12:22 Biz kim ekenik: Gussaly pikirleriñ dowamy | |
GUSSALY PIKIRLERIŇ DOWAMY
1. Daş-töwerekden gelýän habarlaryň haýsysyna begenip, haýsysyna gynanjagyňy biler ýaly bolmady. Duşanbe şäheriniň Şohidon meýdanynda täjik oppozisiýasynyň kyrk güne çeken mitingi köne kommunist ýolbaşçy, häzirki prezident Nebiýewiň diktatorçylyga dalaş eden häkimliginiň salyny gowşatdy, demokratlar din wekilleri bilen ylalaşyga gelmeli boldy. Iki tarap çaknyşdy, gan döküldi. Üstesine-de tebigi heläkçilik, sil suwunyň zarbyndan obalar, şäherler weýrana geldi. Halk hereketiniň zory bilen martda Azerbaýjanyň prezidentliginden el çekmäge mejbur bolan kommunist Mutalybow maý aýynda parlamentdäki ýaranlarynyň goldawy bilen ýene wezipesine dolandy. Bu sapar oňa ýekeje gün häkimlik etmek başartdy. Ýene zora duçar boldy, başyny gutarmaga ýetişdi, Moskwanyň hassahanalarynyň birende ýatyr diýýärler. Emma Azerbaýjanda bu ýeňşi dabaralandyrmaga el ýetenok, Ermenistan bilen uruş dowam edýär, her gün telim adamyň gany dökülýär. Moldawiýada-da, Gruziýada-da ganly çaknyşyklar dowam edýär, Krymyň dawasy barha ýitileşýär. Bu baharyň howasy agaçdan agaja böküp ýören maýmynyň hereketine ogşaýar. Maý aýaklap barýar, howa durlanarly däl. Çagbaly ýagyşlar, daglardan inýän sil suwlary, daşyp akýan derýalar Türkmenistanda-da berbatlyk baryny etdi. Basym gowaça güllemeli, bu ýyl ony entegem gaýtalap ekip ýörler. Hernä, il arasy asudalyk, şoňa şükür edäýmeli boldy. Maýyň on dördi güni prezident Nyýazow gydymy Horezminiň paýtagty Köneürgençde 1500 adamy ýygnap maslahat geçirdi. Ony ýaşulylaryň üçünji ählitürkmenistan maslahaty diýip atlandyrdylar. Ýerlerde oňa gatnaşjaklary bir aýlap saýlap-seçdiler. Munuň ýaly eserdeňlik partiýanyň gurultaýlaryna delegat saýlananda-da görkezilen däldir diýdiler. Ilki etraplarda, soňra welaýatlarda repetisiýalar geçdi. Radio, telewidenie, gazetler iki aýlap maslahat mynasybetli aksakallaryň dilinden prezident Nyýazowa alkyşlar berdi. Durgunlyk ýyllaryna görelde bolup biljek iňňän erjelik bilen gurnalan marofon Köneürgençdäki pellehanada tamamlandy. Öňki maslahatlarda bolşy ýaly bu sapar hem esasy gahryman Nyýazowdy. Aglaba onuň özi gürledi, ýöne bu sapar uzyn tribunanyň ýeňsesine gerlen halynyň ýüzünde onuň uly portreti asylgydy. Hatar tekçeleriň üstünde oturan adamlar portretdäki Nyýazow bilen janly Nyýazowy deňeşdirip biljekdiler. Bu mümkinçilik öňki SSSR-iň halklarynyň arasyndan türkmenlere ilki miýesser etdi. Olar basym prezidentleriniň keşbini her sagat, her minut görüp durmaga-da mümkinçilik alsalar gerek. On sekizinji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň sessiýasynda deputat Pirguly Taňrygulyýew täze çykaryljak milli puluň ýüzünde Nyýazowyň portretini görjekdigine begenip, teklip girizdi. Onuň begenji zalda oturanlara bada-ba ýeten bolsa gerek, çapak çaldylar. Prezident minnetdarlyk bilen dymyp oturdy. Ýaşulylaryň maslahatyna dolanalyň. Prezident Nyýazow täze konstitusiýanyň halka hödürlenen nusgalygynyň möhüm ugurlaryny gaýtalap, bada-bat aksakallaryň razylygyny aldy. Konstitusiýanyň on sekizinji maýda mejlisiň deputatlary tarapyndan tassyklanjakdygyny eýýäm bolup geçen zat ýaly habar berip, soňra garaşsyz döwletiň baş kanuny bilen ugurdaş prezident saýlawyny möhletinden öň geçirmegi teklip etdi, saýlawyň gününi özi belledi, 1992-nji ýylyň 21-nji iýuny. Kim razy bolsa, elini galdyrsyn diýdi. Garaşylmadyk habardan soň aýňalmaga ýetişmedik mähelle el göterdi. Birinji söz berlen başy sugry bagana telpekli, eňegi ýylmanak adam Mary welaýatynyň bir million ýaşaýjysynyň adyndan prezidentlige ýeke-täk Nyýazowyň kandidaturasyny görkezýändigini, şoňa-da marlylaryň bir agyzdan ses berjekdiklerini dabara bilen yglan edip, märekä çapak çaldyrdy. Bir million ilatyň adyndan beýle ynamly gürlemäge kim oňa ygtyýar berdikä? Eger halkyň pikiri bilen gelen bolsa, onda näme üçin saýlaw hakyndaky habary biz prezidentiň dilinden häzir eşidýäris?! Sowal berişen bolup oturmagyň nämä geregi bar, bu ýetmiş ýyllap kommunistleriň ündän täsin demokratiýasynyň oýny ahyry diýersiňiz. Sizi inkär etmäge çakym ýok. Uruş hem zähmet weteranlarynyň respublikan guramasynyň baştutany Seýitnyýaz Ataýew prezidentiň Käbäniň gara daşyny ogşan pursatyny synlanda nähili duýga, pikire maýyl bolandygyny beýan etmek bilen sözüni täze konstitusiýa öwürdi. Nusgalygy Käbä, Muhammet pygamberiň gubruna aýladyk, muňa eýýäm keramat siňdi diýdi. Mundan soň kimiň oňa at dakmaga, bellik etmäge gaýraty çatjak diý! Keramat siňen nusgalyk on sekizinji maýda mejlisde bir agyzdan döwletiň baş kanuny diýip yglan edildi. Prezidentlige Nyýazowyň ýeke-täk kandidaturasy tassyklandy. Mejlisiň sessiýasynyň gün tertibindäki on sekiz mesele gün ýarymda bir agyzdan tassyklanyp, henize- bu güne görlüp-eşidilmedik birlik dünýä aýan edildi. Görübilmedigiň gözi çyksyn diýdiler. Deputatlaryň gaýymlygy 21-nji iýunda saýlawçylara geçmelidi, Nyýazowa berilmeli sesleriň 99 prosente ýetjegine şübhe eden ýok bolsa gerek. Taryhyň sapagyny büs-bütin äsgermezlik etmek nomenkulaturadaky emeldarlaryň adaty häsiýeti. Onuň gözbaşy kommunistleriň tebigatyndan gözbaş alyp gaýdýar. Kompartiýa ewolýusiýa ukypsyz, ol ýa-ha öz içinden partlamaly, ýa-da ykdysady heläkçiligiň öňünde ýan bermeli diýlen pikir dogry bolup çykdy. Respublikalarda jemgyýetçilik pikiriniň pesliginden peýdalanyp, häkimlikde galan nomenklatura imperiýanyň kellesiniň pytyrandygyny bilip dursa-da, öňki hereketi dowam etdirmegi bes edenok. Ükbala çäre bolmajak ekeni diýesiň gelýär. 2. Biz nähili konstitusiýa eýe bolduk? Ol demokratiýa gol ýapýan hukuk döwletine mahsus konstitusiýamy? Onda adam hukuklary töwerekleýin beýan edilipmi? Ükdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçilmegini kepillendirip biljekmi? Biz jemgyýetimiziň edil şu günki mazmunyna laýyk konstitusiýany döretdik. Döwleti edil şu gün edara edýän apparatyň, ýagny, öňki «kommunist» adyny «demokrata» çalşan emeldarlaryň gaýym apparatynyň islegine laýyk, onuň häkimligini uzaldyp biljek konstitusiýa kabul edildi. Ony şol apparat düzdi, şol apparatam gyssagly suratda kabul etdi. Halk köpçüliginiň oňa perwaýsyzlygy düşnükli. Onlarça ýyl kompartiýanyň, onuň serdarlarynyň häkimligi astynda elgarama bolup ýaşan halk hukuk azatlygy diýen düşünjäni seljermekden mahrumdy, bu ugurda halk bisowat, tünt. Halkyň ýaşaýyşyna ymykly täsir edip biljek hukuk mehanizmi bolmany üçin adamlar onuň zerurdygyny-da bilenokdylar. Söz azatlygy berilýär diýip, konstitusiýalarda ýazylýardy, durmuşda welin, bu hukugyň tersine iş görülýärdi. Metbugat serişdeleri tutuşlygy bilen kompartiýanyň penjesindedi. Zähmetkeş halk konstitusiýanyň özüne degişli bolandygyny aňlamasa nätjek. Onuň kabul edilen gününiň baýram diýip yglan edilenini her ýyl gazetlerden bilip galýardylar. Garaşsyzlygymyzy yglan edenimiz bilen bäş aýyň dowamynda bu endik, biperwaýlyk aradan aýrylandyr öýtmäň. Ýaşulylaryň maslahatynda konstitusiýanyň esasy ugurlary barada çekeleşikli pikirleriň aýdylmandygyny geňlemäň. Aýdylmajagyny bilip hem şol maslahata salypdylar. Ýaşulylar hem oňlady diýen söz gerek. Bäşdir-üçdür oňlamajak bardyr, olary-da maslahatyň golaý ýanyndan eltmezler. Türkmenistanyň metbugatynda nusgalygyň iki aý dowam eden maslahatlaşygynyň aglaba ýüzleý, formal häsiýetde bolandygyna garamazdan, «Ýaş kommunist» gazetinde her niçigem bolsa, käbir degerli pikirler aýdyldy, emma şolaryň ýekesi-de konstitusiýany taýýarlaýan komissiýa tarapyndan kabul edilmändir. Kabul edilen konstitusiýa görä, ýurtda häkimlik tutuşlygy bilen prezidentiň eline geçýär. Döwletiň iň ýokary organy bolan Halk maslahatyny hem prezident alyp barýar. Halk maslahatynyň düzümine girýän Mejlisiň 50 deputatyndan gaýry adamlaryň hemmesi prezidentiň bellän emeldarlary. Sudýalar, prokurorlar hem prezident tarapyndan bellenilýär. Dünýäde demokratik ýörelgäniň ykrar edilen düzgünine laýyklykda ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy, sud häkimligi biri-birinden garaşsyz bolmaly. Bizde olaryň hemmesi prezidentiň garamagynda galdyryldy. 50 deputatly Mejlisiň oňa garşy durmaga güýji çatarmyka? Birinjiden-ä, onda deputatlaryň sany juda az, ikinjiden hem, Halk maslahatynda prezident hemişe sesleriň köplügini gazanyp biljek. Özi tarapyndan bellenen ynamdar emeldarlaryň prezidente doly tabyn boljakdyklary belli. Onsoň hem, prezident güýçli döwlet apparatynyň kömegi bilen Mejlisiň deputatlygyna öz adamlaryny geçirmäge dalaş eder, halkyň häzirki passiwliginde bu oňa ýeňillik bilen başardyp gelýär. Dördünji häkimlik diýlip tanalýan habar beriş serişdeleri nirede? Ol tutuşlygyna döwletiň ygtyýarynda. Söz azatlygy berilýär diýlip göni aýdylan ýa-da hususy gazetler açmaga raýatlaryň hukugyny kepillendirýän madda konstitusiýada ýok. 26-njy maddada: «Türkmenistanyň graždanlarynyň öz ynam-ygtykadyna erkin eýermäge we erkin beýan etmäge haky bardyr» diýip ýazlan. «Ünam-ygtykat» diýmek nämäni aňladýar? Men-ä şu sowala anyk jogap berip biljek däl. Kanun anyk hem düşnükli ýazylmalydyr. Konstitusiýa kabul edilenden soň, 22-nji maýda prezident döredijilik işgärleriniň uly topary bilen duşuşdy. Dört sagada çeken duşuşyga men hem çygyryldym. Erkin pikir, metbugat azatlygy bilen bagly bir fakta siziň ünsüňizi çekmekçi. «Ýaş kommunist» gazetiniň baş redaktora Sapargeldi Hanow gapdalymda otyrdy. Gazetiň maddy ýagdaýy çykgynsyz hala düşüpdir. 120 müň ekzemplýar bilen çykýan iň meşhur gazetiň abuna ýazylyşygyndan ýygnan iki million rubl puly dört aýa ýetipdir. Indi bir köpük pullary ýok, žurnalistler aýlyksyz otyrlar. Döwlet serişde goýberäýmese, ertir gazeti ýapaýmaly. Emma gazetiň depesinde «Türkmenistanyň hökümetiniň jemgyýetçilik – syýasy gazeti» diýlip ýazlan. Baş redaktor agyr ýagdaýy prezidente beýan etdi. Prezident bada-bat redaksiýadan nägileligini duýdurdy. Sessiýanyň öň ýanyndy Sakarçäge raýonyndan üç adamyň goly bilen çap edilen «Konstitusiýa entek taýýar däl» diýen seslenmä salgylandy. «Hökümetiň gazeti bolup-da, özüňizem köpüň pikiriniň tersine makala berýärsiňiz» diýip igendi. Baş redaktor özüniň bihabar galandygyny komandirowka bilen delillendirip, prezidenti ynandyrjak boldy. Ýogsa, hata gol çekenleriň gazet üsti bilen öz pikirlerini aýtmaga hukuklary bardy, ara alnyp maslahatlaşylýan döwürde haty çap edip, redaksiýa-da düzgüni bozmandy. Emma rus nakylynda aýdylyşy ýaly, «kim pul töleýän bolsa, şol hem saz buýurýar». Prezidentiň hökümetine erkin şahsy pikir derkar däl, ol islegine laýyk gelýän söze garaşýar. Ýerkin pikiri diňe garaşsyz metbugatyň kömegi arkaly aýan edip bolar. Prezident igenip otyrka, başga bir pikir aýtjak bolsaňyz, öz gazetiňizi çykaryň, onam häzirki kyn şertlerde çykaryp bilermikäňiz diýdi. Çykarjaga ýol berilýärmi? Bu sowala degerli jogap hökmünde «Daýanç» žurnalynyň garşysyna alnyp barylýan repressiw usullary getirse bolar. Täze konstitusiýanyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistanda önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy hem ruhy gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugy berilýär» diýlip görkezilýär. Elbetde, hususy eýeçilik ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmegiň esasy şertleriniň biri. Ony nähili hörpde amala aşyrmak döwlet syýasatyny bagly. Döwlet syýasaty diňe prezidentiň erkine garaşly edilip goýlan halatynda onuň ertirki ykbaly barada kesgin bir pikir aýtmak judu müşgül iş. Prezidentiň işini, etmişini derňeýän, ony kontrollyga alýan degerli, anyk organ konstitusiýada bellenmändir. Konstitusion sudy döretmek hakda edilen teklip prezident tarapyndan goldaw tapmady. Diýmek, döwlet garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistanyň birinji konstitusiýasynda diktaturanyň döremek howpy aradan aýrylmandyr-da çaky? Goý, bu sowala kitaby okanlaryň özleri jogap bersin. 3 Men ýene 22-nji maýda prezident bilen bolup geçen duşuşyk hakynda oýlanyp otyryn. Oňa gatnaşanlaryň birnäçesi bada-bat köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler, Nyýazowy alkyşladylar, medeniýeti ösdürmekde onuň edýän ýadawsyz aladasy üçin minnetdardyklaryny aýtdylar, duşuşykda prezidentiň ýüzüne aýdanlaryny indi köpçüligiň öňünde gaýtaladylar. Olaryň aglabasy döredijilik guramalarynyň ýolbaşçylary bolansoň, her biri maddy kömege mätäçdi. Döwlet ýardam etmese, guramanyň biri-de özbaşdak ýaşap biljek däl. Mätäçlik çekýän ogullaryny daşyna ýygnan baý hem merhemetli atany göz öňüne getiriň. Onuň göwrümi giň, baýlygyna buýsanýandygy her sözünden, hereketinden bildirip dur. Ol ogullarynyň ykdysady taýdan özüne garaşlydygyny, şol garaşlylyk dowam edýärkä sözüniň geçginli boljakdygyny, olaryň dilinden alkyş eşitjekdigini bilýär. Men otyrkam mätäçlik çekmäň diýen äheňde gürleýär. Her biriniň islegini duýup otyr, dilegini aýdyp ýetişmänkä artykmajy bilen alarsyň diýýär. Oturanlara döredijilik intelligensiýasynyň naýbaşylary diýýärler, olar şahsy azatlygyň, erkin pikiriň jarçylary bolmaly adamlar. Olar garaşsyz döwletiň ertirki ykbaly bilen bagly möhüm meselelere prezidentiň ünsüni çekmeli. Emma biz at hem zat diläp ýene kiçelip otyrys. Biz näderejede kiçelsek prezident şonça-da özüniň ulalýandygyny duýýar, bu duýgy oňa ýakym berýär. Arada dörän deňsizlik meni kemsidýär, şonuň üçin hem söhbetiň akymyny başga ugura sowmakçy bolýaryn. Meniň aýdan pikirlerim şulardan ybarat: garaşsyz döwlet bolmagymyz biziň halkyň, dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki borjumyzy, wezipämizi artdyrýar. Halkyň medeniýetini, ykdysady taýdan sowadyny artdyrmazdan, jemgyýetçilik pikirini ýokarlandyrmazdan, halkara gerimine laýyk iş alyp baryp biljek kadrlary taýýarlamazdan demokratiýanyň ýoly bilen öňe gitmek bize başartmaz. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, aýratyn hem telewideniýede ilaty döwlet ähmiýetli iri meselelere imrikdirip biljek, oýlandyryp biljek gürrüňler gozgamaly, ykdysadyýetde täze gatnaşykdara geçmäge oňaýly ýollara ünsi çeker ýaly materiallar berip durmaly. Şu aýdylanlaryň hötdesinden gelip biljek adamlar bar, şolary jemlemegi başarmaly, ýogsa, häzirki berilýän gepleşikleriň, makalalaryň aglabasy örän ýüzleý, olary diňläp otyrkaň biziň garaşsyz döwlet hökmündäki ýolumyz gara öýlere dolanmakdan başlansa gerek diýen iňkisli ätiýaja maýyl bolýarsyň. Häzir telewideniýede bilim-düşünje babatdan orta hörpe-de ýetmedik adamlar çykyş edip, halky «okatmaga, akyl öwretmäge» başladylar. Olaryň çäkli dünýä garaýyşlary öňümizdäki giň ýollary hakyky möçberinde göz öňüne getirmäge päsgel berýär. Onsoň hem işçini, daýhany syýasata çekmäge ymtylmaly dälmikä diýýärin. Her kimiň öz bitirmeli işi bar. Syýasata çekdigimizçe biz olaryň işden ünslerini sowarys. Garaşsyz döwlet bolduk diýip, şowhun turuzman, işe göwnejaý baş urmaly. Aşa öwünjeňlik arkaýynçylyga alyp barýar, bu bolsa, bize iň zyýanly zatdyr. Tertip-düzgüni berketmekde metbugatyň roluny ýokarlandyrmaly, hukuk goraýyjy organlaryň işindäki kemçilikleri berk tankyt etmeli... Prezident birnäçe gezek meniň sözümi böldi, meni dogrulamaga synanyşdy. Onuň äheňinde meniň telewidenie hakyndaky aýdanlaryma gabanjaňlyk duýdum, ol telewideniýeniň işinden kanagatlanýandygyny aňdyrdy. Umuman, dört sagada çeken duşuşygyň dowamyndan men prezidentiň äheňini, gep-sözüniň hörpüni seljerip, şeýle netijä geldim. Prezident söhbetdeşiniň pikirini kanagat bilen diňlemegi kyn görýär. Eýýäm onuň hemmelerden garaşýan belli bir sözi bar, şol sözüň aýdylmajagyny aňan dessine gürrüňdeşiniň sözüni bölýär, ony özüniň eşitmek isleýän sözüni aýtmaga gönükdirjek bolýar. Ýelbetde, prezidentiň bu islegi çemeçi adamlar üçin tapylgysyz zat. Olaryň maksady ile, döwlete peýdaly bolarlykly pikir aýtmak däl, olar ýakymly söz eşitmek isleýän adamyň göwnünden turmakçy bolup, turuwbaşdan ony öwüp ugraýarlar. Ony pygambere deňemekden hem çekinmediler. Maý aýynyň başynda prezident ýokary okuw jaýynyň işgärleri, studentleri bilen duşuşanda bir adamyň hatyndan käbir jümle okady. Hatda çemeçil adamlaryň prezidenti aşa öwýändiklerine, oňa sylag-serpaý bermäge ýykgyn edilýändigine üns çekilýär. Nyýazow Tagtabazar etrapynda bir kolhoza adynyň dakylandygyny, özüniň razylyk berendigini boýun alyp, şeýle faktyň gaýdyp bolmajakdygyna, gymmatbaha sylag-serpaý almajakdygyna söz berdi. Bir ýyl öň Mary welaýatynyň häkimleri oňa türkmen bedewini sylag beripdiler. Ýaşulylaryň Köneürgençdäki maslahatynda Nyýazowa ýene bir bedew at, ak öý, uruşgan goç sowgat berildi. Welaýatyň häkimi ony Daşhowuzyň ilatynyň adyndan diýip berýär. Ilatyň göwnünden çykaranyny almazlyk gelşiksiz bolar-a, halkyň göwnüne degäýmegiň ähtimal. Ine, şeýder-de dowam eder gider oturar. Ertir şol häkim halkyň adyndan gürläp, biz hem öz welaýatymyzda bir kolhoza mähriban prezidentimiziň adyny dakjak, ýogsa, halk göwün edýär, biz näme, marylylardan kemmişikmi, olara miýesser eden bagt bize miýesser etmeli dälmi! diýer. Bu isleg soňra welaýatlardan etraplara geçer... Ýetmiş ýyl tolalitar düzgünde ýaşap gelen halky gaýtadan öňa öwrenişdirjek bolan bolmagyň derkary ýok. Biz onuň döwlet strukturasyny üýtgetmedik, onuň syýasy, ykdysady ryçaglary durşuna dur. Ýöne imperiýa möçberinde alnyp barlan totalitar düzgüni düýn onuň kiçijek bölegi bolan ýurtda dowam etdirip bolarmyka? 4. Dünýä tejribesine ser salanyňda kiçi ýurtdaky tоtаlitаrizm juda çalt ganly çaknyşyklara alyp barýar. Umuman, totalitar düzgün uruşsyz, konfliktsiz ýaşamagy ýokuş görýär, asudalyk onuň üçin agyr synag. Oňa hemişe duşman gerek. Ony içiňdenem, daşyňdanam tapsa bolar. Haýsydyr bir diktаtоryň döräýen halatynda Türkmenistanda ýüz berjek ýagdaýy özümizçe göz öňüne getirjek bolalyň. 1924-nji ýyldan bäri sowet respublikasy hökmünde dowam edip gelen galp döwlet milletiň ösüşini, gaýymlygyny gereginçe üpjün edip bilmedi, etmeli hem däldi. Totalitar imperiýa gol astyndaky bakna halklaryň pajarlap ösmegini islänokdy, olaryň özara gatnaşygyndan, milli duýgynyň ösmeginden heder edýärdi. Şonuň üçin hem sowet respublikalaryň arasynda gorizontal gatnaşyklar ýol almandy, Döwlet planyň berk merkezleşdirilen ulgamyna gep-gürrüňsiz boýun bolaýmalydy. Şu model respublikalaryň içinde-de gaýtalanýardy. Oblastlar özara ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdan mahrumdylar. Her welaýatda türkmeniň uly taýpasy, ili toplum, kowçum bolup ýaşaýar, diýmek, taýpalaryň arasynda ykdysady gatnaşyk, hyzmatdaşlyk bolmady diýse boljak. Olaryň wekilleri biri-birini galapyn Aşgabatda geçirilýän ýygnaklarda görýärdiler. Tireleriň özara gatnaşygy hakyndaky problema nähili hem bolsa, bardygyny duýdurýardy. Merkezi häkimlik welin, onuň bolmagyny asla islemeýärdi diýseň-de boljak, ýöne «bölüşdir-de höküm sür» diýen, aňyrdan gelýän syýasat bardy, ony ulanmagyň-da amaty inkär edilenokdy. Indi respublika özbaşdak, garaşsyz döwlet bolan mahaly tireleriň aktiwligi güýçlense gerek. Biziň döremegi ähtimal diýýän diktatorymyz hem haýsydyr bir tirä degişli bolar. Ol töweregine wepadar adamlary hökmany suratda öz tiresinden alar, bu ýagdaý indi döremeli däl, öňden hem dowam edip gelýän düzgün. Ünanmajaklar Gündogaryň belli diktatorlarynyň töweregine ser salaýsynlar. Şeýlelik bilen beýleki tireleriň arasynda närazylyk başlanar. Ine saňa içki konflikt! Ol ýurdy graždanlyk urşuna-da alyp baryp biler. Men muny dünýä tejribesine salgylanyp aýdýaryn. Adatça, diktatorlar daşky duşmanyň bolmagyny has amatly görýärler. Sowet ideologiýasy ony synpy göreşler arkaly tapdy, ideologiýa şol ynamy has berketdi. Biziň diktatorymyz üçin hem konflikt gytlyk etmez. Ony milletara gatnaşygyň, serhet dawasynyň üsti bilen hem gazansa bolar. Iň bärkisi, suw meselesini alaý. Amyderýanyň suwunyň üstünde döräýmegi ähtimal dawany döwletara konflikte öwürmek kyn bolar öýdemok. Häzir Owganystanda graždanlyk urşunyň ýatmagy bilen oba hojalygyna, irrigasiýa üns güýçlenmeli. Ol Amyderýanyň suwundan öz uly paýyny alar. Özbegistana, Türkmenistana gelýän suw azalmaly. Özbegistanyň ilat sany bizden bäş esse köp. Olar öň hem Garagum kanalyna goýberilýän suwuň azaldylmagyny talap edip ýörler. Ilatyň sanyna garap bölüşeliň diýmekleri ähtimal. Bu mahala çenli Moskwanyň berk kontrollygy konflikte gerim berenokdy. Indi SSSR ýok. Güýçliniň güýje daýanmagy, şeýdip, watançylyk meýillerini çişirip, serdarlyga dalaş etjek häkimleriň tapyljagy totalitar düzgünde tebigi hadysa. Bu ýol, bu ýagdaý halky heläkçilige, ýurdy tozgunçylyga duçar eder. Biz taýpalaryň jebisligini haýsydyr bir konfliktleriň üsti bilen gazanman, ykdysady, syýasy hyzmatdaşlyga urukdyryp çözmeli bolarys. Diktaturanyň wehimi saklanýan hem bolsa, men ertirki günümize umytly garaýan. Demokratik prinsipleriň Orta Azyýa respublikalarynda, şol sanda Türkmenistanda-da ýol aljakdygyna ynanýaryn. Häzir halkara gatnaşygynda hyzmatdaşlygyň, demoratik ýörelgeleriň degerli faktora öwrülmegi, ynsan hukuklarynyň, azatlygynyň Deklorasiýasynyň ruhy, şol ruhuň dünýäde adamyň belent mertebesi ugrundaky göreşi barha ýaýbaňlandyrýandygy totalitar düzgüne urulýan aýgytly zarbadyr. Diktatorlaryň eýýamy aýaklap barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäde ýokarlanýan abraýy ýurtlaryň uly-kiçiligine garamazdan olaryň mertebesiniň deňligi baradaky prinsipiň barha çynlakaý kada öwrülmegine ýardam edýär. Hudaýa şükür, Türkmenistan hem belent guramanyň deň hukukly agzasy. Şonuň üçin hem hakyky demokratiýa dalaş edýän güýçleriň sesiniň irde-u giçde eşidiljegine ynanýaryn. *** 1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanda Nyýazowyň bellän prezident saýlawy bolup geçdi. Sese goýlan bir adam – prezident Nyýazow. Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Orazowyň habar bermegine görä, ses bermäge gatnaşanlaryň 99,5 prosenti Nyýazowy goldapdyr. Gazetler muny taryhda görlüp-eşidilmedik ýeňiş atlandyrdylar, ýöne bu ýagdaý kommunistik imperiýanyň düýnki gününe häsiýetli miras diýmekden çekindiler. Häzir kommunizm modada däl, ýogsa diýerdiler. Bu hadysanyň sebäbine düşünmek kyn däl bolsa gerek, men muny şu kitapçany okap çykjaklar babatynda aýdýaryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |