15:17 Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy | |
ÝEDINJI BAŞ
Romanlar
Näme üçin ol Myrada garşylyk görkezmedi? Näme üçin gygyrmady? Näme üçin bu gorkuly zadyň boljagyny bilse-de ondan gaçman, gaýtam, nähilidir özüne çekiji äpet güýjüň täsirinden sypyp bilmän bialaç garaşdy? Näme üçin? Her zatda bolsa boljak iş boldy. Beýnisinde iki ýana at salan pikirleri gününe goýmaýar. Gaýtam gözüniň öňünde Göwher peýda boldy, ol «Samsyk!» diýip elini aýlan ýaly, duluklaram şarpyk degen dek gyzardy. Hawa, ol şarpyk berilmegine hakykatdanam mynasypdy, ýok, ony dogram-dogram etmelidi, şonda-da eden günäsini ýuwup boljak däldi. «Soň giç bolaýmasa!», Gör jorasy nämäni duýduran ekeni!», Ol indii ähli aýdylan gürrüňlere gözüni ýetirdi, gözüni ýetirmek üçin Gözele gör nämeleri pida etmeli bolupdy?... Bu bir durmuş-da... Birdenem «Men näme üçin ahmyr etmelimişim? Bu daşlaşdyrman gaýtam, Myrady ýakynlaşdyrýar ahyryn! Indi diňe bir duýgusy bilen däl, bütin durky, endamy bilen Myrada degişlidi ahyryn, onsoňam boljak iş bolansoň gaçyp gitjek ýeriň ýok ahyryn diýen pikirler kellesinde ot salýardy. Bir gün otyrka gözüniň öňi garaldy, başy çalaja aýlandy, köp söýgüsi zerarly gyzlyk buýsanjyňdan dynanlygy baradaky agyr duýgy boýnundan asyldy, sabynly eliniň arkasy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi. Näme üçin aglaýandygyna welin düşünmedi. Jorasynyňkydan gelen Göwher ýuwulyp serilen eşiklere gözi düşüp, bir zady syzdy, Gözeliň nar ýaly gyzaran, birneme agaran ýüzi hem ony aýdyp durdy. - Jora, hany aýt, näme bolup geçdi? – diýip, ol Gözeliň gözüne dikanlap seretdi. - Men Myrada durmuşa çykjak! – diýip ýalan sözläp bilmeýän Gözel jogap berdi. - Toba, ýaňy duşuşyp başladyň, indem durmuşa çykjak diýýäň, utanaňokmy? - Durmuşa çykmanyň utanjy bormy? Söýgüliňe barmak aýypmy? - Jora aýyp diýemok, ýöne ol öz kelläň bilen hereket ederden çylşyrymly, ataň-eneň bar, däp-dessur! - Boljak iş bolansoň olaryň nämä geregi bar? - Toba bu näme diýdigiň jora? - Eýýäm durmuşa çykdym diýdigim bolýa? - Toba! Oýun etmesene! - Oýun edemok! - Toba, bir günde, - Günde däl, bir sagatda-da çykyp bolýar ekeni, bilmän durkam bolaýdy, özümem düşünmän galdym – diýip Gözel bolan wakany gürrüň berdi. Göwher demi-demine sygmaýan ýaly haşylady, gözüni mölerdip agzyny açdy. - Toba, sen näme dälirediňmi? Hany utanç haýaň? Hany gyzlyk buýsanjyň? Hi, toý etmänem bir ýaramaz işe baş goşmak bolarmy? Toba, Toba... Waeý, senden beýle ýaramazlyk çykar diýip ýatsam-tursam kelläme gelenokdy, ýa-da ol seni zorladymy? Özüň etagat etdiňmi? - Ýok, özüm günäkär! Özüm... Ejazamy ýitirdim. - Özüň gänäkär bolsaň garagyň çyksyn. Bir ykmanda aldadyp, namysyňy depeledip ýörene akylly diýip bolmaz. Toba, Hudaý saklasyn! Bu döwrüň gyzlary nähili bolaýypdyr gyz? Namysyny gözüniň göreji ýaly saklamaly halyna kelpezläp ýören gyzlar bar diýip janym ýanyp ýördüm welin, gel-gel şolaryň birem joram bolup çykyşyny diýsene? Men saňa duýdurypdym ahyryn! - Jora, seňkem dogry welin... Men Myrady söýýän, olam meni söýýär. Ýalňyşanam bolsam özüm günäkär. Men onuň bilen öňem çala tanyş, bu ýerde hem ýigrimi günläp duşuşdym. - Toba! Baý kän duşuşan ekeniňow! Içimi bir ýakmasana, samsyk Tula, edehediň gurasyn... - Bir göreňde aşyk bolup durmuş gurýanlaram bar-a jora! - Waeý, toba, bu gyzyň samsyklygyny! Neneň toý etmän namysyňy basgyladyp bilýäň? Utanç ahyryn! Meňki saňa maslahat bermek! Galanynam özüň gör, edil şeýle häsiýetleriň barlygyny bilen bolsam, seň bilen jora bolmazdym – diýdi-de Göwher öýkeläp çykyp gitdi... Myrat bolsa bu bolup geçen wakany gyzykýan «oýny» bolan söýgi-de garaşylmadyk, adatdan daşary ýeňişi hökmünde gördi, Gülläň yzyna düşüp ugranda hut şu pikirden ugur alypdy, irýänçä hezilini görjekdi. Başga bir tarapdan tanaýan gyzy bilen beýle işe baş goşansoň ätiýaçly bolmaly bolýardy. Nätanyş üçin kän bir wagt sarp edip ýörmeli däldi, ýitirim bolup gidibermelidi, nirede duşuşsa tapawudy ýok, isle seýil bagy, isle ýaşaýan ýerinde, gödek hereketleri bilen öz islegini amala aşyryp, agzy sary tejribesiz gyzlary çykgynsyz günlere salybermelidi. Gülläň bolsa ýüreginde möwç alan söýgüsi El ýagyny sarap mahluga, has dogrusy Myradyň guluna öwrülendiginden habary ýok ýalydy. Bu gödek hereketlerine syn edeniňde, Myrada, terbiýe görmedik başyna giden, azgyn diýse boljakdy, ýogsam ol has amatly ýerlerde hem Gözel bilen duduşmaga ýagdaýy ýok däldi ahyryn. Belki onuň gyzy bilgeşleýin horlamak ýa-da masgaralamak niýeti ýokdur, oňky bir daşary ýurt kinolarynda käbir artistleriň edýän gödek hereketlerini iş ýüzünde barlap görýän ýalydy. Kakasy sekizinji klasda okap ýören döwürleri kino görkezýän magnitofon alyp beripdi, şol günden bärem görýäni wejeralyk ýa-da ony wasp edýän daşary ýurt kinolarydy, olarda baş gahrymanyň gahrymançylyklaryny subut etmek üçin mümkinçilik döredilýärdi, beýleki gahrymanlaryň biri ok degip, biri suwa gaçyp, ýene biri oda gaçyp ölýärdi, emma baş gahrymana ne ok, ne suw täsir edýärdi, näme etse edeni geçýän keramatly adama öwrülip duruberýärdi, Myradam şol gyhrymanlara meňzeýänligini barlajak bolup nobatdaky awuna şeýle oýunlaryny görkezýärdi. Kakasy oňa soňky döwürler gepleşigi kosmosdan kabul edip bilýän enjamy alyp beripdi. Ondaky wejeraçylyklar bolsa çeniň-çakyň däldi. Gözel halys sadalygy üýinmi ýa-da Myradyň bu häsiýetlerine bolaýmaly zat hökmünde garaýanlygy üçinmi, oňa ýagşydan-ýamandan söz diýmezdi. Gulagy ähli zatdan dynç bolan Myrat Gözeliň ýanyndan aýrylmady. Oňa bolsa «Mensiz oňup bilenok» diýip Gözel begenýärdi. Öňkileri ýaly garagan bolup gelende weli ony tertibe salyp, ýyrtylan ýerini ýamamaga, gaçan iliklerini dakmaga ökdeläpdi, onuň Gözeliň iň soňkuja pullaryny alyp gidýän wagtlaram bolardy, şondan soň hiç ýerden kömege garaşman Gözel birnäçe günläp diňe suw içip oňmaly bolýardy. Şeýle günleriň birinde iki hepdeläp gara bermedik Myrat öýde suwdan başga zat tapmansoň Gözeliň elinden tutup, bir kaşaň howlynyň köçe tarapdaky dükanyna alyp bardy. - Gelneje! – diýip, Myrat dükanyň içindäki aýala Gözeli görkezdi. - Kömekçi gerek diýýärdiň! Ine kömekçi, mekdep ýoldaşym, gowy tanaýan! Ýanyňa al! - Ýüwürjim şun-a oňaraýdyň! Asyl kömekçi gerek-dä! – diýip boýny, elleri gyzyla bezelen görmegeý aýal Gözeliň elinden tutup howla saldy. Şondan soň Gözel okuwdan boş wagtlary dükanda işläp başlady. Dükanyň içini arassa saklamak, harytlary tertipli goýmak, dükan eýesi bir ýere giden wagty söwda etmek, garaz güýmenje tapylypdy. Eli açyk aýal oňa gündelik azyk almaga az-owlak pul berýärdi. Myrat ýene-de ýitirim bolup başlady, Gözelem öýkesini basyp ýatyrdy, ýerliksiz igenmedi, onsuzam Myrady ýatlamaga sebäp tapdyrýardy. Gündelik ýöredip onuň ýok günlerini belleýärdi, pikirlerini kagyza geçirýärdi, pylan güni geler diýip şol günüň daşyny çyzyp goýardy, gelmese ýene-de bir güni bellärdi. Soňkyda geläýse welin begenjinden diriň-diriň böküp «Myratjandan aýlanaýyn» diýerdi. Şonda aýralyk gutarýardy. Ýüwürjisiniň hereketlerini öz başyna goýberen Aýgözel bir gün Myrat gerek bolup onuň ýatan ýerine bardy. Görse, düşek bu günde düýnde gozganana meňzänokdy. - A, gyz Gözel Myrat nirede? - diýip, Aýgözel ökjesi köwşüni tarkyldadyp dükana geldi. - Men nä bileýin! - Men kör däl. Sen Myradyň ähli herekedine belet! - Ýok, çynym men hiç zat bilemok! - Bilmeseň garagyň gapylsyn! Ol seni ýanyma getirende «Şu gyza ony öýden gitmez ýaly edäýse gerek!» diýip umyt etdim! Emma haýp Gözel tokmak bilen kellesine urulan ýaly doňup galdy. Gör bu bolýan zatlary. Asyl ol biziň gatnaşygymyzy gelnejesine gürrüň beripdir. Gözel heniz içini çeken adam däldi welin Aýgözeliň sözlerinden soň dykyn alyp duran pikirlerini dökesi, boýnundan gujaklasy, aglasy, ýürek syrlaryny aýdasy geldi. Emma Aýgözel düşünmän dursa näderin diýen gorky bilen hereketinden el çekdi, ýaňaklary gyzyl alma dek gyzardy, süňňüne arkaýynlyk aralaşdy. Onuň gizlin syryny eýýäm dört adam bilýärdi. Myrat nirelerdendir entäp geleninden soň gelnejesiniň soraglaryna jogap bermeli boldy. - Seniň hereketleriň bir zadyň başydyr! Indi düzeljek bolsaň çak boldy – diýip, Aýgözel onuň üstüne süründi. - Näme diýjek bolýarsyňyz, düşünmedim-le? - Samsyk bolan bolmasana! Düşünip aňyrsyna geçýärsiň! O görgüli iňňä sapaýmaly boldy, uzynly gün ýoluňa garap otyr. - Kim ol gelneje? Kim? - Kim bolar! Gözel! - Gözele men näme edipdirin? - Men hiç zat bilemok, bilmegem islämok, ýöne şu gyza bir zat bolsa aýtmady diýme, göni kakaňa jaň edip çagyraryn. - Oňa näme bolmalymyşyn? - Dogrymdan gelmesem sen düşünjek däl ýaly! Gözeli nikalaşyp almaly, toý etmeli! - Waý, gelneje gülkim tutjak bolýa! - Birden aglamaly bolaýma! Sen gowusy kakaňy çagyr-da, kişi maşgalasynyň garamatyny duluňa geçirmäniň aladasyny et, özem gijä goýma! Men Gözeliň ýüzüňden käbir zatlary aňjak bolýan!... Garaşmak ýaly erbet zat ýokdy, munuň üstesine-de pikirler Gözeliň ýüzüne, görküne öz täsirini ýetirýärdi. Onuň pagta ýaly ak endamyny gara menekler tutupdy, gözleri içine çöküpdi, dulugyna şarpyk çalnan ýaly gyzarypdy, dodaklary çişipdi. Müşderilerine güler ýüz bilen hyzmat edýän gyz haçan görseň gözüni bir nokada dikip otyrdy. Käte endigi boýunça magnitofony açsa-da ondaky aýdymlaram öňki däldi, olar birhili gaýgyly, howsalalydy. Onsoň gowy sazlary diňlemek üçin ýygnanýan oglan-gyzlar edil ýeňsesinden itelenýän ýalydy. Hakykatda welin Gözeliň bedeninde uly özgerişlik bolup geçýärdi, muny aňyp «Özüm günäkär, özüm!» diýip samraýardy, käte Myrady günäkärleýärdi. Bir gezek Gözel «Şu güne düşmegimde ikimiziň hem günämiz bar!» diýip, ilkinji gezek Myradyň ýüzüne geldi, ol bolsa «Seň gözýaşyňy süpürmäge wagtym ýok!» diýip jogap berdi. Şondan soň Gözel öz bagty üçin özüniň göreşmelidigine düşündi, ýüzünden utanç perdesini sypyryp Myradyň ýanyna özi baryp başlady. Haçanda ýaz gelip daşky eşikleri ýeňletmeli bolanda Gözel garnynyň pökgerenligini duýdy. Dört çagany dünýä inderen Aýgözel üç aýlyk göwrelidigini Gözele duýdurdy. Şondan soň onuň keýpi gaçdy, näme etjegini bilmedi. Myrat bolsa indii gelmesini goýdy. Gözel näme etsin? Başyny alyp gitmelimi? Nirä gitmeli? Beýle ýagdaýda ejesi ony öýünden kowar ahyryn! Nähili masgaraçylyk! Nähili masgaraçylyk! Kellesinde şemal öwüsýär, näme etjegini, kimden maslahat sorajagyny bilmedik Gözel ýaglygyny eline aldy-da şähere siňip gitdi. Ol uzynly gün şäheriň içine aýlandy. Howa salkyndy, daňa ýakyn birden sowady. Ýukajyk geýinensoň galpyldy gaplap aldy. Öýüne dolanyp gelýänçä sowuk etjegini edipdi. Öýünde erbet üşüdip ýatan Gözeliň ýanyna ilki bilen Aýgözel geldi. Şol wagt Gözel «Men Myrady gözledim, gözledim, gözledim, tapmadym» diýip samraýardy. Aýgözel derrew «Tiz kömegi» çagyrdy, öýkene sowuk degendigini bilip däri-derman getirdi. Gözel iki günden oňatlaşdy. Göwheri göresi gelip durka birden onuň özi geläýdi. Gözel edil şu wagt «Men onuň bir diýenini iki gaýtalatmadym ahyryn, gödekligini geçirdim, edenine däl diýmedim, onda-da menden gaçyp gitdi. Ýa günä mende barmyka? Elimiň üstünde kellesini goýup ýatanda men oňa syn edip doýup bilemokdym ahyryn! Onuň nähili gyzgyn, ýumşajyk elleri bar, uklanda edil çaga ýaly rahat ýatýar! Ýatanda, turanda söýdüm! Şonda-da meni taşlap gitdi!» diýip pikir edip ýatyrdy. Göwheriň peýda bolmagy garaşylmadyk bir zatdy, şu ýagdaýda Göwher ony görmese gowudy. - Näme ýüzüň üýtgäpdir-le gyz! Ýaraňokmy? – diýip, Göwher onuň gapdalynda oturdy. - Bir azajyk sowukladym! - Işleýäň diýip eşitdim! Ýa işiňden basylýaňmy? - Bilýäň-ä, öýde agyr hojalygyň keşigini ýeke özüm çekip geldim. Jigilem kiçi, ejem keselli! Şonda-da işden basylmadym! Ýöne meni biynjalyk edýän başga zat bar, jorajan! Men göwreli bolupdyryn! - Waý! – diýip Göwher ýakasyny tutdy – Toba! Bu nähili bolýa, gyz? - Şeýle-dä, jora! - Wah, şeýle boljagyny bilýärdim-le! – diýip, Göwher ýer ýumruklady. - Utanç! Utanç! Ejeň, garyndaşlaryň biläýse näme bolar! Toba, Hudaý saklasyn! Nähili masgaraçylyk! Sen ol oglanyň öňünde meseläni pert goýmaly, goý, basym toý edip duluna geçirsin. Bolmasa-da şol ýer çekeni meniň edişime seret! - Ýok, meň üçin Myrada zat diýme! Oňa özüm günäkär. - Wah, men saňa näçe aýtdym – diýip, Göwher zeýrendi. – indi belli netijä gelmek gerek! Dogry, geýinmegem, gezmegem bolar, ýöne gyzlyk buýsanjyňy saklamak seniň mertebäň, haýaň, galyberse-de namysyň ahyryn! Özüň dek gezseň saňa azar berýän ýok! - Hany, maslahat ber, indii nätmeli? - Oglan gaçyp ýören bolsa çagaňy aýyrtmaly bolar! - Ýok çagany aýyrtjak däl! diýip Gözel ýasama güldi. - Toba, nämä gülýäň gyz? Başga biri seniň deregiňe aglardy! Sen bolsa gülýäň! Wah, kellesi kesilen seni aldypdyr! Gyz halyňa çaga dogursaň nähili erber! - Maslahatyň üçin sag bol jora! Men Myrady söýýän! Şoň üçinem çagany dogurjak! - Myrat oňa göwnemese nätjek? Men seni tanamok diýse? Beýle soraga garaşmadyk Gözel jogap berip bilmedi. - Jora, bolmasyz bir iş etdiň welin, oýlan, pikirlen, durmuş çylşyrymlydyr. Adam ölmese köp zatlary görmelidir. Şu hereketleriňe soň ökünmez ýaly bol, dogry, menem çaga aýyrtmagyň tarapdary däl! Namys, utanç-haýa, abraý, özüňe gerek! Edýän herekediňi seljerip gör! - Jora, sag bol! – diýip, Gözel ony özüne çekip gujaklady. Joralar ses edip aglaşdylar. Myrat Goşun gullugyna diýip ony taşlap gideni bilen dünýä düňderilmedi, ýer ýarylmady, Gözel özüni heläklemedi! Bir biynjalyk edýän zady göwresindäki çaga! Ony sagdyn ösdürip ýetişdirmek üçin öz sagdynlygy gerekdi, özüňi parahat alyp barmalydy, gowy iýmelidi. Indi bir özüne däl, iki Adama jogap bermeli bolýardy. Diýmek gije-gündiz diýmän, işlemeli, ýöne hor bolmaly däldi. Ol suratçylykda tebigaty adamyň keşbini çekmäni gowy öwrenipdi, suratyny kagyza geçirtjek müşderiň möhümini başardygyndan bitirýärdi, onuň daşyndanam adam keşbini hala geçirmegiň syrlaryny ýadaman öwrenýärdi. Soňa baka bu ugurdanam o lat gazanyp ugrady. Şeýdip dükanda işlemeginden daşarda azda-kände girdeji düşüp başlady. Bu bolsa onuň durmuşa bolan höwesini artdyrdy. Galyberse-de mydama goltgy berip duran jorasy Göwher, gelnejesi Aýgözel bardy. Durmuşa aýak basmak..., onda-da özbaşdak aýak basmak. Seň azatlyga çykasyň gelýär, hemme zady özüň edesiň gelýär. Kellede belli bir maksat ýok, ýöne ýürek nämedir bir üýtgeşiklik isleýär, bir ýerde durasyň gelenok. Ene –atanyň minut saýyn «Ony etme, muny etmesinden» gaçyp näbelli ugra özüňi urýarsyň, öz-özüňi urýan ýeriň umman dünýä, eneň-ataňdan gaýra diýseňem diý weli, sen öz ýoluňa tarap barýaň. Ol öz ýoluň, ýodaň näbelli, onda köp kynçylyklara duşmagyň mümkin, büdremegiň mümkin, awunmagyň mümkin, şonda-da ol seň öz ýoluň, öz ýodaň bilenem gitmek isleýäň. Gözel durmuşa şeýle düşünýärdi, ony köpi gören ejesi öwredipdi, ol bagtly, bagtsyz ýaşaýşy görendi, durmuş tejribesi baýdy. Onuň durmuş tejribesi gyzynyň bagtly bolmagynyň öňünden bellenilen ýoluny görkezýän ýalydy, hemme eneler çagalaryny gorap gelýärler, çagalary çal saç bolsalarda ene ene bolýar, şonda-da olar çagalaryny goraýarlar. Myradyň aldamagy oňa urgy boldy. Durmuşyň diwarlaryna maňlaýyny mäkäm urduranyndan soň, durmuşyň ajysyny dadyp, diňe şondan soň ol aklyna aýlanan ýaly boldy. Gijelerine aglap, özüni öldüräýesi geldi, bolgusyz gürrüňler, gybatlar gulagyna häli-şindi eşidilip durýardy. Emma durmuşa ymtylyş hemme zatdan üstün çykdy, onsoňam onuň bagtyna jorasy Göwher dünýä inäýipdir. Ol bütin ömri, ýaşaýşy, geljegi üçin jorasyna bergidardy, jorasy bolmadyk bolsa ykbalyň nähili ýollara baş goşjagyny ol göz öňüne getirip bilenokdy. Şäher durmuşy obadan gelen Gözeliň daşky görküni üýtgetdi. Indii aýagynda ökjesi çüýli ýeňiljek gaýyş köwüş bardy. Hallyň-sallyň ýörişi ýitip gitdi, syratyny ölçegli tikilen keteniler gözelleşdirdi. Saçyny örüp, gülli ýaglygynyň arasy bilen aşak goýberende, sada, ýukaýürek, mylaýym gyzyň görki öňküdenem artdy. Gözel öz ýoluny tapdy, bu ýol bilen gitme diýenem tapylmady. Şeýdip awundy. Erbet awundy. «Ýoldan çykan» diýip ejesini soňky ýoluna ugratmaga hem eltmediler. Adam üçin şondan uly urgy bolup bilermikä? Ol «Irdim parhsyz göreşlerden, ykbala köňül berdim!» diýdi. Mähri bilen ak süýdüni emdiren Misli keramat dek arkamda duran, Ýüregimde öçmez söýgi döreden, Janym kyblam ejem jany aldyrdym – diýip aglady, Dünýeden baky gitdiň, Başymda seň sowgadyň, Arkadag – guwanjymdyň, Indi Taňry söýgedim. – diýdi. Duýgularmy, joşgunymy bilmediň, Gelip çöken köňlüm ele almadyň, Gözlerimi özge gözden gizledim, Gözlermiň garasy-agy ezizim. - diýip Myrady ýatlady. Gözel çagasyny dogurdy, okuwyny gutardy, Göwher institutyny tamamlaýança agşamlaryna dükanda, gündizlerine müşderileriniň keşbini hala geçirip gazanç etdi. Şeýdip, hiç kime minnetsiz ýaşady. Iň bärkisi Myradyň ata-enesiniň ýanyna hem müzzerilip barmady. Olaram eger-eger agtygym bar diýip ýeke gezek gelmediler. Instituty gutaransoň Göwheri gazçylaryň merkezi bolan Şatlyk şäherine işe iberdiler. Ol bir ýyldan soň Gözeli hem ýanyna göçürip getirdi-de, gurluşyk edaralarynyň birine reýkleýji edip işe ýerleşdirdi. Hut şu ýerde Goşun gullugyny dynyp gelen Myrat hem awtomobil ulaglary kärhanasynda işläp ýördi. Gözel bilen Myradyň ýollary ýene-de galtaşypdylar. | |
|
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |