Oguz ÖDE
▶ BEÝIK OGUZ DERÝASY
Müňýyllyklaryň içinden agdarylyp, düňderilip, wagşyýana owsunyp, bir ondan çykyp, bir mundan çykyp akyp ýatan Jeýhun derýa. Müňlerçe ýyl mundan ozal gowakdan çykyp, bir menzilden eýmenç şaggyldysyndan endamynyň tüýi üýşen ilkidurmuş adamy neneňsi bu derýany Hudaý sanmasyn!
Iki gyrasy gamyş-garsy bilen parawuzlanan, däli sil ýaly hanasyna sygman çarp urup ýatan derýanyň aňry gyrasyna gözüň zordan ýetýär. Aňyrbaşyndaky adam garynjadan sähel uly gyrmyldy bolup dur. Derýa, bir görseň, bükdürilýär, bir görseň, arka tarapyny görkezjek bolýan ýaly beýlesine düňderilýär, birdenem ullakan şogap ýasap, güwwüldäp başlaýar. Çagalykdan meniň aňymda, beýnimde, gözümde galan bu görnüş mydama meniň bilen ýaşaýar.
Beýik şahyr Gurbannazar Ezizow, meger, bu däli derýanyň kenaryna gelen däldir? Wolga derýasyny rus ruhuna meňzedip ýazan şahyr bu derýanyň başyna geleninden Jeýhun onuň bar ylhamyny oýaryp, özi ýaly joşa getirerdi. Gurbannazardan Amyderýa meňzäp ýatan tebigy goşgularyň ýene biri galardy...
Dürli taryhy eýýamlarda dürli halklar tarapyndan dürli at alan Amyderýa – Oks derýasy, Oguz derýasy, Jeýhun derýa taryhyň, eýýamlaryň, döwürleriň, ýyllaryň, ykballaryň içinden akyp ýatyr, akyp ýatyr...
Oguz-Turan zamanlarynda, babalarymyz jany älemiň çeşmesi bolan oda çokunýarkalar, Uzboýyň Hudaýyna Anahita diýipdirler. Ene bile atanyň nikasyndan çaga dogulýar, Uzboý bilen Garagumuň nikasyndan taryhy ýaşaýşyň bir formasy – Türkmen döräpdir. Millet bolup dörän gününden başlap, onuň ata Watany – Uzboý derýasynyň, gadymy Öküz derýasynyň kenarlary bolupdyr. Türkmeniň millet hökmünde ýokary galmasy, pese düşmesi – gezekleşip gelen bu taryhy hadysa şol derýalaryň janlanmagy, guramagy, joşmagy, suwunyň çekilmegi bilen üznüksiz baglanyşykly bolupdyr. Örän gadymy zamanlarda – Gorkut atanyň «oguz zamanlary» diýýän döwründe, taryhçylaryň bolsa «turanlylar» diýýän döwründe bu derýanyň adyny ýunan taryhçylary Oks diýip tutýarlar. Professor S. Tolstow Oguz sözüni şol atdan gelip çykan hasaplaýar. «Uzboýdaky» «Uz» bölegi-de «Oguzyň» üýtgedibräk aýdylýan görnüşi bolmaly.
Watanyň diňe toprak däl, suw, derýa bilen baglanyşyklydygy öz-özünden düşnükli zat. Magtymgulynyň:
Türkmen ilim, eý, adamzat!
Azat sil, güzer gözlär men –
– diýmesi-de ýöne ýere däl.
Birnäçe alym türkmeniň geçmişde pese düşmegini saltyklar ýa gara-akgoýunly imperiýalaryň dargamagy bilen baglanyşdyrýar. Ýöne, meniň ynanyşyma görä, ol Uzboýyň gutarnykly guramagy bilen baglanyşdyrylsa, dogry boljak. Derýa guransoň, türkmen ol ýerde näme üçin dursun? «Suw damjasy – altyn dänesi» diýen pähimi suwuň zaryny çeken halk döredip biler. Şondan soň ýüz elli ýyl: «Watan! Watan! Watan!» diýip ser-sepil bolundy.
Amyderýa ataşparazlaryň baş dini kitaby, gurhany bolan Awestanyň içinden akyp ýatyr. Ataşparazlar bu derýany Hudaýlaryň biri hasaplap, munuň beýik kenarlarynda oturyp sežde edipdirler. Men hem şol ataşparazyň oturan ýerinde otyryn, derýa nädip sežde edilmelidigini bilemok. Sen meniň günämi ötewer, eý, beýik derýa!
Amyderýanyň döreýşi barada enem şeýle rowaýat gürrüň berdi: gadym-gadym zamanlar ekiz dogan bolupdyr. Olaryň birine Keruly diýer ekenler, beýlekisine Kerkiçi. Keruly ylymda pir ýetişen, dünýä ýaly giň, parasatly adam bolupdyr, Kerkiçi bolsa jahan baýlygynyň eýesi eken. Günleriň bir güni olaryň arasyna tow düşýär. Kerkiçiniň aýaly adamsynyň baýlygyny gaýyn agasynyň hojalygyndan gabanyp, äriniň ýüregini çişire-çişire ahyry ony agasyna duşman edipdir. Kerkiçi:
– Şundan şeýläk meniň tarapyma geçiji bolaýma! – diýip, agasy bilen aralyga ullakan gylyjyny goýupdyr.
– Eý, Allam, bu nä ahwalat! Enäniň dar garnynda dokuz aý oňşup ýatan doganyň bilen Taňrynyň giň dünýäsinde bile ýaşaşyp bilmeseň niçik bolar? Dogandan mähriban kim bolup biler? Hiç kim! Ikimiziň aramyza gylyç düşenini eşitseler, nädip ile-güne çykyp bolar. Dogan bilen doganyň arasyna doganlykdan eziz bir zat salmak diňe seniň goluňdan geler, Taňrym, senden medet! – diýip, Keruly pahyr ýedi gije-gündiz perýat edip, Allatagala ýalbarypdyr. Ýedinji günüň daňdany pir kişi daş çykyp doganynyň köşgi-eýwanyna, soňra arada ýatan gylyja seredip başlapdyr. Allanyň gudraty bilen göm-gök, buz ýaly polat eräp, ilki çeşmejige öwrülipdir, soň-soňam çaýa, soňra ullakan derýa öwrülip gidipdir. Şondanam Amyderýa döräpdir.
Men bu ýönekeý rowaýaty hakydamda aýlap, derýanyň aňry tarapynda beýik depäniň üstünde ýazylyp ýatan Kerkiçi şäherçesine nazar salýaryn. Bu rowaýat Kerki hem Kerkiçi hakynda ýalňyz rowaýat däl. Bu babatda rowaýat köp...
Mähnet toraňňynyň kölegesi şemalyň ugruna çalaja çaýkanýar. Toraňňynyň hünjülije ýapraklary gazak gyzlarynyň gulakhalkasyna meňzeýär. Toraňňynyň üstünde hol beýik şahanyň üç haçja bolýan ýerinde haýsydyr bir guşuň höwürtgesi kiçijik planeta bolup görünýär. Höwürtge gyrgynyňky bolmaly.
Oglankak şunuň ýaly toraňňylara çykyp, bahar paslynda ýaňy ganatyny ýetirip ugran gyrgy jüýjesini öýe getirip eldeki ederdik. Eliňden lukma iýip ulalan gyrgy, sygyrdygyň, nirede bolsa ýetip geler. Ekiniňe serçe geljek gümany ýokdur!..
Derýanyň endiremesini aşagyma ýazynyp, üstüme şaggyldysyny ýapynyp ýatyryn. Zemin birsydyrgyn endiräp ýatyr.
Düýp babamyz Oguzhan bu derýanyň gyrasyny syryp, agyr goşuny bilen ýöriş edipdir, derýa «Oguz derýasy» diýip at galypdyr. Isgender Şahly bu derýanyň kenarynda durup, başyny ýaýkap, mundan geçmegiň alajyny edip bilmändir. Mahmyt Gaznawynyň çakylygyndan hem gazabyndan gaçyp ýören Ibn Sina bu derýanyň läbik suwundan dadyp: «Ýetmiş derdiň dermany» diýip netije çykarypdyr.
Magtymguly ýaşlygynda Amyderýanyň boýundaky Idris baba medresesinde, gör, näçe wagtlap okapdyr. Ýaşlyk – joşgun. Poeziýa – joşgunyň önümi. Göwnüme bolmasa, Magtymgulynyň poeziýasy Jeýhun derýasyndan gözbaş alyp gaýdan ýaly bolup dur. Magtymgulynyň poeziýasy Jeýhun derýasy deýin joşgunly, hyruçly.
Arada Magtymgulynyň ýaşlyk ýyllarynyň ep-esli bölegini gujagyna salyp oturan Idris baba medresesine bardym.
Üýtgeşik bir gudratyň üstünden bardym.
Jeýhun derýa däliligini edipdir. Idris baba medresesiniň töweregini suw alypdyr. Ähli daragtlary köki-damary bilen goparyp-ýülmäp gidipdir. Ýöne medresä hüjüm edip bilmändir. Onuň elli-ýüz metr çemesi ýakynyna gelip, sowulyp geçipdir. Indi Idris baba medresesi adanyň içindäki medrese ýaly, ýalňyz otyr. Töweregi tep-tekiz.
Haýsy gudrat däli Jeýhunyň öňüne böwet bolup bildikän? «Jeýhunyň öňünde durup biljek güýç ýok» diýen pikir çagalykdan aňymyza berk ornapdyr. Men däli Jeýhunyň öňünde duran güýji ilkinji gezek gördüm. Megerem, ol güýç Magtymgulynyňkydyr? Megerem, ol güýç Idris babanyňkydyr?
Seýitnazar Seýdi: «Bu derýanyň kenarynda ýaşap namart bolup bolmaz» diýip, at üstünden ýigitlerine:
Ilim üçin şirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!
– diýip ýüzlenip, duşmana garşy at goýupdyr. Tolkunyp, towlanyp, bükdürilip akyp ýatan dünýäde uly-uly derýalar köp: Amazonka, Nil, Missisipi, Ýeniseý, Wolga, Gang... Olaryň biri uzynlygy boýunça, biri balyklylygy boýunça, biri bol suwy boýunça dünýäde iň uly diýen titula mynasyp. Amyderýa dünýäde iň dyzmaç derýa. Oňa ýöne ýere «Jeýhun» ýa «däli derýa» diýilmeýär!
Ýetginjek çaglarymyz Jeýhun derýa biziň üçin synag derýasydy: derýadan ýüzüp geçip bilýän bolsaň sen – ýigit, geçip bilmeýän bolsaň, gowusy, suwa düşmäge barma! Ol ýerde ýüzüňi gyzdyrarlar!..
Türküstanyň beýik akyldary Hoja Ahmet Ýasawy kerwene daklyşyp gelýärkä, Jeýhun derýasynyň ýakasynda kerwen goş ýazdyrypdyr. Kerwende her tüýsli kişi bolýar. Meý-şerap içen ýaş-ýeleňler piriň üstünden güljek bolup: «Pir çykan bolsaň, bir mugjyza görkez. Isa pygamber kölüň üstünden geçeninde siz biziň pirimiz bolup şu derýadan ýöräp geçip bilmejekmi?» diýip, ony gününe goýmandyrlar. Hoja Ahmet Ýasawy:
– Eý, Allajan, bu jahyl nadanlar üçin seniň barlygyň ýeterlik däl, bular seniň gudratyňy hem görmek isleýär. Bir gudratyňy görkez, Taňrym – diýip, Haka ýalbarypdyr. Jeýhun derýa bir pursatdan soň giden şüdügär ýer bolup ýatyrmyş.
Türkmen topragynda birnäçe derýa bar: Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar. Olaryň hemmesi dünýä derýalary ýaly, bahar pasly joşup, kükräp hanasyna sygman akýar. Tomsuň jöwzasynda bolsa olaryň suwy gutaraňkyrlaýar. Tersine, Jeýhun derýasy tüýs suwuň gerek çagty joşýar. Tomsuna joşýan Jeýhun, gandyr meniň Diýarymy!
Jeýhun derýa Owganystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň içi bilen akyp geçýär. Oňa «dostluk, doganlyk derýasy» diýilýär. Amyderýa tüýs türkmen derýasydyr, sebäbi onuň ýetmiş prosentden gowragy biziň territoriýamyzdan akyp geçýär. Aşgabatda maňa Jeýhun derýa ýetenok: onuň şaggyldysy, güwwüldisi, däli tolkunlary, towlam-towlam görnüşi...
Ýadymda, segseninji ýyllar birtopar oglanlar bolup Jeýhun derýanyň ýakasyna oturyşma gitdik. Saýadyň arka tarapyndan maşynly, motorly bardyk bärden. Ýaňy jeňňele girip, toraňňyly ýere ýetenimizde Ahmet Bekmyrat:
– Düşläliň, derýa taşlan köl hem bar, kölege hem – diýip, kerwenimizi togtatdy.
– Ýok-laý, derýanyň ýakasynda oturmasak bolmaz! – diýip, oglanlar oňa garşy çykdylar. Olar obadaşy hem bolsa Ahmedi tanamaýan ekenler. Ahmet bolýarmy öz diýenini gögertmese... Men sesimi çykarman maşyndan düşmek bilen boldum. Ahmet garaşylmaýan ýerden gopdy:
– Jeýhun barmy? Jeýhunmy şol?.. Jeýhun naçar düşdi! Naçar!.. Bumat Jeýhuny görseňiz, kalbyňyzda gyýyk galar...
Pagta fronty döwründe hatda Jeýhunam mugyra getiripdiler.. Jeýhun derýa çalajan ýylan ýalydy, akýanyny zordan saýgaryp bolýardy...
Dünýäniň iň göçgünli derýasynyň içi bilen ýüzüp barýaryn. Akymyň garşysyna gitjek gümanyň ýok, akymyň ugruna ýüzseň-de zor boldugyň! Ol meni ýelek ýaly gaýdyrýar, tolkunlar gerşine mündürip, bir-birine oklap oýnaýar. Läbik suwy agzyňa dolup demikdirýär, eýmenç şaggyldy hopukdyrýar. Ynha, saňa tebigatyň gudraty! Ynha, beýik Oguz derýasy!..
Eý, beýik, eý, keramatly derýa, sen mydama meniň kalbymda, ykbalymda, ruhumda, dünýämde şaggyldap, güwwüldäp dur! Men seniň bilen mendirin! Seniň goýnuňa girişim ýaly, sen hem meniň kalbyma girip gitseň, başga armanym ýok!
Edebi makalalar