06:22 Baýramçylyk hysyrdylary / satiriki hekaýa | |
BAÝRAMÇYLYK HYSYRDYLARY
Satiriki hekaýalar
Gülnabat sişenbe güni, ýagny ýedinji martda ertirki baýramçylyk saçagy üçin zerur zatlaryň hemmesini diýen ýaly dükanlardan, larýoklardan aldy, bazar goýman ygyp çykdy. Tüweleme, islän zadyň bar. Bazara pyýada gidip, «Mersedes» münüp gaýtsa bolýa. Şol gün onuň eli boşdy. Garagol gyzjagazy Güljemal çagalar bagyndady. «Ertir myhmanlaryň öňünde goýarlyk zatlarym bar» diýip Ogulnabat ýeňillik bilen dem aldy. Galak-gaçak kem zatlar barada oturyp pikir öwürdi, oýlandy. Birdenem: «Wiý, şampan çakyry ýatdan çykypdyr!» diýdi. «Saçagyň bezegi, o-da dursun ortada» diýip, şampan çakyryndan bir çüýşe almakçy boldy. Indi o zatlar aňsatlaşdy. Öý aşa bir hususy dükan açyldy. Özleri zat öndürmeseler-de, dükanlara gelýän harytlar şolarda bar. Ogulnabatlar dördünji gatda ýaşaýan bolsa, göni aşakda ýaşaýan birinji gatdaky goňşy Aýsonalar eýwanynyň öňünde larýok açdy. Saňa şampan çakyry gerekmi? Ýüpüň ujuny puluňy dakyp, aşak sallaý. Onýança-da Güljemal çagalar bagyndan geldi. Ol gyzjagazy Güljemala täze-täze eşikleri geýdirip, dükana alyp gitdi. Bu garagoly ýeke goýup gidip boljak däldi. Ýanyndan aýrylsaň, hökman bir çökder iş edýärdi. Öýde dik oturan zat goýmaýar, döwýär-ýençýär. Daşaryk alyp çykyp, öz maýdalyna goýberseň, soň tutduranogam. Ähli gerek zatlar alyndy. «Ind-ä bolaýan bolsaň gerek» diýip, Ogulnabat diwanda birsellem süýnüp, bilini ýazmakçy boldy. emma Güljemaljyk ejesini ýatmaga goýmady. Ýapon maýmyny makaka ýaly ot gorsaýardy, hasr urýardy. Oboýdan bölüp-bölüp alýardy. Ogulnabat az-salym «dynç» aldy. Öýüň içini ýerbe-ýer etdi. Emma ýaňky «makakajyk» bar zähmetiňi puja çykarýardy. Myhmanlar sekizinji mart baýramy güni, çarşenbede, günortan sagat on iki nol-nolda gelmelidi. Olaram fabrikde Ogulnabadyň özi bilen bile işleýänlerdi. Erkek, aýal, her hili milletlerden bardy. Nowruz aýynyň sekizinji martynyň daňy zenan mährine kybapdaş mylaýymlyk bilen lowurdap, dünýäni birenaýy gözellige öwürdi. Ogulnabat haýal etmän çekdirmäni atardy. Palawyň ýagyny ýakyp, etini, käşirini atyp, onam gaýnap durar ýaly etdi. Soň çaý oturtdy. Ýöne bu işleri ugrukdyrjagam bolsaň, bek otur-da sak otur bolaýmasaň, Güljemaljyk hezil berenokdy. Ony ejesi höre-köşe edip, ahyry ýatyrdy. Hüwdüläp gyşaryşyna Ogulnabadyň tas özem uklapdy. «Indi näme etmeli? Gel, boş oturandan tüwüni arassalaýyn, onsoňam et üwäp, suwly nahara böregem ataýynla» diýip, Ogulnabat oýlandy. «Myhmanlar goý, hezil edip otursynlar-la» diýip, tüwä seretdi, soňam börege başlamakçy boldy. Edil şu pikiri telepatiýanyň kömegi bilen aňan ýaly iki ýaşly garagolja Güljemal ala-goh bolup oýandy. Gele-gelmäne tüwüli jamy düşegiň üstüne agdardy. «Indi hiç zada eliňi ýetirmez bi?!» diýip, Ogulnabat uludan demini aldy. «Oňa-da uly adamyňkydan beter idi gerek. Aýak biten çaga bir ýerde durýamy, diýsene.ýaňy dil bitip barýan çaga bilen düşünişeniňden-ä, iňlisçe gepleşeniňem aňsatmyka diýýän. Özem bu ýaşdaky ýaga bir ýerde oturmaz ekeni. Hemme zadyňam arasyndadyr. Ululaň eden zadyny oňarsa-oňarmasa-da, etjekdendir. Indiki çagalar oýunjak oýnanok-da, adamyň nerwisini oýnaýar. Heý, gurjak oýnap oturan gyzjagaz gördüňizmi?! Gumdan kanal gurmak üçin «Samoswaljygyna» piljagazy bilen gum atyp oturan «şofýor» oglanjyga duşan dälsiňiz. Görmersiňizem, duşmarsyňyzam» diýip, Ogulnabat pikir girdabyna gark boldy. «Serçe goraýan ýaly ýöne gygyryp oturmaly: «Häýt, oňa degme», «Goý, ony ýerinde», «Rozetka sim sokma!», «Oboýy goparma!». Ogulnabadam ýekelli. Gaýny Bessir eje ortanjy oglunyň öýünde bolýar. O biçäre käte gelip: «Gelin, şu sapar sizde iki ýatjak» diýýärem, emma birem ýatyp bilenok. «Toba, toba, gelin, munyň çaga däl-de, ardurja äjit-mäjit-le, sary garynja ýaly adamy iýip barýarla. Öňem kel kellämde saç goýjag-a däl bi, ütüp-ütüp alýar, toba-toba!» diýip, gitmek bilen boluberýär. «Gelin, men gideýin, äýnegimiň çüýünem gaçyrypdyr, beýleki gözünem tapyp bereweri. Ýogsa men haýsy awtobusa münjegimem bilemok. Äýneksiz nomur saýgaramok. Ynha birin-ä tapdym. Çüýüni ýuwdan bolaýmasyn?! Tesbim bardy-la, gelin, wiý, bagyny üzüpdir. On bir sany monjugy bolmalydy. Dördüsi ýok. Ýuwutdym diýýämi? Bolmandyr. Wah-waheý, Haja gidip gelenler teperrik diýip getirip beripdiler. Ýuwdan bolsa, rengene salyp barlaweri. Men-ä gitdim, gelin». Ogulnabat Güljemalyň eline gurjagyny berip, özi böreklik hamyr üçin ýaňy un eläp başlapdy welin, dalandaky telefon jyňňyr-r-r etdi. «Fabrikdäkilerden biri meni soraýan bolaýmasyn!» ― Alýo, wiý, Aýnabat, asyl bu senmidiň, gyz?! Köne motor ýaly war-war edip, sesiň dagy näteňet, gyz, hä, daşary ýurtda gaýmak ýaly moroženoýe iýdim diýsene?! Sen bagtly! Daşary ýurtda iýen-içeniň özüňki, ony maňa aýtma-da, wagtym ýok, baýram geçirjek bolýas, myhmana garaşýan. Häýt gyz, makaka, Güljemal, aýryl, elegiň üstüne münme, bulaşma una, eşigiňi zaýaladyň. Saňa diýemok, Aýnabat, bu ýerde bir ýapon maýmyny bar-la. Aýu, Aýnabat. Gören eşideniňem gerek däl, getiren harytlaryňdan habar bersene?! Häýt, makaka, beýdip agnap, ýatma kendiregiň üstünde. Saňa diýemok Aýnabat! Aýu, boýdaş, getiren zatlaň hersinden birini häzir özüňjik öýe getir. Hyrydar taparys! Näme? Näme? 630 millimetrlik turba? Düşünmedim-le?! Pagta daramaklyk üçin dört tonnalyk teležka diýdiňmi? Häýt, Güljemal, una soda guýma diýýän men saňa! Saňa aýdamok, Aýnabat. Men senden soda getirdiňmi diýip soramok. Weý-weý, traktor T-70, T-150? SMP-015. Daş kesýän maşyn? Bahasy dokuz ýüz müň manat? Bir million diý-de gutar-da! Oýun etmesene, gyz. Aýnabat. Häýt, gyz, aýryl kendiregiň üstünden. Saňa diýemok, Aýnabat, tizräk aýtsana. Men howlugýan, hamyr etmeli, et üwemeli men. Aňyrdan Aýnabadyň jak-jaklap gülýän sesi eşidilýärdi. «Getiren harytlarym: Birleşen Arap Emirliginden BAE-den-le, Türkiýedenem, Ýaponiýadanam bar.häzir özüm barýan. Seni 8-nji mart bilen özüm elin gutlajakdyryn» diýip, Aýnabat trubkany goýjak bolanda, Ogulnabat: ― Wiý, şeýdip gönülesene, oýun edýän diýsene, gyz. Men-ä tank, raketa dagam getirdim diýermikäň öýtdüm. Aýnabat men howlugýan-la, OBHSS-e duşanyňy geleňde gür berersiň-le, gyz. Olam adamyňdan erbet däldir-le ― diýip, trubkany goýdy. Goýdy-da aşhana tarap howlukdy. Barybir Ogulnabat howluksa-da, howlukmasa-da, onuň Aýnabat bilen gürrüňi 15-20 minuta çekipdi. Oňa çenli gyzy Güljemaljyk etjegini edip ýetişipdi. Elegi düňderip onuň üstüne münüp, diňe boş gasňak edip goýupdyr. Özem boýdan-başa una bulaşypdyr. Täzeje eşikleri görer ýaly däldi. Kendiregiň göni üstünde oturyp, uny «eläpdir». Oňa gap-gaç ýuwulýan soda poroşokdanam ep-eslisini guýupdyr. Bankadaky duzy-ha başaşak agdaryp, una garypdyr. Aşhana häzir düýe agnan ýere meňzeýärdi. ― Wiý! ― diýip, Ogulnabat bir içini çekdi. Bar bolany, başga näme edip bolýa. «Muny nädäýipsiz?» diýibem, Güljemalyň üsti-başyny kakyşdyrdy! Ogulnabat zaýalanan uny hapa bedrä döküp, öňki köne elegini bir ýerden tapyp, gaýtadan un eläp, hamyr etdi. Oňa-da Güljemal tas gül oturdylan küýzedäki gumy eňderipdi. Ogulnabat hamyry basyryp goýdy-da, soň et üwemäge başlady. Ony gutaryp barýarka, işiginiň jaňy kakyldy. Oguljemal bu sapar Güljemaldan ahmal galmajak bolup, onuň elinden tutup, öz ýany bilen bile alyp gidip işigi açdy. Görse, daş işikde goňşy Aýsenem durdy. Ogulnabat bilen Aýsenem on-on bäş minitlap «soňky habarlaryň» ýörite goýberilişini diňläp, onuň süýji lezzetinden humar bolup durşuna dünýäni unutdylar. Hatda Ogulnabat gyzy Güljemalyň elinden sypyp gaýdanynam duýmady. Biliber onsoň gybatyň süýjüdigini. Her tarapdan habarlar programmasy uzaga çekdi. Dünýäni unutdylar. ― Jan goňşy Ogulnabat, hiç ýerde sesiňi çykarmaweri, seň diliňe bekdigiňe pisindim oturýa. Goňşy, hakyt Hurmanyň gyzy Gülasal, gaçaýypdyr-da, gyz, kakasy ýally biri bilen. Olam narkoman bolup çykanmyş-da. Tüf, tüf. ― Ilki şol narkoman ýylçyr bilen Hurmanyň özüniň gezesi geldi ― diýip, Ogulnabadam gürrüňi gyzyşdyrdy. ― Gulak eşidenini göz görmäwersin ― diýip, goňşy aýal Aýsenem ýakasyna taýly gezek tüýküren boldy. ― Eşider bolsaň, jan goňşy, Ogulnabat, bäş çagaly hol Jemile bar-a, şol hakyt daşary ýurtly biri bilen gaçyp gidipdir. ― Gitse, atamdan aňyrrak gitsin, indi getirmeli däl oň ýaly haram tulany. Etiň, çöregiň oçury azalar ― diýip, Ogulnabat, gürrüňe nokat goýdy. Emma Güljemalam oňa çenli üwelen ete «nokat» goýupdy. Gap-gaç arassalaýan soda poroşokdan-a ep-esli guýup, hamyry mazaly depeläpdi. Bir paçka çaý sodasy bardy, munam başaşak kakdy, üwelen etiň üstüne. Üwelen ete bir banka duzy hem guýup mynçgylady. ― Wiý, sen-ä işimi göräýipsiň ― diýip, Ogulnabat özüni lampa aşak goýberdi. «Ýeri, bolýa-da» diýip, Ogulnabat zaýalanan hamyr bilen üwelen eti beýläk, hapa atylýan bedrä atdy. Ýene hamyr etdi, soň et üwemäge oturdy. Işi ýarpylaberende telefon jyňňyr-r-r etdi. ― Weý, meždugorodnyý! Obadan ejem dagy jaň edýän bolaýmasyn?! Meni 8-nji mart baýramy bilen gutlajakdyr! Waý, ejem jan! ― diýip, ogulnabat et üwemesini goýup, eňdi telefona tarap, Güljemaly elinden sypdyrmady. ― Alýo, hawa, hawa, da-da! Men-dä şol. Saglyk gurgunlykdyr. Şo görüp gideniňizdäki ýaly. Sag boluň! Sizem gutlaýan! Jora jan, ölme-de ýit diýleni, nirä ýitirim bolduň? Äre bardym? Hany öňkiň? Türmä?.. Öz ýeriňe iberipsiňdä, onda o bendäni?! Senden her zat çykar! Gelsene öýe, gürleşeli. Bularyň, köne joralaryň, «süýji» gürrüňi ep-esli wagta çekdi. Onýança Güljemaljyk ejesiniň elinden hatyladyp dişledi-de, sypdy. Et üwelýän maşyny terslin-oňlyn aýlap keýpden çykdy, onuň içine oýunjaklaryny atyp jykdan geçirip, heziller edindi. Oduk-buduk ýasap oýnaýan plastelininem et bilen garyp üwedi. Duz ýerine wannadaky «Aýna» poroşokdan atyp, gysym-gysym guýup, göwünsolpydan çykdy. ― Wiý, nädäýipsiň muny?! ― diýip, ejesi Ogulnabat haýranlar galyp, näme diýjegini bilmän ýaýdanyp durdy. Üwelen eti hapa atylýan bedrä ýene atmaly boldy. Ony itdir pişige-de berip boljak däldi. Çünki onda tarakana sepilýän dermanam bar bolmagy ahmaldy. Indi, Ogulnabat Güljemaly ýuwundyryp, ýatyrmakçy boldy. «Uklaram weli, elim boşar, soň etsemem ýetişerin-dä» diýip pikir etdi. Sallançaga salyp üwräp başlady. Özem ýassyga ýanyny berip, şol hüwdüläp ýatyşyna Güljemal däl-de, özi uklady. Indi aşhana Güljemalyň doly ygtyýaryna geçdi. Onýança-da gapy kakyldy. Sagat 12.00. Myhmanlar uly şowhun bolşup, gül göterişip geldiler. Bahar baýramy 8-nji mart başlandy. Ogulnabadyň börek baradaky gürrüňi böregiň özüni iýenden has-da lezzetli boldy. gülşüp içleri gyrylara geldi. Aýdym-saz, tans, gutlaglar agşama çenli dowam etdi. Gurbangylyç HYDYROW. «Watan» gazeti, 08.03.1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |