15:53 Berekella, han Hatyjam... | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ «BEREKELLA, HAN HATYJAM!» Seýdi zamany Buhara emiri birnäçe gezek ärsary türkmenleriniň üstüne goşun dartyp, uly uruş edipdir, sebäp ärsarylar paç-hyrajyny tölemekden boýun towlapdyr. Ondan daşgaram emiriň Çärjewdäki dikmesi öz kellekeserlerini ogryn-dogryn alamana ugradýan eken. Bir gezek şol alaman Seýdiniň obasyna çozupdyr. «Atlan-ha-atlan!» bolşup, dessine ýigitler alamany gaýtarmak bilen çäklenmän kowup, şähere dykypdyr. Ozalam bahana arap ýören ýigitler alamany şähere dykdym diýip oňjakmy. Urýarlar çapawuly, edýärler alamançylygy... Seýitnazar Seýdi hem şu öýe giräýsem-ä boş çykmasam gerek diýip köşgi-eýwanly baý öýe talaňa girýär. Gije duýdansyz üsti basylan görgüliler yzan-da-çuwanmyş. Diňe bir gyz dikilgazyk bolup seredip durmuş. Seýdiniň oňa gözi düşenden imany öçýär. Ol ýöne-möne gyz bolman, jadygöý bir gyzmyş! Gözleri bilen dünýäni otlaýyn diýse otlap biljek gyzmyş! Seýdi talaňdan geçip ol gyza bir zaman garap durup, baryp goşaryndan gysymlap alyp ugraýar. Gapa ýetenlerinde gyz elini sypdyryp, ylgap öýüň törüne gidýär. Demir sandygy zarňyldadyp açyp bir bukjany hem göterip çykýar. Seýdi başga hiç bir zat alman, gyza çäkmenini dolap, atyň ardyna alyp, ata gamçyny basypdyr. – Hatyja, ynha, saňa bir hyzmatkär gyrnak getirdim... Hatyja gyzy synlap, onuň hyzmatkärlik gyz däldigini aňýar, ýöne syr bildirmän: – Sag-aman gelen ýeriň bolýar – diýip, gyzy öýe salýar. Adamsyna düşekçe oklap, el-aýagyny ýuwdurýar. Gyzam ýadyrgamanyň deregine gaty arkaýynmyş... – Hatyja jan, dünýäde menden gowy görýäniň barmydyr? – Ýokdur, Seýdi! – Hatyja jan, gara ilinde, beg ilinde menden batyr, menden edermen ýigit barmydyr? – Ýokdur, Seýdi! – Menden batyr, menden edermen ýigit ýok bolsa, näme diýip men ýeke heleýli gezmeli. Soltanýaz begiň üç, Agaly begiň dört aýaly barka äriň ýeke aýal bilen oňmalymy? – Ygtyýar sendedir, Seýdi! Seýdi oňa senden göwnüm bitdi diýip inileriniň birini çagyryp: – Bar, mollany alyp gel! – diýip, ýumuş buýurýar, pyşyrdap hem başga zatlary aýdyşdyrýar. Özüniň bir garyş ak boýnuna owsun atyp duran towar-towar zülpüne, görk-görmegine göwni ýetýän gyz bir-de Seýdini, bir-de Hatyjany synlap, ýaşynaýyn hem diýmeýärmiş, gaýta, gözlerini güldürip, ähli jadysy bilen Seýdä nazar salýarmyş. Seýdiniň yşgy göterilip, diwardan asylgy dutaryny alyp, belentden düzüp bir şygry owazlandyryp aýdanmyş. Ol aýdym bolup aýdym däl, şygyr bolup şygyr dälmiş. Ýolbars Gandym ol şygryň haýsydygyny bilmeýän eken, ýöne meniň çakym çak bolsa, ol: Birisi jennetiň hüýrü-gulmany, Birisi huplaryň hany-soltany, Aşyk Seýdi diýer, sürdüm döwrany, Köňlümde galmady zerre armanym – diýen bent bilen gutarýan «Boldy seýranym» atly goşgy bolsa gerek. Bir salymdan mollanyň ýerine obanyň öňüne düşýän adamlar gelip başlaýar. Yz ýanam gyzyň hossarlary, töwellaçy ýaşulular, boýnuna selle oran gyzyň kakasy-da gelýär. Olar gyza altyndan baha kesseňiz hem kesiň, ýöne bize ony berip goýberiň diýip özelenýärler. Gyz: – Men gitjek däl! Meni kime äre bereniňde-de şundan gowy ýigide bermersiňiz – diýip durmuş. Gyzy yzyna berýärler, Çärjew beginiň özi gelip gara hem beg obalaryndan üç ýyl salgyt almajakdygy hakda äht edýär, zyndanda ýatan dokuz sany ärsary ýigidini boşadýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |