12:37 Biz kim ekenik: Täze dörän milli baýram | |
TÄZE DÖRÄN MILLI BAÝRAM
1. Men indi hiç zady geň göremok. Türkmenistanda çykýan gazetleriň her sanynda prezident Nyýazowyň portretiniň hökmany bolmalydygy, birinji, ikinji sahypalaryň oňa bagşylanýandygy, telewideniýeniň, radionyň gündelik programmasynyň köp böleginiň onuň adyna düzlen waspnamadygy çykyş edýänlerden onuň adyna alkyş aýtmagyň gös-göni talap edilýändigi... bu alamatlar biziň syýasy durmuşymyzyň kadasyna öwrüldi gitdi. Bu alamatlar aslynda-da biziň üçin geň görer ýaly täzelik däl ahyry, ol ganymyza siňen alamatlar. Diňe Gorbaçewyň SSSR-iň möçberinde yglan eden demokratiýasy, aç-açanlygy öňki ýaralaryň ýüzüni biraz gaýzygdyrypdy, ýa-da, beýle-de bolup biljek eken-ow diýen ýaly geňirgenme bilen töwerege, durmuşa ser salmaga mümkinçilik beripdi. Her gün diýen ýaly gazetleriň birinji sahypasynda Mejlisiň kararlary çap edilip, ýene-de birnäçe ýere Nyýazowyň adynyň dakylandygy habar berilýär. Etraplardan başlap, harby bölümlere çenli prezidentiň adyna ee bolmak bagtyna miýesser bolanlaryň sany çakdan agdy. 1993-nji ýylyň 18-nji fewralynda Nyýazow watandaşlaryna ýüz tutup, özüne bildirilýän ählihalk hormatyna, söýgüsine buýsanýandygyny aýtdy. Adynyň köp ýerlere dakylmagyny şol söýgüniň degerli subutnamasy hökmünde häsiýetlendirdi. Prezidentiň adyny götermäge isleg bildirýän kollektiwleriň juda köpdügini nygtamak bilen, şu islege belli bir çäk goýmagy, mundan bu ýana at goýmakdan saklanmagy haýyş etdi. Edil 20-nji fewralda çykan gazetlerde ýene Mejlisiň kararlary çap edilipdir: Tejen hem Babadaýhan etraplarynda kolhoza, sowhoza Nyýazowyň ady berlipdir. Ýadyňyzda bolsa, ilki başda Tagtabazar etrabynda birje kolhoza ady dakylanda Nyýazow telewideniýeden eden çykyşynda mundan bu ýana adyny götermäge hiç ýere rugsat bermejegine söz beripdi. Ony lebzinden dänmäge näme mejbur etdikä? Elbetde, «halkymyň gyzgyn söýgüsi» diýer. Halkyň «söýgüsi» nämeler etdirmeýär! Şol «söýgüniň» öňünde kommunist serdarlaryň ejizländigini görüp-bilip durka, onuň düzen Mejlisi ejizlemän bir görsün! Halkyň söýgüsini äsgermejek Mejlisiň dargajakdygy belli! Rast şeýle bolsa, prezidente-de boýun bolaýmak galýar. Hezillik! Sowet adamlarynyň sadalygyna haýran galaýmalydy. «Argumenty i fakty» hepdelik gazetiň 93-nji ýylda çykan 6-njy sanynda Russiýanyň Kostroma oblastyndan W.Şişkow diýen biriniň Türkmenistanda köp obsektlere prezident Nyýazowyň adynyň dakylýandygyny, hatda onuň portreti bilen türkmen pulunyň çykarlandygyny, beýle töwekgellige Staliniň hem hed edip bilmändigini duýduryp, redaksiýa iberen haty çap edilipdir. Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň maslahatçysy A.Nurmyradow, zähmetkeşleriň köpsanly islegine görä, diňe Aşgabatda bir köçäniň, derýa gämiçilik hojalygynyň, ýeke kolhozyň Nyýazowyň adyny göterýändigini, türkmen pulunyň entek peýda bolmandygyny şol gazete ýoldan jogabynda nygtaýar. Eger ertir deputatyň teklibine eýerlip, Nyýazowyň portreti bilen türkmen puly çyksa, (onuň eýýäm taýýardygy barada gürrüň ýaýrady), muny «halkyň söýügi» zerarly etmeli boldy diýerler. Halkyň «söýgüsine» daýanýan serdarlaryň nämeler edýändigini kostromaly Şişkow biläýmeli ahyry! Bu gün adynyň köplüginden oňaýsyzlyk duýýan Nyýazow saklanyň diýip, halkyna ýüzlenmäge «mejbur bolan» halatynda, onuň emeldarynyň ýalan sözlemesi nämekä? ÝA ol hem ýalan sözi üçin halkyň söýgüsini tutaryk edinermikä? 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesinde diňe dört adam öldi diýip, sowet metbugaty dünýä habar beripdi. Bu ýalan maglumatyň sowet halkynyň söýgüli serdary Staliniň islegine görä berlendigi belli zat. Halkyň «söýgüsinden» dörän serdarlaryň islegine gezek gelende, islendik maglumat hakykatdan sowa durup biler. Bu ýörelgäni nurmyradowlaryň ýatdan çykarmandygyny bu gün aýratyn belläp geçmelidiris. Uzak möhlet geçmänkä, Türkmenistanyň Milli mejlisiniň kabul eden ýene bir kararyny eşidende kostromaly Şişkow gatyrgansa gerek. Hawa, dünýä zähmetkeşleriniň beýik serdary diýlen Stalin doglan gününi ählihalk baýramyna öwürmäge töwekgellik etmändir, ýogsa, bu meselede onuň hiç kimden çekinmändigi belli. Şeýle teklibiň bolandygam, ony kanuna öwürmäge töweregindäkileriň juda höwesek bolandygam belli. Belki, raýatlarynyň her biriniň dirilikde geçen her gününe serdaryň peşgeş beren ömür paýy hökmünde garap, ony tükeniksiz baýram hasap edýändikleri üçin, olary ýene bir baýram bilen ýadatmaýyn diýendir? Metbugatyň habar bermegine görä, Nyýazow iş-aladasynyň juda köpdügine garamazdan, 1993-nji ýylyň 18-nji fewralynda, doglan gününiň öňinçäsi «Jan» teatrynyň «Däli Domrul» spektaklyna baryp, döredijilik işgärleriniň özlerini bimöçber derejede bagtly saýmaklaryna mümkinçilik döretdi. Bu bagtyň hiç mahal türkmene miýesser etmändigine, ahyrsoňy Allanyň nazar salan adamynyň keramaty bilen oňa ýetilendigine teatr işgärleriniň birleşiginiň başlygy Annamyrat Berdiýew halk artistiniň başarnygyna gelişýän tolgunma hem gözýaş bilen Nyýazowy ynandyrdy. Teatryň çeper ýolbaşçysy Kakajan Aşyrow bu meselede Berdiýewi tozana gardy diýse bolar. Kakajan bir hakykata göz ýetiren ekeni. Boş öwgä islendik häkimiň gulagy öwrenişip gidýär. Hiç mahal onuň gulagyndan gitmejek söz tapmaly. Ertir prezidentiň doglan güni. Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümetiň agzalary gelipdir. Öňi bilen-ä prezidentiň sebäbine teatra meýletin gelmejek emeldarlar gelipdir, muňa minnetdar. Ikinjiden hem, bizi bagtyň çür depesine göteren, zehinimize zehin goşan, entek teatry özbaşdak jaýly etmäge ýetişmedik hem bolsa, külli türkmeni garaşsyz döwletli etmegi başaran serdaryň doglan gününi – 19-nji fewraly milli baýram hökmünde kanuna girizmeli! Beýik teklibi zaldakylaryň köşeşmeýän owasiýa bilen garşylandyklaryny görüp, artist Berdiýew režissýor Aşyrowa gözügidijilik bilen garaýar. Häk, bu ýerde-de ozdurdy-da, köpeý ogly! Şol günüň ertesi Mary welaýatynyň häkimi Gurban Orazow hem telewideniýeden çykyş edip, şeýle teklibi Mejlisiň garamagyna hödürlejekdigini aýtdy. Biz Mejlisiň Orazowy gynandyrmajagyna ynanýarys, teklibiň ilkinji awtory hökmünde Aşyrow ýatdan çykarylaýsa, ana, şol ýeri çatak bolar. Habarda ýazylyşyna görä, ajaýyp spektakly döreden Aşyrowyň ajaýyp teklibini zaldakylyr biragyzdan goldapdyrlar. Ertesi çykan gazetde-de Magtymguly adyndaky halkara baýragyny berýän komitetiň habary çap edildi. Baýrak bermek üçin seçilip alnan eserleriň arasynda ajaýyp teklibi hödürlän adamyň goýan ajaýyp spektakly bar ekeni, buşluk! 19-njy fewralda çykan gazetler tutuşlygyna Nyýazowy mahabatlandyrýan materiallardan doldurylypdyr. Telekeçiler Aşgabatda onuň bürünçden guýlan býustyny goýdular. Hantamaçylyk nämeler etdirmeýär! Olar şöhrata gezek gelende beýik häkimiň juda ejizdigini bilenleri üçin, şeýle edip, onuň rehimini gazanjak boldular, ýogsa, esli wagtdan bäri Rossiýa bilen arada pul öwrülişiginiň ýaramazlaşmagy zerarly olar söwdany, alyş-çalyşy togtatmaga mejbur bolupdylar. Uly döwlet bilen beýle sowuk gatnaşygyň döremeginde Nyýazowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy babatda alyp barýan irnik syýasatynyň täsiriniň bolandygy hiç kime gizlin däl. Nyýazoy GDA-nyň döwlet ýolbaşçylarynyň Minsk şäherinde bolan sammitinde ustawa gol çekmändi. Hamala, ustaw diýen zadyň peýda bolmagy eýýäm Türkmenistanyň garaşsyzlygyna tokunýan alamatmyş! Türkmenistana gerek garaşsyzlyk, aýdaly, Özbegistana, Gazagystana ýa-da Gyrgyzystana gerek dälmişmi?! Meniň pikirimçe, Nyýazowy gorkuzýan ýagdaý başga. Ol demokratiýadan gorkýar. Demokratiýa dalaş edýän ýurtlar bilen gatnaşyk etmek totalitarizme ýykgyn edýän häkimler üçin ýokanç kesel ýaly howply. Bu gatnaşyk informasiýa taýdan giňişlige, erkinlige nähilidir bir položitel täsirini ýetirmelidi. Ýurda gelip-gidýän köpelmeli. Gelenler ýurduň içinde bolýan zatlary gözleri bilen görjekler, habar berjekler. Totalitar düzgün üçin mundan aýylganç, howply ýagdaý bolup biljekmi diý! Ikinji bir sebäp: Nyýazow eýýäm hudaý derejesine ýetirlen adam, ol özünden belentde başga bir döwlet ýolbaşçysynyň bolup biljekdigine ynanmaýar. Eger şübhesi bolan bolsady, hut, ýüzüne sen beýikleriň beýigi diýip duran ýaranjaňlara bes ediň diýerdi. Ejiz adamlar öwgä gezek gelende çaga ýaly ynanjaň bolýarlar. Aýratynam garybyň baýan çagy juda husyt bolşy kimin, ejiz, paýhas taýdan ýabygorly häkimleriň şöhrata, beýiklige ymtylyşlarynyň soňy çydamsyz, gülküli ýagdaýlara alyp barýar. Ýalan şöhrat bilen özleriniň ejizligini gizlemäge çalyşýarlar, ogurlygynyň üstüniň açylmagyndan ätiýaçly adam ýaly töwerekdäkilere gabanjaň hem şübheli garaýarlar. Hawa, beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň arasyna düşende hiç weçden tapawutlanyp biljek däl. Maslahatyň gidişinden, duşuşyklardan berilýän reportažlarda ol hemişe diýen ýaly ikinji ýa-da soňky planda görünýär. Onuň pikirine ol diýen gulak hem asyp duranoklar, gereklidir hem öýdenoklar. Bu hakykaty türkmen teletomaşaçylary-da görýärler. Bä-ä, Nyýazow bize aýdylyşy ýaly tapawutly däl ekeni, ol ýelsinden, Nazarbaýewden, Kerimowdan yzda dur diýseler nädersiň?! Hudaý derejesindäki adam hemme ýerde-de belentde, öňde bolmaly dälmi! Ine, Nyýazow öz halkynyň arasynda şeýle sowallaryň döremeginden gorkýar, şonuň üçin hem her gezek GDA-nyň maslahatlarynda köşk žurnalistleri Nyýazowyň roluny, şahsyýetini beýlekilerden belende galdyrjak bolup elden-aýakdan düşýärler, hakykaty ýoýmagy hiç zatça-da görenoklar, döwlet ýolbaşçylaryna şyltak atmakdan hem gaýdanoklar. Hatda Nyýazowy Merkezi Azyýa regionyna girýän döwletleriniň garaşsyzlygyny üpjün edýän, olary Rossiýanyň howpundan halas edýän adam hökmünde görkezmäge çalyşýarlar. Olaryň bu gelşiksiz zatlary Nyýazowdan birugsat etmejekdikleri hemmä mälim. Iň ýamanam, olaryň sepi açylýar. Bularyň aýdýany bilen Rossiýadan berilýän habarlar deň gelenok. Hatda, bularyň ulanýan kinomateriallary bilen ýazýan tekstleriniň arasynda-da birlik ýok. Nyýazowdan dünýä çägindäki beýik döwlet işgärini ýasajak bolýanlar bir hakykaty ýatdan çykarmaly däldirler. Öňi bilen şol adamyň edara edýän döwleti dünýä syýasatyna, ykdysadyýetine täsir edip bilýän ýurt bolmalydyr. Iki ýurda tebigi gazyňy satdygyň dünýä täsir etdigiň däl-ä! Hawa, Türkmenistany kommunistik düzgüniň mizemän galan künjegi hökmünde tanaýarlar, emma onuň ideologiýasynyň bu gün dünýäde juda islegsizligini nazarda tutsaň, bu ýerde-de bize utulyş garaşýar. Prezidentiň press-sekretary, bize belli Durdymuhammet Gurbanow hojaýynynyň doglan güni gazetlerde «Serdar» atly waspnama bilen çykyş etdi. Ol esasan öňki aýdan pikirlerini gaýtalasa-da, Türkmenbaşynyň ezber ideologi hökmünde teoriýa dalaş edýän äheňde gep urmaga çalyşýardy. Bu häsiýet onuň serdar hakyndaky aňyrdan gelýän garaýyşlary öz islegine görä seljerişinde, jedelsiz hakykat hökmünde öňe sürýän jemlemelerinde ýüze çykýardy. Gurbanowyň pikiriçe, SSSR ýaly ägirt uly imperiýanyň dargamagynyň tötänlik bolmaýyşy ýaly, «imperiýanyň iň günorta hem garaňky künjeginde HH asyryň ahyrynda syýasy arena Saparmyrat Türkmenbaşynyň çykmagynyň özem asla tötänlik däldi. Türkmen imperiýasy ýykylandan soňra gaty köp asyrlap, ondan soňra bolsa orus patyşasy tarapyndan kolonial süteme sezewar edilenden tä häzirki güne çenli garaşypdy.» Gurbanow dünýä taryhyna ýaň salan adamlary iki topara bölýär. Birinji topara Çingiz han, Nedir şa ýaly şahslar girýär. Olary taryh goldamandyr. Taryhyň goldawyna mynasyp bolan serdarlaryň arasynda Oliwer Kromwel, Mahatma Gandy ýaly beýikler bar. «Edil şolar ýaly, taryh Türkmenbaşynam goldapdy, özem ikelläp goldapdy.» Taryhy goldamaga mejbur eden zat Türkmenbaşynyň inçe syýasaty ekeni, ha-ha! Gurbanow dowam edýär: «Eýse bu inçelik nämeden ybarat? Kiçijek bir mysal: 1985-nji ýyldan başlap, metbugatda ýek-tük žurnalistler milli garaşsyzlyk hakyndaky pikirleri orta atyp başladylar. Bu pikir diňe bir türkmen žurnalistinde däl-de, eýse biziň milli inteligensiýamyzyň öňdebaryjy wekillerinde-de döräpdi. Şonuň üçinem olar bu meselede žurnalistleri goladaýardylar. Emma žurnalistleriň aňynda şeýle pikiriň şinelemeginiň esasy sebäpkäri Türkmenbaşy şol döwürde bu meselede Prezident hökmünde olara açykdan-açyk raýdaşlyk bildirip biljek däldi. Gyldan inçe bu mesele örän howply hem dartgynlydy, ýöne ony türkmen halkynyň paýyna çözmek welin, hökmen gerekdi. Ine, şu welin, bu meseläni gozgamakdanam, onuň wajyplygyna düşünmekdenem müň esse kyndy. Eger prezident bu meselede öz ideýasyny hem hereketini aç-açan beýan edende, gazaply imperiýanyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da gan döküşlik hökman bolaýmalydy. Sebäbi gözleri gan öýen zabun düzgün bu mesele açykdan-açyk ýüze çykanda, köçelere tank sürmänem, adam gyrmanam, imperiýanyň islendik künjeginde gan dökmänem siňek öldürençe-de görmeýärdi.» Serdar ýasamak üçin legendalar döretmegiň bu usuly aňyrdan gelýän endik. Adatça, ony döredýänler bireýýäm ykrar edilmeli zady görmändikleri üçin döwürdeşlerine igenýärler, olary biagyrlykda aýyplaýarlar. Gurbanow hem bizi Türkmenbaşynyň amala aşyran ägirt uly agdarylyşygyna düşünmezlikde aýyplaýar. Biziň geljek nesillerimiziň Nyýazowyň hatyrasyna galdyrjak ýadygärlikleriniň orny diňe Saparmyrat Türkmenbaşynyň şaýOlunyň ugurynda bolmaz, her kimiň ýüreginde bolar diýýär. Türkmenbaşynyň geçiren rewolýusiýasynyň alymlar tarapyndan yhlasly öwreniljek mahaly geler diýip, buýsançly aýdýar. Garamaňlaý alymlar! Öň-ä olara Leniniň, Staliniň ölmez-ýitmez ideýalaryny öwrenmeli diýip, dissertasiýa köküni ýazdyrdylar, bu gün hem olaryň ylymyna-da, ylmy işlerine-de it degdi. Indi hem Nyýazowyň ýok taglymatlaryny öwrenmeli bolsa, biz çakdan aşa maýdalanmaly boljak-ow! Ýa-da, Gurbanow ýaly maýda adamlar muny aňşyrmaýarlarmyka? Ýöne olaryň hemişe kimedir birine gahar bilen gürleýändiklerin-ä aňsa bolýar. It janawaram gorkagrak bolsa, uzak gijäni üýrüp geçirýändir. Üýrse-de görünýän zat ýok, ýa üýrýäni üçin ondan gorkulýandyr öýdýärmikä janawar? Bu meňzetmämiz neneňsi bolanda-da, üýrýänler gözýetimde kim hem bolsa bir garanyň görünmegini küýseýärler. Olar şony duşman hökmünde kabul etjekler, onuň üstüne hezil edip topuljaklar, şeýdibem Nyýazowy ygtybarly goraýandyklaryny görkezjekler. Arman, gözýetimde gara görnenok. Göreşere Nyýazowa duşman ýok. Olar şol duşmany satyn alyp döretmäge-de kaýyl. «Аgzybirlik» halk hereketiniň agzalary-da çägä guýlan suwa döndüler. Welsараrowуň hem sesi çykanok, ýogsa, ol topulmaga tutaryk bolaýýardy. Indi hiç kim ýok. Häkimiň güýji garşylykda duýulýar, söweşse, garpyşsa, ýeňiş gazansa gowy. Duşmanyň bardygyny bilseler, onuň töweregine üýşerler, jebisleşerler! Ümsümligiň, asudalygyň garşysyna göreşip bolanok. Ýüzüne köz degmiş daşky duşmanam görnüp baranok. Hemme döwlet içki işi bilen başagaý. Nyýazow fewralda Ylymlar Akademiýasynyň alymlary bilen duşuşanda marşal Şapoşnikow bilen Russiýanyň harby ministri Graçýowyň özüni yzarlap, aňtap ýörendiklerini aýtdy-dy, yzyny belertmän goýdy. Äý, garaz, duşmansyz-a kyn boljak! Iliň ünsüni bir zada gönügdirmeseň, ýogsa olar bazardaky harytlaryň bahasyny düýnki bahalar bilen deňeşdirip otyrlar. Bahalar hem galyp barýar. Süzmäniň bir kilosy 200, etiňki 250, gatadylan kolbasanyňky 700 manada ýetdi. Egin-eşigiň-ä golaýyna-da barar ýaly däl. Bir anjaýyn gyş aýakgabyny aljak bolsaň 15-20 müň manat bermeli! E-eý, ümsümlikde bukulyp ýatan namartlar, başyňyzy göteriň! Gurbanowlar siziň garşyňyza göreşip hezil etsinler. Hudaýberdi Diwangulyýew ýaly ýazarmanlar sizi diňe namartlykda aýyplap goýanoklar, size zannyýamanlar diýýärler, sebäbi siz Nyýazowy mahabatlandyrmak isläňzok! Öňki daşary işler ministri Аbdу Кulyýew «Swоboda» radiosyna beren interwýugynda: «Türkmen halky serdarlaryny mahabatlandyranam bolsa, olary perişdeleriň derejesine ýetiren däldir» diýdi. Nyýazow Аbdу Кulyýewiň aýdýan serdarlaryna meňzänok. Ol kommunistik sistemanyň döreden serdary. Ine, ýalynjaňlar şu serdary perişde saýdylar. Adamlardan tapawutlylykda, perişdeleriň döremegine gös-göni hudaýyň özi gatnaşýar, adam laýdan ýasalsa, olar otdan ýasalýar. Elbetde, bu ajaýyp syry açmak biziň öňümizde duran hormatly wezipe. Biz ony açmagy başarmasak hem, onuň perişdeligi çyn bolsa, döwrüň özi açyp berer. Biz kyrkynjy ýylda Gypjak obasynda beýik adamyň doglandygyny bilmändiris-ä! Şol perişde telim ýyl kompartiýanyň merkezi komitetinde işlände-de hiç kim ony bilmändir, ýogsam bolmanda, partiýa öz kadrlaryny iňňän irniklik bilen seçip alýardy ahyry! Äý, perişde diýeniň zor bolýar, ol hemmeleriň gözüni baglandyr. Ýöne onuň häzirem perişdä gelişmejek etmişleri bar, şolardan el çekeweri diýmeli, şony etmeseň, öz perişdelik mertebäňi hudaýyň bendesiniň derejesine çenli peseldýärsiň diýmeli. Perişde diýeniň emlägiň, şöhratyň öňünde ejizlemeli däl-ä! 2. 1993-nji ýylyň fewral aýynda prezident oba hojalyk işgärleriniň maslahatyny çagyryp, özüniň ýer baradaky permanyny beýan etdi. Ýeri hususy eýeçilige hem-de uzak möhleti bilen kärendesine bermegiň düzgünleriniň üstünde durup geçdi. Hojalyk hem döwlet ýolbaşçylaryny-da ýer eýeleri bolmaga çagyrdy. Bu çagyryşy diňlän adamlar üçin Nyýazowyň baý gatlagy, türkmen baýlaryny döretjek diýmesiniň aňyrsynda nämäniň ýatandygy aýdyň bolsa gerek. Ýer eýeçiligi diňe kanun esasynda bolmaly. Maslahat gidip durka, dabaraly ýagdaýda prezidente 50 gektar ýeriň berilendigi hakyndaky aktyň şahadatnamasy gowşuryldy. Zal ör turup, täze ýer eýesine çapak çaldy. Çapak çalýanlaryň ýüzünde şatlyk, gözlerinde buýsanç. Olar prezidente müň gektar ýer bermäge-de taýyn, sebäbi, Nyýazow olara: men alýanmy – sizem alyň diýdi. Nyýazow alan ýerini her kimiň öz güýji bilen ekmelidigini, bejermelidigini aýtsa-da, onuň boş sözdügini zaldaky tejribeli emeldarlar bilip otyrlar. 50 gektar ýerde prezidentiň eline pil alyp işlemejegi belli zat. Rast özi hakyna tutma adam ulanýarmy, beýlekileriň şeýle etjegine-de göz ýumar. Edil şu pursat prezident kanuny bozup dur-a! Entek kanuna öwrülmedik düzgüne eýerip, hiç bir raýatyň ýer almaga haky ýok. Entek kanun Mejlis tarapyndan kabul edilmeli, kanun oba hojalyk işgärleriniň maslahatynda kabul edilmeýär. Ýeri, perişde sabyrly bolmaly dälmidir? Ýer eýesi bolmak islegi juda zor bolsa, ertir kanuna gol çek-de, onsoň boluber. Bisabyrlyk hudaýyň ýazykly bendesine laýyk häsiýetdir, ol perişde derejesine göterlen adama gelişmez! Maslahatdan soň oňa gatnaşanlar üçin dabaraly konsert berildi, telewidenie ony ýurda görkezdi. Tokgaýew diýen bir aýdymçy Gowşudow diýen biriniň sazyna «Serdarym» diýen aýdym aýtdy. Ýaňyja ýer eýesi bolan serdaryň gulagyna özüni wasp edýän aýdym gaty ýaran bolmaga çemeli. Konsert tamamlanyp, mähelle dargap barýarka, daşarda, «Mekan» köşgüniň ýeňse tarapynda duran aýdymçynyň gapdalynda prezidentiň maşyny togtady. Ondan Nyýazowyň özi çykdy, muny görüp beýleki emeldarlaram haýdaşyp çykdylar. Nyýazow Tokgaýewe minnetdarlyk bildirdi, hem-de töweregindäkilere sala salan kişi boldy: «Serdarymy» aýdany üçin bu ýigide at beräýsek nädýär?» Kim ýok diýsin, ýogsa, megerem, prezidentem, töweregindäkilerem bu adamyň kimdigini bilmeýän bolsalar gerek. Tokgaýew jenaýat işi üçin türmede otyrdy, şol ýerden çykaryp alyp gaýdypdyrlar, onuň ýerinde aýalyny oturdyp gaýdypdyrlar diýen gürrüň ýaýrady. Iň geň ýeri, onuň aýdan «Serdarym» aýdymynyň sözlerini ýazan milisiýa gullugynyň polkownigidi. Haýdan-haý Tokgaýewi sylaga hödürlemek üçin zerur dokumentleri dolduryp, prezidentiň konselýariýasyna tabşyrmalydy. Tokgaýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen adyň berilýändigi hakynda Nyýazowyň goly bilen peýda bolan permanda, «türkmen saz sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlar görkezen» Tokgaýewi «döwlet filormoniýasynyň solisti» diýip ýazypdyrlar. Bir aýdym üçin beýle kiçelmek perişdelere gelişjek alamatmyka? Bu alamat düýn merkezi komitetiň ümsüm kabinetde ulurak wezipeden hantama bolup oturan adaty emeldara gelişýän bolmasyn?! Serdaryň gowşak damaryny tutmagy başaran döredijilik işgärleri ýadaman onuň waspyny edýärler. Ol hakda dokumental, çeper filmler döretmegiň aladasy bilen başagaý boup ýören köpeldi. Serdaryň keşbini çekmek, onuň heýkellerini ýasamak düýnki sowet hudožniklerini gazanç çeşmesine öwrüldi. Häzir hantamaçylygyň möçberi, gerimi giňedi. Hususy eýeçiligi artdyrmaga, ýer eýeleri bolmaga real mümkinçilik döredi diýen ynanç olary alňasadýar, howlugdyrýar. Sowet zamanynda parahorluk, ogurlyk bilen gazanan haram baýlygyny saklamagyň aladasy bilen kelle agyrdan adamlar, edil häzir paş bolmak howpundan dynana meňzeýärler. Ýer eýeleri bolsalar, kärhanalaryň aksiýalaryny alsalar, haramdan ýygnalan emlägi tasa getirmäge juda amatly delil gazanyp biljekler. 1993-nji ýylyň fewral aýynda Nyýazow alymlar bilen duşuşygynda özüniň 50 gektar ýer aljakdygyny, bäş-on sany negr getirip, patyşalaryň mülkünden gaýra durmajak gözel mülk edinjekdigini aýtdypdyr. Garamaýak daýhanyň mülk edinmäge, ony göwnejaý gurnamaga güýji ýetjek däl, şonuň üçin hem emeldarlara mülk edinmäge rugsat berjek, goý, güýçlerini, serişdelerini sarp edip, gözel-gözel mülk döretsinler diýipdir. Şonda akademikleriň biri: «Biz näme etmeli?» diýip sorapdyr. Beýle sowala garaşmadyk Nyýazowyň gür gaşy çytylypdyr, soňam: «Siziňem basym aýlyklaryňyzy galdyrjak» diýipdir. Bu jogapda: berleni bilen oňuberiň diýen many bar. Elbetde, perişdeleriň jogaby başgarak bolardy! Adalatsyz gurnalan iş ahyr soňunda närazylyga alyp barýar. 1993-nji ýylyň 19-njy fewralynda «Izwestiýa» gazetinde habarçy Wladimir Kuleşowyň: «Ere hususy eýeçilik hakyndaky kanun kabul edilenden soň Türkmenistanda işjeňlik örän artdy» diýen makalasy çap edildi. Ony okan adam Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň gerimine haýran galmaly, asyl Rossiýa tozana garylyp gidipdir diýmeli. Bu ýerde islän adam arza ýazagadan 50 gektara ee bolup oturyberýän ekeni. Suw meselesinde-de hiç hili problema ýok, ýokary hilli tohumlyk bugdaýy Argentinadan isläniňçe alyber! Garaz, Nyýazowyň saýasynda hezil edip işläp, gazanyp ýörmeli zaman gelipdir diýmeli. Emma ýerlerdäki hakykat makaladaky elpe-şelpelikden başgarak. Ýarym gektardan mellek ýer bermäge mümkinçilik ýokka, hojalyk başyna 50 gektary nireden alarsyň?! Prezidentiň sözüne salgylansaň, entek kolhoz-sowhozlar hem ýatyryljak däl. Olaryň ýerini ýekebara daýhana kim berjekmiş! Ýeri kimler alar? Şol makalada «Gaýrat» korporasiýasynyň prezidenti Guwanç Jumaýewiň aýdanyna salgylanylýar. Ol: «Ýei öňi bilen tohum, tehnika, kredit beriljegine ynanýan köpçagaly maşgalalar alar. Bu zatlar üçin alan hasyllarynyň bir bölegini berip hasaplaşarlar. Eýýäm san taýdan onlarça müňe ýeten telekeçilerem ýer alar, olarda maşynam, ýygym agregatlaram, pulam bar» diýýär. Hawa, bu ýerde telekeçileriň sanynyň çişirlendigine garamazdan olaryň arasynda ýer aljaklaryň bardygyny inkär edip bolmaz. Olar aglaba diýen ýaly emeldarlaryň hossarlygynda, ganatlarynyň aşagynda döräpdiler. Kuwwatly firmalaryň başynda wezipedäki adamlaryň ogullary, ýakyn garyndaşlary durlar ahyry! Nyýazow telekeçiler bilen duşuşanda şeýle diýipdi: « Prezidentiň permanyna, goldawyna garamazdan siziň öňüňizde millionlarça päsgelçilik bolar, ýöne eliňiz işden sowamasyn, gaýgy-gama batmaň. Biz büs-bütin başga düzgünde işlemäge, buýruk bermäge, ykbal çözmäge endik edinen adamlar bilen ýaşaýarys, işlerýäris» Indi prezidentiň şu aýdanyna gowy üns beriň. Ol päsgel berjek emeldarlara: biz siziň etmişleriňizi geň göremzok, öwrenen endigiňiz bilen boluberiň diýen manyda gürleýän ýaly-la? Ol pesgelçilikleriň durmagyny isleýän-ä däldir? Olar süzgüjiň hyzmatyny ýerine ýetirmeli. Emma prezidente el çarpýan adamlaryň birdem bolsa-da, süzgüjiň bolmajakdygyna ynam edesleri gelýär, bolaýanda-da ol biziň garşymyza ulanylmaz, sebäbi süzgüjiň sapy biziň elimizde bolar diýip, emeldardyklaryna buýsanyp otyrlar! Ýerden hemmeleriň paýy bolmaly. Bu gün ýeri bejermäge guraly, puly bolmadyk adamlar ony alyp bilmejek bolsalar, diýmek, der dökýän hakyky daýhan ýene onuň eýesi ediljek däl diýildigi bolýar. Ol bu güne deňiç kolhozda talaban hökmünde gün görüp gelen bolsa, mundan beýläk Nyýazowyň döretjek baýlaryna elgarama bolarlar. 3. Moskwanyň «Ostankino» telekompaniýasynyň Türkmenistandaky habarçysy Gurban Babaýew reportaž berip, türkmen žurnalistlerine häsiýetli bir öwrüm etdi. Nyýazowyň öz adynyň mundan beýläk obektlere dakylmagynyň artykmaçlyk etjekdigini aýdyp, ol sadalyk, pespällik görkezdi diýdi, muňa deňiç edilen gözilginçlikleriň sebäbini Gündogara häsiýetli syrly inçeliklere syrygdyrdy. Garaz, Babaýew tetelliler Nyýazowyň hakyky ýüzüni açanlaryndan tutuş Gündogaryň däp-dessuryna şyltak atanlaryny amatly görýärler. Gündogarda häkimiň aslyna seretmek aňyrdan gelýän ýörelge. Döwletli adamlar döwletli ýerden çykýandyr diýilýär. Nyýazowyň çagalar öýünde terbie alandygyny nazarda tutsaň, ýokarky söz onuň peýdasyna işlänok. Muny köşk žurnalistleri Durdymuhammet Gurbanow bilen Täçgeldi Gutlyýew aňan bolmaly, ýa-da aňanlaryň islegini berjaý etmekçi bolupdyrlar. Olar Nyýazowyň örän döwletli maşgaladan çykandygyny ürç edip ýazyp başladylar. Biz bu hakda öňdäki bapda durup geçipdik. Indi prezidentiň ejesiniň, kakasynyň atlaryny köçelere, oba-şäherlere dakylýandygyny habar bermekçi bolýarys. Beýik adamyň asly-da beýik bolmaly diýen ýörelgeden ugur alýan žurnalistleriň bäri-bärde durmajaklary belli. Prezidentiň doglan gününde ýokarda ady tutulan iki žurnalistiň täze ýazgylary halka hödürlendi. Bu sapar olar prezidentiň iştimagyna ýüzlendiler. Asyl onuň aňyrsy ýanyp duran ot bolsa nätjek! Bu mahala çenli beýle asylly ata-babasynyň bolandygyny Nyýazowyň aýtman gelendigine haýran galaýmaly! Ýa-da, onuň özi hem bihabar boldumyka? Eger žurnalistler Nyýazowyň öňünde täsin açyş edip bilen bolsalar, olara zor diýmeli. Bu açyşyň olaryň özlerine-de wajyp bolandygyna ynanýaryn. Beýle asylly adamyň ömri hakyndaky degerli maglumatlary öň bilen bolsadylar, walla, olar 1991-nji ýylyň awgustynda rugsatsyz geçirlen mitinge gatnaşmazdylar! Täçgeldi Gutlyýewiň adamlary mitinge çagyryp, öýün-öýün aýlanandygyny bilýärin. Ol meniň hem gapymdan gelip, çykyş etmegimi sorapdy. Elbetde, men Gutlyýewiň haýyş edeni üçin çykyş etmändim, ony öňde düşündiripdim. Ýöne şol mahal demokrat bolan žurnalist Gutlyýewiň demokratiýany iki aýagy bilen basgylan Nyýazowa tarap ewolýusiýasy meni geň galdyrýar. Belki, mitingde çykyş eden Gurbanowyň soňra haýýarlyk bilen: da-at, ownujak adamlar maňa tekst okatdylar! diýşi ýaly, ol hem eýýäm kimiň üstüne günä atmalydygyny takyklap goýandyr? Gurbanowa ýene bir sowal: Türkmenistany garaňky künjek hasap edip, Nyýazowyň hökümzorlugyndan ezet çekýän demokratiýanyň agysyny aglap, «Literaturnaýa gazetada» eden çykyşyňy saňa kim ýazyp berdikä? Türkmenler asylly bolsaň, ýedi arkaňy bilmeli diýýärler. Prezidentiň ýedi arkasyna tarap ezber žurnalistleriň ýoly täze ädimler bilen şöhratlanýar diýse boljak. Onuň atasy Gökdepe galasyny goranlaryň arasynda orun aldy. Dogrudan hem Gökdepe galasynyň içinde düýbi tutulan metjidiň Saparmyrat hajy adyny götermelidigini nazarda tutsaň, bu mukaddes ýere onuň ata-babasy dahylly edilmese gelşiksiz bolmazmy? Beýik serkerdebaşy, goşun generaly Saparmyrat Nyýazowyň kakasy Atamyrat nemeslere garşy göreşde wepat bolan bolsa, näme üçin atasy Gökdepe galasyny kapyrlardan goramaga gatnaşmaly dälmiş?! Ýene az salym sabyr ediň, onuň aňyrsyny ýa-ha Dykma serdar, ýa-da Nurberdi han bilen baglap goýarlar. Taryhy nähili «döretmelidigini» kommunistik ideologiýa ussatlarça görkezipdi. Onuň terbiýesinde ösüp ýetişendigimiz üçin ondan nusga almak bize geň ýa-da utanç däl. Soňky mahalda prezident Nyýazowyň özi-de taryh ylmy bilen içgin gyzyklanýandygyny häli-şindi aýdýar. Enteg-ä onuň taryh ylmyna ägirt itergi berjek eseri döränok, ýöne şeýle tagallanyň ediljegine şübhe-de etmeýärin. Näme üçin sowet halkynyň beýik serdary Stalin dil biliminiň esaslaryny «çözüp berende», türkmeniň beýik serdary Nyýazow onuň taryhy ýoluny aýdyň etmeli dälmiş?! Prezident taryh meseleleri bilen bagly, studentleriň öňünde leksiýa okajakdygyny aýdyp, uniwersitetiň ýolbaşçylaryny umytly garaşma maýyl edip goýdy. Biraz howlukmaň, ol entek taryh bilen bagly taglymatlaryny alymlaryň öňünde açyp ugrady. Beýik serdara studentleriň auditoriýasynyň ýöntemräk görnen bolmagy-da ähtimaldyr. Prezident Nyýazowyň taryh hakyndaky taglymatynyň esasy ugury nämeden ybarat? Ol türkmenleriň taryhy häzirki Türkmenistanyň territoriýasynyň çäginde bolmaly, ony başga ýerden gözlejek bolmaly däl diýýär. Geçmiş Nyýazowyň bu görkezmesine boýun egmese nätmeli? Inkär etmeli bolar-da! Eý, hudaý, geçmiş ýene nobatdaky «beýik serdaryň» islegine görä ýazylmaly bolarmyka?! Elbetde! Görkezmä görä «taryh» ýazmakda biziň toplan tejribämiz az-owlak däl. Garaz, asyrlaryň dowamynda türkmenleriň ýaýran ýurtlaryny hasaba alman, neneň taryhy beýan edip bolarka diýen ýaýdanç bilen böwrüni diňläp oturan taryhça haýpyň gelýär. Neneň edip Enesuwuň, Itiliň, ýaýygyň boýlaryny, Çynmaçyny, Mawerannahry, Horezmini, Eýrany, Owganystany agzaman türkmen taryhyny döredersiň?! Mümkin däl! Hawa, Nyýazow taryh ylmyny şu günki syýasatynyň arabasyna goşjak bolýar. Eger taryhy faktlara eýerlip, türkmeniň taryhy, aýdaly, Eýranyň ýa-da Özbegistanyň häzirki tutup oturan territoriýalary bilen baglaşdyrylaýsa, ol döwletler tarapyndan nägileligiň bolmagy ähtimal diýen ätiýaçdan gorkulýar. Dogrudan hem, şu günki ýer-ýurt dawasyny geçmiş taryhyň faktorlaryna daýanyp çözmäge ilgezik toparlar hem azlyk edenok. Meniň 1994-nji ýylyň başynda Mollanepes adyndaky döwlet akademik drama teatrynyň sahnasynda goýulmaly «Döwletýar beg» atly dramam ýokarky ätiýaç zerarly Medeniýet ministrliginiň emeldarlarynyň ýaýdanjynyň gurbany boldy diýip, belli bir derejede aýtsa bolar. Olar pesada Eýranda agalyk sürýän gajar türkmenleriniň, olaryň şasy Agamuhammet hanyň ady tutulýar, olaryň obrazy berilýär, ganly çaknyşyklar beýan edilýär, bular prezidentiň häzirki syýasatynyň ugurlaryna çapraz gelýän bolmasyn diýen gorky bilen eseriň sahna çykmagyna ýol bermediler. Bizde taryh ylmy ýaly ideologiýanyň zorlugyndan, süteminden ejir çeken başga bir ylmy ugur barmyka beri? Her kim ony öz ideologiýasynyň islegine görä ýazdyrjak bolýar. Taryh diýen zadyň ýowuzdygyna, biziň görkezmämize boýun bolmaýandygyna, ölen adamy gepledip bilmejegimize ynanyşymyz ýaly ynanmaga wagt ýetdi, adamlar! Taryha zor salyp, biz ejizligimizi taryha, nesillere aýan edýäris, masgara bolýarys. Taryh ylmy islendik ideologiýa bendi ediljek bolnan halatynda, ol taryh bolmagyny bes edýär. 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-synda men telewideniýede çykyş edip, şu hakykata ünsi çekmäge çalyşdym, emma gepleşigiň ýazgysyny efire berenlerinde «ideologiýa» sözüni adýan ýerimde meniň sesimi bozupdyrlar, sakawyň gepleýişi ýaly agzym açylýar, ýöne ses ýok. Ine, senzuranyň oýny şu hili gülkünç ýagdaýlara alyp barýar. Bu gün Türkmenistanda çeper edebiýat diýmäge mümkinçilik beräýjek eserleriň jemgyýete tarap ýoly petiklendi. Neneňsi ýagdaý bolanda-da edebi proses togtamaýar. Ýazyjylaryň käbiriniň ýazýan eserini stoluň tahylyna salyp oňmaly bolýandygyny-da çaklasa bolar. Kommunistik düzgüniň gazaply döwründe-de Rossiýada şeýle etmäge mejbur bolan ýazyjynyň az bolmandygyny 1985-nji ýyldan soňky aýdyňlyk mahalynda bilip galypdyk, begenipdik, hakykaty ýazsaň ahyr bir gün okyja ýetjekdigine düşünipdik. Sosialistik realizmiň eserlerinde-de sosial meselelere belli bir derejede üns berilýärdi, nogsanlyklara garşy pikiri haýsydyr bir ölçegiň möçberinde aýdyp bolýardy. Indi biz şol mümkinçilikden hem mahrum bolduk. Asyl garaşsyzlyk alsaň, Nyýazow ýaly beýik serdar edinseň kynçylyk gutarýar diýip hasap etmeli ekeni. Keselçilik hakynda, ekologiýanyň howpy hakynda, eneleriň, çagalaryň ölümi hakynda gep gozgamagyň özi halkyňa hyýanat etmegi, serdaryň abadançylyk syýasatyny opurmagy aňladýan bolsa nätjek! Walla, biz-ä haýran! Ýagyşdan gaçyp, damja uçuradyk. Bolýan ahwalatlary görüp-eşidip otursaň gaharlanjagyňam, güljegiňem bilip bolanok. «Edebiýat we sungat» gazetinde zeýrenip oturan bar ekeni. Çapa taýýarlanan bir makalada ýüzüne öwlüp duran adamyň ýaranjaňlara gaýtawul berişi hakynda ýazylypdyr, emma baş redaktor şol ýerini aýyrmaly diýipdir. Şeýle diýip ýazsak, prezidente daş atan ýaly bolar, şol manyda düşünerler diýipdir. Redaktoryň ätiýajynyň hem jany bar. Prezident özüni öwýänlere ýaman söz diýenok, gaýta at bilen, zat bilen höweslendirýär. Ýaranjaňlara gaýtawul berjek adamlar hakynda söz açmagyň derkary ýok, olary unudyň, ýa-da Gogol aýtmyşlaýyn, «olary şeýtanyň telpegine salyp, hol ilerik, hol ilerik! zyňyp geliň!» | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |