12:16 Biz kim ekenik: Nireden çykan intelligensiýa? | |
NIREDEN ÇYKAN INTELLIGENSIÝA?
1. Oba wäşisiniň düzen goşgusyndan bir topbagy ýadymda galypdyr: Hazan alan Nekelaý, Ak nan-bulka baý etdiň. Ýaşa ýoldaş Stalin, Arjanoýa zar etdiň. Obamyzda otuzynjy ýyllarda ölüp giden adamyň bu setirlerini ilki eşidenimde neşäniň humaryna maýyl, agzynyň aýdanyny gulagy eşitmeýän hudaýuran göz öňüme gelipdi. Ýönekeýje setirlere siňdirilen ajy ýaňsylama ýyllar geçdigiçe meniň paýhasyma ornady. Bendäniň derdine indi düşünýärin. Agyryly ýüregine biraz teselli bermek üçin neşäniň keýpine gol ýapan-da bolmagy ähtimal. Hudaýuranyň dört setirindäki hakykat otuzynjy ýyllaryň apalanyp gelnen täze edebiýatynyň tutuş mazmunyndan ýokarda duran ekeni. Gurhan Allatagalla alkyşdan başlanýan bolsa, täze adamy terbiýelemek niýeti bilen döredilen täze edebiýat Lenine, aýratynam Staline alkyşdan başlanýardy. Ol edebiýatyň özüne kybapdaş okyjysy özbaşdak oýlanmaga ukypsyz, çeýnäp berleni ýuwutmaga höwesek, şahsyýet derejesine göterlip bilmejek, diňe keşbine görä adama meňzeş köpçülikden ybaratdy. Gündelik görüp ýören durmuş, ýaşaýyş ahwalatlary, gün-güzeran ýagdaýy onuň üçin hakykaty aňladýan faktorlar däldi, her gün beýnisine guýulýan durmuşdan üzňe howaýy sözleri çyn hakykat ýaly kabul etmäge ram etdirlendi. Onuň öwrendikli endiginiň gorawynda döwlet möçberinde gaýym işleýän kuwwatly güýç durdy. Şol güýjüň öňünde durmak zehinli, ynsaply adamlara-da birde başartsa, köplenç başardanokdy. Ata Gowşudowyň kyrk ýyllap çap edilmedik «Perman» romanynda Stepan atly rus adamynyň obrazy berilýär. Bu obrazy ýazyjynyň zor aýakdan eserine sokandygy görnüp dur. Romanda geçen asyryň ahyrlarynda Türkmenistany Rossiýa birikdirmekde dörän pajygaly wakalary beýan etmäge synanyşylýar. General Skobolewiň harby ýörüşini, Gökdepe galasynyň synyşyny resmi syýasatyň ündewinden çykyp, taryhy hakykata görä görkezmek gadagandy. Ýüregi ýaraly ýazyjynyň töwekgellige baş urasy gelýär, şol bir mahalda-da eseriniň okyjy köpçüligine ýetmegini isleýär. Käbir egilşige gitmese, isleginiň başa barmajagyny bilip dur. Şonuň üçin hem Stepanyň obrazyny girizýär. Ruslar ýarag çekip, türkmenleri boýun egdirmäge gelen hem bolsalar, olaryň hemmesine ýaman diýip bolmaz, Stepan ýaly türkmenleriň azatlyk meýillerine düşünýänleri hem bolupdyr diýen pikiri tekrarlamak üçin edýär. Bu pikir ýazyjynyň görkezýän döwrüne häsiýetli pikir däl, otuzynjy ýyllarda taryhy galplaşdyrmak talabyndan dörän pikir. Syýasatyň islegine görä taryhy «dogrulajak» bolmak endigi taryhyň ýoýulmagyndan başga-da, sowet ösdürmleriniň dünýä garaýyşlaryny ýoýdy, ýoýulan aňy düzetmek taryhy hakykaty dikeltmekden has kyn. Ýeseriniň okyja ýetmegi üçin eglişige gitmeli bolan ýazyjynyň erkine badak atyp bilen syýasat beterine tutýar. Onuň islegini ret edeni bilen oňup durman, täze eglişikleri talap edýär. Ýazyjy iki oduň arasynda galýar. Bir tarapda taryhy hakykat, ikinji tarapda hakykat hökmünde okyja hödürlenmeli toslama. Elbetde, biz muny şu günüň belentliginden garap aýdýarys. Belki, ýazyjy iki oduň arasynda çykgynsyz günde galandygyny duýan hem däldir? Soňra «Köpetdagyň eteginde» romanyny ýazanda-da okyjysyna hakykata berimsiz toslama hödürleýändigine şübhe eden däldir? Romany türkmen okyjylarynyň ägirt gyzyklanma bilen okaýandyklaryny görüp, zehin sarp eden zähmetiniň ýerine düşendigine ynandyr? Ägirt zehinleriň agyr zähmetiniň ýele sogurlanyna oturyp-oturyp gynanýanlar az däl. Wagt suw kimin akdy gitdi, yzynda daş galmady. Hakykat daşa ogşaýar, biz hakykat diýip, suw gysymlan ekenik. Bir şahyr: men özümiň tankyt edilmegimden ol diýen gorup duramok, ýöne obada ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyň tankydy okap, oda düşjekleri meni howpurgadýar diýipdir. Bu boýun alma hakykata golaý, ýöne hakykatyň edil özi däl. Hakykatda, gorkýan diýip, göni aýtmaly. Dogan-garyndaşlaryň asudalygynyň bozulmagy seni howpurgadýan bolsa, seniň gorkýandygyň ujy iki däldir. Edebi tankyt gorkuzmagyň degerli guraly bolup hyzmat etdi. Bu babatda onuň ýyllar boýy toplan usullary, tejribesi bardy. Bela «ideýa taýdan yrga» diýen aýyplamadan başlanýardy. Hojalygy opuran emeldara çäre görlüşi ýaly, sowet okyjylaryny «ruhy opurylyşyga iterýän» ýazyjyny-da temmisiz goýmaly däldi. Ine, onsoň ýazyjy görgül-ä beýle-de dursun, hatda «ideýa taýdan yrga» eseriň redaktory işinden kowulman galsa, telpegini göge zyňar. Awtoryň indiki kitabyny neşirýatyň nähili kabul etjegi özüňize düşnüklidir. Men soňky 20-30 ýylyň çäresi barada aýdýan, ondan ozal ýokarky aýyplama dörediji adamyň «halk duşmany» hökmünde ýok edilmegine ýeser delil bolupdy. Kommunistik ideologiýanyň agyr labyrynyň astynda halys ýegşeren türkmeniň ruhy taýdan göýdük intelligensiýasy bar. Ol dörände agyr kesel bilen döräpdi, maýypdy. Onuň «halk intelligensiýasy» diýen ady ony «ýigrenji» buržuaz intelligensiýasyndan parhlandyrmalydy. «Halkdan çykan, halkyň agysyny aglap bilýändigine buýsanmaga hakly intelligensiýamyza şyltak atmagy bes ediň!» diýip gygyrjaklar hem tapylar. Köşeşiň, ýoldaşlar, duýguňyza erk ediň, paýhasa gol ýapyň!.. 2 1979-njy ýylda ogullarymyň sünneti bilen bagly üstümden ýazlan golsuz arzanyň herekete girizilen güni, üçünji maýda meni Türkmenistanyň kompartiýasynyň merkezi komitetine çagyrypdylar. Instruktor aýal meni arzanyň mazmuny bilen tanyşdyryp, fakt dogrumy diýdi, dogry diýdim. Belki, ogullaryňyzyň sünnetinden siz bihabar bolansyňyz, garrylaryň sizden bidin etmişidir? diýdi. Bu sowala geň galdym, biraz gatyrgandym. Öz razylygym bilen öz öýümde sünnet edildi diýdim. Instruktor meniň boýun almama gynandy, garrylaryň zoruna çydan dälsiňiz diýip, ýene öz delilini gaýtalady. Asyl ol-a maňa bahana etmäge, hakykaty gizlemäge ýol salgy berýän ekeni. Sünnet meselesi bilen gysaja düşen wezipedäki kommunistler köplenç günäni garry ene-atalarynyň üstüne ýükläp, jezadan sypmak üçin ant içip, awy ýalaýan ekeniler. Eger men hem şeýle etsem kommunist däldigim üçin maňa ynanarlar öýdülendir. Etmedim. Gysgaça düşündirişimde hiç kimi günälendirmän, öz razylygym bilen edilendigini görkezdim. Sünneti bahanalap, ýerli kadrlary zaýalamagyň gerim almagy närazylygy, gahar-gazaby artdyrsa-da, onuň garşysyna aç-açan protest bildirýän ýokdy, sebäbi günäkär tutulýanlaryň hemmesi diýen ýaly wezipedäki kommunistlerdi, olary goldamalam wezipede oturan kommunistlerdi. Nomenklaturada höküm sürýän düzgüne görä, bigünädigini bilip duran hem bolsaň düýnki ýoldaşyňy goramak partiýa garşy iş görmek bilen deň saýylýardy, eger ony depelemäge golutgy berseň, şahsy bähbidiňe amatly bolaýmagy juda ähtimaldy. Adamçylyk jähetden raýdaşlyk ol düzgüniň tebigatyna ters gelýärdi. Maňa garşy ýazlan arza bilen bagly, belki, merkezi komitetde oturan ýerli ýolbaşçylar özleriniň abraýyny galdyrmaga amatly taktikany ulanmakçy bolandyrlar? Arza ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde maslahata goýulsa, garaşylýan netijäni berse gerek! Ýöne merkezi komitet Jumageldiýewe ýazyjy hökmünde döwlet baýragynyň berilmegine garşy däldigini prawleniýeniň ýolbaşçylaryna nähilidir bir äheň bilen duýdurmaly bolar. Elbetde, Jumageldiýew partiýa agzasy bolan bolsa, beýle töwekgellige gidip bolmazdy. Kommunistiň ykbalyny merkezi komitetiň ikinji sekretary bilen partiýa-guramaçylyk bölüminiň müdiri çözýärdi, aýratyn hem bölüm müdiri Şmit rehimsizlik görkezýärdi. Bu iki wezipede oturan adamlar Moskwadan iberlen adamlardy, partiýa agzasyna olardan bidin kömek etmek bolmajak zatdy. Ýeger äheňi aňan ady belli ýazyjylar sünnet bilen bagly dowam edýän zorluklara garşy haýsydyr bir pikir aýtsalar, halk arasyna onuň derrew ýaýrajagy bigümandy. Belki, bu ýagdaý merkeziň dikmelerini oýlandyrar? Ýogsa, kadrlaryň üstünden eden-etdiligiň uzaga çekmegi birinji sekretar Gapurowyň-da, ideologiýa sekretary Mollaýewanyň-da türkmenleriň arasynda abraýyna juda zeper ýetirýärdi. Men merkezi komitetden gaýtmazymdan öňinçä: «Eger Magtymgulynyň adyny göterýän döwlet baýragy sünnede seredilip beriljek bolsa, maňa beýle baýrak gerek däl» diýdim. Meniň düşündirişimem, soňky gönümel sözümem ýolbaşçylara ýaramandyr. Onda-da Gapurowyň arza goýan rezolýusiýasyna görä, meseläni ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde ara alyp maslahatlaşmaly diýen netijä gelinýär. Baýraga hödürlän prawlenie, goý, prawlenie ýene pikirini aýtsyn. Şol pikire baglylykda-da ýokarda mesele çözülmelidi. Meniň yz ýanymdan prawleniýeniň başlygy Täşli Gurbanowy merkezi komitete çagyrypdyrlar. Ýüze çykan ýagdaý bilen baglylykda meniň prawleniýeniň adyna hat ýazmagymy haýyş edipdirler. Soňky bolan gürrüňleriň äheňine görä, men şeýle many aňdym. Meniň ýazmaly hatymyň äheňi ýumşak bolmaly. Ogullarymyň kiçisi alty ýaşynda, sünnet oňa birnäçe ýyl öň edilipdi, eger şol zerurlyk şu gün ýüze çykan bolsa, belki, men beýle ýalňyşlygy goýbermezdim diýen ýaly äheňde bolmaly. Eger meniň haýsydyr bir egilşige gidýändigim duýulmasa, ýazyjylar meni gös-göni goldamakdan çekinerler, olaryň hem köpüsi partiýa agzasy, islänini Şmit mynjyradyp biljekdi. Ýene bir amatsyz ýeri, ýazlan golsuz arza ýazyjylaryň gatnaşygynyň bolmagy gaty ähtimaldy, olar maslahatyň geçişine juda newsewür gararlar, niýetleriniň başa barmajagyny bilen halatlarynda, ýene arza ýazarlar, golsuz arzany ýazmak itiň aňsady. Men başda ýokarky ssenara kes-kelläm garşy boldum, beýle ýagdaýda beriljek baýrak berilmän geçsin diýdim. Meniň iň hormatlaýan adamlarymy bu işe çekdiler. Sen alyp barylýan syýasata düşün, kejirlik etme, eger şu gezek golsuz arza ýazanlaryň diýeni geçmese, beýleki adamlaryň bähbidine-de iş görüldigi bolar, ýogsa sünnet meselesi her kimiň depesine gezelen gylyç bolup dur, şol gylyjy bir gezek yzyna zyňmaga kömek edip biljegiňe düşün diýdiler. Garaz, men Gylyç Kulyýew ýaly hormatlaýan adamlarymyň diýenine ahyry hä diýmeli boldum, ýokarky äheňdäki haty prawleniýeniň adyna ýazdym. Prawleniýede çykyş edenleriň agramly bölegi golsuz arza ýazanlary ýazgardylar. Gylyç Kulyýew, Towşan Esenowa dagy umuman sünnet diýen zadyň çaganyň saglygyna peýdalydygyny nygtadylar. Ýazyjylar guramasynyň partorgy Aşyr Nazarow pozisiýasyny has-da aýdyň beýan etdi. Şular ýaly namartlyk bilen ýazylýan golsuz arzalar zerarly ýazyjylaryň mertebesiniň kemsidilmegine üzül-kesil garşy durmalydyrys diýdi. Tankytçy Hanguly Taňryberdiýew golsuz arzany ýazany anyklamagy organlardan haýyş etmeli diýen teklibi orta atanda, käbir ýoldaşlaryň ýegşerişlerini göremde, olaryň boluşlaryna nebsim agyrdy. Ertiriň özünde merkezi komitete ýene golsuz arza düşüpdir, prawleniýeniň mejlisiniň geçişinden nägilediklerini ýazypdyrlar. Jumageldiýewiň agyr etmişini ýazgarmaga derek, gaýta arza ýazany näletlediler diýip zeýrenipdirler. Ýene ýegşerlenler göz öňüme geldi. Elbetde, ol mahal golsuz arzany ýazanlaryň tapylmajagy bellidi. Hawa, maňa haýsydyr bir jeza bermegi orta atanlar hem boldy. Umuman, bu maslahatyň ýaňy halk arasyna tiz ýeten ekeni. Ýazyjylaryň protestlerine minnetdar bolanlaryň sözüni öz gulagym bilen hem eşitdim. Ýöne bu ýakymsyz fakt meniň kalbymda hemişelik agyr gussa galdyrdy. Şol mahalky syýasat bilen baglylykda oýlanyp görseň, meniň, maňa duýgudaşlyk bildirenleriň hereketini ýüz prosent aklap hem bolar, ýöne halkyň mertebesine agyr şikest ýetirýän şeýle masgara oýunlara gatnaşmaly bolnandygyna gynanýarsyň. Asyl indi seredip otursak, kommunistik syýasat tutuşlygyna masgara oýna çalym edip barýar. Şol oýny çyn hadysa hökmünde mahabatlandyryp gelen edebiýata näme diýjek?! 3 Men 1983-nji ýylda SSKP-niň agzalygyna kandidat bolup geçdim. Ýaşym kyrk bäşe ýetipdi. Indiden soň ýaş kommunist adyny göterip ýörer ýaly näme bähbidiň bar diýip, degişme äheňinde soraýanlar hem tapyldy. Hakykatda, bu degişme däldi, döwrüň häsiýetine görä iňňän çynlakaý sowaldy. Olara derek degişmäni özüm dowam edýärdim: hawa-da, bu çaka çenl-ä ýaş ýazyjy diýip geldiler, altmyşyňa çenli-de ýaş kommunist bolsaň, ýetmişiňe ýetýänçäň hem ýaş pensioner diýseler, tüýs bolaýjak özi! Ätiýaçdan, meniň ýalylara raýkomda berilýän adaty sowaly-da ýatlatdylar: «Näme sebäbe bu çaka çenli partiýa geçmän gezdiň?» diýerler. Komissiýanyň göwnünden turaýjak taýyn jogaby hem aýtdylar: «bu mahala çenli özümi partiýa agzalygyna mynasyp görmedim» diýäýmelidir. Agzyňa salnyp berlen sözi gaýtalamagyň kynçylygy ýokdy, ýöne men ýaýdanýardym, sebäbi ýeňil diýilýän jogabyň aňyrsynda birgiden sowal ýatyrdy. Iň bärkisi, näme üçin özüňi mynasyp görmediň diýseler? Şu güne çenli ýaşan ömrüňi şübhe astyna almalymy? Muny edip biljek däldim, başga biri şeýle diýäýende-de gaýtawul bermäge taýýardym. Men ýokarky sowalyň özümi kanagatlandyrjak anyk jogabyny tapmanam raýkomyň komissiýasyna bardym. Näçe kitap ýazandygymy, galam hakymyň näçä ýetýändigini soradylar, meni ýaýdandyrýan sowaly bermediler. Atly ýazyjynyň partiýadan daşary bolmagyny isleýän däldirler, partorg arzaňy raýkoma elten mahaly eýýäm seniň agzalyk meseläň çözülendir diýenler mamla bolsun gerek. Döredijilik intelligensiýasyndan partiýa götermeklige juda seresap çemeleşilýändiginden, soýuzyň ilkinji partiýa guramasynyň üsti bilen iki-üç ýylda bir adamy zordan agzalyga geçirip bolýandygy hakynda partorgyň häli-şindi zeýrenýändiginden habarlydym. Rast şu ýyl soýuzyň guramasyna bir ýer berlen bolsa, şol ýer üçin kimiň arzasyna seredilmelidigi öňünden gepleşilip goýlan bolmaly. Ondan bäri on ýyl geçdi, onuň sekiz ýyly hakyky partiýa agzalygynda geçdi. Partiýa biletini meýletin tabşyranyma bir ýyl dolup barýar. Häzir hem raýkomda berilmedik şol sowal meni erkime goýanok, oňa anyk jogap tapyp bilmän kösenip ýörün. Dogrudan hem kyrk bäş ýaşymda partiýa agzalygyna arza bermäge meni näme mejbur etdikä? Adatça, wezipehalar adamlar partiýa girmäge ýykgyn edýärler. Eger mende şu kesel bolan bolsady, ol ýigrimi, otuz ýaşlarymda duýdurardy, gaýta, ýagdaý bolsa edaranyň işinden ara açyp, diňe döredijilik bilen meşgul bolmaga çalyşýardym, maddy ýagdaýym mümkinçilik beren halatynda arza berip işden gidýärdim, otuz ýyllyk zähmet ýolumyň ýarsyndan köpüsi edarasyz geçipdir, edil häzirem gullukdan halas. Ýetmişinji ýyllaryň ortasynda türkmen ýazyjylarynyň gurultaýyna gatnaşan SSKP MK-nyň instruktory arakesmede meni çete çekip: «Partiýa girmäge hyýal edeňzokmy?» diýdi. Men dilime gelen jogaby berip goýberdim: «Bu mesele diňe meniň islegime bagly däl». Instruktor geňirgenip durdy, soň hem köpmanyly ýylgyryp: «Men-ä beýle pikir etmezdim» diýdi. Şeýle sowaly birki gezek öz merkezi komitetimiziň ýolbaşçylaryndan hem eşidipdim, olara-da ýokarky jogabymy gaýtalapdym. Olar jogabyň manysyny anyklaşdyryp oturman, meniň çynlakaý pikir etmegimi maslahat beripdiler. Höwesimiň ýokdugyny aňan bolmaklary-da ähtimal, müňläp höwesek ylgap ýörkä, meniň näzimi çekmek nämä derkarmyş! Käşgä, diýlene hä diýip, gulagyny ýapyryp gezjek adam bolsa. Uly ýygnakda söz alagadan diýmesiz bir zady diýer goýberer, onuň bolgusyz erkinligi artykmaç azara goýar. Arzylap partiýa götereniňizem şumy diýilse nätjek? Howpsuzlyk komitetinde-de dosesi galňap gidip otyr... Özüm babatda şeýleräk gatnaşygyň dowam edýändigini aňýardym, howsala-da düşjek bolup ýöremokdym. Rast olaryň ündeýän ýörelgesine köre-körlük bilen eýermejek bolsaň, partiýada nä görüň bar, onuň agzasy däldigiňe hiç mahalam gynan adam däl-ä sen. Diýmek, partiýada bolman hem ýaşap boljak ekeni, gaýta käbir meselede onuň amaty bar. Onda näme sebäbe arza beripdirin? Kesekiler üçinem, özüm üçinem belli bir derejede arkaýynlaşara jogap tapyp biljek. Andropowyň partiýanyň baş sekretarlygyna geçmegi bilen adalatyň, tertip-düzgüniň ýola goýulmagyna umyt döredi, şoňa ýardam etmäge, partiýa agzasy hökmünde degerli sözüňi aýtmaga wagt ýetdi diýsem bolmajakmy? Bolardy, ýöne bu hakykatyň ýarsydy, meni kanagatlandyranokdy. Belki, partiýa agzalygy daşary ýurtlara gitmegime edilýän bökdençliklerden dyndarar diýen ynanja gol ýapandyryn. Ähtimal, ýöne bu hem meni kanagatlandyranok. Belki, partiýa dahylsyzlygyň wagtal-wagtal seni jemgyýete dahylsyz bir ýagdaýda goýandyr, seniň bolsa, jemgyýetde görnükli orun tutasyň gelýändir, oňa täsiriňi önjeýli ýetiresiň gelýändir, muny partiýadan daşgary amal etmegiň mümkin däldigine göz ýetirensiň. Bizde partiýa hemme zat ahyry: häkimlik, mertebe, ykbal çözgüdi... partiýasyz çöp başy gymyldanok. Oýlanyp otursaň sebäp tapyljak, emma olary bir ýere birleşdirip, olardan bütewi, gutarnykly delil ýasap bilemok, tokga tutanok, sähel agram düşse pytyrap ýatyr. Bu pytyraňňylyk biziň durmuşymyzyň şekilinden, mazmunyndan döreýärdi. Biz bölekleri aýry-aýrylykda görmäge ukuplydyk, bütewilikde göz öňüne getirmekden mahrumdyk. Men hem şol mahrumlaryň biridim. Perwana-da topulýan oduna ýanjagyny bilenok ahyry. Onuň tüm garaňkydan çykyp, ýagtyda ýaýnasy gelýär, ody Gündür öýdýän bolmagy ähtimal. Her bir ýagty saçýan zadyň Gün bolup bilmejekdiginden bihabar. Biz şol perwana döndük. Gullaryň bolşunda perwana meňzeşlik bar, ýöne öz ýurdunda gula öwrülen adamlaryň kysmaty has-da gözgyny. Hakyky gullarda Watanyna, azatlyga ýetmäge isleg bar, öz ýurdunda gula öwrülenlerde iň arzyly islegi gün-güzerany aýlamagyň aladasyna bagly bolup durýar. Ol hemişe töwerekden hemaýat, dalda isleýär. Onuň özüne ynamy ýok, oduň töweregindäki tümlükden gorkýar. Has gönüläp aýtsam, biz partiýany tümlügi serpip bilýän ot hökmünde görýärdik, janymyzy ynanýardyk. Ýetmiş ýylyň dowamynda döredilen täze din bizi perwana öwrüpdi. Biz bu gün garaşsyz döwlete ýetdik diýip heşelle kakýarys, ýöne oda ýanmak howpundan dynmandygymyza düşünmelidiris. Oduň töweregindäki tümlükden gorkýarys. Şol gorkudan dynan mahalymyz oda ýanmak howpundan hem dynsak gerek. 4 Ýazyjylaryň ýygnagynda özüni demokrat saýýan ýaş awtor çykyş edip, türkmen sowet edebiýatyny döredenleri aýyplamakdan ötri, esasy delilini öňe sürdi: durgunlyk ýyllarynyň döwlet syýasatyna garşy ýekeje-de eser döredilmändir, segsen bäşinji ýylda aýanlyk syýasaty yglan edilip, senzuranyň öňki gadagan eden kitaplary Rossiýada, beýleki sowet respublikalarynda köpçülige ýetirilýän mahalynda, türkmen ýazyjylarynyň iş stollarynyň tahylynyň boşdugy aýdyň boldy. Olar ileologiýanyň görkezen ugury bilen ýöräpdirler, şeýdibem gullara mahsus erksizlige uýgunlaşyp gidipdirler. Ýaş ýazyjynyň aýyplamasyny diňläp oturmak ýakymsyz hem bolsa, ony ýalana çykarmaga het eden tapylmady, ýogsa sosialistik realizmiň gudraty bilen dörän öňdebaryjy diýilýän edebiýatyň görnükli wekilleri hökmünde ynam bilen zähmet çekip gelenleriň hormatyna, at-abraýlaryna, buýsançlaryna zarba urulýardy. Olaryň köpüsi bu zarbanyň wagtlaýyn kompaniýa boljakdygyna, demokratiýanyň düzde döräp, çägä ýetende gutarýan tüwelee çalymdaş bir alamatdygyna ynanýardylar. Entek häkimiýetiň başynda kommunistler otyrkalar, olar öz ideologiýasyndan, edebiýatyndan el çekmezler. Olar häzir at oýnadýarlar, güýçlüniň oýny-da çyna berimsizdir. Tribuna çykan ýaş awtoryň sesini meşhur basnýadaky pile üýrýän moskajygyň jöwwüldisine meňzedýärdiler. Men ýaş awtoryň matlabyna düşünýärdim. Onuň gazaply äheňi türkmen intelligensiýasyny nalajedeýin hala düşüren sistema garşy gönügen bolsady, belki, döredijilik ýoluny ahyrlap barýan adamlaryň zähmetiniň boş geçendigine nähili hem bolsa, düşünmek meýli dörärdi. Emma ol ýaş awtor ideologiýa tabyn bolanlary jenaýatkärler hökmünde jezalandyrmaga höwes edýän garalawjyny ýada salýardy, ol gaharlydy. Ol durgunlyk diýlen ýyllarda türmä, dälihana dykylan Annasoltan Kekilowanyň, Paýzy Orazowyň keç ykballaryny mysal getirip, olar agalyk ediji ideologiýa garşy göreşde pida boldular, şonuň üçin hem olar sizden belent diýen manyny ýaňzydýardy. Düýnki gün atlarynyň hem tutulmagy halanmaýan adamlary bu gün arşa götermäge mümkinçilik beren döwri özi getiren ýaly hondan bäridi, bitirmedik hyzmatyna eýýämden töleg talap edýärdi, oturanlaryň şan-şöhratyna, gazanjyna gabanjaň garap, özüni kemsidilen adam hökmünde görkezmäge ýykyn etmek meýli duýulýardy. Hawa, zalda sesini çykarman oturanlar ýaly, tribunadan gygyrýan ýaş awtor-da sistemanyň döreden adamydy. Ol hem alan terbiýesine görä, günäkär, duşman gözlemäge howlugýardy, derrew haklaşmak islegindedi. 1991-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň ýazyjylarynyň nobatdaky gurultaýy bolup geçdi. Hemişekileri ýaly bu saparam oňa Ministrler Sowetiniň mejlisler zalyny berdiler. Iki güne çeken gurultaýyň işine prezident, kompartiýanyň birinji sekretary Nyýazow başdan-aýak gatnaşdy, soňra öz adyndan ýörite banket berdi. Bu gurultaýda ilkinji gezek merkezi komitetiň ideologiýa sekretarynyň doklady diňlenmedi, ilkinji gezek ýazyjylar öz atlaryny görnüklileriň, ortalykdakylaryň, pesdäkileriň hatarynda eşitmekden mahrum boldular. Kimseleriň gynanyp, kimseleriň arkaýyn dem alan bolmaklary-da ähtimal. Prezident gysga çykyşynda ýazyjylary agzybirlige çagyrmak bilen hemişe olaryň aladasyny etmäge höweslidigini aýtdy, edil häzir hem şäheriň dag tarapyndaky seleň ýerden olara daça bermegi buýrandygyny habar berende, zaldakylar tolgunyp el çarpdylar, bu bagtyň öňi bilen özlerine miýesser edendigine monça boldular. Gurultaýyň dowamynda ýedi-sekiz adamyň mejlisi taşlap gidendiklerini aýdaýmasaň, galan ýagdaýdan prezident närazy bolandyr öýdemok. Ýazyjylar birleşigine degişli orunlar, wezipeler parahatlyk bilen paýlaşyldy, mundan bu ýana demokratiýa, aýdyňlyga laýyk juda netijeli işlenjekdigine söz berildi. Men hem prawleniýeniň sekretarlygyna saýlananlaryň biri, ýöne apparatda işlämok, aýlyk-günlük alamok. Şondan bäri geçen bir ýyldan gowrak mahalyň dowamynda üç-dört öwre sekretarlaryň ýygnanyşygyna gatnaşdym diýäýmesem, başga bir agyz dolduryp aýdara eden işim ýok. Togsan ikinji ýylyň başynda prawlenie arza berip, sekretarlykdan boşadylmagymy haýyş etdim. Bir ýyl geçip-geçmän meni arza ýazmaga mejbur eden sebäp nämekä diýjegiňizi bilýärin. Bu sowala jogap bermezden ötri, gurultaýly gürrüňi biraz aňyrdan başlamakçy bolýaryn. 5 Adatça döredijilik işgärleriniň, şol sanda ýazyjylaryň-da nobatdaky gurultaýynyň golaýlaşmagy bilen içki toparlaryň arasyndaky gapma-garşylyklar ýitileşýärdi. Gapma-garşylyklaryň düýbünde ideologiýa göreşi, durmuşa, jemgyýete dürli garaýyşlar ýatandyr öýtmäň. Bu hakda gürrüň hem bolup bilmez. Ýazyjylaryň aglabasy kommunistik partiýanyň agzalary. Ýazyjylar soýuzynyň saýlawly orunlaryna girýänleriň kandidaturalary uçdan-tutma partiýa ýygnagynyň süzgüjinden geçirilýärdi. Kadidaturalary hödürleýän hem merkezi komitetiň sekretarydy. Esasy dawa prawleniýedäki wezipeleriň üstünde gopýardy diýsem ýalňyşmaryn. Prawleniýeniň başlygy, sekretarlary, gazet-jurnallaryň redaktorlary, edebiýat fondunyň direktory... bu wezipelere göz dikip ýören az däldi. Jylawyň birine ýapyşyp bolsa, indiki gurultaýa çenli anjaýyn gün görüp ýaşasa boljak. Häli-şindi merkezi komitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp duranyň nämä degmeýär! Ýazyjylaryň ykbal çözgüdine dalaş edýän meselelerde öz islegiňi aýdyp bilýärsiň: garşydaşlaryňy püçege çykar, tarapdarlaryňy asmana göter. Hormatly atlara hödürlemek, baýrak bermek, kitap çykartmak, esere baha goýmak esasan ýazyjylar birleşiginiň tagallasy bilen amal edilýän çärelerdi. Şu düzgüne boýun synyp ýaşamaly, ýazyjynyň başga gidere ýeri bolmaz. Metbugat, neşirýat, radio, telewidenie döwletiňki. Döwlet kimiňki? Döwlet kommunistik partiýanyňky. Partiýa döredijiler babatda öz ideologiýa ýolbaşçylygyny gös-göni ýazyjylar soýuzynyň üsti bilen amala aşyrýardy. Islendik awtoryň islendik eserini ýekeje jaň bilen neşirýatyň tematik planyna saldyrybam, plandan zyňdyrybam bolýardy. Islendik awtor hakynda jemgyýetçilik pikirini döretmek üçin gurultaýlarda, plenumlarda okalýan dokadlarda onuň adyny agzamak ýeterlikdi. Esasy tutaryk ýazyjynyň durmuş pozisiýasyndadyr. Ony nähili kesgitlemeli? Partiýanyň ideýalaryna wepalylygy bilen! Eseriň çeperçilik derejesi-de ideýa sagdynlygyna baglydyr! Häsiýet, obraz diýeniň ikinji derejeli zatlar. Ine, şu ýörelge harby ustawa çalymdaş edebiýaty döretdi. Ýazyjylaryň içki toparlanşygy aglaba regionlar esasynda döreýär. Il gözüne merkezi komitet bu nogsany ýazgaran bolýardy, onuň öňüni almakdan ötri, ýazyjylar soýuzyna agza kabul etmek, ýygnaklara delegasiýa ibermek ýaly meselelere-de aktiw gatnaşýardy, her regionyň wekilçiligi deňeçer bolsun diýen talaby goýýardy. Sözde ýazyjylaryň içki toparlanşygy ýazgarylýan hem bolsa, hakykatda onuň dowam etmegi partiýa ýolbaşçylaryna ýaraman duranokdy. Birinjiden, islän ýazyjyňy toparlanşyga meýil bildirýär diýip aýyplap bolýardy, ikinjiden hem, ýazyjylaryň agzybirligine juda ätiýaçly garalýardy. Olaryň arasyndaky agzybirlik milli medeniýetiň, milli ruhuň derejesiniň pesdigi baradaky howply gürrüňleriň ýüze çykmagyna getirmegi ähtimaldy. Şonuň üçin hem, goý, olar özleriniň maýda dawalary bilen meşgul bolubersinler, biri-biriniň aýagyndan merkezi komitete ýazýan arzalary, şykaýatlary azalmasyn. Zerur ýerinde olar ýeser tutarykdy. Döredijilik soýuzynyň ýolbaşçylygyna hödür edilen adamlaryň garşysyna iş görülmeginiň ähtimaldygy duýlan halatynda merkezi komitetdäkileriň çyndan howsala düşýändiklerini ençeme gezek gördüm. Närazylyk bildirýän adamlary birinji sekretaryň gürrüňe çagyrýan halatlary-da bolýardy. Ol sypaýçylyk bilen agzybirlige, ylalaşyga çagyrardy. Iň ýokary wezipedäki adamyň islegine garşy gitmegiň nähili ýakymsyz netijelere getirip biljegine çagyrlanlar düşünýärdi. Uly adamyň özleri bilen mylakatly gürleşmegini gazanylan möhüm ýeňiş hökmünde kabul edip, göwünlerine teselli bermekden başga olara çykalga galanokdy. Şeýlelik bilen gurultaýlaryň agzybir, asuda ýagdaýda geçmegi gazanylýardy. Soňky gurultaýyň aladasyny prezident Nyýazow tutuşlygyna öz üstüne aldy. Garşylykly iki toparyň wekillerini üç-dört gezek kabul etdi, olary ylalaşdyrmaga synanyşdy, emma bu synanyşygyň näme bilen gutarandygyny gurultaýyň ikinji gününde azlyk toparyň esasy ýolbaşçylarynyň mejlis zalyny taşlap gitmekleri görkezdi. Beýle bolar öýdüp prezident garaşman ekeni. Mejlisleri taşlap gitmek ýaly ýagdaýlar eýýäm SSSR-iň çäginde geň görülenokdy, bu babatda Soýuzyň deputatlary görelde bolmaga ýetişipdiler. Her näme-de bolsa, bu Türkmenistan üçin geňdi, köne biçüw bilen ölçeýänler bu akty zalda oturan prezidente jort atmak ýaly görýärdiler. Hakykatda welin, beýle däldi. bu biziň entek demokratiýa diýilýän geň hem garaşylmadyk zada düşünişimizden gelip çykýardy. Totalitar režime häsiýetli tekepbirligiň demokratiýanyň lybasyna dolanjak bolşudy diýse-de bolar. Azlygyň köpüň pikirine, gurultaýyň kabul eden gün tertibine garşy öýkeli protestidi, belli bir derejede, demokratiýanyň garşysyna protestdi diýseň-de bolar. Beýle diýdigim köpçülige daýanan bu gurultaý demokratik häsiýetde geçdi diýdigim däl. Gurultaý hakyndaky soňky çykyşlarda, pikir alyşmalarda onda çeper edebiýatyň gürrüňiniň bolmandygy aýdylýardy. Şu pikir dogry. Hakykatyna seretseň, edebiýat hakynda çynlakaý gürrüň bolup hem biljek däldi. Haýsy edebiýatyň çynlakaý gürrüňini etmeli? Täze syýasatyň jar edilen döwrüne çenli döredilen edebiýatyň gürrüňini etmelimidi? Rossiýada eýýäm onuň üstüne atanak çekip ýördüler, agalyk eden sistemanyň inkär eden eserleri indi ýörgünlidi. Bizde ol zeýilli eserler bolmandy. Beýlekileri köteklemäge-de biziň gaýratymyz çatanokdy, sebäbi öz döreden eserlerimiziň aglabasyny ret etmelidik. Muny bolsa, diňe täze tipli edebiýaty döretmäge ukyply, şonuň bolmalydygyny süňňi bilen duýýan şahsyýetler edip biljekdi. Gynansak hem, zalda oturanlar entek geçmiş bilen gatnaşygyny anyklamaga ýetişmändiler, köpüsi muňa ukypsyzdy. «Ertiriň şerinden şu günüň haýry» diýýänler köpdi. Şonuň üçin hem edebiýat hakynda dymmak amatly görülendir. Türkmen sowet edebiýatynyň beýik mazmuny, belent ideýasy barada gürlemegiň indi gülkünç görülmegi ähtimal, döremeli diýilýän täze edebiýatyň hem nämedigini hudaý bilsin! Ýazyjylaryň-da durmuş ýagdaýy gün-günden agyrlaşyp barýar. Belki, prezidentiň merhemetinden peýdalanyp, maddy taýdan ýeňillikler, hormatly at, sylag-serpaý alyp bolar. Ine, şu pragmatizm, hantamaçylyk üstün çykdy diýsem ýalňyşmaryn. Beýle masgara ýagdaý barada soňky pikir alyşmalarda-da aýdyldy. Bu biziň sistema syýasy hem ykdysady taýdan doly elgarama edilendigimiziň netijesidi. Edebiýata, sungata gazanç çeşmesi hökmünde garap, ony käre öwren adamlar üçin döredijilik soýuzlar ideologiýa hojalygynyň kolhozlarydy, döredijiler bolsa, şol kolhozyň kolhozçylarydy. Kolhozda önüm öndürilýän bolsa, bu ýerde eser ýazylýar. Önüme ol ýerde-de, bu ýerde-de döwlet baha kesýär. Nähili öndürmeli, haýsy önümlere has giň ýol açylýar, bu taýda-da nähili eserler ýazmaly, haýsy temalaryň has gereklenýändigi açyk aýdylýar. Kolhozda pagta monokultura, edebiýatda önümçilik hem işçi temasy monotema. Ol taýda önümçilik fronty, bu taýda ideologiýa fronty. Ikisi-de döwletiň kassasyna garaşly. Ol taýda-da, bu taýda-da sosialistik zähmet edermenligi üçin bir orden, bir döwlet baýragy. Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at ol taýda-da, bu taýda-da berilýär. Bir türkmen kompozitory şu adyň berilerine garaşyp, iki ýyl ýubileýini belletmän gezdi. Ahyr soňunda-da garaşylan hezillik bolmany üçin ýetmiş ýaş ýubileýini ýetmiş ikisinde bellediler. Kommunistik sistema ýekebara hojalygy ýigrenişi ýaly ýekebara pikiri-de ýigrenýär, ýekebara hojalygy ýok eden güni ýekebara pikiri-de ýok edipdi. Ykdysady hem ruhy taýdan gul hala ýetirlen intelligensiýanyň islegine, tebigatyna has ymykly göz ýetirmäge soňky gurultaý prezident Nyýazowa amatly pursady döretdi diýse bolar. Ýazyjylaryň mysalynda ol ähli intelligensiýa bilen nähili usulda iş salyşmalydygyny özi üçin kesgitlän bolsa gerek. Sistema olary nogtalapdy, nogtadaky haýwan hem eýesiniň merhemedine garaşýar. Bular hem öz prezidentleriniň merhemetine garaşýarlar. Olara at ber, zat ber, oňat aýlykly wezipe ber. Şular ýaly ýaglyja omaçadan ýüz öwürjegimiz örän azdyr, ol azlyk hem ýagly omaça iýýänleriň tagallasy bilen püçege çykarlar, masgara ediler.. Gorkaklaryň ýigrenýäni batyrlar, bir batyra müň gorkagy küşgür. Hem-ä olar iş bitirýän adam bolarlar, hemem boýny ýogynlardan dynylar. Häkimlik bilen şöhrat hökümdaryň paýy, biz görgüliler şöhratyň hem bokurdagyň ýesirleri. Halkyň bähbidini arap, agzynda aş gatyklap başladygy ony ýanyňa çagyr, mylaýym gürleş, soňundan islegini sora. Ine, ol şu ýere ýetende halky unudar, öz bähbidini öňe sürer: anjaýyn jaý gerekdir, at gerekdir ýa-da wezipäniň gürrüňini gozgar. Birden birini berip goýber. Sen ony ýüpsüz daňdym hasap et. Prezidentimiziň halkyň bähbidinden gaýry bähbidi ýokdur diýip gygyryp durandyr. Kime topul diýseň topular, kimi ýar diýseň ýarar. Taryh boýy kakabaş diýlen şahyra, alyma agyzdyryk salmagy başaran sistemanyň toplan tejribesinden aýlanaýyn diýäýmeli! Nyýazowyň şony diýeni belli! Bu gün türkmen intelligensiýasynyň aglaba Nyýazowyň erkine tabynlygy Nyýazowyň güýçli syýasatçydygyny aňladýarmy? Aňladýar diýmek bolmaz. Intelligensiýa kommunistik sistemanyň güýjüne tabyn bolmagynda galýar. Ol sistema Türkmenistanda üýtgänok, hökürowan ýoluny dowam etdirýär. Iş ýüzünde köne sistema gol ýapmagy, belki, Nyýazowyň emelsizligini aňladýandyr? Muňa-da hä diýip bolmaz. Nyýazow entek başga bir emeliň bardygyny göz öňüne getirip bilenok. Haýwanat bagynda önüp-ösen janawarlaryň erkana ýaşaýyşa ukypsyz boluşlary ýaly, uýgunlaşylan şertleriň ýagdaýyna görä baha berilse, gowy bolardy. Kapasalaryň gapysyny açanyň bilen eldekilige öwredilen janawarlara azatlyk berdigiň bolanok. Olary eldeki eden adam neneňsi ugurtapyjy bolsa-da, eldekilige öwrenen janawaryň erkinlikde öz awuny alyp ýaşary ýaly ony öňki tebigi endigine dolamagyň ýoluny bilenok. Şonuň üçin hem olaryň kapasada galmaklaryny amatly görer. Eýse, Nyýazow olaryň tebigi endigine dolanmaklaryny isläpmidi? Men özümi kapasada saklananlardan aýra tutjak bolamok. «Meni şolara goşmaň!» diýip, nadaralyk edäýjege-de, dur, biraz oýlan diýesim gelýär. Hawa, gurultaýdan soň men agyr oýlara gitdim, olaryň ahyr netijesi prawleniýeniň adyna arza ýazmaga meni mejbur etdi. Belki, olary bilmek size-de peýdaly bolar. 6 Dogusy, ýazyjylaryň gurultaýynyň öň ýanyndaky iki toparlanyşyk hakynda ýazmak bu gün maňa juda agyr düşýär. Ýakymsyz zady, masgaralygy ýatlamak hemişe agyr, şol masgaralyga öz hemaýatyň bolup, indi hem şoňa ökünýän ýagdaýyň-da iki-üç esse agyr. Düýşüňde poha batyp tursaň, onuň hakykat däldigine begenip oturan hem bolsaň, süňňüňden nejesadyň porsusy gelip duran ýalydyr. Bir dilewar adam: düýşünde poha batan adam baý bolarmyş diýdi. Eger şol gurultaýdaky toparlanşyklara gatnaşmagy poha batmagyň alamaty hökmünde kabul edip, bir ýyldan ony şol ýorgut bilen seljerip göremde, bir näçämiz üçin onuň baýlyk bolandygyna düşündim. Olaryň birçak gurultaýly wakalary unudan bolmaklary-da, ýa-da gazanylan ýeňiş hökmünde buýsanyp ýören bolmaklary-da ähtimal.Emma meniň üçin poha batmak. Onuň agyr duýgusyndan sypyp bilemok, gaýta ol gün-günden ýitileşýär. Belki, bu ýagdaý seniň bilen bile hereket edenleriň gurultaýa beren wadalaryna biwepalak edendikleri, şol biwepalygyň netijesini seniň her gün, her sagat görüp-duýup durandygyň üçin şeýledir? Her kim her zat diýse-de meniň toparlanşyga gatnaşmakdan şahsy bähbit aramandygyma alla şaýatdyr. Bu diýenime birnäçeleriň ynanmajagyny-da bilýärin, ynanmajaklar şahsy bähbit aramazdan toparlanşyga goşulmagyň asla bolup biljek zatdygyny inkär edip ýörenlerdir. Meniň wezipe hantamaçylygym ýokdy. «Edebiýat we sungat» gazetinden boşadylanyma bary-ýogy ýarym ýyldan gowrak wagt geçipdi. Üç ýyl redaktor bolup işlän döwrümde meniň töweregimde turan galmagaldan soň meniň üçin dörän datly ümsümlik ýaňy bir nerwlerime rahatlyk berip, dyzlarymda dörän agyrynyň ýom-ýok bolup gitmegine kömek edipdi. Şu günki saglygym üçin, ýüregimiň rahat urup, şähtimiň açyklygy, tas arasy kesilen döredijilik işimiň netijeli dowam edip başlandygy üçin meni redaktorlykdan gidermäge juda işeňňir gatnaşan adamlara, guramalara, ýolbaşçylara, prezident Nyýazowa minnetdarlyk bildirmäge taýyn. Käbir ýoldaşlaryň: Jumageldiýewiň baş redaktorlykdan giderilmegi biziň gazanan ýeňşimiz diýip, döşlerine kakýan bolmaklary-da ähtimaldyr. Şol ýoldaşlara munuň uly bir ýeňiş däldigini ýatlatmak bilen, olaryň diňe şol ýeňşiň hakyky guramaçysy bolan merkezi komitete ýardam berendiklerini aýtmak isleýärin. Eger olaryň buýsanýan ýeňişiniň ahyrky hasyly «Edebiýat we sungat» gazetiniň şu günki gözgyny ýagdaýy bilen ölçelmeli bolsa, onda heşelle kakyp ýörere düýbünden esas ýokmuka diýýärin. Baş redaktorlykda geçen üç ýylda men türkmen intelligensiýasynyň ruhy taýdan ysmaz ýagdaýa düşürlendigine mazaly göz ýetirdim. Şol ysmaz bedenden hiç birimiziň aýrylyp gitjek ýerimiz ýok. Üýtgedip gurmak syýasatynyň jar eden aýdyňlygy ysmaz bedeniň käbir organlaryny gymyldatjak hem bolýardy, emma eserdeňlik bilen garaýan gözler damarlardan akyp ugran ganyň hereketini seljerip, onuň gözbaşyny ýapmaga çalyşýardy. Olar bedeniň öz güýji bilen herekete gelmegini islänokdylar, hereket diňe daşky güýç esasynda bolsun diýýärdiler. Olara gurjak teatrynyň marinetkalary gerekdi. Milli intelligensiýanyň ruhy sagdynlygyny dikeltmezden milli medeniýeti ösdürmek mümkin däl. Ruhy sagdynlygy durmuşa garaýyşynyň dürlüligine garamazdan, il bähbidini öz şahsy bähbidinden ýokarda goýup biljek şahsyýetleriň birleşen tagallasy bilen gazanyp bolar. Bize şol birleşik ýetenok, onuň hem sebäbi, hakyky şahsyýet derejesine göterlen, öz şahsy bähbidini ýeri gelende terk edip biljek, idealy üçin dürli zorluga döz gelmäge taýyn adamlar juda az, barmak basyp sanardan az. Bolanlaryny-da erksiz halkyň duýmaga, goramaga, olaryň yzyna düşmäge başarnygy ýok. Günebakaryň Güne seredişi ýaly, halk sistemanyň çörek paýlanýan deşikde oturan adamyna garaýar, şol adamyň merhemedine garaşýar. Sistemadan merhemede garaşýan intelligensiýanyň halk bähbidini arap galmagal turuzýan wekilleriniň ahyrky maksady şahsy bähbididir. Halky aňkardyp, çörek paýlaýana seslerini ýetirmekdir. Ol halkyň adyndan gürleýän kişi bolar, seniň mert ogullaryň bolupdy, olara sarpa goýulmady, seniň beýik taryhyň bar, seniň taryhyňy ýoýdular diýip gygyrar, dat eder. Halkym diýende öňi bilen göz öňünde tutýany öz tiresi, öz welaýatynyň ilatydyr, mert ogul diýende özünden gaýry bir adam bardyr öýdýän däldir. «Saňa sarpa gerekmi, me, al!» diýip, çörek paýlaýan oňa bir tegelek çöregi artyk oklar goýberer. Indi «mert ogluň» dilinden çörek paýlaýana minnetdarlyk sözlerini eşidersiň. Onuň soňky aýdymy şunuň bilen tamam bolar. Gurultaýda ýazyjylaryň goldawyny gazanan toparyň öňünde goýan maksatlary bardy. Prawleniýeniň işini dolandyrmagy ýaşy kyrka ser uran adamlara ynanmak, ýazyjylaryň durmuş şertleri babatda çynlakaý aladanyň ugruna çykmak, soýuzyň özünde, metbugat sahypalarynda ýazyjylaryň özara düşünişmegini, agzybirligini gazanmak, agzalyga kabul etmekdäki dowam edip gelen adalatsyzlyklaryň soňuna çykmak... eýse, kim bu allanäme çäreleriň garşysyna çykyp biler. Milli ruhy galkyndyrmakdan ötri, şoňa ýardam etjek wezipeleri orta atyp, olara diňe ýazyjylaryň däl, respublikiniň döredijilik işgärleriniň hemmesiniň ünsüni çekmek maksady bilen soýuzyň ýanynda klub açmagy teklip etdim, meni goldadylar. Goý, dürli pikir aýdylsyn, jedel guralsyn. Şol pikirleri habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka giňden ýetirmeli diýdik. Klubyň işini alyp barmagy maňa tabşyrdylar. Höwes bilen işlejekdigimi aýtdym. Klubda toparlanyşyk meýillerine ýol bermek bolmaz, her kimiň pikirini sabyrlylyk bilen diňlemeli, olary jemgyýete bähbitli ugura gönükdirmeli, gürrüňiň gerimi maýda meseleleri ara sokmaga, ünsi sowmaga ýol bermeli däl. Klubuň birinji mejlisi «Taryha nähili çemeleşmeli?» diýen tema bagşylandy. Alymlar, ýazyjylar, sungat, metbugat işgärleri çagyryldy. Öňki şerte görä, pikir alşygyny telewidenie arkaly-da bermelidi, emma mejlisi kimiň alyp barjakdygyny bilenlerinden soňra telewideniýäniň ýolbaşçylary wadalaryndan dändiler. Çynlakaý, peýdaly gürrüň boldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde taryhy dogruçyl, çyklakaý beýan etmäge senzura işgärleriniň ýol bermeýändiklerini hem berk aýtdylar. Ýygnananlaryň pikiri «Edebiýat we sungat» gazetinde giňişleýin berilmelidi. Baş senzor Kakabaý Ataýew aýak diräp muňa garşy boldy, material bir gün prezident sowetinden, ertesi ýene bir ýerden çykdy. Gulakdan-guýrukdan aýrylan hasabat üç aýdan soň gözgyny görnüşde çap edildi. Şunuň bilen klubuň işi-de togtady, ýogsa, indiki mejlisde din bilen bagly söhbete mollalary hem çagyrmagy niýet edipdik. Prawleniýeniň ýolbaşçylarynyň köpüsi ýokardan berilýän görkezmä köre-körlük bilen boýun bolup, klub hakynda gaýdyp söz açmaga-da het edip bilmediler. Soňra prawleniýeniň hormatly başlygy Berdinazar Hudaýnazarow ýatlamalarymy rus diline terjime etdi diýip, institutyň üçünji kursunda okap ýören ogluny SSSR ýazyjylar soýuzynyň çlenligine kabul etdirip, adalatly garaýyş hakynda gurultaýa berlen wadanyň üstüne atanak çekdi oturyberdi. Kyrk ýaşly ýolbaşçylaryň biri-de onuň ýüzüne edýäniň bolanok diýip bilmedi. Berlen wadalar ýene şahsy bähbidimiziň çäginde guma garyldy gitdi. Birine at, ýene birine zat, beýlekisine wezipe gerek ekeni. Hiç birimiz sistemanyň ölçeginden ýokary göterlip bilmedik. Yzarlanyp ýörlen galamdaşlarymyza hemaýatdan daşda durduk. Şirаly Nurmyrаdowyň, Аkmuhаmmеt Wеlsараrоwуň üstüne gezelen gylyjyň erteki gün her birimiziň başymyzdan inip biljekdigini bilsek hem ýa-ha «ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok» etdik, ýa-da gös-göni çörek paýlaýana sesimizi ýetirmek maksady bilen olary masgara etmegiň uguryna çykdyk. Otuz ýedinji ýylyň alamatlary gün geldigiçe äşgär bolup barýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |