12:46 Biz kim ekenik: Rekwiýem | |
REKWIÝEM
1. Prezident Nyýazow Italiýada Galkynyş döwrüniň görnükli filosofy, syýasatçysy Nikkolo Makiawelliniň häkimlik hem hökümdar hakyndaky eserlerini okaýandygyny buýsanç bilen aýdýar. Korollaryň häkimliginiň tebigatyna laýyk gelýän ugurlary berketmegiň aladasy bilen ýazlan eseriň bu gün özüni demokrat saýyp, partiýasyna «demokratik» at goýan Nyýazowa haýsy jähetden peýdaly bolup çykandygyna düşünmek isleýän adamlar Türkmenistanda bolup geçýän ahwalatlara içgin göz ýetirmeli bolarlar. Beýik fransuz ýazyjysy Wiktor Gýugo şeýle ýazypdy: «Eger kimde-kim asyrlardan gaýdýan aralyk wagta görä faktlaryň tagaşyksyz bolup biljekdigine ynanasy gelýän bolsa, goý, öz ünsüni Makiawella gönükdirsin. Makiawella şeriň ruhy, şeriň perişdesi, näletsiňen, ýa-da nalajedeýin ýazyjy diýip bolmaz. Ol faktdan ýokary saýlanyp bilmedik adam. Fakt diýýänimiz bolsa, diňe bir Italiýa üçin häsiýetli bolman, ýewropa, tutuş on altynjy asyra häsiýetlidir. H1H asyryň ahlak ideýalarnyň nukdaýnazaryndan garasaň ol ýigrenji görünýär». Biz HH asyryň aýagynda ýaşaýarys. Dünýäde totalitar düzgünleriň barha azalyp, demokratiýanyň ýaýrawynyň giňeýän döwründe Makiawelliniň ündewlerini özüňe nusga edinjek bolmak gülküden gaýry bir zat döreder diýip biljek däl. Belki, Türkmenistan syýasy gurluşyň täze bir synagyna barýandyr? Dogrusy, sowet adamyny eksperiment howpy bilen gorkuzmak kyndyr. Bu babatda ol şertli reflekse ee bolan jandar. Eýsem-de bolsa, biziň içki perwaýsyzlygymyz daşky dünýä üçin geňdir, köp halatda gülkülidir. Makiawelli döwletiň garaşsyzlygynyň esasy sütüni hökmünde goşuny göz öňünde tutýar. Eger başaryp bolsa, hakynatutma goşundan hem el çekmegi ündeýär. SSSR-iň çäginde emele gelen döwletler garaşsyzlygy yglan edenlerinden soň milli goşun meselesini agzap başladylar. Düýn jany-teni bilen Moskwa, sowet imperiýasyna gulluk eden kommunist ýolbaşçylar ilki bir ätiýaç bilen diňşirgendiler. Kem-kemden syýasy garaşsyzlygyň tagamyny aldylar. Rossiýanyň prezidenti ýelsin bilen bir stoluň başynda oturyp, döwletler derejesinde deň gürleşip boljakdygyna ynandylar, hatda saýlawlarda prosent taýdan ondan has köp ses alandyklaryna buýsandylar. Totalitar düzgüne häsiýetli bolan 99 prosent diýen sany olar halkyň söýgüsi hökmünde görkezjek bolýardylar, demokratiýanyň täsiri bilen bu sanyň aşak düşmegini islänokdylar, häkimligi bölüşmäge-de döwtalap däldiler. Emma seniň içiňde entek rus goşuny dur. Goşun durka garaşsyzlyga berk ynam bolup biljek däldi. Kommunistik imperiýanyň totalitar düzgünine ram edip ulalan täze serdarlaryň ätiýajy has-da ýokarydy. Olar Rossiýada boý alyp, ýaýrap barýan demokratiýadan öler ýaly gorkýardylar. Türkmenistanyň prezidenti Nyýazow kommunistik imperiýanyň düzgünini kiçijek ýurtda saklap galmaga dalaş edýän täze serdarlaryň arasynda juda saýlandy duruberdi. Ol indi milli goşuny döretmäge howlukýar. Onuň çykyşlaryna salgylanyp aýtsaň, beýle howlugar ýaly daşardan howp salýan hem ýok. Ilki ýurduň 2400 km. uzalýan günorta serhedini rus goşunlary bilen bile goramaga şertnama baglaşyldy. Soňky çykyşlarynda Eýran bilen serhedi Eýranyň özi bilen gorajakdygyny buýsanç bilen aýdýar. Kimden gorajakkalar diýen sowal gelip çykýar. 1993-nji ýylyň iýul aýynda Mary welaýatyna baryp gaýdamda il arasyndan bir gürrüň gulagyma degdi. 10-20 atly owgan serhetden bäri çozupdyr. Beýle çozuşlaryň häli-şindi bolup durýandygy, kolhozlaryň, hojalyklaryň malynyň sürlüp äkidilýändigi ilata mälim, emma metbugat üsti bilen habar berilmeýär. Hawa, çozuş bolanda serhet zastawasynda 12 esger bar ekeni, ikisi belorus, on sanysy-da türkmen. Türkmenler çozuşy gaýtarmaga gatnaşmandyrlar, ýaraglaryny taşlap gaçypdyrlar. Belorussiýaly iki ýigit gaçmandyr, hüjümi gaýtarypdyrlar. Men bu gürrüňiň näderejede hakykata laýyk gelýändigini kesgitläp biljek däl, sebäbi serhet bilen bagly dartgynly ýagdaý barada birje habar-da metbugatda berdirilmeýär, emma iş salyşýan adamlar ýagdaýyň çylşyrymlydygyny gizläp duranoklar. Bu wakany aýdyşyp oturanlaryň äheňi keseden geleni haýran galdyryp biljek. Gürrüň edýänler türkmenler-de bolsa, olar türkmen ýigitleriniň gaçandyklaryna gahar edip oturanoklar, gaýta tomaşa bilen gülýärler. Sahnada görkezilýän Warryk batyra-da şeýdip gülýärdik. Bu ýerde ymykly oýlanara esas bar. Türkmen ýigitleriniň serhedi, onda-da Türkmenistanyň serhedini taşlap gaçandyklaryna çyndan gahar-gazap bildirilmegi üçin Watan diýen belent düşünjäniň namys derejesine göterilmegi gerek. Ýetmiş ýylyň dowamynda watan diýlende Sowet Soýuzyny göz öňünde tutduk, şoňa gulluk etdik, guwandyk, oňa mähriban diýdik. Ony goramagy mukaddes borç saýdyk. Harby gullukdan boýun toglamaly diýen pikir hiç kimiň kellesine-de gelenokdy. Türkmen ýigitleri ýuwaş, Buzly okeanlaryň boýunda gulluk etmegi kada laýyk diýip bilýärdiler, Türkmenistanda galaýyn diýen ymtylyşa gol ýapýan bolmazdy. SSSR-iň dargamagy bilen Watan diýen mukaddes düşünjä psihologik zarba uruldy. Uly watanyň dargandygyny bilseler-de, oňa häsiýetli bolan duýgulary täze watana geçirip bilenoklar. Ýeňilmez diýilýän sowet goşunynyň «mizemez» binýadynyň çökmegi bilen oňa laýyk düzgün-tertip hem bozuldy. Indi gullukdan boýun toglamagy hiç zatça-da görenoklar. Bir welaýatdan ýygnalan ýetginjekler beýleki welaýatda gulluk etmegi ýokuş görýärler, tire-taýpa, welaýatlar arasyndaky ýakymsyz gep-gürrüňler esgerleriň arasynda dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolýar. Ahal welaýatyndan alnan 200 oglany Mary şäherine eltipdirler. Olar gopgun turzup başlapdyrlar: bize «akgulaklar» (ruslar) komandirlik etmesin diýen talaby öňe sürüpdirler, öz welaýatymyzda gulluk etjek diýipdirler. Ýerli häkimler olary köşeşdirip bilmänsoňlar, ýokarynyň görkezmesi bilen duýdurmanrak olary bölüşdirip, serhet ýakasyndaky obektlere iberip başlapdyrlar. Belki, serhedi taşlap gaçan oglanlar hem şolardandyr diýen pikir kelläňe gelýär. Dogrusy, men şol oglanlaryň etmişini oňlaman-da bolsam, olar watana dönüklik edipdirler diýmäge dilim baranok. Adamda iki, üç Watan bolanok, adamda bir Watan bolýar. Olar bir watany – Sowet Soýuzyny ýitirdiler, ikinji watany söýmäge, duýmaga ýetişenoklar. Munuň üçin olara pursat gerek. Milli garaşsyzlygyň miwesiniň datlydygyny hakykatdan hem durmuşlarynda, ýaşaýyşlarynda duýup başlan halatlarynda olarda Watana hormat döräp başlar, soňra olaryň guwanjyna öwrüler, ony goramagy namys işi diýip bilerler. Ol söýgüni gury söz bilen ýa-da ikinji bir halka ýigrenç döretmek arkaly gazanyp bolmajakdygyna biziň paýhasymyz ýetmelidir. Ýigrenç hemişe güýje, zorluga çagyrýar. Sowet imperiýasynyň daşky duşmana döreden ýigrenjiniň aňyrsynda onuň ägirt harby güýji durdy. Bizde beýle güýç hiç mahalam bolmaz, gerek hem däl. Biziň Watana söýgümiz kimedir birine ýigrenç arkaly döremesin! 2 Bu gün 1993-nji ýylyň iýul aýynyň on dokuzy. Tomusyň jöwzaly hem petiş güni. Kelle ýalaňaç daşary çyksaň gün depäňi deşip gelýär, sähel ýöreseň kelläňde aýylganç agyry döreýär, ony kofe içip, derman atyp aýyrmagam hyllalla. Türkmenistanda gün radiasiýasy iki esse köpeldi diýip, düýn «Ostankinodan» habar berdiler. Tebigatyň emri bilen döreýän bu nogsanlygy aýdany üçin igenç eşitmekden ätiýaç edendir-dä, habarçy Gurban Babaýew haýdan-haý düýnki aýdan habarynyň öwezini dolup biljek «ajaýyp täzeligi» dünýä buşlady. Prezident Nyýazow 1996-njy ýyldan zähmet rugsadyny iki aý uzaltmaga wada berýär. Ol pursada çenli ýene üç ýyl bar, kim ölüp, kim galjak! Ýertirki güne ynam ýok. Bazarlarda harytlaryň nyrhy lapyňy keç edýär. Garpyzyň kilosy ýüz manat, ortaça bir garpyza müň manat bermeli. Nyýazowyň mahal-mahal göz üçin bazara aýlanyp, soňra-da gytçylyga sebäpkär hökmünde edaralaryň ýolbaşçylarynyň üstüne haýbat atyp gygyryşyny telewideniýeden üç-dört gezek gaýtalap görkezseler-de, düzelýän zadyň bolmajagyna halkyň gözi ýetdi. Harytlar günsaýy gytalyp barýar. Kommersiýa magazinleriniň köpüsini ýapdylar. Adamlaryň bokurdagy doýmaz-dolmaz emeldarlaryň eline doly geçdi diýse boljak. Olaryň Nyýazowa alkyş okaýyşlaryny diý sen! Munuň ýaly eden-etdilik zamanynyň geljegini olar pikir hem eden däl bolsalar gerek. SSSR döwründe-de olaryň rysgaly ýaman bolmandy, ýöne beýle eden-etdilige ýüz urmaga gorkýardylar, ýokarda Moskwa bardy. Indi «hudaý ýokmy – edeniňi ediber» diýleni boldy. Nyýazow süňňi bilen olaryň öz adamy! Onuň sözde tarypyny ýetir-de, kisäň üçin ylgabar. Haýbat atyp üstüňe gygyranda sesiňi çykarma, «pylanyňy pylan edeýin» diýse-de binamyslyga sal-da dur, «bolar, ýaşuly, bolar, serdarym!» diý. Wezipäňden kowaryn diýse-de, ynanyp, ýüregiňe salyp durma. Aýyrmaz! Aýyrsa-da başga bir ganymat wezipe berer. Eýse, bazarlaryň eleter däldigi, harytlaryň ýetmezçilik edýändigi üçin emeldarlaryň üstüne gygyranda, Aşgabat şäheriniň häkimi Batyr Saryjaýewiň işine diýseň ýaramaz baha bermänmidi näme? «Men Saryjaýewiň näme edip, näme goýup ýörenini bilemok» diýdi. Sähel salymdanam ony işeňňir, tejribeli işgär hökmünde ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary edip belledi oturyberdi. Howanyň petişligi hiç-le, biz oňa öwrenişen. Awgust aýak bolar, serginlik aralaşar, jana aram güýz düşer! Emma gün-güzeran petişligi ýaman, onuň haçan ahyr boljagyny bilip bolanok. Türkmenistanda syýasy hem medeni durmuş togtadyldy diýse boljak. Metbugatda sosial derňew, tankyt gadagan edildi. Ähli serişde Nyýazowyň kultuny galdyrmaga, häkimligini berkitmäge gönükdirildi. Bir adamyň kultuny galdyrmak hemişe halk köpçüligini kemsidip gelipdi. Soňabaka kulty galdyrylýan adamyň özi-de dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde gülkünç ýagdaýa ýetirilýär. Belli türk ýazyjysy Eziz Nesiniň ýaranjaň adam hakynda ýazan hekaýasynda ýaranjaňlygyň gündogar hem günbatar nusgalary görkezilip, günbatar nusgasynyň «medeniýetliligine» üns çekilýär. Nyýazowyň kultuny galdyrýanlary ýaranjaňlygyň «medeniýeti» babatda pesde durýanlaryň sanawyna goşsalar gerek. Olaryň aýdýan sözleri ýympyk, gönümel, hakykata dahylsyz. Köpüň öňünde prezidenti ýüzüne öwüp durkalar, olar keseden seredeniň gözüne ejiz, nalajedeýin, binamys, şol mahalyň özünde-de haýýar görünýärler. Olaryň sözüni çyna berimsiz baş atyp diňleýän prezidente näme diýersiň?! Öwýänem, öwülýänem biri-birine mynasyp diýmekden başga alaç galanok. 1993-nji ýylyň iýun aýynyň on bäşi güni Nyýazow köşgünde döredijilik işgärlerini kabul etdi. Duşuşygyň teleýazgysyny üç-dört öwre gaýtalap görkezdiler. Men çagyrlanlaryň arasynda bolmak «bagtyndan» mahrumlygym üçin ýazga düşürlen ýüzlere seredýärin. Olar aglaba şol bir gatnaşdyrylyp ýörlen adamlar. Käbiriniň ýüzünde belent derejedäki duşuşyga gatnaşýandygyna buýsanç duýulýar. Ýüzüni oňly galdyryp bilmän oturanlary-da bar. Umuman, suslygyň bardygyny duýsa bolýar. Olaryň köpüsi kompartiýany, Lenini, Stalini wasp edip ulalan adamlar. Bu gün olar Nyýazowy wasp etmeli boldular. Obekt maýdaragam bolsa, nätjek-dä, durmuşa görä bolubermeli diýersiňiz. Beýle däl, olar Nyýazowy hudaýdan hem belende galdyrmaga çalyşýarlar. Obekt näçe ejiz bolsa, onuň töweregindäki turuzylýan şowhun şonça-da belent bolýar Nyýazow şol çykyşynda täze ýasalýan milli pula öz şekiliniň salynýandygyny delillendirdi. Türkmenler gadym zamanda möjege sejde edipdirler, soňra yslamyň gelmegi bilen Allany ykrar edipdirler. Kommunistik düzgünde ýaşalanda Lenine, Staline sejde edildi. Indi garaşsyz Türkmenistanyň halky öz prezidentine sejde etmeli bolar diýdi. Nyýazowyň bu görkezmesi zalda oturanlaryň köpüsi üçin jedelsiz kabul edilmeli ýörelgedi. Şol ýörelgä wepalydyklaryny soňky çykyşlarynda beýan etdiler. Biri-birinden tapawutlanmaga, ozmaga çalyşdylar. Ol adamlary gowy tanaýandygym üçin olaryň ýympyk sözleriniň aňyrsynda maýda bähbitleriniň ýatandygyna düşünýärdim. Ýöne şolar ýaly pes adamlaryň türkmen döredijilik intelligensiýasynyň ýüzüni görkezmeli bolandygy meni kemsidýärdi. Şolaryň sözüni diňlemeli bolan halkyň keç ykbalyna gynanýardym. Haçan dogruçyl, dana sözüň pursady gelerkä? Bu sowala kesgin jogap bermek kyn, örän kyn. Düýnki jenaýatçylar bu gün Nyýazowy esasy mahabatlandyryjylara öwrüldiler. Şolaryň biri-de žurnalist adyny göterýän Kakamyrat Ballyýew. Ol indi iki ýyl bäri şol bir suwjuk sözleri gaýtalap Nyýazowdan hudaý ýasamaga çalyşýar. Radiodan, telewideniýeden goýberilýän gepleşikleriň ykbalyny çözýän-de Kakamyrat Ballyýew. Nyýazowyň öňünde ýaýaplamaýan adamlar onuň ganym duşmany. 1989-njy ýylda, SSSR mahalynda, Ballyýew radionyň propaganda redaksiýasynda redaktoryň wezipesini alyp barýarka ogurlygynyň üstünde tutulypdy. Moskwadan rus dilinde iberilýän habarlary terjime edip, orginal hökmünde slesar bolup işleýän goňşusynyň ady bilen efire goýberip, özi gonarar alyp ýören bolsa nätjek! Garaz, türmä basylman zordan sypýar. Ine, şol elegri, bihalal adam bu gün türkmen milli teleradio kompaniýasynyň başlygynyň birinji orunbasary hökmünde prezidentiň täze ideologiýasyny döredip ýör. Bu ýerde Ballyýewiň adyny tutanym bilen onuň işine aşa üns berdigim däl. Men galp ideologiýanyň galp adamlara daýanýandygyny nygtamakçy bolýaryn. Häzirki Ballyýew gitse, ýene şoňa meňzeş ballyýewler tapylar. Arassa, ynsaply adamlar galp ideologiýa gulluk etmeýärler. Türkmenistanyň halk artisti Myrat Berdiýew duşuşyga çagyrlanlaryň umumy niýetini, islegini beýan etdi. Gara garnym dok bolup, çagajyklarymyň arasynda arkaýyn ýatyp-tursam maňa başga demokratiýa gerek däl! Hudaýa şükür, mähriban prezidentimiň saýasynda garnym dok, gideýin diýen ýerime arkaýyn gidip-gelip bilýän diýdi. Hawa, Türkmenistanyň teatr işgärleri birleşiginiň başlygy hökmünde Berdiýewiň anjaýyn aýlyk hakyny alýandygyny, puldan kösenmeýändigini, aýagynyň aşagynda suw ýaly personal «Wolwo» maşynyň bardygyny bilýäris. Çagalarynyň saglygyna ýöriteleşdirilen poliklinka gözegçilik edýär. Häli-şindi uly emeldarlara çatylşyp daşary ýurtlara gidýär. Elbetde, Myrat Berdiýewiň zeýrenmäge haky ýok. Aktýor hökmünde-de at aldy, döwlet baýragyna ee boldy. Onuň bu «gazananlarynyň» binýadynda sungatyň paýynyň azdygy-da teatr bilen içgin gyzyklanýanlara belli zat. Türkmenistanda eşretli durmuşyň dowam edýändigi barada aýdylýan owadan sözleri şübhe astyna almaga onuň haky ýok, sebäbi, onuň durmuşy, ýaşaýyşy anjaýyn. Kişiň durmuşyna baha bermäge ol ukypsyz. Öz gara bähbidi bilen ýaşamaga endik edinen adamlaryň hakyky graždan bolmaga gaýratlarynyň çatmaýyşy ýaly, olar töwerekdäki kyn durmuşy görmegi, seljermegi islänoklar. Şol tetelli adamlara-da duşuşykda söz berdiler. Olar öz maşgalalarynyň abadanlygy üçin prezidente alkyş okadylar, şol bir mahalda-da il-günüň adyndan gürleýän kişi bolup, galplyga ýüz urdular. 3 Biz syýasy, ykdysady tarapdan garaşsyz döwlet bolmalydyrys, emma adamzadyň toplan ruhy baýlygyndan garaşsyz ýaşap bilmeris. Eger biz milli özboluşlylygymyzy saklajak diýägeden, milli donumyza basyrynsak, ruhy jähetden iň garyp halka öwrüleris. Biz onlarça ýyl kommunistik jemgyýetde ýaşan-da bolsak, dünýä siwilizasýasyna dahylly ylyma, medeniýete, önümçilige ee bolduk. Biziň çagalarymyzyň ösüş derejesi goňşy musulman ýurtlaryna garanyňda asla pes däldi, köp derejede ýokarydy. Eger biziň sungatymyza, edebiýatymyza dünýäniň dürli künjünde, şol sanda ýewropada-da gyzyklanma dörän bolsa, bu fakt millet hökmünde ileri gidilendigini aňladýardy. Teatrlarymyzyň sahnasynda milli eserlerimiz bilen birlikde dünýä klassyklary Şekspiriň, Moleriň, Gogolyň, Ostrowskiniň, Çehowyň, grek tragikleriniň eserleri oýnalan bolsa, olaryň eserleri türkmen diline terjime edilen bolsa, bu fakt türkmenleriň ruhy belentligini görkezýändir. Biz milli ösüşimizi ýeten çägimizden aňry alyp gitmelidiris. Dünýä gymmatlyklarynyň kämil derejesine bap gelýän belentlikden öz milletimiz hakynda gürrüň gozgap bilsek, ýer şary bizi diňlär, bize düşüner, hormat goýar. Näme üçin ýüzlerçe ýyl geçse-de, biziň halylarymyzyň gymmaty gaçanok? Onuň sungat derejesi iňňän ýokary, oňa salnan nagyşlar adamzady haýran edýär, olaryň syrly manysyna gyzyklanma barha ardýar. Has takygy, adamzat öz ruhy belentligini, kämillik derejesini şol sungat arkaly ykrar edýär. Bu sungat adamzadyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dogry, biz sowet zamanynynda unudylan milli zerurlyklarymyzy dikeltmelidiris. Olaryň dikeldilmegi soňky ee bolnan ruhy gymmatlyklardan el çekmegi aňlatmaýar. Biz bu gün, aýdaly, türkmeniň gara öýüni dikeldip, ýaşaýyş taýdan amatlyk gazanmarys, ýa-da bolmasa, ondan milli ruhuň ösüşini gözlemek häzirki zamanyň ösüş ugury bilen seredeniňde gülkünç bolar. Indi ýaşlaryň gara öýlerde ýaşamajaklary hemmämize belli. Ýa-da, telewideniýede ertirden agşama çenli dutar çaldyranyň bilen milli sungatyň ösüşiniň täze menzilini açmajagymyz belli. Hawa, dutar biziň milli saz sungatymyzyň gözbaşy, çeşmesi. Ony ymykly öwrenmek, onda döredilen çylşyrymly mukamlary professional derejede ýerine ýetirmek, häzirki zaman sungaty üçin onuň baý çeşmesini ulanmak baryp ýatan zerurlyk. Ýöne şu günüň saz sungatyny diňe dutar-gyjaga baglajak bolmak milli çäkliligi aňladardy. Men döredijilik işgärleri bilen duşuşanda prezidentiň käbir pikirlerini eşidip çuňňur gaýgy-gama batdym. Dogrusy, dünýäm daraldy, töweregime belent haýat aýlanyp barýan ýaly darykdym, dem almak kynlaşdy. Dünýä siwilizasiýasy bilen türkmeni baglaşdyran ýüplere pyçak gezeldi. Onuň bir zarbada gyrylmagy ähtimal. Eýse, kommunistik düzgünde ýaşasak-da, ýetmiş ýylyň beren medeni baýlygyndan mahrum bolaýmaly bolarmyka? Halky öz häkimligine tabyn etmek üçin yslamyň hakyky ýoluny ýoýmakdan hem çekinmeýän käbir dindar toparlaryň ilatyň boýnuna atýan kemendine kybapdaş bir nerse biziň hem depämizde öwrüm edip ýörmükä? Prezident üç öwre görkezlen şol duşuşykda: «Rigoletta» operasyny goýup, ýa-da balet görkezip, alada galyp ýörmeli däl, türkmen aýallary tans edýänleriň ýalaňaç aýaklaryny, ol bolmasa-da, uýat ýerlerini görüp, ters bakyp oturýarlar diýdi. Gogol, Şekspir şu günki gün türkmenler üçin düşnükli bolup biljekmi? diýen sowaly goýdy. Mundan otuz ýyl ozal SSSR-iň halk artisti Aman Gulmämmedowyň sahnada döreden Otellosyny görmäge höwesek türkmen tomaşaçylary teatryň uly zalyny doldurýardylar. Näme üçin bu gün Şekspiriň «Otellosy» türkmene düşnüksiz bolmalymyş? Ýa-da beýik iňlis dramaturgynyň bu tragediýasynyň esasynda goýlan gabanjaňlyk keselinden häzirki türkmenler büs-bütin saplanaýdylarmyka?! Biz dünýä klassykasyny öz halkymyza görkezip bilen halatymyzda, hawa, diňe şol halatda! milli sungatymyzy hem dünýä arenasyna çykaryp bileris. «Jan» spektaklynyň meşhurlyk gazanmagyny türkmen artistleriniň, režissýorlarynyň, hudožnikleriniň halkara teatr sungatynyň gazanan belent derejesine daýanyp bilendikleri bilen düşündirse bolar. Aşgabadyň ýaş tomaşaçylar teatrynda zehinli režisser Öwlüýäguly Hojagulyýew meniň pesam esasynda «Pygamberler nalasy» atly spektakl goýdy. Bu spektakl eýýäm halkara «Nowruz» festiwalynda, Sewastopol şäherinde geçirlen halkara festiwalynda üstünlik gazandy. Oktýabrda Daşkent halkara teatr festiwalynda, soňra Finlýandiýada, Polşada, Belgiýada, Moskwada görkeziler. Eger teatryň döredijilik kollektiwi sungatyň dünýä derejesindäki belentliklerine dalaş etmedik bolsady, bu ýurtlaryň tomaşaçylaryna düşnükli, islegli eser döredip bilmezdi. Diňe bir halkyň çäginde hakyky milli sungat döretmeli diýen ýüzleý pikirden el çekmeli. Türkmen halky syýasy hem ykdysadyýet babatda dünýä jemgyýetçiliginden üzňe ýaşap bilmez. Näme üçin onda sungatymyz üzňe bolmalymyşyn? Biz bu meselede dünýäniň ösen ýurtlaryndan nusga almalydyrys. Prezidentiň iňňän howply pikirleri professional sungata jort atmak höwesini artdyrar. Eýýäm il arasynda «Konserwatoriýa, opere-balat teatry nämä derkar?» diýýän ýeňilkelleler köpeldi. Il arasynda iki aýdym aýtmaga ýetişmedik höwesjeň aýdymçylara «at gazanan», «halk artist» diýen atlaryň dakylýandygy hakynda prezidentiň goly bilen çykýan permanlar git-gide köpelýär. Munuň üçin Nyýazowyň beýik serdardygyny wasp edip ýazylýan aýdymlary aýtmak ýeterlik, hatda türmede oturan hem bolsaň, çykaryp şol ady berýärler. Professional sungat işgärleriniň arasynda ertirki güne ynam ýok. Telewideniýedäki çykyşynda prezident türkmeniň meşhur kompozitory merhum Nury Halmämmedowa ruhy taýdan garyp adam hökmünde baha berdi. Asyl ol ýaşan mahalynda edaralarda işlemändir, halkdan, kollektiwden üzňe ýaşapdyr, şonuň üçin hem köpüň ruhy baýlygyndan binesip galypdyr. Düýn kommunistik ideologiýanyň emeldarlary-da diňe döredijilik bilen meşgul bolmaga ymtylýan zehinleri şeýle ruhy garyplykda aýyplardylar. Ýene dörediji adamlara halkyň jümmüşinde bolmagy ündeýärler, ägirt uly özgerişliklerden bihabar galmaň, gidiň, halkyň beýik serdary Nyýazowa aýdýan alkyşlaryny diňläň, ruhy lezzet alyň, ylhamyňyz joşar! Gara bähbidini araýan çemeçi, ýaranjaň adamlaryň ýene gurdy gündiz uwlady. Duşuşykda çykyş edenleriň hemmesi diýen ýaly şol tetelli adamlardy. Olar üçin kürsüde kimiň oturanynyň parhy ýok, häkimlige geçen olaryň gerekdigini duýdursa bolany, şol häkimiň bagynda bilbil bolup saýramagy olar başarjaklar. Nyýazowdan «halk ýazyjylygyny» alan Nury Baýramow bahalaryň keýigiň şahyna çykan mahaly sahylyk edip, iki janly soýmak bilen beýik serdary Nyýazowyň başsaglygynyň hatyrasyna sadaka berdi. Bu «görelde alarlyk başlangyç» hakynda gazetler höwes bilen ýazdylar. Prezident näsaglan mahalynda mollalar saglyk dogalaryny näme sebäbedir Nazar Gullaýewiň öýüne eltip berenmişler diýip, gürrüň edildi. Indi Gullaýew dogalary Nyýazowa dabara bilen gowşurmagyň umydynda ýaşaýarmyş! «Edebiýat we sungat» gazeti Mary etrabynda ýaşaýan bir kolhozçynyň melleginde ösen sübselikden aýratyn üç sübse bogup, prezidentiň adresine iberendigini beýan edip, göwrümli makala berdi. Belki, ol adam ýurtda sübse gytçylygy döwründe Nyýazowy sübse gözläp ýörmek aladasyndan dyndarmak isländir?! Şeýle «tolgundyryjy» aladalary ýürekden kabul eden ýazyjy Nyýazowyň mertebesiniň belentligini görkezýän eser döretse gerek! Men gussaly duýgulardan dynyp bilemok. Eger biz Şekspirden, Tolstoýdan, Molerden, Werdiden, Çehowdan, Tagordan, Leonardo da-Winçiden, ýüz öwürýän bolsak, Magtymguly näderkä diýip iňkise gidýärin Magtymguly döredijilik, şahsyýet jähetden ady tutulan ägirtleriň hatarynda duran ägirt. Biz Magtymgulynyň pähimini hakyky çuňlugynda seljerjek bolsak, dünýäniň ägirtlerine düşünmeli, olaryň çuňlugyna ýetjek bolsak, Magtymgula düşünmeli. Munuň başga bir ugury ýokdur. Biziň pikir darlygymyz, milli çäkliligimiz bir adamyň kultunyň öňünde gul kimin baş egmegimiz üçin gerek. Ruhy taýdan garyplyk, gul bolmak endigi bizi täze gurşawa saldy. Gul halda ýaşamaga öwrendikli bolan adamlar şahsy azatlygyň nämedigine düşünmänkäler ýene öňki düzgüne boýun boldy gidiberdiler. Kapasa öwrenen haýwany boşatjak bolup gapyny aç, ilk-ä boşadylýandygyna düşünmän durar, soňra çykaýsa-da derrew yzyna, kapasa girmäge howlugar. Biz kapasada ýetişen janawarlara meňzeýäris. Öňki kapasamyz giňdi, dünýäniň altydan bir bölegini tutýardy. Häzir ol juda daraldy. Kapasanyň möçberine laýyklykda hojaýynymyzam başgalandy. Uly kapasadaky uly hojaýynyň öňünde guluň hyzmatyny bitiren adamy hojaýyn tutundyk. Ol bolsa, düýn gul bolup ýaşandygyny biziň hakydamyzdan çykarmak üçin elde baryny edýär. Biz hem onuň islegini ýerine saljak bolup, has-da maýdaja gullara öwrülip barýarys. 4 Türkmenistanda «respublika» diýen söz unudylyp barýar. Respublika diýlende, öňi bilen, halkyň saýlan döwlet organlary göz öňüne gelýär. Nyýazowyň «halkyna peşgeş beren täze konstitusiýasynda» «Türkmenistan Respublikadyr» diýen söz ýok, «Türkmenistan döwleti» diýilýär. Ilki bada biz bu emele gereginçe üns hem bermedik. «Respublika» diýilmese-de, respublika laýyk dolandyryş ykrar edildi, prezident saýlandy diýip arkaýynlaşdyk. Günler geçip barýar, başda gurlan badak bizi gaýşardyp ýykyp barýar. «Prezident» sözi-de git-gide seýrek ulanylýar. Ony «Türkmenbaşy» diýen aňlatma bilen çalşyrýarlar. Dabaralarda käbir adamyň Nyýazowy «patyşa» atlandyrýan mahaly-da bolýardy. Biz muňa-da biperwaý garaýardyk, äý, bu adam aýdýan sözüniň many inçeligine düşünýän hem däldir-le diýýärdik. Ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow aýdan-da bolsa, ol ýaranjaňlyk edýär diýer oturybererdik. Rast ol ýaranjaňlyk edýän bolsa, «patyşa» sözüniň Nyýazowyň gulagyna ýaraýandygyny aňýan bolmaly. Ýeser ýeri, şol söz aýdylanda Nyýazow hiç hili garşylyk görkezmeýärdi. «Patyşa» sözi «respublika» sözüne atanak çekmek, şonuň bilen bir mahalda-da «prezident» sözüni inkär etmek ahyry! Aýdaly, uly dabarada ABŞ-nyň graždany prezident Klintona ýüzlenip, sen biziň korolymyz diýsin, Klinton hem oňa gaýtawul bermän otursyn, ýurt möçberinde turjak galmagaly göz öňüne getiriberiň! Soňra Nyýazowa «patyşa» diýmek ýygaldy. Bu ahwalatyň «respublika» sözüniň konstitusiýadan aýrylan pursatyndan başlanandygy indi aýdyňlaşyp barýar. Türkmen konstitusiýasynda prezidente berlen ygtyýarlyklar patyşa dolandyryşyna juda ýakyndyr. Ähli meseläni Nyýazowyň diňe özi çözýär. Halk maslahaty, Mejlis formal, kagyz ýüzündäki zatlar. «Saýlaw», «deputat» diýen sözler hakyky manysyny bütünleý ýitirdi. «Şa» sözi bilen bagly düşünjeleri ulanmak kada girip barýar. Aşgabadyň merkezinden geçýän öňki Lenin prospektine indi «Saparmyrat Türkmenbaşynyň şaýoly» diýen at berildi. Öz şaýoly bilen Türkmenbaşy köşgüne gatnaýar. Geçen ýylda bäş welaýatda-da «şa mülküni» döretmäge Nyýazowyň özi perman berdi. Şu ýylyň iýun aýynda Daşhowuz welaýatynda şa mülküniň açylyş dabarasy bolup geçdi, telewidenie bu dabarany telim öwre gaýtalap görkezdi. Welaýatyň häkimi şa mülküniň hakyky eýesi Nyýazowa mülküň açaryny tabşyrdy. Perman boýunça mülküň meýdany 2500 gektar bolmaly. Köşk, gapdalyndan birnäçe jaý salynmaly. Ekin ekilmeli, mal fermalary döredilmeli. Mülkden gelýän girdeji prezidentiň ygtyýaryna geçýär. Prezidentiň fondy döredildi diýlip habar berildi, emma şol fonduň wezipesi hakynda hiç ýerde jikme-jik ýazylmady. Beýle tutumlar etmäge Mejlis prezidente rugsat berdimi, eger beren bolsa, ol haçan ara alyp maslahatlaşylypdyr? Halkyň habary barmy? Prezident öz «şa mülküni» döretmäge özi perman berýär. Näme üçin «şa mülki» diýmeli? Näme üçin «prezidentiň mülki» diýmeli däl? Bu sowallar Mejlisiň deputatlarynyň agzyndan eşidilmeli. Bors ýelsin men «şa mülküni» döretmäge perman berjek diýsin, Rossiýanyň parlamenti ary ketegine daş atylana dönmezmi?! Düýn ABŞ-nyň prezidenti Klinton Federal býuronyň başlygyny işden boşatdy, sebäbi ol gulluk hyzmatyndaky maşyny hojalygy üçin ulanypdyr! Bizde prezident müňlerçe gektar ýer alyp, öz «şa mülklerini» döredip ýör, deputatlar sowal bermäge derek, şeýle bikanun işler edýäni üçin prezidente minnetdarlyk bildirýärler, ha-ha! Nyýazow sentýabrda Mary welaýatyndaky şa mülküni açmaga geljekdigini aýdypdyr. Häzir orruk tomusyň içinde welaýat merkezinden takmyn 100 km. daşlykda düýbi tutulan mülke ähli güýç jemlendi. Mülküň fonduna ýüzlerçe million manat geçirildi. Welaýat ýolbaşçylarynyň esasy işi şol mülk bilen. Beýleki degerli gurluşyklar togtadyldy, material, adam güýji şol ýere iberildi. Jöwza yssyda gorsaw çägeden geçip bilmän, eräp ýatan traktorlar, maşynlar az däl diýip, gürrüň edilýär. Heý, bu ýagdaýdan halkyň habary barmy? Gazetlerde ýeke jümle ýazylýarmy? Ýazylmaz! Şa mülküne zerur serişdeleri halkyň bilmegi hökman däl! Kanun şalar üçin ýazylmaýar, kanuny şalar ýazýar, emma onuň özüne dahylly ýeri bolmaly däldir. Şanyň sözi kanundan ýokarydyr, ol ýalkasa ýazdyr, gargasa gyşdyr. Bu hakykaty golaýda entek şa diýip yglan edilmedik Nyýazow halka mazaly duýdurdy. 1993-nji ýylyň iýun aýynda Mary welaýatynyň içeri işler uprawleniýesiniň naçalnigi, general-maýor Gatyýewi eden-etmişleri üçin ele saldylar. 25-nji iýunda Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň kollegiýasynyň giňişleýin maslahaty telewidenie arkaly halka görkezildi. Ministr Kasymow Gatyýew agyr etmişleri bilen hukuk goraýan organlaryň, garaşsyz döwletimiziň, hut prezident Nyýazowyň mertebesine agyr şikest ýetirdi diýip, örän gahar-gazap bildirdi. Gatyýewyň haramlyk bilen edinen üç ýeňil maşynynyň suratyny görkezdiler. Olaryň biri «Bembe» markaly iňňän gymmatbaha maşyn, ony milisiýa işgärleri öz hojaýynlary üçin Moskwadan alyp gelipdirler, olaryň ýol harjylary döwletiň hasabyna tölenipdir. Maşynlaryň üçüsi hem döwletiň haýryna geçirildi diýdiler. Kimiň görkezmesi bilen geçirlipdir? Kanun boýunça emlägi diňe suduň hökümi bilen geçirip bolýar. Sud tassyklaýança Gatyýewe jenaýatkär hem diýip bolmaýar. Ol kanunyň öňünde jogap berip, kanun boýunça jezasyny almaly. Soňra Gatyýewiň Aşgabatda saldyrýan köşgüni görkezdiler. Häzirki baha bilen nyrh kesseň ol jaý on milliondan bäri bolmaly däl. Jaýyň gurulşyk materiallaryny 400 km. daşlykda ýerleşýän Mary welaýatyndan daşapdyrlar. Transport üçin Gatyýewiň pul töländigine juda şübhämiz bar. Aýdylanlara ynansaň, agyr jenaýata baş goşulandygy görnüp dur. Derňew organlary işi alyp barmaly, sud jenaýatyň häsiýetni kesgitläp günäkäre jeza höküm etmeli. Hawa, kanuna eýerilýän ýurtlarda şeýle edilýär. Emma Türkmenistanda kanundan ýokarda Nyýazow otyr. Ol bu gezek hem suda derek öz hökümini çykardy oturyberdi: jenaýatkär Gatyýew öz günäsine düşünip, toba edenmiş, şonuň üçin hem ony çagajyklaryndan aýryp ýörmän, wezipesini peseldýän, general-maýorlygyny alyp, podpolkownik çininde galdyrýan, özüne-de ýangyna garşy göreşýän gullukda inspektorlyk iş berýän diýdi, bu hökümini Nyýazow telewidenie arkaly ýurduň halkyna ýetirdi. Şeýlelik bilen, prezident kanunyň öňünde özi-de agyr günä etdi, konstitusiýany basgylady. Demokratiýa daýanylýan ýurtda prezident şunuň ýaly etmiş eden bolsady, salymyny bermän ony wezipeden daşlaşdyrardylar. Emma Türkmenistanda ýeke häkim bar, ol hem Saparmyrat Türkmenbaşy. Häzirki mahal Eýran, Owganystan serhediniň gowşamagy bilen Türkmenistanda tirek bolady. Toýlarda tirek çekdirmek gizlin zat däl, kada öwrülip barýar. Bu zährimar aýratynam ýaşlaryň arasynda ýaýraýar. Ertirki nesiliň ykbaly hakynda ymykly oýlanmaga wagt ýetdi, eýýäm ony neşe belasyndan gutarmak agyr wezipe bolup dur. Bir student institutlaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynda tirek satýan studentler bar, bardygyny hemmeler bilýär, hiç kimiň azaryna-da däl diýdi. Heý, mundan elhenç zat bolarmy diý! Neşä erkini aldyran adamy gutardy bil. Amerikaly alymlaryň aýtmagyna görä, geroina maýyl bolan neşekeşleri diňe bir ýagdaýda doly bejerip bolar, munuň üçin olaryň beýnisini çalşyrmaly. Üstümize abanan gabahat howp barada döwlet ýolbaşçylaryndan ygtybarly sözler eşidesiň gelýär. Nyýazow halkyň öňünde çykyş edip: «Ýanynda bäş-alty gram tirek göterýär diýip adamlara azar beräýmäň» diýdi. Bu sözleri diňe halkyna hyýanat edýän adam aýdyp biler. Klinton ýa-da Mitteran çykyş edip, şeýle sözler diýsin, ertesi suduň öňünde jogap bermeli bolardylar. Biz bolsak, türkmeniň aladasyny edýän çyn hossar tapyndyk diýip, Nyýazowa gije-gündiz dynman alkyş aýdýarys, onuň baş saglygy üçin goýun kesip sadaka berýäris. Ýeri, biz akylymyzdan azaşdykmy, bizi ne hudaý urdy?! Indi seredip otursak, biz SSSR-de ýaşaýarkagam adama meňzeýän ekenik, bu gün ynsanlyk sypatymyzy, mertebämizi ýitirip barýarys. Gorbaçewyň getiren aýanlyk döwründe Türkmenistan kompartiýasynyň baştutany bolan ýoldaş Nyýazowyň garşylygyna garamazdan türkmen topragyna ekologiýa heläkçiliginiň salýan agyr howpy barada käbir aýylganç faktlary halka ýetirmäge ýetişipdik. Eneleriň saglyk ýagdaýynyň, çaga ölüminiň hakyky pajyga öwrülendigini aýdypdyk. Häzir ýagdaý öňküden hem agyrlaşdy, emma ol hakda gürlemek-de, ýazmak-da gadagan. Şeýdip biz öz-özümize hyýanat edýäris. Maňa ýeten habara görä, 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary şäherinde bir ýaşyna ýeten çagalaryň müňüsinden 102-si öldi diýlip, maglumat berlipdirler, emma ekologiýa şerti has-da ýaramaz bolan Mary etrabyndan öldi diýlip berlenleriň sany bary-ýogy 38 çaga. Indi biz Nyýazowyň göwni diýip, ölenlerimizi gizläp ýörüs. Hawa-da, öz kürsülerini saklamak üçin emeldarlaryň etmejek zady bolmaz! Eneleriň 80 prosenti az ganlylykdan dert çekýär. Göwreli aýallarda burgy başlanmaly, çagany dogurmaga göwrede güýç bolmaly, şol güýç ýetenok, wraçlar eneleriň garnyny kesip çagajygy alýarlar. Çaga üstünden ölýän ýaş zenanlaryň sany günsaýy artyp gidip otyr. Halkyň içýän suwy hapalanyp, zähere öwrülip barýar. Gök önümleriň, etiň-ýagyň häzirki gymmatlygynda köpçagaly maşgalalarda iýmitiň rasionynyň juda çäklidigini boýun almasak biz binamys bolarys. Ýurduň ekologiýa ýagdaýyny gowulaşdyrmaga döwletden hemaýata garaşmaga biziň kanuny hukugymyz bar. Emma döwletiň baştutany Nyýazow şu ýylyň 8-nji iýunynda öz adyny göterýän Oba hojalyk akademiýasynyň alymlary bilen duşuşanda tamamyzy tala daňdy goýaýdy. «Ekologiýany goramaly diýip, biz şu çaka çenli merkeziň syýasatdan zyýan çekip geldik. Zapowednikler nämä gerek? Daglarda iki sany agajy gorajak diýip, köp ýerine mal goýbermedik, indi şol zatlar bolmaz» diýdi. Eýse, daglaryň görküne görk goşýan agaçlar amatly howa şertlerini saklamaga esas döredenokmydy?! Şol agaçlar gürkä, daglardaky jana şypaly çeşmeleriň gözi açykdy, agaçlaryň azalmagy bilen olar kör boldy. Nyýazow gös-göni talaňçylygy yglan edýär. Ony diňläp oturan alymlar utanman onuň sözüne baş atýarlar, ýekesi aýdýanyň nädogry diýip bilenok. Ýeri, daglaryň bol otuny kemala getirýän çygly howanyň bolmagyny üpjün edýän agaçlary işdämen iýip, özlerini bol otdan mahrum edýändiklerini bilmeýän şol haýwanlardan bularyň parhy beri barmy?! Bar! Haýwan janawarlara akyl berilmändir, bulara agy-garany saýgarmak üçin akyl berlipdir, ýöne gara bähbitlerine talaň salynar diýen gorky olaryň dilini lal edipdir. Olar haýwança-da ýok! Olar kimdir biriniň taglymaty bilen ýaşamaga halys endik eden adamlar. Erkin pikiriň başa salyp biljek heläkçiligi olar üçin ekologiýanyň heläkçiliginden hem bäş beter aýylganç. Şonuň üçin-de Nyýazowyň taglymatyna boýun bolup ýaşanyň amatly, namartja olam, sagja olam! Ertirki gün ähli günäni taglymatyň üstüne ataýmaly bolar. Sürüni günälendirip bolmaz-a, günä taýak tutýan çopandadyr. Ýaşasyn kollektiw! Kollektiwe bukul-da otyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik taglymatyny döretmeli! Ine, ideologlaryň, metbugatyň, «demokratik» partiýanyň öňünde goýlan wezipe. Kommunistik taglymatyň ahyr pellede näme bilen gutarandygy barada entek Türkmenitsanda ymykly pikir edilenok, sebäbi, şol taglymat bu ýerde üstünlik bilen dowam etdirilýär. Öň Lenin, indi Nyýazow! Öň kompartiýa, indi «dempartiýa»! Tutuş döwlet eýeçiligi, kolhoz-sowhoz öňki durkunda dur. Diňe sowet imperiýasy ýok, Moskwanyň hökmürowan güýji ýok. Indi ýeke-täk beýik serdar Nyýazow bar. Ähli kommunistik serdarlaryň öwezini ýeke özi doldurýar. Nirä garasaň onuň portreti, heýkelleri. Ähli ýere onuň adyny dakjak bolup azara galyp ýörenden Türkmenistana «Nyýazystan» diýäýmeli diýip degişýänler hem tapylýar. Ajy gülküni hemişe ajy durmuş döredýär. 1993-nji ýylyň 23-nji iýulynda rus dilinde hepdelik çykýan «Subbota» atly gazetde çap edilmeli «Türkmençilik» diýen essämi senzura sahypadan düşürdi. Bu esse türkmen okyjylaryny tanyşdy, ol 1990-njy ýylda kompartiýanyň organy bolan «Türkmenistan» gazetiniň iki sanynda berlipdi. 1991-nji ýylda neşir edilen «Ýanan gelinler» diýen kitabyma-da giripdi. Men «türkmençilik» atlandyrylýan düşünjä ýazyjy hökmünde durmuş faktlarynyň üsti bilen öz garaýyşlarymy beýan etdim. «Türkmençilik» diýen düşünjä gutarnykly häsiýetnama, kesgitli baha bermek alymlaryň, etnograflaryň wezipesi. Men ýene döwletiň baş senzory Kakabaý Ataýewe jaň edip, näme sebäbe makalanyň sahypadan düşürlendigini soradym. Bir bellemeli zat, iki ýyl ozal çap etmäge rugsat berlende-de Kakabaý Ataýew häzirki wezipede işleýärdi. Ol bu gün şol öňki materialdan döwlet howply nähili nogsanlyklar tapdyka? Ataýew materialy okamandygyny, işgäriniň beren maglumatyna görä saklandygyny aýtdy. Işgäri bilen gürleşýärin. Onuň ady Ýedi. Ol maňa «türkmençilik» diýen düşünje barada entek belli bir netijä gelinmändigini aýdýar. Men: «Belli netijä gelinmegi üçin hem ol hakda köpräk ýazmaly, dürli pikirler aýtmaly. Pikirleriň jeminden hem ahyrky netije çykmaly, ýogsa, gutarnykly pikiri asmandan zyňjak ýok» diýýärin. Ataýew maňa: «Prezidentiň taglymatyndan soňra size-de ýazmaga mümkinçilik dörär, oňa çenli garaşmaly bolarsyňyz» diýýär. Mundan soň kommunistik döwri arzuw bilen ýatlamak galýar. Gorbaçewyň açan penjireleri Türkmenistanda petiklendi. Petiş howa demigdirip barýar. Ýene uludan kiçä hemme çykyş edýänler bir dilde, bir meňzeş sözler bilen bir serdary öwüp, arşa göterýärler. Olar halkyň mertebesini peseldýärler, dünýä siwilizasiýasynyň öňünde türkmeni gülki ýagdaýda goýýarlar. Şol gülküni döretmäge döredijilik intelligensiýasy diýen ady göterýän toparyň işeňňir gatnaşýandygy has-da gynançly. Arada oba ýerlerine gidemde bir aýal telewizordan Nyýazow hakynda suwjuk waspnamany görüp oturşyna: «Be-e, indi özümiz meýletinje gul boluk galaýdyk » diýdi. Men orta ýaşlaryndaky oba aýalynyň paýhasyna haýran galdym, ony sada halkyň paýhasy hökmünde kabul etdim. Bu paýhas ýönekeý oba aýalyny özüni bilimli saýýan intelligentsumaklardan ýokardy goýýardy. Sowet sistemasynda erksiz, gula öwrülen adamlar bu gün günäkäri tapmak endigine görä, Moskwanyň syýasatynyň ýakasyndan tutýarlar. Olar bu gün Nyýazowyň adyndan ündelýän syýasat üçin ertir kimiň ýakasyndan tutarkalar? Olar garaşsyz döwletlerinde garaşly gula öwrülendikleri üçin, heý, özleriniň ýazyklydyklaryny duýmazlarmyka? Eger şony duýup bilsedik, bu-da paýhasa gol ýapyp bilýändigimizden bir nyşan bolardy. Ýewropanyň demokratik ýurtlary jemgyýetçilik ösüşiň taryhy ýolunda telim rewolýusiýany başdan geçiripdiler. Korollaryň häkimliginiň garşysyna baş göteren halk adamlaryň üstünden adamyň absolýut häkimligini aýyrdy. Adamlar jemgyýetiň unan kanunlarynyň öňünde hemmeleriň deň jogapkärçilik çekmegini gazanmakda ençeme pidalara döz geldiler. Bu gün progressiň garşysyna gitmek, orta asyryň garaňkylygyna dolanmaga ymtylmak gülkünç hem gussaly. Soňky döwürde halkyň arasyna täze myş-myşlar ýaýrady. Saparmyrat Türkmenbaşy ýurduň şasy, patyşasy diýlip yglan ediljekmiş. Onuň jar ediljek ýerini, möhletini aýdýanlar-da tapylýar. Täze ýyl Balkan welaýatynda ýaşulylaryň nobatdaky maslahaty geçmeli, şol maslahatda mesele çözülmelimiş. Bu gürrüňler meni geň galdyranok. Wakalaryň soňky ösüş ugury meseläniň reallygyna güwä geçýär. Erksiz, oýnatgy Mejlisi dargadanyň bilen ýurduň syýasy durmuşynda opurylyşyk duýuljak gümany ýok. Baş hojaýynyň öňünde lepbeý diýip, bil bükmäge öwendikli bolan deputatlar parlamentde oturman, şa tagtynyň öňünde iki epilip dursalar has gelşiklerine geläýjekler. Kommunistik ideologiýa şalaryň tagtyny ýumurmagy ündeýär. Türkmenistandaky düýnki kommunistler şa tagtyny dikeldipdirler diýen habar ýaýraýsa, geň görmäň, geň görene akmak diýiň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |