12:30 Biz kim ekenik: Kimiñ ýoluna düşdük? | |
KIMIŇ ÝOLUNA DÜŞDÜK?
1. 1992-nji ýylyň 27-nji oktýabry. Bu gün Türkmenistan garaşsyzlygynyň bir ýyllygyny baýram edýär. Bir aýdan hem öň baýrama çynlakaý taýýarlyk başlanypdy. Merkezi köçeleriň asfaltynyň üstüne ýene bir gat ýazdylar. Jaýlaryň ýüzüne hek pürküp, kir siňen diwarlary görke getirdiler. Demirýol wokzalyndan başlanýan Lenin prospektiniň ady üýtgedildi, «Saparmyrat Türkmenbaşynyň şaýoly» boldy. Şaýoluň başyndaky dünýä proletariatynyň beýik serdary Leniniň belent monumenti ýom-ýok edildi, ýöne onuň binýadyny aýyrmadylar. Şol binýadyň üstünde Türkmenistanyň beýik serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň monumentini goýjakmyşlar diýen gürrüňler ýaýrap ugrady. Munuň esassyz myş-myş däldigini baýramçylyga Sankt-Peterburgdan gelen heýkeltaraş türkmen aýan etdi. Ol täze serdaryň beýik obrazyny döretmäge höweslidigini, özüne goldaw gerekdigini aýdyp telewideniýede çykyş etdi. Şäherde Nyýazowyň ululy-kiçili portretleri asylyp başlandy, onuň sözlerini şygara öwrüp ýazdylar. Prezidentiň dogduk obasy Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýär, adyna Gypjak diýýärler. Ol öň Leniniň adyny göterýärdi. Indi oňa-da Nyýazowyň adyny berdiler. Dünýä zähmetkeşleriniň düýnki beýik serdary Lenini bu gün türkmeniň beýik serdary Nyýazowyň gysyp çykaryşy bir bada geň ýaly görünse-de, täze ideologlar habar beriş serişdelerinde üznüksiz çykyş edip, muny milli garaşsyzlygyň esasy ýeňşi hökmünde görkezdiler, bu taýda hiç hili geň zat ýok diýdiler. Öňki totalitar düzgüniň ýok bolmagy bilen onuň serdary-da aradan aýrylmaly diýip, berk aýtdylar. Hatda şahyr Saparmyrat Öwezberdiýew gazetlerde çap edilen hatynda Lenine ýüzlenip, ömrüniň dowamynda beýik serdar hökmünde ony wasp edip telim goşgy ýazandygyny boýun almak bilen, indi sen maňa serdar däl, şäherde tutup oturan ornuňy boşat, indi biziň öz serdarymyz bar, Saparmyrat Türkmenbaşymyz bar, biz seniň ornuňy şoňa berjek diýipdi. Şahyryň islegi daş ýany bilen berjaý edildi. Indi beýik Lenine derek beýik Nyýazowy taryp edýänleriň sany telim esse artdy. Hawa, aňyrsy on bäş günde Nyýazowyň býusty ýasalyp, dogduk obasynda bina edildi, ýöne ýigrimi üçünji oktýabrda bu ýerde bolan dabara başgarak reňk berdiler. Türkmenistanyň dürli künjünden çagyrlan ýüzlerçe adama: sizi prezident sadaka çagyrýar diýildi. Nyýazow frontda wepat bolan kakasyna, kyrk sekizinji ýylyň ýer titremesinde heläk bolen ejesine, iki jigisine sadaka bermekçi bolupdyr. Ölenleriňi ýatlamak, hormat goýmak gowy däp, emma Nyýazowyň beren sadakasyndan syýasat ýasajak bolmak, ony üýtgeşik bir ynsanperwerlik hökmünde mahabatlandyrmak maňzyňa batanok. Meniň özüm sadaka gatnaşmadym, ýöne gatnaşanlaryň gürrüňini diňledim. Munuň üstesine-de telewideniýeden berlen bir sagatlyk gepleşige üns bilen seretdim. Ony dört gezek gaýtalap berdiler. Gepleşigiň awtory öňde agzap geçen žurnalistimiz Durdymuhammet Gurbanowdy. Ol indi birnäçe aý bäri prezidentiň press-sekretary bolup işleýär. Ol eýýäm prezident hakynda iki kitap çykartmaga ýetişdi, birine «Serdar» diýip at goýdy. Golaýda metbugatda çykyş edip, galan ömrüni Nyýazowyň beýik işlerini dünýä ýaýratmaga bagyş etjekdigine kasam etdi, kasamynyň juda çyn ýürekdendigini subut edýän bir detal hökmünde, häzir Nyýazow hakynda ýarym çeper, ýarym dokumental doly metražly filmiň üstünde işleýändigini habar berdi. Ýurduň garaşsyzlygynyň fonunda Nyýazowyň alyp barýan syýasaty bilen bagly täze bir ideologiýany döretmegiň zerurdygyny, şony döretmegiň öz paýyna düşendigini, prezidentiň metbugat gullugyna saýlap işe alnan pikirdeş žurnalistleri bilen bu mukaddes işiň hötdesinden geljekdigini «Watan» gazetine beren interwýugynda buýsanç bilen nygtady. Durdymuhammet Gurbanow prezidentiň sadakasyndan taýýarlan gepleşiginde ýokarky maksada juda ykrarlydygyny görkezmäge çalyşdy. Garaşsyzlygyň bir ýyllyk ýolunda beýik Türkmenbaşynyň bitiren işlerini sanap geçmek bilen, ony mahabatlandyrmaga gezek gelende onlarça ýyl dowam eden tоtаlitar düzgüniň taraşlan waspnamasyny gaýtalady, ýogsa, Gurbanow kommunistik totalitarizmi juda ýirgenýändigini häli-şindi aýdýar, ähli günäni şonuň üstüne ýükleýär, şonda-da şol tоtаlitarizmiň döreden epitetlerinden el çekip bilenok. Täze ideologiýa döredýän bolsaň, oňa mahsus aňlatmalar, epitetler tapmaly dälmi näme?! Düýn kommunistik ileologiýanyň wagyzçylary halky kompartiýanyň hem-de onuň serdarlarynyň töweregine jebisleşmäge çagyran bolsalar, Gurbanow bu gün halky Nyýazowyň töweregine jebisleşmäge çagyrýar. Kommunistik ideologiýanyň serdar döretmek taglymatyna dolulygy bilen gol ýapyp, Nyýazowy dünýä türkmenleriniň beýik serdary diýip yglan edýär. Serdar ýasamakda onuň tutanerliligine haýran galaýmaly! Dini ideologiýanyň hem taýýar epitetlerini almakdan çekinip duranok. Şol gepleşiginde ol Saparmyrat Nyýazowy Allanyň ýerdäki wekili, adamlaryň ruhy pygamberi diýip yglan etdi. Eger ol yslam dinini hormatlap, Gurhana çigit ýaly sarpa goýan bolsady, (sarpa goýýandygyny ol häli-şindi gaýtalaýar) beýle diýmeli däldi. Allanyň zemindäki iň soňky pygamberiniň Muhammet Aleýsalamdygyny biläýmeli ýaly, onuň özi hem prezidenti bilen Mekge-Medinä gidip, umra haç edip gelen adam. Häk, biziň söweşjeň ateizmiň terbiýesinde ýetişendigimiz sähel ýerde duýdurýar duruberýär-dä! Eger Gurbanowyň ündeýşine görä, Nyýazowyň Allanyň zemindäki wekiline, ruhy pygambere öwrüleni çyn bolsa, 52 ýaşyndan soň 50 hem 44 ýyl mundan ozal wepat bolan ene-atasyna sadaka berip, azara galyp ýörmeli hem däl ekeni-dä. Gurbanow kommunistik tоtаlitar düzgün öz ene-atalaryny arkaýyn jaýlamaga, olara sadaka bermäge gorkýan ejiz adamlary döretdi diýdi. Prezidentiň sadakasyny şol ejizligiň garşysyna goýlan çäre hökmünde mahabatlandyrdy. Awtoryň bu tassyklamasynda logika ýok. Eger Nyýazow 70-80-nji ýyllarda kompartiýanyň merkezi komitetinde, şäherkomuň birinji sekretary wezipesinde işlände ili ýygnap ene-atasyny ýatlan bolsady, onda bu gün Gurbanow belli bir derejede magtansa-da bolardy, emma şol ýyllarda Nyýazow-da awtoryň aýdýan ejizleriniň biridi. Muny Gurbanow bilmezlige salýan-da bolsa, uly il bilýär, hudaýa şükür, halk entek hakydasyndan bütinleý jyda düşenok. Gurbanow soňra türkmen halkynyň öňünde duran ägirt bir ahlak jogapkärçiligi barada söz açyp, teklibini orta atdy. Beýik serdar Nyýazowy ýagty ýalança inderen enäniň ýagty ýadygärliginiň öňünde halk bergidar ekeni, bergini çaltrak üzmekden ötri, ýer titirände wepat bolan Gurbansoltan ejäniň beýik heýkeli Aşgabadyň gözel ýerinde haýdan-haý bina edilmese, geljek nesilleriň bize nälet okаmaklary ähtimal diýen many berip, juda tolgundy. Bu teklip derrew seslenme tapdy. «Owadan» atly aýallar žurnalynyň redaktory Abadan Seýitgulyýewa Nyýazowyň kakasy bilen ejesiniň, ýagny Gurbansoltan bilen Atamyradyň atlaryny Aşgabadyň köçelerine dakmaly diýip, gazetde çykyş etdi. Teklipleriň metbugatda peýda bolan güni adamlar eýýäm olara kabul edilen karar hökmünde garadylar. Elbetde, prezidente dahylly teklip bolsa! Köçelere, etraplara serdaryň adyny dakmak meselesinde özüne sala salynmaýan garamaýak öz ýürek söýgüsini nähili edip ýüze çykararka? Habar beriş serişdelerinde buşluk habarlary berlip ugraldy. Täze doglan çagalara il-gün Nyýazowyň, onuň ejesiniň, kakasynyň atlaryny dakýarlar! Şu hörpde gitse, enşalla, geljek neslimiziň diňe saparmyratlardan, atamyratlardan, gurbansoltanlardan tükellenämegi-de ähtimaldyr. Ýöne bu ýerde uly bir täzelik ýok. Bir mahal sowet döwrüne bap geljek atlary çagalara dakmaly diýip, oba sowetlerde, ZAGS-larda saýlanan atlaryň ýörite düzlen sanawy saklanardy. Täze ideologiýany döredýändiris öýdýänler halkyň hakydasyndan jyda düşmegini isleýärler. Ýetmiş ýyl kommunistik ideologiýa-da şony isläpdi, islegini başa bardyrmak üçin elde baryny edipdi, ýakypdy, ýandyrypdy, basypdy, asypdy, jan alypdy. Belli bir derejede islegini amala aşyrmagy-da başarypdy. Biz ýene şol ýoly alyp gitmeli bolarmykak? Siziň ündeýän täze ideologiýaňyz bize öňden tanyş ideologiýa, ýoldaş Gurbanow! Onsoň hem ruhy pygamber sadaka beren güni gelenlerden gymmatbaha serpaýlar aldy, olary gezek-gezegine egnine atyp gördi. Hudaý ýoluna sadaka berýän adamyň serpaý alanyny men-ä birinji gezek görýärin. Iň bolmanda, şol pursaty lenta düşürip, ile bir görkezmeli däl ekeniň-dä! Soňra Gurbanow prezidentiň adyl häkimligini arşa çykaryp, onuň döwleti dolandyryşyna, ýurdy asuda saklap bilişine bütin dünýä, şol sanda Amerikinyň Birleşen Ştatlary-da aňk bolup, haýran galyp otyr diýdi, ýöne pikirini fakt bilen delillendirmedi. Men hem bu aýdylanyň teýine ýetmek üçin Amerikanyň, Günbataryň demokratik ýurtlarynyň radiolaryna üns bilen gulak asdym. Türkmenistan hakynda ýekeje habar eşitdim. Ol habarda Halkara günä geçiş guramasynyň Türkmenistana gelen iki wekiliniň zorluk bilen yzlaryna ugradylyşy hakynda aýdylýardy. Olar bizde adam hukuklarynyň berjaý edilişi, ýurtda jenaýatçylygyň ýagdaýy bilen tanyşmaga gelipdirler. Toý tutulyp, sadaka berilýän mahaly geleni kowmak türkmene gelişjek zatmydyr? Gurbanowyň ynanjyna görä, sähelçe wagtdan Saparmyrat Türkmenbaşy parahatlygy goramak boýunça halkara Nobel baýragyny almaly. Wah, biziň islegimize bagly bolsady, eýýäm haçan oňa Nobel baýragyny bererdik. Halkara Magtymguly baýragyny ilki bilen berdig-ä! Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň döredilýändigini mejlis tassyklan dessine, bäş minut hem geçmänkä biz ony gahryman diýip yglan etdik, hatda şu adyň döredilýändigi hakyndaky kanuna prezidentiň gol çekmegine garaşmaga-da takatymyz ýetmedi. Nobel baýragyny Türkmenistanyň mejlisi berenok, şonuň üçin hem entejik garaşmaly bolsak gerek! Gurbanow Nyýazowyň abraýyny kepillendirmekden ötri, onuň obadaşy bolan bir ýaşula söz berdi. Bu aksakalyň aýtmagyna görä, Eýrandan gelen bir adam prezident Rafsanjanynyň sözüni getirenmiş. Eýranyň prezidenti bir ýerde Nyýazow hakynda gepläp, ol 30 ýyl öňdäki boljak zady bilýär diýenmiş. Moskwa gatnaýan ýolagçy otluda prowodnik bolup işleýän bir adam Orsyýetiň şäherlerinde ilat Nyýazowyň portretlerini göterip köçelere çykýar, özlerem bize-de Nyýazow ýaly beýik prezident gerek diýen talapy öňe sürýärler diýenmiş. Adressiz gürlemek hiç mahal hem gelişýän däldir welin, döwlet syýasatyny alyp barýan ýolbaşçy babatda aýdylanda aýratyn hem zyýanly diýjek. Biz özümiziň beýle emelsiz mahabatlandyrmalarymyz bilen prezidenti gülkä göterýän bolaýmalyň, ýoldaşlar! Gülküniň garşysyna ýarag, türme, zorluk bilen hem göreşip bolanok. Iliň gözüne gülki bolmakdan asla heder etmeýän Gurbanow tetelli žurnalistler üçin prezidenti gülkä öwürmek eşekden palan aýrança-da ýok. GKÇP-niň puç bolmagy mynasybetli Aşgabatda geçirlen mitingde çykyş eden «demokrat» Gurbanow bu günki pygamberi hakynda şol mahal şeýle diýipdi: «Aslyýetinde prezident Nyýazow öz häsiýeti hem düşünjesi boýunça demokratiýa düýpgöter garşy şahsyýet. Adatdan daşary ýagdaý (GKÇP) onuň respublikada iş ýüzünde amala aşyryp ýören syýasy eksperimentiniň bütin Soýuz boýunça yglan edilmesi boldy. Hut şonuň üçin hem Nyýazowyň hem onuň komandasynyň «Adatdan daşary ýagdaý baradaky komiteti» tutuş düýrmegi bilen goldandygyna biz birjik-de şübhelenmeýäris. Respublikidaky demokratik güýçleriň we onuň liderleriniň dürli ýollar bilen ýanalmagy we olaryň söz azatlygyndan doly diýen ýaly mahrum edilmegi prezident Nyýazowyň ýanaýewdir Krýuçkowlar bilen has öňden bäri raýdaşlygyndan habar berýär. Harby kommunistik huntanyň döwlet agdarylyşygyň yzysüre raýkomlara, harby komissariýatlara, ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylaryna Nyýazow tarapyndan berlen antidemokratik görkezmelerden biz habarly. Mysal üçin, obkomlarda, raýkomlarda Gorbaçewyň portretleriniň aýrylandygy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine onuň adynyň agzalmasyz edilendigi, sözlerinden sitatalar getirilmezligi baradaky faktlar bar. Ýurtda yglan edilen erkinligiň we söz azatlygynyň, köppartiýalylygyň, adam hukuklarynyň garşysyna gönükdirlen döwlet agdarylyşygynyň ýowuz syýasatyny goldan her bir ýolbaşçy öz halkynyň öňünde kelle ýalaňaçlap jogap bermelidir... Biziň gara günli halkymyz prezident Nyýazow häkimiýet başyna geçeli bäri bu hasratlary öz egninde çekip gelýär... Türkmen halkyny ruhy gulçulykda we ahlak göýdükliginde saklamaga gönükdirilen nyýazowçylyk partiýa-döwlet syýasatynyň bes edilmegini talap etmeli» Bu çagyryşyna Gurbanowyň özüniň neneňsi wepalylyk görkezendiginden siz habarly. 2. Nyýazowy Gaýgysyz Atabaýewe deňän günümiz ýap-ýaňydy, sähel salymdan ony Muhammet pygambere deňedik, indi hem ruhy pygamberimiz diýip jar etdik, hudaýyň ýerdäki wekiline öwürdik. Oňa Aleksandr Solženisynyň taryhy ýalňyşyny «düzetdirdik». Sentýabr aýynda žurnalist €wşan Annagurbanow «Watan» gazetinde şeýle ýazdy: «Andrian Gelweside daýhan öz ýurdunyň we şasynyň şöhratyna dahylsyzdyr, ýöne ol öz obasynyň at-owazasynyň göterilmegine uly goşant goşýar diýen pikiri okanym ýadymda. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Lebap topragyna saparynyň dowamynda men on sekizinji asyrda ýaşap öten fransuz akyldarynyň bu pikiriniň beýle bir hakykata laýyk gelmeýändigine göz ýetirdim». Soňra makalanyň dowamynda belli netijä gelinýär: «Andrian Gelwesiniň daýhan öz ýurdunyň we şasynyň şöhratyna dahylsyzdyr diýmesiniň neneňsi telekdigini Türkmenistanyň daýhan hem ýurt, daýhan hem döwlet meselesindäki dünewi ýoly, şu günki syýasaty aç-açan görkezendir diýip, arkaýyn aýdyp biljek». Öňi bilen-ä awtor dünýä belli akyldaryň pähimini inkär etmäge töwekgellik edýän bolsa, onuň haýsy eserine salgylanýandygyny takyk görkezip, onuň öz sözlerini getirmeli ekeni, ýogsa, telewizorda çykyş eden aksakalyň prowodnigiň sözüne salgylanyşy ýaly bolýar. Onsoň hem, on sekizinji asyrda Fransiýada ýaşan daýhanyň döwri bilen bu günki Lebap daýhanlarynyň arasynda parh bardygyny kesgitlemeli ekeni. Fransuz daýhany hususy ýerinde işleýän ýekebara, lebaply daýhan döwlete doly garaşly kolhozçy, onuň bokurdagy döwletiň, prezidentiň elinde. Ol sözüň doly manysynda daýhan hem däl, kolhoza bakna edilen adam. Fransuz daýhanynyň öz bähbidi, öz ýeri bar, ol salgydyny üzen ýagdaýynda garaşsyz. Ol bazar bilen iş salyşýar. Bu günki biziň daýhanlarymyz eli-aýagy bilen döwlete, onuň häkimine bagly. Hususy eýeçilikden mahrum kolhozçyny iki asyr ozalky fransuz daýhany bilen deňeşdirmegiň özi ýerine düşmedik zat. Beýle boljak bolsa, geliň, ABŞ-nyň žurnalistlerini hem türkmen žurnalistleri bilen deňeşdireliň. Amerikanyň žurnalistleri öz prezidentlerini pygambere-de, genial adama-da meňzedenoklar. Onuň döwlet syýasatyny, durmuşda özüni alyp barşyny gaýgyrman aç-açan ýazýarlar, erkin graždanlar hökmünde ýazýarlar. Konstitusiýa olara erkinlik, söz azatlygyny berýär. Olar ýurtda kanunyň dogry ýola goýulmagyny üpjün edýän ägirt güýjüň biri. Olar muny öz demokratik döwletleriniň rowaçlygy üçin, prezident häkimliginiň abraýynyň belentde saklanmagy üçin edýärler. Olar hakykatdan hem erkin, garaşsyz metbugata hyzmat edýärler. Şol metbugaty sylamak, onuň sesine gulak asmak prezidentiň kanuny borjy. Emma bizde ýekeje-de garaşsyz gazet ýa-da žurnal halka ýetirlenok. Hemmesi döwletiň puly bilen çykarylýar, prezident näme islese şony ýazmaly. Onuň işini tankydy göz bilen beýan edýän ýekeje makala duşduňyzmy?! Duşan dälsiňiz, duşmarsyňyzam! Şeýle boljakdygyny Ukrainanyň «Za wilnu Ukrainu» atla gazetine beren interwýugynda Nyýazowyň özi hem tassyklady. Habarçynyň: «Türkmen gazetleri sizi ýygy-ýygydan tankyt edýärlermi?» diýen sowalyna prezident: «Meni biziň gazetlerimiz tankytlamaýarlar. Tankytlara esas ýok diýip pikir edýärin» diýdi. Diýmek, hemme zat gülala-güllük! Özi barada şeýle uly pikirdäki häkimi neneň tankyt edersiň! Tankyt edäýji bolsaň hem ony haýsy gazet çap etjekmiş? Gazet-žurnallar, radio-telewilenie – hemmesi prezidentiňki. Hojaýynlarynyň özi barada buýsançly sözüni eşidip durkalar, olaryň haýsysy: ýok, tankytlamaga esas bar diýer öýdýärsiňiz? Redaktorlykda, senzorlykda uçdan-tutma ataýewler, ylýasowlar, goçmyradowlar, agabaýewler otyrka, beýle gudrata garaşmaweriň! Prezident Nyýazowyň şahsyýetini gönüden-göni mahabatlandyrmakda beýle bir ýeserlik görkezip bilmändigi, erkinlik humaryna maýyl bolup, wagtal-wagtal ýaramaz görelde görkezýändigi üçin 1992-nji ýylyň awgustynyň aýagynda «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýasy dargadyldy, «Watan» ady bilen büs-bütin başga gazet çykarlyp başlandy. Indi onuň her sanynda Nyýazowyň üç portreti berilýär. Nyýazowy öwmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaryş gidýär. Kakabaý Ülýasowyň redaktorlyk edýän «Türkmenistan» gazetiniň 28-nji oktýabrdaky sanynda prezidentiň bäş portreti berlip, altmyş ýerde ady tutulýar. 1988-nji ýylda Ürakda bolanymda gazetleriň her gün Saddam Huseýniň bir portretini hökmany suratda berýändiklerini görüp, geň galypdym. Indi biziň gazetlerimiz olaryň çeninde durmadylar. Saddam neneňsi diktator hem bolsa, özüne pygamber diýilmegine ýol berenok. Garaşsyz metbugat bolmasa, garaşsyz žurnalistleriň ýüzi görünmez. Mysal getirlen deňeşdirmeden soň Amerikanyň žurnalistleri öz ýurduny, prezidentini gowy görenoklar diýmek gelşiksiz bolardy. Biziň metbugatymyzda Nyýazowy mahabatlandyrmak üçin alnyp barylýan kompaniýa oňa söýgi zerarly döränok, ony öwýänler öz bähbidini arap oda-köze düşýärler. Olar kime gulluk edenlerinde näme, gara bokurdaklaryndan garýansyz geçirere zat tapsalar bolany! Düýn olar kommunistik ideologiýa hyzmat edýärdiler, bu gün ony hemmeden beter ýepdekleýärler. Olar üçin mukaddes ynanç ýok, olara wezipe, gazanç, at gerek. Nyýazowy mahabatlandyrjak bolup, oňa dünýä möçberindäki akyldarlary ýalana çykaryjynyň roluny bermek ýene gülküden başga zat döredip bilmez. Şoňa baş goşan adamlaryň ýazgylarynyň respublikadan daşary ýaýramaýandygy-da gowy zat, ýogsa biz älem-jahana gülki bolardyk,walla! Men şu ýola düşenleriň arasynda kyrk ýaşa ýetmedikleriň az däldigine gynanýaryn, kommunistik ideologiýanyň totalitar mirasyndan galan alamatlaryň entekler ganymyzdan çykmajakdygyna gynanýaryn. Olar Nyýazowyň mahmal rewolýusiýasy, täze ideologiýasy hakynda kitaplar, makalalar ýazýarlar. Eýse, olaryň täze ideologiýa diýýänleri näme? Belki, adamzat ýene bir «izm» alandyr? Durdymuhammet Gurbanow «Nesil» gazetiniň 1993-nji ýylyň on birinji mart sanynda «Türkmenbaşynyň ideologiýasy» atly makala bilen çykyş etdi. Makalada bu ideologiýanyň esasy häsiýetleri hökmünde aşakdakylary belleýär. 1. Türkmen halky pikir-paýhasda hiç bir halkdan pes däl, gaýta olaryň beýiginden hem beýik. Türkmenbaşy öz halkyna öz hakyky häsiýetini hem mertebesini gaýtaryp bermegi niýet edinýär. 2. Indiden beýläk türkmen döwleti hiç kime bakna bolmaz, ýapja bolmak psihologiýasy inkär edilýär. Bu ideologiýa her bir türkmeniň aňyndan talabançylygy hem gulçulygy aýryp zyňmalydyr. Türkmenbaşy bizi diňe bir özbaşdak ýurtly etmän, özbaşdak pikirlenip bilýän adama öwürmegi niýet edýär. 3. Türkmenbaşynyň täze ideologiýasy türkmen halkyny namys astyndan alyp çykan ideologiýadyr. Ol däp-dessury, dili, dini gaýtaryp berdi. Her bir musulman döwletine başartmaýan zady etdi. Ölenler üçin kepeni mugt berdi. 4. Türkmenbaşynyň täze ideologiýasyny dünýä möçberinde öwrenmek üçin şert döredi. Bu ideologiýa her bir adamy adamçylyga çagyrýan ideologiýadyr Meniň şu kitabymyň esasy maksady Gurbanowyň mahabatlandyrýan ideologiýasynyň tüýsüni hem durmuşda ýüzüni neneňsi görkezýändigini ýüze çykarmakdan, galpdygyny tekrarlamakdan ybaratdyr. Netije çykarmagy okyjylaryň özüne goýmak bilen bir ýagdaýa gynanýandygymy aýtmakçy. Täze ideologiýany dünýä buşlaýan ýaş adamlaryň aňynda talabançylyk, gulçulyk, ýapja bolmak psihologiýasy iňňän güýçli. Tutuş halky düzetmekden öňinçä olaryň özleri düzeläýsediler, onda täze ideologiýanyň miwesinden dadyp görençe bolardyk. Olaryň häzirki aladasy Nyýazowyň şahsyýet kultuny galdyrmakdan ybarat. Bu aladanyň düýbünde kimiň islegi ýatyr, kimiň rugsady, kimiň tagallasy bilen beýle bolýar? Muňa göz ýetirmek isleýänler «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň 1992-nji ýyldaky 195-nji sanyna seretsinler. Ol ýerde «Sözme-söz» diýen rubrika asynda «Nyýazow taryhda şahsyýet kultunyň roly hakynda» diýen makala berlipdir. Makalada içeri işler ministrliginiň işgärleri bilen duşuşykda prezidentiň aýdan sözleri getirilýär. Nyýazow şeýle diýýär: «Dogrusyny aýtsam, öz adyma öwgüli sözler eşitmek maňa juda ýaman degýär, meni garradýar. Onda näme soňky mahalda hasam güýjän öwgüleri eşidip, Nyýazow dymyp oturýar diýersiňiz. Bu mahabatlandyrmalar maňa gerek däl, ol biziň döwletimize gerek» Soňra ol sözüniň dowamynda şeýle bir pikiri nygtaýar: «Partiýanyň awtoriteti bilen alnyp barlan häkmiýet ýumruldy, Sowetlerem ýumruldy, hemmesi ýumruldy. Bu ýagdaý anyk jogapkär adam bolmasa, häkimiýeti ele alyp bolmaýandygyny görkezdi. Öz halkyňa rowaçlyk, haýyr-sahawat isleýän bolsaň, ähli jogapkärçligi öz üsüňe almak gerek. Kollegial jogapkärçilik bilen haýsydyr bir döwletiň gülläp ösendigini entek taryh bilenok». Şu sözlerden çen tutsaň, şahsyýet kulty döwlet üçin gerek ekeni. Düýn Staliniň, Brežnewiň kultuny galdyranlar hem şeýle diýýärdiler. Munuň soňunyň halk, döwlet üçin nähili tragediýa bilen gutarandygy bize-de, bu gün Nyýazowyň kultuny galdyrýanlara-da aýan. Emma taryhdan sapak almaga gezek gelende adamlaryň asgynlyk çekýändiklerine haýran galaýmaly! Ýeýse, döwleti dolandyrmakda kollegial jogapkärçiligiň demokratiýa, kanunçylyga daýanylýan ýerinde nähili rowaçlyga ýetip bolýandygyny Günbataryň ösen ýurtlary görkezmedimi näme! Ol ýurtlarda prezidentiň ýa-da korolyň, parlamentiň, suduň döwleti dolandyrmakda konstitusiýada hersine bölünip berlen paýy bar. Hersi özüne mahsus wezipäni ýerine ýetirýär, halkyň, döwletiň öňünde deň jogapkärçilik çekýär. Belki, Nyýazow kommunistik ideologiýanyň terbiýelän adamy hökmünde ol ýurtlary hasaba almak isleýän däldir, olary taryha degişli hasap edýän däldir? Ikinji jahan urşundan soň Günbataryň demokratik ýurtlary ösüşiň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Hawa, olar diktator döretmekde düýpden ukypsyz boldular galdylar. Diktatorlar aglaba kommunistik ideologiýa gol ýapýan ýurtlardan çykýar. Stalinden başlap, Fidel Kastro çenli halky, döwleti gury ideýa bilen bal güne batyrarys öýdýärdiler. Halka ideýadan öňürti çörek, erkin durmuş gerek! Nyýazowyň kulty halky, döwleti rowaçlyga, jemgyýeti jebislige alyp bararmyka? Bu sowala hä diýip jogap berjeklere-de şübhelenmäge esas bar. Men şoňa ünsi çekmekçi. Birinjiden: Staliniň kultunyň ýurduň başyna getiren bimöçber pidalary bize mälim. Kommunistik partiýa öz ideologiýasyny halas etjek bolup, düýnki mahabatlandyran, hudaý derejesine göteren adamynyň – Staliniň üstüne ähli jenaýaty ýükläp, ony gaýgyrman ýepbekledi. Kulty bir adamdan aýryp, partiýa geçirdiler. Partiýanyň kultuny bolsa, onuň Brežnew ýaly baş sekretarlarynyň şahsyýetini mahabatlandyryp, halkyň süňňüne siňdirmekçi bolundy, emma bu ýörelge-de taryhy utuş bilen gutarmady. Muny şol imperiýanyň gol asynda ýaşan türkmen halky-da bilýär. Kultuň nähili tärler bilen ornaşdyrylýanyndan hem habarly. Ýaňy belläp geçişimiz ýaly, Nyýazowdan serdar ýasap, onuň kultuny asmana galdyrýanlaryň gol ýapan tärlerinde hiç hili täzelik ýok, olar kommunistik ideologiýanyň goýup giden tärleri. Ol tärler Sowet Soýuzy ýaly dünýäniň gylla ýaryny edara eden imperiýanyň möçberinde-de gülki döredýärdi welin, ony bu gün Türkmenistan ýaly kiçijek ýurtda dowam etdirjek bolmak has-da gülkünç. 27-nji oktýabrda garaşsyzlygyň bir ýyllygy belenilen güni Aşgabatda geçirlen harby parada, zähmetkeşleriň demonstrasiýasyna tomaşa edenler nähili üýtgeşiklik gördülerkä? Onuň formasynda, mazmunynda düýpli üýtgän zat ýok. Öňki gyzyl reňke derek indi ýaşyl reňk agdyklyk edýär. Öň beýik taryhy ýeňişler üçin kommunistik partiýa, onuň syýasy býurosy mahabatlandyrylan bolsa, indi öňki syýasy býuronyň agzasy Nyýazowyň täk özi mahabatlandyryldy. Öň demonstrantlaryň eline baş sekretaryň, onuň egindeşleriniň, Leniniň portretleri berilýän bolsa, bu gün diňe Nyýazowyň portretleri berildi. Öň harby güýji, täze ýaraglary mazamlap, dünýä imperializminiň «betpäl toparlaryna» haýbat atylan bolsa, bu gün ýaragly güýçleri geçirmek bilen biz kimiň öňünde güýjümizi mazamlajak boldukkak? Bu gün biziň garaşsyzlygymyza howp salýan döwletler, toparlar ýok ýaly-la? Eýse, bu totalitar düzgünden galan köne endik dälmi näme! Onsoň hem tribunanyň öňünden geçip barýan harby tehnika erk edýän esgerler, goşun başga ýurduň – Rossiýanyň ygtyýaryndaky bölümler ahyry! Kişiň geýmini geýip, özüňi anjaýyn görkezjek bolmak kime derkar, heý, onuň zerurlygy barmy?! Umuman, biziň ýetmiş ýyllyk ýolumyz serdar diýen düşünjäni halys püçege çykardy. Ideologiýanyň ýasan serdarlary syýasatyň häsiýetine kybapdaş bolýarlar. Olar syýasat bilen döredilýär, syýasat bilen hem sahnadan düşürilýär. Ikinjiden: türkmenleriň arasynda serdar adyny alanlaryň ýasawy başgarak bolupdyr. Her taýpanyň, iliň öz serdary bolsa-da, türkmenleriň ähli ili tarapyndan ykrar edilen bir serdary bolupdyr diýip aýdyp bilmeris. Muny illeriň, taýpalaryň üzňelikde ýaşandyklary, merkezleşen döwletiň bolmandygy bilen düşündirse bolar. Şonuň üçin hem ilatyň üstüne harby howp abananda başarnykly adamlar öňe çykypdyrlar, batyrlykda saýlanypdyrlar, serdar diýen at alypdyrlar. Gopgun sowlup, asuda, parahat durmuş ýüz beren halatynda olar häkimlik wezipesini berjaý etmändirler. Eger biz halkymyzyň geçmişine üns bermekçi bolsak, bu taryhy hakykatdan sapak almaly bolarys. Zoraýakdan serdar ýasanmak düýnki sowet geçmişimiziň, onuň kommunistik ideologiýasynyň däbi. Şol däp Türkmenistanyň täze şertlerinde üstünlik bilen dowam etdirilýär diýse bolar. Noýabryň aýagynda prezidentiň press-sekretary Gurbanowyň «Serdar» atly kitabynyň rus diline terjime edilýändigi bilen baglylykda «Ostankino» hem beýleki rus telekompaniýalarynyň programmalarynda berlen habarlarda press-sekretaryň türkmenler hemişe serdar tutunmak (woždizm) däbine wepaly bolupdyrlar diýen pikiri nygtalyp geçildi. Gurbanowyň bu pikiriniň taryhy hakykata dogry gelmeýändigini edil ýokardaky belläp geçen hakykatymyz hem subut edýän bolsa gerek. Onsoň hem öz serdar ýasamak pyglyňy aklamak üçin halkyň taryhy ýörelgesini ýoýmak juda gödeklik bolýar. Bäş günlük şahsy bähbidiň üçin halkyň taryhyna şyltak atmak ahlak arassalygyna sarpa goýýan adamlaryň etjek işi däldir. Serdar tutunmak, ýurtda edilýän işleriň hemmesini bir adamyň tagallasyna ýöňkemek tоtаlitar düzgüniň häsiýetli aýratynlygy. Munuň soňy bir adamyň diktaturasy bilen gutarýar. Gynansak-da, biz ýene şol howply ýola tarap ýüzümizi öwürdik. 3. Biz döwletimizdäki asudalyga, milletara, tire-taýpa dawalaryň, çaknyşyklaryň ýokdugyna guwanýarys. Bu ýerde prezidentiň syýasatynyň belli bir derejede oňaýly täsiriniň bardygyny inkär edemzok. Emma asudalygy bir adamyň hyzmaty hökmünde görkezip, diňe onuň mertebesini arşa götermek maksady bilen ulanjak bolmak, ony her minut heçjikläp durmak minnetli aş iýdirilýän ýaly ýakymsyz duýgy döredýär. Halkyň süňňünden, tebigatyndan çykýan asylly häsiýetleri hem alga alynsa ýerine düşerdi. Ýene. Prezidentiň şu günki syýasatynyň netijeliligini ertirki günüň abadançylygy bilen kesgitlemeli bolar. Brežnewiň durgunlyk ýyllaryn-da asudalygam bardy, halkyň azyk bilen üpjünçiligi-de häzirkiden ganymatdy. Biz ol syýasaty ertirki günde döretjek betbagtlygy üçin, halklaryň, graždanlaryň hukuklaryna zarba urandygy üçin, ideologiýanyň öňünde şahsy mertebäniň kemsidilýändigi üçin inkär etdik. Nyýazowyň syýasaty şu sanalan elhençliklerden halky halas edip bildimi ýa-da ertir halas edip biljekmi? Ine, gep şu ýerde! Häzir Türkmenistanda söz azatlygynyň, saýlaw azatlygynyň ýokdugyny eýýäm telim öwre faktlar bilen nygtap geçdik. SSSR-iň düzümindekäk M.Gorbaçýowyň demokratiýa hem aýanlyk syýasaty biziň respublikamyzyň Ýokary Sowetine 1990-njy ýylyň ýanwarynda geçirlen saýlawlara biraz jan beripdi. Käbir saýlaw okruglarynda üç-dört kandidatyň bäsdeşligi dowam edipdi. SSSR-iň dargamagy bilen demokratiýanyň ojagaz paýy-da gutardy. Häzir, 1992-nji ýylyň 6-njy dekabrynda halk wekilleriniň saýlawlary bolmaly. Saýlaw bilen bagly hiç hili işjeňlik duýulmaýar, halkda biperwaýlyk bar. Häkimlikden berlen sanaw boýunça kandidatlar hödürlenýär. Olaryň hemmesi-de öňki kompartiýanyň (indi dempartiýa) adamlary, partiýanyň welaýat, etrap komitetleriniň sekretarlary. Olaryň ýüz prosent geçjekdikleri hemmä belli. Hiç hili alternatiw kandidit ýok. Birinji dekabrda merkezi saýlaw komissiýasynyň mejlisinden berlen habara görä, Türkmenistan boýunça döredilen 60 saýlaw okrugynda 61 kandidat registirlenipdir. Diýmek, diňe ýekeje okrugda iki adamyň bäsdeşligi bolmaly. Bu hem iliň gözüne çöp atmak maksady bilen bolaýmasa diý! Altynjy dekabr. Aşgabat şäheriniň köçeleri boşlaw, adam juda az. Meniň ýaşaýan ýerimiň golaýynda, ýagny, piwo zawodynyň gaýra ýanynda saýlaw uçastogy bar. Jaýyň öňüne halk wekilligine kandidatyň suraty, terjimehaly çap edilen kagyz ýelmenipdir. Ol Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň rektory Meret Baýramowiç Orazow. Biziň töweregimizde onuň kimdigini bilýän ýok, bilmäge hiç kimde isleg hem ýok. Men saýlaw uçastogynyň gapdalyndan gündiz sagat onlarda geçip gitdim, iki-eke bolaýmasa, golaý-goltumda başga adam görnenok. Agşamara eýýäm elleri ýaşikli adamlar öýleriň gapysyny kakyp ýörler, her kimiň öýde-de bolsa, ses bermeklerini haýyş edýärler. Şäheriň aglaba ýerinde şeýdip adamlaryň belli bir toparyna ses berdirildi. Ertesi saýlawlaryň geçişi hakynda hasabat berlende, onuň örän işjek ýagdaýda ruhubelentlik bilen geçendigi aýdyldy. Sowet Soýuzy mahalynda adamlar gorkularyna ses bermäge barýardylar, gyssanmaç býulleteni urna taşlap gaýdardylar. Indi baranoklar. Barylmasa-da, bu gezek hem 99,5 prosent gatnaşyk boldy diýlip, prezidentiň saýlawyndaky san gaýtalandy. Megerem, bu san indi Türkmenistan üçin hemişelik görkeziji hökmünde alnan bolmaly. Ine saňa täze demokratiýa! Ine saňa köne ideologiýa! 1992-nji ýylyň dekabrynda «Azatlyk» radiosy ýene bir täzeligi habar berdi. Bişkekde adam hukuklary hakynda halkara maslahat bolmaly, şoňa türkmen halkynyň wekilleri-de çagyrylypdyr. Emma milisiýa, milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri çagyrlan adamlara Aşgabatdan çykmagy gadagan edipdirler. Eger gidäýmekçi bolsaňyz wokzallar, aýeroportlar berk gözegçilikdedir, hökman ele salynarsyňyz diýipdirler. «Agzybirlik» halk hereketiniň agzasy Mämmet Sähedow adam hukuklarynyň Helsinki guramasynyň wekiline şeýle diýipdir: «1992-nji ýylyň 2-nji dekabrynda meni syrkaw ýatan ýerimden turzup, milisiýa bölümine alyp gitdiler. Maňa: «Bişkekde hukuk goraýjylaryň konferensiýasy geçmeli, saňa-da çagyryş bar, ýöne şoňa gitmeseň özüň üçin amatly bolardy» diýip duýdurdylar. Men: «Syrkaw ýatyryn, milisiýa öýümi gabaw ýagdaýda saklaýar, meni goňşularymyň öňünde oňaýsyz hala düşürdiňiz, hamala, men uly bir jenaýatkär ýaly» diýdim. Soňra meni öýüme goýberdiler, ýöne häli-şindi gelip, barlap durlar, Bişkege gaçyp giderin öýdüp gorkulary bardy. Men hakykatdan hem syrkaw ýatyrdym, rugsat berlende-de gidip biljek däldim.» Demokratik düzgüne ygrarlydygyny jar eden häkimligiň beýle konferensiýadan gorkmagyny näme bilen düşündirse bolar? Diňe jar eden ýoluna ters gelýän prinsiplere gol ýapýandygy bilen! *** Şahsyýet kultunyň çeper edebiýata, sungata, medeniýete, jemgyýetçilik pikirine ysmaz ediji zarbadygyny biz Staliniň zamanynda görüpdik. Şol miwesiz edebiýatyň ýürekgysdyryjy alamatlary ýene dolanyp geldi. Diňe Nyýazowy mahabatlandyryp ýazylýan goşgulara ýol açyldy. Ol zeýilli goşgular öň hem tom-tom ýazylypdy, täzelerini ýazyp oturmagyň geregi bir barmy diý. Leniniň, Staliniň adyny Nyýazowyň ady bilen çalşyraýmak galýar. Eger şeýle usul ulanylsa, galam haky diýip çemeçi adamlara berilýän serişdän-ä biraz tygşytlasa bolardy. Ýöne kult özüne gezek gelende serişde tygşytlamagy halamaýar. Şäherleriň, etraplaryň, gaýry obektleriň Lenin adyny göterýäni Nyýazowyň adyny aldy. Waspnama meselesinde her serdar öz awtorlaryny küýseýär. Muňa häzir Türkmenistanda gytçylyk ýok. Ada, wezipä, zada dalaş edýänler Nyýazowy mahabatlandyrmakda marafon ylgawyna goýberlene meňzeýärler. Muňa göz ýetirmegimiz üçin diňe «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1992-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykan sanynyň birinji sahypasyna seretmek hem ýeterlik bolsa gerek. Sahypanyň depesinde halk wekilligine kandidat, daşhowuzla şahyr Kakabaý Ülýasowyň «Türkmenbaşymyz» diýen goşgusy ýerleşdirilipdir. Uly goşgudan käbir setirler: Hudaýyň islegni täk Sende gördük, Muhammede çenli eltdik, göterdik. Göz-göz ýüregmizi eliňe berdik Bimarlykdan gutar, Türkmenbaşymyz. Sende gaýraty bar Hezret Alynyň, Diliniň senesi kiçi-ulynyň, Tylla pendin aldyň Magtymgulynyň, Aýdanyň ýer tutar, Türkmenbaşymyz. Ýeri, şu setirleri ýazan şahyr halk wekili hökmünde neneň edip prezidentiň işine seljeriji baha bersin?! Eger prezidentiň köşgüne şahyr gerek, waspnama ýazjak keseden bolmasyn, Mejlisiň özünden bolsun diýip edilen bolsa, onda başga gep. Köşge şahyrlaryň gerekdigini gazetiň şol sanynda Atamyrat Atabaýew ýörite goşgy ýazyp nygtaýar: Köşge diňe şa gerek däl, Şahyram gerek köşge. Her öňeten köşk şahyry bolup bilmez meselem. Dogry aýdýarsyň, Atamyrat, hakyky poýeziýanyň her bir ägirdi-de köşk şahyry bolup bilmez! Köşgüň köşk bolmagyna şahyryň zerurlygy hakyndaky pelsepäni birinji gezek Atamyratdan eşidýärin. Ol Nowaýy hem köşk şahyry bolupdyr diýip, bu gün Nyýazowyň şanyna ýokardaky ýaly suwjuk, paňkyllawuk setir ýazýanlary arkaýynlaşdyrmak isleýär. Nowaýyny tutaryk edinip, beýik adamy öz deňiňize çenli peseltmek size başartmasa gerek, hormatly Atamyrat! Birinjiden, Nowaýy köşkde oturan dosty Huseýn Baýkarany Muhammet pygamberiň derejesine göterjek bolanok, ikinjiden, Nowaýy köşk şahyry däl, ol tagtda oturan häkimiň ynamly weziri, döwleti dolandyryp oturan adam, üçünjiden, Nowaýy Soltan Söýüniň çagalyk, ýaşlyk dosty, öz idealyny amala aşyrmakdan ötri, onuň häkimligine gol ýapýar, emma köşk Nowaýy ýaly beýik adama-da wepa bermändir. Siz Nyýazowyň köşgüne halkyň agyr ýagdaýyna aglap, şonuň çäresini gözläp baraňzok, öz gara bähbidiňizi arap barýarsyňyz, at, zat, wezipe soraýarsyňyz. At alanyňyzdan soň prezidente ýörite hat gönderip, onuň merhemedi üçin, döredijiligiňize mynasyp baha bereni üçin minnetdardyňyzy aýdyp kiçelýärsiňiz. Çyn şahyrlaryň poýeziýasyna mynasyp bahany hiç mahal häkim berip bilmez, ony diňe halk berip biler. Eger şol baha häkimden çykýan bolsa, onda siziň döredijiligiňiziň häkime juda ýaraýan ýeri bardyr. Häkime ýaraýan poýeziýa köplenç halka ýaran däldir. Şol gazetde Annaberdi Agabaýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, ýylgaý Durdyýewiň goly bilen minnetdarlyk haty çap edilipdir. «Halk ýazyjy» adyny alan Baýram Jütdiýew hem hiç kimden pes oturanok. Gypjak obasynda sadaka beren Nyýazow onuň gözüne diňe «uly mertebeli prezident däl-de, beýik enäniň yhlasyny hem-de duzuny haklan ýurt ogly» bolup görüpdir. Hytaýda prezidentiň golaýynda gezip ýörkä, onuň kellesine şeýle pikir gelipdir: «Prezident halkynyň ruhy diwaryny galdyrýar!» Halkyň ruhy diwary ýykylypmydy diýip, Jütdiýewden soramak zerur. Azadynyň, Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň, beýleki klassyk şahyrlarymyzyň gözel poýeziýasy, halkyň döreden aýdym-sazy, sungaty, senedi ýykylmandy ahyry, ýoldaş Jütdiýew! Şular ýykylmadyk bolsa, onuň ruhy hem ýykylan däldir. Halys Nyýazowa diwar galdyrtmak isleýän bolsaň, başga bir diwary tapaweri! Ol häzir bäşinji öýüniň diwaryny galdyrtmak bilen meşgul. Gowusy, sen şol hakda ýaz, «Şükür bagşy» filminde hanyň täze donuny saz bilen wasp edýän Gulam bagşy ýadyňa düşmeýärmi?! Bes edäýeliň. diňe bir gazetiň bir sanynda şunça waspnama ýazylýan bolsa, ýene on-on bäş gazet çykýar. Dogrusy, häzir daşary ýurtlara resmi sapar bilen gidýän prezidentiniň samolýotyna münmek bagtyna ee bolmak üçin ýaryş gidýär. Gidip gelenleriň alkyşyny diňlemek ynsaby bar adamlary juda agyr duýgulara iterýär. 1992-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowyň töweregi bilen Hytaýa giden döredijilik işgärleriniň gelen batlaryna telewideniýeden eden çykyşlaryny diňläp, olaryň özlerini kemsidip oturyşlaryna nebsim agyrdy. Çykyş eden şahyrlaryň üçüsi golaýda «halk ýazyjy» diýen at alypdy. Bu ady olara halk bermändi, prezident beripdi. Prezidentiň öňünde bergilerini üzmek üçin olaryň jan çekişlerini görsediňiz! Lebziňden dänmek, adamçylyk mertebäňi kiçeltmek häzirki döredijilik intelligensiýasy diýen toparyň hökümet gullugyna ýakyn wekilleriniň esasy ýörelgesini düzýär diýseň ýalňyş bolmaz. Ýazyjylar birleşiginiň 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçen plenumynda «Garagum» žurnalynyň redaktory, «halk ýazyjy» atly Sapar Öräýew çykyş edip, prezident Nyýazowyň alyp barýan syýasatyny el-aýagy bilen goldaýandygyny, ýöne onuň metbugat toparyna girýän Gurbanow, Annagurbanow, Hojanyýazow ýaly žurnalistleriň suwjuk propagandasy zerarly prezidentiň halk arasyndaky abraýyna şikest ýetirilişi bilen ylalaşmajagyny gahar bilen aýtdy. Şol barada Nyýazowa hat göndermäge plenuma gatnaşyjylary çagyrdy. Öräwi goldanlar hem boldy. Bir aýdan soň ýaňky Öräýew prezidentiň gapdaly bilen Hytaýa gidip geldi. Gelen badyna telewileniýede çykyş edip, ýokardaky ýazgaran adamlarynyň familiýasyny ýeke-eke agzap, olaryň uly işler bitirýändiklerini, öz tagallalary bilen prezidentiň halk arasyndaky abraýyny götermäge ýardam edýändiklerini guwanç bilen uly ile buşlady. Bir aýyň dowamynda şol žurnalistleriň işinde hiç hili üýtgeşme bolmandy. Belki, Hytaýa alyp gidileni üçin kalbynda prezidente dörän minnetdarlyk onuň işgärlerine-de ýakymly söz aýtmaga Öräwi mejbur edendir? He-eý, hantamaçylyk gursun! Jemläp aýtsak, biz taryhyň beýik sapagyny äsgermezlik edýäris. Faşizmiň hakyky medeniýeti döretmäge ukypsyzlygy ýaly, şahsyýet kultuna gol ýapýan syýasat hem edebiýatda, sungatda umumy adamzat gymmatlyklaryna daýanýan eserleri döretmäge ukypsyzdyr. Biz muny sowet sistemasynda ýaşan ýyllarymyzda gördük. Emma taryhyň sapagyny seljermek, ondan göwnejaý netije çykarmak jemgyýetiň pikir derejesini kesgitleýän ölçegdir. Biz juda pes derejede duran ekenik. Şahsyýet kultunyň biziň kalbymyza sepen tohumy bu gün topragynyň amatyna garap ýene gögerdi. Bu örän gynançly hem pajygaly hadysadyr. Nyýazow biziň şu günki intelligensiýa diýip hasap edip ýören adamlarymyzyň aglabasynyň nämä ukyplydygyny görkezmegi başardy diýse bolar. Çemeçillik, hususy bähbit olaryň köpüsiniň idealy ekeni. Bu tüýsdäki adamlar bir şahsa, halka, ideologiýa ahyryna çenli wepaly bolmaýarlar. Häzirden olaryň käbiri Nyýazowy öwüp, soňundan onuň arenadan düşen pursatynda özüni nähili aklamagyň gamyny iýip ýör. Olar öwüp durkalar Nyýazowa dönüklik, biwepalyk etmegiň pikirinde. Totalitar düzgüni, onda-da kommunistik düzgüni ýepbekleýän ýaş žurnalistler Nyýazowyň Hytaýa saparyny mahabatlandyryp ýazan gepleşiklerinde Hytaýda dowam edýän ideologiýany, ony esaslandyryjy Maony arşa götermekden çekinmediler. Şonuň bilen bir mahalda-da Hytaýyň bazar ykdysadyýetine geçmek bilen uly ösüşlere ee bolandyklaryny nygtadylar. Maonyň kommunistik ideologiýasy bazar ykdysadyýetiniň ganym duşmany dälmi näme! Bir mahalda barlyşyksyz iki ideologiýany, ýagny kommunizm bilen kapitalizme mahsus bazar ykdysadyýetini öwüp bolmaz-a! Hytaýda bu babatda örän inçe syýasat alnyp barylýar, ilki şony mazaly seljermek zerur. Žurnalistleriň gepleşiklerindäki pikiriň özüne laýyk sebäbi bar. Türkmenistanda häzirki ideologiýa kommunistik ideologiýadan üýtgänok. Serdarlaryň kulty hemme ýerde bir meňzeş. Şol bir mahalda Nyýazow hem bazar ykdysadyýetine gol ýapýar, ol hem Türkmenistany Hytaýyň ösüş derejesine ýetirer diýen pikire ynanç döretjek bolýarlar. Emma Hytaýyň özboluşly ykdysady reformasy biziň düýşümize-de girenok. Hususy eýeçiligiň, hususylaşdyrmagyň düýbünden inkär edilýän ýerinde nähili bazar gatnaşygy bolup biler?! «Izwestiýa» gazetiniň 1992-nji ýylyň 28-nji noýabrda çykan sanynda Türkmenistanda telekeçilik hereketiniň ýagdaýy hakynda çap edilen makalada «Gaýrat» firmasynyň prezidenti Guwanç Jumaýew şeýle diýýär: «Ertirki güne hiç hili umyt ýok. Her gün saňa aýdylýan bir zat: muny etme, ony etme, munuň üçin entek garaş... Eger ykdysady ösüşiň türk modelini kabul etjegimiz çyn bolsa, onda olaryň edişi ýaly hususy biznesi ösdürmeli, telekeçileriň aýagy ýer tutar ýaly olara ýardam bermeli, ýogsa, biz absurd ýagdaýa sezewar edilýäris. Sen gurulşyk materiallary bilen meşgul boljak kiçi kärhana açmakçy bolsaň, hasaba aldyrmak üçin ispolkoma baranyňda, ol senden gurulşyk materiallary öndürýän ministrlikden razylyk hatyny getirmegi talap edýär. Gurulşyk materiallary ministrliginiň özi öndürip ýör ahyry!..» Hemme hukuk döwletiň ygtyýaryndaka, adamlar ykdysady taýdan döwlete doly baknakalar, demokratiýa hakynda nähili gürrüň bolup biler? Bir gün türk, başga bir gün hytaý ýoluny alýarys diýeniň bilen üýtgejek zat bolmaz. Şonuň üçin hem bazar ykdysadyýetine gol ýapan ýurtlar bilen biziň ykdysady gatnaşyk etjek bolmagymyz netije bermez. Bazar yktysadyýetine döwlet eýeçiliginiň möçberinde geçip bolanok. Dünýäde görülmedik bir zady amala aşyrmak Türkmenistana-da, onuň pygamber derejesine göterlen prezidentine-de başartmasa gerek. Biz öň «Komsomolskaýa prawda» gazetindäki makalany agzap geçipdik. Şol ýerde Nyýazow şeýle diýýär: «Jemgyýetiň bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçiş döwri dowam edýär. Şol döwürde islendik ýurtda halkyň goldawuna daýanýan öňbaşçy bolaýmaly.» Biz bu pikire garşy däl, ýöne gep şol goldawy nähili ýol bilen gazanmakda. Eger häkimiň kultuny galdyryp goldaw gazanyp bolar diýen pikire gulluk ediljek bolsa, beýle ýoluň netijesizdigini taryh telim öwre subut edip berdi. Goldaw çemeçi, ýaranjaň, ejiz adamlaryň tagallasy bilen gazanylmaýar, ony halkyň öňünde rowaçlyk döredip gazansa bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |