21:18 Besdir indi! | |
BESDIR INDI!
Publisistika
Ady - Sabahatdin Çakyr. 1936-njy ýylda Reşadiýe-Tokatda dünýä indi. Stambulyñ Tehniki uniwersitetini 1961-nji ýylda okap gutardy, hünäri boýunça inžener. Maşgalaly, dokuz ýaşly çagasy bardy. 1974-nji ýylyñ 11-nji oktýabry. Malatýa-Hekimhanda magdan käniniñ eýesi "Bilfer" şereketine garşy çykyşyñ başyny başlady. Şereket mitinge gatnaşan 190 işçini, yzyndan ýene 35 işçini işden kowdy. Magdan inženeri Çakyr işçileriñ şereket bilen iş berijiniñ garamagyndaky sary sindikat hyzmatdaşlygy bilen bile kowulmagyna nägileligini bildirdi. Iş beriji Çakyryñ "mejbury rugsat" ulanmagyny makul bildi. Çakyr garşy çykdy. Kän wagt geçmänkä birnäçe işçi tarapyndan urlup öldürildi. Jenaýat bolandygynyñ habaryny alan Magdan inženerleri müdirligi Çetin Uýgury barlag işlerini geçirmek üçin Hekimhana ugratdy. Çetin Uygur Zonguldak-Dewrekde 1940-njy ýylda dünýä indi. Olam Stambulyñ Tehniki uniwersitetiniñ magdan fakultetini tamamlapdy. Işine Zonguldagyñ magdan kärhanasynyñ Kozlu käninde magdan inženeri bolup başlapdy. Hem Zonguldak magdan känlerinde geçiren barlaglary, hem Malatýa magdan känlerinde gören zatlary... hem iş berijiniñ, hemem sary sindikatçylygyñ işçileri eksplutatirleýäni görenden soñ, bütin bu ýagdaýlary aradan aýyrmagyñ ýeke-täk ýoly bar diýip netije çykardy: Sözüñ doly manysynda sindikatlaşmak! 1975-nji ýyl... Çetin Uýgur we işdeşleri Ýerasty magdan-iş sindikatyny gurup, işe başlady. Ýeni Çeltek, Aşkale, Hekimhan, Diwrigi birinji toparlanan ýerler boldy. Soñra Tekirdag, Saraý, Artwin Murgul, Ankara Çaýyrhan, Kahramanmaraş Belbaşy, Şyrnak Jizre, Tokat, Turhal magdan känleri ýaly jemi 17 sany kärhana birikildi. 15 müñ agza toplandy. Bu magdan känlerinde komitet we geñeşe goldanýan "öndürijileriñ dolandyrýan" synagy durmuşa geçirildi: Öndürýän biz, dolandyrýanam biz bolarys! Aglabasy obadan çykan ýersiz-mülksüz magdan işçileriniñ rehim-şepagatsyzlyk bilen eksplutaturlenýän feodal sistemasynyñ soñuna nokat goýmakçydylar. Ýerasty magdan-iş sindikaty üçin derwaýys meselelerden biri-de işçiniñ saglygy we iş howpsuzlygydy, ähli edilen işlerde bu iki talap öñe sürüldi. Öñüni alyş işlerini talabalaýyk berjaý etmek, gazuw işleri gidip durka etmeli işler, bikanun gazuw we beýleki köp meseleler boýunça sindikat magdan işçilerini okatdy. Hemmeler biri-biriniñ janyna jogapkärdi. Şeýle-de, iş berijiniñ ýerine ýetirmeli öñüni alyş işleri meselesine-de sindikat talapkär seretdi. Mysal üçin: sindikatyñ iñ güýçlenen ýeri Ýeni Çeltekde 1976-njy ýylda bolup geçen 23 günlük iş taşlaýyşyñ netijesinde iş howpsuzlygy boýunça möhüm öñe gidişlikler gazanyldy. Emma işçileri synpy merkezli guramaçylyk hiç añsat bolmady. Ramazan Sewindik ýaly dört işçi wepat boldy. Çetin Uýgur we sindikatyñ ýolbaşçylary garşysyna Ankarada gurnalan ýaragly hüjümde ýaralandylar... 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabrynda bolan harby döwlet agdarlyşygy bu sindikatyñ işini gadagan etdi. Diñe olam däl, DISK-i hem ýapdy. Kenan Budak ýaly käbir sindikatçylaryñ janyna kast edildi. Ýerasty magdan-iş sindikatyna agza magdan işçileri tussag edildi. Diñe "Ýeni Çeltek sud prosesinde" 402 magdan işçisi jezalandyryldy... On ýyldan soñ... 1990-njy ýylda Ýeni Çeltekde rudniý gazy partlap, 68 işçi gurban boldy! Diýmek, "kysmat" eken-dä, şeýlemi? Amasrada 41 işçiniñ ölen pajygaly wakasy Türkiýäniñ iñ uly magdan jenaýatlarynyñ arasynda bäşinji ýeri eýeledi. Mundan öñ 1983-nji ýylda Armytjykda 103, 1900-njy ýylda Ýeni Çeltekde 68, 1992-nji ýylda Kozluda 263, 2014-nji ýylda Somada 301 magdan işçisi gurban boldy. Sany az bolany üçin dile düşmän galan ölümlerem bar: 2020-nji ýylda 66, 2021-nji ýylda bolsa 75 magdan işçisi öldi. Hawa, ýeri indi şu ölümler "kysmatmy", "mañlaýlaryna ýazylanmy", "ýazgytmy"? Kömür çykarylyşynda ölüm pidaly heläkçilikler ABŞ-da ýüz müñde sekiz, Germaniýada 4, Türkiýede bolsa 60! Heý beýle-de zat bormy?!.. Besdir indi! Nämüçin ýurdumyzda magdan işçileriniñ heläkçilikli ölümleriniñ öñi alnanok? Gürrüñ uzyn, entek dowam etjek. Samahyllyny, boş gürrüñi goýalyñ indi... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |