11:07 Beýik Galkynyş Eýýamy - Täze Mümkinçilikleriñ Döwri | |
BEÝIK GALKYNYŞ EÝÝAMY ~ TÄZE MÜMKINÇILIKLERIÑ DÖWRI
Edebi tankyt
(Jumageldi Mülkiýewiñ "Seljuklar" romanyna edebi syn-sözbaşy) Türkmenistanyñ Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyñ badalga beren beýik Galkynyş eýýamy sözüñ doly manysynda täze mümkinçilikleriñ döwrüdir. Milli Liderimiziñ ýurdumyzyñ döredijilik intelligensiýasynyñ wekilleri bilen 2010-njy ýylyñ 24-nji fewralynda geçiren duşuşygy hormatly Prezidentimiziñ döredijilik işgärleri baradaky aladasynyñ hem-de olaryñ öñünde goýýan adalatly talabynyñ subutnamasyna öwrüldi. Türkmen Lideriniñ şol duşuşykda sözlän sözündäki "Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler, beýik ýeñişler, şol ýeñişlere eltýän ýadawsyz zähmet wasp edilmäge mynasypdyr. Ata Watanyñ beýikligi wasp edilmäge mynasypdyr" diýen sözler döredijilik işgärleri üçin maksatnamalaýyn jümlelerdir. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ şeýle duşuşyklarynyñ üsti bilen döredijilik işgärlerine bildirýän talaby ~ bu döwrüñ talabydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan badalga berlen beýik Galkynyş eýýamy ýazyjy-şahyrlar üçin hem uly mümkinçiliklere ýol açylan döwürdir. Beýik Magtymgulynyñ "Kitap okan gullar manydan dokdur" diýen jümlesinden ugur alnyp, beýik Galkynyş eýýamynda halkymyzyñ kitaba goýýan sarpasynyñ mundan beýläk-de artmagy üçin uly işler edilýär. Hormatly Prezidentimiziñ tagallasy bilen ýurdumyzyñ ähli künjeklerinde döredilýän kitaphanalar milletiñ ruhy ojaklaryna öwrülýärler. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyñ 24-nji fewralynda döredijilik intelligensiýasynyñ wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýurduñ taryhyny öwrenip, ata-babalarymyzyñ edermenliginj wasp edip döredilýän taryhu eserler barada hem aýratyn durup geçdi. Türkmende "Millet daragt bolsa, taryh köküdir" diýen söz bar. Ýene bir halk paýhasymyz bolsa, "Geçmişi bolmadygyñ, geljegi bolmaz" diýip, taryhy eserleriñ döwür üçin ähmiýetini ýene bir gezek tekrarlaýar. Şol jähetden ýazyjy Jumageldi Mülkiýewiñ soñky ýyllar üstünde ymykly işläp döreden "Seljuklar" romany beýik Galkynyş eýýamynyñ beren giñ mümkinçilikleriniñ netijesidir. Bu eser türkmeniñ şöhratly geçmişi barada gürrüñ berýär. Ol müñ ýyl töweregi wagt mundan ozal ýer-ýurt darkaşlar guran ata-babalarymyzyñ edermenlikleriniñ beýany. Beýik Galkynyş eýýamy ýurdumyzyñ taryhyny öwrenmeklige hem giñ ýol açdy. Hormatly Prezidentimiziñ tagallasy bilen ýurdumyzda indi geçirilmesi asylly däbe öwrülen halkara ylmy maslahatlaryny bu ugurda alnyp barylýan önjeýli işleriñ hataryna goşmak bolar. Türkmeniñ Mäne baba, Mahmyt Kaşgarly ýaly meşhur şahsyýetlerine bagyşlanyp geçirilen we beýleki halkara ylmy maslahatlarynyñ netijelerini "Seljuklar" romanynda aýdyñ görmek bolýar. Romanyñ Oguz han neslinden bolan Seljuk begiñ ogullarynyñ, onuñ agtyklary Togrul beg bilen Çagry begiñ döwrüñ öñünde görkezen edermenlikleri barada gürrüñ berýän sahypalarynyñ türkmeniñ ýaş neslini watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Dañdanakan söweşinden soñ dörän Beýik seljuk türkmen döwletiniñ işine Mäne babanyñ ak pata bermegi, bu günki beýik Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimimiziñ baştutanlygynda pajarlap ösýän türkmen döwletiniñ binýadynyñ berkdiginiñ nyşany bolup ýüreklere ornaýar. Şeýle taryhy wakalara baý bolan "Seljuklar" romany hormatly Prezidentimiziñ "Hiç eýýama meñzemeýän ajaýyp döwür" diýip mynasyp at beren beýik Galkynyş eýýamynyñ beren mümkinçilikleriniñ önümidir. G.ORAZGULYÝEW, ýazyjy. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |