10:19 Beki aga | |
BEKI AGA
Edebi makalalar
Meşhur ýazyjymyz Beki Seýtäkow bilen ençeme ýyllaryň dowamynda goňşulykda ýaşamak, bir howluda bile işlemek, komandirowkalarda, dynç alyşlarda bile bolmak, uzak-uzak söhbet edişmek maňa miýesser etdi. Ol diýseň işeňňir, dogruçyl, sada, ynanjaň, kätelerem sähel zady göwnüne alýan gaty ynjyk adamdy. Degişmäni, şatlyk-şagalaňy, oturyşyklary, edebi jedelleri biçak gowy görýärdi. Megerem, şeýle açykgöwünligindendir, biri öňürti gelip bir zat diýse güp ynanardy. Soňra ony raýyndan gaýtarmak aňsat-aňsat iş däldi. «Häý, şol-a haramzada ekeni» diýip, bigünä adama sögüner oturardy. Hakykata göz ýetirensoň bolsa, şol käýinýän adamsynyň ýanyna baryp, «Bagyşla, gardaş, şu çal kelläni etegime salyp, ýanyňa gelendirin, bagyşla» diýerdi. Ähli zamanlarda bolşy ýaly, uly adamlaryň şeýle sadalygyndan ýeserlik bilen peýdalanýan näkesler Beki aganyň töwereginde-de bardy. * * * Bir gezek ol öz işleýşi barada gürrüň edende, möhüm bir zady nygtajakdygyny bildirýän äheňde, çynlakaý sypata girip, şeýle diýdi: –Berdi Kerbabaýew, gerek bolanda, tutuş ýigrimi dört sagatlap, akademik Gaýyp Nepesow on sekiz sagatlap oturgyçdan düşmän işlemegi başarýan eken. Men on bäş sagatlap galman oturyp bilýän. Ýöne menem şolar ýaly on-on bäş minutlyk arakesmede nahar edinip ýetişýän. * * * Ol ilki kalbyna gelen sýužeti çaltlyk bilen kagyza geçiregendi. Romany 4-5 aýda, powesti birki hepdede, ulurak hekaýany, oçerki bir gijede ýazýardy. Bir ýazan zadyna gaýdyp galam degirmezdem. Bir gürrüňçilikde ol şeýle diýdi: –Ýazjak zadyňy ile gürrüň berme. Ýazmak hyjuwyň gowşar. Bahymrak kagyza geçirjek bol. Ýogsam, wakalar bilen aňyňda kän gabat gelşersiň, öwrenişersiň. Ol adaty bir zada öwrüler. Ýazmakdan eliň sowaşar. Soň ýazylmanam galar. * * * Onuň işleýşiniň belli bir düzgüni ýokdy. «Doganlar» romanynyň üçünji kitabyny hyjuw bilen ýazýarka, ol şol wagtky Mir prospektindäki (Häzirki Nurmuhammet Andalyp adyndaky köçe) jaýynyň eýwanynda gijäniň birwagtlaryna, käteler bolsa, daňdana çenli oturyp işlärdi. Tomus güni bolany üçin, eýwanyň äpişgeleri alaň-açykdy. Gijäniň birmahallary, töwerekde ses-üýn ýatyşansoň, Beki aganyň her bir hereketi, oturgyjynyň tykyrdysy eşidiler durardy. Ir ertirden gün guşluk bolýança-da onuň süýji ukudaky horruldysy töwerege ýaň salardy. Dilewar goňşularymyzyň biri bir gezek oňa şeýle diýdi: «Beki aga, eger walla, eýwanyňyzda traktor işläp durmukan öýdüpdirin. Soň görüp otursam, siziň horruldyňyz eken». Beki aga göwnühoşlyk bilen ýylgyrdy-da: –Ýatany-turany bilinmese, ondanam bir erkek bolarmy? Är kimin işlän adam kişi kimin ýatmalam-da – diýip, loh-loh güldi. * * * Beki aga durmuşyň ajysyny-süýjüsini kemsiz dadan, köpi gören, tejribeli adamdy. Täze tanşyny, gürrüňdeşini, ýaş şägirdini her hili usul bilen synap görerdi. 1964-nji ýylda M.Gorkiý adyndaky (häzirki ady Magtymguly) türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» (häzirki «Owadan» žurnaly) žurnalynda edebi işgär bolup işe başlapdym. Öňden gepleşişimize görä, Beki aga ikimiz ýekşenbe güni onuň öýünde duşuşmalydyk. Bellenişilen wagtdajaýyň ikinji gatynaçykyp, gapyny kakdym. Ses-üýn ýok. Beki aga öýde ýok ekeni. Jübimdäki bloknotdan bir tagta kagyzy ýyrtyp alagetdin, oňa şeýle ýazgy galdyrdym: «Geldim, öýde ýok ekeniňiz. Gelseňiz öýe jaň edäýiň». Şol gün biz duşuşyp bilmedik. Ertesi gün Beki aga meniň işleýän ýerime bardy. Salamymy oňly alman ýüzüme çiňerildi. – Şu hat seniňkimi?! – Hawa, men size garaşdym. Gelmediňiz-dä. – Mesele häzir onda däl. Sen uniwersiteti ýaňy gutardyň dälmi? Diplom aldyňmy? Beki aganyň hemleli sowallaryna az-kem aljyradym. Ony nämede ynjydanymy bilmän, sazanaklap durşuma «Diplom aldym» diýip çalaja seslendim. – Sen şol diplomy yzyna tabşyrmaly borsuň. Häzirem, ýör Garrynyň ýanyna (žurnalyň şol wagtky redaktory Garry Mämiýewa – H.D.) seni işden kowdurjak. – Ýaşuly, meniň etmişim näme?! – Sen sowatsyz. Gör, ahyryn, sekiz sözli ýazgyňda üç sany düýe ýaly ýalňyşyň bar. «Gelseňiz» sözi hal işligi bolany üçin yzyndan otur goýmaly, «öýe» sözüni üç harp bilen «öýe» görnüşinde ýazýaň. «Jaň edäýiň» sözüniň yzyndan ýüzlenme belgisini goýmansyň. Seni metbugatda, mekdepde işledip bolmaz. Sen ýalylar uly ili sowatsyz goýmasa-da biridir. Beki aga meniň gapyda goýup gaýdan kagyzymy elime tutduranda, hasam utandym. Ol meniň ýazgyjygymy gyzyl galam bilen barlapdyr-da, ikilik goýupdyr. Näme diýjegimi bilmän ýuwdunyp durun. Ahyram ol sesini biraz gowşatdy-da, mylaýymrak äheňde şeýle diýdi: – Ýokary bilimli adam diýmek oýun-oýunjak zat däl. Höküwmet nijeme harajat çykaryp, seni tutuş on bäş ýyllap okadypdyr-a. Žurnalist, ýazyjy boljak bolsaň, ilki bilen dürs ýazmagy öwrenmeli. Aslynda-ha sowatlylyk dürs ýazmakdan başlanýandyr. Şuny bek belle, inim! Şol günden başlap «Häzirki zaman türkmen diliniň iki tomlugy ençeme ýyllap meniň iş stolumdan aýrylmady. Ol tomluklary şol ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetiniň dilçi alymlary studentler üçin okuw gollanmasy hökmünde çap etdiripdiler. Men häli-häzirlerem şol kitaplary, düşündirişli, orfografik... sözlükleri her gün diýen ýaly elime alyp, sözleriň dürs ýazylyşyny öwrenýän. Her gezek kitaplara elimi ýetiremde, Beki aganyň şol birwagtky öwüt-ündewleri ýadyma düşýär. * * * Beki aga öz ýazgylaryny ak kagyza keşde çeken ýaly sünnäläp ýazardy. Ol «Doganlar» romanyny «Ogonýok» žurnalynyň möçberindäki ak kagyza tygşytlylyk bilen ýazdy. Muny näme üçin şeýdýänligini soranymda, ol şeýle jogap berdi: –Näme hem näçe ýazanyň göz öňünde dursa ýagşy, ýogsam, wakany artykmaç sozmagyň ýa-da kemter beýan etmegiň mümkin. Ýazaňda göwün ölçegem, göz ölçegem zerur. Men onuň hatynyň owadanlygyna, biçak dürs ýazýanlygyna hemişe haýran galardym. * * * Ol öz kärdeşlerine, aýratynam, ýaş şägirtlerine döredijilik babatynda zabun daraýardy. Ýüz görüp, gapyrga syrmasy bolmazdy. Sähelçe zehini bardyr öýdýän adamlaryna hossarlyk aladasy bilen garaýardy. Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda edebiýat meýdanyna gelen Oraz Akmämmedow, Nargylyç Hojageldiýew, Rahman Gelenow, Rejep Allanazarow, Arap, Täşli Gurbanowlar dagynyň ýazan eserleriniň ählisini okaýanlygyny gürrüň bererdi. Olaryň hersine özüçe baha keserdi. Wezipeli, işli adamdygyna garamazdan, ol oblast, respublikan seminarlary mahalynda ýaş galamdaşlarynyň golýazmalaryny ýaltanman okap çykyp, olara baha berýärdi. Ol iň kiçijik säwlikleri-de bagyşlamaýardy. Bir gezek döredijilik işine ýaňy başlan Hojanepes Meläýewiň hekaýasyny okap çykandan soň, oňa şeýle bir gülkünç sowal bilen ýüzlendi. Hekaýaň bir ýerinde «Çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, motorly doktora gitdi» diýip ýazypsyň. «Şahly doktora gitdi, aýagy sekil, maňlaýy sakar doktora gitdi» diýen ýaly düşünmelimi ýa da başga bir manysy barmy?! Belki, «motosikleti bar doktora gitdi» diýmekçi bolansyň! Ýalňyşyna birbada oňly düşünmedik Hojanepes janygyp gepledi: – Motoryna münüp, doktora gitdi diýdigim-dä, Beki aga. – Şeýle diýibem ýazmaly ekeniň, inim. Ýogsam, seniň ýazgyňa düşünmedik okyjy «Medinstitut motorly doktoram goýberip ugrapdyr-ow» diýer. * * * 1970-nji ýylyň güýzünde W.I.Leniniň doglan gününiň ýüz ýyllygy bilen baglanyşykly yglan edilen respublikan konkurslarynyň jemi jemlenildi. TSSR Ýazyjylar soýuzynyň edebi konkursynda meniň «Baky Nazarow günäkär däl» atly hekaýama ikinji baýrak berildi. «Mukaddes miras» atly hekaýam «Sowet Türkmenistany» gazetiniň konkursynda şeýle baýragy aldy. Şol döwrüň ülňüsi bilen seredeniňde baýraklaryň pulam eslije bar: hersinden iki ýüz manat. Adymyzam beýleki baýrak alan kişiler bilen bilelikde gazetlerde parlap çykdy, radioda, telewizorda ýaňlandy. Goşa konkursda goşa baýrak alan kişi: asyl özümçe ýazyjy bardyram öýdemok. Kerim şahyr aýtmyşlaýyn «...Bir mysgal abraýy agzyma atyp, prospekte sygman ýörün-dä»,. Hawa, ine, onsoň, «Baky Nazarow günäkär däl» atly hekaýamy elime alyp, bäri-bärlerde durman, gös-göni Beki aganyň gaşynda häzir boldum. –Baýragam alandyr bu hekaýa, kän eglemän çapedäýseňiz... Beki aga geň bir garaýyş bilen meniň ýüzüme seretdi: –Baýrak berildigi bu hekaýanyň hökman çap edilmegi üçin çykarylan kanun däl. Ýazyşyňa öz göwnüň ýetýän bolsa, uly baýrak şol. Aradan bir hepde geçip-geçmänkä Beki aga jaň etdim. Ol şol öňki pähimliligi bilen saglyk-amanlyk soraşdy: –Okadym, halamadym. Diliň dagyň nätüýsli: it ýandakdan böken ýaly. Saňa baýragy nähak beripdirler. Hekaýaňy Bäşim Ata berdim. Şondan alyp git-de, çap etdirjegiň çynyň bolsa, ony basa oturyp, täzeden işle. Telefon trubkasy gazap bilen ýerinde goýuldy. Esli wagtlap doňan ýaly bolup durun. Böwrümiň bir ýerlerinde şeýtany pikirjik peýda bolýar: «Beh, ýaş ýazyjy halyňa baýrak-saýrak dagy alyp adygyberseň, uly ýazyjylara ýarajak däl eken-ow. Bolasy Puşkin, Baýron dagynam galamdaşlary ilki halamandyrlar-a». (Bäri bärdäkileriň dagy atlary tutulýan däldir görseňiz!!!) Aradan üç-dört gün geçirip, Bäşim aganyň ýanyna bardym. Ol meni hemişekileri ýaly, güler ýüz bilen garşylady. Ýeri gelende aýtsam: biziň edebiýatymyzda Bäşim Ataýew ýaly ussat terjimeçini tapaýmak juda çetindir. M.Şolohowyň «Göterilen tarp», A.Fadeýewiň «Ýaş gwardiýa», I.Şamýakiniň «Aýadaky ýürek» romanlaryny, «Müň bir gijäniň» bir tomlugyny okap görüň. Şonda Bäşim aganyň türkmen dilini şeýle oňat bilşine telpek goýarsyňyz. Ol türkmen ýazyjylarynyň ençemesiniň talapkär halypasydy. – Häk, gojanyň-a gaharyny getiripsiň-ow. Ynha, gör, hekaýaňy nädäýipdir. «Senem bir üstünden geçäýmeseň, bor ýaly däl» diýdi. Iki gije oturyp diliňi mazaly ýençgiledim. Indi-hä bolaýan bolsa gerek. Äkit-de, maşynkadan geçirdip getir. Hekaýanyň tekstini Beki aga bilen Bäşim aga petir bezän ýaly edipdirler. Öz-özüme: «Hä, indem bir geple-dä baýrakçy ýazyjy» diýip, gyjalat berýän. Ýer-häýarylanok, menem giremok. Hekaýany elde täzeden göçürdim, ýogsam, oňa adam çagasy düşünjek däl. Maşynkadan geçirdemsoňam, ony redaksiýa eltmäge ýaýdandym ýördüm. Bir gün Beki aga jaň etdi: –Inim, hekaýaňy getir-dä indi. Ýogsam, okyjylar «Diwangulyýewiň baýrak alan eseri haçan çykýar» diýip, sorap durlar. Ol şeýle diýdi-de, «He-he-he» edip, ýogyndan gülüp goýberdi. Aradan bäş-alty ýyl geçensoň, men bir gezek oňa şu wakany ýatlatdym. Şonda ol şeýle diýdi: –Döredijilikde geçirimlilik etmek, duşmançylyk etmek bolýar, şuny bek belle, inim! * * * Ol bir gezek şeýle gürrüň berdi: –Ýazýan jümläň manysyny özüň seljerip görmeli. Goşjan Seýtmädowyň bir powestinde şeýleräk meňzetme bar ekeni. «Onuň gözleri bulutlaryň aňyrsyndan gözleýän döwüňki ýalydy». Men Goşjanyň özünden soradym. «Sen heý, bulutlaryň aňyrsyndan jyklap duran döwi gözüň bilen görüpmidiň». Ol elbet-de, «Göremok» diýip, jogap gaýtardy. Ýeri, ýazyjynyň görmän ýazan zadyna okyjy nädip ynansyn?! * * * Ençeme romanlary, powestleri, hekaýalary, oçerkleri döredenligine garamazdan, Beki aga yzygiderli ýazýan şahyrdy. Ellinji ýyllaryň başlarynda onuň küti «Saýlanan eserler» goşgular kitaby elden-ele geçip okalýardy. Ömrüniň ahyrky ýyllarynda Beki aganyň uly poemasy «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilipdi. Ol adaty klassyk stilde ýazýardy. Hut şoňa görä-de, Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Italmaz Nuryýewiň we beýlekileriň kapyýa, rifma, setir sazlaşygyna girizen täzeliklerini birbada kabul edip bilmedi. Bularyň metbugatda çap edilen goşgularyny halamaýandygyny gizläbem durmaýardy. Emma ömrüniň ahyrlarynda ol Gurbannazar Ezizowbilen TSSR Ýazyjylar soýuzynda bile işleşdi. Şo mahallar gürrüňdeşlikleriň birinde ol şeýle diýdi: – Her gün diýen ýaly täze goşgularyny okap berýär. Diňläp hezil edýän. Hawa, bu ýigit zor şahyr bolup ýetişer. Ýok, bular bizden ozdurjak! 1978-nji ýylyň baharynda keselhanada ýatyrka ol «Ýaş kommunist» gazetine – meniň işleýän ýerime jaň etdi. Italmaz Nuryýewiň döredijiligi barada giňişleýin makala ýazdym. Gysgaltman hemem ýakyn günlerde çap edip bilseňiz, size hödürlejek. Makul görseň, makala taýýar, gel-de, alyp git. Trubkany ýerinde goýup, onuň ýanyna eňdim. Makala şol hepdäniň ahyrynda gazetde çap edildi. * * * Gazet işiniň hysyrdylary bilen ýazyp-bozmaga wagtyňjuda azlygyndan zeýrenenimde ol şeýlediýdi: – Ýazmazlyga bahana juda kändir. Gep öz-özüňi ýeňip ýazmakdadyr. Ýöne şuny etmek üçin gaýrat gerekdir, baý, gerekdir-ä! * * * Bir gün ýanyna baramda, ol «Doganlar» romanynyň üç kitabyny üst-üste goýup, gök çaýdan keýpini kökläp oturan eken. Salamymy alyp-alman şeýle diýdi: – Ýazyjylygy güýmenje ýaly bir zatdyr öýdýärler. Bu kitaplar şu görnüşe gelýänçäler, baý, azap bary çekilendir-ow. Megerem, gabyr azabyndan bolsun diýilýän şüdür. Muny diňe döredijilik azabyny öz gerdenlerinde çekenler biler. * * * Beki aga degişmäni biçak gowy görýärdi. Şonuň üçinem, onuň oturan märekesi ala şowhundy. Ol kimdir birine henek atman oturmazdy. Gepde utulaýsa-da, asla gaty görmezdi. Gaýtam, «kak bäşi!» diýip, gowy söz tapan adama elini uzadardy. Döwürdeşleriniň arasynda Beki aganyň köp şorta sözleri ýörgünlidir. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaktory bolup işleýän döwründe ol günorta arakesmä-de gitmän, «Tokmak» žurnalynyň işgärleriniň arasyna her gün diýen ýaly gelerdi. Bu ýerde, giň, saýaly howluda günorta arakesmesi mahaly Pomma Nurberdiýew, Allaberdi Annaberdiýew, Gurbangylyç Hydyrow, Işanguly Guljaýew, Aşyrberdi Kürt dagy gyzyl-gyran gülşüp oturardylar. Bu ýeriň märekesi hiç mahal egsilmezdi. Beki aga degişme gürrüňlere goşulyp, gülüp hezil edýärdi. Bir günem Beki agany redaktorlykdan aýryp, Ýazyjylar soýuzyna konsultant edip işe geçirdiler. Şonda ol şeýle diýdi: Wezipeden aýrylanyma gynanamok, her günki gülüşmeden mahrum bolanyma welin, gynanmanam duramok. Elbetde, Ýazyjylar soýuzynyň jaýy bilen «Tokmagyň» ýerleşýän howlusy (häzirki Karl Marks köçesi) uzak aralygam däldi. Emma eýýäm şol günler Beki aga aýakagyrydan gaty ejir çekýärdi. * * * Ellinji ýyllaryň başlarynda, TSSR Ýazyjylar soýuzynda işleýärkä Beki aga Daşhowuza komandirowka gidipdir. Aeroportda ony soýuzyň Daşhowuz oblasty boýunça konsultanty, şol mahallar ýaş ýazyjy Hangeldi Garabaýew garşylapdyr. Olar oblast gazetiniň redaktorynyň maşynyna münüp, Tagta tarap ýela düşüpdirler. Megerem, ýazyjylygyna göwni ýetmäni üçinmi ýa-da synap görmekçi bolupmy – Beki Hangeldä ýüz bermändir. Ep-esli wagt dymyşyp gidipdirler. Tagtanyň bäri ýanlaryna baranlarynda Beki aga dillenipdir. – Heý, ýazýan zadyň barmy? – Ýazýan, ýaşuly. Dört-bäş hekaýam gazetde çykdy. – Näme okaýaň? – Şekspir, Mopassan, Gýugo, Çehow... Hangeldi ençeme ýazyjynyň adyny tutsa-da, bilgeşländen Beki aganyň adyny tutmandyr. – A sen meniň haýsy eserimi okadyň?! Hangeldi gaty howlukmaçlyk bilen. Garagolja çagalar, Bir kebelek tutdular. Ganatyndan, perinden, Zat goýmanjyk ütdüler – – diýip, onuň «Oba hekaýalary» kitabyndan şu setirleri aýdyp beripdir. Beki aga: – Ýene haýsy eserimi okadyň? – diýip sorapdyr. Beki aganyň ýüz bermän oturyşyna az-kem göwni galan Hangeldi suňşurypdyr: –Näme, siziň başga ýazan zadyňyzam barmy?! Şofýoryň gapdalynda oturan Beki aga yzyna öwrüliphezil edip gülüpdir: –Aldyň, kak bäşi! * * * Bir gezek Beki aga Gyrgyzystana – uly ýazyjylaryň biriniň ýubileýine gidip gelipdir. Ertesi güni TSSR Ýazyjylar soýuzyna baranda oňa Berdi Kerbabaýew gabat gelipdir-de, ikisi saglyk-amanlyk soraşypdyrlar. Berdi aganyň «Gyrgyzlara saparyň şowly boldumy, nähili hezzet-hormat etdiler?» diýen sowalyna Beki aga degişme bilen şeýle jogap gaýtarypdyr: –Bir hepdeläp atyň etini iýip, baýtalyň gymyzyny içip, hezil edip gezemsoň, Aşgabada gelemde, samolýotdan kişňäp düşdüm. * * * Bir gezek Beki aga bilen Daşhowuz şäheriniň bazaryna aýlanmaga baranymyzda, täsin waka gabat geldik. On-on bäş ýerde giden nobat. Hersinde ýigrimi-otuz adam dagy bar. Beki aga öňünden çykan ýaş ýigitden sorady: –Inim, bu nobatlar nämäň alamaty? –Aý, siz soramaň ýaşuly. Kimdir biri «Otluçöp gytaljak. Her gaby bir manatdan satyljak» diýip, bolgusyz myş ýaýradypdyr. Tas ýarym aý dagy magazinlerimizde otluçöp tapylmady. Ynha-da, wagonlap getirip dökdüler. Şu görýänleriňiziň ählisem otluçöp nobaty. Beki aga nobatlaryň biriniň başyna baryp saklandy. Epeý ýaşuly satyjynyň eline gyzyl onlugy tutduryp: – Hany, inim, müň gap otluçöp sana – diýdi-de, ullakan haltanyň agzyny açdy. Beki aga «biraz sägin» äheňde satyja duýduryş berip, ýaşula ýüzlendi: – A-how, sakgaldaş, öň Jüneýit han bu ýurda gan çaýkady. Soň baý-kulak, basmaçy diýip Stalin adamlary gyrgyna berdi. Soň uruş işimizi gördi. Indem sen munça otluçöp alyp ot berseň, Hywa topragynda durarlyk galarmyka?! Nobata duranlar ala-pakyrda berdiler. * * * Altmyşynjy ýyllaryň başlarynda, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işleýärkä Beki aga Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň toparynda Orta Aziýa respublikalarynyň pagtaçylarynyň Daşkent maslahatyna gatnaşypdyr. Şol maslahatda N.S.Hruşýow giňişleýin söz sözläp, bu respublikalar- da pagtaçylyga üns berlip, maldarçylygyň örän yzda galandygyny ýiti tankyt edipdir. «Sizde mallary gyşyn-ýazyn meýdanda bakmaga mümkinçilik baram welin, merkezden et dileýäňiz. Şu kemçiligiňizi aňyrsy bir ýyldan düzetmeseňiz, käbiriňiziň gözüňize görkezerin, wezipäňizden pyzaryn» diýibem ýer depip gygyrypdyr. Delegasiýa Aşgabada gaýdyp gelensoň, Balyş Öwezow ertesi güni maslahata gatnaşanlary kabinetine çagyrypdyr-da, olara şeýle tabşyryk beripdir: «Heriňiz bir raýona gidiň-de, maslahatda öňde goýlan wezipeleri birin-birin ilata düşündiriň!» Beki aga Daşhowuza baryp, şäheriň partiýa-hojalyk işgärleriniň öňünde çykyş edipdir. Ol maslahatda edilen gürrüňler hakda giňişleýin doklad edip bolansoň, zala ýüzlenipdir: – Hä, köp gepläp, ýüregiňize-de düşäýdim öýdýän, haýsyňyzda nähili sowal bar? – Mende sowal bar – diýip, ýazyjy Hangeldi Garabaýew ýerinden galypdyr. –Ýaşuly, bi ýoldaş Hruşýow goýundarçylygy, doňuzdarçylygy, düýedarçylygy, atçylygy, hatda bal aryçylygy ösdürmek barada-da gowy zatlary aýdypdyr weli... eşekler barada zat aýtmadymy? Oturanlar ala-pakyrda berseler-de, Beki aga öňki kaddyny birjigem üýtgetmändir. Ol zalda gülki ýatyşýança ep-esli wagtlap garaşyp durupdyr-da, hasam çynlakaý sypata girip, şeýle diýipdir: – Hawa, gadyrly ýoldaşlar, biziň mähriban partiýamyzyň parasatly ýolbaşçysy Nikita Sergeýewiçiň özem ýaşka çopançylyk edipdir, doňuz bakypdyr. Şonuň üçinem, ol hiç bir haýwany ýadyndan çykarman, hersi hakda aýratyn durup geçdi. Eşekler hakda-da nutuk sözledi. Türkmenistanda eşekleri ösdürmek hakda gürrüň edende ýoldaş Hruşýow «Gadyrly türkmenler, siz eşekleri ösdürjek bolup köp azar edinip ýörmäň. Daşhowuz şäherinde bir eşek bolmaly. Şony gowja bakyp-bejeriň, baryňyza münmäge ýeter – diýdi. Aýtmaklaryna görä, şonda gülkiniň zarbyndan jaýyň diwarynyň suwagy gaçyberipdir. * * * Beki aganyň şahyr Mämmet Seýidow bilen dostlugy gaty berkdi. Olar biri-birleri bilen hezil edişip, henek atyşýardylar. «Sowet edebiýaty» žurnalynda olar bile işleýärdiler. Bir gün täze eserini gutarmaga howlugýan Beki aga işe gelipdir-de, ýarym sagat oturyp-oturman Mämmet Seýidowa ýüzlenipdir: – Mämmet jan, meni Merkezi Komitete çagyrdylar. Möhüm mesele bar. Ol ýerde uzakly gün eglenmeli borun. Sen şu telefonyň başyna geç-de, jaň edenlere «Beki aga iş ýerinde ertir bolar» diýip, jogap berip otur. Mämmet şahyr razylaşypdyr. Ýöne Beki aga gidensoň, on bäş minut geçip-geçmänkä, kabineti gulplap, açary goýmaly ýerinde goýupdyr-da, öýüne ugrapdyr. Karl Marks ploşadyna golaý baranda, nirededir bir ýerde az-kem eglenen Beki aga şahyryň yzyndan ýetipdir. – A-how, Mämmet jan, senem gaýdyberipsiň-le?! Üstüni aldyran Mämmet şahyr sähelçejigemaljyramandyr: –Aý, ýaşuly! Siz gaýdanyňyzdan soň o taýlarda durarlyk galmady – diýipdir, * * * Beki aga TSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işleýärkä Dagystan ASSR-nde türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerine gatnaşýan türkmen ýazyjylarynyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edipdir. Delegasiýanyň toparynda meşhur şahyrlarymyz Towşan Esenowa, Mämmet Seýidow, Kerim Gurbannepesow bar eken. Bir gün olar ertirki çaýdan soň täzeje «Wolga» münüpdirler-de, Mahaçkaladan Derbende ugrapdyrlar. Beki aga başlyk hem ýaşuly adam hökmünde şofýoryň gapdalynda joňkarypdyr. Şahyrlaryň üçüsem yzky oturgyçda ýerleşipdirler. Uzakly gijäni awar şahyrasy Fazu Alyýewa bilen söhbetdeş bolup geçiren Towşan bajy (Ýazyjy-şahyrlaryň tas hemmesi diýen ýaly Towşan Esenowanyň adyny şeýle tutýardylar – H.D.) ýaglygyny başyna büräp, uka gidipdir. Şäherden ep-esli ara açylandan soň ölemen çilimkeş Mämmet şahyr çilim otlanjak bolupdyr welin, jübüleri boş çykypdyr. Kerim şahyryň ikisiniň ýolda mydar etmeli ýeke gap çilimem myhmanhanada galaýan bolsa nätjek! –A-how, jübüleriňi, sumkaňy barlaşdyrsana, belki, bardyr – diýip, Mämmet şahyr Kerime ýüzlenipdir. Näçe sermenselerem, çilim tapylmandyr. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly şofýoram çilimkeş däl ekeni. Beki agadan diläp çekmäni bolsa özlerine namys bilşen bolşup, ep-esli dymyşyp gidipdirler. Garşydan oba çyksa, sowlup alaýarys öýdüpdirler. Tüýs bolmajagyň oýny-da: maşyn aňyrsy-bärsi görünmeýän tekiz düzlükden gidip barýarmyş. Beki aga-da bu zatlary eşitmeýän ýaly, töwerek-daşynyň gözelligini synlan bolup, garagolluk bilen dymyp otyrmyş. Ahyram Kerim şahyr dillenipdir: –Mämmet jan, Beki aga ýaly agamyz ýanymyzdaka biz heý-de, çilim-silim ýaly owunjak zadyň aladasyny etmelimidiris. Nädersiň, häzir «Alyň, inilerim! Çekiň, noş bolsun!» diýip, bir gap çilimi bärik oklaýsa. Beki aga munuň ýaly bijlik tapsa, heý-de duşundan geçermi?! Yzyna gazap bilen öwrülip; – Ýoldaş Seýidow, ýoldaş Gurbannepesow, men siziň çilim göterýän hammalyňyz däl-de, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy. Başlyklyk hatyramy saklamagy sizden talap edýän. Çilim dilemäge het edeniňizem başlyklyk mertebäme dil ýetirildigi diýip düşünýän. Aşgabada gaýdyp baranymyzdan soň ikiňiziň meseläňizi prawleniýede goýjak. Gaharymy getirseňizýazyjylyk bildiňizden dynaýmagyňyzam mümkin diýipdir. – Başlyk aga, onda özüň bir hezil edip çilim çek, bize tüssesi gelse-de bolýar – diýip, halys çilimsirän Mämmet şahyr jibrinipdir. – Ýok, size şolam köp – diýip, Beki aga syňragyna gysdyran çilimini otlaman otyrmyş. Ahyram iki şahyr pyşyrdaşyp esli wagtlap bir zadyň maslahatyny edipdirler. Mämmet şahyr çynlakaý sypata girip, söze başlapdyr. – Dogrudanam, Kerim, ikimiz ýaşlyk edýäsmi-nämemi, agamyzyň sarpasyny saklamagy başaramzok. Onuň welin, gör nähili belent mertebesi bar. Başlyk, laureat, deputat! Beki agamyzyňky ýaly injigiň juda ýogyn bolaýmasa, heý-de bu derejeleri göterer ýalymy?! Ol bolsa, biziň ýalakylar bilen tirkeşmegi, Dagystan ýaly ýere sapara gelmegi dagynam özüne kiçilik bilenok. Sadalykdan, akyllylykdan nyşan şü, bilseň. Men-ä SSSR Ýazyjylar soýuzynyň indiki plenumynda «Konstantin Fedini SSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlyklygyndan boşadyp, ýerine Beki Seýtäkowiçi saýlamaly» diýip, teklip etjek. – Gaty dogry pikir, Mämmet, menem çykyş edip şu teklibi goldajak – diýip, Kerim şahyram gygyrypdyr. Beki aga: – Hä, indi ugruňyzy düzedip ugradyňyz, aly-y-yň, hezil edip çekiň-ň!– diýip, ol ikisine ýekeje çilim uzadypdyr. Mämmet, Kerim şahyr ýaly ölemen çilimkeşleriň uzak çydam edip oturjak gümany barmy?! Onda-da diläp çekmeli bolanda. Bu gezek Kerim şahyr söze başlapdyr. – Mämmet, häzir «Sowet Türkmenistany» gazetiniň baş makalasynyň sözleri bilen aýtsak, ýurdumyzda medeni rewolýusiýa amala aşyrylýar. Sowet medeniýeti bu gün-erte Ýewropa, dünýä medeniýeti bilendeňleşmeli. Şu wezipeleri amala aşyrmak üçinem akylly-başly ýolbaşçy gerek. Eger ertir Beki agamyzy Petr Nilowiç Demiçewiň (SSKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary – D.H.) ornuna belläýsek, göwnüme bolmasa, şol medeni rewolýusiýa birigün amala aşaýjak ýaly. Beki aga: – Hä, agaňyzyň kimdigini indi tanap ugran bolsaňyzam giç däl – diýip, olaryň hersine bir çilim beripdir. Aradan bäş-on minut geçensoň, Mämmet şahyr söze başlapdyr: – Görýän welin, Kerim, sen şu günüň halkara ýagdaýyna kembaha garaýan ýaly. Afrikada özbaşdaklyk ugrunda göreş tutaşdy. Wetnamda, Kongoda uruş gidip dur. Kubada rewolýusiýa amala aşdy. Tutuş dünýä ala-goh. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Dag Hammarşeldiň gümüni çekip, ornuna Beki agamyzy saýlaýsak, nädersiň, ähli zat gülala-güllük bolaýsa! Beki aga: – Hä, indi adam bolduňyz. Mugyra geleniňiz çynyňyz bolsa, ynha, size bir gap çilim, aly-y-yň! – diýip, hezil edip gülüpdir. Şol wagtam maşyn bir obanyň çetindäki benzin kolonkasynyň öňünde gelip saklanypdyr. Şofýor: –Gadyrly myhmanlar, men maşyna ýag guýýançam, suw-puw içip güýmeniň – diýip, garşydaky bufeti salgy beripdir. Baryp görseler, bu bufetiňem esasy harydy çilim bolsa nätjek! Özem haýsy sortundan diýseň barmyş. Mämmet bilen Kerim şahyr çilimden mazaly ýüküni tutupdyrlar. Maşyn ýola düşüp, sähel wagt geçensoň, Kerim şahyr Mämmetden sorapdyr: –Mämmet jan, hany sen dogrujaňy aýtsana, Bekiagamyz şu wezipesine mynasypmydyr?! –Baý-bow, mynasyp nämişlesin, ynha, saglyk bolsa, Aşgabada baranymyzdan soň muny häzirki wezipesinden pyzyp, OSOWÝaH-imiň (DOSAAF-yň otuzynjy ýyllardaky ady – D.H.) Tagta raýon bölümine inspektor edip ibereris. Çasly gülki maşyny ýarara getirende, Beki aga iki elini galdyryp gygyrypdyr: – Utuldym, utuldym, wah!.. * * * Ýazmaga wagt bolsun diýip, Mämmet şahyr «Sowet edebiýaty» žurnalynda ýarym hakyna işleýär eken. Bir gün Beki aga öz işgärleri – ýazyjylar Kakaly Berdiýew, Bäşim Ataýew, Ata Söýünow dagyny daşyna üýşürip, çaý başynda anekdot aýdyp berip otyr eken. Beýlekiler gyzykly gürrüňe hezil edip gülüşseler. Mämmet şahyr ýöne ýylgyryp oňaýypdyr. Muňa geň galan Beki aga Mämmet şahyra ýüzlenipdir! –Sen näme güleňok ýa-da meniň aýdýanlarym gyzykly dälmi? –Ýaşulular sowetiniň başlygy! (Mämmet şahyr käte dostlarynyň adyny şeýle tutýardy – D-H.) Men seniň eliňde ýarym hakyna işleýän. Şoň üçinem ýylgyrsam bolýa, doly gülmäge ýagdaýym ýok. * * * Berdi Kerbabaýewiň «Magtymguly» spektaklynyň uly arakesmesinde ýazyjylaryň biri teatryň balkonyndan gygyrypdyr: – Beki, aý Beki! Ýaňy Magtymguly şahyr «wyždan, wyždan» diýip gygyrdy welin, o diýdigi näme bolýar?! Beki aga sähelçejigem säginmän jogap gaýtarypdyr: –Wah, sende ýok zady men saňa nädip düşündireýin?! * * * Ömrüniň ahyrky ýyllarynda Beki aganyň görýän gözüne (onuň bir gözüni heniz çagaka mama keseli alan eken) ýorka gelip, ol ony Moskwada operasiýa etdiripdi. Ol gözüniň açylyşy barada soňra uly powest ýazypdy. Operasiýadan soň Aşgabada gaýdyp gelende, aeroportda oňa halamaýan edebiýatçylarynyň biri pete-pet gelipdir. Sowatsyz tankytçylygynyň üstesine ol adam juda medeniýetsizem eken. Ol Beki agany göreninden içginsiräp: – O-how, Beki aga, kör galanmyşyň diýipeşidip gaty gynanyp ýördük. Yzyňdan gidelem diýişdik. Wagt bolmady-da, zyýany ýok. Indi beri gözüň görýärmi. – diýip, gaty ses bilen zowladypdyr. Beki aga onuň ýüzüne dikanlap seredipdir-de: – Wah, gözüm açylansoň, Aşgabada gelemden ilkigörjegimiň sen boljagyny bilen bolsam, operasiýa diýip uzadan aýagymy ýygnamazdym – diýipdir. * * * Onuň iň owunjak zatlarda-da öz berk pozisiýasy bardy. Şu häsiýetinden onuň jebir çeken bolmagam mümkin. Her haýsy bolanda-da, ony öz pikirinden, dändermek kyndy. Iň ýönekeýje meselelere-de şeýle eserdeň, aýawly garaýardy. Bir gezek ýaş ýazyjylaryň biriniň eseri ara alnyp maslahatlaşylýarka (maslahatda bary-ýogy 7-8 adam bardy) başlyklyk ediji Gurbannazar Ezizow Beki aga söz berdi. Beki aga stulyny şakyrdadyp agyr göwresini galdyrdy. – Ýaşuly, oturan ýeriňizden aýdyberseňiz-läň – diýip, Gurbannazar içgin sypaýyçylyk bilen ondanhaýyş etdi. – Ýok bolmaz – diýip, Beki aga basym bilen aýtdy. – Beýdip, garalýan meseläniň hem öz çykyşymyň ähmiýetini peseldip bilmen... * * * Bir gezek Magtymguly Garlyýewiň aýdymlaryny diňläp otyrka şeýle diýdi: – Şunuň sungatyna ýaş ýigitkäm düşünen bolsam, düýbünden başgaça ýazardym. * * * Bir gürrüňdeşlikde ol şeýle sowal berdi: – Öz ýaşytdaşlaryňdan kimleriň eserlerini halaýaň?! Ýöne ýüz görmezden aýt! –Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny, Atajan Taganyň hekaýalaryny, powestlerini hezil edip okaýan. Ýene bir şahyryň, bir ýazyjynyň adyny tut! –Italmaz Nuryýew, Hojanepes Meläýew. – Aýal-gyzlardanam ikisiniň adyny aýt! – Näzik Annatyýewa, Ogultäç Orazberdiýewa. Ol az-kem oýlanyşyp oturdy-da, uludan demini alyp, ýene-de sowal berdi: – Bu zatlary soraýanymyň sebäbini bilýämiň? – Siziň biri-biriňize göwnüňiz ýetýäni gowy zat. Ynha, biziň ýaşuly neslimizde beýle däl. Ýazan zatlarymyzy okaman, kimiň kimdigine göz ýetirmän, biri-birimizi ýigrenişip ýörüs. Ep-esli ýaşap, atly-abraýly adamlar bolup ýetişenem bolsak, käte tire-taýpa bähbitlerinden ýokary galyp bilemzok. Şulam, meger, türkmen ýazyjylarynyň iň erbet keselidir. Bu sözleri Beki aga 1978-nji ýylda Arçman kurortynda dynç alyp ýörkäk aýdypdy. Şu günler bolsa, kalbymy bir sowal häli-şindi ünjä salýar: «Biz şol keselden haçan saplanarkak?!» (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |