11:54 Biz kim ekenik: Biz kimi saýladyk? | |
BIZ KIMI SAÝLADYK?
1. Elbetde, döwletiň baştutany hakynda öz oý-pikirlerimi ýazmak bilen uly töwekgellige baş urýandygyma düşünýärin. Bir ýagdaýy öňünden duýdurmakçy: bu ýazgy meniň şahsy pikirlerim, başgalaryň gözi bilen seredeniňde öte geçilýän ýaly bolmagy-da ähtimaldyr. Prezidenti derňemäge onuň nä haky barmyş? diýjekler hem tapylar. Emma demokratiýa ýykgyn edilýän ýurtda her kim hakynda ýazmak bolar. Hawa, men bolmaly zady aýdýan, ýazgymyň respublikada çap edilmejegine welin, gözüm ýetik. Belki, şu-da erkin ýazmaga maňa esas berýändir? Meniň prezident Nyýazowyň şahsyýetine degmek niýetim ýok, bolup-da bilmez, şahsyýete degmek namartlygyň, medeniýetsizligiň alamaty. Onsoň hem prezidentiň mertebesini goraýan kanun Türkmenistanyň parlamenti tarapyndan bireýýäm kabul edildi. Prezidentiň işini tankyt etseň, oňa nähili garalýar? diýen sowalyň ýüze çykmagy ähtimal. Kanunda ýazylyşyna görä, Türkmenistanyň graždanlarynyň prezidentiniň işini tankyt etmäge haky bar, ýöne gep şol hak-hukuga ýol berilişi barada gitmeli. Entek köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýüz prosent döwletiň kontrollygynda, ýekeje-de garaşsyz organ ýok. Baş senzoryň hem kimdigini ýokarda gördüňiz. Men-ä prezidentiň işini derňäp, ýa-da tankyt edilip ýazlan ýeke makala respublikada duşmadym, duşaryn hem öýdemok. Prezidentiň işiniň tankyt edilmegi onuň abraýyna tokunmakdyr diýip, gabanjaň garaýan adamlar gönüden-göni onuň garşysyna işleýärler diýsem geň görmäň. Bu pikiri delillendirmäge mende näçe diýseň delil bar. Prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň resmi delegasiýasy dördünji aprelde Saud Arabystanyndan gaýdyp geldi. Türkmen metbugatynyň buýsanç bilen habar bermegine görä, bu ýurduň patyşasy oraza günleri döwlet ýolbaşçylarynyň hiç birini kabul etmeýän ekeni, Türkmenistana aýratyn hormat bildirmek maksady bilen aňyrdan gelýän düzgüni bozanmyşyn. Ýedinji aprelde agşam delegasiýanyň ýany bilen giden habar beriş toparynyň guran telewizion reportažlary berlip başlandy. Birinji reportažda prezidentiň Käbä zyýaraty görkezildi. Reportaža sereden adamlaryň hemmesiniň kalbynda dörän oý-pikir bir meňzeş bolandyr diýip biljek däl. Meniň ýazgymyň hem birnäçelere ýaramajagyny bilýärin. Reportaža seredýäris. Hammamda ýuwnup-ardynyp, bedenini arassalan adamlar ýalaňaç tenleriniň bir bölegini yhram bilen ýapyp, musulmanlaryň iň mukaddes saýýan ýerine ybadat etmäge topar tutup gelýärler. Allanyň öňünde bendeleriniň deňligine garamazdan, toparyň içinde döwlet basgançagynyň kadasyna berkden-berk eýerilýändini görmek kyn däl. Öňde prezident Nyýazow, onuň golaýynda prezident sowetiniň agzalary. Olaryň ýüzlerine siňe seredýärin. Dürli-dürli duýgulary aňsa bolýar. Ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Olar hem tomaşaçylarda şeýle ýylgyrmanyň gutulgysyzdygyny aňýan bolsalar gerek, başlaryny galdyrmagy kyn görýärler. Olar Allanyň huzuryna öz ynsaplary bilen gelmän, prezidentiň emrine boýun bolup, alaçsyz gelen ýaly hem ejiz, hem aljyraňňy görünýärler. Olaryň köpüsi obada önüp-ösen adamlar. Çagalykda Allanyň gudraty hakynda eşiden sözleri gulaklarynda galandyr. Ömürlerini şol gudratyň tersine işläp, indem günäleri üçin rehimli Alladan idin soramaga taýýar hem bolsalar, soňra hakyň ýoly bilen gitmegiň derdeserli boljakdygy olary juda alada goýýandyr. Bäş wagt namazyňy okaman, oraza tutman gezäýeniňde-de, galan parzlary berjaý etmegem aňsat däl-ä! Halal gazanç bilen ýaşamaly, zyna işe baş goşmaly däl, Allanyň bendeleriniň göwnüne degmeli däl, arak-şerap agzyňa almaly däl, häli-şindi sadaka berip durmaly. Sadaka bermek aňsat-la, ýöne häkimlikde oturyp, neneň adamlaryň göwnüne degmersiň, hemmesiniň deň derejede göwnün-ä tapyp bolmaz... Kyn, agyr, juda agyr ýük! Bu ýere güýçden-kuwwatdan, emelden galanyňdan soň gelmeli ekeni. Gör, prezident olary nä güne salypdyr! Edýän işinden prezidentiň göwni hoş. Beýlekilere garaňda ol arkaýyn, ynamly görünýär. Töweregindäki adamlaryň ömür boýy özüne minnetdar bolany üçin ynamly. Olar öz prezidentleriniň merhemedi bilen bu mukaddes ýere aýak basdylar, ýogsa kim olary hormatlap bu ýere goýberjekmiş! Agyr günälerinden dynmaga amatly pursat döredi. Öz prezidentleriniň haýyr işine erte şer iş bilen jogap berjek bolsalar, Allanyň gazabyna duçar bolarlar! Goý, bu pursady halk hem görsün! Bu keramatly ýerde kino almak gadagan diýýärler, ýöne prezidentleriniň islegi birle, şeýle töwekgellige gidilendigini bilende halk tolgunar, prezidente hormaty artar. Häzir şol hormat prezidente juda gerek. Häkimligi berkitmek üçin ähli çäreden peýdalanmalydyr. Töwerekden garaýan adamlar bularyň uzak bir ülkeden gelendiklerini aňandyrlar, ýöne häkimligiň kime degişlidigini aňdylarmyka? Aňmazlyklary-da ähtimal, olar üçin bu keramatly ýerde diňe bir häkim bar, ol hem gudraty güýçli Alla. Allanyň öňünde bendeleriň deň diýilişi ýaly, olaryň egnindäki yhramda-da tapawut ýok. Ýöne topary surata düşürýän kinooperatoryň akyly gözündedir, kime parhly garamalydygyny gowy bilýändir. Prezident töwerekdäki ýat adamlaryň garaýyşyny hasaba almaýan bolsa gerek.Ol bu ýere halk üçin geldi, halkyna görünmäge geldi. Prezidentiniň bu islegine eli kameraly operator belet, häzir operatoryň gözi bilen tutuş halk prezidente garaýardy. Duşuşyklarynyň birinde Nyýazow Makiawelliniň «Döwlet hakynda» atly kitabyny okaýandygyny aýdypdy. Makiawelliniň ynanjyna görä, syýasat bilen moral aýra ýaşaýar, ýöne käbir halatda olar birigip hem bilerler diýýär. Megerem, prezident üçin häzirki pursat syýasat bilen moral birigen bolsa gerek diýýärin. Iň bolman-da, şeýledir öýdülse-de bolýar. Syýasat meselesinde birinji orunda häkimlik dur diýip Makiawelli ýazýar. Leniniň aýdany has-da mojuk: syýasatda moral bolup bilmez diýýär. Käbede Lenini ýatlamak günä. Türkmenistan onuň suratlaryndan, heýkellerinden, adyndan doly. Eýse, olary aýryp zyňmaga perman berilmäni üçin häzir ökünip durmalymy? Gowusy, ony ýatlamajak bol. Erte Käbä zyýarata baran prezidentine seredip, göwni hoş bolan halk kabinetlerde, köçelerde saklanan Lenini görse, nähili pikir eder? Halk prezidentine kybapdaş pikirde bolmalydyr. Rast, prezident şu güne çenli ony aýryň, ýok ediň diýip perman bermedik bolsa, sebäbi bardyr. Serdarlaryň ornuny boş goýup bolmaz. Prezidentiň portretleri ýetişýänçä biraz sabyr etmeli bolar, iş doly güýjünde gidip dur. Olaryň kimlerdiginden töwerekdäkileriň bihabarlygy häzir juda amatly. biläýseler nätse bolar? Prezidentiň yzyna düşüp gelen emeldarlaryň hemmesi üç aý mundan ozal kommunist adyny göterenler. Olar entek partiýa biletini çalyşmaga-da ýetişenoklar. Kabinetlerinde, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda Leniniň portreti dur, kommunistik partiýanyň şanyna aýdylan ýaşasyn sözlerini entek aýryp bilenoklar. Prezidentden görkezme bolmasa, aýyrmazlaram. Olar düýn Türkmenistanyň kommunistik guramasynyň başlygy, respublikanyň baş kommunisti, SSKP MK-nyň syýasy býurosynyň çleni Nyýazowyň yzyna düşüp, dünýä boýunça hudaýsyzlaryň baş ştabynda bolan ýygnaklara gatnaşypdylar, kommunistik ideologiýa özleriniň wepalydyklaryny, ýurdy, halky edara etmekde, ony bagtly güne ýetirmekde ondan ygtybarly başga bir güýjüň ýokdugyny, bolup-da bilmejekdigini kasam hökmünde öwran-öwran gaýtalaýardylar, beýik Leniniň ölmäz-ýitmez ideýalarynyň saýasynda ynsan sanyna goşulandyklaryny, Moskwa bardyklary onuň mowzoleýine howlukýandyklaryny, Aşgabadyň ýüregindäki Lenin bagyna baryp, ertir-agşam onuň heýkeline sejde edýändiklerini aýdýardylar. Bu adamlaryň birnäçesi kompartiýanyň düýnki obkomlarynyň, şäherkomlarynyň, raýkomlarynyň ýolbaşçylary, bu gün hem olar şol wezipelerde, ýöne indi olaryň partiýasynyň adyna «demokratik partiýa» diýilýär. Prezident näme diýse, şonuň bilen bolubermeli bolar. Muňa syýasat diýilýär, eger bir mahal haýsydyr bir akmak olara günä sürtjek bolsa, ahlaksyzlykda aýyplamak islese, günäni syýasatyň ýowuz tebigatynyň üstüne ýükläýmeli bolar. Syýasatda moral bolup bilmez diýip, ýoldaş Lenin aýdan bolsa, bilip aýdandyr, näme diýilse-de onuň köpbilmişligini inkär etjek tapylmaz. Men tomaşa edip oturşyma Käbä, Allanyň öýüne – beýtulla biraz gorky bilen garaýan kommunistleriň ýüzünde gussa duýýaryn. Olara kommunistik dinden el götermek, duşmançylykly dine – Allanyň emrine tabyn bolmak kyn. Hakyň ýoly juda inçe, hupbatly, parzlaryny doly berjaý etmek çekip-çydardan agyr... Ogullaryny sünnet etdirmäge, ene-atasynyň ýasyna molla çagyrmaga, jynaza okatdyrmaga ýaýdanyp, elini ýüzüne sylmaga töwerekdäki gözlerden öler ýaly gorkan adamlar bu gün günälerini dökmäge, arassalanmaga Allanyň huzuryna gelipdirler. Olaryň bolşy teatr sahnasyndaky oýna-da çalym etmän duranok. Alla olaryň zyýaratyny kabul edermikä? Toba edip, özüne sygnyp gelen bendesiniň günäsini ötmek hudaýyň merhemedi. Olary ýene öz penasyna alýar, ýöne olardan talap üýtgeşikdir, sähel hilä ýüz urlan halatynda biribaryň rehimsiz gargyşyna duçar boljagyňy unutma!.. Olar 70 ýyl hile, aldaw bilen ýaşalan dünýäden geldiler. Ýalan söz, boş wada döwlet syýasatynyň mazmuny bilen utgaşypdy. Maksat – ýagty geljek, kommunizmdi. Bizi mähriban partiýa aýdyň ýol bilen şoňa tarap alyp barýardy. Birden ony dargatdylar, beýik imperiýa-da dargady. Her kim özüne ruhy daýanç gözleýär. Bizem seniň huzuryňa geldik, penakär!.. Olaryň boluşlaryna ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Zyýaratçylaryň arasynda uly partiýa wezipelerinde işlemeseler-de, özleriniň ynançlaryna, dünýä garaýyşlaryna görä, hakyky kommunistdigini her bir ýygnakda, üýşmeleňde mazamlap gelenleri-de görýärin. Olar düýn marksizmiň-leninizmiň dini taglymatlardan müň mertebe belentde durýar diýlen eserleri terjime edendiklerini, redaktirländiklerini mazamlaýardylar. Leniniň türkmen halkyna peşgeş beren bagtly durmuşyny opurmaga synanyşýan watan dönüklerini paş etmekde aýratyn hyzmat görkezip bilýändiklerine buýsanýardylar. Üslam ideologlary bizi beýik ýoldan azaşdyrmaga çalyşýarlar, olaryň bet işleri hiç mahal başa barmaz diýip gygyrýardylar. Olar bu gün Käbede, Allanyň huzurynda boýun burup durlar, birden hem ümzüklerini öňe atyp, gözlerini gyrpman, özleriniň hudaýa ýakynlaşandyklaryny bildirjek bolýan ýaly artistlik zehinine häsiýetli nysak görkezýärler. Olara ynanmak kyn-da bolsa, olaryň ýagdaýyna düşünmek mümkin. Olar häkimligiň gödek emrine tabyn bolup, şol tabynlygy-da buýsanja öwrüp, ony her ädimde mazamlap, şondanam gazanç çeşmesini, jemgyýetde abraýly orny, maşgalasynyň rowaçlygyny gazanýarlar. Olara özleriniň wepasyny bildirmäge anyk adres, şol wepany hezzetläp biljek sistema, partiýa, adam gerek. Olar şol adamyň aýagynyň ýer tutjagyna sähel ynanan günleri ondan serdar ýasamaga taýyn. Serdar ýasamak meselesinde kommunistik režimiň toplan tejribesiniň aňyrsy-bärsi ýok. Bu babatda syýasy wagyzdan daşary çeper edebiýatyň 70 ýyl bitiren hyzmatyna ýüzlenmek hem ýeterlikdir. Men toparyň arasynda öz galamdaş kärdeşimi-de görýärin. Berdinazar Hudaýnazarow yzda, medeniýet wekillerine berilýän adaty orunda dur. Ol prezident sowetiniň çleni bolmasa-da, Nyýazowa gerekliligi babatda özüni öňdäki duranlaryň hiç birinden pes saýmaýan bolsa gerek. Şöhrata, bol gazanja meýil bildirýän alymlar, şahyrlar hemişe-de häkime, tagta, hökümete golaý durupdyrlar. Ynsabyny, hakykaty ähli gymmatlyklardan ileri gören adamlar aglaba häkimlere oppozisiýada durandyrlar ýa-da olaryň erkin pikirine sarpa goýan ýurt eýeleri bilen deň mertebeli gatnaşyk edendirler. Häkimlige ýakynlygy olar gözlemändirler, tersine, häkimler olara ýakynlygy küýsäpdirler. Seljuk soltanlarynyň beýik weziri Nyzam al-Mülk «Syýasatnama» atly kitabynda Gündogaryň bir akyldarynyň pikirini getirip şeýle ýazýar: «Ylym adamlary bilen ýygy-ýygydan görşüp durýan soltan soltanlaryň gowusydyr, emma ylym adamlarynyň iň ýaramazy soltan bilen häli-şindi duşuşýanydyr» Kommunistik ideologiýa hyzmat eden edebiýatyň aýry-aýry wekilleriniň mertebesini belende götermek aladasyny esasan döwlet öz üstüne alýardy. Olara hormatly atlar dakmak, baýraklar bermek, ýubileýlerini dabaraly bellemek häkimiýetiň elindäki çäredi. Halk şol çäreleriň gerimine görä-de döredijiniň mertebesini kesgitlemäge endik edipdi. Şonuň üçin hem partiýa hem döwlet ýolbaşçylarynyň ýyly sözi, ýakynlygy köpümize okyjylaryň pikirinden ileridi, şol islegli ýakynlygyň aňyrsynda hormatly atlaryň, düşewüntli wezipeleriň, bol galam hakynyň durandygyna düşünýärdik. Häzir prezidentiň golaýynda duran galamdaşymyz hem şol ýol, şol düşünje bilen ömrüniň agramly bölegini geçiren adam. Käbä zyýarat edeni bilen onuň düşünjesi, durmuş akabasy üýtgär öýdemok, belki, Nuh pygamberi masgara eden günä işe kyrk ýyl maýyl bolup, Gurhanyň ündeýän parzyna ters etmişi üçin Alladan ötünç soraýandyr. Göwnüme bolmasa, ony ötünç sormaga pursat bolandygy buýsandyrman, prezidentiň toparynda durandygy buýsandyrýan ýaly. Bu belent derejä göterlendigi üçin hyýal etmän minnetdarlyk sözlerini aýtjagyna garaşýardym. Ol bu sözleri Aşgabada gaýdyp gelen dessine aýtdy. Onuň sözleriniň aňyrsynda bir many bardy: Muhammet pygamber musulman üçin dörän bolsa, prezident Nyýazow türkmeniň bagty üçin döräpdir! Mahabatlandyryjylaryň özara ýaryşynda prezidentiň adynyň arşa göteriljegini bilsem-de, beýle az salymda ony Muhammet pygamberiň derejesine götererler öýtmändim. 2. Iki ýyl ozal ýaşulylaryň respublikan maslahatynda çykyş edip, ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow ilkinji ýola Nyýazowy Gaýgysyz Atabaýewe deňäpdi. Ýigrimi dördünji ýylda döredilen Türkmenistan Sowet Respublikasynyň hökümet başlygy Atabaýew hem ýaşulylaryň pikirine, maslahatyna sarpa goýýan ekeni. Eýse, gündogar halklarynyň aňyrdan gelýän däbine görä, aksakallary ýygnamagy döwlet ýolbaşçysynyň belent paýhasyna dalaş edýän fakt hökmünde mahabatlandyryp durmak gerekmidi? Mahabatlandyrjak bolsaň, onda kompartiýany hem mahabatlandyryp oturmaly. Şonuň görkezmesi bilen her kolhozda, raýonda ýaşulylaryň sowetleri döredilipdi. Şol sowetleriň üsti bilen ideologiýa ýaramly däpleriň, düzgünleriň ykrar edilmegini gazanmaga çalşylýardy. Ýaşulylar sowetiniň düzümi partiýa guramalary tarapyndan düzülýärdi, şol ýörelge soň hem dowam etdirildi. Ýaşulylaryň maslahatyny Gaýgysyz Atabaýewiň nähili geçirendiginden biz bihabar, ýöne häzirki maslahatlara meňzän däldir diýjek. Häzir esasy gürrüň Nyýazowyň şahsyýetini mahabatlandyrmaga syrykdyrylýar. Durmuşy gowulyga üýtgetmek, halkyň hal-ýagdaýyny, hojalygy ýokary götermek hakynda çynlakaý gürrüň edilenok. Aglaba agzybir, bagtly durmuş üçin Nyýazowa minnetdardyklaryny aýtmak bilen oňýarlar, agyzlaryna salnyp berlen sözleri aýdýarlar, şonuň üçin hem ählisiniň äheňi bir meňzeş. Çykyş etdirilýänleriň köpüsi düýn partiýa hem sowet guramalarynda emeldarlyk eden adamlar. Sada halk olardan üýtgeşik gepe-de garaşanok. Maslahata gidenleriň nähili gymmatbaha sowgatlar bilen gaýdyp gelendikleri welin, hemmeleri gyzyklandyrýar. Gaýgysyz Atabaýew diýlen adam iňňän möhüm, anyk mesele babatda ýaşulylardan pikir sorapdyr, özi babatda olardan öwgüli söze garaşmandyr. Hudaýnazarow bu ýagdaýdan bihabar bolandyr diýsek, elbetde, öte geçdigimiz bolardy, onuň özi düýn şunuň ýaly formal, ýasama çäreleriň tarapdary däldigini aýtmagy halardy. Häzir oňa Nyýazowyň mertebesiniň belentligini görkezýän deňeşdirme gerekdi. Şonuň üçin hem Gaýgysyz Atabaýewi saýlap alýar. Eýse, deňeşdirme nämä gerek? Her kim öz işi bilen tanalmaly dälmi? Belki, kimedir birine deňäp, mahabatlandyrýan adamyň mertebesini peseldýänsiň? Men başda Nyýazowdan ýüzüne mahabatlandyryp duran adamlaryň sözüni kesip, olary oturdar öýdüp garaşypdym. Hatda togsanynjy ýylyň güýzünde iň soňky ikiçäk duşuşygymyzda şuny haýyş etdim. Ýaranjaňlaryň birini oturdyp bilseňiz, beýlekilerine-de sapak bolar, sada halkyň ýüreginden turarsyňyz diýdim. Häkim adama öwgüli sözüň ýakymy neşeden bäş beter, onuň lezzetine maýyl bolmadyklar az-azdyr. Ä-hä, öwgi sözi häkimiň gulagyna ýaraýarmy, biz ony şeýle bir oňararys diýip, gaýrata galanlar köpeldi gidiberdi. Deňeşdirme gerekmi, belentden belendini taparys! Ýaryş başlandy. Telewideniýäniň žurnalisti Nyýazowy Horezminiň şasy Muhammediň ogly şazada Jelaleddine deňäp, ýarym sagat waspnama okady. Batyr Jelaleddin dünýäde ilkinji gezek Çingiz hanyň garşysyna ýarag bilen göreşip boljagyny adamzada görkezipdir. Prezident Nyýazow bolsa, öňki sowet respublikalarynda asuda ýaşaýyşyň bolup biljekdigini iş ýüzünde görkezmegi başarypdyr. Herhal, deňeşdirilýän zat ugurdaşrak bolsa ýagşy. Žurnalistiň ebeteýsizligine haýpyň gelýär, onuň ujupsyzja maksadyna düşüneniňde bolsa, ýylgyrýarsyň. Onuň Nyýazowy Jelaleddine deňäsi gelýär, prezidentine ýakymlyja söz diýesi gelýär. Ýaryşda yza galmak gelşiksiz. Türkmen radiosyndan Tejen raýonynyň ýolbaşçysy çykyş edýär. Ol ilini Hydyr atanyň täzeden dörändigi bilen gutlady. Türkmeniň bagty üçin täzeden dörän Hydyr atanyň adyna prezident Nyýazow diýýärler! Prezident pagtanyň satyn alynyş nyrhyny ýokarlandyryp, ýagşyzada laýyk iş edipdir, raýonyň zähmetkeşlerine 150 million goşmaça düşewint almaga mümkinçilik döredipdir!.. Ýeri, bu ýere Hydyr ata nirden geldi? Pagtanyň satyn alnyş nyrhyny biraz galdyrmasa, kolhoz-sowhozlar hasam çökjek. Onsuzam iki aý ozal döwlet olaryň ýüzlerçe million bergisini geçdi. Daýhanlaryň boýnuna kommunistik düzgüniň salan boýunturgy bolan kolhoz-sowhozlary sowet häkmiýetiniň ýetmiş ýylynyň dowamynda dörän «hydyr atalar» galdyryp bilmändi, belki, imperiýanyň başarmadygyny kiçijek Türkmenistanyň kiçijek «hydyr atalary» başarar öýdülýändir?! Dogrudan hem gülesiň gelýär. «Nesil» gazeti birinji sahypasynyň ýokarsyndan uly harplar bilen stambully işçiniň hatyny çap edýär. Ol Nyýazowy beýik Atatürke deňeýär. Olaryň hyzmatlaryny deňeşdirip oturmaga häzir mende höwes ýok. Umuman, Hydyr atadan soň ýere düşülmegi ýaryşyň depginini peseldýär. Şol pursat türkmen parlamenti karar çykýar: halkyň islegini nazarda tutup, prezident Nyýazowyň portretlerini ýokary çeperçilik bilen çäklendirilmedik mukdarda ýaýratmagy ýola goýmaly! Hemme zat öz kadasy, nobaty bilen barýar. Ählihalk saýlawy bilen bäsdeşsiz saýlanan birinji prezidentiň birinji bolup portretlerini ýaýratmaga haklydygyny kim inkär edip biljekmiş?! Nowruz baýramynyň dabaraly pursady respublikanyň zähmetkeşleriniň, guramalarynyň «juda tutanerli haýyşlary» kanagatlandyryldy. Magtymguly baýragyny bermek boýunça komitetiň başlygy Berdinazar Hudaýnazarow mikrofonyň öňüne baryp: «Meşhur sazandamyz Ata Ablyýew prezidentimize gyjak sowgat berdi, bizem boş gelmedik» diýýär. Soňra entek ýygnanyşmadyk komitetiň indi bolmaly mejisiniň kabul etmeli kararyny yglan edýär. Prezident Nyýazowa Halkara Magtymguly baýragyny berýär, ony uly iliň öňünde gutlaýar. Isleg-arzwlary ýerine salnan zähmetkeşiň ýüregine buz çöken ýaly bolan bolsa gerek, ha-ha! Äý, näme diýseňizem, bu çäreler hormaty belent prezidentiň gabarasyna seredeniňde maýdarak gelýär. Onuň mübärek keşbini täze türkmen pulunyň ýüzünde görmek niýeti bilen eýýäm ýokary organlara hat ýollanylyp ýörlen bolsa bilýärmiň! Biz şu günki niýet – ertirki döwlet diýen ýörelgä eýerýäris, bolar enşalla! Ýagşyzadalar pygambere ýakyn. Indi gezek Muhammet pygamberiňki. Hernä, uzak garaşdyrmadylar, ýüregimiz ýarylmanka aýdyp dyndylar. Geliň ýene Mekge-Medineden berlen reportažlara dolanalyň. Bu reportažlary alyp baran žurnalist Durdymuhammet Gurbanow. Hawa, bu şol 27-nji awgustda Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde bolan mitingde çykyş edip, Nyýazowy demokratiýany rehimsiz bogmakda, onuň egindeşlerini bolsa, parahorlukda aýyplan žurnalist. Onuň günbataryň demokratik ýurtlaryna ýüzlenme hatyny aýratyn bir hyjuw bilen okaýyşy ýadymda. Respublikada kommunistleriň guran totalitar režimi dowam edýär, dat, onuň garşysyna göreşmäge kömek ediň diýip gygyrypdy. Kömege ýetişdiler, ýöne günbataryň demokratik ýurtlary däl-de, onuň «demokratiýany bogýar» diýen adamy – Nyýazow. Prezident Gurbanowy öz metbugat toparyna haýdan-haý işe aldy. Indi ol döşüni gaýşardyp, prezidentiň gapdaly bilen daşary ýurtlara gidýär. Bu dereje nirede onuň gören zady! Depesi gök diredi. Mertebesini belende galdyran adama minnetdarlygyny bildirmese, wyždansyzlyk etdigi bolmazmy?! Ol wyždan, ynsap sözüni gaýtalamagy halaýan adam. Indi mitingdäki hyjuwy bilen prezidenti mahabatlandyrýar. Indi onuň üçin Nyýazow iň parasatly, iň ynsanperwer, iň demokarat ýolbaşçy. Ýarym ýylyň dowamynda kim beýle üýtgemäge ýetişdikä: prezidentmi ýa-da žurnalist. Az möhletde 180 gradus üýtgemek döwlet ýolbaşçysyna gelişjek zatmy?! Žurnalist Gurbanowa welin, üýtgemek gelşip dur. Ol hakykaty gözleýiji, azaşyp ýörşüne ahyry hakykatyň üstünden baraýan bolsa nätjek, indi ony sypdyrmajagy açyk zat. SSSR-iň dargamagy bilen dörän krizis günleri Gurbanow uly açyş etdi: «Nyýazow Solženysiniň taryhy ýalňyşyny düzetdi» diýip ýazdy. Onuň bu pikirini respublikanyň gazetleri türkmen, rus dillerinde okyjylara ýetiripdi. Iki-üç gazetde gaýtalanyp çap edilen başga bir makalada ýazylmagyna görä, haýran galmaly pikirleri aýdyp bilýän žurnalist Gurbanow türkmeniň taryhynda syýasy žurnalistikanyň dünýä derejesindki nusgalaryny görkezmegi başaraýan ekeni, ha-ha! Dogrudan hem haýran galarça bar. Belorussiýada duşuşan üç slawýan respublikasynyň ýolbaşçylary tasdanam Solženysiniň pikirini amala aşyrypdylar. Muňa prezident Nyýazow päsgel bermegi başardy, bada-bat bäş musulman respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda maslahatyny geçiräýdi, ýogsam bolmasa, Gurbanowyň pikirine salgylanyp aýtsaň, Solženysiniň diýeni boljakdy. Gör-ä, rus ýazyjysy Solženysiniň diýeni bu gezegem bolmady. Ol öň-ä Brežnewiň zarbasyna duçar bolup, daşary ýurda zyňyldy, bu saparam Nyýazowyň zarbasy zerarly taryhy pikiriniň amala aşmagyny görmänjik galdy. Wah, beýik adamlaryň täleýi şeýle bolýar-da! Ýa-da ol taryhy ýalňyşyny Nyýazowyň düzedenine monça bolup Amerikada gezip ýörmükä?! SSSR-iň dargany gowy zat, dargamadyk bolsa, Gurbanowyň ýokarky pikirini imperiýanyň ähli gazetleri çap edip, dünýä ýaýradardylar. Uzak Türkmenistanda beýik pikirler aýdyp bilýän adamlardan şu mahala çenli adamzadyň bihabar bolandygyna juda gynanyp, ýüregine agram saljaklara haýpyňyz gelsin! Sadyk gulunyň agyr ýazygyna merhemetli häkim jeza bilen däl-de, rehim-şepagat bilen jogap beren ýagdaýynda, ýazyklynyň kyn güne galýandygyny Gurbanowyň bolşunda duýýansyňyz. Käbir akmaklaryň muny jeza hökmünde kabul edýän bolmaklary-da ähtimal. Hany, düýn iliň öňüne çykyp, nadaralyk bilen aýyplan adamlaryňy bu gün utanman mahabatlandyr bakaly, göreli, nähili saýraýarkaň!.. diýendir? Gurbanow muny jeza hasap edenok. Ol saýramaga taýyn, ýöne beýik häkimi ony bagşylarmyka? Ine, şu ätiýaç oňa rahatlyk bermedik bolara çemeli. Ahyry ýüregindäkini gönümel aýtmasa, rahatlyk tapmajagyny bilendir-dä, Medineden alyp baran reportažynda: merhemetli prezidentimiz, eger öňde-soňda seniň öňüňde ikilik eden bolsak, pygamberiň guburynyň öňünde senden ötünç soraýarys diýdi. Bir akyldaryň pikirine salgylanyp aýtsak: häkim hiç mahal ýöne ýerden bagyşlamaýar. Her bir duşmançylykly hereket bellige alynýar, ony kalbynyň pynhan gatynda saklaýar. Kämahal hakykatdan hem özüne boýun bolnandygyny görende, şonuň öwezine bagşylap biler. Elbetde, Nyýazowyň kalbyndakyny bilmäge biziň çakymyz ýok. Araplaryň «Sülsüleler kitabynda» atadan, eneden, doganlardan, aýalyndan, dost-ýaryndan syryny pynhan saklamak häkimleriň hukugydyr diýilýär. Eýsem-de bolsa, prezident Nyýazow žurnalist Gurbanowy bagyşlasa gerek, sebäbi Gurbanow bu reportažynda ýazyjy Hudaýnazarowyň öňe süren pikirini ösdürmegi, juda aýdyň, takyk beýan etmegi başardy. Onuň pikirini öz sözlerim bilen beýan etmekçi bolýaryn. Muhammet pygamber adamzada yslam dinini berdi, prezident Nyýazow hem türkmen halkyna azatlyk, erkinlik, özbaşdak döwlet berdi. Muhammet pygamberden ýokarda Allatagala bar, Nyýazowy Alla bilen deňeşdirmäge biziň ynsabymyz çatarmyka? Altmyşynjy ýyllarda uniwersitetiň mugallymy, şahyr Nazar Gullaýewiň gazetde bir goşgusy çap edilipdi. Goşgudan bir setir ýadyma düşýär: «Lenin pygamberim, Marks hudaýym». Göwnündäkini çaga gönümelligi bilen aýdan kommunisti respublikanyň kompartiýasynyň baştutany Balyş Öwezow uly partiýa ýygnagynda rehimsiz tankyt edipdi. Lenin bilen Marksi mahabatlandyrjak bolup, şahyr öte geçäýen bolsa nätjek. Adamzadyň bu iki genisi öz taglymatlary bilen dini ynanjy, onuň ynsana «tirek ýaly zyýanyny» paş edýärkä, partiýa biledini göterip ýören şahyrsumak olaryň belentligini ölçemekden ötri, kimleri ölçeg hökmünde aljak bolýar? diýen sowaly keserdip goýupdy. Biziň serdarlarymyz hudaýdan, pygamberden ýokarydyr, muny her bir kommunist, her bir aňly-düşünjeli adam bilmelidir! diýip, berk duýdurypdy. Biz kommunistik ileologiýanyň gazanynda gaýnap bişen adamlar. «Öwrenilen endik örkleseň-de durmaz» diýýärler. Serdar ýasap ony Allanyň derejesine galdyrmak biziň üçin onçakly kyn bolar öýdemok, biraz garaşalyň, ýaryş dowam edýär... Häkimiň at-abraýyna iki ýol bilen tokunsa bolar. Birinjisi, ýerliksiz, delilsiz tankyt, töhmet. Ikinjisi, manysyz, batnyksyz öwgi. Birinjisi ynsaply adamlaryň kalbynda gahar-gazap, häkime hormat-sylag döredýär. Ikinjisi gülki döredýär. Iň aýylganç zat hem şol gülküdir. Makiawelli döwlet işgäriniň mertebesinden öz açyp, şeýle ýazýar: «Ol töhmeti ýalana çykaryp biler, dil ýetirilse üns bermän biler, emma gülküniň garşysyna welin, alaçsyzdyr». Adamzada yslam dinini beren Muhammet pygamberiň hyzmaty aýdyň, ony dünýä bilýär, ýöne asyrlar boýy dagynyk ýaşap gelen türkmen halkyna ýigriminji asyryň aýagynda garaşsyz döwleti beren hakykatdan hem Nyýazowmyka? Ol nireden geldi, hudaýyň emri bilen asmandan düşen-ä däldir? 3. Saparmyrat Nyýazow kommunistik sistemanyň döreden adamy. Onuň gulluk basgançagyna ser salsaň, partiýa wezipesine kadr seçip almakda eserdeňlik bilen ulanylan uşakgöz elekden ilişmän geçenleriň hatarynda onuň hem adaty orny bar. Ol elek zehinine, bilimine bäs gelip bilmän özbaşdak pikir edýänleri, şahsy inisatiwa sarpa goýýanlary birmeňzeş pikire öwrendikli bolanlardan saýlamak üçin tapylan ýowuz guraldy. Apparatyň içki mehanizmini beýan edip oturman, ony hakyky ussat hökmünde suratlandyran Jorj Oruelliň «1984» atly romanyny okamagy maslahat berýärin. Saparmyrat Nyýazow ýokary okuw jaýyny gutaryp gelenden soňra az salym önümçilikde işleýär. Ýaşlygyndan işçiler synpynyň içine düşen inžener, çagalar öýüniň ösdürimi, internasional maşgalanyň eýesi, Leniniň beýik partiýasyna wepadar agza bolmaga kasam eden kadr derrew apparatyň gözüne ilýär. Seniň ornuň önümçilikde däl, sen işçiler synpynyň adyndan döwleti edara edýänleriň arasynda bolmaly diýýärler. Uzak wagt geçmänkä ol kompartiýanyň respublikan guramasynyň merkezi komitetinde peýda bolýar. Merkezi komitetiň instruktory, bölüm müdiriniň orunbasary, bölüm müdiri, Aşgabat şäherkomunyň biriji sekretary, SSKP MK -nyň instruktory, Respublikanyň Ministrler Sowetiniň başlygy, Merkezi komitetiň birinji sekretary... ine, Nyýazowyň 46 ýaşyna çenli (1940-nji ýylda doglan) geçen basgançaklary. Wezipä dalaş edýänleriň gözi gitse gerek. 1985-nji ýylda partiýanyň baş sekretary Mihail Gorbaçýow üýtgedip gurmak syýasatyny jar edipdi. Respublikalaryň partiýa merkezlerinde telim ýyl oturan köne kadrlar ýaşlar bilen çalşyrlyp başlandy. On alty ýyl kürsüde oturan Gapurowyň ornuna Nyýazowy bellediler. Kadrlary seçmek öňki düzgün boýunça dowam edýärdi. Birinji sekretaryň ornuna adatça hökümetiň başlygy geçýärdi. Moskwa respublikalaryň iň ýokary wezipesine tötänleýin adamlaryň geçmezliginiň gamyny iýýärdi, ýaramly kadry seçip almak örän eserdeňlik bilen geçirilýärdi. SSKP MK işe alnan adamyň ýönelige äkidilmeýänine hemmeleriň gözi ýetikdi. Şol ýerde işläp ýören Nyýazowyň respublika ýolbaşçy bellenjekdigini Moskwa ugran gününden ynam bilen aýdyp başlapdylar. Ol mahal Çernenko baş sekretardy, üýtgedip gurmak syýasaty yglan ediler diýen pikir hiç kimiň kellesine-de gelenokdy. Kommunistik partiýa SSSR-i dolandyrýarka, respublika ýolbaşçylyk etmek üýtgeşik bir zehin, başarnyk talap edýärdi diýip özüm-ä aýdyp biljek däl. Sen sistemanyň onlarça ýyllap kämilleşen býurokratik çarhynyň bir öýjüginde oturan adam. Oturmagyň öz düzgüni bar, sen oňa belet, seni süzgüçden telim ýola geçirip, ýüregiňi, teniňi mynçgyladylar, awtomata öwürdiler. Sähel artykmaç hereket edäýseň çarhyň aşagyna düşjegiňe gözüň ýetip durandyr. Uly çarhyň içinde onuň kiçiräk nusgalary aýlanyp dur. Olaryň gabarasy her respublikanyň çägine görä ululy-kiçili bolsa-da, bary bir meňzeşdi. Olar uly çarhyň hereketininden bat alyp aýlanýardylar, özbaşdak aýlanyp biler diýen pikir düýbünden bolmaly däldi. Onuň aýlanyş tizligini kesgitlemek hem seniň aladaňa girenok, ony uly çarhyň eýeleri kesgitleýär. Sen özüňe berlen orna mäkäm ýapyşyp otyr, säwlik bilen gaçyp galaýma. Äpet çarhyň süňňüni emele getirýän müňlerçe, millionlarça öýjügi eýelän adamlaryň ykbalyny çarhyň mehanizminden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Nyýazow hem şol adamlaryň biridi. Olar şahsy inisiatiwadan, erkin pikirden gorkýarlar. Islendik inisiatiwa, pikir diňe çarhyň eýelerinden çykmalydy, olary ornaşdyrmak aşakdakylaryň paýyna düşýärdi. Döwrüň talabyna görä, aşakdan bisabyrlyk bilen hödürlenen inisiatiwalaryň käbirini goldamaly bolaýan halatynda-da, ony ýokarynyň pikir-paýhasyndan dörän ýagşy niýet hökmünde halk köpçüligine ýeter ýaly etmelidi, gerek bolan ýerinde güýç ulanmalydy, ýöne bu pikiri biz hödürledik diýip, aşakdakylar busanç bilen başlaryny galdyrmasynlar. Pikiriň bitertipligi ahyr pellede häkimligi bitertiplige alyp geler, çarhyň mehanizmini çagşadar. Ýadyňyzda bolsa, üýtgedip gurmak syýasatynyň Türkmenistanda haýal gidýändiginden zeýrenýän adamlar beýleki respublikalarda kabul edilen dil baradaky kanunyň bärde gaýra çekdirilýändigini, 6-njy maddanyň Konstitusiýadan aýrylmagynyň talap edilmeýändigini, Özygtyýarlylygy jar etmäge howlugylmaýandygyny mysal getirerdiler. Ol mahal SSKP-nyň çarhy jygyldap başlan-da bolsa, entek aýlanyp durdy. Şonuň üçin hem ýokarky çäreleri amala aşyrmak, neneň bolsa-da, belli derejede töwekgellik talap edýärdi. Apparatyň ýetişdiren adamynyň iň ýigrenýäni töwekgellik bolýar. Partiýanyň merkezi komiteti milli dillere döwlet statusyny bermek hakynda ýaýbaňlanan kompaniýa gabanjaň garap, oňa ýerli däl milletleriň wekilleriniň hukuklaryny kemsitmek hökmünde baha berýän mahaly, Nyýazowdan başlap respublikanyň ähli ýolbaşçysy şol nukdaýnazary goldaýardylar, kanunyň tarapdarlaryny milletçilik meýillerinde aýyplaýardylar, biz beýle ýaramaz kanunyň respublikamyzda kabul edilmegine ýol bermeris diýip gygyrýardylar. Soňra SSKP tarapyndan çagyrlan partiýa konferensiýasynda milli meseläniň ýagdaýyna garaldy. Baş sekretar Gorbaçew çykyş edip, milli dillere döwlet statusynyň berilmegine döwrüň öňe süren derwaýys talaby hökmünde seretmegi maslahat berdi. Moskwadan gaýdyp gelen dessine hut Nyýazowyň özi telewideniýede çykyş edip, düýnki ynam bilen aýdan delilleriniň tersine gürlemäge, düýnki biamat diýen zatlaryny bu gün döwrüň ösüşine laýyk gelýän amatly ýagdaý hökmünde görkezmäge çekinmedi, utanmady. Hut düýn şu alamatyň garşysyna gidip, nädogry iş edendigini, birnäçe adamy milletçilik meýillerinde aýyplandygyny boýun alman, gaýta bu syýasatyň partiýanyň jar eden üýtgedip gurmak programmasynyň miwesidigini nygtamak bilen inisiatiwany öz tarapyna geçirdi oturyberdi. Hatyra güni-de şeýle boldy. Gökdepe galasynyň synmagy bilen wepat bolanlaryň hatyra gününi bellemek hakynda Agzybirlik halk hereketiniň agzalarynyň öňe süren tekliplerine respublikanyň içindäki asudalygy bozmaga synanyşyk hökmünde garap, olaryň garşysyna jemgyýetçilik pikirini gurnamakda, ýygnanyşyklaryny güýç bilen dargatmakda neneňsi işeňňirlik görkezlendigi köplere mälimdir. Ylaýyk bir ýyldan soň Nyýazow öz permany bilen Hatyra gününi öňki diýlen gününde geçirmegi belledi. Metbugatda, hamala, bu inisiatiwa diňe Nyýazowdan çykan ýaly edilip görkezilýär, onuň adyna minnetdarlyk sözleri aýdylýar, hakyky inisiatorlaryň adyny tutmaga bir adama-da ýol berilmeýär. Haýsy bir üýtgeşmäni alaýyň, isle ol altynjy maddany sowet konstitusiýasyndan aýyrmak bolsun, özygtyýarlylygy jar etmek bolsun, dil baradaky kanuny kabul etmek bolsun, parhy ýok, ýa-ha Moskwanyň resmi rugsadyndan soň edilendir, ýa-da beýleki sowet respublikalaryň ählisinde amal edileni üçin ýeke-täk galmagyň gelşiksizliginden mejbur bolnandyr. Iň bärkisi, Nowruz baýramy bellemegi-de biz goňşy respublikalardan bir-iki ýyl soňa goýduk. Prezident Nyýazowyň bu baýram biziň halkymyza degişli däl diýip, telewideniýede çykyş edeni ýadyma düşýär. Şonuň öň ýany «Türkmenistan» gazetinde çap edilen «Türkmençilik» diýen essamda şeýle ýazypdym: «Türkmeni dürtmeseň duýmaz». Bu nakyly gaýtalaýandygymyň sebäbi bar. Biz mahal-mahal dürtüp durulsa-da duýmazlyga salýarys. Mysal üçin, Orta Azyýa hem Gazagystanda Nowruz halk baýramy hökmünde täzeden berkarar edildi. Ala-böle biziň gyrada galyşymyza men düşünemok». Nyýazow kabinetinde bolan bir duşuşykda gazetdäki makalamy okandygyny aýtdy, ýene bu baýramyň türkmenlere degişli bolmandygyny emelsiz subut etmäge çalyşdy. Indi welin, bu gadymy baýram türkmen halkyna diňe prezident Nyýazowyň paýhasy bilen gaýtarylyp berildi diýlen mahabatlandyrmalary eşidýäris. Geçen ýylyň awgust aýynda döwlet agdarylyşygyny etmäge synanyşygyň puja çykmagy SSSR atly imperiýanyň çammalagyny çaşyrdy. Sowet respublikalary özbaşdak döwlet hökmünde garaşsyzlygy yglan etdiler, ýene biz seresap, ätiýaç bilen töweregimize garanjaklap, bu taryhy öwrülişigiň gutulgysyzlygyna göz ýetiräýýänçäk garaşdyk. Indi howply zat ýok ýaly-la diýip, amatly döwrüň uzadan peşgeşini çekine-çekine almaly bolduk. Biz ony göreşip gazanmadyk, bize alyň diýdiler. Şu ýagdaýy bilip durkaň Nyýazow «türkmen halkyna azatlyk, garaşsyz döwlet berdi» diýip, ony yslamyň berkarar bolmagy üçin bimöçber jebir, hijri-pygan çekmeli bolan Muhammet pygambere deňemegiň özi, şeýle diýip gygyrýan admlaryň ahlaksyzdyklaryny aňladanokmy näme! Prezident Nyýazow özüni orta çykaran sistemanyň tebigatyna laýyk hereket edýär. Onuň depesindäki uly çarh aýryldy, emma onuň nusgasy bolan kiçi çarh aýlanyp dur. Goý, aýlansyn, entek halk ony göterýär, onsoň hem täze bir hokga çykarjak bolup, halkyň aňyny bulaşdyrmagyň derkary barmy? Demokratiýa gujak gerenler näme görýärler?! Dawa-galmagaldan gaýry bitirýän işleri ýok! Bu garaýyşy prezident Nyýazow häli-şindi gaýtalaýar, çarh bolsa, aýlanyp dur. Amatly çarh, islegli çarh, aýlanyber, aýlanyber, senden aýlanaýyn!.. Kommunistik düzgün adamyň ykbalyny, ygtyýaryny, rysgalyny doly suratda döwlete, ideologiýa garaşly edip goýýar, şu maksady berjaý etmek üçin oňa ýeke-täk päsgelçilik hususy eýeçilikdi, ony hem doly suratda ýok etdi. Sosial deňsizligi ýok etdik diýip, dabara bilen gygyrylýar. Şonuň bilen bilelikde adamyň mertebesi, sosial höwesi, inisiatiwasy hem ýok edilýär. Adam öz zehininiň, zähmetiniň, başarnygynyň eýesi däl. Adamyň durmuşyny iki ugur bilen urukdyrýarlar. Birinjisi, çekýän zähmedine kanagatlanarly hak tölemek, ykdysady taýdan höweslendirmek. Ikinjisi, gorky bilen işletmek, ýaşatmak. Biz öz ýaşaýyşymyzda esasan ikinji ugury gördük. Kolhozyň bardyr, emma özümki diýip, agyz dolduryp aýtmaga emlägiň ýokdur. Hususy bähbide ymtylyş bolmadyk ýerde ykdysady inisiatiwa gutarýan ekeni, muny biziň geçen 70 ýyllyk ýolumyz dünýä aýdyň görkezdi, haýp, bu synagy geçmek üçin nesiller pida çekmeli boldy. Okuwçykam mahal-mahal brigadire bäş günlük işiň tabelini doldurmaga kömekleşerdim. Bir işeňňir daýaw adam bardy, günüň dowamynda dört-bäş zähmetlik çil çekerdi, emma brigadir onuň hakyny doly ýazmazdy, juda köp bolýar, buhgalterler ynanmaz diýerdi. Ýarym günlügini ýazaňda-da beýlekileriňkiden ýokary bolýar diýip oňdurardy. Ol adam hem soňra diňe ýarym gün işe çykyp oňaýdy, uzakly gün geläýse-de hallyň-sallyň bilen ýazylýan mukdardan artyk iş etmezdi. Zady bolmadyk adam hemişe garaşlydyr. Garaşly adam hiç mahal gorkusyz, ätiýaçsyz ýaşap bilmez. Akademik Saharowyň pikirine salgylanyp aýtsak, gedaý adamyň hakyky raýat bolmaga başarnygy ýokdur. Zady bolan, hususy emlägi bolan adam jemgyýetiň aladasy bilen çyndan gyzyklanyp biler. Döwlete total, başbitin garaşlylygyň nämedigini 1990-njy ýylyň ýanwarynda respublikanyň €kary Sowetine geçirlen saýlawlarda has-da aýdyň gördük. SSSR-iň ýaýrawynda ýaýbaňlanan demokratiýanyň ýelgini ilkinji gezek Türkmenistanda-da alternatiw kandidaturalaryň sese goýulmagyna mümkinçilik beripdi. Men üç kandidityň biriniň ynanylan adamy hökmünde saýlaw öňündäki duşuşyklarda birki öwre çykyş etdim. Saýlawçylar agyr günlerine hemaýat beräýjek derwaýys zatlary, aýratyn hem durmuş harytlaryny tapmaga deputatyň goldawyna mätäçdiler. Meniň goldaýan kandidatym ýokary okuw jaýynyň mugallymy bolany üçin olaryň bu zerurlygyna hemaýat berip biljek däldi. Onuň garşydaşy respulika boýunça söwdanyň hojaýynlarynyň biridi. Eýýäm onuň emri bilen bu saýlaw okrugyna girýän obalarda gyt harytlar satylyp ýördi. Ol täze magazin açmagy, onda saýlawçylaryň islegli harytlaryny satmagy wada berýärdi. Hawa, ol bokurdakda oturan adamdy. Ol islese, magazinem açyp biler, gyt harytlary-da satdyryp biler, beýlekileriň paýny almaga-da güýji ýetýär. Başga umyt ýok, diňe bir adamyň emrine, ygtyýaryna bagly bolup otyrsyň. Garaşly, elgarama adamlara bir kilo çaý, bir gap kir ýuwulýan poroşok, üýtgeşik mata ber, häzir, ed-dil şu mahal ber, bu zatlar olara ed-dil şu mahal gerek, olar wadadan gerk-gäbe bolan, olara zat ber, söz berme, olar ellerini serip durlar!.. Men öz garaýyşymy aýdýan. Respublikanyň ýokary organyna wekilçilik etmeli adamyň aladasy öz okrugyndaky ilatyň maddy-hal ýagdaýyndan has giň bolmalydyr. Diňe bir okrugyň däl, tutuş respublikanyň syýasy, ykdysady, medeni derejesini galdyryp biljek kanunlar çykarmaga, şolary mahalynda gyşarnyksyz durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşmakdan ybaratdyr. Döwlet, jemgyýetçilik işi deputatlardan ahlak päkligini, giň düşünjäni talap edýär. Şol sypatdaky adamlar parlamentde agdyklyk eden halatynda, döwleti dolandyrmak işi rowaçlyk alyp biler. Gowy kanunlaryň ähmiýeti barada meniň pelsepelerim olaryň paýhasyna ýetenokdy, ýetse-de esassyz, boş gürrüň hökmünde gulaklarynyň duşundan geçirýärdiler. Olar üçin esasy kanun raýon ýolbaşçysynyň, kolhoz başlygynyň görkezmesidi. Baştutanyň ýalkany ýaz, gargany gyşdy. Durmuşyň başga bir ýoly bilen gidip bolunjagy olaryň hyýalyna-da gelmeýärdi. Respublikanyň obalaryna haryt berilýän ýekeje deşik bar, ol hem kandidat bolup oturan adamyň ygtyýarynda. Ýerli emeldarlar hem onuň töwereginde hozanak bolup ýörler. Ol kanun satanok, haryt satýar. Gowy kanuny özüňize goýuň-da, bize gowrak haryt getiriň, hemaýat ediň! Ýeri, beýle elgarama derejä ýetirlen, mätäç halk kimi deputat saýlar öýdýärsiňiz? Gyt haryt ýüklenen maşynlary getirip bilýän adamy saýlarlar. Ol harytlaryň goňşy obalaryň agzyndan alnyp gaýdylandygy olary birjik-de gyzyklandyranok. Rast, hojaýyn olaryň deputatymy, olar artygrak almaly bolar-da! Mätäçlikden döreýän beýle psihologiýa býurokrat apparatyň ysleginiň ynsapdan, kanundan ýokary goýulmagyna amatly şert döredýärdi. 4. Halk öz häkiminden adalat küýseýär. Döwletmämmet Azady bir ýurdy bir sagat adyllyk bilen edara etmek altmyş saparky hajyň sogabyndan zyýatdyr diýýär. 1982-nji ýylda kommunistik Türkmenistanda Azadynyň saýlanan eserleriniň bir tomlugy çykarlan dessine gadagan edilipdi. Kommunistleriň bina eden häkimlik sütünlerini henizem saklap oturan prezident Nyýazow öňki SSSR-iň musulman respublikalarynyň prezidentleriniň arasynda birinji bolup Mekge-Medinä zyýarata geldi. Eýýäm onuň adynyň yzyna «hajy» sözüni goşdular. Elbetde, hajyň berjaý edilmeli üýtgewsiz kadalaryndan ugur alyp aýtmaly bolsa, öňi bilen Allanyň ýoluny iman edinen her bir musulman bu ýere halal gazanjyny ýol harjy edip gelmeli, döwletiň hasabyna geleniň kabul bolmaýar diýýärler. Prezident Muhammet pygamberiň guburynyň ýanynda oturyp kasam etdi, egindeşlerinden hem kasam etmegi talap etdi. Olaryň sesini eşitmesek hem prezidentiň sesini eşitdik. Ol: «Men azman!» diýdi. Göwnüme bolmasa, tolgunmadan sesi sandyrap, bokurdagy dolan ýaly boldy. Umuman, häkimlerde aktýorlyk sungatyna gol ýapmak meýli hemişe bolupdyr. Hawa, häzirem tolgunaýmaga çemeli pursat. Ýöne «men azman» diýen söze nähili düşünmeli? Azgynlyk nähili kriteriýalar bilen ölçelýär? Aňyrdan gelýän il ölçegine görä, ejize ganymlyk edene, ogra-jümrä, zyna işe baş goşana, emen süýdüne kast edene, watanyny, ymmatyny satana adama azan adam diýipdirler. Kommunistik ideologiýanyň agalyk döwründe azgynlyk ölçegi üýtgeşmelere sezewar boldy. Indi dini ymmatdan ýüz öwrüp, hudaýa gargaýanlara azgyn diýilmän, gaýta olar ýokary düşünjeli, mertebeli adamlar saýylýardy. Şahsy ynanjyny, garaýyşyny beýan etmekden ötri, agalyk edýän syýasata sähelçe şübhe bildirenler halk duşmany hökmünde ýok edilýärdi. Olara azanlar diýilýärdi. Gurhan azan mollalaryň kitabydy, hanlar, serdarlar, baýlar uçdantutma azan toparyň wekilleridi. Şu ölçege eýerýänleri gepletseň, prezidentiň emeldarlaryny yzyna tirkäp Mekge-Medinä zyýarata gelmegine-de azgynlyk diýerler. Musulman ymmatyna eýerýänler üçin bolsa, kommunistik ideologiýa hudaýy terk eden azgynlaryň ideologiýasydy. Prezident bäş aý mundan öňem şol ideologiýany alyp baran kompartiýanyň baştutanydy, diýmek, ol azgynlaryň baştutany bolupdyr diýen netije gelip çykýar-da? Logikanyň belli formulasyny ulanyp göräýiň. Indi kommunistleriň partiýasy ýok, olaryň özleri-de, partiýalary-da «demokratiýa» adyny aldylar diýersiňiz. Gördüňizmi, üçünji ýol peýda boldy! Belki, prezident «men azman» diýende şu ýoly göz öňünde tutandyr? Türkmenistanyň garaşsyz demokratik-hukuk döwleti diýlip jar edilmegi bu sowala hä diýmäge esas berýär. Mundan bu ýana Türkmenistan döwleti kоmmunistik idеologiýa gol ýapmaz, уslam döwleti-de bolmaz, dünýewi ýol bilen, diňe demokratiýa bilen öser diýip, prezident çykyşlarynda gaýta-gaýta aýdýar. Şol bir mahalda-da «demokratiýa isleýän bolsaňyz Ýelsiniň ýanyna gidiň» diýýän ýerli ýolbaşçylar öňki kürsilerinde arkaýyn otyrlar. Beýnisi tоtаlitаr kоmmunistik düzgüniň аşgaryna ýatyrlan baş sеnzоr tekstlere öňki lupasy bilen garap, ätiýajy elden bermän, serhetçiniň hüşgärligi bilen tabşyrlan borjy berjaý edýär. Hususy eýeçilik hem ýok, dürli partiýalara-da ýol berlenok, gаraşsyz gаzet-žurnаl hem çykarlanok, hyýal edýänleriň-de günübirin aýagyna palta urýarlar. Eger kommunistleriň gözüne demokratlar azan adamlar bolup görnen bolsalar, onda prezident Nyýazow babatda olaryň howsala düşüp oturasy işleri ýok. Dogrudanam, Nyýazow azmandyr, azar hem öýtmäň. Ýöne bu hakda Muhammet pygamberiň guburynyň başynda kasam etmek nämä gerek bolduka? Beýik Napoleon: «Hemme beladan beter gülki bolmakdan gorkýan» diýipdir. Halk häkimden rehim-şepagat, bol-elin ýaşaýyş küýseýär. Häkimiň ýekeje geleňsizliginiň agyr ýükdügine ünsi çekmek maksady bilen Nyzam al-Mülk «Syýasatnama» kitabynda şeýle rowaýat getirýär. Dünýäden ötüp barýan häkimiň başujunda oturan ogly: «Men indi seni haçan görüp bilerin, kaka?» diýýär. «Ol dünýäde». «Beýle diýmesene, çaltrak göresim geler». Kakasy aýdan: «Birinji, ikinji, ýa-da, üçünji gije sen meni düýşüňde görersiň, oglum». On iki ýyla çenli ogly düýşünde kakasyny görüp bilenok, ahyry bir gije görýär. «Kaka, sen üç gijeden görünmelidiň, bu nä beýle uzaga çekdi?» diýen. Kakasy: «Görünjekdim, teý, wagt tapmadym. Bagdadyň eteginde bir köpri çagşan ekeni, meniň esewan bolmagy tabşyran adamlarym oňa seretmändirler. Süri geçip barýarka, bir goýnuň aýagy köprüň deşigine gidip döwlüpdir, şonuň üçin on iki ýyllap menden jogap soradylar» diýipdir. Häkimiň boýnuna düşýän borjy mundan zyýat düşündirmek mümkin däl. Akyldarlar häkimiň ýiti paýhasynyň agyr goşundan hem güýçlüdigini aýdyp geçipdirler. Her bir halk, jemgyýet öz süňňüne, ýeten derejesine laýyk häkim edinýär. Häkimem öz paýhasyna, ýörelgesine görä daşyna emeldar toplaýar. Emeldarlaryň başarnygyna, il arasyndaky abraýyna garap hem häkimiň işine baha berýärler. Bu juda ýowuz synag. Prezident pygamberiň guburynyň başynda emeldarlaryndan nähili kasama garaşdyka? Reportažy alyp baran žurnalist Durdymuhammet Gurbanow ýene bir fakty aýdyňlaşdyrmaly ekeni. Belki, Muhammet Pygamberiň jaýlananyndan bäri geçen on üç ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda mukaddes guburyň başynda emeldarlara kasam etdirmeli diýen pikir häkimleriň arasynda ilkinji gezek Nyýazowyň kellesine gelendir? Taryhda aglaba ilkinjileriň ady galýar. Garaz, ilden parhlanara garaşsyz Türkmenistana ýene bir deliliň tapylan bolmagy-da ähtimal zat. Häkimiň kalby dar bolsa, raýatlary üçin ýurt hem daralýar. Hakyky häkim ýurdy bilen maşgalasynyň arasynda parh goýmaz. Eger Alla agyr günä eden düýnki kommunistleri bagşylaýan bolsa, häkim näme üçin raýatlarynyň arasyndan öz şahsy garaýyşyny öňe sürýänleri bagşylamaly dälmiş?! Hakyň ýoly bilen häkimiň ýoluny birdir öýdýärmiň? diýersiňiz. Olaryň tapawutly ýerini men ýokarda aýdypdym. Men, iň bolmanda, olaryň golaýlaşmagyny umyt edýärin. Şu umydy meniň kalbyma salanlaryň biri Döwletmämmet Azady. Bu gün onuň adyny köçä, iň uly kitaphana, diller institutyna dakdyk. Kimiň permany bilen dakyldy? Prezident Nyýazowyň permany bilen! Azadynyň kitabyny gadagan etmeli diýen höküm partiýanyň merkezi komitetinde ýaňlananda Nyýazow nirededi? Merkezi Komitetiň bir bölümine ýolbaşçylyk eaýärdi. Şeýle bolsa, onda heşelle kakmada otur, oýlan! Öň hem az aldanan dälsiň! Kalbyma siňen gorky ýene başyny galdyrýar. Kommunistler bagyşlama diýen zady bilenoklar. Bu ýazgylaryň üçin olar seni bagyşlamazlar. Öz kastyňa, maşgalaň kastyna çykarlar. Bagyşlamak diňe Allanyň paýydyr. Ady ýitmiş gorky, sen nireden çykdyň?.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |