedik ýigit gaharlanyp, gyr atyna bir gamçy çalypdyr, eýesinden bular ýaly urgy görmedik gyr at çarpaýa galyp şeýle bir çapypdyr, ýok çapmandyr-da, ýerden saýlanyp uçupdyr we garry mamaň yzyndan ýetipdi. Ýaş ýigidiň, alakjap gelýänini gören garry yk-sok edip oturýar-da, ýigidiň salamyna garaşýar. «Essalowmaleýkim, garryja mama!» diýip, ýigit gol gowşuryp salam berýär. Salamy alan garry «Oglum, ugur haýyr bol-a» diýýär, onda oglan «Men-ä, agyr ýüküň aşagynda ýegşerilip barşyňy görüp kömek edäýjekdim!» diýipdir, «guzym, kömegiň üçin sag bol, men bu ýüke ýaňy öwrenişmeli däl, özüm götererin», «Mamajan, ýyndam atym bilen yzyňdan zordan ýetdim, nähili güýç sizi beýle iteleýär?» diýip ýigit soran, «Gaty ýöreýänligimiň sebäbi gije-gündizde ýeriň daşyna togsan gezek aýlanyp çykmaly bolýan, adamlaryň günälerini sanajyma salyp göwni açyk adamlaryň saçagyna myhman bolýan. Bu sanajy göteren götersin, onda günä bar, günä bolsa agyrdyr» diýip garry mama jogap beren, özüne göwni ýetýän ýigit bu söze hezil edip gülüpdir-de, «Ýa mama, jan, men şu ýaşymda ony götermesem haçan götereýin» diýipdir-de sanaja ýapyşypdyp, bir çekende atynyň aýagy dyzyna çenli çöküpdir, ikinji çekende atyň aýagy garnyna çenli sokulypdyr. Emma sanaç gozganmandyr, «Oglum, sen muny göterip bilmersiň, göterjek hem bolma, sebäp sen-de günä ýok, muny göteren götersin» diýip garryja mama sanajy agramsyz aşyk ýaly arkasyna alyp zym-zyýat bolaýypdyr. «- Sizeem çagalar hiç kimiň günäsini göteriji bolmaň, günä iş ediji bolmaň, dek gezen dok gezer diýenlerine uýuň» diýip, enem ertekisini tamamlaýardy, soň bir gezek men şol ertekini aýdyp ber diýemde «Oglum, sen indi ýigit çykypsyň, öýeräýmeli bolupsyň, ertekini özüň çagalara aýdyp ber!» diýip meni utandyrdy. Seň pikiriňçe ýaňky geçip giden garry iliň günälerini göterip ýöreni üçin şeýle ýegşerlipdir-dä! – diýip, Aýsoltan sorady. - Ýok, men oň üçin aýdamok, garra gözüm düşdi-de, ertekini ýatlaýdym! - Rahman senden bir zat sorajak, dogrujaňy aýtsaň... - Soraber, iki gulagym sende. – diýip, Rahman jogap berdi, emma Aýsoltan näme üçindir garaja gözlerini balkyldadyp, bir zatdan çekinýän ýaly ikirjiňlenýärdi, haçanda, Rahman «Soraber» diýip, ikinji gezek gaýtalanda: - Seň bilen institutda bile okaýan joram bar, adyna Aýjemal diýýärler! – diýdi. - Hawa, şeýle gyz okaýar. - Sen Aýjemalyň sapaklaryna kömek edýärmişiň! - Hawa, kömek edýän... Näme? - Ol şondan peýdalanyp okamalydyr öýdenok, özem gyzlaň ýanynda «Meň üçin-ä Rahman sapaklarymy taýynlaýar» diýýär. - Diýse diýsin-dä... - Diýmesin... Onsoňam onuň sapaklaryny işläp ýaramaz hünärmen bolup okuwyny gutarmagyna ýardam edýärsiň... - Aý, kömek et diýýär, menem... - Diýse-de, şony etme. - Ol öz işim. - Ýok, seň işiň däl. - Saňa degýän ýeri barmy? - Hawa! – diýdi-de, Aýsoltan dodagyny dişläp ýüzüni sowdy. Olar bir salym seslerini çykarman gezim etdiler, seýilgäh şeýle bir arassady, keşbiň binýatlaryň aýna ýaly ýüzünde görünýärdi, gezime çykan ýaşlaryň gülküleri eşidilýärdi, asmandaky ýyldyzlar merjen däneleri bolup, çüwdürimleriň daşyna aýlanan reňkli çyralar bilen göz gypyşýardylar. Aý bolsa açylan günebakara meňzäp, onsuzam ýagty ýodajyklary has-da ýagtyldýardy. Rahman ýagtylygyň köpligi zerarly döreýän kölegelerine seredip barýarda hem-de Aýsoltanyň jogabyna nähili düşünjegini bilmän pikir derýasyna gark bolupdy. Eger ol jorasyndan Rahman baradaky maglumatlary alyp gyzyklanýan bolsa onda parhsyz bolmaly däldi, ýogsam beýle jogap bermezdi ahyryn... Şu pikirleri kellesinde aýlan Rahman, tötänlikde Aýsoltanyň aýagyny basdy. - Bagyşla! – diýip, Rahman ötünç sorady. – Agyrdymy? - Asyl, döwüldimi diýsene, zordan ýöreýän! – diýip, Aýsoltan güldi. Muňa Rahmen hem güldi. Olar her dürli öwüşgin berýän gülleriň arasyndaky ýodajyklar bilen gezim etdiler. - Men Aşgabady tanamajak bolýan, gözümiň öňünde düýbünden täze gözellige beslenip barýar... Şu gezip ýören ýerlerimiz birnäçe ýyl öňem hapa dökülýän ýerdi. Indii gör, bu gülleri, güllere meňzeş çöwdürimleri... Gel, men saňa şu gülleriň birini ýolup bereýin... - Bägüllere degme... Olar biz üçin däl. - Ýok, men seň üçin birini ýoljak! Barybir açylyn gül ýolunmasa gurap gidýär ahyr, garry gyz ýaly. - Gülleriň eýesi görse nätjek, onsoň «galanyň düýbünde bir gawun iýdime» baraýmasyn... Gowusy bir zat edeli, garbanaly, men-ä ajykdym, senem dok dälsiň-le! - Bolman-a durmaz welin. – Rahman kiselerini barlaşdyryp, bir zat ýadyna düşen ýaly sakga durdy. – Aýsoltan, meni bagyşla, gyssagly barmaly ýerim bardy, gitmesem boljak däl. - Çörek iýmälimi? - Özüňjik naharlanaý! – Meň wagtym ýok. - Ýaňy wagtyň bardy, indem... Belki, seň puluň ýokdur? - Aý ondan däl-le! – diýip, Rahman gowşak jogap berdi. - Şondan. Açdygyňy ýüzüň aýdyp dur, pul bu gün mende bar, ertir sen-de... - Gelşiksiz özün-ä... - Ony dok wagtyň aýdaý – diýip, Aýsoltan güldi. – Ýör, ýör... Olar seýilgähde ýerleşen «Garjagaz» atly garbanyşhana bardylar... Garaz, olar şeýdip tanyşyp, ysnyşyp gidiberdiler. Bitaraplyk binasynda bir ýyllap duşuşdylar, okuwlaryny gutaryp öýlerine gaýtdylar. Aýsoltan Mary şäherindäki sazçylyk mekdebinde, Rahman bolsa şäherdäki gurluşyk trestiň önümçilik tehniki bölüminde işläp başlady... Trestiň dolandyryjysy Aýsoltanyň kakasydy... 3 Gije bir çene barypdy, oba uka gidipdi, aý asmandaky ýörüşini dowam edýärdi, bahar pasly tebigata ýaşyl dony geýdiripdi, işikdäki garry erikde mesgen tutan bilbil saýraýardy, oňa bolsa Göwher bilen duşuşan Artygyň ýüregi has-da joşýardy. Hut şol sebäplem uklap bilmän gallam aldy-da, şygyr ýazmaga başlady... Ulgam-ulgam ak çägeleň görnügi, Seredeňde göterip dur göwnüni. Seleň sähraň giňän ýaly göwrümi, Bahar pasly geldi eziz obama... Artyk şu ýere ýeten sakyndy, öňündäki kagyzy süýşürdi, birdenem «Mährem ene» «Mährem ene» diýen sözler aňyna geldi... Bu nämäň alamaty? Dur-la, dur-la, ol ýaňy-ýakynda ýük almaga Aşgabada gidende, ýagyşly gün enäniň heýkeline syn edipdi, häzirki aňynda aýlanýan pikirler şondan galan täsirden döreýän bolmalydy... Asman gözýaşyny döküp dur bu gün, Nurlandyrýar mährem enäň ýüzüni. Buýsançly başyny belende tutýar, Bu ajaýyp döwre dikýär gözüni. Ene şol durşuna sözledi bir dem: «Bilsediňiz kyrk sekiziň güýzüni... Mähnet güýjüň aşagynda galamda, Boýady al ganym toprak ýüzüni. Anna şonda galdym aýak üstüne, Perzent üçin men täzeden doguldym... Köp ejir çekipdim pelek oýnundan, Köp döwjek boldular, indi döwüldim Ýamanlyk etmändim hiç bir adama, Özgeler deý türkana bir aýaldym. Elhenç bela algyly deý topuldy, Iki oglum bilen toprakda galdym. Şol pursatda topuldym men şir bolup, Üçünji oglumyň gözläp yzyny. Uly joşgun bilen togtady ýürek, Syzanymda oň dirilik sazynyn...» Asman gözýaşyny döküp dur bu gün, Nurun çaýýar mährem enäň ýüzüne. Töwerekde tolkun atýar mähelle, Dymýar, gulak asýar merdem sözüne... Artyk goşgyň iň soňky nokadyny goýdy-da, ýassygyny gujaklap gyşardy. Uzak ýatmaly bolmady, ýaňy irkilende Myrat ony oýardy, saglyk-amanlyk soraşman «Bol, hany eşigiňi geý, gideli, saňa ýaglyja kireý bar» diýdi. - Sen dost, maňa azar berme, kireýiň özüňe nesip etsin, men ýatjak! O zatlary etmäge ynsabym çatanok! – diýip, Artyk jogap berdi. - Goýsana how, ynsap diýip, kisäň puly bolsa saňa ynsaplam, gowam, adylam diýerler, garamaýak bolsaň, senden erbet adam bolmaz. - Gitjek däl, saňa-da maslahat beremok, öňem-ä şeýle zatdan ölüp sypdyň. - Maslahadyňa mätäç däl, men-ä nebsim agyryp muňa kömek edeýin diýýän... - Maňa beýle kömek gerek däl. - Bolýa, diýmedigim eken-dä! – diýip, Myrat ýeňsesini tüňňerdip gidermen boldy, emma Artyk ony saklap: Girip duz-çörek datman gitmek bolmaz ahyryn! – diýdi. - Şertli sadranç oýnasaň galaýyn... Utsaň gidýäň, utulsaň maňa ýoldaş bolarsyň, razymy? - Utulsam, utulmasam seň ol işiňe goşulman, ýöne sadranç oýnap biljek – diýip, Artyk sadranjyň tagtasyny çykardy. Olar bäş-on göçüme çenli sessiz oýnadylar. Artyk ýeňsesini gaşap: - Gaty akylly göçýäň weli, ine, şah diýýän men-ä – diýdi. - Şah diýseň, näme, gaýdyberdik-dä. - Şeý diýsene... Ä-hä..., bolýa, bolýa! - Gel-gel, gowy garşylaryn! Gylawlyjo-w, sen... - Näme çalyşjak bolýaňmy? Ine, çalyşsaň! Gylawlyjadyryn. - Ine, çalyşsaň! Biziň-ä begenýän zadymyz şu! Ýa çalyşmak, ýa goparmak, ýa çent ýaljakdyryn, menem! - Indi nätsemkäm?... Hany, şu pyýadany iki öý sürüp göreýin. - E-he... Ehe! Bir hili gülkünjiräk bolýar, munyň Artyk baý! Ýiti oýnaýarsyň, ýiti oýnaýarsyň, çynym! Peýläp bolýamyň? - Bäh, soňuny bulaşdyraýmasam ýagşydyr! Aý, näme biz bu ýerden, çep böwürden süsňäp gireris! - Gel, gel, bakaly! Göçdüňmi? Göçen bolsaň eliňi aýyr! Eliňi aýyr diýýän! – diýip, Myrat gygyrdy. - Asyl, indi çilim kükeder oturarsyň, uludan demiňi alyp, ýüzüme tüsse üflärsiň! Göç, göç, göç-dä! – diýip, Artyk ony gyssady. - Şeý diýsene, ine, saňa göçüm! Yza gaçýanyňyz çynmy? Örüňiz azaldymyka diýýän. - Kimiň örüsiniň azalýanyny gowy bilýän, ine, gitdik-dä! Gidiberdik şeýdip! Uüşt! Ýene küşt! Aňňalak gapdyrandyryn?! - Menimi? Çyndan ýatdymmaý-t? - Çyndan ýatdyň. Wah, meň bilen oýnamaga ýarty däl, syrdam bitin oglan gerek-dä! - Men-ä gitdim, häki aýdanyň çyn bolsa, sag bolmaşak diýip, Myrat hasanaklap ýerinden turdy-da çilimini kükedip gitdi, älhepus haçan görseň ýetişiksiz, aljyrap ýörendir. 4 Gör-ä bu bolýan zatlary, Alabaý ýarany ýalaýar. Garagulak bolsa meýmiräpjik ýatyr. Bir hepdeden ýaran ýüzi kesmekläp başlady... Beýle zatlar bolýan zatmydyr? Akýaplylar aýtmyşlaýyn soňky döwürlerde tebigatda bolup geçýän geň-taňlyklaryň köpelmegi haýwanat dünýäsine-de, öz täsirini ýetiren bolmalydy. Garagulak agyryny duýmady, diňe göwredäki azary syzdy, ýöne, onuň bilen oňuşyk etmezçe däldi, ys alyş ukyby kaddyna geldi, güýji taplandy, keýpi göterildi. Alabaý iki hepdeläp gijelerine oň ýarasyny ýalady, gündizine ýal iýýän ýerine gaýtdy, gaýdyp gelende süňk ýa gaty nan getirdi. Garagulak süňki hezil edip gemirse-de, çörege degmedi, çörek onuň iýmiti däldi. Indi, ol gije awa gidýän Alabaýa goşuldy. Alabaý keýp bilen towşanlary kowalap onuň ýatan ýerine getirdi, Garagulak şeýle awy emgenmän tutaýmaly ýalydy, emma birinji gezek gödek ýalňyşdy, köp wagtlap herekediniň çäkli bolanlygyndanmy, özüne aşa göwni ýetenligindenmi, ýa-da towşan «gaýratly» çykdymy, garaz sypdyrdy, ikinji gezek welin sypdyrar ýaly däldi. Şeýdip olar bilelikde aw edip ýaşap başladylar, ýöne beýle ýagdaýyň uzaga çekmejegi görnüp durdy. Indi haýsy depä barsaň traktordyr, adamlardan doludy, olar depeleriň gumuny oýa iteleýärdiler. Munda hiç-hili howp duýulmasa-da, soňa baka göçme öýleriň köpelmegi, adamlaryň sanynyň artmagy, tekizlenen ýerlerde, maşynlaryň çukur gazyp gidip oturmasy biynjalyk etmän durmady. Çuň joýalar dikligine, keseligine, kä ýerde bir-biriniň tersine gazylýar, bir seretseň ýer astynda gizlenen humy gözleýäne çalymdaşdylar, bir seretseň olam däldi, şol çukurlara äpet demir tokurtgalary taşlap üstünem gömýärdiler, baryp görseň çukurlar asla gazylmadyk ýalydyr, bu başagaýlyklar bilenem mydar etse boljakdy... Bir gün ujy asmanda ýitip gidýän ägirt uly alow Garagulagy diýseň gorkuzdy. Alowyň ýalyny şemala agyp-dönüp aždarhany ýadyňa düşürýärdi, ýakymsyz güýçli ses gulagyny deşip, huşuny ýitirýärdi, şeýle ýagdaýda göçme öýlerdäki adamlar nirädir ýitirim bolýardylar, oň ýerine başgalary gelýärdiler, öňki gelenler Garagulak üçin has adamkärçilikli görünýärdi, sebäbi soňkylar güýçli maşynlary bilen çöli pers-ala edip, gabat gelen jandary atýardylar, maşyna kakdyrýardylar, ähli ýerde tüssäniň, gazyň ýakymsyz ysy ýaýrap, dem alma kynlaşypdy. Şeýle ýerde ol Alabaý bilen birnäçe gün gezdi, aw edere zat tapman, göçme öýleriň töweregindäki zyr-zibilleriň ýakymsyz ysyna kaýyl bolup azyk gözledi. Görýär welin ol ýene bu topragy terk edip gitmeli boljakdy, ýöne nirä? Günorta çekilsen derýa, oň iki gyrasyndaky tokaý möjekleriň mekany, kişi meýdany! Kişi meýdanyna aýak basmak, öň duçar bolşy ýaly howply, şu ýyla balaryçylaryň göçme öýleri, çölüň jümmüşine aralaşyp, onuň onsuzam dar mülküni has-da gysdy. Diýmek, ol ýene derýaň kenaryna çekilmelidi, muňa Alabaýyň nähili garajagyny bilenokdy, yşyna düşjekmi, düşmejekmi, her zadam bolsa oň bilen duz-emek boluşypdy, aýrylyşasy gelenokdy. Dogry, Alabaý ýal iýýän ýerine gaýdanda ol täze mülküne gidip bilýärdi, ýöne özüni ölümden halas edeniň göwnüni ýykmaklyk gowy däldi, aýdyp gideýin diýse-de, soňky günlerde Alabaýam gara berenokdy. Garagulak üç gün garaşdy, dördünji gün gitmeli ugruny bäş barmagy ýaly bilýänem bolsa garaşdy, ýogsam, gazyň ysy demini tutup, maşynlaryň gürrüldisi kelläňi sarsdyryp barýardy. Gaz geçirijiler üçin gazylan çukurlardan aşaýmak aňsat ýalydyr, emma şolam barýan ýolunda päsgelçilik baryny döretdi, iň soňky çukurdan gazyň, ýagyň ysy, maşynlaryň güwwüldisi ýetmeýän ýere barýança alaka-da çykmady, beýlekem, haçanda, iki-ýeke towşanlar gabat gelip başlanda täze mülküne, derýanyň eteklerine golaý gelendigini duýdy. Möjegiň agşamky tezegini görüp, bu ýerde hem oňa rahatlygyň bolmajagyny, gaçyp-tozup gezmeli boljagyny bildi, şonda-da, «şu ýeri meň mülküm» diýip alaňlaryň üstüne, oýtumlaryň gyrasyna araçäk «belgilerini» taşlap çykdy, kä ýerde «belgisi» Möjegiň araçäk «belgisi» bilen kesişdi, şonda ol yzky aýaklarynyň üstünde oturyp, has düşnükli bolar ýaly «belgisini» taşlady. Garşydaşynyň her pursat çykaýmagynyň ahmallygy azajyk birahatlandyrdy, söweşe bolan islegini artdyrdy, indi ol geçen ýylky ýaraly Garagulak däl-de, möjekleriň Serdaryny dyza çökerjek haýwandy, belki, şoň üçindir, möjegiň yzy bilen birnäçe wagt seňkilledi, tüsse ysyny alyp, emaýlyk bilen depä çykdy, edil aýagynyň aşagyndaky jaýa, kürreli eşege, sygyrlara, birnäçe adama, jaýyň ýeňsesindäki bassyrmada özi bilen tutluşan möjegiň serilen derisine gözi düşdi, bu görnüş gaharyny getirdi, gahar, çaknyşmaly haýwanynyň derisine «saman dykylany» üçin däl-de, adamlaryň wagşylygy üçindi, ahmal galsa oňam derisi şeýdip asylyp durjakdy. Ýatagyň germewlerini kakyş-kykuş edýän orta boýly adam içiňi ýakaýyn diýýän ýaly hiňlenýärdi. Bir pursat Garagulak özüne göwni ýetýän bu adamy, mal-garalary pers-ala etmek, ýowuz çölde kimiň hojaýyn, kimiň gelmişekdigini görkezmek issledi, hatda yzky aýaklaryna daýanyp ýerindenem galdy, emma saklandy, garaňky düşerine garaşdy. Gün ýaşan badyna howpy duýan eşekler irginsiz aňňyrdylar, sygyrlar aýylganç molaşdylar, gozgalaň tapan adamlar elleri çyraly mallaryň daşyna aýlandylar, netijede, Garagulak ýüregine düwen niýetinden el üzüp bialaç yza çekilmeli boldy. Çekilen ýerinde-de, möjek sürüsine gabat geldi, olar öldürilen «ýolbaşçylaryň» aryny almak üçin çykan bolarlydy, hyýrsyz we gazaplydylar, şobada hem Garagulagyň üstüne topuldylar, hamana öňbaşçylarynyň ölümini Garagulakdan çykarjak bolýana çalym edýärdi. Dogry, Garagulak kän bir çekinip baranokdy, ýiti dyrnaklar bilen biriniň garnyny ýardy, beýlekiniň aýagyny döwdi, köplük-köplük bolýardy. Onsoňam ýolbaşçysyz möjekler ätiýaçsyz hereket edýärdiler. Her näçe goransada Garagulak «balagynyň» birnäçe ýerinden ýyrtdyrdy, alkymyny ýaralatdy, gan akmagy zerarly asgynlap başlandygyny duýdy. Edil şol pursatda Alabaý kömege ýetişdi, gele-gelmäne möjekleriň biriniň bokurdagyndan silkdi, Garagulagyň daşyna üýşenler indi Alabaýyň daşyna üýşdiler, gulagy, guýrugy kesilen Alabaý ysgyny gaçan möjegi taşlap goranyşa geçdi. Indi olar iki bolup goranýardylar. Rejäniň geň däldigini aňan möjekler ýaraly «ýoldaşyny» taşlap gaçyp gitdiler. Alabaý ýaraly möjegi Garagulagyň öňünde goýup «Al, şundan geregiňi edin» diýýän ýaly çyňsady, emma Garagulak şol ýerden göni yzyna, ölsem öleýin diýýän ýaly, öňki mülküne gaýtdy. Alabaý nämäň nämedigine düşünmän aňkardy, birdenem zymdyrylyp Garagulagyň öňüne geçdi. Iki günden soň, olar ýene-de şol öňki mülkine geldiler, näçe aýlansalaram dörjüm-dörjüm edilen toprakdan, sazaklary ýygylan çägelikden, syçandyr-alakalardan başga zada gabat gelmediler. Geň zat, bu ýeriň adamlary göçme öýlerini, tehnikalaryny, maşynlaryny alyp nirädir ýitirim bolupdylar. Garagulak mülküne aýlanyp çykýança rahatlyk tapmady, ýok, indi onuň mülki galmandy, nirä seretseň, agdar-düňder edilen çägelikdi, ýagyň ysy burnuňa urýardy, şonda-da, Alabaý ony adamlaryň ýaşaýan ýerine golaýlaşdyrjak bolýardy, Garagulak muny aňýardy, suwuň gaýnan süňküň tagamy agzyny suwjardýardy. Olar iki depe geçip-geçmänkä adam ysyny alan Garagulak daýaw sazagyň düýbüne duwlanyp saklandy. Alabaý ony ýany bilen alyp gitjek bolup aýlandy, çyňsady, bolmajagyny bilensoňam selkilläp, öz ugruna gitdi... | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -10: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |