Guşum, ýadyñda bolsa demiriñ pirligi Dawut pygambere berilenligi barada tymsaly ýatlapdyk. Dawut pygambere Arşdan demir köwüş inipdir. Haçan-da Dawut şol köwşi geýip, demiri ele alanda demir hamyr ýaly sozulyp mum-helime dõnýan eken. Soñ ol biraz öwünip, men-menlik edipdir. Muny Allatagala halaman demiri otda eretmeli edipdir. Onsoñ Dawut bir gezek ot ýüzüne syçranda: "Bu uçgunjyklar Eýubyñ men-menlik edip ceken ejirini ýatladýar. Oduñ alawlaýşy bolsa meniñ "Toba odumdyr"- diýipdir.
* * *
Kimdir biriniñ g0zýaş dõküşinden lezzet alýan adamy diñleme, daşlaş. Çünki ertir seniñ başyña kyncylyk düşse onuñ hezil etjegi ikiuçsyzdyr.
* * *
Eý meniñ saýrak guşum! Bu dünýa alyş-çalyşly dünýä diýýärler. Ýõne iki zat hiç wagt çalyşylýan däldir. Watan bilen maşgala ýeke-täkligiñ nyşanydyr. Watana, maşgalasyna dõnüklik eden adamy ynsanlyk çygryndan çykan hasaplanýandyr.
* * *
Dünýäde sylaglaryñ ajaby özüñi sylamakdyr. Õzüni sylan adamyñ mertebesi beýik, ahlagy gözeldir. Şeýle adam ynsanlygyna şek ýetiriljek hiç bir säwlige ýol bermez. Şonuñ üçin ol il icinde abraý täjini geýen ýalydyr.
* * *
Dünýäde ynsan iki zatdan gorkmaly. Biri özünden gorkmaly, beýlekisi kalbyna gelýan gorkudan gorkmalydyr.
* * *
Eý meniñ saýrak guşum, dûnýäde bilinmejek syryñ, çõzülmejek meseläniñ ýokdugyny ýadyñda sakla ! Ýõne iki zadyñ añyrsyna çenli ýetmek mümkin däl. Olaryñ biri ynsanyñ pikirletiniñ güýji esasynda ýetip bilmejek sepgidiniñ ýoklugy, ikinjisi Alem syrlary. Bu iki syrly keramat Beýik Tebigatyñ gatnaşmagynda ýaradylany ücin oña ýetme ýok.
* * *
Bilbilgöýä maslahat.
Matematikanyñ kanunyndaky dört amala ähli zat boýun egýändir. Ýõne Bilbilgöýäm, ynsan ömri şol amallaryñ birine boýun egýar. Ol hem aýyrmak belgisi. Günler geçdigiçe õmür hem çotuny kakyl, günde bir düwmäni düýne zyñyp oturandyr. "Şol" düwmeleri many-mañyzdan doldurmagy unutma!
Monologlar gaty bir kreatiw bolmasada durmuşdan alnandygy görnip dur. Meniñ pikrimçe her bir monologda gizlin bir güýç gysga setirlere sygdyrylan bolmaly naçe setir uzasa şonçada many ýaýraýar.