19:20 Bike / esse | |
BIKE
2020-nji ýylyň 9-njy noýabry. Bikäni hassahananyň reanimasiýa bölüminde goýup, agşam sagat 10-da öýe dolandym. Boşap galan jaýa giremde gam-gussanyň labyry egnimden basyp, göwrämi diwana çökerdi. Süňňümde dörän sarsgynyň güýji gözýaş, agy bilen daş çykdy. Galman otursam, köşeşerin öýtdüm. Uka gitsem, dünýäni unutsam... Muny başarmajagymy bilýärdim. Goltugymdan gop berlen ýaly aýak üstüne galdym. Çyralary ýakdym. Ýagty bilen kalbyma giňişlik aralaşmaly. Garaňkylyk serpilse-de, öýüň içine aýlansam-da, giňlik duýmadym, ýene howsalanyň girdabyna dolandym. Çyralaryň ýagtysy saňa ýeke-täk elýeterli giňişlik diýdim, galan zatlar häzir senden uzakda, Bike-de uzakda. Süňňüm nerwiniň gamçysyna çydamady, sarsdy, uwladym. Iki-üç öwre til etdiler. Bular Bikäniň saglygyny sorajaklaryň jaňy bolmaly däl. Olar edil ýaňy meniň bilen hassahanadan gaýdypdylar. Jaň edýänler bizi Baýramyň doglan güni bilen gutlajak bolýandyrlar. Hawa-da, bu gün uly oglum Baýramyň doglan güni, ol 58 ýaşady. Ejesiniň başyndan inen pajygadan bihabar dostlary, tanyşlarydyr. Baýramyň Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Moskwa gidenine 35 ýyl geçdi. Ilki SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň iki ýyllyk stažirowkasyny gutardy, öňki diplomynyň üstüne taryhçynyň diplomy goşuldy. Aşgabat uniwersitetiniň iňlis dili bölüminde bäş ýyl okap alan diplomy ylymyň sanawyna urulmaýan eken. Gündogary öwreniş institutynyň aspiranturasyny tamamlan pursaty SSSR dargapdy. Garaşsyzlygyny jar etmeli bolan Türkmenistanyň hasabyna Rossiýanyň Daşary işler ministrligine degişli edilen Diplomatik Akademiýada iki ýyl okady, onuň hem diplomyny aldy, Aşgabada dolandy. Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy “boýnuýogyn” ýazyjy Tirkiş Jumageldini özüne tabyn etmek üçin onuň ogly Baýramyň ykbalyny amatly şert hökmünde orta goýdy. Şertiniň başa barmajagyna düşünende Baýramyň hyzmatynyň derkar däldigini duýdurdy. Baýram Moskwa dolandy. Bulaşan Rossiýada-da göwün isleginiň bolmajagyny bilse-de dolandy. Her näme-de bolsa, bu ýerde entek türkmenbaşyçylyk ýokdy, ýöne diplomat kadrlara isleg azalypdy. Baýramyň telim ýyl aspiranturada, Akademiýada alan bilimi, diplomy aňyrda-bärde gereklenmedi. Gazanjyň gözlegine çykdy, alan bilimine dahyly bolmadyk ugurda, energopromda işledi, başarnygyny görkezdi, menejerlik ugurda tapawutlanmagy başardy, gazanç etdi. Rossiýada tanyşlyk, parahorluk belasy möwç aldygyça Günbatar Ýewropany göwni küýsedi, Gollandiýadan jaý satyn aldy, ol ýerde ymykly mesgen tutmagyň aladasy bilen gümra. Erkin, azat durmuşa bolan isleginiň häzirki Rossiýada-da başa barmajagyna öz akyly bilen düşündi. Baýramyňka meňzeş ykbal kiçi oglum Begenjiň hem başyndan indi. Ol Aşgabatda rus mekdebini medal bilen tamamlapdy. Uniwersitetiň biologiýa fakultetine girdi, tapawutly diplom bilen gutardy, okuwyny aspiranturada dowam etdi. Türkmenistanyň yssy klimatynyň adama edýän täsirini öwrendi, kandidatlyk dissertasiýasyny taýyn etdi, alymlar soweti goramaga rugsat berdi. Şu ýerde Türkmenbaşy ýene maňa ýigrenjini görkezdi. Men muny özüm, döredijiligim babatda göre-göre gelýärdim. Indi Baýram, Begenç bilen, tutuş maşgalam bilen bagly görmeli boldum. Begenje aňsat-aňsat dissertasiýa goratmajagyna garaşyp ýördüm. Iki-ýeke signal gulagyma ýetýärdi. Prezidentiň edarasyndakylar bilen gatnaşyk saklaýan bir tanşym gulagy bilen eşidenini maňa ýetirdi, men ol adamyň toslap bir zat aýtmajagyna ynanýardym: Tirkişiň ogluna dissertasiýa goratmazlar diýipdir. Bu söz Türkmenbaşynyň ýüregine düwen niýetiniň beýanydy. Şonda men Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti, akademik Pygam Azymowyň aýdan sözüni ýatlapdym: Tirkiş, Nyýazow diýilýän adam meni işden aýyrmaga degerli sebäp tapmadyk halatynda Akademiýany ýapmakdan hem çekinip durmaz diýipdi. Ol Nyýazowa juda belet adamdy. Nyýazowyň islegine hä diýmän başlanda, eýýäm şu howpa garaşyp ýören bolmaly diýse-de bolar. Ol türkmen diline döwlet statusynyň berilmegini talap edenleriň biridi. Ony wezipesinden boşadany bilen oňmady, ýaşaýan jaýyny ýumurdy. Özüne sähelçe garşylyk görkezen adamlary horluga, zorluga sezewar edip, lezzet alýan adamdy. Ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň ölenine kyrk ýyl geçen-de bolsa, onuň il arasyndaky şöhratyny gabanyp, muzeýe öwrülen jaýyny ýer bilen ýegsan etdirdi. Ylymlar Akademiýasy diýlende akademik Azymowyň oňa prezidentlik edenini ýatlanlar tapylar, şol bolmasyn, Ylymlar Akademiýasyny ýapmaly diýip, höküm etdi. Azymow Nyýazow babatda ýalňyşman ekeni. Belki, ol Azymow ýaly SSSR-de tanalan adamyň aýatda bolmagyny gabanandyr. 1994-nji ýylda kyhlanan akademik ýakyn hossarynyň ölüm habary gelende gije Lebaba tarap gyssanmaç ýola düşýär. Kaka bilen aralykda, uly ýolda maşyny awariýa düşüp ölüpdir diýdiler. Gümürtik galan heläkçiligiň jikme-jikligi habar berilmändi. Beýik Türkmenbaşynyň ýanynda akademik Azymow kimmiş?! Indi men näme diýmelidim? Meniň “toba” geljegime Nyýazowyň garaşýandygyny bilýärdim. At alan ýazyjy, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory hökmünde men onuň gurnaýan oýunlaryna gatnaşmandym. Indi Begenji-de gaýgyrmajagy belli ahyry! Onuň dissertasiýa goramaly gününi alymlar sowetiniň bellemeli pursaty gelende Türkmenbaşy Türkmenistanda alymlar sowetini dargatdy. Bu ylyma urlan ýene bir zarba boldy. Bu habary eşidenimde ajy gülüpdim hem-de Azymowyň aýdan sözüni ýatlapdym. Maşgalamyň depesinden Türkmenbaşynyň gezelip duran gylyjynyň wehimi Bikäni häzirki agyr ýagdaýa getiren sebäpleriň biri diýjek, ýogsam bolmasa, ol muny hiç mahal diline alyp zeýrenmändi, şeýle etse, töweregindäkiler ony ejizleýändir öýderler. Sygyryň şahyna ursaň, endamy syzlar diýýärler, ony sygyr janawardan gaýry duýjak ýok. Ol uniwersitetde biregne işläp, pensiýa ýaşyna ýetdi. Zähmet depderçesinde iki sene bellige alnypdyr, işe başlan mahaly bilen pensiýa giden mahaly. Aýlygym ýokary, entek işläbereýin diýmedi, ýogsa, ony goýbermäge döwtalap däldiler. Uniwersitetde otuz iki ýyl höwes bilen işläpdi, işiniň daşyndan dissertasiýa ýazypdy, Ylymlar Akademiýasynda gorapdy. Kafedra ýolbaşçylyk edipdi, dosentlik beripdiler, professor bolmagam daşda däldi. Indi at bermek bir häkimiň – Türkmenbaşynyň erk-ygtyýaryna geçipdi. Onuň islegi meniň maşgalamyň tebigatyna çaprazdy. Bu ýagdaýa Bikäniň kemsiz düşünýändigine mende çigit ýaly-da şübhe bolmandy. Türkmen jemgyýeti ara salym düşürmän, gul tabynlygynyň has kämil, has gülkünç endigi bilen ýaşamaga ukyplydygyny görkezdi. Bokurdagyndan geçirýän çöregi, içýän suwy, dem alýan howasy üçin-de “beýik serdary” alkyşlady. Her bir raýatyň şol hora ses goşmalydygy zerurlyk bilindi. Başarmasaň, gyra çekil, başarjaklara ornuňy ber! Bike ikimiziň guran maşgalamyzda ylym-bilimiň, internasional gatnaşygyň berýän erkinligine ruhy tabynlyk gymmatlyga öwrülipdi, ol gymmatlygy başizmiň galp, ýöwsel ideologiýasyna çalşyp biljek däldik. Bikäniň uniwersitetden gitmeginiň esasy sebäbi hut şu ýerde! Men bagtymdan çykan bu ajap zenana, ogullaryma, gelinlerime, bu gün Günbataryň dürli ýurdunda başarnyk görkezip, Jumageldiýewleriň örüsini giňeldýän ogullaryma, agtyklaryma minnetdar! Uniwersitetden gaýdandan soň Bike iki ýyl oglum Begenç bilen amerikalylaryň Türkmenistanda açan gumanitar proýektlerinde işledi. Bike daşary ýurtlulara rus, türkmen dilini öwredýärdi. Uzak işletmediler. Milli howpsuzlyk ministrliginiň, öňki KGB-niň gizlin agentleriniň ýörite görkezmä görä, ýokary edaralara ýollaýan töhmetli golsuz hatlary bularyň hem üstünden ýazylýar. Munuň üçin kelle agyrdyp, azara galyp, delil toplamagyň zerurlygy ýokdy. Olar mähriban prezidentimiziň syýasatyna garşy kollektiwde töhmetli gepler aýdýarlar, wessalam – iş tamam! Olaryň ýeňsesinde kim dur? Oppozisiýa meýilli ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew dur! Bolaýdy, başga subutnama derkar däl, hat edil zerur mahaly gelipdir, indiki iki ýyl üçin iş şertnamasynyň baglaşylýan mahaly gelipdir! Beýle delilden soň şertnamanyň möhletini uzaldyp bolmaz-a! Hat ýazylany aýdylmady, ýöne onuň kimdigini bile işleýänleriň biri Bikä aýdypdyr. Bike oňa üns hem bermändir. Özleriniň ýazyksyzlygyna aşa ynanýan adamlarda biperwaýlyk keseli bolýar. Bu ýagdaýy ýörite gulluklaryň işini alyp barýan, Türkmenbaşynyň sag goluna öwrülen Sapar Seýidow gytaklaýyn boýnuna alypdy, şeýle bir arza düşüpdi öýdýän diýdi. Hakykatynda: Hawa, biziň gurnan töhmetimiziň esasynda olaryň işi togtadylypdy diýmelidi, Türkmenbaşynyň islegi birle edilipdi diýmelidi. Ha-ha, men muny öz islegime osup aýdýaryn. Beýle batyrlyk diktatoryň gurnan sistemasynyň tebigatyna tersdi. Begenç soňra “Serhetsiz wraçlar” diýlip tanalýan halkara ynsanperwer guramanyň Türkmenistanda işini ýola goýmaga işeňňir gatnaşdy, onuň logistikasyny alyp bardy, iňlis dilini anjaýyn öwrendi. Işlemek ýeňil bolmady. Diktatura häsiýetli düzgünde Günbatara degişli islendik gurama şübhe bilen garamak kada öwrülen ýörelgedi, ýurda demokratiýanyň “keseli” ýokaşar öýdülýärdi. Ýerli ilatyň saglygyny dikeltmekde “serhetsiz wraçlaryň” mugt hyzmaty-da bu howpuň esassyzlygyna subutnama däldi. Ony-da ýapdylar. Begenç soňky gezek 2009-njy ýylda Aşgabada gelipdi, biziň bilen Täze ýyly garşylapdy. Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almakda dowam edýän kemçilikleri aýdyp, dünýä jemgyýetçiligine ýaýradylan beýannama üçin guramada işleýän ýerli kadrlary günäkär tutunmak amatlydy, şeýle edilse, guramany ýapmaga-da tutaryk boljakdy. Hökümete golaý tanyşlarynyň biri Begenje mundan beýläk ýurda gelmezligi maslahat beripdir. Şol ýyl Begenjiň maşgalasy-da Amsterdama gidipdi. Aýralyk ýeňil düşmeýär, iň ýamany-da, onuň haçan gutarjagyny bilýän ýok. Begenjiň welin “Serhetsiz wraçlary” taşlap gitmejegini bilýärdik. 2004-nji ýylyň iýunynda Begençden gelen hat hem muny subut edýärdi. Begenç Guşgynyň, Hyradyň üsti bilen üç günde Kabula ýetipdir. Şol wagt Demirgazyk Owganystanyň Badhyz welaýatynda “Serhetsiz wraçlar” halkara ynsanperwer guramanyň bäş işgäri näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürilýär. Olaryň üçüsi ýewropaly, ikisi ýerli ilatdan. Ýewropalylaryň biri aýal adam. Olar Begenjiň işdeş ýoldaşlarydy, Türkmenistana gelipdiler, biziň öýümizde myhmançylykda bolanlary-da bar. Begenç 15 gün Owganystanda olar bilen bile işläpdi. Birinji gezek bu abraýly guramanyň garşysyna ganhorluk edildi. Talybanlar döwründe-de olara beýle zorluk edilmändi, gaýta talyban hökümeti olary gorapdy. Begenç üçin bu wagşylygyň aýylgançlygyna düşünmek has-da agyr. Ol görgüliler ilini, maşgalasyny, Ýewropadaky dok hem asuda durmuşy goýup, garyp ilatyň derdine melhem etmek üçin gelipdiler, olaryň soňky takdyry keç boldy. Gadyryň bilinmejek bolsa, gelip nätjekdiňiz diýýänlerem tapyldy. Olaryň ynsanperwerlik meselesine garaýyşlary başga. Käşgä, Owganystanyň nämedigini bilmeýän bolsadylar, bilýärdiler, eýýäm üç-dört ýyl bäri işläp, hassalaryň, maýyplaryň derdine em edip ýördüler. Begenç altynjy iýunda öýe hat ýollapdyr, hatda şeýle setirler bar: “Men şular ýaly ynsanperwer guramada işleýänime buýsanýaryn. Men bir sagat ozal merhum ýoldaşlarymyň jesetlerini Ýewropa ugratdym. Bu meniň işim, ony özüm meýletin saýladym, sen muňa düşünmelisiň hem buýsanmalysyň diýip pikir edýärin. (Begenç “sen” diýip, öýde galan gelni Alina ýüzlenýär). Owganystanda mundan beýläk işlemelimi diýen mesele barada Amsterdam belli karara gelýänçä işgärlerimizi ertir Pakystana ugradýarys. Bütin dünýäden gynanç hatlar, telegrammalar gelýär. Amerikanlar öňki endiklerine eýerip, jenaýaty eýýäm talyban tarapyna ýüklediler. Emma talybanlar hiç mahal biziň guramamyza ýamanlyk etmändiklerini, biziň işimize hormat goýýandyklaryny aýtdylar. Entek aýdyňlyk ýok. Biz hem öz derňewimizi alyp barýarys. Ýüz beren ýagdaý biziň üçin aýylganç tragediýa. Göz öňüne getiriň, adamlar alysdaky Ýewropadan meýletinlik bilen gelýärler, mätäçlik çekýän ilata, hassalara hemaýat berýärler, ahyrda-da näkesleriň güllesinden şirin janlaryndan jyda düşmeli boldular.” Men hem bu pajyga hakynda pikir edýärin. Meniň çakyma görä, jenaýatçylary halkara neşe söwdasyny alyp barýanlaryň arasyndan gözlemelimikä öýdýärin. Million, milliard dollar gazanýan neşe söwdagärleri Owganystanyň çet ülkelerine ýewropalylaryň aralaşmagyny islemediler, sebäbi olaryň informasiýa bermekleri, şaýatçy bolmaklary ähtimal. Göz görkezmek üçin hem bigünäleriň başyna ýetip, bu ýerlere aralaşjak bolýanlaryň gorky arkaly ýollaryny baglamagy niýet edinendirler. Şolaryň ornunda Begenjiň bolmagy-da bolup biljek zat. Soňra Amsterdama barmak miýesser edende, şol pajygada ölenleriň mazaryna gül goýamyzda howpuň juda golaýdygyna düşündik. Bu howp Begenç, onuň gaýduwsyz ýoldaşlary üçin dowam edýär. Heý, mundan soň “Serhetsiz wraçlaryň” haýyr işinden şeriň alamatyny gözleýän türkmenbaşylaryň etmişine näme diýersiň?! Bu sowallar Bikäniň ene kalbyna sarsgyn bolup aralaşýardy. Her ädimde duýdurmasa-da, men duýýardym. Howsala düşýändigimi duýduryp, Bikä raýdaşlyk etmek ýürek ýarasyny dyrmalan ýaly boljakdy. Mensizem bu bet işi Nyýazowyň emeldarlary gün yrman alyp barýardylar. Begenç “Serhetsiz wraçlar” halkara gumanitar guramanyň Aşgabatdaky ofisinde jogapkär wezipede işläp ýör, häli-şindi Özbegistana, Owganystana, Amsterdama, Türkmenistanyň welaýatlaryna gitmeli bolýardy. Olara ýurtdan çykmak üçin alty aýlyk wiza berilýär. Nobatdaky wizanyň gutarýandygy üçin indiki möhlete öňünden zaýawka berilýärdi. Sanawdaky işgärleriň Begençden öňňesine wiza beripdirler. Ofisiň dokument ugruny alyp barýan işgärini Daşary işler ministrliginiň konsulluk gullugynda işleýän Nikitin atly adam söhbete çagyrýar. Begençden söz açýar. Begenje wiza berilmezliginiň sebäbini açyk aýtman, ondan-mundan gep urýar. Begenç döredijilik bilen iş salyşýan adamyň maşgalasyndan ekeni diýýär. Hamala, Amerikany açan adamyň äheňinde aýdýar, ha-ha! Soňra Begençsiz işläp bolmazmy diýen äheňde sowal berýär. Ofisiň işgäri Olga: “Öz başlygym hakynda beýle gürrüň etmäge meniň ygtyýarym ýok, biziň merkezi edaramyz bar, gürrüňi şolar bilen ediň” diýýär. Bu faktdan ýazyjy Jumageldiýewiň oglunyň halkara gumanitar guramada işlemegini islemeýärler diýen netijä gelse bolýar. Muny her ädimde duýdurýardylar. 1996-njy ýylda, mart aýynyň başynda ortanjy oglum Rahym pagta satyn alýan Pakystan firmasyna işe giripdi. 25 gün Maryda bolup, gije-gündiz diýmän işledi, öz maşynyny hem ulandy. Soňra ony Aşgabada ugradyp, entek dynjyňy al, soňra ýene bir welaýata gidip işlemeli bolarsyň diýýärler. Rahym 25 gün garaşdy, ony ideýän ýok. Habar tutup görse, sen bizde işläňok diýýärler, işlän günleriniň haky barada ýatlaýan hem ýok. Gaýta: biziň hojaýynymyz iki gezek seniň maşynyňa münende gapyny açyp bermegi, çemodanyny götermegi özüňe kiçilik bilipsiň diýýärler. Beýle tutuma meniň ogullarym öwrenişmändi. Esasy sebäp munda däl ekeni. “Ekpar” firma türkmen tarapyndan ýolbaşçylyk edýän, şol mahalky Oba hojalyk ministri Paýzygeldi Meredow: Rahym Jumageldiýew islegsiz maşgaladan, ol bizde işlemeli däl diýipdir. Paýzygeldi isleglimiş, soňra Türkmenbaşy bu “islegli” guluny türmede çüýretdi. Aşgabatda işläp başlan türk firmasynyň emeldary men rus dilini öwrenjek, ökde mugallym tapyň diýýär. Bikäniň öňki studenti tapdym diýýär, kimi tapandygyny aýdýar. Türk bir aý sapak aldy, ýurduna dolanmaly bolanda töleg ýadyna düşenok, ýatladan adamy-da kabinetinden kowýar. Bike hakymy töläň diýmedi, dawa-da, arz-şikaýat-da etmedi, gaýdyberdi. Adam özünden bilmese, ony utandyrmak kyn, olardan daşrakda duranyň gowy. Türkler eýýäm Türkmenbaşynyň ynamyna giripdiler, köpüň öňünde onuň elini ogşap, düýnki ýetim ösen, gul endigine imrigen ýeňilkelle serdaryň uguny ýekeleýärdiler, erksiz raýatlaryny kemsidip, onuň göwnünden turýardylar. Olaryň özleri-de watanlarynda anjaýyn ýaşap bilmän, ýeňil gazanç gözläp gelen bilimi çäkli adamlardy. Mertebesine sarpa goýýan türkmen olardan daşrak durmalydy, ýöne olaram azlyk edýärdi, olaryň köpelmegini para, ogurlyga erkini aldyran türkmen emeldarlary, aýratyn hem olaryň Türkmenbaşysy islemeýärdi. *** Ýurtda ýüz beren agyr ýagdaý, üstesine-de meniň ylym-bilimden daýanç gözläp ýaşamaga endik edinen maşgalamyň sezewar bolan kynçylyklary Bikä-de täsirini ýetirýärdi. Üç öwre mikroinsulta ýolugdy, hernä, agyr hassa öwrülmändi, sähel salymdan aýak üstüne galmaga güýç tapypdy. Bu gezek welin, ýagdaýy pajygaly, haýdan-haý reanimasiýada ýatyrdylar, beýnä gan inipdir. Dogtorlara ýeke sowal berdim: bejergi bilen janyny halas edip boljagyna ynam barmy? Adatça, çykmadyk janda umyt bar diýilýär. Aksioma meňzeş bu abstrakt jogap takyklygy talap edip durmaýardy. Ýaşy bir çene baran zenan dogtoryň aýdany, nähili-de bolsa, umyda ýol goýdy. Beýniniň gabygynyň ýukalandygyna garamazdan, eger syrkawyň ýüregi, aşgazany kada laýyk işlese, ol ýaşar diýdi. Bikesiz galan içerä aýlanýaryn, öý goşlarynyň her birinden Bike bilen bagly ýatlamanyň janly beýanyny görýärin, kalbyma agyr duýgy çökýär. Eger Bike dolanmasa, olar meniň üçin artyp galan zada öwrüler. Eý, Hudaý, Bikäniň demine degme diýip zarladym. Öz aýagy bilen öýe dolananyny göreýin, bile basyp bosagadan ätläýin, ýöremäge gurbaty ýetmese, göterip getireýin, düşekde ýatsyn, men şoňa-da kaýyl. Gapdalynda oturmaga, derdini paýlaşmaga razy, ýyly demi öýümi ýylatsyn, ýagty göreji içerime nur çaýsyn, onsuz men ýalňyzlygyň hupbatyna çydaman, ahyr ýaşda meni bu jeza giriftar etme, Hudaý! Aýralyk maňlaýa ýazylan bolsa, öňürti men gideýin. Ýalňyzlygyň derdine aýallaryň çydamy has ýokary, maşgala bilen olaryň sepi has berk, ärden galsalar-da, olar aňsat gowşamaýar, şol gaýymlykdan çydam, kuwwat alýarlar. Öýüň, ojagyň ýylysy öňi bilen aýalyň kalbyna bagly, ol juda ygtybarly çeşme, onsuz maşgalanyň abadanlygyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Iş kabinetimiň diwarlarynda asylan, dürli ýylyň fotosuratlaryny synlaýaryn. Olar meniň maşgalamyň janly portreti, kalbymdaky häzirki agyrlyk olara gam-gussanyň tukatlygyny çaýýar. Her suratyň özüne degişli taryhy bar. Olar Bike bilen ýaşap ýören altmyş bir ýylymyzyň bitewiligini düzýär. Gynansam-da, tanyşlygymyzyň başky pursatlary surata düşürilmändir. Men şol pursatlary göz öňüne getirýärin, olar biz bilen ýiter gider. Biziň ýaşlygymyzda olara zerurlyk bolar hem öýdülmeýärdi. Öýdüläýende-de olary amal etmäge mümkinçilik ýokdy. Bolan halatynda-da Bikäniň ýygralygy päsgel berýärdi. Altmyşynjy ýylda tanşanymdan soň ýalbaryp-ýakaryp Bikäni duşuşyga yrypdym. Ol iliňkä meňzeş bolmandy. Iş gutaranda agasynyň bir ýaşyna ýetmedik gyzyny ýasliden alýan ekeni, Ostrowskiý köçesi bilen öýe gaýdamda meni görüp bilersiň diýdi. Garaşyp durun, tolgunýanam. Bäş ýyl uniwersitetde okan hem bolsam, entek şäherli bolmaga ýetişmändim, gyzlar bilen pynhan duşuşyk beýlede dursun. Bike mendenem beter ekeni. Häzirki otuzynjy mikroraýonyň başlanýan ýerinde ýüpek kelepleýji fabrikanyň çagalar ýaslisi bar ekeni, Bike şondan jigisini goltugyna alyp çykdy, çykan dessine töweregine garanjaklady. Meniň duranymy gördi, gyssanmaç ýöräp, beýleki ýanýoda geçdi. Bu maňa duýduryşdy, köçede golaýyma gelme diýdigidi. Düşünsem-de geçdim, batyrlyk edendir öýtmäň, duşuşyga gelendigimi duýdurmasam, soňunyň puç gutarmagyndan gorkdum. Bike howsala bilen bäri geçme, şol trotuardan ýöre diýip ýalbardy, görerler, gaýdyp maňa duşuşaly diýmersiň, diýseňem gelmen diýdi. Ynandym, ynanyp dogry eden ekenim, muňa Bikäni tananymdan soň düşünip galdym. Soň ýene bir gezek edil öýleriniň gapdalynda, Köşi bagynyň gyrasynda, çola-da bolsa, çyranyň ýagtysy düşýän uzyn oturgyçda duşuşypdyk, golaýda ýagyş ýagypdy, ot-çöp öldi. Bike aýagyny epip salymly oturmandy, öý tarapdan adynyň tutulyp gygyrylmagyndan howsala düşýänini duýdurdy. Onda näme üçin geldiň diýip soramalydym, çekindim. Iki gezek duşuşyga milt edip, ol dili bilen aýdyp bilmejek sözüniň manysyny duýdurdy: men saňa göwün berdim diýdigidi. Eý-ho, mundan soň men ony garsa gujaklap, bagryma basmalydym. Menmi ony etjek! Bike öýlerine baranda plaşynyň gyrasyna palçyk ýelmeşenini agasy göräýipdir, ony Bikä duýdurypdyr. Bike bu “masgaralygy” häzirem ýatlanda ýüzi gyzarýar, edil şu pursat eşidýän ýaly bolýar, ýogsam bolmasa, agasynyň pajygaly ýagdaýda aradan çykanyna elli üç ýyl geçdi. Bikä düşünmeseň, muňa ynanmak aňsat däl. *** Ikimiz bir ýylda onunjy klasy gutarypdyrys, men Maryda, ol Aşgabatda. Türkmenlerde “maňlaýa ýazylany” diýen söz bar. Bu-da ýalana çykaryp bolmajak abstrakt düşünje. Muny Bike ikimiz babatda-da aýdaýmaly. Biziň toýumyzam iliňkä meňzemedi. Marydan gelen hossarlarym Bikäni alyp, Aşgabadyň wokzalyna bardylar. Ir salkyn ugraýan otly öýlän sagat dörtde Mara ýetýär. Gelni alyp gitmeli gelnalyjy Garybata stansiýasynda garaşyp durmalydy, menem şolaryň arasynda bolmalydym. Munuň üçinem men otly ugranyndan soň iki sagat geçirip, Aşgabadyň aeroportuna barmalydym, samolýotda uçup, Bikäni Maryda garşylajak gelnalyja ýetişmelidim. Garaz, Bikäni Aşgabatdan ugradýanlaryň, Maryda garşylajaklaryň arasynda-da men bolmalydym. Niýetimiz başa barmady. Garaşylmadyk harasat Aşgabadyň üstüni basdy. Sary reňk apy-tupan zerarly bäş-on ädimdäki zatlary saýgarmagam başardanok, demiňi tutup barýar. Şeýle-de bolsa, mahalynda aeroporta bardym. Harasat gutarmasa, samolýot uçmaz, garaşmaly diýdiler. Howsalam depäme urdy, haçan gutarar diýip gygyrdym. Häzirlikçe belli zat ýok, asman açyldygy samolýoty saklamarys diýdiler. Garaz, gijäni Aşgabatda, tanşymyň sallah otagynda ýeke ýatyp geçirmeli boldum. Til edip, Marydan alan habarym şeýle: otly wagtynda barypdyr, gelnalyjy Garybata çykyp, şowhun, dabara bilen Bikäni ilki Garybatanyň obasynda ýaşaýan uly aýal doganymyň öýüne, soňra-da meniň dogduk obama alyp gidýär. Ejem bosagadan ätlän, başy mahmally gelniniň maňlaýyna ak un sepipdir. Toý tutulypdyr, ýöne gelin bar, ýigit ýok. Bu neneňsi alamat, ony nämä ýormaly? Nikadan öň başlanan aýralyk dowamly bolmawersin! Bu synag üçin bolýan ahwalatdyr diýip, göwnüme giňlik saljak bolýaryn. “Sen onda galdyň, men munda” diýip, aýdyma gygyryberesim gelýär. Ejizleme, çyda, soňy düz bolar! Indi samolýota ynam ýok, ertesi irden açylmadyk asmany görüp, wokzala bardym, otla mündüm. Noýabrda siňňitli güýz ýagşy ýagyp durka şähere ýetmän, obamyzyň deňindäki çola razýezdde düşdüm. Ýagmyry gowulyga ýorup, goý, biziň Bike bilen ýaşajak ýyllarymyzyň ýakymy güýzüň ýyly ýagyşyna meňzesin diýdim. Meni garşylamaga agam Ata çykypdyr. Kolhozyň “Gaz 51” kysymly ýük maşynyny sürýärdi. Bize-de gelnalyjynyň soňky tapgyry diýäýmelidi, indi bir gutarygy bolsun-da diýdim, agam şeý diýäýmeli boldy diýip güldi. Toý gaýtadan başlandy. Nika gyýdylar, ädik çykartdylar, guşak çözdürdiler. Bike gapdalyndaky gyz-gelinleriň et diýenini edýärdi. Hereketlerini synlap oturyşyma bu däpleriň oňa düýbünden nätanyşdygyny aňdym. Eli sypynsa, çümre bürelen mahmalyň gyralaryny berk tutup, ýüzüni ýapýardy, ýüzüňi görkezmegin diýip sargalan bolmaly. Täze gelniň ýüzüni görmäge töwerekdäkileriň islegi gyzykly tomaşa öwrülýär diýäýmeli. Bu aňyrdan gelýän dessur, bize oglanlykdan tanyş dessur. Häzir, dogrusy, özümem Bikäniň ýüzüni görmäge howlukdym. Gije-gündiziň dowamynda ol hasam owadanlaşypdyr, mahmalyň çetinden gözüme kaklyşdy welin, ýüzi-de has agaran ýaly. Ony näzik hem islegli zada deňäsim geldi. Deňäp ýörmek nämä gerek, ol seniň çat maňlaýyňda gyzyl mahmala bürenip otyr-a! Ol häzir nämäniň pikirini edýärkä? Göwnümiň suwsandygyny bilýärmikä? Utanýandyr, eger häzir çepiksi göwresi mahmalyň astynda ýitip gidäýse, bu ahwalaty utançdan görjek. Geň ýeri, özümem pikire maýyl bolup, birdem içerini unudan bolsam nätjek. Bike meniň maňlaýyma ýazylan ekeni diýýärin. Bu pikire özümi ynandyrjak bolmadym, ynanç öz-özünden geldi. Uniwersitet ýyllarymyň ýatdan çykyşan wakalary birden çyranyň ýagtysyna düşen ýaly täsin bir duýgy döredip ýiteldiler. Biperwaýlyk edenim üçin meni çekelediler, indi düşündiňmi diýip gyjyt berýän ýaly boldular. Uniwersitetde Bike bilen bir jaýda okapdyň, gözüňe ilmändi. Ony ilkinji gezek Tejeniň pagta meýdanynda göreniňi ýatla. Bir aý pagta ýygymyna iberipdiler. Sentýabryň aýagynda patrak ýaly agaran gowaçanyň haşal otly keşinden haýdap pagta ýygýan gyzy göremde ýoldaşym: agşam öwülen gyzlaryň biri şo-da diýdi, mugallym siz oruslarça-da ýok diýip gyjyt ber-dä, şu gyzyňam adyny tutdy, Bike bolmaly. Bike biziň gapdalymyzdan: hawa, men Bike bolmaly diýýän ýaly, gowaçanyň şahalaryny bat bilen egse-de, bize tarap garaman geçip gitdi. Petiş yssa derlän ýüzünde haşal otlaryň kir-kimiriniň ýokuny görüpdim diýäýmesem, ýüzüni aýyl-saýyl saýgarypdym diýip biljek däl. Ol biziň ünsümizi uzak eglemändi. Onuň hasyrdysyny emelsiz ýygymçynyň özüni görkezjek bolşuna meňzedipdim, ýadymda galan diňe şular. Gowaça içinde ulalan çagalara bu endikler häsiýetli däldi. Menem şolaryň biridim. Rus bölüminde okaýan şäherliler üçin meniň ýygýan pagtamyň möçberi elýetmezdi. Bikäni şol bada unudypdym. Kolhozyň sygyr ýatagyny arassalap, iki hatar raskladuşka goýlan jaýdan girip çykýan gyzlaryň arasynda ony görenimi göz öňüne getirip biljek däl, ol 60-70 gyzyň köpçüligine öwrülipdi. *** Iki ýyl soň uniwersitetiň Maksim Gorkiý köçesindäki okuw jaýynyň ikinji gatynda sapak arasyndaky bäş minutlyk arakesmede rus gyzlary assa ýöräp gelen owadan türkmen köýnekli gyzyň daşyna öwrüldiler. Ýakasy bejerilen köýnegiň gülgüne reňki göwnühoş görünýän gyzyň ýüzüne ýagtylyk çaýdy. Men bu görnüşi gapdaldaky penjiräniň öňünde durup synladym. Gyzlar köýnegi elläp görýärdiler, keşdeleri sypaýardylar. Olaryň bolşy geňdi, türkmen köýnegini birinji gezek görýän ýalydylar. Soň bilip otursam, Bike şol gün birinji gezek türkmen köýnek geýen ekeni. Onuň amanat ýaly bolup durşy-da şonuň üçin bolmaly. Ony synlasam-da, bu gyzyň adynyň Bikedigini-de, şol hasyrdap pagta ýygýan gyzdygy-da hakydama gelmändi. Soň täze köýnekli gyzy-da unudypdym. Göz öňümde galan şol görnüşi soňra ýatlapdym, şonda kursdaş gyzlarynyň näme diýendiklerini sorapdym. Geň görüpdirler, ýöne näme sebäbe türkmen köýnek geýendigini soramandyrlar. Bikäni durmuşa çykarjak bolýandyrlar diýip pikir edeni-de bolandyr. Bike belli zat aýtmady. Ýöne şu pikir Amanja daýzanyň gonjuna gor guýan ekeni. Ýaňy öýden gaýtmanka bolan galmagaldan Bike uniwersitetiň jaýyna ýetende-de saplanyp bilmän ekeni. Şol mahal ol Sähetmyrat aga bilen Amanja daýzanyň öýünde ýaşapdyr. Perzentsiz öý Bikäni gujak açyp garşylapdyr. Sähetmyrat aga Bikäniň kakasy Hojamguly bilen Halaçda goňşy ýaşapdyr, dogan okaşypdyr, Bikä-de öz gyzlary ýaly garap başlapdyrlar. Bike Aşgabadyň mekdebine geçirlende gyzymyz geldi diýip begenipdirler. Amanja daýzany aýatda dirikä görmäge ýetişmedim. Ol partiýa guramasynda işlän, aýal-gyzlaryň meselesi bilen meşgul, özdiýenli, görmegeý aýal ekeni. Bike ony hemişe ýakymly duýgy bilen ýatlaýar. Bikäni onuň ejesinden gabanýan ekeni. Onuň bu häsiýetini ýamana ýormazdy, özüne bolan ýakymly duýgy diýip düşünerdi. Bikäniň hossarlary türkmençilik edip, ony öz saýlan adamlaryna bererler diýen gorky hemişe ony hatyrjem bolmaga iteripdir. Bu gezegem Bike ejesiniň raýondan iberen iki köýnegini Amanja daýza höwes bilen görkezende onuň şatlygyny görmändi, ýogsa, bu sowgatlara guwanaýmalydy, ikisi-de owadandy, seýrek tapylýan hytaý matasyndady, biri mawy, beýlekisi gülgüne reňkdedi. Amanja daýza bulary ýowuz duýduryş hökmünde kabul edipdi. Bike ýigrimi ýaşyna ýetdi, durmuşa çykarmaga wagt boldy diýen many alypdyr. Bike gülgüne köýnegi geýende Amanja daýza aglady, çykar, owarra et diýip gygyrdy. Bike bulary ejem iberipdir-ä diýdi. Amanja daýza köşeşmedi: “Men nä seň ejeň dälmi, indi men saňa keseki bolaýdymmy?” diýip gygyrdy. Hakyky ejesiniň mähri siňen köýnegi Bikäniň çykarasy gelmändi. Amanja daýza ony mejbur etmegiň kül-külüne düşdi. Sähetmyrat aganyň işine til edip, gyzyň meň göwnüme degýär, diýenimi edenok, eglenme-de, öýe gel diýdi. Sähetmyrat aga ýumşak, mährem adamdy, aýalyny juda gowy görýärdi, gyzym diýip Bikäniňem üstünde kökenekdi. Pakyr alňasaýar, Bikä ýalbarýar: “Gyzym, ejeňe hä diýäý, oň göwnüne degmäli” diýýär. Bike-de aglaýar, ýöne owadan köýnegini çykarman okuwyna gidýär. Ana, täze köýnekli gyzy uniwersitetiň zalynda gören mahalym şol dartgynly pursatyň yz ýanyna gabat gelen ekeni. Şol günden soň Bike türkmen köýnegini çykarmandyr, Amanja daýza-da köşeşipdir. Ol görgüli Bikäni ýitirmekden gorkýan ekeni, ýogsam bolmasa, Bike gorkynyň döremegine sebäp bolar ýaly etmiş etmänine ynanypdyr, muňa Amanja daýza-da ynanýan ekeni. Perzentsiz görgüliniň gabanjaňlygyna esasy sebäp şu ýerde. Şol öýde bolan alty ýylynda Bike olaryň el-aýagyna öwrülmegi başarypdyr diýmeli. Amanja daýza soňra agyr derde uçran mahaly gije-gündiz onuň hyzmatynda bolupdyr, ýeke gün ony ýeke goýmandyr. Dertden halys haýallan aýal bir gün Sähetmyrat agany, Bikäni gapdalynda oturdyp: “Sähetmyrat, men indi uzak ýaşaman, senden etjek haýyşym, perzent ornuny tutan şu maşgalany uly minnetdarlyk bildir-de, hossarlaryna tabşyr, öz hossarlaryňa-da aýt, Bikäniň mährini, hyzmatyny öz perzendimdenem ýa görerdim, ýa görmezdim, şu diýenimi aýt” diýýär, Bikäni bagryna basýar... Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |