08:14 "Baý oglunda akyl bolmaz!" | |
7. “BAÝ OGLUNDA AKYL BOLMAZ!”
Ýatlamalar
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda Türkmenistanda edebiýata, sungata gelen nesliň arasyndan dissidentlere, başgaça pikir edýänlere garaşmak heňe gelmejek zatdy. Dissidentleriň ady köplenç Moskwadan, Leningraddan eşidilýärdi. Bu şäherler sowet imperiýasynyň merkezleridi, ol ýerde ýurduň ykbaly çözülýärdi. Taryhy taýdan alanyňda-da bu ýerlerde dissidentlik hereketiniň baý tejribesiniň bolandygyny bilse bolýar. Ol şäherlerde Staliniň ölüminden soňky kem-kemden ýüz beren ruhy serginligiň täsiri arkaly, pikir erkinligine ýykgyn edýän ýaşlaryň arasyndan demir gurşawdan çykmaga ymtylyş döräpdi. Olar Günbatar ýurtlarynyň demokratik toparlaryndan raýdaşlyk, goldaw tapýardylar, tutuş sistema herekete getirilipdi. Türkmenistanda welin, doňaklyk çat açanokdy. Döredijilik intelgensiýa babatda aýtsak, sowet ideologiýasynyň gerimindäki mümkin bolan basgançaklar bilen ýokary galmak hem bize başartmandy. Bu ýagdaýy bir mysal arkaly düşündirjek bolaýyn. Şol ýyllar zehinli gyrgyz sowet ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň eserleri juda meşhurlyk gazanypdy. Resmi ideologiýa-da ony goldaýardy, oňa ýokary döwlet baýraklary berilýärdi. Aýtmatowa biziň gözümiz gidýärdi. Onuň eserlerindäki syýasy-ahlak problemasynyň goýluşyndaky ýitilik bize başartmaýan belentlikdi, batyrlykdy. Aýtmatow dissident däldi, oňa hyýal hem edenokdy. Ol sowet ideologiýasynyň tebigatyna çapraz gelýän syýasy ýa-da ahlak garaýyşy öňe sürenokdy, diňe sowet sistemasynyň çäginde ynsanperwerligi giňeltmäge, döwlet syýasatynda gumanistik äheňi güýçlendirmäge ymtylýardy. Şeýle ymtylyşa Türkmenistanda nähili garaldyka diýen sowalyň berilmegi ähtimal. Ujypsyzja ymtylyşyň hem öňüne böwet bolmaga döwtalap adamlar gytlyk edenokdy. Men bu ýerde syýasy emeldarlary aýdamok, döredijilik intelligensiýasy diýilýän toparyň içindäki adamlar hakynda aýdýaryn. Men bu ýagdaýy öz eserlerimiň ykbalynyň çözülişi bilen bagly düşündirjek bolaýyn. 1968-nji ýylda “Ömür dawasy” powestimi ýazdym. Edebiýatçylara ýoň bolan tema bölünişigi jähetden alanyňda, powest taryhy-rewolýusion diýilýän tema degişlidi. Ideologiýanyň ülňüsine görä, bu tema işlenende synpy çäklilige, synpy göreşe aýratyn üns berilmegi zerurdy. Synplaryň arasyndaky ýigrenç halky göreşe iterýän esasy güýç bolmalydy. Sowet ýazyjylaryna garyp synpyň arasyndan orun berilýärdi. Biz baý synpy ýigrenmelidik. Synpy ýigrenje wepaly türkmen sowet ýazyjylarynyň eserlerinde baý ogullary samsyk, kemakyl, nalajedeýin häsiýetde berilýärdi. Men bu galp ýörelgeden çykmak isledim. Powestde Ýakup atly baý oglunyň obrazyny taryhy hakykatdan ugur alyp döretmekçi boldum. Ýakup bilimli, barly synpyň ideologiýasyna wepaly adam. Şol bir mahalda-da ol öz halkyna saýry bolmak islänok. Näme üçin göreşýänini, nämäniň hatyrasyna ölüme gidýändigini belent duýgy bilen düşündirip bilýär. Ol bolşewikleriň sapynda göreşýän Merdan atly garyp ýigit bilen aklaryň berjek jezasyna garaşyp otyrka, üç güne çeken dawada öz synpynyň garaýyşyny ökdelik bilen beýan edýär. Ýöne bir beýan etmegem däl, onuň hatyrasyna janyny orta goýmaga taýýar. Powesti “Sowet edebiýaty” žurnalyna hödürledim. Žurnalyň redaktory ýazyjy Beki Seýtäkow meniň bilen ýüzbe-ýüz gürrüňden çekinen ýaly ýazmaça jogap beripdi, ýogsa, biz günde-günaşa gabat gelişýärdik. Hatynda bu eseri žurnalda çap etmegiň asla mümkin däldigini öz çäkli garaýyşyna görä düşündirmäge synanyşypdyr. Ol şeýle ýazýar: “Döwür dolulygy bilen göz öňüne gelmeýär. Aklarda-da, gyzyllarda-da hiç hili merkez ýok, ýolbaşçy toparlar, belli bir maksat äşgär görünmeýär”. Ine, Beki Seýtäkowyň şu belligi sowet ideologiýasynyň ýazyjylaryň öňünde goýýan berk talabyny aýdyň edýärdi. Esasy talap: rewolision döwür görkezilýärmi, hökmany suratda partiýanyň ýolbaşçylyk roluny beýan etmelidi. Şol guramanyň emrine laýyklykda eseriň sýužet ýordumy öňünden taýýarlanmalydy. Sýužetiň gahrymanlaryň şahsy häsiýetiniň täsirinden döremelidigi hasaba alynmaýardy, ret edilýärdi, häsiýeti tutaryk edinmek halanmaýardy. Powest rus diline terjime edilip, 1969-njy ýylda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň “Družba narodow” atly galyň žurnalynyň noýabr sanynda çap edildi. Şundan soň hem “Türkmenistan” neşirýatynyň baş redaktory Çary Matalow ony plana salmaga ýaýdandy. Metbugat boýunça döwlet komitetinde gurnalan ýörite maslahatda powesti goldadylar, Çary Matalowa-da: “Eseri SSSR Ýazyjylar soýuzynyň abraýly žurnaly çap edenden soňra ýaýdanyp oturmagyň derkary ýok” diýdiler. Powest esasynda pýesa ýazdym, ony SSSR Medeniýet ministrliginiň teatr bölümi goldady, rus diline geçirip, teatrlara ýaýratdy. Emma Mollanepes adyndaky döwlet akademiki teatryň sahnasynda goýmak hakynda mesele çykanda Bazar Amanow, Gylyç Berdiýew ýaly halk artistler ikelläp garşy boldular. “Ýakup ýaly akylly baý ogluny sahna çykaryp, sowet tomaşaçysyny ideýa sagdynlygynda terbiýeläp bilmeris!” diýdiler. Baý ogullaryny hemişekisi ýaly samsyk edip görkezmelimiş! Eger teatryň çeper ýolbaşçysy SSSR-iň halk artisti Aman Gulmämmedowyň goldawy bolmadyk bolsa, şol mahal “Ömür dawasy” sahna çykarylmazdy. Ine, SSSR-iň çäginde terjime edilip, çap edilmäge mynasyp görülse-de, soýuzyň çäginde alanyňda “üýtgeşik gowy eser” diýerden bärde durýan bu powest Türkmenistanda şeýle garşylyga duçar bolupdy, sebäbi türkmen prozasynyň ölçeginde alanyňda onda üýtgeşik äheň, tema başgaça çemeleşmäge synanyşyk bardy, şony-da unamajak bolýardylar. Segseninji ýyllaryň ikinji ýarymynda SSSR-de perestroýka, ýagny üýtgedip gurmak syýasaty jar edildi. Sowet Soýuzynyň kompartiýasynyň baş sekretary Mihaýil Gorbaçew täzeçe pikirlenmegiň, aç-açanlygyň möwrüti geldi diýdi. Altmyşynjy ýyllarda topraga düşen erkinlik tohumy guraman ekeni. Soýuz möçberinde ol gaýtadan yzgar aldy, şineledi, pajarlap ösüp başlady. Täzeçe pikirlenmäge ukyply adamlar kompartiýanyň ewolýusiýa ukypsyz ideologiýasyndan aç-açan ýüz öwürdiler. Olara indi dissident diýip boljak däldi, başgaça pikir edýänleri ýanamakdan, türmelere zyňmakdan el çekilip barýardy. Moskwanyň, sowet imperiýasynyň güýji gowşaýardy. Her bir sowet respulikasynda gelejegiň aladasy edilýärdi. Şol alada maýyl adamlaryň sesi Türkmenistanda-da eşidilip başlady. Bu sesden öler ýaly gorkanlaryň biri-de respublikanyň dikme başlygy, kommunist Saparmyrat Nyýazowdy. SSSR dargady, Türkmenistan hem döwlet garaşsyzlygyny jar etmeli boldy. Nyýazow häkimlik kürsüsinde galmagy başardy. Täzeden gurmak syýasatynyň täsiri arkaly bize ýeten sähelçejik metbugat azatlygyny bogup taşlady, Staliniň tüýsündäki diktaturany doly berkarar etdi. Altmyşynjy ýyllarda medeniýete gelen nesliň wekilleri oňa garşylyk görkezmeden-ä geçen, gaýta onuň diýdimzor diktator bolmagyna ýardam berdiler. Halkyň, ýurduň ykbaly gös-göni türkmenleriň özlerine garaşly bolup galandan soň, diňe perestroýka ýyllary erkin pikire imrigen az sanly adam Nyýazowyň döwletiň güýjüne daýanýan syýasatyna garşy çykmaga het edip bildi. Bularyň arasynda altmyşynjy ýyllaryň wekilleri ýok diýen ýalydy. Şu ýagdaý hem altmyşynjy ýyllarda merkezde ýüz beren öwüsginiň türkmen ruhuna ýylylyk çaýmandygyndan degerli nyşandy. Indi diktator Saparmyrat Türkmenbaşa aç-açan garşy durmaga milt edenlere türkmen dissidentleri diýse boljakdy. Ine, altmyşynjy ýyllar bilen togsanynjy ýyllaryň parhy şu ýerdedi. Indi biziň ykbal çözgüdimize dahylly häkimlik türkmenleriň özüne degişlidi, onuň geýdirýän otly köýnegi biziň egnimizdedi. Diktator alysdaky Moskwada oturan adam däldi, ol Aşgabatda otyrdy, öz türkmeniňdi. Şu ýakynlyk hem türkmen dissidentleriniň döremegine getiripdi. Olara garşy göreş çärelerinde Nyýazow üýtgeşik bir syýasata eýerjek bolup ýörmedi, sowet totalitar režiminiň belli çärelerine ýüz urdy. 1993-nji ýylyň tomusynda eýýäm kulty asmana galdyrylan prezident kabulhanasyna Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň agzalaryny ýygnap, "Agzybirlik" halk hereketiniň işeňňir agzalary bolan ýazyjylar Hudaýberdi Наllyýew bilen Akmuhammеt Welsарarowy soýuzdan çykarmagy örän aňsatlyk bilen gazanypdy. “Аzatlyk” radiosyndan edýän çykyşlary üçin olara bozgaklar diýildi. Olaryň özleri, maşgala agzalary agyr zorluklara duçar edildi. Olar ýurtdan çykyp gitmäge mejbur boldular. Şeýlelik bilen türkmen dissidentleri syýasy emigrantlara öwrüldiler. Bu sanawy uzaldyp boljak, türmelere taşlananlar, öý hem göz tussaglygyna sezewar edilenler, düşnüksiz ýagdaýda ölenler hem az däl. Leonid Brežnewiň durgunlyk ýyllarynda-da döredijilik işgärleriniň arasyndan çykan dissidentler şeýle zorluklara uçrapdylar. Eger öňki gürrüňimize dolanyp, ýene altmyşynjy ýyllarda edebiýata, sungata gelen nesil barada aýtmaly bolsa, Gurbannazar Ezizow bilen deň derejede goýulmaly şahyr Italmaz Nuryýewiň döredijiliginiň täsirli ugurlary barada 1992-nji ýylda çap edilen makalamda ýazypdym. Gynansak-da, şahyryň ady bu günlerde gereginçe tutulmaýar, döredijiligi öwrenilmeýär, goşgulary gaýtadan neşir edilmeýär. Sowet ideologiýasyna mahsus bolan alalyk düzgüni garaşsyzlyk diýilýän ýyllarda-da dowam etdirilýär. Kimleriň ady tutulmaly, kimlere birinji orun berilmeli, kimleriň ady tutulmaly däl – bular heniz hem döwlet ideologiýasynyň emrine tabynlykda galýar. Meselem, birinji orunda Gurbannazar Ezizow durmaly, mekdep programmasynda öňi bilen onuň döredijiligi öwrenilmeli, her ýyl doglan güni bellenmeli, ýubileýi şagalaňly geçirilmeli, ýadygärlikleri oturdylmaly. Italmaz Nury, Halyl Kuly ýalylaryň diňe ady tutulyp geçilse-de bolar diýilýäne çalym edýär. Hiç bir babatda meniň Gurbannazara göripçiligim ýok, türkmen edebiýatynda ol hormatlanmaly, okalmaly, öwrenilmeli şahyr. Men ýokardan berilýän görkezmeleriň adalatsyzlygyny aýdýaryn. Dürli hem köp agajyň toplumyndan tokaý döreýär. Biri beýlekisine meňzemeýän birgiden ýazyjydan tutuş edebiýat kemala gelýär. Bir ýa-da iki agajy öwrenip, men tokaýy bilýän diýip bolmaz. Diňe Magtymgulyny ýa-da Gurbannazar Ezizowy bilýänligiň türkmen edebiýatyny bilýändigiňe güwä geçmeýär. Iliň bir hany ýa-da bir serdary bolup bilýän-de bolsa, onuň diňe bir şahyry bolanok, birnäçe şahyry bolýar. Iň ýaman ýeri, Gurbannazaryň döredijiligi-de anjaýyn öwrenilenok, köplenç edebi taýdan derňewe ukypsyz adamlaryň lenji çykan öwgüli sözlerinden aňry gidilenok. Biziň neslimizden biri-birine meňzemeýän iki sany görnükli kompozitor çykdy: Nury Halmämmedow bilen Çary Nurymow. Ikisi-de aramyzdan ir gitdi, telim kämil, ajaýyp eser goýup gitdiler. Bu gün döwlet tarapyndan gurnalýan sarpa goýmak dabaralarda esasan Nury Halmämmedowyň ady tutulýar. Dünýä möçberinde ondan hem giň tanalýan, eserleri çalynýan Çary Nurymowyň ady hem tutulanok diýlen ýaly. Wagtal-wagtal dar ölçegde berilýän konsertler esasan onuň dostlarynyň tagallasy bilen geçirilýär. Eýse, bu meselede nähili görkeziji tutaryk edip alynýarka diýen sowal seriňe gelýär. Jogap agtaryp otyrkaň, has ýakymsyz pikire-de maýyl bolýarsyň: belki, olaryň doglan ýerine seredilýändir?.. Geliň, muny säwlik hasap edeliň, bu hata düzediler diýen umytda bolalyň... Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |