00:05 Birden mat goýaýsam, ynjama, oglan! | |
BIRDEN MAT GOÝAÝSAM, YNJAMA, OGLAN!
Edebi makalalar
Ýazgymyza sözbaşy edilip alnan bu sözler öz döwründe şirin şygyrlary bilen köpleri haýranda goýan, küşt oýnap men-men diýenleri kökermegi başaran Mähestä degişli. At owazasy asyrlaryň agyr heňňamlarynyň arasynda ýitip gitmän biziň günlerimize çenli gelip ýetenindenmi, ol hakdaky rowaýatlaryň biri-birinden täsindigindenmi, gözel rubagylarynyň kalba gozgalaň salyp bilýänligindenmi, bilmedim welin, garaz ol hakda has köpräk bilesiň gelýär. Agtaryberseň tapylýaram. Ýazgylar depderçämde öz ady Mänije, edebi lakamy Mähesti bolan bu şahyr hakda bir topar maglumat ýygnanypdyr. Ol barada bilýänlerimi siziň bilen paýlaşmak üçin galama ýapyşdym. Ýöne öňi bilen şahyryň rubagylarynyň agramly bölegi bilen tanyşmagyma ýakyndan kömek eden uniwersitet mugallymym Nazar Gullaýewe aýratyn minnetdarlyk bildiresim gelýär. Mähesti Gündogaryň geçmişde ýaşan uly edebiýat läheňleriniň hatarynda goýulmaga laýyk şahyrlaryň biri. Biziň pikirimizçe, onuň türkmen edebiýatynyňtaryhynda hem mynasyp orny bar. Şu wagta çenli onuň durmuş hem döredijilik ýoly doly öwrenilenok.Dogrusy, munuň üçin edebiýat taryhçylary günäkäremdäl. Gadymy möwritnamalar onuň biografiýasyna, döredijiligine gezek gelende gaty gysyklyk edýär. Onuň dünýä inen hem aradan çykan ýyllary hem anyk däl. Bir zat belli. Ol XII asyrda ýaşapdyr. Dogry «Meşhur hatynlar» diýen tezkirede «Mähesti Abdylla hanHyrady basyp alanda dünýäden ötüpdir» diýen sözler bar. Emma tezkirede berilýän bu fakt diýseň bulaşyk. Sebäbi Abdylla han has giçki döwürde ýaşan şahs. Ol Hyrady 1588-nji ýylda basyp alýar. «Türkmenistan SSR-niň taryhynyň» I tomunyň 1-nji kitabynyň 384-nji sahypasynda bolsa şeýle sözler bar. «Şahyranaçylyk döredijiligi barada XII asyrda şahyr aýal Mähesti peýda bolýar, onuň bilen Soltan Sanjar dostlukly aragatnaşykda bolupdyr». Şahyra degişli köp çeşmeler, ine, şu fakty, onuň XII asyrda ýaşandygyny tassyklaýar. Seljuk türkmenleriniň ahyrky soltany Sanjaryň döwründe Mähestiniň döredijiligi hakykatdan hemgülläp ösýär. Soltan Sanjar şahyryň döredijiliginiň rowaçlanmagy üçin elinde baryny edipdir. Ony öz ýanyna köşge alypdyr. Onuň bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Döwletşa Samarkandy şeýle birmaglumat berýär. Bir gezek köşkde meýlis gurulýar.Soltan Sanjar meýlis arasynda daşarda gezim edip gelmek isleýär. Soltan ýaňy ýerindei galan wagty daşardan Mähesti gelýär. Ol şahyrdan howanyň nähilidigini sorapdyr. Şol wagt daşarda gar ýagyp dur eken. Şahyr bada-bat bir rubagy aýdypdyr. Rubagy daşarynyň şol wagtky ýagdaýy, garyň ýagyp durşy şeýle bir çeper şekillendirilipdir, welin, soltan agzyny açyp galýar. Şol bada şahyryň berekellasyny berýär. Bu ahwalatdan soň, köşkde şahyryň mertebesi göterilýär. Ol soltanyň ýakyn adamlarynyň birine öwrülýär. Şu-da şahyryň soltanyň huzurynda köp wagtlap işlemegine hem ýaşamagyna şert döredýär. Olaryň ýakyn dostluk aragatnaşyklary şahyryňrubagylaryna hem siňipdir. Çeşmelerde ýazylyşyna görä, soltan bir meýlis gurýar. Meýlisde bir şert goýulýar. Eger kim meýlise gijä galyp gelse, käsede däl-de, öküziň şahyndan edilen gapda şerap içmeli. Mäheti meýlise gijä galyp gelýär. Soltan Sanjar birşah şerap uzadýar. Mähesti içýär. Şa ikinjini guýýar. Mähesti ony-da içýär. Şa üçünji şahy uzadandaMähesti bada-bat şu rubagyny aýdýar. Şahym, her ki zadyň ýagşydyr çaky, Meň alkyşym bolsun şahymyň ýüki. Üçünji ne derkar, men öküz däl-ä, Bilýäň-ä öküziň şahy-da iki. Şu pisint rubagylar şahyryň döredijiliginde başga-da bar. Ýöne şolaryň biri özüne aýratyn üns berilmegini talap edýär. Biziň aňlaýşymyza görä, Mähesti şol rubagyny ýa durmuş şowsuzlyklaryna duçar bolanda, ýa-da ömrüniň ahyrky pursatlarynda ýazypdyr. Eger soňky çaklama çyn bolsa Mähesti Soltan Sanjar heniz dirikä aradan çykan bolmaly. Ine, onuň Mälik şanyň otly Soltan Sanjara ýüzlenip ýazan şol rubagysy. Eý säher şemaly men saňa gurban, Sen Mälik ogluna habar ber durman, Ýel üstünde jan berdi diý Mähesti, Ýoluna göz dikip, gidýärin arman! Mähesti köp wagtlap Soltan Sanjaryň ýanynda, seljuklaryň şol wagtky paýtagty Maryda ýaşan bolsa-da, onuň nirede dünýä inendigi şindi mälim däl. Bu babatda alymlar heniz bir çukura tüýkürip bilenok. Her hili maglumatlar berilýär. Edebiýatçylaryň bir topary ony Genjede doglan hasap edýär. Ýene bir näçesi ol Nişapurda doglan diýen pikirde. Her kimim öz tutarygy bar. Emma şahyryň hut özüniň «Horosanýurduna, Balh şäherine barýaryn, başda şol ýerdedim,şol ýerden şu ýere gelipdim» diýen sözlerine ynansaň-aol Seljuklaryň şol wagtky iri merkezleriniň biriBalhda doglan ýaly hem bolup dur. Şahyryň Genjişäherinde bolandygy fakt. Onuň öz adamsy EmirAhmede ýüzlenip ýazan şeýle rubagysy bar. Hem-ä hüýpüpik sen, hem gara penje, Bes-ä, goýduň meni gaýga hem renje. Diýýärdiň Genjede bagta ýetersiň, Ine men, ine sen, ine-de Genje. Eger şu setirlerden çen tutsaň, şahyr Emir Ahmediň sözi bilen şu şähere gelen bolmaly. Belki Emir Ahmet şu şäherden bolsa-da biri. Emma bu hakda heniz ýüze tutar ýaly degerli delil hem ýok. OlaryňMaryda tanşyp, durmuş gurup, soň gowy güzeran gözläp, ýa bolmasa başga bir sebäpler bilen Genje şäherine giden bolmagy-da ähtimal. Aslynda, Emir Ahmet Mähestiniň ömür ýoldaşynyň hakyky adymy ýa-da dälmi, inebu mesele-de jedelli. Eger şahyryň «Eý Hatyf ogly, men saňa janan» diýen setirine gulak gabartsaň-a, ol Emir Ahmet ibn Hatyf bolmaly. Emir Ahmediň hakyky ady Täjeddin bolaýmasyn diýip çak edýän edebiýatçylar hem bar. Ýöne bu heniz çaklama Biziň aňlaýşymyza görä, Emir Ahmet yslam dinine uýmadyk şekilli. Mähestiniň oňa ýüzlenip, «Butparazlyk ajap, eger but bolsaň» diýen setirleri senibiygtyýar oýlanmaga mejbur edýär. Özüniň arassa söýgüsi üçin Mähesti onuň dinibaşgalygyna pitiwa edipdurmasa-da duran däldir. Aslynda, şahyr yslam dinini-de beýle bir äsgerip barmandyr. Onuň dini kada-kanunlary, din hadymlaryny ýaňsa alýan setirleriaz däl. Muňa aşakdaky rubagy hem güwä geçip dur. Saçyň her tarapa müşk ysyn saçar, Ony säher ýeli ogşaplar gaçar. Bir sopy goluňy boýnumda görse, Dura bilmez, dinden arasyn açar. Bar bolan çeşmeleriň köpüsinde Mähesti bilen Emir Ahmediň söýgüsi, olar bilen bagly wakalar barada ýygy-ýygydan ýatlanýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, olaryň aşyk-magşuklygy, degişmeleri, özara aýdyşyklary Mähestiniň rubagylarynyň biziň günlerimize ýetip gelmeginde abyrsyz iş bitiripdir. Eger seljuk hökümdary Mälik şanyň agtygy Soltan Süleýman olaryň arasyndaky gatnaşyklar bilen gyzyklanyp, şol döwrüň belli şahyrlarynyň biri Jöwherini ýanyna çagyryp, olar hakda eser ýazmagy tabşyrmadyk bolsa, belki Mähestiniň rubagylary dürli sebäpler bilen bize gelip ýetmese-de, ýetmezdi. Sebäbi Jöwheri Soltanyň tabşyrygy bilen olar hakda uly poema ýazan bolsa-da, şol poema Mähestiniň rubagylarynyň köpüsini girizipdir. Henize deňiç şahyryň şol poemada berlen rubagylary bolaýmasa, başga çeşmelerde onuň eserleri seýrek gabat gelýär. Bolanlary-da bir, iki rubagydan aňry geçmeýär. Diňe şol poemada şahyryň rubagylarynyň iki ýüze golaýy saklanyp galypdyr. Şahyryň rubagylaryna siňňin ser salsaň, onuň döredijiligine Omar Haýýamyň ýetiren täsiri aýdyň görünýär. Meger aşakdaky bentler biziň bu sözümize hä bersegerek. Hersi bir şahyryň döredijiliginden alnan bu rubagylar özüniň ruhy, çeper hyjuwlanmasy, ideýa-mazmuny boýunça bir perdeden gopýar. Omar Haýýam: – Geliň meýhanada durup geçeliň. Şatlykda bir käse urup geçeliň. Gurhany, selleni meýe çalyşyp, Metjide omzumyz urup geçeliň. Mänije Mähesti:– Al elwan güllerden ysgap göreli, Guý goja, gül üçin bada uraly, Satyp içip medresäniň depderin, Soňam medresede meýlis guraly. Aslynda Omar Haýýam hem, Mähesti hem döwürdeş şahyrlar. Omar Haýýam esli wagt Maryda ýaşapdyr. Şu ýerde özüniň ölmez-ýitmez rubagylarynyň ençememe döredipdir. Marydaky astronomik obserwatoriýa ýolbaşçylyk edipdir. Mähesti hem şol döwürlerde Maryda ýaşapdyr. Olaryň arasynda dostluk aragatnaşygyň bolan, Haýýamyň Mähestiniň döredijilikişine hemaýat eden, dürlimaslahatlar beren bolmagy mümkin. Iki şahyryň döredijiligini içgin yzarlasaň, şeýle pikire gelmäge esas bar. Mähesti zamanasynyň ylymly-bilimli zenanlarynyň biri bolupdyr. Çeşmelerde ol alçak, diýseň dilewar, pähimli, edepli-ekramly, märekesöýer aýal hökmünde ýatlanýar. Ol öz adamsyna ygrarly, ony tüýs ýürekden eý görýän, oňa çensiz-çaksyz yhlasly bolupdy. Onuň kän rubagylary söýgi duýgulary bilen bagly. Şeýle bolsa-da, Emir Ahmet özi diýip alysdaky Genje şäherine gaýtmakdan hem çekinmedik Mähestiniyhlasyna yhlas bilen jogap bermedik bolara çemeli. Şahyryň rubagylaryndan görnüşine görä, ol ikiýüzlülikden hem gaýtmaýan, hem iňir, hem gyňyr, aýalynazulum etmekden hem çekinip durmaýan adam bolupdyr. Mähesti onuň bu häsiýetlerine hemişe belent adamkärçilik bilen jogap gaýtarypdyr. Maşgala abadançylygy üçin, adamsyna bolan mähir-muhabbeti üçinçalşypdyr. Onuň şol adamkärçiligi, sabyrlylygy durnuklylygy aşakda mysal getirilýän rubagylarynda açyk görnüp dur. Meni taşlap gitdiň, meňzemän merde, Ýar, garyp başymy goýýarsyň derde, Gel, gapy açyk, gel meni şat et, Maňa senden ýakyn howandar nirde? Zulumy, galplygy bagtyma gatyp, Ýörsüň gam-gusssany gerdenme atyp, Birden mat goýaýsam ynjama oglan, Onsuzam oýnaýan gözýaşa batyp. Şahyr ikinji rubagyda özüniň ruhy ahwalatynyküşt oýny bilen bagly açýar. Munuň öz sebäbi bar. Mähesti öz döwrüniň ýanyp duran küştçüleriniňbir eken. Ezber oýnamakda köpleriň akylyny haýran edipdir. Jöwheriniň eserinde şeýle bir waka barada gürrüň berilýär. Bir gün Mähesti adamsy Emir Ahmetbilen küşt oýnaýar. Oýun çekeleşikli gidýär. Şahy bir göçümde uzak oýlanýar. Sebäbi ýagdaý çykgynsyz Utuljak bolup dur. Köp oýlanyp çykalga tapýar. Özruhuny adamsynyň ruhuna garşy goýaýmaly eken. Hemişe adamsyny hatyralap ýören şahyr şol gezekbilgeşleýin şeýle göçüm etmeýär. Emir Ahmet oýunda utýar. Mähesti bolsa şobada bu oýny beýan edip, ruhsözüniň üsti bilen söz oýnadyp şu rubagyny aýdýar. Ruhy garşy goýman Emir ruhuna, Şeýdip ruh goşsadym onuň ruhuna, Mat galsam nädeýin, aýdyň ahyr siz, Bakaýynmy oýna, ýa-da ruhuna. Dessanda ýazylyşyna görä, Emir Ahmet rubagyny diňläp, bu oýunda utulandygyny bilip galýar. Küşte gezek gelende aýalyndan asgyndygyny boýun alýar. Emma şahyr mundan soň hem adamsydyň göwnüni tapmak üçin, onuň özüni mat goýan ruhuny, umuman, Emiriň küştçüligini wasp edip şeýle rubagyny aýdýar. Goşun çykmaz piliň aýak astyndan, Hakana sypma ýok perziň destinden, Men seniň ruhuňa gurban bolaýyn, Ol şany agdardy atyň üstünden. Umuman, Mähestiniňküşçülik zehini ýiti bolupdyr. Şondan bolsa gerek, şahyryň rubagylarynyň üstünde köp wagtlap barlag alyp baran edebiýat taryhçysy, professor M.Meýýeriň «Gündogar şahyrlarynyň küştden örän ussatlyk bilen baş çykaryp biliş ezberligi Günbatara hem öz täsirini ýetirdi» diýip ýazmagy-da şonuň üçin. Şahyryň ýokarda gürrüňi edilen rubagysyna salgylanyp, biz şeýle bir pikiri orta atmakçy. Rubagynyň türkmençe terjimesi tuýug formasyna salnan. Asyl ülňi beýle däl. Ýöneşahyryň ruh sözüniň üsti bilen omonim rifmalary işledenligi welin hak. Poeziýada omonimleriň rifmalaşdyrylmagy esasynda «tuýug» diýlen forma döredilipdir. Professor Ýe.E.Bertels tuýugyň türki halklaryň gadymy folklaryndan baş alyp gaýdýandygyny ýazýar. Alyşir Nowaýy hem bu formanyň pars poeziýasyna häsiýetli däldigini, onuň diňe turki dilli halklaryň poziýasyna mahsusdygyny belläpdir. Belki, öz rubagylaryny zamanasynyň edebi dili bolan pars dilinde ýazan Mähesti ýokarky rubagysyny döredende, omonimleri rifma hökmünde ulanmak bilen türki dilli poemasynyň ýokarky däbine eýerendir! Meger şeýledir. Şahyryň ruh sözüniň üsti bilen söz oýnadyp rubagy ýazmagy bilen bagly ýene bir fakta ünsi çekesimiz gelýär. Ilki bilen orta asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Ahmet Burhaneddin Siwaslynyň aýry-aýry gazallaryndan getirilýän birnäçe beýdi gözden geçireliň. Şa ýoluna saldym atymy öýüne ben, Uram ruhuny ruhuna ne pikir ede tilden. Ruh ruhuna ger uraýdym şah ile At bolsa-ýu, ki tugaýdym matyna. Bu setirleriň küşt oýny bilen baglydygyny kynçylyksyz seljerse bolýar. Ýöne gep munda däl. Gep şol setirlerde ruh sözüniň yzly-yzyna gelmeginde. Bar bolan çeşmelere görä, Siwasly hem ezber küştçi eken. Ikinjiden bolsa, ol omonimleriň rifma hökmüde ulanmakda, şeýle sözler bilen söz oýnatmakda uly ussat bolupdyr. Aslynda tuýug formasyny ýazuwly pozeziýa girizen hem Siwaslynyň özi. Bu edebiýat ylmynda ykrar edilen fakt. Biziň pikirimizçe, Siwasly Mähestiniň küştçülik şöhratyňdan we onuň ýokarky rubagysyndan habarly bolup, oňa eýerip, mysal getirilen setirlerinde «ruh» sözüni dürli manylarda, belki-de içki rifma hökmünde peýdalanan bolsa gerek. Gadymy türki halklarda «Hünji daşy ýerde ýatmaz diýen pähim ýörgünli eken. Mähestiniň ömür ýoly hem rubagylary dogrusynda hem şuny aýtmak bolar. Onuň eserleri asyrlaryň ýelginine ýitip gitmedi. At-owazasy biziň günlerimize gelip ýetdi. Soňky döwürler şahyryň eserleri, terjimehaly köp halklaryň edebiýat taryhçylaryny gyzyklandyryp başlady. Gözlegler henizem dowam edýär. Emma bu meselede howul-haralyk edilýän halatlary-da bar. Käbir edebiýatçylar şahyryň eserleriniň pars dilinde ýazylandygyna esaslanyp, ony pars şahyry hasaplaýar. Emma munda belli gündogarşynas Ýe.E.Bertelsiň «...Gündoga ýurtlarynda edebi diliň gepleşik dil bilen hemme wagt jebis gelip durmandygyny göz öňünde tutmak gerek. Esasy ilat köpçüligi haýsy dilde gepleýändigine garamazdan, musulman ýurtlarynyň edebiýatynda edebi dil hökmünde asyrlarça arap hem pars dilleri ulanylypdyr» diýen sözlerini ýatdan çykarmaly däl Aslynda, Mähestiniň ýaşan döwründäki beýik Seljuklar dinastiýasynyň döwlet dili hem parsdili bolupdy ahyryn. Eger şahyryň rubagylaryny pars dilinde ýazandygy üçin ony diňe pars şahyry hasap etsek onda onuň Orta Aziýadaky, Kawkazdaky türki halklaryň arasyndaky şan-şöhratynyň, mertebesiniň peseldigi bolmazmy? Elbetde, bolar. Edil şonuň ýaly-da bu babatda käte has bulaşyk pikirler orta atylýar. Mysal üçin, azerbaýjan edebiýatçylary şahyryň Balhda, Nişapurda doglandygyny tassyklaýan hem-de biri-birine çapraz gelýän faktlary deňeşdirip, siňňin öwrenip görmän ur-tut Mähesti Genjede doglupdyr we gelip çykyşy boýunça azerbaýjanly bolmaly diýip nygtaýarlar. Hatda Mähesti Nyzamy Genjewiniň aýaly bolupdyr diýip ýazan edebiýatçylar hem boldy. Emma çeşmeler bolsa Nyzamy heniz dünýä inmänkä Mähestiniň ýigrimiden gowrak ýaşynyň bolandygyny tassyklaýar. Biziň pikirimizçe, Mähesti genjeli bolman onuň adamsy Emir Ahmet şol şäherden bolmaly. Bu baradaky käbir faktlary öňde görüp geçipdik. Täjik edebiýatçylary bolsa Mähestini täjik poeziýasynyň görnükli wekili hasaplap, ony hojantly edip görkezýärler. Garaz, ýokarky ýaly garaýyşlaryň netijesinde hem mesele bulaşdyrylýar. Aslynda, faktlar heniz doly ele salynmanka, jikme-jik öwrenilmänkä howul-hara netije çykarmak nämä gerek. Mähesti, biziň pikirimizçe, Gündogar halklarynyň köpüsiniň deň-derejedäki ortalyk şahyry. Onuň edebi mirasyndan ruhy lezzet almaga, küştçülik mertebesine guwanmaga şol halklaryň hemmesiniň hem doly haky bar. Bu türkmen halky babatynda-da şeýle. Şahyryň uzak wagtlap türkmen topragynda ýaşandygy, öz rubagylarynyň köpüsini hut şu ýerde döredendigi sebäpli ol türkmen edebiýatynyň taryhyna-da girizilmäge mynasyp. Onuň seljuklar döwrüniň edebiýatynda tutýan ornuny, türkmen edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsirini, hertaraplaýyn açyp görkezmek bolsa edebiýatçylaryň uly tagallasyny talap edýär. Şeýle tagalla bolsa gerek. 1980 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |