11:25 Biz kim ekenik: Tukat günüñ agyr oýlary | |
BIZ KIM EKENIK? / Türkmen sowet adamynyň sypaty
(Esse) TUKAT GÜNÜŇ AGYR OÝLARY 1. Şu kitaby 1992-nji ýylyň 16-njy martynda gündiz sagat ikide ýazyp başladym. Maksadym irden başlamakdy, bolmady. Dokuz sagat otuz minutda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Hojamyrat Goçmyradowyň kabinetine baryp, prezident sowetiniň agzasyna okatdyrlan makalamy tabşyryp gaýtdym. Öňki şerte görä, makala hepdelik gazetiň indiki sanynda berilmelidi. Uly wezipede oturan adamyň makullandygyna garamazdan, onuň beriljegine ynamym ýok. Onda uly bir jedel döreder ýaly üýtgeşik pikirem aýdylanok. Garaşsyz hasap edilýän Türkmenistan döwletiniň ertirki ugury hanjak, kimiň yzyna düşmeli diýen sowallara şahsy pikirimi beýan etmekçi bolupdym. Elbetde, bu sowallar öňki SSSR-iň düzüminde duran respublikalaryň ählisine degişlidi. Men esasan öz halkymyzyň mysalynda pikir öwürmekçi boldum. Bu sowallar telim asyryň dowamynda halkyň öňünde keserip durupdyr. Gynançly ýeri, döwleti bolmany üçin türkmeniň her ili, taýpasy öz çygrynda jogap agtarypdyr. Ýigriminji asyryň aýagynda özygtyýarly döwlet bolduk, indi başyňy aman saklamagyň tebigi instinkine görä däl-de, adamzat siwilizasiýasynyň umumy ýörelgesine laýyklykda jogap gözlemäge bize-de wagt geldi. Bu meniň islegim. Seniň islegiň juda badyhowa diýilmegi-de ähtimal. Hawa, beýle diýmäge-de esas bar. Geçen 70 ýylyň dowamynda kommunistik ideýa gol ýapyp ýaşadyk, ýokarky sowallara şol ideýanyň çäginde hemmämiz şänik döwen ýaly jogap berýärdik: ugurymyz hanjak?– kommunizme! Kimiň yzyna düşmeli?– kommunistik partiýanyň! Indi bulaşdy. Gözi daňlyp, nätanyş ýere eltilen adama meňzeýäris. Nirä geldiň diýip soraýarlar, hudaý bilsin! Seljermeli, birgiden ahwalaty başyňdan geçirmeli, synagy öz gerdenimizde çekip, soňra özümiz belli netijä gelmeli. Imperiýanyň geriminde alnyp barlan kommunistik eksperimente biz diňe ýükçi düýäniň rolunda gatnaşan ekenik. Ýene biziň gerdenimizden agyr ýük aýrylmaz, ýöne kişiniň ýüküni däl, öz ýükümizi götereris. Öň biz uly imperiýanyň kiçijek bölegidik. Imperiýanyň gazanan esasy netijeleriniň biri – kiçiligimizi, ujypsyzlygymyzy tebigatdan ýeten paý ýaly duýmaga, mizemez hakykat hökmünde oňa kaýyl bolmaga bizi mejbur etdi. Uly syýasat galmagally bolýar, bizi uly syýasata goşmadylar, galmagaldan daşrakda, berlene şükür edip ýaşadyk ýördük. Bu gün uly syýasatyň galmagaly ähli derdeseri bilen başymyzdan indi welin, çydamajak bolýarys. Öňküje günümizi küýsäp ýörenem gyt däl. Geň görerlik zat ýok, öwrülşik döwrüne mahsus ýagdaý. Ýöne Türkmenistan ýaly kiçi ýurtda kommunizm gurmak işini dowam etdirmek başardar öýdemok, sebäbi oňa arka durjak imperiýa dargady. Kommunizm ideologiýasy, hamala, demokratik ýörelgelere sarpa goýýandygyny ynandyrjak bolup, wagt ýitirip ýörenden, zora ýanap maksada ýetmegi has amatly görýär. Arkaňda imperiýanyň ägirt güýjüni duýman, zorluga baş urmagam hatarly. Sowet adamlarynyň bokurdagyny hudaý deşen-de bolsa, 70 ýyl onuň rysgaly kompartiýanyň elinde boldy. Bokurdak eliňdekä seniň öňüňde müşgül iş bolmaz. Türkmenistanyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň birinji sekretary Saparmyrat Nyýazow eglenmän prezident boldy. Ol golaýda partiýanyň adyny üýtgetdi, «demokratik partiýa» diýdirdi. Onuň yzyna düşen kommunistler ýekeje günüň içinde «demokrat» boldular oturyberdiler. Meniň ynanjyma görä, demokratiýa kişiniň pikirine, durmuş ýörelgesine düşünmäge bolan islegden başlanmaly. Halkyň aýry-aýry adamlardan, toparlardan emele gelýändigi üçin pikiriňem ýaýrawy giň, dürli-dürli. Şu hakykata sarpa goýmaýan adama demokrat diýip bolmaýşy ýaly, diňe bir ideologiýa gulluk edýän häkimetem demokratik häkimet däldir. 70 ýyllap sowet häkimiýeti kompartiýanyň synpy ideologiýasyna hyzmat etdi. Şoňa halys uýgunlaşan adamlardan gyssagara demokrat ýasajak bolmak tüýs kommunistleriň ynanjyna laýyk gelýän edähet! Altmyşynjy ýyllarda Türkmenistan kompartiýasynyň merkezi komitetiniň şol wagtky birinji sekretary Balyş Öwezowa bir bölümden ybarat satiriki film görkezipdirler. Film oňa ýaran bolmaga çemeli, näme üçin reňksiz diýip, nägilelik bildiripdir. Reňkli plýonka gyt diýipdirler, sekretar: şu plýonkany reňkläýiň diýipdir. Bu ýerde-de şol psihologiýa.. Kommunist sözi bu gün gulaga ýakymsyz eşidilýärmi – aýryň, gyzyl reňki başga bir reňke çalşaýyň! Şeýlelik bilen bir günüň içinde respublika demokratdan dolaýdy. Kommunistik partiýanyň ýokary okuw jaýynyň ikisini gutaran, meni hudaýam kommunistik ynançdan dändirip bilmez diýip ýören Goçmyradow bu gün mähriban partiýasynyň adyny basgylap, «demokrat» bolagadan öňküje kürsüsinde baş redaktorlykda otyr. Ençeme ýyl partiýanyň oblast komitetiniň agitasiýa we propaganda bölümine müdirlik eden, aýat-töwir okalýan ýere el galdyrýanlaryň arasynda partiýa agzas-a ýokdur-da diýip, barlamaga baraýmasa, ýas-sadakany terk edip ýören kommunist Kakabaý Ataýew bir ýyl ozal döredilen täze senzorlaryň komitetine başlyk bellendi. Onuň ätiýajy: «süýde siňe seretseň gan görner» ýa-da, «birdenkä bir zat bolaýmawersin». Soňky jümläniň Çehowyň gahrymanyna degişlidigini-de bilýän däldir, bilenliginde özüne kybapdaş gahrymany döredeni üçin beýik rus ýazyjysyna minnetdar bolaýmagy-da ähtimaldyr. Ine, şu adamlar meniň golýazmamyň ykbalyny çözmäge gatnaşýardylar. Ýeri, aşa gussa batmada, penjireden daşary gara, siňňintly ýagýan ýagyşyň şybyrdysyna diň sal. Tebigat gyş ukusyndan oýanypdyr. Aýratynam gytçylyk, ýetmezçilik bolanda baharyň gelerine bisabyr garaşypdyrlar. Ýazda ýyly topraga sepilen tohum, oturdylan nahal adamlaryň kalbyna-da umyt tohumyny sepýär. Bizde-de häzir bolçulyg-a ýok, bazarda harytlaryň golaýyna barar ýaly däl, magazinleriň tekjeleri boş. Talon bilen aýda jan başyna aljagyň bir kilo et, sähelç şeker, tüwi, iki ýüz gram mesge, üç kilo-da un. «Kyn däl her naharňa bir tokly iýmek, çagalaryň sany ona ýetende» diýen şahyr Tagan Söhbeti göz öňüne getirýän. Etiň kilosy altmyşa ýetdi, halyň niçik, şahyr?! Ýaz ýagyşynyň lezzetini duýmaga-da gamsyz göwün gerek. Asmandan ýagyş ýagman, alada ýagyp duran ýaly. Aşgabadyň ilersindäki baýyrlar gök salypdyr. Iki gün ozal şol baýyrlaryň depesinde Rahym Akynyýazowy jaýlap gaýtdyk. Men onuň bilen altmyşynjy ýyllaryň başynda Aşgabat telewideniýesinde bile işläpdim. Hoşgylaw, alçak ýigitdi. Soňra ony partiýanyň merkezi komitetine işe alypdylar, kakasy-da sekretarlyk ornuna çenli göterlen adamdy. Merkeziň synagyndan geçendir-dä, ony uzak saklaman diplomatiýa uguryndan Moskwadaky akademiýa okuwa ýollapdylar. Ol gaýdyp respublika işe dolanmandy. Altmyş ýyllyk ömrüniň soňky ýigrimi bäş ýyly Wýetnamdaky, Laosdaky, Kampuçidäki sowet ilçihanalarynda geçdi. Wýetnamda graždanlyk urşunyň ganly çaknyşyklarynyň dowam edýän döwründe agyr derde ýolugan ekeni, şondanam aýňalyp bilmän, pensiýa çykyp, sähelçe ýaşandan soň Moskwada aradan çykdy, getirip süňňüne ýyly giden mähriban topragynyň goýnunda ýerlediler, soňky haýyşyny bitirdiler. Ýas mitinginde geplän uruş weterany Seýitnyýaz Ataýew merhumyň ömrüniň netijeli geçendigini, şol ýyllar Hanoýa baranda ildeşiniň işe yhlasy babatda sowet ilçisiniň dilinden minnetdarlyk sözlerini eşidendigini, buýsanç duýgusyny başdan geçirendigini nygtap-nygtap aýtdy. Mazarystanda bolnandaky gysga pursat adamyň ömrüniň manysy hakyndaky oýlanmalara iterýär. Işdeş ýoldaşymyzyň watandan awara geçiren ýyllarynyň netijesi barada oýlanýan. Uzak Gündogaryň üç ýurdunda telim ýyllap dowam eden graždanlyk urşy şol halklary hiç mahal ýatdan çykmajak agyr pidalara sezewar etdi. Halklary iki synpa böldi, dogan-doganyň ganyny dökdi. Resmi ideologiýa ol wakalary bize bir taraply düşündirýärdi, ol ýerde ýagty gelejek üçin, sosializm ugrunda göreş gidýär diýýärdi. Özümizi diňe adalatyň tarapynda görkezýärdik, galan güýçler wagşylar, öz halkyny gyrýanam, süteme duçar edýän hem şolardy. Ýeri, uzaga çeken gyrgynçylygyň soňy näme bilen gutardy? Biz näme gazandyk? Bu sowallar iňňän ýowuz. Olaryň merhumy-da erkine goýmandygyny çaklaýaryn, men muny Rahymy biraz tanaýandygym üçin aýdýaryn, onuň ýüregi daşdan däldi. Belki, ýowuz sowallar onuň derdini agraldandyr? Olar bu gün biziň hem alnymyzda keserip dur. Ömrümiz haýp geçen-ä däldir-dä? Hany biziň idealymyz? Sähel salymda suwa düşen sabyn köpürjigine dönäýdi-le! Altmyşynjy ýyllaryň başynda N.S.Hruşýow kompartiýanyň adyndan: «Sowet adamlarynyň häzirki nesli kommunizmde ýaşar!» diýdi. «Kommunizm barha golaýlap gelýär, mähriban partiýam seniň saýaňda» diýip, aýdyma başladyk, häzirem aýdyp ýörüs. Şol mahal meniň ýaşym ýaňy ýigrimiden geçipdi. Kyrka ýetemde, allanäme, kommunizmde ýaşap ýörmeli boljak. Munuň açlygyny, horlugyny gördük, kommunizminem bir göredi-dä diýip, galyň bende umyt bilen geziberdi. Turzulan gopguny, şowhuny göreňde umyt etmez ýaly boldumy diý! Uly ýygnaklarda partiýa hem döwlet ýolbaşçylarynyň zaldaky märekäniň dabara bilen urýan çapagynyň badyna gollaryny depelerinde hallan atdyryp, bolmajysy bolup duruşlary şol döwrüň adamlarynyň göz öňünden gidýän däldir. Ýatlap oturşyňa ýurduň öňüne düşen adamlaryň boluşlaryna hem-ä gülküň tutýar, hemem gaharyň gelýär. Olar çaga oýnundan lezzet aljak bolýan ulularyň ebeteýsizligini ýada salýan gödek dabara halky çekdiler, onuň umydyny ogurladylar. Ýeri, uzak-uzak dowam eden ýalan söz üçin kim jogap bermeli? Halkyň kalbynda çyn söze bolan ynanjy ýoga çykarmagy başaran döwür üçin kimden hasabat soramaly? Kimden?! Kommunizmiň berkarar bolmaly möhletini ýeňillik bilen jar edişimiz ýaly, ähli bişeýkelligiň günäkärinem aňsatja aýtdyk oturyberdik. Partiýanyň, ýurduň ykbalyny ynanyp, portretlerini depämizde göteren serdarlarymyz günäkär ekeni. Düýn il arasyndan, dünýäden sosializmiň duşmanyny gözlänler öz alyp baran syýasatlarynyň emri bilen özleri duşman boldular duruberdiler. Galp syýasat rehim diýen zady bilmeýär. Syýasatyň agyr oýlaryndan halas bolmak umydy bilen ýene penjireden aňry garaýan, ýagyş henizem ýagyp dur. Oglankam ýaz ýagyşynda içerde oturyp bilmezdim, ol meni sonar meýdana çagyrardy, arassa damjasy bilen ýüzümi ýuwardy. Häzir ondan çagyryş duýamok, ol hem meniň göwnümi galkyndyryp bilmeýänine kejigen bolsa gerek, höwessiz ýagýar, nätjek-dä, ýagmaly mahalym geleni üçin, häliki ýöne, ýagan bolup durun diýýän ýaly... 2. Redaksiýa jaň edýärin, jogapkär sekretar meniň makalamyň ýene baş senzora ýollanandygyny aýdýar. Ikinji gezek okamagyň nämä derkary barka? Baş senzor prezidentiň goly bilen kabul edilen kanuny äsgerenok, onuň üçin senjagaz kim?! Kanun: «Metbugat senzuradan halasdyr» diýip başlanýar. Kanunda ýazylmadyk hem bir kanun bardyr, häkimlik şol kanuny eý görýändir. Ýetmiş ýylyň sapagyny unutjak bolýarmyň, akmak! Ýene baş senzora til etmän oturyp bilmedim. Baş senzor trubkany göterýär, ýene düýnki dawa başlaýarys. – Men belliklerimi baş redaktora aýtdym. – Ýyglyp duran materialy alyp gider ýaly, näme beýle üýtgeşik bellik ýüze çykdy? – Alyp geliň diýip, men aýdan däldirin, ynanmasaň, redaktordan sorap gör, özi iberipdir, ýene bir gezek seredip ber diýdi. Woobşe, biz materialy gazet taýýar bolanda okamaly, bärde getirmesinler. – Ony men eltemok, redaktor eltipdir, maňa gygyrma, redaktora gygyr. – Redaktorlar dawany biziň üstümize syrykdyrmak üçin edýärler. – Bellikleriňizi ýazmaça berdiňizmi? – Dilden aýtdym. – Maňa ýazmaçasy gerek. – Ýazmaça belligi redaktordan sora. – Redaktor materialy makullady, ýeňsesinde goly dur-a. Baş senzor ýene gygyrýar: – Goly duran bolsa, ibermeli däl ekeni-dä. – Ätiýaçdan etdim diýýär, sahypadan aýyrsalar gazet saklanýar, jerime tölemeli bolýarys diýýär. – O meň işim däl. Redaktor maňa beý diýenok, ýoldaşlarça seredip ber diýdi. Men öz islegimi aýtdym, düzediň-düzetmäň, ol öz işiňiz. – Redaktor siziň belligiňizi kanun hökmünde kabul edýär, makalany maketden aýrypdyr. – Men oňa maketden aýryň diýemok, makala gaýtadan seretmeli diýdim. – Nämesine seretmeli? – Redaktora aýtdym diýdim-ä. – Maňa-da aýdaýyň. – Makalada hökümetiň geçirýän položitel çäreleri görkezlenok. – Makala hökümetiň işi hakynda däl-ä. Men garaşsyz döwlet bolduk, indi biz başga bir döwletiň yzyna düşmelimi ýa-da öz ýolumyzy tapmalymy diýen mesele barada pikirimi aýtdym. Prezident sowetiniň agzasy okady, makalany saklamaga esas göremok diýdi, başga näme gerek size? – Men prezident sowetiniň agzasyny hormatlaýan, ýöne meniňem öz pikirim bar, bolup biler-ä, menem adam-a! – Onda şahsy pikirim diý-de redaktora aýt-da. – Aýtdym-da. – Ol-a maňa beýle zat diýenok, siziň belligiňiz boýunça makalany gaýtadan işlemeli diýýär, onsuz makalany makete salyp bilemok diýip otyr. – Jogapkärçiligi öz üstlerine almajak bolup diýýärler. Ýel gysymlan ýaly, boş gürrüň halys ýadatdy, diňe Kanuna ýapyşmak galdy. – Makalada prezidentiň şahsyýetine degilýärmi?– diýdim. Baş senzordan jogap bolmady. – Döwletiň syry açylýarmy ýa-da zorluk bilen döwleti agdarmaga çagyryş barmy?– Ýene baş senzor jogap bermäge howlukmady. – Eger şu zatlar bolmasa, galan ýagdaý üçin makalany saklamaga siziň hakyňyz ýok. – Prezidentiň syýasatyny makullaňok. – Garşam gidýän däldirin. – Makullaýan diýip ýazaňda bolanokmy? – Men prezidentiň syýasatyna düşündiriş beremok, öz şahsy pikirimi ýazdym, kim garşy bolsa, garşy diýsin-de ýazybersin, hany demokratiýa?! Bellikleriňizi ýazmaça talap edýärin! – Ýazmaça beremzok. Diňe redaksiýa resmi görnüşde ýüz tutan ýagdaýynda berip bileris. – Resmi ýüz tutmagy üçin redaksiýa esas gerek, dilden aýdylan sözi dokumente çatyp bolanok. – Gazet sahypasynda getirilmese, hiç zat aýtmarys, hakym ýok. – Onda näme ara sokulýaňyz? – Redaktor haýyş etdi. – Haýyş eden bolsa, ýazyp beräýiň. – Ol maňa ýoldaşlarça okap ber diýdi. Baş redaktora jaň edip, baş senzor bilen bolan gürrüňi aýdyp berýän. Baş redaktor: – Maňa beýle diýmedi ol – diýdi.– Meň belliklerimi düzetsin diýýär. – Kanuna garşy zat bolsa, aýdyň, düzedeýin. Özüň okadyň, gol çekdiň, indi aýak diräp yzynda durmaly redaktor-a! – Senzoryň garşysyna nädip durjak-aý! – Sen şol makalany makete salyp biljekmi? – Aýryň diýer-dä. – Maketi äkidip görkezýän dälsiň-ä? – Beýtmäli-le, meni kyn ýagdaýda goýmasana, düzedäýsene. – O-o-ow, nämäni düzetmeli, anyk aýdyň-a! – Optimistik äheňi güýçlendiräýse diýýä, birden okyjylarda göwnüçökgünlik döräýmesin diýýä. – Bular meniň şahsy pikirim diýip aýtdy, düzetmek hökman diýip aýdamok diýdi. – Maňa beý diýip aýdanok, maňa aýdyşy başgarak. Bes! Kimler bilen iş salyşýanyma düşünensiňiz. Men geň göremok, bu adamlaryň diş-dyrnak ýapyşyp ýatan ideologiýasy bizi çagakak zäherlemäge ýetişipdi. Birje mysal. Ellinji ýyllaryň ortasydy, orta mekdebi gutarypdym. Gazetlerde oçerk diýip berilýän makalalary okap, meniňem edermen adamlar hakynda ýazasym gelýärdi. Bize öwredilişine görä, oçerk diýlende diňe öwgi äheňde ýazylmalydy. Obamyzdaky çopanyň sürä daran möjekleri gaýtaryşyny gürrüň berdiler. Heý, mundan uly edermenlik bolarmy! Çaltrak ýaz! Okuwçy depderini dolduryp ýazdym, edebiýat birleşmesine hödürledim. Munuň oçerk-ä bolupdyr, ýöne möjekleriň birini çopanyň üstüne topuldyraýsaň näder, has gyzykly bolardy diýdiler. Möjegi topuldyrdym. Oblast gazetiniň redaktoryna okatmaly diýdiler. Okady. Çopanyň görkezen edermenliginde hökmany suratda partiýa guramasynyň roly bolaýmaly, şonam ýazmaly bolarsyň diýdi. Çopan partiýa agzasy däl ekeni, nätsemkäm? Kolhozyň partiýa guramasynyň sekretarynyň ýanyna bardym, partiýa guramasynyň hyzmatyny görkezmeli diýýärler diýdim. Partorg ap-arkaýyn: «Ýazyber, söz tapaňokmy?» diýdi. «Söz tapýan-la, ýöne möjek çozan wagty, çölde siziň guramaňyzdan hiç kim ýok ekeni, çopanyň ýeke özi ekeni» «Kolhozda näme gowulyk edilýän bolsa, şoňa partiýa guramasynyň tagallasy diýip düşün. Şuny bilmän seniň ýazyjy boljak bolşuňa haýran» diýdi. Diýleni edip, oçerki gaýta-gaýta işlesemem ol çap edilmedi. Redaktor: «Kommunist çopan hakda ýazaýsana, bize-de amatly boljak» diýdi. Ýeri, şundan soň partiýa agzasyny oçerkiňe gahryman etmezmiň! Ýagyş diňipdir. Gapynyň öňündäki beton aýmança ýygnanan ýagyş suwunyň kölçejikleri aýna bölekleri ýaly ýaldyraýarlar, asuda. Köçämiziň ümsümligi meniň gussaly kalbymdaky höwessiz duýgular bilen gabatlaşýar. Adam ömrüniň her menzili özüne häsiýetli alamatlar bilen parhlanýar. Men özüme: elli dört ýaşyň içinde, oglanlygyňy ýatlap, yzda galan sapaly çagyň lezzetine maýyl boljakmydyň diýýän. Pasyllaryň bir bolşy ýaly, ýaz ýaz ýerinde, güýz güýz ýerinde gaýtalanyp dur. Ünsanyň ösdürimlerem tapgyr-tapgyr geçip barýar. Seniň bir mahalky sapaly duýgularyň häzir başgalaryň başynda. Olar bahar ýagyşyna penjireden gussaly garaýan däldirler. Sen öz menziliňe kaýyl bol. 3 Düýn «Аzаtlуk» radiosynyň türkmen dilindäki gepleşiklerini diňledim. Aşgabatly habarçynyň sesinden eşitdirlen täzelige görä, bir topar milisioner Türkmenistanyň parlamentiniň deputaty Täjiýewanyň öýüne çozupdyrlar, Bi-Bisiniň režissýory, žurnalist Brýusyň oppozisiýanyň wekilleri bilen duşuşygyny dargadyp, ony şäher bölümine alyp gidipdirler, Moskwadaky iňlis ilçihanasynyň gatnaşmagynda soňra ony boşatmak başardypdyr. «Jenap Brýusyň topary demokratiýa derek Türkmenistanda hakyky diktaturanyň dowam edýändigini öz gözi bilen gördi» diýip habarçy aýtdy. Bu günki berlen habaram düýnküden oňňul däl. «Daýanç» ady bilen Moskwada birinji gezek garaşsyz türkmen žurnaly çykaryldy. Onuň Aşgabada iberlen iki müň ekzemplýaryny Içeri işler ministrligi poçtadan alagadan bir otaga basyp goýupdyr. Žurnalyň redaktory Muhammetmyrat Salamatowyň habarça beren interwýugynyň äheňi meni haýran galdyrdy. Onda zeýrenç ýa-da gahar duýmadym. Ol zorlugy amal eden adamlaryň bikanun hereketlerini tekrarlamak bilen žurnalyň garşydaşlaryny hem-de tarapdarlaryny bu fakt hakynda ymykly oýlanmaga çagyrýardy. Beýle arkaýyn hem ynamly äheň ýokary medeniýetli, edýän işiniň dogrulygyna şübhe etmeýän adamlara mahsus bolýar. Şu güne çenli döwletiň rugsady bilen garaşsyz pikirli gazetiň, žurnalyň ýekesi-de çykanok, çykjagyna entek umyt hem ýok. Men häzirki başlan kitabymyň baş senzordan geçmejegigi bilip durun, emma ruhdan düşemok. Ömrümde birinji gezek kitabymyň döwlet neşirýatynda çap edilmejegini bilip, ony ýazmaga başlaýaryn. Bu kitap geçilen döwür hakyndaky oý-pikirlerim, özümiziň kimdigimizi bilmäge şahsy synanyşygym. Onuň ýowuz äheňi birgiden adama, mahal-mahal özüme-de ýakymsyz bolmagy ähtimal. Bolsun! Bu kitaby ýazmak häzir meniň üçin ruhy zerurlyk. Ýazylmadyk kitabyň annotasiýasynyň döwlet neşirýatynyň baş redaktorynyň bukjasynda ýoklugy meni arkaýynlaşdyrýar. Kalbymdaky gorkuny, içimde oturan senzory äsgermezlik etjek bolýan. Bu meniň öz-özüm bilen göreşimi aňladýar. Filosofiýa özüňi bilmäge çagyryşdan başlanýar, türkmenler hem «özüni bilen weli» diýipdirler. Dünýäde özüni gutarnykly bilen barmyka? Emma synanyşyk hemişe bolupdyr, şol synanyşyk bolmadyk bolsa, haýyr işleriň petine gar ýagardy. Biz ispowed, türkmençä golaýlaşdyryp aýtsak, toba, boýun alma diýen zerurlygy unutdyk. Adam hudaýyň hem wyždanynyň öňünde toba edip biler. Biz hudaýsyz jemgyýetde önüp-ösdük, ateistik terbie aldyk. Wyždan diýilýän düşünjäni partiýanyň hem synpylygyň ölçegine, islegine görä kesgitledik. Eger biz hudaý diýen bolsadyk, oňa düşünmäge ymtylan bolsadyk, özümize bolan oppozisiýany ýatyrmaga çalyşmazdyk. Gurhany kerimde Allanyň adamy toprakdan ýaradandygy aýdylýar. Alla öz ruhundan hasyl bolan bendesine perişdeleriniň baş egmegini buýurýar. Diňe Iblis boýun bolanok. Meni otdan, Adamy toprakdan ýaratdyň diýýär, toprakdan ýasalan jandara baş egmegi namys bilýändigini aýdýar. Alla Iblisi kowýar, seniň yzyňy eýeriniň jaýy dowzahdyr diýýär. Alla özüne gulak asmany üçin, islese Iblisi ýok hem edip bilýär, ol hem Allanyň ýaradan perişdesi. Emma edenok, gaýta Iblisiň Allanyň ýolundan adamlary azaşdyrmak üçin alyp barjak bet işlerine çydam edýär. Diýmek, Iblis Allanyň garşysyna oppozisiýa. Adamlar üçin Iblisiň oýny, hilesi barypýatan synag. Şol synag bilen Alla bendeleriniň çydamyny, Вiribara wepasyny barlaýar. Alla güýçli, hakyň ýolundaky göreşde hata goýberenleri, günä edenleri hem bagşylap bilýär. Emma bu takat Iblisde ýokdur, ol gabanjaň, tekepbir, bisabyr. «Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan». | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |