19:45 Bergä başgaça seretmek | |
BERGÄ BAŞGAÇA SERETMEK
Maliýe we ykdysadyýet
Añ azatlygynyñ uç-gyraksyz çäksizligindäki dana "dälileri" diýseñ gowy görýärin. Ýurdumyzda bular ýaly gaýduwsyz akyldarlary tapmak barha kynlaşýar. Umumy akyma eýerýän, ýat tutulanlary gaýtalaýan we köp bilýändirin öýdüp her özbaşdak pikire "komplimasiýa" diýýän nijeme körzehin akyllysumaklar bar ýurdumyzda. Bir dana "däli" tanatmak isleýärin: Professor Dewid Greber… ABŞ-ly ykdysady antropolog. Magistrligi we doktorlyk dissertasiýasyny Çikago uniwersitetinde gorady. Ýel uniwersitetinde dosent bolup işlemäge başlady. Ýedi ýyldan soñ, 2005-nji ýylda uniwersitet ony işinden boşatdy. Tanymal alymlaryñ, akademikleriñ başyny çeken topar onuñ uniwersitete yzyna alynmagy üçin 4.500 gol ýygnady. Ýel uniwersiteti raýyndan gaýtmady. Çünki: Professor Greber Bütindünýä industriýa işçileri sindikatynyñ agzasydy we 2002-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä ykdysady forumyny protest edenleriñ öñbaşçylaryndandy. Ýigrimiden gowrak ýüztutmasyna garamazdan ABŞ-da iş tapmandygy ýylda Angliýa "akademiki sürgünlige" gitdi: London School of Economics… Bu uniwersitetde eden birinji çykyşynyñ temasy şudy: "Bilimiñ añyrsy: Güýç, jahylyýet we akmaklygyñ arabaglanyşygynyñ açylyşy". Bilimi pula indekslän neoliberalizmi ýazgaran, 2010-njy ýylda Angliýany sarsdyran talyp protestlerine gatnaşdy. Ykdysady deñsizlige we puluñ syýasatdaky täsirine garşy geçirilen “Wall Streeti basyp al” çykyşyna guramaçylyk eden topardandy. Bu protestiñ iñ esasy öñe süren sloganlaryndan “Biz ýüzde 99” Greberiñ sözleridi… Uzatmaýyn, Wenesiýada gezip ýörkä öthaltasy näsazlyk tapynyp, 2020-nji ýylda elli dokuz ýaşynda aradan çykdy. • KREDIT KARTY BERGISI Antropolog Dewid Grebere gaýdyp geleris. Ilki JHP-niñ "Köşgüñ gara düzgüni" ("Saray'ın Kara Düzeni”) beýanatyndan sitatalar getirjek: "- 2002-nji ýylda ýekebara kreditden peýdalanan ildeşlerimiziñ sany 1 million 275 müñ bolan bolsa, bu görkeziji 2021-nji ýylyñ dekabr aýynda 34.8 milliona ýetipdir. - Adam başyna düşýän kredit bergisi ortaça 30 müñ lira bolupdyr. - 2021-nji ýylyñ noýabr aýyndan başlap şahsy kredit bergileri taryhda birinji gezek jemi 1 trillion liradan geçdi. - Diñe gerekli krediti we kredit kart bergileri jemi 686 milliard lira ýetdi. - Karz alyp biljek ilatyñ azyndan segsen göteriminiñ banklara bergidar hala gelendigi ýüze çykdy. Ýaşaýşyñ barha gymmatlamagy, inflýasiýa we pes girdejiler sebäpli ýakynyndakylara bergili bolanlary-da goşanyñda, bu görkeziji togsan göterimdenem geçýär. - Ildeşlerimiz we ykdysadyýetimiz näsaz bergidarlyk girdabyna sokuldy. - 2020-nji ýylyñ ýanwar-dekabr aýlary bilen 2021-nji ýylyñ ýanwar-dekabr aýlarynda kredit kart bergilerini berip bilmedik raýatlaryñ sany 84% we şahsy kredit bergisini berip bilmedik raýatlar sany 211% artdy..." Eýsem: JHP-niñ "bergi meselesine" degişli düýpli çözgütleriñ teklibini berip bilýärmi? Professor Grebere gaýdyp geleýin: • ASYL BERGILI KIM? Antropolog Greber 2011-njy ýylda “Bergi: Birinji 5.000 ýyl” atly “adatdan daşary” kitabyny ýazdy. "XXI asyryñ iñ köp okalan jemgyýetçilik antropologiki kitaby bolar" diýip baha berlen kitap dünýäde iñ köp satyn alynan kitaplaryñ sanawyna girdi. Bergi pikiriniñ taryhy ösüşini orta goýan Greber okyjysyny täsin baglanyşyklar bilen, paş etmeler bilen doly bäş müñ ýyllyk ýolagçylyga çykarýar. Mysal üçin şeýle diýýär: "- Bärde diýseñ aldawa düşüriji bir zat bar. Ahlak dramalarynyñ barsy şahsy berginiñ netijesinde keýpe kowalaşmak, adamyñ ýakynlaryna garşy eden günäsi hökmünde görülme çaklamasyndan başlaýar..." Şu ahlak jogapkärçiligi boýnuña dakylýar: “- Mundan ötri öweziniñ hökmany suratda arassalanmagy, çile çekip puşmana gelip gowulaşmagy gerek…” Eýsem: “- ABŞ-daky bergi bibatlygynyñ birinji sebäpleriniñ biri syrkawlyga garşy çykdajylardyr, edilýän bergileriñ köpüsi durmuşy bökdençsiz dowam etdirmek üçindir..." Galyberse-de: "- Ykdysatçylaryñ ‘keýpine harçlamak"diýip at dakanlaryna begenýän zatlary üçin karz alan bolsalar, esasan çagalaryna bermek, dostlary bilen bölüşmek ýa-da beýleki adamlar bilen gatnaşyk açmak (toý etmek ýaly) üçindir. Diñe ýaşamaga dowam etmekden ybarat bolmadyk durmuşda ýaşamak üçindir..." Greber bergini sap raýatyñ öz meselesi edip görkezýän we her hili ýagdaý bolanda-da tölenmegini boýnuña dakýan süýthorçylykly sistemany ýazgarýar. "Näme üçin hiç kim kredit berijiniñ-sistemanyñ jogapkärçiligini pikir edenok?" Meseläniñ özeninde "hyraçhon" kapitalizmiñ "adamlar bergili (gul) bolmalydyr" düşünjesiniñ ýatandygyny aýdýar. “Ýeri, onda bergi näme? Bergi diñe ýoýulan wadadyr. Matematiki taýdan we diýdimzorlyk bilen hapalanan wadadyr…” IMF bilen bir hatarda bergi imperializminiñ - global syýasatlaryñ, güýjüñ, diýdimzorlugyñ düýbi bolan bergi kesgitleme "Biz ýüzde 99" kesgitlemesini merkeze oturdyp baha berýär. Hawa, meseleleriñ çözgüdine dürli tarapdan seredip bilýän dana "dälileri" gowy görýärin, näme diýseñ baş atyp duran status-kwoçylary däl… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |