13:50 Ýazlar gerekdir maňa | |
ÝAZLAR GEREKDIR MAŇA
Goşgular
Türkmenistan — baharym sen, ýazlar gerekdir maňa, Sen köňlümiň nagmasy sen, sazlar gerekdir maňa, Pany dünýä oýun-bazdyr, bazlar gerekdir maňa, Saýasynda döwre gursaň, baglar gerekdir maňa, Kölleriňde ýaşylbaşlar, gazlar gerekdir maňa. Gündizler jöwzaňa ýanyp, agşamlar serginlesem, Garagum, sen zer göweçde erän bir erginle sen, Iliň bilen, ýurduň bilen dünýäde erkinle sen, Şahyr ogluň owazyna köňül berip diňle sen, Dutar, gyjak, gargy tüýdük, tarlar gerekdir maňa. Düzleriňde aýakýalaň ylgasam batsa tiken, Diňe täsin gülleriň däl ýandagyň derman eken, Ýüz müň dürli miwäň bardyr ýüz müň bagbanlar eken, Bir gyzlaryň goýnunda däl, sumbar goýnunda biten, Içi elwan, daşy elwan narlar gerekdir maňa. Ýow gelip, ýörhä-ýör bolsa, gursagyndan galkanym, Hem ýelden, aýazdan gorap ok öňünde galkanym, Duşmana daşdan gatydyr öz ogluna talhanym, Köpetdagyň, Köýtendagym, Ýyldyz dagym, Balkanym. Sen Çar dagly Çandibilim, daglar gerekdir maňa. Daglardan güwleýip gaýdyp, bulanyp, soň durlanan, Kenarlary seýilgähi ördek, gazlaň durnalaň, Ýakasynda il oturyp, örüp-ösüp örňelen, Gaýtgynyna düme ekip, waharmanlar torlanan, Jeýhun, Murgap, Tejen, Hazar ablar gerekdir maňa. Dagdan çykan mumyýaňdyr köňlüme seýikleriň, Maňa des-deň söýgülidir pesleriň-beýikleriň, Sähralamda çikar etsem, diýmen: “Başga keýip beriň!” Oka-peýkama ýetdirmez ýel aýak keýikleriň. Sülgünli hem käkilikli awlag gerekdir maňa. Görk-görmekde hem edepde biri-birinden zyýat, Kirpikleri Yspyhanyň peýkam tirinden zyýat, Gahr eýlese hemlesi bar dagyň şirinden zyýat, Uçmaha dahyl bolmsaň jennet hüýründen zyýat, Seýkin basyp, gamza kakan uzlar gerekdir maňa. Ogullaň dünýäni sorap, ýer ýüzünde ýitdiler, Elmydama seni gorap öz janyndan ötdüler, Özün şöhrat-şana bermän, seniň waspyň etdiler, Ýüz müňlerçe gerçekleriň bir seni beýgeltdiler, Pyragy deý, Görogly deý ärler gerekdir maňa. Yhlas edip ýazan şygrym — dessanym bergeý saňa, Atsyz-sorsuz öteýin men bu namym bergeý saňa, Men göre imansyz gidip, imanym bergeý saňa, Lazym olsa, wah diýmerin, bu janym bergeý saňa, Ýene saňa goýar ýaly janlar gerekdir maňa. Seni menden zyýat söýen bir kişi bolmaz meger, Sen meni golda göterseň depäm asmana deger, Aň-paýhasym seniňkidir, seniňdir bagru-jiger, Asla senden dönme ýokdur, bir gün dönäýsem eger, Şirin jana gyýar ýaly tyglar gerekdir maňa. Saňa hyzmat eýläp-eýläp daş kibi owranamda, Ak pagtaňdan damja sorup, nem alyp suwlanamda, “Waý dogan” diýip, gara taldan at münüp ugralanda, Alty gary ak beýazda çägäňä duwlanamda, Il-halkymyň gözlerinde çyglar gerekdir maňa. Atamyrat Atabaýew | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |