12:09 Biz kim ekenik: Gorky nireden başlanýardy? | |
GORKY NIREDEN BAŞLANÝARDY?
(Тerjimehalymdan mysallar) 1. Biziň kolhozymyzyň «Synpy göreş» diýen ady bardy. Meniň önüp-ösen obam orta asyrda ylmyň hem medeniýetiň gündogardaky merkezleriniň biri bolan Merwi häzirki Eýran bilen birleşdirýän ýoluň ugrunda ýerleşýär. Gapdalynda gydymy Dendenakan-Daşrabat ýatyr. Bu ýerde 1040-nji ýylyň maý aýynda gündogary sarsdyran söweş bäş güne çekýär. Bir tarapda Gaznawy soltany Masut, beýleki tarapda seljuk türkmenleriniň serdarlary Çagry beg bilen Togrul beg. Seljuklaryň şonda gazanan ýeňşinden soň Horasanyň üstünden olaryň häkimligi berkarar bolýar. Biz öz taryhymyzdan bihabardyk. Gadym zamanda obamyzyň häzirki ýerinde meşhur kerwensaraý bolupdyr, onda danalar Ibn Sina, Omar Haýýam, Biruny düşläp geçipdir. Men bu adamlaryň atlaryny soň, uniwersitetde okap ýörkäm eşitdim. Mekdepde okaýarkak türkmende Durdygylyçdan, Ata Salyhdan belent şahyr bardyr öýtmezdik. Olaryň adamzadyň «howandarlary» Lenini, Stalini wasp edýän goşgularyny ürç edip ýat beklärdik. «Synpy göreş» kolhozynda göterýän adyna mynasyp adamlar zähmet çekýärler diýip gazetler ýazardylar. Döwlet öňündäki planlaryň artygy bilen berjaý edilmegini synpy düşünjeliligiň iňňän ýokarylygy bilen düşündirerdiler. Uruş gutaran ýylynyň güýzünde meniň kakam Jumageldi Baky ogly 45 ýaşyndaka uzaga çeken öýken keseli zerarly aradan çykdy. Ondan bary-ýogy üç-dört surat galypdyr. Başy silkme telpekli, egni güpbi donly, ýüzüni ýygyrt basan kakamyň ýadaw keşbinden häzirki 70-80 ýaşly gojalaryň sypatyny görýärin, suratyň alnan mahaly ol 42 ýaşynda ekeni. Uruş ýyllary ol kolhozyň başlygydy. Çalasowat daýhanyň uly kolhoza başlyk saýlanmagy şol döwür üçin geň bolmasa-da, agyr derde ýolugan syrkaw adamy fronta ýollap bolmajagy, obada has netijeli işläp biljegi degerli delilleriň biri bolan bolsa gerek. Bäş-alty ýaşly çagakam edil surat kimin hakydamda galan epizody göz öňüme getirýän. Tamymyzyň uly otagynyň töründe şäherden «lökgeli», ýagny, ýeňil maşynly gelen adamlar çaý içip otyr. Gara pejiň aňyrsynda kakam namaz okap dur. Soň-soňlar şol döwrüň ýagdaýlary bilen içgin tanyşdygymça bu görnüşiň täsin bir hakykatdygyna geň galýardym. Kolhoz başlygynyň namaz okamagyna, onda-da öz ýanlarynda okamagyna ýolbaşçylar neneňsi çydam etdilerkä? Kakamyň partiýa agzasy däldigi, kolhozda işleriň göwnejaý barýandygy, belki, olaryň geçirimligine, rehimli bolmaklaryna sebäp bolandyr? Şu güne çenli obamyzyň adamlaryndan kakam bilen bagly diňe minnetdarlyk sözlerini eşidip gelýärin. Oturlyşyk bolan ýerde ýaşulylar urşuň agyr ýyllary uly obadan ýeke adamyň açlykdan ölmändigini, ejize ganymlyga asla ýol berilmändigini, buýsanç bilen tekrarlap, soňra kakamyň daýhançylygyndan, adamçylygyndan söz açardylar. Olary diňläp oturşyma 70 ýaşly gojanyň keşbindäki 42 ýaşly kakamy göz öňüne getirýärdim. Obada asudalygy saklamagy, raýondan gelýän dyzmaç organ işgärlerini garamaýak kolhozçynyň bosagasyndan goýbermezligi kakamyň neneňsi hupbat bilen başarandygyny ejem pakyr gürrüň bererdi. Belki, ölümiň golaýdygy käbir ýerde jähennem diýip gorkynyň garşysyna durmaga oňa hemaýat berendir, ýöne döwrüň tutuş süňňüne ornan gorkydan, ätiýaçdan kakamyň hem halas däl bolmandygyna düşünýärin. Gorkydan Staliniň özem halas däldi. Häkimleriň was-wasylyndan döreýän gorky Staliniň kalbynda aýylganç şübhe keseline öwrülip, bütin ýurtdan, dünýäden duşman gözlemegiň seri sag adama gülkünç görünjek usullaryna çenli baryp ýetipdi. Emma ähliumumy gorky gülküni aradan aýyrýardy. Eýse, däliniň bolşuny däli gülýärmi? Gorky jemgyýeti, adamlary däliligiň hetdine ýetiripdi, ony geň görýän ýokdy, ol adaty durmuş kadasydy. Iň bir ýönekeýje mysal. Oglankak akar ýaba suwa düşerdik. Birdenkä alysdan kolhoz başlygynyň maşyny görnäýse, dyr-pytrak bolup çöpe siňerdik. Ol güzere tarap seretmän geçer giderdi. Gündiz obada gezip ýören adam başlygyň gözüne görünmeli däldi, ulularyň gorusy çagalara-da geçýärdi. 2. Bäbekkäk mahalynda ýatmajak bolsak, enelerimiz: «Ýatmasaň galtamana berip goýbererin» diýip, gorkuzar ekeniler. Anygyna ýetip otursak, olaryň galtaman diýýäni soňra biziň ürç edip ýazan taryhy-rewoýusion eserleimiziň hemişelik otrisatel gahrymanlary bolan basmaçylar bolup çykdy. Juda aglak çagalary tirek bilen meýmirederdiler. Pylany iki ýaşynda tiregini goýandyr diýip degişýärdiler. Şol hakykatdy. Obadaky tebip aýal iç keseline duçar bolan çagalara galapyn bir diagnoz goýardy: göbegi çözülipdir. Çözlen göbegi düwýän şekilde garnymyzdan basyp dyzaýyşy, gaýdyp içimiz agyrsa-da, juda eňkamdan gidäýmesek duýdurman çydap gezmäge mejbur edýärdi. Kesel babatda diagnozymyzyň umumy bolşy ýaly, durmuş diagnozymyzym bir meňzeşdi : «bagtlydyk». Urşuň gutaran ýyly mekdebe bardym, «bagt» diýen sözi şonda eşidipdim. Mugallymlarymyz: «Siz bagtly zamanyň çagalary, bu bagty size beýik Stalin berdi» diýerdiler. Bu sözler çaga kalbymyza jaýdar ornaşdy, Staliniň ady hudaýyň ornunda tutulýan ekeni. Alla sözüni dile almaklygy garrylyga mahsus alamatdyr öýderdik. Garaz, biz uçdantutma bagtly adamlar bolsak nätjek! Okuw kitabymyzda: « Kowduk ganym baýlary, saldyk täze jaýlary» diýen setir bilen başlanýan goşgy bardy, ony ýat beklemelidi. Uly obamyzdaky daşy agardylan ýeke-täk mekdep jaýy wasp edilýän täze jaýlaryň takyk nusgasydy. Ol ýekedi, hemmäniň gözüne ilýärdi. Hojalyklar ol mahal aglaba gara öýlerde gün görýärdiler. Häli-şindi küküräp gelýän gara ýelden gorkýardyk, ol süňňi gowşan öýleri ýykar giderdi. Biz baý-feodallaryň, nemes faşistleriniň zulumy astynda ýaşamaýandygymyz üçin özümizi azat adamlar diýip bilýärdik. Azatlyk diýen düşünjäniň ýaşaýyşyň başga ugurlaryna degişli bolup biljekdigi barada oýlanmandyrys, onuň nämedigini bilmeseň nähili oýlanarsyň? Oglankak aýda bir-iki gezek obamyza kino getirerdiler. Filmler rus dilinde bolany üçin düşünmezdik. Düşünmesek hem filmdäkileri öz ýanymyzdan iki topara: «baý-garyplar», ýa-da «nemisler-biziňkiler» diýip bölerdik. Soň- soňlar şol filmleriň käbirini görüp, maşgala dawasyna gatnaşýan är-aýaly-da biz synp boýunça bölendigimizi bilip galdyk, ýöne ökünip oturmadyk, sebäbi, ulalsak hem biziň dünýä garaýyşymyz mizemez synpylyk esasda dowam edýärdi. Şoňa ygrarly, şoňa kybapdaş ertekä çalymdaş ýazyp bilýän ýazyjylarymyza guwanýardyk. Pagta meýdanynda ir säherden garaňky düşýänçä dowam edýän surnukdyryjy zähmetiň «ajaýyp miwesi» gara bokurdagyňa ýetse, her kim kaýyldy, gaýta açlykdan ölmeýändigimiz üçin beýik serdara minnetdarlygymyzy bildirip, syýasy taýdan düşünjämiziň ýokarydygyndan kanagat tapýardyk. Siz kollektiw hojalygyň agzasydygyňyza guwanyň diýerdiler. Bu bagty göterip bilmedik adamyň kolhozdan güm edilip kowulmagy bolýan ýagdaýdy. Kolhozdan kowlanyň dat gününe! Sähel gazanjyň bolsa, döwlet zaýomyna çalşyp alar giderdiler, kime dadyň ýetsin! Mähriban sosialistik döwletiňi ösdürmäge gara zähmetiňi rowa görmejekmi sen! Bu bagt üçin millionlap adam şirin janyny gurban etdi. Sen gara şaýyňy gynanman, gaýta minnetdarlyk duýgusy bilen bagş etmeli! Hawa-da, talanýanyň-a bir, üstesine-de minnetdar bolmaly. Tomus mahaly mellegindäki iki joýa üzümini suwarany üçin kolhozdan kowlan ýa-da maşgalasynyň tutuş aýlyk haky kesilen hojalyklar bolýardy. Kolhozdan kowlan günüň mellegiňi tabşyryp, öýüňi ýygnamalysyň. Onsuzam, mellek üçin, ondaky her düýp agaç üçin birgiden salgyt tölenýärdi. Salgyt ýygnaýan finagentiň, mellegiňe suw berilýärmi, ýokmy, bu zatlar bilen işi ýokdur. Ony git-de kolhozyň başlygy bilen çözüş! O-how, kolhozyň başlygynyň razylygy bolmasa, toý tutup bolýarmydy diý! Onuň rugsady bolmasa, okuwa-da gidip bolmazdy. Onuň ýalkany ýaz, gargany gyş. Kolhozyň ustawyna ýazlan hukugyňy mazamlajak bolup gör, mellegiň eliňden gider. Okuwçy ogluň ýa gyzyň okuwdan soň ekin meýdanyna işe gijä galyp geldi diýip, brigadir onuň ene-atasyny kowar goýbererdi, etjek alajyň bolmaz. Ine, şunuň ýaly «bagtly» durmuşymyzy wasp edýän sözleri gije-gündiz eşidenem, okanam bolsak, olaryň çyndygyny hakyky durmuşymyz bilen deňeşdirip görmek ýadamlaryň hakydasyna-da gelmezdi. Baýlar döwründäki ýagdaý juda aýylganç bolupdyr diýen ynanç kalbymyza şujagaz günüňe şükür et diýen pikiriň ymykly ornamagyna getiripdi. 3. Ýalňyşmaýan bolsam, elli birinji ýylda «Synpy göreş» kolhozyna Aşgabatdan «uly adam» geldi. Men altynjy klasda okaýardym. Obanyň ortasyna kolhozçylary, ýediýyllyk mekdebiň mugallymlaryny, okuwçylaryny ýygnadylar. Aýagy ýalpyldap duran ädikli, galife balakly, başy sugry gulakjyn telpekli, egnine iňňeden çykma kitel geýen «uly adamyň» keşbi göz öňümde surat bolup galypdyr. Onuň ady hakydamdan çykanok. Babagarry Baýramow diýdiler. Ol «Gorkut ata» eposyny kitap edip halka ýaýratmaga synanyşyk eden adamlara gargady. Olary buržuaz milletçilikde, sowet häkimiýetini ýigrenýän, ony ýykmakdan ötri, halkara pantürkistleriniň buýrugyna görä iş gören garakçylar hökmünde aýyplady, olary düýp-teýkary bilen ýok etmäge çagyrdy. Ol öňünde ýatan kagyza gaýta-gaýta seredýärdi. Ýygnanan mähelläniň «Gorkut atadanam», ony ile ýaýratjak bolanlardanam habary ýokdy. Uzak Aşgabatdan ýörite gelen adamyň, hamala, jenaýatkärleriň ykbaly oturanlara bagly ýaly janygyp gürlemegi, indi seredip otursaň gülkünç hem bolsa, ol mahal hiç kimiň geňirgenmändigi açykdy. Partiýanyň, hökümetiň adyndan gelen adamyň agzyndan diňe hakykat eşidilmelidi, onuň sözüne şübhe bolmaly däldi. Bu ynama öňi bilen gelen adamyň özi buýsanýardy. Halk duşmanlary eýýäm türmede suduň hökümine garaşyp otyrdylar. Olaryň ykbalyna oba adamlarynyň hiç hili täsiriniň bolup bilmejekdigine «uly adamyň» düşünýändigi açyk. Maksat başgady, köpçüligiň, halkyň kalbyna gorky salmalydy. Şol gorky biziň neslimiziň emer-damaryna siňdi. 4. Uniwersitetiň filologiýa fakultetiniň ikinji kursunda okap ýörkäm, edebiýat kafedrasynyň müdiri, SSSR ýazyjylar soýuzynyň çleni, dosent Ruhy Alyýew şahyr Boris Pasternagy näletläp, tutuş bir sagat çykyş etdi. Biz Pasternagyň kimdiginem, Nobel baýragyň nämediginem, baýrak berlen «Doktor Žiwago» romanynam bilmeýärdik. Alyýew Pasternagy tanaýandygyny, onuň hiç mahalam partiýanyň beýik ideýalaryna wepa bermändigini, imperialistleriň islegine görä iş görüp, olaryň göwnünden turaýjak eserler döredip gelendigini, ady tutulan romanyň muňa degerli delildigini aýratyn bir gahar bilen aýtdy. Biz oňa ynanýardyk, sebäbi Alyýew birnäçe ýyl Türkmenistanyň ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň jogapkär sekretary bolup işläpdir. Özüniň ýakyn dostlary hökmünde şol döwrüň görnükli sowet ýazyjylary Pawlenkonyň, Leonowyň, Lugawskoýyň, Samet Wurgunyň, Tihonowyň atlaryny tutmagy dereje bilýärdi. Men onuň şol mahal «Doktor Žiwago» romanyny asla görmändigini soň bilip galdym, emma ol bu eseri, hamala, üns bilen okap çykan adam hökmünde, ony sowet jemgyýetine şyltak atmakda henize çenli görlüp-eşidilmedik nusga görnüşde häsiýetlendiripdi. Pasternagyň sowet halkynyň gazabyna duçar bolandygyny, studentleriň onuň öýüni daşlandyklaryny guwanç bilen habar berip, bu zeýilli adamlaryň täleýiniň hemişe şumluk bilen gutarjakdygyny duýdurdy. Indi seredip otursam, obamyza baran «uly adam» bilen uniwersitetiň kafedra müdiriniň äheňinde birjik hem tapawut ýokdy. Gyzykly ýeri, olaryň ikisi-de näletleýän eserlerini okamandyrlar. Olaryň delili umumydy, gargyşlary biziň dünýä garaýyşymyzy emele getiren ak hem gara reňkden ugur alýardy. Gürrüňi edilýän zatdan diňleýijileriň büs-bütin bihabardygy olara ynam, artykmaçlyk berýärdi, emelsizdiklerini köpçülikden ýaşyrýardy. Haýsydyr bir toparyň töwereginde galdyrylýan şowhunly ideologiýa göreşi her dört-bäş ýyldan gaýtalanyp durýardy. 5. Altmyşynjy ýyllaryň başynda modernistleriň hem abstraksionistleriň garşysyna Moskwada Hruşewiň başlan ideýa göreşi bilen baglylykda respublikanyň ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi ýörite plenum geçiripdi. Men oňa ýaş ýazyjy hökmünde gatnaşypdym. Ruhy Alyýewe söz beripdiler. Synpy göreşiň ýörelgesine ýugurlan şol bir häsiýetdäki aýyplamalar täze adam atlarynyň, ýagny, Neizwestniniň, ýewtuşenkonyň, Woznesenskiniň töwereginde aýlanýardy. Zaldan kimdir biriniň oratora oklan sözi ýadyma düşýär: «Türkmen ýazyjylarynyň arasynda abstraksionistler, modernistler ýok» diýdi. Ruhy Alyýew säginmän jogap berdi: «Tapmalydyr!» Bu ýeke sözüň emri bilen nähili ahwalatlaryň bolup biljekdigi, bolandygy, tapylyp, gitse gelmeze iberlen, ruhy hem beden taýdan maýyp edilen bigünäleriň ykbaly islendik adamyň başyndan inip biljek çäre hökmünde oturanlaryň kalbyna wehim salýardy. Ühlas görkezilse, islendik adamdan abstraksionist ýasap boljakdygyna tribunadaky orator şübhe etmeýärdi. Zalda ýazyjylaryň arasyndan «halk duşmanlaryny» tapmaga örän eserdeňlik bilen gatnaşanlaryň köpüsi otyrdy, olar ýene resmi buýruga garaşýardylar. Olaryň tapan «duşmanlaryny», telim ýyl türmede oturyp, ölmän gaýdyp gelenleriniň käbirini görýärdik, olar ýegşerilip oturyşlaryna maňlaýa inen sowuk deri süpürýärdiler, birdenem bize, ýaşlara haýpygelijilik bilen garaýardylar. Olaryň garaýyşyndan: siziň bir täleýiňiz biziňki ýaly bolmawersin diýen ätiýaçly manyny aňypdyk. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |