19:21 Bike / dowamy | |
***
Gör-ä, üç ýyl geçirip, uniwersitetiň ahyrky kursuny tamamlap ýörkäm Bike ýene duýdansyz peýda boldy. Mugallym bolup işleýän, biziň bilen bir ýatak jaýda ýaşan tanyş gyz: Tirkiş, seni bir gyz bilen tanyşdyraýyn, halarsyň, tüýs saňa ýarajak gyz, salykatly, düşünjeli, oňa hyrydaryň köpdügini bilýän, ýöne öňýetene göwün berjek gyz däl, pamykdan arassa diýsem, ynanaý. Göwnüne ýarajak ýigit duşmasa, ulugyz bolup ömrüni ötürmäge-de taýyn maşgala, ene-atanyň mährini gören, halal terbiýe alan maşgala. Orta mekdebi, uniwersiteti rus dilinde gutarsa-da, türkmen dilini bilşine haýran galýaryn, muny saňa türkmen dilinden uniwersitetiň mugallymasy bolanym üçin aýdýaryn diýdi. Men aramyzdan juda ir giden bu mylakatly, göwnaçyk gyzyň aýdanyna ynanypdym, Bikäni entek tanamaýan bolsam-da, ynanypdym. Onuň salgy beren gymmat sowgadyna ýetmäge kalbymda höwes döräni üçin ynanypdym. Bike bilen ýaşap ýören altmyş bir ýylym şol ynanjyň durmuşyma ýakymly many, ynam berendigi üçin ykbalymdan razy. Şol ynamyň buşlukçysy bolan, ýüregi ýakymdan doly Roza minnetdar, onuň ýagty ýadygärliginiň hemişe meniň ýatlamalar dünýäme mähir berýändigi üçin minnetdar! Men ýene ejizledim, gözýaş bokurdagymy bogdy. Rozanyň ruhuna ýüzlendim: “Roza, bu gije düýşüme gir-de, Bikäniň ýaşajagyny buşla. Men saňa ynanaryn, ynanmazlyga hakym ýok. Bike seniň göwün islegiň bilen meniň dünýäme giripdi. Ömrümiň ahyrynda ony ýitirmegiň juda hupbat berjegine düşünýänsiň, Roza!” *** Ogullarymyň, agtyklarymyň çagalygy suratlarda galypdyr. Meniň gözýaşa titreýän göreçlerim olara janly hereketiň tolkunyny berýär. Olary höwürtgeden çarýana uçan guşlara deňeýärin. Dil çykaranlarynda ilki “eje, ene, ata” sözüni aýdypdylar. Ine, bu suratda uly oglum Baýram entek dil çykarmadyk çaga. 1963-nji ýylyň ýaz aýy, dyz boýy otlaryň arasynda, ýumşak düşegiň üstünde, ýekegat ak köýneklije, başy keşdeli tahýalyja, janly gurjaga meňzeýän Baýram jan dodajyklaryny çommaldyp, öňe owsun atyp otyr. Ol işdeş ýoldaşym, suratçy Oleg Busyginiň fotoapparatyna oýunjaga ýetmegiň höwesi bilen seredýär. Düşegiň her gapdalynda Bike bilen men, çagany elimiz bilen saklap, onuň seredýän tarapyna höwesimizi gönükdirip, guwanjymyzy surata düşürýän ýaly bolup otyrys. Şu çaga serediň, ol biziň islegli durmuşymyzyň janlyja şaýadydyr diýen manydaky buýsanjymyzy bagtly ene-atanyň egsilmez kanagaty bilen bize seretjeklere duýdurýarys. Ýüzümizdäki, göreçlerimizdäki ýagty duýgy: ine, biziň guwanjymyzyň hasyly şu eýjejik çaga diýýär. Oturan ýerimiz köne uniwersitetiň gözel ýeri, bu ýere Köşi bagy diýilýärdi. Studentkäk her gün dabanymyzyň degen ýeri, ýaş ýürekleriň arzuwa beslenen ýeri! Bike ikimiziň durmuşymyzyň hasyl tapan ýeri! Şu çaga şonuň buşlukçysy bolupdy. Çaganyň eýjejik keşbi Bikäniň durkuna ýaşlyga häsiýetli näzikligi berýär. Şu pursat çaga bolan guwanjymyzdan başga-da ony dünýä inderen Bikä guwanyp otyrdym... Häzir çola öýümi dolduran gussa ýüregimi mynçgady. Derdimi ýeňledere pursat gözledim, tersine boldy, hemişe ýakym beren pursatlar häzir ýalňyzlyk derdime dert goşdy. Bu suraty 1965-nji ýylyň tomsunda, ýazyjylaryň Gagradaky döredijilik öýüne gidemizde gurnalan gezelençde aldyrypdyk. Abhaziýanyň dag içindäki Rissa kölüne Ýupşar jülgesinden belentlige galýan ýol bilen barmalydy. Dag gaýasyndan inýän şaglawukda saklanyp surata düşüpdik. Ýanymyzda üç ýaşly Baýram jan bardy. Görejim suratdaky Bikede saklandy. Ol uly daşyň üstünde duran Baýramyň elinden tutup dur. Çepiksi göwresindäki rahatlygy synlasam-da, oňa ynanmak kyn. Göze ilmeýän gizlin howsala bar. Munuň sebäbi maňa düşnükli. Ikinji çagamyz Altyn jany ýitirenimize ýaňy bir ýyl geçipdi. Oňa diňe at dakmaga ýetişipdik, ýok, öň tapyp goýan adymyzy gaýtalamaga möhlet berlen ekeni. Ýedi aýlyk bäbegiň ömri bir gijeden aňry geçmändi. Bike çagamyzyň ýüzüni oňly görmäge-de ýetişmedim diýip, henizlerem aglap ýör. Ýüregi awan enäniň agyrsyna em boljak sebäp tapyldy diýenler onuň göwresinde üçünji çagamyzyň bardygyny tutaryk edinipdiler, ýöne suratdaky Bikä seredip, onuň ikigatdygyny bada-bat aýdar ýaly hem däldi. Men welin bilýärdim, ýöne ýitginiň sebäbiniň ýüregimden ýitip gitjegine ynanmaýardym. Ine, elli sekiz ýyldan soň, häzir boşan öýde ýalňyz galan pursatymda ýüregimdäki köne ýara ýaryldy, gözýaş şol ýaradan akýan gan bolup, ýüzümden syrygdy. Bikeden, suratdaky çepiksi görünýän, aýralygyň derdini ýüreginde ömürlik gizlän Bikeden ötünç soradym. Bikäniň oslamadyk, asla kellesine-de gelmedik şübhäni bagyşlap bolmajak jenaýatyň derejesine göterip, ýüregime sünçdüm, oda taşlanan bagyr ýaly bişdim. Ýok, bu ölüm awusy meniň geleňsizligimden döräpdi diýsem-de boljak, bu ýerden jenaýat gözläp, özüňi köseme diýjekler az bolmaz. Şolaryň biri-de Bike. Ýakymsyz duýga bir pursat maýyl bolan bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda ýaňzydaýjak ýaly. Ýo-ýok, eger-eger duýdurar ýaly ýeke agyz gep diýmändi. Diýjek adam aýdardy, igenip aýdardy welin aýdardy, zeýrenip aýdardy welin aýdardy. Sowuk gyşda neneň edip bizi odunsyz goýup komandirowka gidip bildiň diýende bolman durmy?! Ýalaň odun ýakyp, wremýanka jaýy ýyladyp bolmajagyny bilmel-ä sen diýmelidi, diýmedi. Bike diýlen adam igenmegiň nämedigini bilmeýän aýal diýsem, ynanjakmy siz? Bikäni tanaýan adam muňa ynanar. Kömür, ojar sorap, şäheriň odun satýan edarasyna iki öwre arza ýazandygymy bilýär. Edaranyň başlygyna Jaragetti diýýärdiler, “kyrkemjek” diýerdiler, para bermeseň, odun almarsyň diýerdiler. Her baramda ol meniň bilen deň zeýrenişipdi: Aşgabat ýaly uly şähere goýberilýän odun sähelçe, men ony haýsy biriňize ýetireýin! Ahyry ýazyjylar birleşmesinden haýyşnama alyp bardym. On gün garaş, üç aý ýakara kömür bereýin diýdi. Men arkaýynlaşyp, komandirowka gitdim. Berlen wada Bike menden beter ynandy, eýýäm ýyly peje çoýunyp oturan ýaly ýakym duýanyny bildim. Goňşy aýal agşamara Bikäniň ýanyna gelipdir. Golaýda uniwersitetiň kömür saklan ammar ýeri bar, henizem köwläp görseň, bäş-üç bedre kömür ýygnap bolýanyny aýdypdyr. Bike göwresinde ýedi aýlyk çaganyň bardygyny ünsüne-de almandyr, bilini guşap, höwes bilen gidipdir. Ol jemi dört çaga dogurdy, hiç mahal aýagynyň agyrlygyndan ýadawlyk duýan ýa-da ýadadym diýen aýal däl. Häzirem garaňkyda, sowuk howada dört-bäş bedre kömür ýygnaýar, öýe daşaýar. Hossarlardan, golaýda ýaşaýan tanyşlardan kömek soraýyn hem diýmändir. Bu Bikäniň häsiýeti, kömek sorandan kömek berenini amatly görýän adam. Gijäniň dowamynda burgusy tutup başlaýar, şonda-da munuň garaşylmadyk howpdugy, göteren agyr ýüküniň netijesidigi ünsüne gelmeýär. Durmuşyň ýüküni çekmekde çydamynyň neneňsi berkdigine men altmyş bir ýylyň dowamynda mazaly göz ýetirdim. Bu Bikäniň üýtgewsiz häsiýetidi, häsiýetiň ykbaldygyna ynanýan adamlar mamla. Biz bäbejigiň ýüzüne garap, adynyň Altyndygyny, ykbalynyň altyndan-da zyýat bolmagyny arzuwlamaga-da ýetişmedik. Bike ýüreginiň bir böleginiň topraga berlendigini bilende sessiz aglady. Bu pajyga üçin hiç kimi, meni-de günäkär tutunmady. Men welin, segsen dört ýyl dowam edýän ömrümiň dowamynda pajyganyň ýüregimde goýan husuryndan dynyp bilmedim. Häzir reanimasiýada ýatan Bike meniň ökünjimi hakydasyna getirýärmikä? Häzir 58 ýaşynda bolmaly gyzynyň mährinden binesip ýaşandygyna ýanýarmyka? Bular artykmaç sowal. Bikäniň häsiýetine belet adama bu sowallaryň derkary ýok. Olaryň jogabyny sözde beýan etmeli däl, olara söz bilen däl, duýgy-paýhas bilen ýetmeli. Eger hesretini häli-şindi diline getiren bolsa, sag-salamat ýaşap ýören ogullarynyň diriligine igenýärmikä diýilmegini ähtimal görendir? Ýok, beýle pikir ömür-ahyr Bikäniň kellesine gelmeli däl. Maňlaýyma ýazylan gyzyň nika pursatynda gelnim bolup oturandygyna ynanmagym ykbalymda garaşylmadyk pursat bolupdy diýsem, ynanaýyň. *** Ertesi daňdan, birinji gijäniň ýakymly argynlygynda ýatan göwrämi galdyrmaga Bike sebäp bolupdy. Egnimi yralap, pyşyrdap bir zatlar diýýär. Äheňinde howsala, töwerekden ätiýaç bar. – Seret muňa, görýärmiň, nätjegimi bilemok, özüň aýt, nädeýin? Ol içki ak köýneginiň eteklerini görkezýär, gana boýalan. Men bada-bat düşündim, ýylgyryp, kellämi ýassyga goýdum. Bike: – Bu jaýda suwam ýok, nirede ýuwmaly? – diýdi. – Nätjegimi bilemok. Men çalaja güldüm: – Utanma-da, ýuwma-da – diýdim, özüme çekip, ýaňaklaryndan ogşadym. Ýalňyşmaýan bolsam, bu meniň Bikäni arkaýynlykda birinji gezek ogşaşymdy. – Ho burçda goý, özleri alyp gider. – Köýnegim-ä berjek däl, dolap, çemodanyň düýbüne dykjak – diýdi, bada-bat diýenini bitirmegiň aladasyny etdi, ýene bir gan siňen ak esgini eline aldy. – Muny gaýtmankak garyndaşymyzyň gelni berdi, balagyň içinde sakla, gaçyraýmagyn diýdi, soramaga-da utanýan, häzir hasam beter utanýan. – Ony çemodanda gizläp ýörme, hol-ha, burçda legen goýupdyrlar-a, içine taşlaý! Bikäniň sadalygyna begendim, bolşy ony has ýaş görkezdi. Henizem ulularyň emeline düşünmändigine ynandym. Nireden düşünsin?! Türkmen, rus milli däbine düşünip, olary kalbynda, aňynda hemişelik galdyrar ýaly, olaryň arasynda ne türkmen, ne rus gyzy bolup ýaşady. Her bir etnosa degişli islegli däpleriň pynhanlygy durmuş, ýaşaýyş tejribesiniň zerurlygy arkaly kiçiniň, ulynyň kalbynda hemişelik galýar. Bike rus boýdaşlarynyň arasynda türkmen gyzydy, türkmen boýdaşlary bolmandy. Aýly agşamlar olar bilen läle kakyp ulalmandy, “Aýterek, günterek” oýnamandy. Bikäni goltugyma gysyp, geplemän, gymyldaman ýatdym. Şol pursat aýrylmaz bir bedene öwrülen ekenik, ykbalymyz bir ýüpe daňylan ekeni. Maryda toý tutup, bir hepdeden Aşgabada dolanypdyk. Bikäniň barara gapysy bardy. Uniwersitetiň oňa beren “wremýanka” diýilýän iki otagly jaýynda ejesi agasynyň maşgalasy bilen ýaşaýardy. Men jaýyň gözlegine çykdym. Kerki köçesinde ermeniň howlusyndaky towuk ketek bilen ýanaşyk hütdügi kireýine aldym. Meniň begenjimi diý! Aşgabat telewideniýesinde işe başlapdym, tapan jaýym onuň iki köçe gapdalyndady. Bikäniň fronta gatnaşan agasy Daşkentden okuwyny gutaryp gelmelidi, işe başlanda jaý nobaty ýetýär, şonda biz Bikä berlen “wremýanka” göçüp bilýärdik. Häzirlikçe olaryň gün-güzeran ýagdaýyny ýeňletmek üçin Bike bir ýyl aljak aýlyk hakyny olara bermegi niýet etdi, men razydym. Meniň aýlygym sähelçe, kireý töleginiň daşyndan çorba bişirmäge zordan ýetýärdi. Öý üçin ilkinji alan goşumyz ömürlik ýatda galdy. Teke bazaryndaky mebel magazininden on manada etažerka alypdyk, egnimde göterip baýra galypdym. Etažerkanyň tekjelerine kitap-depder goýup, onuň öýe gelşik berenine monça bolupdyk. Öý diýlen gymmatlygy kireýe durýan hütdükde duýupdyk. Karz-kowal alyp, ýagdaýa görä, Aşgabatda-da toý etmekçi bolduk. Nirede, kimiň öýünde etmeli? Bike ejesine maslahat saldy. Orazsoltan eje: – A gyz, Sähetmyrat saňa garaşyp oturandyr-a, ýet! – diýdi. – Mundan gijikdirme, ýogsa ony öýkeledersiň. Bike baranda Sähetmyrat aga radikuliti beterläp ýatan ekeni. Toý habaryny eşidende düşekden böküp turýar, Bikäni goltugyna gysyp: – Geler, gyzym Bike geler diýip otyrdym, alnyň-bagtyň açyk bolsun, gyzym! – diýýär, sowgat üçin aýap goýan seçekli ýaglygyny Bikäniň egnine atýar. Toýumyza ýigrimä golaý adam gatnaşypdy. Stol goýmaga otag dar bolany üçin saçagy ýerden ýazdylar. Uniwersitetde bile okan kursdaşym Döwletgeldi Ökdirow güýjüni gaýgyrman aýdym aýtdy. Marydan gelen şahyr Ataköpek Mergen wäşi sözler aýdyp hezil berdi. Şol gün ZAGS-danam geçen bolsak bolaýjak ekeni, geçme nire, ol ýada düşmese näme?! Onuň zerurlygy üç aýdan soň duýdurdy. Bike göwresinde çaga bardygyny begenjine bat bermän aýtdy, alada galanyny gizlemedi. Biz ZAGS-danam geçmedik, nika şahadatnamamyzam ýok diýdi. Muny maňa igenç äheňde aýtmady, biperwaýlykdan dörän näsazlygyň özüne ezýet berýändigini, şoňa meniňem düşünmegimi isläni üçin aýtdy. Bikäniň zeýrenmäge-de, käýinmäge-de haky bardy, ýöne muny etmänine Bikäni has gowy tananymdan soň düşünipdim. Mahalynda hasaba alynmadyk halatynda soňunyň kösenç bilen gutarýandygyna biziň akylymyz ýetik bolaýmaly ýaly welin, ýok, “türkmeni dürtmeseň duýmaz” diýen paýhasam bärden gaýdýar. Ýöne bu delil hakykatyň ýarpysydy. Bize, ýagny ilata zerur ýazgylary wagtynda geçirmeli döwlet edaralary bar, şondan hak alýan emeldarlar bar, ana, şolaryň aladasy, tagallasy gerekdi. Doglan mahalymyzdan mysal tutup düşündireýin. Doglan günümiz, aýymyz, ýylymyz degişli edaralarda hasaba alynmandyr, ýa-da hasap depderi ýitirilipdir. Bike 1952-nji ýylda kakasynyň, ejesiniň işlän, ýaşan ýeri Hojambaz raýonynyň merkezinde ýediýyllyk mekdebi gutarýar, ony Aşgabat şäherine ugratmakçy bolýarlar, ol ýerdäki gyzlar orta mekdebinde okuwyny dowam etdirmeli. Gaýtmazyndan öňinçä partiýanyň raýkomynda işleýän kakasy gyzyna dogluş şahadatnamanyň zerurlygy bilen ZAGS-a barýar. Bike nirede doglan, haçan doglan, onuň möhürli kagyza ýazylan ýeri... Göwreli aýalyny dogduk obalaryna, Kaka raýonynyň Mehinli obasyna ugradany kakasynyň ýadynda. Şol ýerde Bike dünýä inýär, kyrk günden soň ejesi bäbegi alyp, ýene Hojambaza dolanýar. Ol döwürde obalarda dogluş şahadatnamasy berilmändir. Çaganyň hasaba alnan dokumenti-de saklanmandyr. Indi dilden aýdylýan delilden gaýry tutaryk ýok. Bu günler ony ýatlasaň gülüp oturmaly. ZAGS-da işleýän aýal şahadatnamany özüçe doldurýar. Ýyly, aýy, güni? Ýylyny aýtmak aňsat, ýedi ýaşda mekdebe barandyr, 1937-nji ýyly görkez, ýalňyşmarsyň. Şu gün 3-nji aprel, şu günem seniň doglan günüň bolar diýýär. Şuňa meňzeş toslama meniň özüm bilenem bolupdy. Mary şäherinde oglanlar orta mekdebini gutaryp, ýokary okuw jaýyna höwes edenimizde dogluş şahadatnamaň bolmaly diýdiler. Doglan senämiz oba şurasynyň hasap depderinde bolmaly. Idesek, şol depder ýok, ýitirilipdir. Ýeke çykalga – sudmedekspertizanyň dilhaty zerur. Ekspert bedenimiziň o ýerine, bu ýerine seretdi-de, dilhaty elimize tutdurdy. Men 1938-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda doguldym oturyberdim. Ejem meni tomsuň başynda, gawun bişýän mahaly dogrupdyr. Kim ony sorap ýör! Başymyza düşen ahwalatlary ýatlap, gyssandyk, dünýä injek çagamyz bir biziň günümize düşmäwersin diýip Aşgabat şäher ZAGS-a haýdap bardyk. Öýlenen, toý tutan wagtymyzy takyk aýtdyk. Baý-bow, ondan bäri üç aý geçipdir, biz muny haýsy edara tassykladyp biljek? Toýda bolanlardan şaýat hökmünde dilhat ýygnamalymy? Şaýatlaryň şahsyýetini olaryň ýaşaýan ýeri tassyk etmelimi? Munuň soňy gutarmaz, gowusy, häzir ZAGS-a geldiňiz, şu günem nika günüňiz diýip görkezmegi maslahat berdiler. Boýun bolduk. Şu aýdylanlar nämäni görkezýär? Sowet zamanynyň irki döwürlerinde raýatlyk nukdaýnazaryndan adama biperwaý garalandygyny görkezýär. Kolhozyň işçi mallarynyň hasabynda-da beýle geleňsizlik bolmandyr. Obada ýaşaýanlara onlarça ýyllap pasport diýlen baş dokumentiň berilmändigi olaryň hakyky raýatlygyny inkär etmekdi. Kolhoz obasynyň bir hojaýyny bardy, partiýa guramasy tarapyndan hödürlenýän adam, oňa kolhozyň başlygy diýilýärdi, onuň rugsady bolmasa, baran gapyňda seniň ýüzüňe seredýän ýokdy. Şol döwre häsiýetli ýene bir fakt: nika ýüzügi bolmalydyr öýdülmeýärdi. Ýüzügiň asyl manysyny men soň öwrendim. “Kökler” atly kitabymda-da ýazdym. Gadym mana görä, ýüzügiň asmanyň şekilidigini, oňa ötürilýän barmagyň Zeminiň eýesi hasaplanan erkek adamyň ujydyny aňladýan şekildigini, ol zenan manysynda görlen Asmana ötürlenden soň olaryň bir bitewiligi döredýändigini ZAGS-da oturanlara düşündirjek bolup gör, bu adam däliräpdir diýerdiler, ateizmi – hudaýsyzlygy wagyz edýän kommunist emeldar tapardylar, eger oňa-da hä diýmeseň, saňa sowet maşgalasyna eýe bolmagy gadagan ederdiler, ha-ha! Türkmenler täze gelne kökenli ýüzük geýdirerdiler. On barmaga geýdirilýän, kümüşden ýasalan, hakyk gaşly, altyn çaýylan ýüzükler bir zynjyra düzülendi. Kökenlenen diýmek örklenen, daňylan diýen manyny berýär. Goýunlary-da kökenlärdiler. Täze gelniň örke baglanandygyny aňlatmaly simwoldy. Bike ýüzügiň gadymy manysyndan bihabardy, örklenmegiň nämedigini bilmän ýaşady. Bike-de, menem nika ýüzügini geýmedik, onuň zerurlygyny-da duýmadyk. *** Iş stoluma golaý diwardaky suratlaryň arasynda meni hemişe biperwaý galdyrmaýan fotosurat bar, ol her gün meniň gözüme ilýär. Sereden pursatym kalbymy ýeňiljek gussa gaplap alýar. Suratda Bike oglum Begenç bilen otyr. Olaryň şu suraty aldyrmaga giden pursaty jikme-jik ýadymda. Ondan bäri kyrk ýyl geçipdir. Begenç on ýaşyndady. Edil ýaňy mekdepden gelipdiler, pionerlige kabul ediliş dabarasyna gatnaşypdylar. Begenjiň egninde ak köýnek, boýnunda gyzyl galstuk. Ol ýylgyryp, şatlyk pursatynyň hemişelik galjagyny duýdurýar. Has beteri-de, şu pursat ejesiniň gapdalyndalygyndan hoşal, duýgusyny az görýän ýaly, Bikäniň goltugyna gysylypdyr. Adamyň ýüzüni ýüregiň aýnasyna deňeýänler mamla. Men muny žiwopise meňzeýän şu fotosuratda görýärin. Nobel baýragynyň eýesi Orhan Pamyk “Stambul ýatlamalaryň şäheri” atly kitabynda ýazyjy Ahmet Rasimiň sözüni getirýär: “Kalbyňa gussa çaýýan peýzaž owadandyr” diýýär. Muny Bikäniň žiwopis eserine dalaş edýän ýüz keşbinde görýärin. Ony synlap, häzir kalbyma dolan duýgymy, pikirlerimi sahypa dolduryp ýazyp biljek. Gussa onuň gelşikli, çagasyna mähirden doly ýüzüne görer gözden gizlin buýsanjyň reňkini çaýýar. Bu pursatyň geldi-geçer dabara däldigini ene kalbyndan şöhle alýan hemişelik gymmatlykdygyny duýdurýar. Bu fotosurat maňa “Madonna s mladensom” diýen belli žiwopis eserini ýatladýar. Men Bikäniň saglygy bilen bagly häzirki dörän derdeseriň howpuny ol kyrk ýyl ozal duýan bolmasyn diýýärin, enäniň kalbyny tebigatyň giňişligini ýada salýan geň dünýä deňeýärin. Şol dünýäde orun tutan perzentler enäniň başyna düşen apaty habar almankalar duýmaly, muny şu gün Begençden gelen til hem äşgär edýär. Ol uzak Keniýanyň paýtagty Naýrobiden işdeş ýoldaşy bilen habarlaşyp, biziňkiler saglykmy beri, kakamdan habar alyp bilmeýärin diýipdir. Onuň Amsterdama işe geçirlenine on ýyl bolupdy, maşgalasy bilen şol ýerde ýaşaýar, Niderlandlaryň raýatlygyny alypdylar. “Serhetsiz wraçlar” ady bilen dünýä belli ynsanperwer guramanyň logistika ugruny alyp barýar. Ýedi-sekiz ýyl bäri Bike ikimiz tomus aýlary olara gezelenje giderdik. Zerurlyk dörän halatynda Bikäni kömege çagyrardylar. Amsterdamyň eteginde öýleri bardy. Bike agtygym Kerimi Amsterdamdaky iňlis dilli orta mekdebe höwes bilen gatnadypdy. Häzir otuz ýaşa ýeten uly agtygym Tahyrdan başlap, Myrady, Kerimi, Timury mekdebe ugratmagyň nesibesine düşenine Bike buýsanýardy, ony aladadyr öýtmezdi. Wagtal-wagtal bu aýalyň häsiýetine, durmuş ýoluna äri hökmünde däl-de, keseden garaýan belediň gözi bilen seredýärdim. Bikäniň başyna düşen aldym-berdimli gije ýalňyz otyrkam suratdaky biraz gussaly keşbiniň onuň şekiline juda bapdygyna has-da beter düşündim. Oňa gussa diýmän, alada diýseň, onda-da enäniň arassa kalbyndan nur alýan alada diýseň, has-da ýerine düşjek. Ýokarda agzan delillerimiň diňe birine dolanaýyn. 1992-nji ýylda döwlet uniwersitetiniň atly-abraýly mugallymy bolup işläp ýörkä garaşylmadyk mahal pensiýa ugradylmagyny sorapdy. Munuň sebäbini ýokarda ýaňzydyp geçipdim. Nyýazowyň emri bilen äriniň, ogullarynyň başyna düşürilýän kynçylyklar ony ejizletmeli däldi, gaýrata atarmalydy. Ol döwlete tabynlykdan ara açanyny amatly gördi. Maşgala agzalarynyň erkinligi Bike üçin ýokary aýlykdan gymmatlydy, maşgalasy muňa düşünýärdi. Düşünmejekler azlyk etmez. Sähelçe wagt öň uniwersitetiň kafedra müdiri, dosenti bolup işlän mugallym alagadan mekdebiň birinji klas okuwçylaryny okadyp başlapdyr diýilse, aňsat ynanjak tapylmaz. Emma Bike Kulyýewnanyň häsiýetine belet adamlar ynanar. Pensiýanyň daşyndan gazanç edeýin, maşgalanyň maddy ýagdaýyny ýeňilleşdireýin diýip edýändir diýjekler-de az bolmaz. Bu ýerde ikinji möhüm ýagdaý bardy. Ony bilmezden, Bikäniň maksadyna düşünmek kyndyr. Bike höwesi bolmadyk halatda özüni mejbur edip işlemegiň nämedigini hiç mahal bilen däldir diýjek. Muny onlarça ýyllaryň dowamynda synlanym üçin diýýärin. Bike ilki öz gutaran rus mekdebinde iki ýyl başlangyç klasy okatdy. Muny gazanç üçin etmedi. Uly agtygym Tahyr mekdep ýaşyna ýetipdi. Bike ony mekdebe taýýarlady, soňra mekdebe gatnadyp başlady. Hawa, mundan biraz öň mekdebe çenli körpeleriň okadylýan tölegli klaslarynda-da işlemäge ýetişdi. Mundan habarly mugallymlar onuň rus dilli klaslarda türkmen dilini okatmagyny, soňra tutuş klas programmasyny okadýan mugallym bolmagyny haýyş edipdiler. Biziň öýümiz Kemine köçesiniň ugrundaky şahyryň heýkeline golaý. Agtygymyň mekdebi sowet zamanynda Magtymgula galdyrylan heýkeliň gapdalynda. Bike her gün agtygym bilen şol aralygy pyýada geçerdi. Garyndaşymyzyň gyzy Maýsa-da olara goşulýardy. Olar ýol geçenokdylar, sapak geçýärdiler diýseň dogry bolar. Öýe berlen ýumuşlary ýene bir öwre gaýtalamaga ýetişerdiler. Wagtyň, ýoluň nähili geçendigini-de bilmezdiler. Muňa höwes diýilýär. Höwes Bikäniň ömrüne häsiýetli alamat diýdik. Başlangyç klaslary okadýarka Bikäniň sapak geçişini ene-atalaryň arasyndan ýazga alanlar tapylýar, ony aýratyn broşýura edýärler. Ine, şu-da soňra Bikede rus mekdepleri üçin türkmen diliniň okuw kitaplaryny ýazmaga badalga berýär. Olardan awtora bir şaýy gazanç ýokdy, Bikede höwes bardy. Ene-atalaryň, mugallymlaryň minnetdarlygy Bike üçin pul bilen ölçelmeýän ýokary bahady. *** Meniň görejim ýene gussanyň bezeg berýän fotosuratynda saklanýar. Bu sapar ol goşalandy, oňa ejemiň keşbi goşuldy. Ejem ýedi hem sekiz ýaşly agtyklary bilen otyr. Olar Köşi bagyndaky “wremýankada” ýaşaýarkak gelipdiler. Bu ejemden galan juda seýrek suratlaryň biri. Elli ýaşym dolanda ejem ýagty ýalançydan gidipdi. Aýralykda geçen ýyllar ejemiň kalbymdan öçmejek röwşen keşbi Bikäniň janly keşbi bilen goşalanyp, oňa ýakymly mährini çaýyp başlapdy. Eger Bike aýňalman, agyr dertden gidäýse, eý, hudaý, bolmawersin, maňa ikinji sapar ejemi ýitiren ýaly bolýar. Häzir howsalaly gijäniň ýalňyzlygynda olary bitewilige sepleýän alamatlar hakydamdan geçdi. Ejemiň elleri!.. Olaryň heýkeltaraşlara başartmajak görnüşi ähli aýdyňlygy bilen meniň göreçlerimde galypdy. Ejem huşundan jyda düşüp, komada ýatan günleri aýratyn mähir bilen synlapdym. Bu aýal kim bolupdy diýen adama: şol elleri synlaň, şolarda ýyllaryň goýan ýazgysyny okap bilseňiz, olaryň gymmatyna düşünersiňiz diýerdim. Bu eller onuň ägirt erkiniň guraly bolupdy. Bu elleri hasaba alman, onuň gujuryny beýan etmek mümkin däl. Ol 38 ýaşynda ärden galypdy, dokuz çaganyň enesine, atasyna öwrülipdi. Daňdan turup, bu eller sygyr sagardy, odun aýryp, ojakda ot ýakardy. Günüň dowamynda onuň edýän işlerini sanap gutarmak kyn. Mallara ot ýygardy, mellekden arkasyna alyp daşardy. Keçe güllärdi, haly dokardy. Türkmeniň ähli naharyny işdäňi açýan tagam bilen bişirerdi, kalbyndaky süýji niýeti nahara siňerdi. Zenan mährini dört gyzyna bermegi başarypdy. Uzak gün kolhoz işinden surnugyp gelen gyzlar tüsseläp ýanýan pelteli çyranyň ýagtysyna gözleriniň köküni gyrdyryp keşde çekerdiler, olary synlanda ejeleriniň begenjegini bilýärdiler, höwesleri artardy, şol höwes argyn bedene süýji ukynyň ýakymyny berýärdi. Bäş ogul ejeleriniň hakyky penakär, hossardygyny duýup, görüp ulaldy. Kakasyz galandyklaryny duýan däldirler. Kakalarynyň il arasyndaky at-abraýyny soňra ejelerine bolan hormatda has-da aýdyň görüpdiler. Men bu gaýratly aýal hakynda “Ýiten ýurt” atly kitabymda giňden ýazypdym. Bike gelin bolup, bosagamyzdan ätlän gününiň ertesi ejem ony gujagyna gysyp, adyny Ogulbike diýip tutupdy. Şol günden soňam meniň dogan-garyndaşlarym oňa Ogulbike diýdiler. Ejem gelniniň etegine şol täsin elleriň penjesini telim öwre dolduryp, şaý-sepinden ýetýän paýy goýupdy. Soňra Bike ýyllaryň dowamynda şol şaýlary gelinlerine paýlady. Onuň ejemiň mähri siňen mirasa öz mährini-de goşup paýlaýandygyny synlamda olaryň arasyndaky parh ýiterdi, olar bir görke, bir ýürege öwrülerdi... Häzir gözýaşymy saklap bilmän oturyşyma: Bike, meni galdyryp gitmäge hakyň ýok diýip zarladym. Seni ýitirip, ýürek awusyna duçar boljak diňe men däl ahyry, ogullaryňy, gelinleriňi, agtyklaryňy göz öňüne getir. Ejemiňem bagryna basyp ulaldany diňe biz däldik, soňra agtyklary “eje” bilen “ene” sözüniň parhyny duýman ulalypdylar. Şu endik seniň ogullaryň, agtyklaryň bilen-de gaýtalandy. Olar daşary ýurtlarda ýaşap, şolaryň dilinde gepleseler-de, gürrüň biz hakynda gidende “ene”, “ata” sözüni türkmençe aýdýarlar. Indi “Ogulbike” diýip adyňy tutýanlaryň azalýandygyna gynanmaly, nesiller hem çalyşýar. Saňa “Bike Kulyýewna” diýýänler nähili köpdi, olara seniň okuwçylaryň sowet zamanynyň intelligent gatlagynyň wekilleri girýärdi. Olar hem azalyp, ýitip barýarlar. “Bike” adyň has giňden tutulýardy, bu ady saňa eneň-ataň beripdi. Biz şolaryň beren ady bilenem dünýäden gideris. Entek şol ady tutýanlaryň köplüginde biz olaryň arasyndan gitsek, karam bolmazmy, Bike!.. *** Maşgalanyň hemişe dokuzy düzüw bolmaýar. Kösenji, ykbal şowsuzlygyny biz hem gördük. Iki oglum maşgala bitewiligini saklamady. Bu ýerde gelinlerimde ýazyk ýok, biziň olara, agtyklarymyza mähirli gatnaşygymyz birdem bozulmady, maşgala agzalarymyzyň dargamagyna ýol bermedik. Bu meselede Bikäniň tagallasyny minnetdarlyk bilen bellemegi özüme borç bilýärin. Onuň guwanjy, söýgüsi, enelik aladasy birek-birekden ýüz öwrüp ýaşamaga ýol bermedi. Seniň elleriňe garap, ejemiň elleri hakynda aýdanlarymy gaýtalasam, onuň hakykatdygyna bizi tanaýanlarda birjik-de şübhe bolar öýtmeýärin. Öňi bilen ynanmaly adam men. Men ynanýaryn, Bike, şek-şübhesiz ynanýaryn. Şol ynanjyň çeşmesine öwrüleniň üçin seniň bilen ýene ýaşasym gelýär, Bike! Meni ýalňyz galdyrma, Bike!.. Ertesi irden haýdap hassahana bardym. Bikäniň diridigini dogtoryň sözünden öň zerur hem çalt getirmeli diýlip elime tutdurylan kagyz duýdurdy. Oňa dermanhanadan satyn almaly dermanlarymyň uzyn sanawy ýazylypdyr... *** 2022-nji ýylyň iýul aýynyň başky günleriniň biri. Irden howla çykyp, kölegede asylan termometre seretdim, haýran galaýmaly, ýigrimi dört gradusy görkezýär. Salkyn şemal öwüsýär. Indi bu hezillik gutardy, dowamsyz diýäýmeli. Klimatyň üýtgänligi Türkmenistanda has-da beter duýulýar. Ýelli, tozanly howa Daşhowuz, Lebap, Mary welaýatlarynda adaty hadysa öwrüldi. Muňa öwrenişmek juda kyn. Aral tarapdan öwüsýän şor tozanly ýel dem almagy kynlaşdyrýar. Heý, bu belanyň çäresi bolmazmy diýip, onuň hakyky sebäbinden bihabar adamlar dyngysyz zeýrenýärler, käbiri Alla gowusyny etsin diýip, özüni köşeşdirip oňýar. Bu türkmenleriň endigi, gowulygy-da, erbetligi-de hudaýyň üstüne atmak endigi soňky ýyllar juda ejizlän halkyň ýeke-täk çykalgasyna öwrüldi. Dünýä ýaýrawynda klimatyň gyzgynlyga tarap üýtgemegi bilen bagly döreýän problemalardan olaryň daşynda alnyp barylýan ylmy gürrüňlerden türkmenler bihabar. Ähli kynçylygy hudaý çözmelidir öýdýärler. Bike bilen ýüz beren soňky ýagdaý hakynda aýdaýyn. 2020-nji noýabrynyň aýagynda alnan surata seredýärin. Bikäniň hassahanadan çykan güni. Ol krowatda otyr. Ysgynsyzlygyny suratdaky görnüşi aýdyň edýär. Meniň gözüme ol ýagty ýalança täzeden inen ýaly. Biraz tekge berseň, turup, ýöräp bilýär. Sähel wagtdan gapdalynda kömekçi saklap ýörmegiň zerur däldigine gözüm ýetdi, Bikäniň özi-de islemedi. Men onuň naharyny, gaýry zerurlygy höwes bilen bitirmäge taýýardym. Şony-da gün yrman bitirip gelýärin. Şol mahal dünýä ýüzüne koronawirus ýaýrap, adamlaryň örüsini mazaly daraldypdy. Bu aýylganç keseliň öz ýurdunda bardygyny inkär eden bäş-üç ýurduň arasyna Türkmenistan hem sokuldy. Biz ýokanç kesel wirusdan döreýär diýip, ylmyň aýdanlaryny alga almadyk, tozan bölejiklerinden ägä bolmaly diýdik. Heý, Garagum çölüniň arasynda ýaşap, tozandan goranyp bolarmy diýersiňiz. Bize agyz-burnumyza örtük daňmagy buýurdylar. Koronawirusdan ölýänler öýken keselinden öldüler diýip görkezilmelidi. “Ruhnamada” nurdan ýaradylan türkmen salymyny bermän, agyr derdiň dermanyny salgy berdi. Ýüzärligi tütediň, wessalam – kesel tamam. Geçmişde aň-düşünjesi ertekiden aňry gitmändi diýip, türkmenlere myjabat edýänler hahaýlap güldüler. Ýeri, bu gudratyň tapylyşyna näme diýersiňiz diýip gygyrdylar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan ogullarymyzyň, agtyklarymyzyň ýoly beklendi. Özüm olaryň ýanyna gitmek üçin ýigriminji ýylyň apreline Ýewropa uçara bilet alypdym, yzyna tabşyrmaly boldum. Bikäni ätiýaç edip, öýüme karantin yglan etdim, ýogsam bolmasa, türkmenlerde zerur bolsun-bolmasyn, hassa babatda ony biynjalyk etmek endigi bar, ýakyn-u ýat hökman sorap gaýtmalymyş. Şunuň bilen ylalaşageden, geliberiň diýseň, gapyň ýapyljak däl. Her gün töwerekde koronawirusdan ölýänleriň bardygyny, käbir merhumyň jesediniň hossarlaryna-da berilmän, sellofan halta dolap, öwlüýäde gömüp gaýdylýandygyny aýdýarlar. Şolaryň arasynda iki-ýeke tanyşlarymyň hem ady agzaldy. Hernä, Bike kem-kemden ysgynyna geldi. Ýewropada ýaşaýan çagalarymyzdan her gün saglyk habaryny eşidýänimiz Bikä dermandan zyýat kuwwat berdi. Men öň hem nahar bişirmegi başarýan adamdym welin, Bikä sereden iki ýylymda has-da ökdeledim. Tagamyň Bikä ýaraýandygy höwesimi artdyrdy. Bikäniň ýüreginiň, aşgazanynyň kadada işlemegi üçin zerur naharyň zerur mahalda berilmegi zerurdy. Men şu şerti saklap gelýärin. Wagtal-wagtal biş-düş aladasy bilen başagaý bolup ýörkäm, Bikäniň keseden meni synlap oturyşyna gussa batýanyny göremde: “Biynjalyk bolýarmyň?” diýip soraýaryn. “Meniň üçin şeýdip alada galyp ýöreniňe nebsim agyrýar”. “Seniň ornuňda men bolan bolsam, senem alada galardyň” diýýärin. “Aýal üçin ol alada däl-ä” diýýär, gözüniň owasyny dolduran gözýaş ýüzünden syrygyp gaýdýar. Bikäniň mekdepde, uniwersitetde bile okan joralary bar, bile işlänleri bar, studentleri bar, olardan her gün til gelýär. Siz haçan öýmüze geljek diýende, Tirkiş gapydan goýberse, biz barmaga taýyn diýip gülerdiler. Olar ýagdaýa düşünýän adamlardy. Ýöne oturmak Bikä başartjak zat däl. Dar howlymyzyň köçe tarapynda sähelçe ýer bar, Bike öň şonda bägül oturdypdy, ýeser güýmenje bolýardy. Gaýtadan öňki höwesine maýyl bolup başlamagy ýaşajakdygyna ynamymy artdyrdy. Haşal otlar maşgalasyna degişli, malwa ady bilen belli ösümlik oňa has-da ýarady. Adam boýundan belende galýan pudaklary ak, gyzyl reňkdäki owadan gülleri bilen köçäniň gyrasyna bezeg berdi. Muňa göwnühoş garardy, ýüzüne täsin ýagtylyk çaýylardy. Şu pursat ony surata düşürerdim. Bike açylan bägülleri tanyş-bilşe paýlanyny az gördi, malwanyň guran tohumyny ýaltanman ýygnady, ony-da paýlady. Ekiň, sizde-de şular ýaly owadan güller bolar diýýärdi. Keseden seredene onuň sada, ýöntem görünýän bolmagy-da ähtimal, ýöne Bikäniň kalbyna düşünýän adamlar ýüreginiň arassalygyna şübhe etmezler. Demir derwezäniň gapdalyna gyşy-ýazy gök salýan, gaty hem gür şahaly gyrymsy agaç ekipdik. Soňky mahal onuň ýarysy gurady. Kim bilýär, edil golaýynda maşynyny ýuwýan goňşymyzyň ulanýan himiki serişdeleriniň zyýan eden bolmagy-da mümkin. Bike hassahanadan gelenden soň guran şahalary basyrmagyň aladasyny etdi. Hytaýyň peçek ýaly çyrmaşyp ösýän güllerini ekdi. Maýda elwan güller guran agajyň üstüni örtdi. Olaryň ösüşini Bike her gün irden turşuna synlaýardy, özüniň lezzet alany bilen oňman, menem çagyrýardy: seretsene, agaç guramadyk ýaly bolaýandyr diýýärdi. Yrym diýen zada ynanmaýaryn diýip, uludan gep urýan adam ýoluny gara pişik kesip geçende biperwaý galýan däldir diýilýär. Men hem şolaryň biri. Hassa ýatanda Bikäniň güllerini guratmaly däl diýdim. Meniň üçin güller Bikäniň ömür tanapyna öwrülipdiler... • Sözsoňy Bu entek ýaşaýyşymyzyň tamamlanýandygyny aňlatmaýar. Ýaşalan ýyllar Bike hakynda pikir öwürmäge esas berýär diýen ynanç bilen aýdýaryn. Men bu ýerde är-aýala mahsus pynhan duýgulardan söz açmakçy däl, goý, ol syr biziň öz aramyzda galsyn. Möhüm ýagdaýy aýtmaly: şol syryň iki ynsanyň ýaşaýyşyna, durmuş ýoluna göze görünmeýän, töwerekden gizlin güýç berýändigi welin, belli. Maşgalanyň abadanlygyny ýa-da pajygasyny şol gizlin güýji öwrenmek, düşünmek arkaly ýüze çykaryp bolýar. Şu ugurda ady dünýä ýaň salan psiholog alymlar, doktorlar uly açyşlary etdiler. Beýik ýazyjy Andreý Platonowyň sözi bar: “Весёлых трудно наказывать, потому что они не понимают зла”. Terjime etsek: “Şadyýan adamlary jeza bilen gynamak kyn, sebäbi olar gabahat işe düşünmeýärler” diýmeli. Şu aýdylany Bikä görä düşündirmeli bolsa, şadyýan sözüň gapdalyna päkgöwün, mähirli diýen sypatlary-da goşmaly. Bikeden ýigrenç sözüni öz göwnüňe görä düşündir diýiň, anyk jogap tapar öýtmeýärin. Ýigrenmek onuň häsiýeti bilen gabatlaşmaýar. “Maňlaýa ýazylypdyr” diýen düşünjäniň Bike ikimiziň ykbal çözgüdimize näderejede gabat gelendigi barada ýokarda aýdypdym. Başga-da bir söz bar: “maňlaýymdan çykypdyr” diýilýär. Şu sözi aýdyp, alaçsyzlygyndan zeýrenip oturana-da duş gelinýär. Ony Biribaryň çözgüdi hökmünde kabul edýär. Men näme diýmeli? Biribar maňa bu hökümini buýurmandyr diýip, minnetdar bendesiniň kanagaty bilen aýdyp biljek. Men oýlanmamy “Deň etmän duş etmen” diýen sözüň manysyna gönükdirmekçi. Bu söz hem Biribaryň adyndan aýdylýar, äheňi ýumşak, ykbal çözgüdi babatda mejburylyk duýulmaýar. Maňa-da, Bikä-de geregi şu ekeni. Ýene gaýtalajak, men muny bilelikde altmyş bir ýyl dowam edýän durmuş tejribesini esas edip aýdýaryn. Şu ýerde Bikäniň häsiýetine görä ýüze çykaýmagy ähtimal bolan sowallary getireýin. Eger Orazsoltan daýza: “Bikäni mejbur edip äre bermen, öz halanyna barar” diýmedik bolsa, Bikäniň ykbaly nähili bolardy? Ol özüne düşünmejek, ylym-bilimine çapraz düşünjeli adam bilen ýaşamagy başararmydy? Rus mekdebinde, rus dilli çagalaryň arasynda okap, Puşkiniň, Lermontowyň köp eserini ýat bekläp, olary duýgy, ýakym bilen aýtmakdan lezzet alýan gyz, olardan bihabar adamyň maňlaýyndan çykanyna düşünen güni hesretini kime, nähili duýdurardy? Göwün-islegine, tebigatyna, medeni-ylmy düşünjesine düşünmäge ukypsyz adama nähili garardy? Bada-bat ondan ýüz öwürmegi başararmydy, ýa-da hesret çekip ýaşamaga endik edip gidermidi? Men bu sowallaryň çözgüdini aýyl-saýyl etjek bolup, azara galyp oturandan Biribaryň adyna berlen paýhasda derwaýys çözgüdiň aýdylandygyna üns bereýin: “Deň etmän duş etmen” diýipdir. Mähriban enäniň maksatly sözi Biribaryň çeşme ýaly datly paýhasyndan gözbaş alýan ekeni diýdim. Durmuş meselesiniň agramly böleginiň özüme degişlidigine şol mahal düşünipdim. Bike soňky ýyllar din ýolundan idili zat bilmeýändigini aýdyp kemsinýär, ony köşeşdirmäge çalyşýaryn, bu meselede biziň neslimizde günä, ýazyk ýok diýýärin. Biz ateizmi, hudaýsyzlygy ýörelge edinen kommunistik jemgyýetde ýaşan adamlar. Dini ynanç gadagandy. Sen diniň ündeýän parzlaryndan bihabar bolsaň-da, olara garşy giden ýeriň ýok. Kişiniň hakyny iýmediň, zorluk etmediň, aldaw-hilä ýüz urmadyň, şahsy durmuşyň ahlak arassalygy bilen doly gabatlaşýar. Iň bärkisi ömrüň dowamynda ýeke damja spirtli içgi diliňe degmedi, men muny kyýamat sudunda-da tassyklap bilerin. Bike dymýar, meniň aýdanlarymy durmuş ýoly bilen gabatlaşdyryp, ýakymly ynama maýyl bolup oturana meňzeýär. Durkunda kalby arassa adamlara mahsus rahatlyk bar. *** Bike ir turup, gül eken aýmançasyna aýlandy. Üýtgeşik tolgunma bilen meni daşary çagyrdy. – Seretsene muňa, gülläpdir! Iki gül, ýene üç gunça açyljak! – Ol çaga höwesi bilen romaşkanyň ak güllerini barmagy bilen görkezdi. Romaşkanyň türkmençe ady çopantelpek. Oglan ýyllarymda çölde, düzde gözümiz öwrenişen çopantelpekden biraz üýtgeşik. Bular has iri, dury ak gülleri bar. Dekoratiw güllere girýär. Meniň çopantelpegim ýabany, gülleri maýda. Ol çölüň, sähranyň bezegi, bular şäher ýeriniň bezegi. Onuň tohumyny goňşymyz Läle gadyr edip Bikä berdi, nähili ekmelidigini görkezdi. Boş ýerleri tutar, haýran galyp seredersiň diýdi. Bike aýdylan gözellige garaşdy. Gülleriň gözelligi hemişe ýakym berýär. Men ak güllere, olaryň ýakymyndan beter Bikäniň göreçlerine düşýän ýagtylyga guwandym, onuň dowamly bolmagyny dileg etdim. Awgust, 2022-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |