BERDINAZAR HUDAÝNAZAROW-3
▶ 3: Çingiz Aýtmatow we Berdinazar Hudaýnazarow
Berdinazar Hudaýnazarow 1992-nji ýylda ýazan «Ömrüň sahypalary» atly makalasynda özüniň döwürdeş ýazyjylary hakda söz açyp, şeýle diýýär: «Özleriniň döredijiligi bilen meni baýlaşdyrýan häzirki zaman ýazyjylarynyň arasynda, ilki bilen, Çingiz Aýtmatowyň, Resul Gamzatowyň, elbetde, A.T.Twardowskiniň atlaryny tutasym gelýär». Bu ýerde «meni baýlaşdyrýan» diýen jümlä nähili düşünmeli? Meniň döredijiligime güýçli täsir edýän diýen manydamy? Eger şeýle bolsa, onda Hudaýnazarowyň döredijiliginde şol ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň täsiri duýlaýmaly ýaly. Ýöne Berdinazar aganyň proza, şygry eserlerinde ol adamlaryň täsirinem, olara çala meňzeşligem görmedim. Belki, şeýle ýakynlyk göze görnüp duran däl-de, döredijiligiň has teýindäki bir sferalarda bildirýändir?! Ýok, men halypanyň döredijiligine belli bir derejede belet adam hökmünde muny hem aýdyp biljek däl.
Meniň pikirimçe, şahyryň ýokarky jümlesine intellektimi baýlaşdyran, gözýetimimi giňelden diýen manyda düşünmeli bolsa gerek. Şonuň üçinem şol adamlaryň aňyna-da, olar baradaky maglumatlara-da, olaryň haýsydyr birhili täsirlerine-de Berdinazar aganyň publisistikasynda gabat gelmek bolýar. Şahyryň publisistikasynda şol galamdaşlary hakyndaky gyzykly durmuş faktlary-da, anekdotlar-da, olaryň eserlerine gaty inçeden düşünilişi aňladýan özboluşly baha-da bar.
Döwrümiziň beýik ýazyjylarynyň biri Çingiz Aýtmatow, onuň döredijiligi hakyndaky pikirlere Berdinazar aganyň makalalarynda, ýatlamalarynda köp duş geldim. Halypa 1987-nji ýylda ýazan «Çingiz Aýtmatow hakynda söz» atly uly bolmadyk makalasynda Aýtmatowyň ýazyjylyk gabarasynyň nähiliräkdigini görkezip bilipdir. Ol, ilki bilen, bu ýazyjynyň gaty okumyşlygyny, intellektiniň juda ösendigini belläp geçýär. Dogrudanam, şu tarapdan söz açylmagy gaty ýerlikli bolupdyr. Sebäbi biziň orta türkmen ýazyjymyza iň ýetmeýän zat intellekt. Bularyň köpüsi asyl üýtgeşik bir zatlary okamalydyr hem öýtmeýärler. Moskwada Edebiýat institutynda okan birnäçe ýazyjymyz, şahyrymyz mümkinçilikden doly peýdalanyp bilmän geldiler. Leksiýa barmasaňam bolýan eken diýip, «döreden» boldular. Haýp! Ýazmaga Aşgabada gelibem wagt tapsa bolardy ahyryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy bilen tanşylanda, gör, nähili gowy bolardy! Aýtmatowyň gaty okumyşlygy oňa öz döredijiliginde Gündogaryň hem Günbataryň edebiýatlarynyň gazananlaryny sepleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa dünýä derejesindäki çeper pikirlenmäni kemala getirýär. Meniň pikirimçe, biziň indiki nesillerimiziň ýazyjylary Ç.Aýtmatowyň, B.Hudaýnazarowyň tipindäki ýazyjylar bolmaly. Munuň özi inçe şahyry, pelsepeçi ýazyjyny, okumyş edebiýatçyny, berk ahlak pozisiýaly şahsyýeti özünde jemleýän adamdyr, döredijilik işgäridir. Aýtmatow hakynda söz açanda halypanyň onuň edebiýatçylygyna gepi syrykdyrmagy ýöne ýere däl. Ol biziň öz aladamyz, öz ýetmezlerimiz bilen baglanyşykly: «Häzirki wagtda bizde döwrüň derejesindäki professional çeper tankydyň ýoklugynda, şu ýagdaýyň bolsa edebi prosesiň ösüşine gürrüňsiz ýaramaz täsir edýändigini nazara alanyňda, Çingiz Aýtmatowyň edebiýat meseleleri barada söhbet açýan düýpli tankydy, teoretiki makalalaryny hem öz dilimizde kitap edip çykarmak peýdaly bolardy. Durmuşyň bir duran ýerinde durmaýşy ýaly, edebiýat teoriýasy hem özgerişi başdan geçirýär. Ç.Aýtmatowyň eserleri bize lezzet almak üçin-de gerek weli, pikirlenmegi öwrenmek üçin, häzirkizaman çeperçilik medeniýetine düşünmek üçin has-da zerur». Biz, soňky nesilleriň ýazyjylary öz öňümizde öwrenmäge, görelge almaga şeýle şahsyýetleriň bardygyna begenip, olardan mümkingadar köpräk sapak almaga çalyşmaly. Sebäbi edebiýaty täze belentliklere galdyrmagyň hötdesinden diňe öňki tejribeleri oňat özleşdiren nesil gelip biler. Çünki Ç.Aýtmatowyň, Berdinazar aganyň sözleri bilen aýdanyňda, haýran galdyrýan intellektual dereje, giň gözýetim diňe bir talant mynasybetli däl, eýsem zähmet hem döredijilik gözlegleri bilen gazanylýar.
Ýöne esasy zat – Aýtmatowyň döreden eserleri. Öz galamdaş dosty hakynda söz açanda, B.Hudaýnazarow onuň döredijiligine aýratyn ünsi çekýär. Ine, ol Ç.Aýtmatowyň edebiýatdaky aýgytly ädiminiň «Jemile» powestiniň bolandygyny belläp geçýär-de, eseriň düýp manysyny çözläp ugraýar. «Jemile» powestiniň ilkibaşky ykbalynyň birtaraplaýyn bolmandygy gyzyklydyr. «Jemile» Fransiýada «goh turzup» ýörkä, Orta Aziýada kän okyjylar bu esere juda seresaplylyk bilen garaýardylar. Köp adamlar bolsa Jemiläniň hereketlerini görnetin goldamaýardylar». Soňra ýazyjy şol çapraz garaýyşlaryň hersiniň öz delilli, agramly taraplaryny çintgäp, öz pikirini aýdýar. Şunda ol öz durmuşy, ruhy we edebi tejribelerine daýanýar. Berdinazar aganyň öz edebi tejribeleri Jemiläniň obrazynyň on menzil golaýyna-da barmaýar. Ýöne halypa özüniň makalasynda Jemilä bolan garaýşynyň dura-bara üýtgändigini ýazýar. «Men şunça yzyma garap, nazarymy, hakydamy şol agyr ýyllara öwürýän welin, frontda söweşip ýören ärine biwepalyk eden gelin ýadyma düşenok» diýen ýazyjy yzýanyndan «Jemile ömrüniň başynda bir gezek ýalňyşypdyr, ýöne bütin ömrüni şol ýalňyşyň pidasy etmekçi däl» diýip ýazýar. Meniň pikirimçe, şu pikirler çaprazlyk däl, pikiriň ösüşini aňladýan iki sany basgançak. Dogrusyny aýtsam, birinji sitadada men B.Hudaýnazarowyň hut öz häsiýetli garaýşyny, öz gymmatlyklarynyň sistemasyny, öz ahlaky dilini görýärin. Siz şol sistemany, şol dili onuň prozadyr poeziýa eserlerinde görüp bilersiňiz. Her näme diýseňem, her hudožnigiň öz ýoly, öz döredijilik belentligi bar. Okyjy hökmünde özgäniň eserine, zähmetine baha bermek bir zat, ýazyjy bolup öz ideýaňy, öz dünýäňi açmak bir zat. Birinji halatda sen ähli obýektiwligiňi saklamaga dyrjaşmaly, ikinji halatda ýazyjy, onda-da Hudaýnazarow ýaly özboluşly gymmatlyklar sistemasy bolan uly ýazyjy öz subýektiw garaýyşlaryny ilkinji planda goýýar. Ol sistema bolsa durmuşyň özünden alnyp, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryndan alnyp, «Haşar» powestinde, «Gumlular» romanynda, birnäçe poemalardyr, goşgularda beýan edilýär. «Jemiläniň» Günbatardaky şöhraty Jemiläniň obrazynyň Ýewropa ýaşaýşy üçin ýat däldigi üçinmikä diýýärin.
Gaty synçy edebiýatçy hökmünde halypa gürrüňi edilýän ýazyjynyň baş döredijilik aýratynlygyny gysgaça häsiýetlendirýär. Ol bu hakda şeýle ýazýar: «Şu ýagdaý ýazyjynyň pikirleniş aýratynlygy bilen bagly: Aýtmatow ÝITILEŞDIRILEN DUÝGULARYŇ ýazyjysy, ine, şu ýerden hem onuň döredijiligindäki her hili «galypdan çykmalara», öwrenişilmedik çözgütlere, haýran galdyrýan wakalara alyp barýan akabanyň gözbaşyna ser salmak mümkinçiligi açylýar». Dogrudanam, Çingiz Aýtmatowyň islendik eseriniň turuzýan şowhunynyň aňyrsynda ondaky çözgüdiň adaty däldigi ýatýar. «Jemile» hakynda ýokarda az-kem ýaňzydyldy. «Ene toprak» powestindäki Tolgonaý daýzanyň gelni Alimany ýatlap görüň. Heý, kesgitli bir garaýşa sygjak obrazmy?! Frontda wepat bolan erkegiň yzynda özge biri bilen gezip, özünden bolan çagany hem öz gaýyn eneňe goýup gitmek? Men muny ýatlaýan weli, biziň käbir ýazyjylarymyzyň, kinoçylarymyzyň şu hili shema köre-körlük bile eýerip, masgara bolşup ýörüşleri göz öňüme gelýär. Her ýazyjynyň ylhamy öz halkynyň ruhy gymmatlyklaryndan iýmitlenmeli. Eger türkmen ýazyjylarynyň birinde Aýtmatowa ýakynlyk bar bolsa, onda Berdinazar agada bolaýmaly. Emma halypa şöhrata ymtylyp ýa täsire üstüni aldyryp, özgelere köre-körlük bilen eýerýän ýazyjy däl. Onuň ylhamyny iýmitlendirýän ruhy gymmatlyklar başga, onuň edebi hem ruhy-ahlaky gyzyklanmalary hem ideýalary başga. Bir söz bilen aýdanyňda, onuň dünýäsi başga. Onda-da ahlak meselelerinde Berdinazar agada türkmen kesgitliligi, ahlaky gymmatlyklaryň üýtgewsizliginiň tarapdarlygy güýçli duýulýar. Bu meselede ol hatda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň içinde-de öz «konserwatiwligi» bilen köpleri «gorkuzyp» gelipdi. Munuň özi, megerem, halypanyň tüýs türkmençiligiň saklanan ýerleri diýilýän ahlaky sredada önüp-ösenliginden, beýnisiniň bekänliginden bolsa gerek. Türkmen bu meselelerde gümmi-sümmini, şol sanda edebi gümmi-sümmüleri-de halanok, ol çürt-kesikligi talap edýär.
Ç.Aýtmatowyň «Asyrdan uzaga çeken gün» romanynda Ýedigeýiň ýüreginde öz dosty, biwagt aradan çykan Abutalybyň aýalyna söýgi döreýär. Ine, ýitileşdirilen duýgularyň ýazyjysy diýdirýän edebi fakt. Ýazyjynyň «Ahyrzaman» romanynda-da şeýle galypdan çykma çözgütler bar. Şeýle çözgütlere baha bermek üçin gaty okumyş bolmaly, sungatyň tebigatyna, ýazyjynyň döredijilik stiline hem ideallaryna inçeden düşünýän adam bolmaly. Eger Aýtmatow geň-enaýylygy ýitileşdirilen duýgulardan gözlän bolsa, B.Hudaýnazarow ol geň-enaýylygy milli häsiýetiň ekzotikasyndan, milli ruhuň baky hökmürowan ýörelgelerinden gözledi. Aýtmatow gymmatlyklaryň umumadamzat aspektine agram saldy. Hudaýnazarow milleti millet edýän ruhy-ahlak gymmatlyklary tekrarlamany özüniň baş wezipesi hasap etdi.
Berdinazar aga Ç.Aýtmatowyň türkmen genisi Magtymgula garaýşynyň üýtgeşik bolandygyny, oňa gaty uly baha berendigini öwran-öwran gaýtalaýar: «Men şuňa degişli sitatalary getirmekçi: «Milli guwanç barada söz açylanda beýik pähimdarymyz Magtymgulynyň respublikamyzda geçirilen 250 ýyllyk ýubileý dabaralarynda Çingiz Aýtmatowyň aýdan joşgunly sözleri güpbe ýadyňa düşýär. Meşhur ýazyjy XVIII asyry Orta Aziýada Magtymgulynyň asyry diýip atlandyrdy». «Akyly-parasady bilen dünýäni haýran galdyrjak Geniý şu sähraýy ülkede dörär diýip kimiň kellesine gelýärdi?».
Çingiz Aýtmatow şeýle diýipdi. Ondan soň bolsa ol «XVIII asyr Magtymgulynyň asyrydyr» diýip tassyklady.
Biz Magtymgulynyň beýikligini öňem bilýärdik. Aýtmatow ýaly dünýä belli şahsyýetiň baha bermegini eýýäm özge halklaryň özümiziň Magtymgulynyň orny baradaky pikirimiz bilen ylalaşmagy hökmünde kabul edýäris. Aslynda öz genimizi biziň şondan öň tanaman oturmandygymyz düşnükli. Berdinazar halypanyň Aýtmatowyň bahasy hakdaky pikirinden men şeýle many aňladym. Onsoň halypanyň «Arman, biziň şindiki derejämiz şol juda gymmatly sözleri magnitofona ýazyp alyp, metbugatda tutuşlygyna çap etmäge-de mümkinçilik bermändir» diýen sözlerinde özgeleriň boýun almasyny, ykrar etmesini dokumental fakta öwürmek niýetini görmek bolýar.
Berdinazar aga Ç.Aýtmatow, K.Kulyýew, D.Kugultinow ýaly belli ýazyjy-şahyrlar bilen Moskwanyň Edebiýat institutynda tanyşdy. Halypanyň «Ömür kitabynda» Moskwa, Peredelkino hakynda mähirli hem gyzgyn ýatlamalar bar. Onuň ýazyjylyk kämilliginde şol ýyllar, şol ýerler uly rol oýnapdyr. Taryhda sap ýaramaz ýa-da tutuşlygyna gowy döwür bolmaýar, bu ikisi durmuşda köplenç bir ýerde, ýanaşyk gelýär. Sowet Soýuzy wagtynda edilen gowy işler az bolmandyr. Rus diliniň özleşdirilmegi, rus edebiýatynyň biziň milli edebiýatymyzda oňyn täsiri – şeýle pozitiw hadysalar halypanyň interwýularynda, makalalarynda öwran-öwran nygtalýar, halypanyň öňki edebi gatnaşyklary indi ideologiki galypsyz dikeltmek isleginiň bolmagy tebigy zat. Hatda biz Aýtmatowy-da rus dili arkaly tanadyk ahbetin. Bizde gyrgyzçadan terjime edip bilen adam bolmadymyka diýýärin. Şonuň üçinem edebi-çeper gatnaşyklaryň atmosferasy çeperçilik taýdan ýokary eserleriň döremegine şert bolupdy.
Osman ÖDE.
Edebiýaty öwreniş