12:59 Biz kim ekenik: Dogrudan hem biz kim ekenik? | |
DOGRUDAN HEM BIZ KIM EKENIK?
1. Kitabymyň soňky babyny ýazmaga başlan günüm 1994-nji ýylyň 14-nji iýuny. Adaty iş günleriniň biri. Golaýda prezident Nyýazow Malaýziýa hem Indoneziýa gidip geldi. Anyk bitirlen iş hakynda tuturyk edinere delil bolmasa-da, agyr aladadan, mätäçlikden gerk-gäbe bolan Türkmenistandan çykyp, täzeje «Boingde» dünýäniň aňry ujuna gezelenç edip gelmek prezidentiň derdini biraz ýeňilleşdiren bolsa gerek. Onuň «älem-jahany haýran galdyran» nobatky saparynyň waspyny ýetirmek gezegi täze press-sekretar Kakamyrat Ballyýewiň paýyna düşdi. Ol prezidentiň janköýer ideology Durdymuhammet Gurbanowyň ornuny eýeledi. Durdymuhammede it degdi. Ony bir aý ozal «Ýaşlyk» žurnalyna redaktor bellediler. Bu günki ýaýran resmi däl gürrüňlere görä aýtsak, ol Aşgabatdan gaçyp gidenmiş. Russiýada çykýan «Nezawisimaýa gazetanyň» ikinji iýunda çykan sanyndaky makalada Nyýazowyň köşgünden kowlan Gurbanow türkmen орроzisiýаsynyň wekillerine ýörite hat ýazyp, olaryň öňünde eden günäleriniň bagуşlanmagyny sorandygy habar berilýär. Düýnki islegli, elýetmez adamy iki öwre Нowpsuzlyk komitetine çagyrypdyrlar diýen myş bar. Belki, şundan soň ol ökje götermegi amatly görendir? Elbetde, entek anyk habar ýok, ýöne myş-myşlar tassyklanaýan halatynda-da meniň haýran galmajagym belli. Birinjiden-ä, Gurbanowyň neneňsi adamdygyny kitabyň dowamynda düşündiripdim, ikinjiden, Nyýazowyň syýasaty şeýle adamlara daýanýan syýasat. Çemeçilligiň, galplygyň, şahsy bähbidiň, ýaranjaňlygyň döwlet syýasatyna öwrülen ýerinde gurbanowlaryň ykbalyna geň galyp oturasy iş ýok. Sen bolmasaň saňa meňzeş diýäýmeli. Ýelejiräp gelen prezidente şum habarlar garaşýan ekeni. Köpetdagyň demirgazyk eňňidindäki baýyrlaryň ýüzi Gäwersden Gökdepä çenli aralykda bäş ýerden ot alypdyr. Pöwrize jülgesinden çykylaýan ýerde Nyýazowyň 58 gektarlyk mülki, gurlup ýören köşgi bilen tas ot alan ekeni. Dag tarapyndaky meýdan gara ört bolup ýatyr, bu görnüşi synlan adamyň kalbyna ýakymsyz pikirler gelýär diýip, synlan adam gürrüň berdi. Baýyrlaryň samany üç günläp ýanypdyr, sapara giden Nyýazowyň yzynda galan emeldarlaryň ýekesi-de ony söndürmegiň çyndan aladasyny etmändir. Ministrler kabinetiniň maslahatyny geçiren Nyýazow olaryň geleňsizligine käýindi, gahar etdi, käbirini işden boşatdy. Garaşsyz watana hyzmat etmäge olarda höwes ýokdugyny nygtady, olary utandyrjak boldy. Olarda höwes bolmasa, başga kimde bolsun! Nyýazowyň hasabat soraýan emeldarlary galapyn onuň egindeşleri, meniň pikirdeşlerim diýip, häli-şindi agyz dolduryp aýdýan adamlary. Olar Nyýazowyň döreden täze baýlary. Her biriniň 50 gektardan mülki, telim jaýy, bihasap baýlygy bar. Sada zähmetkeş adama «garamaýak» diýip ýüzlenmegi prezident olara bireýýäm öwredipdi. «Men siziň üstüňizden kontrollyk edýän organlary aýyrdym, size indi baýamaga päsgel berjek ýok» diýip, mähriban prezidentleri olary gyssap başlapdy. Olaryň düýnki sowet sistemasynda guluň psihologiýasy bilen kemala gelendiklerini Nyýazow hasaba almaýandan bolýar. Ogurlyga, para-peşgeşe toplanan baýlyk hakynda ertir hasabat soraljak ýaly bolup dur. Olar Nyýazowyň prezidentlik möhletini 17 günüň içinde referendum geçirip, 10 ýyl uzaltsalar-da, garaz, arkaýynlaşyp bilenoklar. Soňky döwürde Nyýazowyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp barýar. Ýene uzak möhlet bilen ABŞ özüni bejertmäge gitjekmiş diýip, il arasynda gürrüň köpelýär. Iň ýamany-da, Moskwada çykýan «Segodnýa» gazetiniň 12-nji maý sanynda respublikada döwlet agdarylyşygynyň bolmagy ähtimal diýen myş-myşlar ýaýraýar diýip makala berildi. Prezidentiň ýerine göz gyzdyrýanlar hökmünde Oba hojalyk ministri Paýzygeldi Meredowyň hem-de Mary welaýatynyň häkimi Gurban Orazowyň atlary tutulypdyr. Gazetiň ýaýran gününiň ertesi Halk maslahatynyň mejlisinde Gurban Orazow Nyýazowa wepalydygy, mundan beýläk-de wepaly boljakdygy barada ant içdi. Nyýazowyň egindeşleri gollaryny çekip gazete hat iberdiler, ömürahyr mähriban prezidentlerine hyzmat etjekdiklerine ýene bir öwre ant içdiler. Ýene şol gazet Nyýazowyň hökümetinde öň daşary işler ministri bolup işlän Аbdy Кulyýewiň başda durmagynda türkmen oppozisiýasynyň dörändigini, onuň Moskwada iş alyp barýandygyny dünýä habar berdi. Орpozisiýanyň liderleriniň biri Myrat Esenow döwlet agdarylyşygyna ýol berilmejekdigini, munuň üçin zurur bolan güýçleriň орроzisiýanyň ygtyýarynda bardygyny duýdurmak bilen, häkimiýeti almagyň diňe kanuny ýollaryny saýlap alandyklaryny, döwlet agdarylyşygynyň ganly çaklyşmalara getirip biljekdigini Täjigistanyň, Owganystanyň mysalynda düşündirdi. Nyýazow diýlen adam Türkmenistanyň içinde-de, dünýäniň gaýry bir künjünde-de özüne oppozisiýanyň bolmagyny kes-kelläm islänok, şonuň üçin hem howpsuzlyk komitetine Moskwadaky oppozisiýany güýç bilen dargatmagy buýurýar. Öňki egindeşi Abdy Kulyýewi galtamançylykda aýyplap, ýerli gazetlerde makalalar berdirýär. Dogrudan hem, oppozisiýa babatda prezidentiň juda howsala düşmegine esas bar diýse bolar. «Segodnýa» gazetiniň 1994-nji ýylyň 28-nji aprelde çykan sanyndaky berlen makala salgylansaň Saparmyrat Türkmenbaşyny kanuny prezident hasap edip bolmaýar. Myrat Esenowyň gazetiň habarçysyna aýdan delillerine görä, Nyýazow iki öwre prezident saýlawyny geçirden hem bolsa, entek prezident saýlawlary hakyndaky kanun kabul edilmändir. Täze konstitusiýanyň 58-nji maddasynda prezident saýlawlarynyň şol kanun esasynda geçirilmeginiň hökmanydygy ýazylýar. Nyýazowyň prezident ygtyýarlylygyny 2002-nji ýyla çenli uzaltmak hakynda geçirlen referendumam kanuna laýyk gelenok ekeni. Şol konstitusiýanyň 16-njy maddasynda referendum geçiriljek bolsa, onuň taýýarlanmagy üçin goýberilýän möhlet iki aýdan az bolmaly däl, dört aýdan hem köp bolmaly däl. Türkmen parlamentiniň agzalarynyň juda howlugandyklary üçin aňyrsy-bärsi 17 gün möhlet berlip, referendum geçirildi oturberdi. Konstitusion Suduň ýok ýerinde kim olaryň edenine telek diýsin! Asyrlaryň dowamynda döwletsiz ýaşan, soňam sowet totalitar düzgünine uýgunlaşan Türkmenistanyň halky kanun diýen düşünjäniň düýp manysyna düşünmedi, düşünjek bolaýan halatynda-da kanunyň diňe döwletiň bähbidine döredilýändigi hakyndaky ynançdan aňry geçilenokdy. Intelligensiýa atlandyrylýan gatlagyň wekilleri hem aglaba şol ynanja gulluk edýärdiler, onsoň işçi-daýhan hakynda näme diýip, näme aýdarsyň! Dogrusy, türkmen milli intelligensiýasy diýlip, agyz dolduryp aýdar ýaly sosial gatlak döremäge-de ýetişmändi, olaryň aglabasy düýn obadan şähere okuwa gelip, soňam döwlet edaralarynda işe galan adamlardy. Hökümetiň bellän aýlyk hakyndan başga gazanç çeşmesi bardyr öýtmän, belli bir derejede şäher ýerinde özüni amanat saýyp ýören adamlardy. Kanunyň öňünde hemmeleriň deňligini jemgyýete düşündirmeli-de, şol deňligi talap etmeli-de intelligensiýanyň wekilleri bolaýmaly ýaly, emma olar graždanlyk derejesine göterlip bilmändiler, graždan jemgyýetiniň hakyky sypatyndan bihabardylar. Bu ýagdaýy Nyýazowyň režimi has gözgüni ýagdaýda ýüze çykardy. Türkmenistanyň ykdysady derejesi günsaýy peselýär, muny milli walýuta hökmünde 1993-nji ýylyň birinji noýabryndan dolanşyga girizilen manadyň hümmetiniň sähelçe salymda juda pese gaçandygy bilen düşündirse bolar. Iň ýamany-da, milli puluň girizilmegi bilen bagly ilatyň gün-güzeran ýagdaýynyň gowulaşmagyna bolan umydy puja çykdy. Iki manat bir amerikan dollaryna barabar bolmaly, Nyýazowyň permany bilen girizilen walýuta ysmaz bolup doglan çaga ýaly dünýäniň hiç bir bankynda sana geçmedi. Her köçäniň çüňkünde manady beýleki ýurtlaryň puluna alyş-çalyş etmeli punktlaryň işlejekdigi barada prezidentiň beren wadalary haly teň syrkawyň ýanynda jany sagyň degişmesi ýaly, diňe ajy ýylgyrma bilen ýatlanylýar. Gara bazarda bir dollaryň bahasy segsen manada ýetende emri zor emeldarlar iki manady bir dollara çalşyp, döwlet hasabyna gowuz ýerlerini doldurdylar. Talaňçylyk dowam edýär. Manadyň dünýä sistemasynda ykrar edilmegi üçin Türkmenistan ysmaz keseline ýolugdy. Onuň süňňündäki gan damarlar zordan gymyldaýar. Ölüm howply bu aýylganç keseliň sebäbini düşündirmeli bolanda prezident Nyýazow döwleti dolandyrmakda baryp ýatan emelsizligi boýun almaga derek, günäni satylýan türkmen gazynyň hakyny töläp bilmeýän döwletleriň üstüne ýükleýär. Günäkär tutunmaga gezek gelende biziň ezberligimize telpek goýaýmalydyr! Iň ýamany, indi halk prezidentiň wadalaryna ynananok. Halk hökümdara ynanmasa, şondan beter oppozisiýa bolup bilmez. Onuň gorkusyny Nyýazow hem, onuň töweregine üýşen adamlar hem aňýandyr. Aljyraýanyny, howsala düşýänini prezident gizläp bilenok, şeýledigini soňky döwürde onuň orunbasarlarynyň, ministrleriniň üstüne gygyryşy, köpçülikde ör turzup masgaralaýyşy subut edýär Her ädimde olaryň prezidente wepalydyklaryny eşitmek isleýär, Allanyň adyndan kasam aýtdyrýar, ant içdirýär. Olaram Käbede bolsun, prezidentiň köşgünde bolsun, ýaýdanman, geň galaýmaly tutanerlilik bilen ant içýärler. Olaryň andynyň, kasamynyň gyzan bazarda bäş şaýa geçmejegine Nyýazowyň özi-de düşünip otyr, ýöne özi halkyna boş wadalar berip ýörkä, näme üçin olar arkaýyn oturmalymyş! Serdarlaram adam-da! Adam görgüliniň ejizleýän ýerlerem bolaýýar. Şöhrata, ýalan söze gezek gelende serdarlar ejizräk bolaýýarlar-da! Garaşsyz Türkmenistanda at ýa-da baýrak döredilen dessine Nyýazowyň özi alyp ýörensoň, Gurbanow ýalylar sen Nobel baýragyna-da mynasyp diýip, ony ynandyran bolsalar gerek. Soňra daşary ýurt habar beriş serişdelerinde yzygiderli berlen habarlara salgylanyp aýtsaň, Nyýazowy parahatçylyk boýunça halkara Nobel baýragyna hödürlemekden ötri gurnalan işler başdan-aýak galp bolup çykdy. Moskwada haýsydyr bir ýazyjylar birleşmesiniň üç sany egindeş ýolbaşçysy Türkmenistanyň prezidentiniň ady belent baýraga mynasypdygyny tekrarlap, Aşgabatda çykýan hökümet gazeti bolan «Turkmenskaýa iskra» hat ýazypdyrlar. Bärde iki aýlap şowhun dowam etdi. Demokratik partiýadan başlap, ähli jemgyýetçilik guramalary, kärhanalar, okuw jaýlary, häkimlikler geçirlen ýygnaklarda karar kabul edip, türkmeniň beýik serdaryna Nobel baýragynyň mynasypdygyny janygyp aýtdylar, uzak ýewropa seslerini ýetirmäge çalyşdylar. Biziň ýurdumyzda gan dökülenok, agzybirlik höküm sürýär, şu zerarly-da Nyýazow Nobel baýragynyň eýesi bolaýmaly! Ol Owganystanyň demirgazyk welaýatynda iki sany garşydaş ýaragly toparyň serdarlaryny ýaraşdyrypdyr. Arkalaşyga girýän döwletleriň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda bolan maslahatynda ýarym sagat çemesi wagt Ermenistanyň prezidenti Ter-Peterosýan bilen Azerbaýjanyň prezidenti Haýdar Alyýewi öz kabinetinde ýüzbe-ýüz oturtmagy başarypdyr. Munuň üçin oňa ermeni-azerbaýjan ylalaşygynyň arhitektory diýse bolar diýip, türkmen gazetleri bada-bat ýazdylar. Nyýazowyň ylalaşdyran, ýüzbe-ýüz oturdan taraplary ertesi ýene çaknyşyklary dowam etdirýärdiler, emma bu ýakymsyz fakt barada soňra dil ýarýan ýokdy. Birden hem ýalan şowhunyň sepi açyldy, «Turkmenskaýa iskra» gazetinde çap edilen hata gol çekenleriň ikisi: biz hatymyzda Nobel baýragynyň adyny tutmasak nätjek, ony soň goşupdyrlar diýip, gahar bilen beýannama aýtdylar. Nyýazowyň Nobel baýragyna mynasypdygy hakynda Dudin, Gamzatow, Meželaýtis ýaly görnükli şahyrlaryň ady bilen türkmen metbugatynda çap edilen hatlar hem galp bolup çykdy. Dogrusy, Durdymuhammet Gurbanowyň tagallasy bilen başlanan kompaniýa prezident Nyýazowy, türkmen halkyny dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde gülküli ýagdaýda goýdy. Gurbanow prezident köşgünden kowlandan soň ganym duşmany Пkmuhаmmеt Wеlsараrowdаn ötünç soranda: «Menem Nyýazowyň abraýуny sizçe gaçyrandyryn» diýipdir. Şu ýerde Gurbanow hakykatdan hem mamla. Ol öz halkynyň hem abraýyny gaçyrdy. Şeýle degerli faktdan soňra Nyýazow töweregindäkileriň andyna, kasamyna ynanaýarmyka? Bu sowalyň jogabyny geljekde Nyýazowyň özünden eşideris diýip tama edeliň. Häzirlikçe ol kasamy doga öwrütdi. 1994-nji ýylyň 19-nji aprelinde Nyýazow ýurduň din hadymlary bilen duşuşdy. Mollalaryň razylygy bilen her töwirden, her aýatdan, her namazdan soň türkmen topragynda ýaşaýan her bir musulman bendesine aşakdaky sözleri gaýtalamak borç edildi: Eziz Türkmenistan – ata Watanym! Gurban bolsun saňa bu janym-tenim! Eger-de men saňa sähelçe şek ýetirsem, goý, meniň elim gurasyn! Eger-de men saňa dil ýetirsem, goý, meniň dilim gurasyn! Eger-de men Türkmenistan Watanyma dönüklik etsem, goý, meniň ömrüm kül bolsun! Bu kasam her gün gazetlerde berilýär, telewideniýeden, radiodan telim gezek okalýar. Ony rus diline-de terjime etdiler. Türkmenistan, Watan diýlende, elbetde, prezident Nyýazowy göz öňüne getirmeli. Onuň garşysyna ýeke söz diýseň, Watanyňa hyýanat etdigiň bolar. Emeldarlar: «Prezidentime dönüklik etsem...» diýip, özleri bu teksti artdyrýarlar. Nyýazowa-da şol gerek. Eýse, bu ýagdaý nämäniň alamaty? Elbetde, diktаturа ýykgyn edýän häkimleriň hemmesine mahsus bolan gorkynyň alamaty! ABŞ-nyň Hýuston şäherinde özüni operasiýa etdirip gelende, halyny soramaga baran redaktorlaryna Nyýazowyň aýdan sözüni ýatlalyň: «Ölenimden soň meniň portretlerimi ýyrtarlar, heýkellerimi döwerler, ýöne baýdagyma hiç zat edip bilmezler» diýipdi. Ol kalbyny çökeren gorkynyň ajy duzuny daş-töwerekden eşidilýän kasam sözleri bilen erederin öýdýändir. 2. Prezident Nyýazowyň kabul etdiren konstitusiýasynda Türkmenistanyň dünewi döwletdigi yglan edilýär, diniň döwletden aýradygy aýdylýar. Häkimligini berkitmäge zerurdyr öýden ýerinde Nyýazow konstitusiýanyň düzgünini bozmagy hiç zatça-da görenok. Din wekilleri bilen duşuşanda prezidentiň ýanynda din işlerine ýolbaşçylyk etmeli geňeş döredilip, geňeşiň başlygy wezipesine baş molla Nasrullany belledi. Başlyga, onuň orunbasarlaryna ministrleriňki bilen deň aýlyk hakyny, münmäge ýeňil maşyn berdi. Dini meselelere garamak, kadrlary bellemek gös-göni prezidentiň ygtyýarynda. Dini ýolbaşçylar hiç hili nägilelik bildirmediler. Gaýta ýokary derejeli emeldara öwrülendikleri üçin monça bolup, mähriban prezidenterine halys ýürekden taňyrýalkasyn aýtdylar, oňa kematly Alladan jan saglygyny, işinde rowaçlygyny diläp, köpüň öňünde seslerine bat berip doga okadylar. Olara tüýsüni üýtgedip, utanyp oturmagyň geregi ýokdy. Düýn kommunistik partiýanyň, sowet ideologiýasynyň kontrollygynda işläpdiler, hyzmat edipdiler, bu gün hem şol ýörelgäni dowam etdirýärdiler. Nyýazowy pygamber derejesine götermelimi – baş üstüne! Metjitlere onuň adyny dakmalymy – baş üstüne! Prezidentiň islegine görä, aýat-namazyň yzyna kasamyň sözlerini goşmalymy – baş üstüne! Hamala, dünýäde hiç hili üýtgeşiklik bolmadyk ýaly. Eger olar şeýle diýip pikir edýän bolsalar, bu olaryň asgyn tarapydyr. SSSR döwründe Türkmenistanda iki metjit işleýärdi, häzir olaryň sany 200-e golaýlap barýar. Metjitlerde ulularyň namaz-töwirinden, dini gürrüňlerden başga-da çagalara dini kitaplar öwredilýär. Hakyň ýoluna baş goşmaga, Allanyň nurundan şöhlelenmäge höwesek adamlaryň täze nesili kemala gelýär. Indi olara söweşjeň ateizme daýanýan jemgyýetçilik pikiri täsir etmez. Hakyň ýoluna ynanyp, Allanyň keramatyndan ruhy güýç alýan adam daşky zorluga aňsat boýun bolmaýar, ol meýletinlik meýilleriniň bolmagyny isleýär. Eger onuň bu islegini häkimlige doly garaşly dini hadymlar äsgermezlik eden ýagdaýynda onuň oppozisiýa geçmegi juda ähtimaldyr. Kommunistik düzgün bilen, onuň КGB ýaly organlary bilen hyzmatdaşlykda işlän din wekilleriniň etmişleri täze nesilde ýigrenç döreder. Dine häsiýetli hakyky wezipeleri ýola goýmak şol nesiliň paýyna düşer. Häzirlikçe bizi dini fundamentalizm bilen gorkuzýarlar. Siňe seredip otursaň, howp hakynda galmagal turuzýanlar aglaba ateizme wepaly, kommunistik fundamentalizmiň gullugynda ulalan adamlardyr. Häkimlik üçin, haýsydyr bir ideologiýanyň agaly üçin göreş gidýär. Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen öňki respublikalaryň arasynda ykdysady gatnaşyklar kesildi, önümçilik iňňän pese düşdi, halkyň maddy hal-ýagdaýy, gün-güzerany ýaramazlaşdy. Adamlaryň ertirki güne ynamy gaçdy. Döwletiň hossarlygyna endik edip ýaşan halk kimden daýanç gözlejegini bilenok. Ükdysadyýetiň bazar gatnaşyklarynyň, demokratiýanyň nämedigini bilmeýän garamaýak halk geçen durmuşyň gowy pursatlaryny ýatlaýar, küýseýär. Halkyň şu islegini aňan kommunistler ony ýerlikli ulanmagy başardylar, öňki respublikalaryň birnäçesinde olar demokratlary saýlawda ýeňip, ýene häkimiýet başyna dolandylar. Köpçüligiň düşen agyr ýagdaýyny ateizmiň esaslaryna daýanan döwlet gurulyşynyň eden jenaýaty hökmünde düşündirip, hakyň ýoluna salgylanmagy ündeýän topar şerigatyň kanunlaryna bil baglap, sosial deňsizligi, azgynlygy aradan aýryp boljakdygyny wagyz edýär. Bu topary yslam fundamentalizmi atlandyrýarlar. Bu fundamentalist ugurlaryň ikisi-de graždan žemgyýetini inkär edýär. Türkmenistanda entek kommunistik fundamental uguryň häkimligi dowam edýär, ýöne ol özüniň ewolýusiýanyň ýoluna düşjekdigini äşgär etmek üçin din bilen soýuz baglaşmaga-da taýýar ýaly görünýär, emma halkyň hal-ýagdaýynyň agyrlaşmagy dowam etse, dini toparyň soýuzdaşlygy inkär edäýmegi ähtimaldyr. Inkär edenlerinden soňra olar häkimligi ele geçirmäge dalaş edermikäler?.. Soňky döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýüz beren syýasy hem ykdysady ysnyşykdan ätiýaç edýän syýasatçylar türkmen dindarlaryna görelde alarlyk nusga bar diýseler gerek. 1994-nji ýylyň 21-nji iýunynda Moskwada neşir edilýän «Nezawisimaýa gazeta» beren interwýugynda Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow Eýran–Türkmenistan alýansyny graždanlyk uruşynyň bosagasyna ýetilendäki Eýran-Täjigistan alýansyna meňzetdi. Soňra Täjigistanyň başyna düşen pajygaly günleri ýatlatdy. Elbetde, biz Kerimowyň howsalasyny büs-bütin inkär etmekçi bolmaýarys, ýöne Täjigistan tragediýasynyň ýüz beren wagtyndan bäri sapak alarlyk möhletiň geçendigini, häzir dünýä jemgyýetçiliginde hatyrjemligiň ýokarydygyny, Arkalaşygyň ýurtlarynyň täze bir oduň tutaşmagyna ýol bermejekdiklerini bellesek, megerem, ýalňyşmarys. Garaz, ýokarky gürrüňe dolanyp gelsek, türkmen din wekilleri häkimlige geçmäge hyýal edäýseler-de, maksatlaryna ýeterler öýdemok. Sebäbi näme? Häzir dini toparlaryň türkmen musulman bendeleriniň öňündäki abraýlary ýabygorly. Olaryň köpüsi düýn sowet hökümeti bilen el-ele berip işläpdiler, soňra Nyýazowyň häkimiýetine gulluk etdiler, diňe hakyň ýoluna gulluk etmeli, diňe Alladan gorkmaly diýen ynanja wepalydyklaryny görkezip bilmediler. Dine mahsus ýörelgäni gyşarnyksyz berjaý etjek dindarlaryň täze nesiliniň kemala gelmegi üçin wagt gerek. Ikinji sebäp türkmen sowet adamynyň psihologiýasyna bagly. Onuň alan terbiýesine, ynanjyna salgylanyp aýtsak, ol entek Allanyň penasyndan döwletiň penasyny has golaý, has ygtybarly görýär. Onuň üçin din ikinji hatarda dur. Umuman, ýurduň abadanlygyna dalaş edýän häkim sowetler zamanyndan galan düşünjä, ynanja biparh garamaly däldir. Nyýazow esasan şol psihologiýanyň amatyna, mümkinçiligine gol ýapany üçin sowet imperiýasy döwründe-de, soňam häkimligiň başynda otyr. Emma ol bu gün şol hakykaty unudyp başlana ýa-da äsgermejek bolýana meňzeýär. Prezident bazar gatnaşygyny, hususy eýeçiligi şygar edinip, her çykyşynda türkmen baýlaryny döretjekdigini aýdýardy. Indi aýdanyny amal edip ugrady. Emeldarlaryna uly mülk ýerlerini paýlaýar, köşkler salmaklaryna amat döredýär. Olaryň baýlygynyň haram gazançdan diklenýänini, döwlet emläginiň dargadylýanyny halk köpçüligi gözi bilen görüp otyr. Iň ýamany hem, ol gallaç galyp, täze baýlara elgarama, talaban ýagdaýa düşüp barýar. Hususy eýeçilige satylýan kärhanalardan, bazarlardan olaryň jinnek ýaly-da paýy ýok. Sowet ideologiýasy olaryň aňyna döwlet emlägi durşuna halkyňkydyr diýen ýasama ynanjy guýup bilipdi, çigit ýaly zatda-da paýy bolmalydyr öýdýär. Olar indi emläk taýdan kemsidilýänine düşünýärler, emlägi döwlet ýygnanok, emläk emeldarlaryň, haramhorlaryň eline düşýär. Bu ýagdaý olarda hem adalatsyzlyga gahar, hem-de adamyň häsiýetine mahsus bolan göriplik döredýär. Nyýazowyň, onuň diktumşuk emeldarlarynyň olara «garamaýak» diýip ýüzlenmekleri olaryň has-da myrryhyny atlandyrýar. Sowet emeldarlary olara «ýoldaş» diýip ýüzlenerdiler. «Garamaýak» diýýänler hem düýnki sowet emeldarlary, ýöne olar bu gün baý synpyň wekilleri boldular, eýýäm garyby äsgermän başladylar. Baýlaryň kimdigini bolsa, ýetmiş ýylyň dowamynda bolşewikleriň ideologiýasy olara mazaly düşündiripdi. Nyýazowyň syýasaty sowet psihologiýasy bilen garpyşmaly bolsa gerek, ýogsa Nyýazowyň özi hem maksadyna ýetmekde bolşewikleriň usullaryna daýanyp iş görýär, ýöne neneňsidir bir emel bilen olaryň ideologiýasyndan ara açjak bolýar. Her usul ony ulanýanlaryň ideologiýasynyň zannyndan döreýändir. Ine, şu ýerde Nyýazow bulaşdyrýar. Oňa bu kyn meselede Makiawelliniň kömegi degermikä? Wiktor Gýugonyň ýokarda mysal getirlen sözüni ýatlaň. 1994-nji ýylyň fewralynda Moskwada neşir edilýän «Elita» žurnalyndaky berlen interwýugda habarçynyň: «Ýaşap geçen syýasy işgärleriň arasyndan siz kimi halaýarsyňyz?» diýen sowalyna Nyýazow şeýle jogap beripdi: «Ýaşap geçen syýasy işgärler hakynda aýtmaly bolsa, Uinston Çerçill maňa ýakymly. Geliň, biraz taryhy ýatlalyň. Ikinji jahan urşy döwründe Dýunkerkde iňlis goşunlary derbi-dagyn edilipdi, Britan adalaryna nemes goşunlarynyň girmegine päsgel berip biljek güýç ýokdy. Angliýa üçin şeýle pajygaly pursatda Çerçill häkimligi, şonuň bilen bilelikde-de milletiň ykbaly üçin ägirt jogapkärçiligi üstüne almaga batyrlyk edipdi. Tutanerliligi, paýhasy, syýasy intuisiýasy arkaly: bolmalymy ýa-da ölmelimi? diýen sowaly çözmegi başarypdy. Ýakasy belli antikommunist hasap edilýändigine garamazdan Çerçill Günbatarda ilkinjileriň biri bolup, geljekde parahat ýaşaljak bolsa, ylalaşyk, egilşik gözlemegiň zerurdygyna düşünen adam». Zanny kommunist Nyýazowa düýnki ganym duşmany Çerçilliň birden halar adama öwrülmegini döwrümiziň paradoksy hökmünde kabul etmek bilen, Çerçilliň başyndan inen pajyganyň Nyýazowa miýesser etmezligini Alladan diläliň. Çerçill abadanlyk üçin synpy duşmanlary bilen ylylaşyga gitmelidigine düşünip, paýhas görkezen bolsa, Nyýazowyň öňünde öz halky bilen ylalaşmak, dil tapmak wezipesi dur. Ony güýje daýanyp, zorluk bilenem, daşary ýurt firmalarynyň bähbidini öz halkyň bähbidinden ýokarda goýubam çözüp bolmaz. Ony dürli bähbidi terezä salyp, dürli garaýyşlary paýhasdan geçirip, halkyň bähbidini araýan kanunlar döredip, şol kakunlaryň öňünde hemmäniň deň jogapkärçiligini gazanyp çözse bolar. Eger bu gün häkimiň islegine görä baýlar, garyplar döreýän bolsa, ol ýurtda adalatly kanunyň işlemeýänligidir. 1994-nji ýylyň 16-njy iýunynda «Azatlyk» radiosyndan Moskwada döredilen «Türkmenistan» fondunyň prezidenti, Nyýazowyň hökümetinde öňki Daşary işler ministri bolup işlän Abdy Kulyýew bilen syýasy hem ykdysady meseleler bilen bagly söhbetdeşlik berildi. Kulyýewiň pikiriçe, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegiň birinji şerti : Türkmenistanyň her bir graždany döwlet emläginden deň derejede paýlydygyny bilmeli. Umumy emlägi dollar hasabynda deň paýlap, gymmatbaha kagyz görnüşde adamlaryň eline bermeli, şol emlägini öz islegine görä ulanmaga şert döretmeli, islese kärhanalaryň aksiýasyny alsyn, islese ýer alsyn, islese satsyn, bu onuň kanuny hukugy bolmaly. Dogrudan hem, Kulyýewiň bu teklibi berjaý edilse, sowet psihologiýasynyň esasynda döremegi ähtimal nörazylygyň öňüni almaga degerli tutaryk bolardy. Adamlar deň derejede zähmet çekip, gazanç meselesinde öz güýjüne, başarnygyna daýanar ýaly şertler döretmek zerur. Baýlar döresin, ýöne maňlaý deri, halal zähmeti bilen döresin. Şeýle ýagdaýda garyp hem närazy bolmaz. Prezident Nyýazow etraplara, welaýatlara çykanda ony garşylamagyň berk kada öwrülen düzgüni üýtgewsiz dowam etdirilýär. Ýaňy dil biten çagadan başlap, ysgyndan gaçan aksakala çenli alkyş, goşgy, aýdym aýtmaly. Aýratyn hem çagajyklaryň bolşuna haýpyň gelýär. Olar ýat tutdurylan setirleriň manysyna-da düşünenoklar, hersi öz aýtmaly topbagyny öwredilişi ýaly gygyryp aýdýar, bolandan soňam gapdalda duran beýemçä hantamalyk bilen garaýar, onuň süýji bormy, köke bormy, garaz, bir zat bererine garaşýar. Sirkdäki oýna ram etdirlen haýwanlar ýadyňa düşýär. Oýny uludan gurnan ýerli häkim beýik serdarynyň hoşallygyny eşitmek isleýär. Ýarym sagatlap özüni Güne, Aýa, Pygambere deňelip, ýörite düzülen waspnamany çagalaryň dilinden eşidip, lezzet alan serdar nesilleriň ruhy dünýäsinde hemişelik galjakdygyna ynanyp, agraslanýar, aýagynyň aşagyndaky kiçijek gullarynyň başyny sypaýar. Maşynyna çenli ýazlan haly düşekden ädim äden dessine olary unudýar, ýöne beýik serdarlaryny garşylandygyny olar ömür boýy unutmaz ýaly bolandyrlar. Ýaş nesiliň aňyna öçmejek tagma basmak serdarlaryň edähedi. Olara nähili ýaşap, nähili ynanja gulluk etmelidigini ram etdirmek serdaryň baş wezipesi. Olar serdara diňe gulak asmaly, öwredilen sözi gaýtalamaly, serdara sowal bermek, pikir aýtmak olara ýaraşmaz. Duşuşyklarda, maslahatlarda diňe serdar sözlesin! «Agzy gyşygam bolsa, baý ogly gürlesin» diýip, türkmen aýdypdyr-a! Serdar halkyny şunuň ýaly akylly sözleri üçin gowy görýär. Gördüňmi, halk görgüliň akyly gözündedir! Beýle paýhasly sözler tapan halkyna söýgüsiniň, hormatynyň çäksizdigini Nyýazow häli-şindi aýdýar: «Türkmen halky sabyrly, çadamly halkdyr, neneňsi kynçylyk başyna düşse-de ejizlemeli, nägile bolmaly däldir» diýýär. Ýetmiş ýylyň nogsanlyklary üçin sowet imperiýasyna diş-dyrnak hyzmat eden býurokratik apparatyň wekillerinden geçmiş üçin hasabat soramakdan-a geçen, gaýta olaryň baştutany Nyýazowyň eden-etdiligine çydap oturan halka, elbetde, täzelenen serdar guwanmaly bolar. Alagadan, serdarlyk mertebesini halkyň mertebesinden belentde goýmaga dalaş edýän serdar halka guwanmagy özüne kiçilik bilen ýagdaýda nätmeli bolar? Ýene şol halk: «Nätmeden hudaý saklasyn!» diýýär. Şeýle-de edýäris. Bize demokratiýa-da derkar däl ekeni, biz prezidentiň saýlan ýoluny aklajak bolup, taryhyň gatyndan, onuň tejribesinden islegimize kybapdaş täsin faktlary tapmaga-da türgenleşip barýarys. Munuň şeýledigini ýazgymyzyň dowamynda getirlen köpsanly mysal hem subut edýändir. Bu işde aýratyn hem türkmen ýazyjylarynyň işeňňirligini bellese bolar. Soňky mysal: «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1994-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykan sanynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Çary Aşyrow bilen Allaberdi Haýydow «Abadançylyga barýan ýoly görübilmedigiň gözi çyksyn» diýen sözbaşy bilen žurnalist, ýazyjy Akmuhammet Welsaparowa ýazan açyk hatlaryny çap edipdirler. Olar şeýle ýazýarlar: «Siz başga hiliräk demokratiýa, ýagny häkimiýetiň, prezidentiň hukuklaryny çäklendirýän ortodoksal demokratiýany arzuw edýärsiňiz. Ortodoksal demokratiýanyň ykdysady taýdan ösmäge päsgel berýändigini ortodoksal demokratiýanyň kanunlary boýunça ýaşaýan ýurtlaryň ykdysadyýetçileri bireýýäm subut etdiler. Ine, bir mysal, ABŞ-da «Biznes uik» («Gazanç hepdeligi») diýen gazet bar... Meşhur amerikan ykdysadyýetçisi Karen Pennaryň «Demokratiýa ykdysady ösüşe goltgy berýärmi?» diýen makalasy hem şu agzalan gazetde çap edilipdir... Şol makaladan sitata: «Hindistan demokratik düzgünde ýaşan wagtynda, bir duran ýerinde durdy, emma Çili we Günorta Koreýa (ikisi hem soňky wagtlara çeni diktatura) üstünlik gazandylar. Bu günlerde kapitalizm demokratiýanyň (ortodoksal demokratiýa diýip düşün – Ç.A, A.H.) ýok ýerinde gülleýär, kommunistik Hytaýyň çalt ösüşi subut edýär. Demokratiýa öňdebaryjy industrial ýurtlaryň ykdysady ösüşine hem kepil bolup bilenok. Olaryň köpüsiniň ykdysadyýeti ýa aşak düşýär, ýa haýal ýokary galýar. Demokratik ýurtlaryň hökümetleri bolsa, (Italiýadan başlap, ýaponiýa çenli) dawadan ejir çekýärler, ýurduň ykdysadyýetini ösdürip bilenoklar.» Bu sitatadan soňra hormatly ýazyjylarymyz demokratiýa daýanmaýan Türkmenistanyň ykdysady taýdan «pajarlap ösüşini» görgüsiýaman Italiýa bilen ýaponiýa görelde almaly nusga hökmünde görkezerler öýdüp tama etdim, ýöne totalitar düzgünde halys beýnisi bekäp giden ýazyjylardan meniň bu tamam çykmady. Olaryň soňky gelen netijesi şeýle: «Eger günbatar ýurtlaryň ortodoksal demokratiýasyny Arap-Afrika ýurtlaryna geçirmek gerek däl bolsa, Ony Türkmenistana hem geçirmek gerek däl, çünki biz hem bu hili demokratiýa üçin ykdysady we psihologik taýdan taýyn däl.» Olar «ykdysady we psihologik taýdan taýyn däl» diýmek bilen, biz entek yzagalak diýjek boldularmyka? Olar düýn sowet ýazyjylary hökmünde Sowet Türkmenistanyny öňdebaryjy ýurt hasap edýärdiler, şu ynanç, şu psihologiýa bilen ýaşaýardylar. Näme üçin SSSR-iň dargamagy bilen Türkmenistan birden yzagalak bolaýypdyr? Eger şeýle ynanja gulluk edýän bolsalar, birdenkä olary garaşsyz Türkmenistany äsgermezlikde aýyplan tapylaýmasyn? Gowusy, ykdysadyýetiň çylşyrymly problemalaryny seljermegi bu ugurdan başy çykýan adamlara goýup, sosialistik realizmiň galypa salan taýýar sýužetleri boýunça küti-küti romanlar ýazmaklaryny dowam etdirseler olara amatly bolardy diýen pikir kellä gelýär. Türkmen sowet edebiýaty entek durmuş ýoluny gutaranok, onuň näme sebäbe gutarmaýanyny kitabyň dowamynda düşündiren bolsam gerek. Аkmuhаmmеt Welsараrow Türkmenistanda demokratiýanyň iň ýönekeýje ugurlarynyň hem ýok edilendigini ýazýar, siz bolsa, hormatly ýazyjylar, Nyýazowyň tоtalitаr režimini aklajak bolup, oňly baş çykarmazdan haýsydyr bir teoriýalara burnuňyzy sokup ýörsüňiz. Siz durmuşa serediň-ä, sowet sistemasynyň çägindäki demokratiýa-da bu gün biziň arzuwymyza öwrüldi. Eger siz ýa-da başga biri Wеlsараrowyň pikirini goldap, siziň çykyş eden gazetiňize makala elten bolsady, asla çap edilmezdi, beýleki gazetler-de çap etmezdi. Eger çap edäýsediler, demokratiýanyň ýönekeýje ugurlaryndan hem mahrum bolduk diýilmezdi. Size ýene bir belligim: siz tоtalitаr hem awtoritar häkimligiň tapawudyna göwnejaý göz ýetirmeýän bolarly. Eger şony bilip-de Türkmenistanda ýüz berýän hadysalardan oňyn netije çykarmaga ukybyňyz hem ynsabyňyz çatsady, siz «awtoritar» sözüni aradan aýyrmaly bolardyňyz. Bu ýerde diňe «diktаturа» diýen söze orun galýar. Soňky mahalda ýurtda ykdysady ýagdaýyň juda peselýändigi üçin «beýik serdar» diýlen Nyýazow öz halkyna igenip başlady, «jan çekip işlemeýärsiňiz» diýýär. Tükmenistana gelen türkleriň işleýişini nusga alarlyk diýip, öwran-öwran gaýtalaýar, ýöne türk işçisi bilen türkmen işçisiniň gazanç etmekde mümkinçilikleriniň juda parhlydygyny aýtmakdan welin, saklanýar. Real dollar hasabyndan alsak, türk işçisiniň bir günlük hakyny türkmen görgüli bäş aýda gazanyp biläýse boldugy. Garaşsyz Türkmenistanyň işçisi öz ýurdunda daşary ýurtly işçileriň elinde birki dollara talaban durmaga mejbur edildi. Belki, biziň hormatly ýazyjylarymyz talabançylyk edýäne demokratiýanyň nämä derkary bar, gowusy, gara bokurdagyň gaýgysyny etsin diýendirler, ertir tutuş halkyň talabana öwrüljegini aňýan däldirler? Ýaşuly ýazyjylaryň ikisi hem düýn kommunist adyny buýsanç bilen göteren adamlar. Eger olar düýnki ynançlaryna sähelçe sarpa goýýan bolsalar, olara bir zat diýmekçi: SSSR döwründe türkmen halky beýle bir kemsidiji hala düşmändi. Dogry, sowetler zamanynda Aşgabatda bäş ýyldyzly anjaýyn oteller ýokdy. Olar Türkmenistana garaşsyzlyk miýesser edenden soň salyndy. Kisesi dollardan doly daşary ýurtlylaryň ýaşaýan bu myhmanhanalarynda ýaş türkmen zenanlary dollara tenini satýarlar, emma beýle masgaraçylyk sowetler döwründe biziň respublikamyza düýbünden ýatdy. Bu ýagdaýyň ýüze çykmagy bilen bagly bildirilýän närazylyga prezident Nyýazow Nebitdagyň aýeroportynda çürt-kesik jogap berdi. Eger daşary ýurtlylar pul berip, biziň gyzlarymyz bilen zyna işlere baş goşýan bolsalar, bu ýerde olary günälendirip oturmaň, günä gyzlarymyzda, «ganjyk guýruk bulamasa, köpek yzyna düşmez» diýip, öz ata-babalarymyz aýdyp gidipdirler diýdi. Näme sebäbe biziň gyzlarymyzyň «guýruk bulaýan ganjyk» hala ýetendikleri serdary gyzyklandyryp durmaýan bolarly. Men 1994-nji ýylyň iýul aýynda Mary welaýatynda boldum, toý-tomga, ýasa bardym. Kolhozlaryň ekin meýdanlaryna aýlandym, «garamaýak» atlandyrylýan halkyň gep-gürrüňine gulak asdym, gaýgyly oýlara batdym. Halk agyr ýagdaýyndan aç-açan zeýrenýär, ýöne toplanyşyp, arz edip, häkimleriň gapysyna barmakdan saklanýar. Olar protestiň has aýylganç ýoluny saýlap aljaga meňzeýärler. Hiç kimiň işläsi gelenok, işläniň bilen hem beýläňe düşýän zat ýok, işlejek däl, goý, döwletiň gurby çatýan bolsa, meni idetsin diýýärler. Hasylyň ýarpysy ýygnalan badyna häkimler plan doly diýip raport berýärler, beribersinler, kagyz bilen ýurdy baýadyp bolýan bolsa, baýadawersinler diýdiler. Beýle jähennemçilik meni gorkuzdy. Öz ýanymdan bu hadysany prezident nähili düşündirerkä diýip pikir etdim. Bir mahal ol: «Türkmen halky işlemän ýatanda-da baý ýaşar ýaly Alla bize tebigi baýlyk beripdir» diýipdi. Ýene şol sözüni gaýtalarmyka? SSSR-iň dargamagy bilen serhet gorawsyz galdy diýse boljak. Owganystandan, Eýrandan aşyrylýan neşe maddalary türkmeniň başyndan gara bela bolup indi. Ýaşlaryň neşe çekişlerinden haýygyp, maňlaýyny tutup, bialaçdyklaryndan nalap oturan ýaşulylara ýygy-ýygydan duşýaryn. Gynansak-da, men olary ýaşulylaryň dabara bilen geçirilýän maslahatlarynda göremok, görerin hem öýdemok. Oňa derek halkyň ahy-nalasyny eşidýärin. Entek nala zeýrenç görnüşde ýüze çykýar. Kalbyna gorky çöken adamlar kimiň ýanynda zeýrenmelidigini seljerýän ýaly ätiýaçly gürläp, töwerek-daşyna esewan bolýarlar. Zeýrenmeseler ýürekleri ýarylyp barýar. Dömýän ýara bişdigiçe gijeýändir, ýaranyň töweregini gaşadygyňça gaşasyň geler, ýüzüni dyrmap, ýaryp, özenini sogrup alasyň gelýändir. Hassahananyň wraçy zeýrenýär, agzyndan çabyrap ýalyn çykýar. Derman tapmaýan bendeler hassa çaga hemaýat bolsun diýip, tirek berýärler. Nerese çagajyklaryň arasynda neşäniň melullygyndan açylman ölýänleri köpelýär. Ýa-da, dermanhanada satylmaly dermany bazardan otuz-kyrk esse gymmadyna alan görgüliler ony saklamagyň uguryny tapman, derde şypa bolmaly melhemiň awy-zerzawa öwrülenini bilmän galýarlar. Däri-dermanyň ýetmeýändigi sebäpli, hatda Aşgabadyň merkezi hassahanalarynda-da operasiýalar bes edildi. Ýöne syrkawlara derman ýok diýip, boýun almak gadagan. Uly emeldardan gelen sargyda görä, bahana gözlemeli, aldawa ýüz urmaly. Hakykyt aýdylsa, garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar durmuşy hakyndaky dabaralara şübhe dörär öýdýärler. Wah, kimi aldadarys öýdýärsiňiz?! Türkmeniň tohum-tijine, başgaça aýtsak, genefonduna talaň salynýar. Neşe meselesinde SSSR döwründe-de Türkmenistanda problema ýitidi, ýöne häzirki başagidenlik bolupdy diýmäge hiç kesiň dili barmaz. Eger häzirki haram gazanç, talaňçylyk, jelepçilik, neşe babatda ýüz beren erkinlige garaşsyzlygyň alamaty diiýp düşüniljek bolsa, beýle garaşsyzlygyň ýüzüne köz degsin! Sowetler zamanyndaky maddy hal-ýagdaýyny ýatlap: «Asyl, kommunizmde ýaşan ekenik, bilmändirisem!» diýip, bu gün baş ýaýkaýan halkyň çydamy bimöçbermikä? Ol özüniň garamaýaklygy, gul ýagdaýy bilen uzak ylalaşyp gezermikä? Ülalaşmasa nätsin?! diýýänlerem tapylýar. Bir adam ýa-da bir topar adam babatda «nätsin!» diýen sözi ulansa bolar, emma tutuş halkyň möçberinde beýle alaçsyzlyga gol ýapmak özüňdäki alaçsyzlygy halkyň adyna ýöňkemek bolaýmasyn? Garaz, bu sowalyň jogabyny geljege goýalyň. Nurmuhammet Andalybyň «Ýusup-Züleýha» dessanynda ýedi ýyllap aýylganç gurakçylyga uçuran Müsüriň ilaty soňabaka bokurdakdan ötürere zat tapanok. Aç halka wagtal-wagtal ýusubyň ajaýyp jemalyna garamaga rugsat berilýär. Gözellikden gözi doýan halk açlygy unudýan ekeni. Elbetde, agyr meseleleriň aňsat çözgüdi dessanlara, ertekilere mahsus. Bu gün döwlet meselesini çözmeli emeldarlarymyzyň bolşy has kyn pursatda çadyly çözgüde bil baglajaga meňzeýär. Ertekide ýaşamaýandyklaryna olaryň çaltrak düşünmekleri gerek. Nikkolo Makiawelli döwletiň häkimi hakynda şeýle pikir aýdýar: «Häkim ýolbars bilen bilen tilkä meňzejek bolmalydyr. Ýolbars gapandan gorkýar, tilki bolsa, möjekden gorkýar. Şeýlelikde, gapandan sowlup geçmek üçin tilki ýaly bolmaly, möjekleri gorkuzmak üçinem ýolbars ýaly bolmaly. Hemişe ýolbarsa meňzejek bolýan kişiniň gapany görmezligi ähtimaldyr. Şulardan çen tutup aýtmaly bolsa, paýhasly häkim beren wadasyna wepaly boljak bolup ýapyşyp ýatmaly däldir. Olar seniň bähbidiňe zeper ýetirýän bolsa, wada bermäge mejbur eden sebäpler aradan aýrylan dessine olardan ýüz öwürse bolar». Belki, Nyýazow Makiawelliniň şu maslahatyna eýerip, üç ýyldan bäri öz raýatlaryna berip gelýän wadalaryny berjaý etmekden aňsatlyk bilen ýüz öwürýändir? Eger şeýle bolsa, biz oňa bir hakykaty ýatlatmakçy: ony wada bermäge mejbur eden sebäpleriň ýekesi-de aradan aýrylanok, gaýta barha ýitileşýär. Şolar ýitileşdigiçe gapan gurmaga mejbur boljaklaryň tapyljagy jedelsizdir. Bu mahala çenli gapana «garamaýak» diýilýän halk düşüp gelen bolsa, indi gezek häkimiňki bolsun gerek. Häkimi tilki sapalagy halas edermikä?! SOŇY. Mart, 1992 – Iýul, 1994-nji ýyllar. • SÖZSOŇY Hormatly okyjy, şu kitaby gutardym edip, golýazmany beýläme goýan pursatymdan bäri 12 ýyl geçipdir. Golýazmamy kompýuterden geçirip goýmagy makul bildim, ony gaýtadan dykgat bilen okap çykdym. Bu golýazmanyň indi geregi bir barmy diýen sowal menden jogap talap etdi. Elbetde, ara düşen ýyllaryň dowamynda dünýäde, şol sanda, Türkmenistanda-da birgiden zat özgerdi. Türkmenistan babatdaky özgermeler halkyň peýdasyna boldy diýip biljek däl. Ýagdaýy gözüň bilen görüp, gerdeniň bilen çekip ýörsüň. Her neneň bolanda-da, biz garaşsyzlygyny jar etmeli bolan Türkmenistanyň ilkinji ýyllardaky syýasatyny içgin öwrenmeli bolarys. Soňky ýyllaryň gözilginç pajygasynyň şol ýyllardan ugur alyp gaýdýanyny bilmelidiris. Wagtyň netijesi hemişe biziň pikir edişimizçe bolmaýar. Biziň käbir oňynlyga umyt baglan çaklamamyz ýerine düşmedi, onuň tersine, ätiýaç eden nogsanlyklarymyz has-da rowaçlandy. Bu ýagdaý döwrüň taryhyna öz öçmejek möhürini basdy. Türkmen intelligensiýasy diýlen toparyň şol ýyllardaky özüni alyp baryşyny öwrenmeli bolanda, janly şaýat bolanym üçin, bu kitabymyň belli bir derejede gymmatynyň boljakdygyna ynanýaryn. Döwür köp babatda meniň mamla bolandygymy-da, umyt etmekde käbir halatda ýerliksiz optimizme gol ýapandygymy-da aýdyň etdi. Nätjek, biz şeýledik-dä! Indi ony düzlejek bolmagyň derkary ýok, eger şeýle etsem, meniň taryhy hakykata, öz wyždanyma hyýanat etdigim bolardy. Bu kitap döwrüň belli bir çägindäki wakalara meniň garaýyşym, soňky ýyllar bilen bagly pikirlerimi soňky eserlerimden, ýazgylarymdan taparsyňyz. Men entegem kitabyň haçan saňa gowuşjagyny aýdyp biljek däl, durgunlyga sezewar edilen häzirki ýagdaý umyda ýol bermeýär, ýöne döwrüň ahyr bir zaman üýtgejekdigi welin, belli. Kitap haçan gowşanda-da meniň bil baglan ynamym aradan aýrylmaýar. Tirkiş JUMAGELDI. 23-nji sentýabr, 2006-njy ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |