15:42 Baýrak | |
BAÝRAK
Goşgular
![]() Toý güni. Märeke. Şatlyk-şagalaň. Ynha, bir gapdalda göreş meýdany. Adamlar ses-üýnsüz synlap durdylar, Ýagyrnysy aştagta deý pälwany. Dyzyna çen düýrüp balagnyň gonjun, Ýylgyrýardy iki baka gezmeläp. Eýýäm taýyn durdy serpaýly horjun, Pälwan bolsa töweregne gözleýär. Hol gyrada göge tutup temegin, Toýuň baş baýragy-köşekli düýe, Bir ýaşuly sakgalyny darady: Gymmatly serpaýa kim borka eýe? Toýa myhman gelen goňşy obaly, Eginleri küňre mysaly pälwan, Göreşe çykjaklaň howuny basyp, Badyhowa gezmeleýär ikiýan. Myhman gelen pälwan hem ala meýdan, Kyn eken alaçsyz seredip durmak, Häzir olar üçin uly baýrakdy, Şol myhman pälwany agdaryp urmak. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |